17:44 Soltan Abdylhamyt II-niñ köşgündäki ogry!.. | |
SOLTAN ABDYLHAMYT II-niñ KÖŞGÜNDÄKI OGRY!..
Taryhy makalalar
"Sungatyñ taryhy" jemgyýetiniñ başlygy Şerif Ýaşaryñ kimdir biri tarapyndan Aýasofýa metjidindäki Imperator gapysynyñ "mukaddesdigi" üçin "iýilendigini" aýtmagy halk köpçüligini geñ galdyrdy. Şeýlelikde UNESCO-nyñ Taryhy gymmatlyklar boýunça bütindünýä mirasynyñ sanawyna giden on bäş asyrlyk bu ajaýyp eseriñ ýeterlik derejede goralmaýandygy ýüze çykdy. Aslynda bu waka içindäki ýeke daş böleginiñem bahasyna ýetip bolmajak Aýasofýamyzyñ medeni mirasyna ýetirilen birinji zeper däldi. Bilýänlerimizi bir ujundan gürrüñ bereýin: * * * Aýasofýa metjidinde patyşa we şazada kümmetleriniñ bardygyny bilýänler az bolsa gerek. Eýsem onuñ howlusynda Selim II, Myrat III, Mämmet III ýaly patyşalar bilen birlikde köp sanly şazadalar we melikeler ýatyr. Howluda şazadalar üçin aýratyn Kemmerer bar. Kümmetleriñ az-owlak ilersinde bolsa Aýasofýanyñ hristian but habary bolan döwürlerinde täze dünýä inen çagalaryñ çokundyrylan "çokundyryşhanasy" ýerleşýär. Ol ýerde "däli" ady bilen tanalan Soltan Mustapa we Soltan Ybraýym bilen birlikde käbir hanedan agzalarynyñ mazarlary bar. * * * Kanuny Soltan Süleýmanyñ ogly Selim II we onuñ aýaly Nurbanu soltanyñ ýatan kümmeti 1577-nji ýylda taryhyñ iñ uly arhitektorlarynyñ biri Mimar Sinan tarapyndan gurulypdyr. Kümmetde patyşa we ýanýoldaşy bilen birlikde 42 gubur bar. * * * Kümmetiñ gapysynyñ sag we çep tarapynda gözüñi gamaşdyryjy Iznik keramikasyndan düzülen ajaýyp paneller şobada gözüñi egleýär. Emma bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdaky keramikalaryñ belli bir bölegi has soñra ogurlanypdyr we ýerine ýasamasy goýlupdyr! Nädip diýýäñizmi?! XIX asyryñ togsanynjy ýyllary... Şol wagtlar osmanly tagtynda patyşa Abdylhamyt II otyrdy. Köşgüñ ýörite diş lukmany bardy: fransiýaly Albert Sorlin Dorigny… Aýasofýa metjidiniñ we kümmetleriñ keramikalarynyñ zaýalanyp başlandygy anyklanyp, abatlaýyş işlerini geçirmek makul bilinýär. Keramikalaryñ restawrasiýa işlerini Ýewropada giñden tanalýan sungaty öwrenişi fransuz diş lukmany ýerine ýetirermen bolýar. Abdylhamydyñ razylyk bermegi bilen Selim II-niñ kümmetindäki keramikalar eserdeñlik bilen sökülenden soñra gaplanyp, Fransiýa äkidilýär. Emma Dorigny keramikalaryñ bir bölegini abatlamagyñ deregin3 Luwr muzeýine äkidip, kakasynyñ zady ýaly pula satýar. Etjek işini ýedi ölçäp kesen diş lukmany ogurlygy añşyrylmasyn diýib3m Fransiýanyñ Sewr kommunasyndaky bir zawodda öndürilen ýasama keramikalary Stambula ugradýar. Emma Iznik keramikalarynyñ ýasamasyny öndürmek mümkinmi näme!.. Wagtyñ geçmegi bilen kümmetde çalşyrylan we 60 bölek gasp keramikadan ybarat paneliñ nagyşlary öçmäge başlaýar. Hatda sungatyñ taryhyndan bihabar zyýaratçylara-da ýeke gezek seredende mesaña bildirip başlan bu ýagdaý degişli ygtyýarlylar tarapyndan şobada bellige alynýar. Medeniýet ministrliginiñ ýörite hünärmenleriniñ geçiren derñew işleri wagtynda ýerinden sökülen keramikalaryñ ýeñse ýüzünden Sewrdäki keramika zawodynda öndürilendigini görkezýän ýazgylar çykýar! Muny görensoñ Luwr muzeýinde görkezilýän medeni mirasymyzy yzyna gaýdyp almak maksady bilen aýaga galynýar. Emma 2008-nji ýylda Aýasofýa gelip gören Luwr muzeýiniñ direktory Anri Loýrette "Bärde hiç bir ýagdaýda alyp gaçma, ogurlama we gizläp saklama barada gürrüñ bolup bilmez. Eserleriñ restawrasiýa edilen wagtynda ogurlanandygyny aýdýan gep-gürrüñler bar. Ýöne bularyñ hiç hili subutnamasy, tutarygy ýok. A biziñ tutalgamyz bolsa, olary kanuny ýollar arkaly satyn alandygymyzdyr. Eserler fransuz diş lukmanyndan satyn alyndy we bu baradaky töleg kagyzçalary arhiwimizde häzirem saklanýar" diýip, talaplary kanagatlandyrmakdan ýüz dönderdi. * * * Medeniýet ministrliginiñ tagallalary netije bermänsoñ, 2009-2011-nji ýyllarda Aýasofýa muzeýiniñ direktory bolup işlän professor Haluk Dursun Selim II-niñ kümmetindäki ogurlygy paş etmek maksady bilen ýasama keramiki paneliñ öñünde şu ýazgyny goýdurýar: "Osmanly döwründe, 1882-1896-ýyllarda fransiýaly Albert Dorigny tarapyndan restawrasiýa işleri geçirilende, 60 bölekden ybarat XVI asyryñ Iznik keramika paneli restawrasiýa geçirmek maksady bilen Fransiýanyñ Pariž şäherine äkidilipdir, emma Sewrde nusgasy ýasalyp yzyna getirilipdir we originalynyñ ýerine oturdylypdyr. Bu özüñe bildirilen ynamdan hyýanatçylykly peýdalanmakdyr we sungat ogurlygynyñ iñ gowy mysalydyr. Dek şumat synlap duran bu keramikalaryñyz originallarynyñ nusgasydyr. Original keramiklarynyz Parižiñ Luwr muzeýinde saklanýar. Keramikalarymyz boýunça Fransiýanyñ Medeniýet ministrligine olary yzyna gaýdyp bermek üçin ýazan ähli talapnamalarymyza garamazdan, netije gazanyp bolmady..." Soltan Selim II-niñ kümmetiniñ gapysynyñ gyra-bujagynda we 60 keramikadan ybarat iki panelden çepdäkisiniñ ýasamadygyny ýeke gezek seredende öçügsi reñkindenem bilip bolýar. * * * Duruñ entek. Diñe bulam däl. Aýasofýada gürrüñ berilmegine garaşýan başga talañçylyklaram bolup geçdi: 2003-nji ýyl... Erkan Mumju Medeniýet we turizm ministri, professor Mustafa Isen bolsa ministriñ orunbasary... Dolmabahçe köşgüniñ ýerzemininde çañ basyp çüýräp ýatan taryhyñ on müñlerçe eksponatyny halas etjek işiñ başyny başlan "ARENA" topary üçin Afasofýada çüýremäge terk edilen medeni gymmatlyklary ýagtylyga çykarmaga gezek ýetipdi. Bize gelip ýeten maglumatlara görä, içinde köp sanly taryhy eser bolan 31-nji belgili ammaryñ gapysyna urlan gulp elli ýyl bäri açylmandy!.. * * * Ministriñ orunbasarynyñ beren rugsadyndan peýdalanyp, taýýarlygymyzy gördük. Wideokameralaryñ öñünde gulpuñ goparylyp gapynyñ açylmagyna gezek gelende, "ARENA" toparynda-da, şol wagtky muzeýiñ adminstrasiýasynda-da ýürekler heýjana gelip, demler tutulypdy. Muzeýiñ işe täze başlan müdiri Serajeddin Şahin açary birnäçe gezek towlandan soñ agaç gapy kynlyk bilen gyjyrdap açyldy. Bilesigelijilik bilen içerik äñedenimizde heñiñ ysy burnumyzy tutdy. Möý kereplerinden ýaña hiç zat görnenokdy. Diwardan diwara tanap bilen baglan ýaly goşar ýogynlygyndaky möý kereplerini eýläk-beýläk sylyp, kynlyk bilen birküç ädim äden ygtyýarlylar görüp duran manzarasyna näme diýip näme aýtjaklarynu bilmediler. Çünki inwentar hasaba alynan taryhy pop tagtlary, uzyn-uzyn ikonalar, agaç sütünjikler, osmanly döwrüne degişli ýagtylandyryjy şemler we wagtynda mährabyñ iki ýanyna ýazylan ýüzlerçe ýyllyk geçmişi bolan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdaky halylar çüýräp ýatyrdy. Geleñsizlik we ýatdan añsyzlyk şeýlekin derejede ýetjek ýerine baryp ýetipdi welim, hiç ýerden taýyny tapyp bolmajak halylar eliñi degirseñ, degren ýeriñ gopup eliñde galýardy. Tozan-çaña gömülip galan ikonalaryñ ýüzündäki suratlar öçüp, pop tagtlary weýran bolupdy... * * * Bizi esasy haýrana goýjak zat gorkuly kinofilmleri ýatladýan görnüşler ygtyýarlylaryñ demirgazyk-gündogar pandusyndan galareýa tarap ýörelende gazylgy ýata iki mazara duşanyñda başlaýardy. Gabryndan çykarylan ystyhanlar (skletler) we süñkler çem gelen ýerde pytrap ýatyrdy. Görnüşinden, muzeýde hazyna gözlenen bolmaly!.. Ygtyýarlylaryñ berýän maglumatyna görä, maliýe polisiýasynyñ ogrulardan ele salyp, tükel ýagdaýda "Aýasofýa" muzeýiniñ müdirligine tabşyran uçursyz gymmatly surýany dilindäki üç kitapdan biriniñem ýene ogurlanandygy ýüze çykypdy! Kitaphanadaky elýazma kitaplaryñ göz-görtele nähili çüýredilendigi bolsa habarnamada şu setirler bilen beýan edilýärdi: ‘‘Çygyñ, tozan-çañyñ we kitap gurçuklarynyñ ýetiren zeperi netijesinde elýazma eserleriñ jiltlerinde parçalanma emele gelendigi, sahypalarynyñ zaýalanandyty we käbir kitaplarda birnäçe sahypanyñ çyg çekendigi zerarly biri-birine ýelmeşendigi görüldi…'' * * * Opurylma howpuny başdan geçiren "Dolmabahçe" köşgüniñ ýerzeminindäki 10 müñ eksponat habarlarymyz netijesinde restawrasiýa işleri geçirilip, halas edildi we täzeden görkezilmäge başlandy. Aýasofýadaky eserlerem gaýtadan gözden geçirildi. A eýsem biziñ görmän galanlarymyz näme? Ajaýyp keramiki paneller köşk ogrusy tarapyndan ogurlanan, içindäki medeni gymmatlyklary çüýremäge terk edilen, gazym-gazym edilip hazyna gözlenen Aýasofýadaky Imperatorlyk gapynyñ zaýalandygyny eşidenimde, dogrusy, hiç hile geñ galjagam bolup durmadym!.. Ol gapy häzirem şol ýerde nädip dur, asyl şoña geñ galýaryn!.. Uğur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 02.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |