20:25 Sidik Owgan: "Men özümiñ öljek günümi bilýärin..." | |
SIDIK OWGAN: "MEN ÖZÜMIÑ ÖLJEK GÜNÜMI BILÝÄRIN..."
Geň-taňsy wakalar
Owganystanly meşhur öñünden biliji Muhammet Sidik Owgan "Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda" ýaşaýanlaryñ (ýagny, biz -türkmenleriñ -t.b.) ählisine ýakyn geljekde, eger gol gowşuryp oturyp, asmandan ähli zadyñ özünden-özi inerine garaşman, janaýamazdan agzybirlik bilen zähmet çekseler we gadyr bilmezlik etmeseler, 1995-nji ýyldan soñ Türkmenistanda görlüp-eşdilmedyk ykdysady gülläp ösüşiñ başlanjakdygyny, 2000-nji ýyla çenli ýurdumyzyñ ozalky postkommunistik Gündogaryñ iñ baý döwletine öwrüljekdigini, Türkmenistanyñ Renessans - medeni we ylmy taýdan täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirjekdigini öñünden aýdypdy (ozal orta asyrlarda-da - Gaznawylar, Seljuklylar, Horezmşalar we Osmanlylar döwründe hem şeýle bolupdy). Görlüp oturylsa, meşhur owganystanly ýeke däl ekeni. Tamara Globa baryp 1989-njy ýylda onuñ bu pikirlerini goldaýan pikirler bilen çykyş edipdir. Ýyldyzlaryñ hemaýat etmegi seýrek duş gelýän şowlulyk. Ikisi kem geçen tegelek otuz ýylyñ dowamynda biz bu iki öñden görüjiniñ aýdan pursatlaryny hakykat ýüzünde durmuşa geçirip başardykmyka? Muña jogap bermegi siziñ öz akyl tereziñize goýýarys... Häzirlikçe bolsa, sizi bu hoşniýetli adam bilen tanyşdyrmak artykmaçlyk etmese gerek. Sebäbi ol muña mynasyp. * * * Entek 11-nji klasyñ okuwçysyka Sidik Owgan Nýutonyñ ters binomynyñ çözgüdini tapypdy. Halkara matematiki jemgyýet tarapyndan bu işe dünýä ylmyna goşant hökmünde baha berildi. Owgana mekdep okuwçysyka baýrak hökmünde täzeje "Ford" awtomobili sowgat berildi. Ozalky SSSR-de talyp bolan döwründe Sidik M.S.Gorbaçýowyñ bu kuwwatly imperiýanyñ iñ soñky ýolbaşçysy boljakdygyny öñünden aýtdy. Ol iri taryhy wakalaryñ 377-sini öñünden bildi. Meselem, umumysoýuz referendumyndan soñ Sowet Soýuzynyñ ýykyljakdygy barada "600 sekunt" telegepleşiginde açyk aýtdy. Sidik Owgan-Pars aýlagyndaky dartgynly ýagdaýyñ başlanjak we tamamlanjak gününi aýtdy. Italiýada boljak futbol boýunça çempionatyñ ýeñijisini öñünden hasaplap çykardy. Ol sowet goşunlarynyñ Owganystandan çykaryljak wagtyny kesgitledi. Owganystanyñ Halk-demokratik partiýasynyñ öz işini togtatjak wagtyny belledi. Sidik Owgan Täjigistandaky ýagdaýyñ ösüşine degişli anyk maglumatlary iki ýyl öñünden berýär. Sidik Owganyñ soñra hökman amala aşýandygy bilen haýran galdyrýan maglumatlaryna mysallary köp getirse bolar. Bir gezek 1993-nji ýylyñ güýzünde alym metbugat wekilleri bilen duşuşykda harby žurnalistoñ GDA-nyñ goşunynyñ ykbaly hakyndaky soraglaryny jogaplamaly bolupdyr. Alymyñ eýýäm ilkinji jümlelerine eşiden badyna goşun gazetiniñ habarçysynyñ ýüzi üýgäp, şeýle diýipdir: - Bu ýerde oturanlaryñ şuny göz öñünde tutmagyny haýyş edýärin: Sidigiñ häzir aýdýanlarynyñ ählisi harby syrdyr. Bu barada bizde diñe öñünden taýýarlanan dokumentler bar. Onuñ maglumatlarynyñ häkimiýet başynda oturanlaryñ syýasy bähbitleriniñ şertleri bilen gabat gelmeýän wagtlary-da seýrek däl. Şeýle halatda Sidigiñ üstünden gülýärler, onuñ öñünden görüp aýdýan zatlaryny gazet sahypalaryndan; telewizion gepleşiklerden köpçülige ýetirmän aýyrýarlar. 1993-nji ýylda Ostankinonyñ habarçysy bilen bolan gürrüñdeşlik şeýle boldy. Şonda ol ýeke-täk rubl zonasynyñ ýykylyp, Merkezi Aziýa regionynyñ döwletleriniñ öz walýutasyna geçjekdiklerini öñden görüjilik bilen aýdypdy. Şonda alymyñ (gepleşigiñ efire berilmejekdigini bilip) ätiýaçlyk edendigini bellemek gerek. Ostankinonym teleoperatory bilen parallel bu gürrüñdeşligi Matematika filosofiýasy dünýä merkeziniñ işgäri wideo-ýazga geçirdi. Sidigiñ arhiwinde şeýle wideoýazgyly kassetalaryñ iki ýüzden gowragy bar. Meselem, olaryñ birinde SSKP-niñ soñky gurultaýynda Ý.Ligaçýow bilen A.Lukýanow bilen duşuşygy şekillendirilen. Şonda alym olaryñ syýasy karýeralarynyñ ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny arkaýyn öñünden aýdypdyr. Olar ynanman ýylgyraýypdyrlar. Ligaçýow şonda, bagtymyza, syýasatda bolýan wakalaryñ ählisi matematikanyñ kanunlaryna boýun bolup durmaýar diýip belledi. Oña Sidik Owgan şeýle jogap berdi: "Aýratyn bir matematik ýalñyşyp biler, ýöne matematika ylmy - hiç haçan..." Ol öz formulalarynyñ dünýäsine bütin durky bilen ynanýar. Onuñ maglumatlary haýsydyr bir keramat ýaly kabul edilse-de; onuñ özi beýle hasap etmeýär. - Men Nostradamus hakynda ýazyşlary ýaly manyda weli däl - diýip, Sidik rus sözlerini saýlap alyp gürrüñ berýär. - Ol fransuzyñ baý intuisiýasy bolup, geljege göz aýlamagy başarypdyr. Ýöne poetiki obrazly goşgy formasynyñ añyrsynda jogap kähalatda şeýle bir dumanly welin, ony nähili düşündirseñ düşündirip oturmaly. Bolgar weli aýaly Wanga hem, meniñ pikirimçe, kähalatlarda anyk şahsyýetler we wakalar boýunça az-kem takyk, anyk maglumatlary berýär, ýöne onuñ sistemasy bar. Meniñ maglumatlarymyñ düýpgöter ylmy esasa daýanýandygyny tekrarlamak isleýärin... Adaty däl, üýtgeşik, özem şeýle meşhurlykdan peýdalanýan adamyñ daşyna bal siñekleriñ çozuşy ýaly, her hili kosmos bilen "kontaktdaşlar", "bilgiçler", okkultistler üýşýärler. Gündogar adatyna görä myhmanparaz Sidik Owgan olaryñ ählisini sözlerini bölmän üns berip diñleýär, ýöne eger ýagdaý talap etse, öz pikirini gizlemän aýdýar: - Hany aýdyñ, biziñ häzirki döwrümizde okeanyñ düýbünde siwilizasiýa bar diýip tassyklaýan "akademik-okkultislere" men nädip ynanaýyn. Çaga ertekileri. Onuñ özi beri aýdýanlaryna ynanýarmyka?.. Ylmy we ylmy gözleglere dahylly adamlara Sidik Owgan uly hormat goýýar. Ony aýratyn-da XXI asyra göz aýlamaga ýardam berýän bilimleriñ pudaklary gyzyklandyrýar. Ol biziñ haýyşymyz boýunça Daşkendiñ poliklinikalarynyñ birindäki iridodiagnostika kabinetine uly gyzyklanma bilen geldi. Iliñ onuñ görüş ýagdaýynyñ adaty barlagy geçirildi. Şonda tejribeli lukman-okulist Natalýa Ýurýewna Zelper haýran galmak bilen şeýle diýdi: - Pasiýentiñ görüş ýitiligi - iki birlik. Gürrüñ uzakdan gowy görüjiligi hakynda däl, hut norma hakynda barýar. Şeýle faktlat hakynda men diñe ýörite edebiýatlarda okadym, meselem, Hytaýda ýaşaýan bir garry hakynda. Onuñ görüş ýitiligi ýedi birlik bolup, ol hatda uzakdaky Saturnyñ halkalaryny-da görýärmiş. N.Zelper başga-da bir fakty registirledi. Pasiýentiñ gözüniñ reñkli ýorkasyny deşikli lampanyñ kömego bilen barlan wagtlarynda ol ýarym sagadyñ dowamynda ýeke gezek hem gözüni gyrpmady. N.Zelper şeýle fakta hem ilkinji gezek gabat gelýär. Özüniñ žurnal ýazgylarynda görejiñ emosional häsiýetli adama mahsus bolan oýnuny registirledi. Ol şeýle bir zada üns berdi: gözüñ gyrasynyñ üsti bilen adatça gan damarlarynyñ dördüsi geçýän bolsa, bu ýerde tutuş on dördüsi bar. Güýçli gan üpjünçilik sistemasy görüş funksiýasynyñ oñat ýagdaýda bolmagyny üpjün edýär. Zelper indi köpden bäri iridodiagnostika sferasyndaky barlaglar bilen hem meşgullanýar. Onda aýratyn ukyba eýe adamlar hakynda giñişleýin materiallar toplanypdyr. Ol Sidik Owganyñ beýni zonasyndaky diagnostikadan öñki alamatlar sanynyñ köplügi boýunça bu zatlar alymyñ intellektual derejesiniñ adatdan daşary ýokarydygyna şaýatlyk edýär diýip hasaplaýar. Ýöne welin şeýle netijä gelmek üçin onuñ gözüni barlap oturmak düýbünden hökman däl. Tehas uniwersitetinde Sidigiñ ukyplylygyny test sistemasynyñ kömegi bilen barlap gördüler. Onuñ şkalasyna laýyklykda, eger adam 80 ball toplasa, onda ol "ikilikçi", 140 ball toplan bolsa tas geniý hasaplanýar. Sidik Owgan bolsa 163 ball toplady. Ol özüniñ 34 ýaşynyñ içindr matematikada 17 sany açyş etdi. Şonuñ bilen birlikde iki aksiomany: näme üçin iki sany minusy goşanymyzda plýus alynýar we islendik sany nola köpeldenimizde nol çykýandygyny ussatluk bilen subut etdi. Onuñ subut edişi birje list kagyza sygdy we öz ýönekeýligi bilen ençeme men diýen alymlary haýran galdyrdy. Sidik Owgan matematiki modelleriñ kömegi bilen sagdyn organizmiñ ösüşiniñ, şeýle hem lukmanyñ gatyşmagynyñ dürli usullaryny göz öñüne tutmak bilen keseliñ maglumatlaryny düzüp bolýandygyna ynanýar. Medisina, ýaşaýyş we ölüm meselelerine onuñ gyzyklanmasy tötänden däldir. Sidik Owganyñ gürrüñ bermegine görä, ol iki ýylyñ araçäginde 00 sagat 00 minutda doglupdyr. Ol hiç bir ýaşaýyş alamatsyz dünýä inipdir. Birnäçe sagatdan soñ, ony jaýlamak üçin öýlerine dogan-garyndaşlary üýşüpdirler... Ol bolsa birden aglapdyr-da, ýaşap başlapdyr. Öz durmuşynda Sidik eýýäm üç gezek ölümiñ bosagasyndan gaýdypdyr. Ýöne ölmän galýar, ýönekeý bolmadyk durmuş ýagdaýlary, güýçli urgular ony syndyryp bilmändirler, gaýtam dünýä düşünmegiñ öz filosofik-matematik sistemasyny düzmegine ýardam edipdirler. Ol özüniñ öljek gününi hasaplap çykarypdyr. - Sen menden bu Ýeri goýup gitjek günümi bilmegiñ nämä geregi bar diýip sorarsyñ. Meniñ üçin bu möhüm - diýip, Sidik pikir ýöredýär. - Aýdaly, bir adam çörek dükanyna gitmekçi bolýar. Ýöne ol dükanyñ sagat 7-de ýapylýandygyny bilýär. Ol gijä galmazlyga çalşar ýa-da beýleki ýakynrak dükana ýollanar. Wagtyny hasaplaýar, düşnüklimi? Siz minutlaryñ, sekuntlaryñ gürrüñini edýärsiñiz. Men bolsam, ähli bellänlerimi ýerine ýetirmäge ýetişmek üçin her sekundy 60 bölege bölýärin. Öz wagtyñyzy hasaplamaga howlugyñ we Ýerde bakylyk hakynda pikir etmäñ... Örän seýrek duş gelýän matematiki ukyplara eýe bolmak bilen, Sidik özüni hiç wagt tehnikalaşdyrylan adama-kompýutere deñemek islänok. Onuñ üçin progres - munuñ özi iñ häzirki zaman EHM-ler ýa-da beýleki geñ tehnikalar däl. Progres - adamyñ öz takdyryna, özûniñ hakykatda kimdigine akyl ýetirmegidir - diýip, ol hasap edýär. Sidik Owgan özüniñ ähli hasaplamalaryny ýörite ady ýazylan blankda ýerine ýetirýär. Onda Owganyñ ähli "regaliýalary" görkezilen -ÝUNESKO-nyñ çleni - Matematika filosofiýasynyñ dünýä ylmy-barlag merkeziniñ prezidenti we ony esaslandyryjy diýlip ýazylan. Ol simwolikasynda 7 sana esasy orun berilýän möhürini basmagy-da unutmaýar. - Näme üçin ýedi? - Sidik ýylgyrýar. - Özüñiz pikir edip görüñ: älemgoşaryñ ýedi reñki, sazyñ ýedi notasy, hepdäniñ ýedi güni, ýedi duýgy, ýedi asman bar. Dünýäniñ halklarynyñ nakyllarynda hem bu söýgüli sanyñ bolmagy tötänden däl: "Ýedi ölçäp bir kes", "Ýedi adam birine garaşmaz", "Ýedi enekeli çaga gözsüz galar"... Hasaplamalar dowam edýärkä Sidik Owgan koordinatlaryñ okuny geçirýär, halkada çylşyrymly sinusoidleri çyzýar - özem olaryñ ählisini sirkulsyz ussatlyk bilen çekýär. - Islendik materila zady ahyrky netijede kagyzsa formulalar ýa-da grafikler görnüşinde şekillendirip bolýar - diýip, Sidik düşündirýär: - Aýdaly, biziñ hemmämize entek mekdep partasyndan suwuñ himiki formulasy mälimdir. Men himiki alamatlary hiç bir kynçylyksyz matematiki bellikler bilen çalşyrýaryn. Adamyñ informasion meýdany bilen hem ýagdaý şeýledir, maña ony hasaplamak başartdy. Ol sinusoidleri we kosinusoidleri bolan alty sany aýratyn formulalardan we iki sany grafikden ybaratdyr. Sidik Owgan bütin dünýäni we adamy matematiki hatarlar nukdaýnazaryndan görýär. Hatar gutarýarmy - diýmek, näme-de bolsa bir zat bolup geçmeli. Çylşyrymly filosofiki analiz wakalaryñ ösüşiniñ çaklamasyny bermäge mümkinçilik döredýär. - Ahyrzaman bolarmy? - diýip, alymdan soradyk. - Nostradamus 1999-njy ýylda düýpli kataklizmleriñ boljakdygyna söz berdi - diýip, Sidik jogap berýär we sözüni dowam etdirýär. - Men 2025-nji ýyla çenli dünýäniñ ýokary galýan çyzyk boýunça ösjekdigini pugta aýdyp biljek. 2025-nji ýyldan 2065-nji ýyla çenli adamzadyñ durmuşynda täze eýýam bolar. Ondan añyrda näme boljagyny men entek hasaplamadym. Eger-de adam ahyrzamany şeýle ýeñil "añry süýşürýän" bolsa, ony belki, optimist diýip atlandyryp bolar? - Men optimistem däl, pessimistem. Has dogrusy, men realist - diýip, Sidik aýdýar... Ýöne onuñ realizmi ýerde oturymly ýaşaýanlaryñkydan düýpli tapawutlanýan aýratyn dünýä. Hawa, onun adaty durmuşy, aýaly we entek kiçijik gyzjagazy, ene-atasy bar. Ýöne onuñ özüniñ başgalar üçin düýbünden belli bolmadyk dünýä akyl ýetirişi bar... # "СУББОТА" gazetinden terjime edildi. # "BALKAN" gazeti, 1994 ý. # www.sediqafghan.com (M.Sidik Owganyñ web saýty). • Makala boýunça internetden goşmaça okap biljek maglumatlaryñyz: 1). Я вычислил день своей смерти (M.Sidik Owgan bilen gürrüñdeşlik, taýýarlan: Ýewgeniý Işşenko) / okamak üçin aşakdaky linke basyñ: https://litresp.ru/chitat/ru/%D0%98/ischenko-evgenij/ya-vichislil-denj-svoej-smerti 2). Предсказатель Сидик Афган / okamak üçin aşakdaky linke basyñ: http://ufonews.su/text5/675.htm 3). Гениальный математик вычислил год начала третьей мировой войны / okamak üçin aşakdaky linke basyñ: http://rodgor-vlg.ru/genialnyi-matematik-vychislil-god-nachala-tretei-mirovoi-voiny.html | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |