11:09 Selaheddin Eýýuby we döwlet: German imperatory Frederik won Şwabeniň gelşi | |
GERMAN IMPERATORY FREDERIK WON ŞWABENIŇ GELŞI
Taryhy makalalar
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Barbarossyň aradan çykmagyndan soňra onuň ýerine ogly Frederik won Şwaben geçipdi. 100 000 kişilik goşun bilen çykan german haçly goşuny azalyp Trablusa 5 000 (başga bir çeşmä görä 15 000) töweregi esger bolup geldi. Imperator 1190-njy ýylyň aýaklarynda Suruň hökümdary Konrad bilen Trablusdan Sura geldi. Ol 1190-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Akka karargähine geldi. Ol ýerde birnäçe gün dynç alandan soňra, karargähdäki haçlylary hiç bir işi amala aşyrmandyklary üçin tankytlap başlady we karargähiň daşyna çykyp musulmanlara garşy söweşmäge karar berdi. Haçlylar oňa musulmanlaryň güýjüniň uludygyny, eger karargähiň daşyna çyksa, özüni uly howpuň öňüne atjakdygyny aýtdylar. Emma ol olaryň sözüne gulak gabartman, goşunyny ýanyna alyp, musulmanlaryň öň hatarky bölümleriniň üstüne hüjüm etdi. Musulman-laryň öň hatarky bölümi olary yza serpikdirdi. Muny eşiden Soltan öň hatarky bölümini güýçlendirdi. Musulmanlar olaryň üstüne hüjüme geçdiler. Netijede, haçlylar bir öli we bir ýaraly berip, agşamara karargählerine çekildiler. Imperator janyny zordan halas etdi, soňra bolsa karargähinden çykmady. Bu wakadan soňra haçlylar 14-nji oktýabr güni daşy demir bilen gaplanan «goçbaşy» we «pişik» diýilýän minaralara ujy ýiti demir gözenekleri dakyp, birnäçe manjanygyň kömegi bilen galalara garşy hüjüm etdiler. Musulman goragçylar duşmanyň ot we ok menziline gelerine garaşdylar. Duşman garymdan geçip, gala gowy ýakynlaşansoň, birden çarh we pružinler bilen duşmany oka tutdular, manjanyklardan nebit we gülle atmaga başladylar. Käbir goragçylar galadan çykyp, duşmanyň üstüne hüjüm etdiler. Duýdansyz hüjüme sezewar bolan duşman ähli zatlaryny taşlap karargähine gaçdy. Garymdan geçip bilmedikler bolsa gylyçdan geçirildi. Goragçylar imperatoryň ýasadan goçunyň başyny şähere alyp gitdiler. Haçlylar beýleki tarapdan portuň agzyndaky Burç Zebbany eýelemek üçin uly gäminiň üstünde ryçag bilen hemme tarapa öwrülip bilýän bir minara gurdular. Bu gämini 16-njy oktýabrda çarşenbe güni portdaky musulman floty duýdansyz hüjüm bilen ýakdylar. Duşman ýene-de uly manjanyklar bilen galany daş okuna tutup başlady. Bu hüjümiň howpludygyny gören goragçylar, özleriniň manjanyklaryndan gyzdyrylyp, köz ýaly edilen daşlary we nebit çelekleri bilen atyp, bulary hem ýakdylar. Şeýle hem iki tarapyň arasynda deňizde we gury ýerde kiçi çaknyşyklar bolup geçýärdi. Şol mahal Soltanyň halypa iberen bir hatynda haçlylaryň kejirligi we güýçleri barada şeýle diýýärdi: «Ýewropalylardan öz göreşleri üçin ölümi hiç zat hasaplaýan, bu ugurda watanlaryndan we maşgalalaryndan uzak düşen, deňziň tolkunlaryna münüp, janlaryny howpuň içine atan kişilerden ýaňa yslamyň başy dert içinde. Olar muny poplaryna tabynlyk, markizleriniň (dini ruhanylar) buýruklaryny ýerine ýetirmek, ynançlaryny goramak, pygamberleriniň gubury üçin ölmek hasaplaýardylar. Mätäç bolsalar hem mal-mülke göz dikmeýärler, köp zähmet çekip ýadasalar-da, göreşlerinden el çekmeýärler, gaýta tersine gylyjyň daşyna perwanalar dek üýşýärler, kynçylyga sabyr we tutanýerlilik bilen döz gelýärler. Hatda olaryň aýallary hem öz ülkelerinden deňziň üsti bilen gelýärler. Olardan bir markiz atly, pyýada, okçy we naýzaçy jemi 500 kişini yzyna tirkäp ähli çykdajylaryny öz boýnuna alyp ýola çykypdy. Onuň gämisi Isgenderiýede tutulyp, talandy. Başga bir melike German hökümdary bilen geldi. Niçeme ýewropa aýallary sowut geýip söweşmek üçin galkan we kuntariýe (uzyn saply naýza) göterýärler. Söweşlerde olaryň käbiriniň ölendigini gördük. Ýöne sowutlary çykarylmazdan olaryň aýaldygyny bilip bilmeýärdik. Musulmanlar bolsa tersine, nägile we bisabyr bolýarlar. Her haýsy bir ýerde, belli bir ýerde jemlenmeýärler. Söweşden gorkýarlar, yzlaryna gaýdyp gelmeýärler. Eger goşunda galsalar pul üçin galýarlar. Gelseler-de, ýüreklerinde agzybirlik ýok ...». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |