SALGYM
Men erkinligiñ şemalyna melul bolup gelýärdim. Çar tarapa uzap barýan ýollaryñ haýsysyny saýlap gitsem meniñkidi.
Ýol ugruna derýanyñ kenarynda oturdym. Aýyñ asmandadygyny unudyp, suwuñ ýüzünden tutjak boldum, goşawujym boş çykdy. Şol pursat tolkunlaryñ ýüzünden bir salgym ýöräp, ýanyma geldi. Onuñ aýaklary, dañdana meñzäp duran lybasy gup-gurudy. Men gorkdum. Gaçaýyn diýsem, aýaklarym ädilmän, güýlünen ýaly bolup otyrdym. Ol:
- Eý, ýesir, biwagt çagy nirä barýañ? - diýdi.
- Men ýesir däl.
Ol çasly güldi. Yüregime dowul düşdi.
- Ine, häzirem sen öz garnyñ ýesiri. Sen bendi bolup doguldyñ, bendi bolup hem gidersiñ.
Men oña birazajyk öwrenişdim. Indi jogap bermäge ygtyýarym çatdy.
- O nähili beýle, sen maña düşündir!
- Sen yşka düşüp gördüñmi?
- Hawa, söýen wagtym dünýäni unudyp söýmäm bar.
Sen şol wagt öz duýgularyñ tussagydyñ.
Ukusyz geçiren gijelerim, ogryn döken gözýaşlarym, hijran gujagunda towlanyp garaşmalarym ýadyma düşüp, bu ömrüme haýpym geldi.
- Sen iýip-içmäni oñat görýäñmi?
- Käteler süýji tagam görsem, saklanyp bilmezligim bar.
- Şonda sen gara bokurdagyñ ýesiridiñ.
Men reñkine iýen tagamlarym çykyp giden bedenimi görüp gyýyldym. Wah, men şony kanagatlandyrjak bolup, artyk hars uran gezeklerim kän boldy.
- Seniñ ol kelläñ içinde näme bar?
- Durşy bilen pikir.
- Sen şol pikirlere çolaşyp, ençe ömrüñi ýitirdiñ. Yzyña seret!
Geçen ýoluma seretsem, bir topar maña meñzeş salgym otyr. Özlerem aýaklary kündeli, elleri gandally, boýunlary boýuntyrykly.
- Eý, Hudaý, kim olary beýle hala saldy?
- Sen. Olar seniñ döreden zatlaryñ.
- Maña hiç kim beýle zatlary döretmegi höküm etmändi ahyryn!
- Ýöne sen öz-özüñe höküm etdiñ.
- Meniñ kalbym azat! - diýip gygyrdym.
- Seredip gör!
Men içime kellämi sokup, seredip gördüm. Hüjre-hüjre zyndany görüp, elheder aldym. Içimden çykyp, daşyma soragly seretdim. Salgym meni özüm bilen ýeke goýup gidipdir. Şondan bäri ne söýüp bilýän, ne iýip bilýän, ne-de pikirlenip...
Oguljemal ÇARYÝEWA.
Oýlanmalar