00:00 Seýfeddin Kutuz | |
SEÝFEDDIN KUTUZ
Taryhy şahslar
Türkmen taryhyndaky meşhur şahslaryň biri Seýfeddin Kutuz hasaplanýar. Onuň doglan wagty hakynda anyk maglumat ýok. Ýöne onuň 1259-njy ýylyň 12-nji noýabryndan 1260-njy ýylyň 24-nji oktýabryna çenli Müsürde Memluk türkmenleriniň döwletine 11 aýdan sähelçe wagt gowrak soltan bolandygy welin mälim. Seýfeddin ady «gylyç» we «iman, ynanç» manylaryny aňlatsa, Kutuz onuň guduz ýaly batyrlygyny, garadangaýtmazlygyny aňladýar. Arapşynas R.Gylyjow bu barada: «Seýfeddin Kutuz hakda taryhy çeşmeler uly buýsanç we höwes bilen dür saçýar. Oňa Kutuz adynyň berilmegi hem söweşde bir özi onlarça bäsdeşe asla per bermän, ählisiniň hötdesinden geler eken. «Bu asla baş berenok, edil guduz ýaly, golaýlaşany ujyz sypdyranok» diýip at berlensoň, başarnygyna muwapyk gelýän lakam onuň adyna öwrülip gidipdir» diýip ýazýar. Mongollara garşy Aýni-Jalut söweşiniň (03.09.1260 ý.) gahrymany Seýfeddin Kutuzyň türkmendigi taryhy çeşmelerde subut edilendir. Kutuz Jelaleddiniň uýasy Hansoltandan bolan ýegenidir. Orta asyr awtory al-Ýunusynyň sözlerine görä, Kutuz özi hakda: «Men Mamdudyň ogly Mahmyt. Men mongollary derbi-dagyn eden hem-de öz daýym Horezmşa üçin ar alan adam» diýipdir. Kutuz özüni ata-baba tarapdan Horezmşalaryň nesilşalygyndan hasaplapdyr. Ol mongollara ýesir düşüpdir, şamly bir täjire satylypdyr, ol ýerdenem Kaire memluklaryň arasyna äkidilipdir. Makrizi Kutuzyň ejesiniň Jelaleddiniň uýasydygyny, kakasynyň bolsa Jelaleddiniň ata tarapdan agasynyň ogludygyny ýazýar. Bu maglumatlar «Beýik yslam taryhy» ensiklopediýasynda hem tassyklanýar. Azerbaýjan alymy Z.M.Buniýatow «Horezmşalar-Anuşteginler döwleti» atly kitabynyň ahyrynda (M., 1986, 223 s.) getirýän Horezmşalaryň şejeresinde Müsüriň Memluk soltany Kutuzy Hansoltanyň ogly hökmünde berýär. Şu maglumatlaryň esasynda, türkmençilikde, ogul-gyzyň ýetişen badyna öýli-işikli edilýändigi üçin, Jelaleddiniň ýegeni Kutuzyň takmynan 1220-nji ýyldan soň doglandygyny çaklaýarys. Diýmek, ol Müsürdäki türkmen döwletine soltan bolanda 40 ýaşyna ýetmedik kämil çykan gerçekdi. Muhammet Nesewiniň nygtaýşy ýaly, «ölümi bütin Älemi ýetim galdyran» Jelaleddiniň baştutansyz galyp, çar tarapa dagan nökerleriniň bir ujy Müsürden çykýar. Olar Memluk türkmenleriniň guran döwletine sygynýarlar. Aslynda, bu döwletiň düýbüniň tutulmagynyň horezmli türkmenler bilen baglydygyny aýratyn nygtamak gerek. Jelaleddiniň nökerleri mähriban soltanynyň ölüminden soňra, mongollara boýun bolmajak bolup, Kawkazdan Müsüre çenli ýol aşyp, Eýýubylaryň hyzmatyna geçipdirler. Taryhçy Ö.Gündogdyýew eýýuby hökümdary Mälik Salyhyň edermen serkerdeleriniň biri Aýbeg Türkmeniň şolaryň hatarynda Müsüre gelendigini çaklaýar. Horezmliler bolsa Mälik Salyhyň memluk goşunynyň düzüminde aýratyn batyrgaýlygy bilen tapawutlanypdyr. Mälik Salyh 1244-nji ýylda Ierusalimi eýeläp, horezmli esgerlere daýanyp, tiz wagtdanam Siriýany Müsüre birikdiripdir. Türkmen atlylarynyň goldawy astynda Eýýubylar özüniň kuwwatyny artdyrypdyr. Eýýubylaryň gowşamagyndan peýdalanyp, türkmenler Müsüriň hökümdarlygyny öz ellerine alýarlar. Şeýlelikde, 1250 — 1517-nji ýyllarda 267 ýyllap dowam eden döwleti döredýärler. Kutuz, ana şol döwletiň üçünji soltanydyr. Kutuzyň soltanlyk tagtyna çenli ömür ýoly çarkandakly bolupdyr. Ýaşlygynda mongollara ýesir düşüp, şamly bir täjire satylýar. Ilkibaşda Müsüriň öňki soltany Mälik Salyhyň memlugy — esgeri bolýar. «Memluk» sözi araplaryň «meleke» (eýeçilik etmek, satyn almak) işliginden bolup, türkmen diline terjime edilende «hojaýynynyň ygtyýarynda bolan ýesir» diýmegi aňladýar. Ol «gulam» sözi bilen hem manydaşdyr. Emma bu sözleriň ikisi-de hiç bir hukugy bolmadyk, hojaýynyna garaşly gullar manysyny bermändir. Memluklar söweşlerde ýesir düşen ýa-da täjirlerden satyn alnan gul bolan akýagyz ynsanlar (tapawutlandyrma biziňki — J.G.) bolup, olaryň hökümdaryň we emirleriň goşun birliklerinde gulluk eden, şahsy, durmuşy we hukuk derejesi erkin bolan esgerlerdir. Kutuz memluk ojaklarynda Gurhany, arap dilini, yslam hukugyny, harby sungaty birkemsiz öwrenipdir. Kutuz Turan şanyň soltanlygy döwründe ýurtdaky abraýly üç emiriň biri bolupdyr. Daýysy Jelaleddiniň mongollardan öjüni aljakdygyna kasam edipdir. Daýy toparyny kömege çagyrypdyr. Jelaleddiniň emirleriniň biri Nasyreddin Muhammet Gaýmury oňa kömege gelipdir. Bu maglumatlaryň özi Müsürdäki Memluk döwletini guranlaryň horezmşalaryň mirasdüşerleridigini tassyklaýan subutnamadyr. Kutuz hem, memluk türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy Aýbeg ýaly, memluklykdan soltan derejesine ýeten batyr esgerleriň biridir. Ol tagta geçýänçä Aýbege gulluk edipdir. Kutuz Aýbeg soltan bolýança hem iki soltanyň goşunynda gulluk edip, meşhurlyk gazanýar. Aýbeg tagta geçmeli bolanda, emir Kutuz Aýbeg Türkmeni goldap, tagta dawagär beýleki emirleri aradan aýrypdyr. Wepalydygy üçin Aýbeg Kutuzy hormatlapdyr, derejeläpdir. Aýbeg soltan bolanda, Kutuz onuň ýakyn maslahatçysy, geňeşdary bolupdyr. 1252-nji ýylda Aýbeg ony Müsüriň naýyb’us-soltan — soltanyň oruntutary wezipesine göteripdir. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Memluklar soltanlygyň nesilden-nesle miras geçmek dessuryny ýöretmändirler. Soltan ýogalan mahalynda memluk serkerdeleri ýygnanyşyp, ýogalan soltanyň ogluny ýa-da ol soltanlyga ukypsyz bolsa, memluk serkerdeleriniň iň güýçlüsini orta çykaryp, ony soltan saýlapdyrlar. Kutuz, ana, şol ikinji ýol bilen, ýagny serkerdelik ukyby bilen soltanlyga gelipdir. Çünki şol wagt Müsüre mongol çozuşynyň öňüni alyp biljek soltan gerekdi. Saýlawda «Bu işi diňe sen başararsyň!» diýip, biragyzdan gykuwlaşan memluklaryň goldawyny alan Kutuz şeýdip Müsüre soltan bolupdy. Kutuz gysga wagtlyk hökümdar bolan döwründe ýurdy mongol-tatar basybalyjylaryndan goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Güýçlerini toplap, Kairden çykyp, olaryň garşysyna ugrapdyr. Esgerleriniň arasynda mongollaryň ýeňilmezek güýçdügi baradaky myş-myşlara ynanýanlaryň köpdügini aňan Kutuz olaryň öňünde söz sözläp, şeýle diýipdir: «Eý, musulman emirleri! Ençeme ýyllap beýtul-malyň çöregini iýýärsiňiz. Emma söweşmek islemeýärsiňiz. Söweşmek isleýänler meniň yzyma düşsün, islemeýänler öýüňize dolanyň. Alla hemmämizi görüp durandyr. Musulmanlaryň webaly (günäsi) yzda galanlaryň boýnunadyr». Onuň bu sözi memluklary mongollara garşy göreşmäge ruhlandyrypdyr. Kutuz ökde serkerdedi, syýasatçydy, diplomatdy. Ol haçparazlar bilen çaknyşyp, iki oduň arasynda galmazlyk üçin olaryň Akkadaky häkimine ilçi ýollap, mongollar bilen söweşmek üçin olaryň gözegçiligindäki ýerlerden geçip gitmäge rugsat sorapdyr. Haçparazlaryň üstünden sag-aman geçen Kutuz goşunynyň esasy bölegini jeňňellerde gizläp, Beýbarsyň ýolbaşçylygyndaky kiçiräk topary mongollaryň garşysyna iberipdir. 1260-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Aýn-i Jalut (Şol döwrüň ynanjyna görä, Jalut hezreti Dawudyň esasy duşmany Jaludy öldüren ýeridir) diýen ýerde bolan esasy söweşde Kitbuganyň serkerdeliginde ölerini-galaryny bilmän söweşseler-de, mongollar ýeňlipdirler. Taryhy ähmiýeti örän uly bolan Aýn-i Jalut söweşi diňe bir Müsüri däl, eýsem, Siriýany hem mongol zulumyndan halas etdi. Haçparazlaryň bitaraplyk saklamagynyň, Hulagunyň esasy güýçleri bilen Mongoliýa gitmeginiň bu söweşde memluklaryň bähbidine bolandygyny unutmaly däldiris. Bu söweş Jelaleddiniň ýeňşinden soňra mongollaryň üstünden musulmanlaryň gazanan ikinji uly ýeňşidir. Bu söweşde gazanan ajaýyp ýeňşi bilen Kutuz daýysy Jelaleddiniň aryny ýerine salypdy. Kutuz bu söweşde mongollary ýeňmek üçin gala gabanyp, olardan goranmak usulynyň däl-de, açyk meýdanda ýüzbe-ýüz hüjüm etmek tärini ulanýar. Aýn-i Jalut söweşiniň netijesinde «Muzaffar» («Ýeňiji») lakamly Kutuz Müsür bilen Siriýany gaýtadan täze bir türkmen nesilşalygyna birleşdirdi. Aýn-i Jalut Eýýubylar döwletiniň güneşiniň batandygyny, Memluklar döwletiniň bolsa ýyldyzynyň parlap başlandygyny görkezdi. Bu söweşden soň Kutuz Ýewfrata çenli ýerleri öz içine alýan Siriýanyň we Müsüriň hojaýynyna öwrülipdir. Memluk türkmenleriniň mongollardan Müsüri batyrgaý gorandyklary sebäpli bu ýurda basybalyjylar girip bilmändirler. Kutuz Beýbarsa mongollara garşy söweş ýeňişli tamamlansa, Halabyň naýyplygyny bermegi wada edipdir. Emma Kutuzyň sözünde durmandygy sebäpli Beýbarsyň ondan göwni galypdyr. Ibn Taňryberdi «Eger Kutuz biraz paýhasly çemeleşen bolsa, Beýbarsa Halabyň naýyplygyny bererdi we ony Müsürde özüne rakyp tutunmazdy» diýip ýazypdyr. Abraýly memluk serkerdeleriniň biri Aktaýyň ölüminde Kutuzyň hem eliniň bardygyny unutmadyk Beýbars ondan ar almagy ýüregine düwüpdir. Ol awa çykan pursadynda Kutuzyň janyna kast edipdir. (1260 ý. 22-nji oktýabry). Meşhur akyldar, taryhçy, hukukçy alym şeýh Yzz ibn Abdylsalam Kutuzyň ölümine gynanyp, agy-öleň şygyrlaryny ýazypdyr. «Haýp, juwan ýaşynda gitdi. Eger-de ýene az salym ýaşan bolsa, Yslamyýeti has gujurly we juwan çagyna dikeltjekdi» diýip ýazýar. «Omar ibn Abdylezizden soňra halka adyl we gowy garamakda Kutuza taý gelip biljek hiç kim ýokdur» diýip belleýär. Mongollary derbi-dagyn edip, olaryň gözüniň oduny alyp bilen iki sany serkerde bar. Olaryň biri Horezmşa soltan Jelaleddin, beýlekisi soltan Seýfeddin Kutuz — daýy we ýegen. Daýysynyň aryny ýerine salan gerçek Kutuz 40 ýaşyna gadam goýan mahaly aýratyn bitiren hyzmatlary bilen taryhyň hakydasyna adyny ýazyp, ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |