11:33 Serkerdelere nusgalyk Baýram Han | |
SERKERDELERE NUSGALYK BAÝRAM HAN
Taryhy makalalar
Beýik serkerde, döwlet işgäri, filosof, şahyr, türkmen halkynyñ zehinli ogly Muhammet Baýram han Türkmen ýaşlykdan harby işi kämil özleşdirýär. Bu iş onuñ ykbalyna öwrülýär. Öz döwrüniñ ýaraglaryna ussatlyk bilen erk edişini gören hökümdarlar ony gullugyna alyp, ýanlary bilen dürli harby ýörişlere äkidip başlaýarlar. Seýfaly Beg söweşde wepat bolanda, Muhammet Zahyreddin Babyr öz söýgüli serdarynyñ hatyrasyna onuñ ýaş ogly Baýramy öz ýanyna çagyrýar. Babyr Baýramyñ başarnyklaryna uly baha berip, oña jogapkärli ýumuşlary tabşyrypdyr. Bu başarnykly ýetginjek Babyryñ ogly şazada Humaýunyñ gözüne ilip, ol kakasyndan Baýramy gulluguna diläp alýar. Baýramyñ asyllylygy; wepadarlygy, şygyr düzmäge we saz sungatyna ukyplylygy şazadany özüne maýyl edýär we Baýram onuñ syr alyp-syr berişýän dostuna öwrülýär. 1530-njy ýylda Babyr aradan çykýar we şol ýylyñ 29-njy dekabrynda 22 ýaşly Humaýun döwleti dolandyryp başlaýar. Baýram baş emir wezipesine bellenilýär. Humaýun imperator bolanyndan soñ Baýram döwletde ýokary derejä eýe bolýar, görnükli harby ýolbaşça öwrülýär. Humaýunyñ owgan hökümdary Şir şahyñ garşysyna Bengaliýa (günorta Hindistan) eden ýörişinde Baýram han ägirt uly merdanalyk we edermenlik görkezip, öz garamagyndaky goşunlary duşman gabawyndan çykaryp, halas edýär. Kandagary we Sirhindi eýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, Humaýun Baýram hana uly hormatlar edýär. Ol Baýrama ozalky harby hyzmatlary üçin beren "Han" derejesiniñ üstüne iñ ýokary harby dereje bolan "Han-hanan" (Hanlar-hany) diýen derejäni berýär. Baýram han ýaşajyk şazada Akbaryñ - Humaýunyñ oglunyñ terbiýeçisi-atalygy edilip bellenilýär. Baýram han ýetjek mertebesine ýetip, Humaýunyñ baş geñeşdaryna öwrülýär, hakykat ýüzünde döwletiñ başynda durýar. Hindistanyñ mogollar döwründäki taryhynda Humaýuna garanda Baýram hana köp üns berilýär. Humaýun aradan çykan ýyly (1556 ý) 13 ýaşly Akbar Penjapda imperator diýlip yglan edilýär. Harby we döwlet işleri bilen Baýram han meşgullanyp, 1560-njy ýyla çenli imperiýany hakykat ýüzünde Baýram han edara edipdir. Ol ýurtda we goşunda tertip-düzgüni berkidýän degerli çäreleri görýär, ynamdan gaçan emeldarlary işden boşadýar. Goşunda berk düzgün-nyzamy girizip, Baýram han nökerleriñ söweşjeñlik ruhuny galdyrmaga çalyşýar. Panipat (Hindistanda jülge) söweşiniñ öñüsyrasynda nökerleriñ öñünde çykyp gepläp, olary ýeñşe hyjuwlandyrýar. Garagoýunly türkmenleriñ neslinden bolan Muhammet Baýram han we soñra onuñ ogly Abdyrahym han XVI asyryñ başyndan başlap, XVII asyryñ birinji çärýegine çenli Hindistanyñ taryhynda uly orun tutupdyr. Häzirki Hindistan Respublikasynyñ taryhçylary olaryñ harby ugur boýunça bitiren işlerini uly guwanç hem-de hoşallyk bilen ýatlaýarlar. 2009-njy ýylyñ 17-19-njy iýunynda Aşgabatda 26 döwletden alymlaryñ gatnaşmagynda "Baýram han we Mogollar şadöwleti" atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu halkara ylmy maslahatda ABŞ, Ispaniýa, Koreýa, Müsür, Siriýa, Germaniýa, Russiýa, Beýik Britaniýa, Alžir, Çehiýa we başga-da birnäçe ýurtlaryñ alymlarynyñ türkmeniñ merdana ogly Baýram han barada guwandyryjy çykyşlaryny diñläp, buýsanjymyz has-da artypdy. Baýram hanyñ paýtagtymyzyñ iñ gözel ýerinde oturdylan heýkeli bolsa bu beýik şahsa goýulýan hormatdan nyşandyr. Hallygözel HOJANEPESOWA, Türkmenistanyñ Serhet institutynyñ uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |