20:44 Sakip Sabanjynyñ sözleri | |
SAKIP SABANJYNYÑ SÖZLERI • Başgasyndan, aýratynam syýasatçydan medet hantama bolmaň. • Mynasyp ýanýoldaş saýlap bilmeýän adam öz oňarjak işini hem saýlap bilmez. • Wyždana jogap berip bilmek, munuň özi başarnykly bolmagyň esasy şertidir. • Ýagşyny höweslendiriň, alkyşlaň. Ýamany aýyplaň, temmi beriň. • Allatagala her kime “bölüşmegi” nesip etmez. “Bölüşmek” we “paýlaşmak” mukaddses we keýpihon bir işdir. Bölüşmegi biliň. Paýlaşmagy başaryň. • Şyh uçup bilmez. Ony müritleri uçurar. Rowaçlyga eýe bolmaga, rowaçlyga dowam etmäge, rowaçlygy hasam ileri alyp gitmäge we aýaklary ýerden üzmezlige, uçmazlyga çalyşmaly. Çünki uçan hiç bir zat howada galmaýar. • Dost boluň, ýoldaş boluň. Dostuňyz bolsun, ýoldaşyňyz bolsun. Adam söýdükçe we söýüldigiçe bagtlydyr. • Kim akylly bolsa onuň ýanynda bolmaga çalşyň. Kim akılsyz bolsa ondan uzak durjak boluň. • Ruhy dünýäňiz baý bolsun. Maddy baýlyk ruhy baýlykdan soňra gelýändir. • Şowlulyk, ýazgyt we kysmat peýdalanyp bilýänler üçindir. • Pikirleriňizden we beýleki ynanýan ýörelgeleriňizden sowaşmaň. Eger şeýtseňiz, ilki maşgalaňyz we ýanayňyzdakylar, soňra iş salyşýanlaryňyz we daş-töweregiňiz size ynam bilen bakar. • Hyzmatdaşlyk edýän adamlaryňyzy, bilelikde işleşjek kişileriňiz we şärikdeşleriňizi saýlap alýärkaňyz ünsli boluň. Ýoldaşlaryňyz we dost hökmünde gatnaşjaklaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy mäkäm guruň. • Haýsydyr bir bähbit üçin, ýa-da bir zatlardan hantama bolup, ýeňilliklerden we mümkinçilklerden peýdalanmak arkaly ýaramaz kişi ýa-da toparlar bilen aragatnaşyk açmaň. • Ynsan soňky deminde eden işlerine däl-de, edip bilmedik işlerine ahmyr çekýärmişin. Soňky demiňizde edip bilmedik ýagşy işleriňiz üçin gynanyň. • Dostluga we ýoldaşlyga ähmiýet beriň. • Töwekgelçilik etmegi başaryň. Gözsüz batyr boluň. • Ynam bildirilýän adam boluň. • Adyňyzy arassa saklajak boluñ. Rowaçlyk at-abraýyň ekiztaýydyr. Adyňyzy arassa saklasaňyz, rowaçlyk siziň adyňyzy täçlendirer. • Haýsy işi etjek bolsaňyz, ol işi iň oňat bilýänler bilen hyzmatdaşlyk ediň. • Hiç haçan ölmejek ýaly işläň. Edil ertir ölüp barýan ýaly hem hemme zada taýýar boluň. • Ýagşylygy unutmaň. Edilen ýagşylygy boş goýmaň. • Aýaklaryňyz hemişe ýere basyp dursun. Hiç wagt howada gaýmalamaň. Özüňizi hiç kimden ýokarda görmäň. • Hiç bir işi bölek-büçek etmäň. Näme etjek bolsaňyz etjek bolýan işiňize biparh garaman tutanýerli ýapyşyň. • Gaharjaň bolmaň, özüňize hem-de başgalara rahatlyk beriň. Gaharyňyzy ýeňmäge çalşyň. • Her zadyň bir zadyny, bir zadyň her zadyny bilmelisiňiz. • Agzybirligi we jebisligi her işde, her pursatda saklaň. • Karz pul bereniňzde, birine kepil geçeniňizde ünsli çemeleşiň. • Sylaglamak we temmi bermek üstünlige alyp barar. • Adalatly boluň. Her işde, her meselede, her pursatda we her kime adalatly boluň. • Töweregiñizdäkileriñ adamdygyny hiç wagt unutmañ! • Şahsy bähbit üçin, wagtlaýyn bähbit üçin hiç kimi satmaň. • Nähili güýje eýe bolmak isleýärsiňiz? Şoňa göz ýetiriň. Isleýän güýjüňize eýe bolandan soňra ony ýerlikli ulanyň. • Aýalyňyzya we çagalaryňyza wagt aýyryň. Nähili ýetişiksiz günde bolsaňyzam aýalyňyza we çagalaryňyza wagt bölüp aýyrmalysyňyz. Bu mejburylyk däl-de, bir lezzetdir. • Adamlaryň bir-birine çalymdaş maşyn däldigini biliň. • Durmuşa eýeriň. • Köp bilmäge çalşyň. • Açgöz bolmaň. Allatagala şükür etmegi ýatdan çykarmaň. • Dünýä siziň daşyňyzyda gurulandyr öýtmäň. • Güler ýüzli we süýji sözli boluň. • Maksadyňyz näme? Şoňa göz ýetiriň. Sussupeslige düşmäň. Haýyrsyz işler bilen meşgullanmaň. • Saglygyňyza üns beriň. Saglyk hemme zatdan ýokardadyr. • Tertip-düzgünli ýaşamaga çalşyň. • Eden işiňiz tapawutlansyn. • Işiňizi söýüň. Işiňize eýe çykyň. • Yaşamazdan ölmäň. Ýaşap ölüň. Ölümden söz açmak erbet zat, emma ölüm hökmany soňumyzdyr. Hemme pany zadyň takdyrynda bu bar. Adam bu dünýä bir gezek gelýär. • Gardaşym, meniň bu hökümetiň geleňsizliginden ýaňa iki milliard dollarym ýele sowruldy, iki milliard dollarym! Indem diýersiň, “Gözüň doýsun-la, Iki milliard dollaryň bolmanam bilerdi!” Ol iki milliard ýurtdaşlaryma beriljek aýlykdan sogrulyp giden iki milliard, meniň jübimden däl! (1999-njy ýylyň ykdysady krizisine baha berip aýdany). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |