14:55 Söýginiñ güýji / hekaýa | |
SÖÝGINIŇ GÜÝJI
Hekaýalar
Näzli ýokary okuw mekdebine girip bilmedi. Ol mugallym bolmagy gaty höwes edýärdi. Bar ünsüni okuwa berip, yhlas bilen synaga taýýarlansa-da, onuňky bu ýyl şowsuz boldy. Synagdan geçip bilmänligi üçin, Näzliniň keýpi ýokdy. Mugallym bolmak arzuwynyň başa barmandygyna gynanyp, birnäçe gün öýden çykman oturdy. Onuň göwnüni açmak üçin, goňşy joralary, ene-atasy daşynda perwana bolýardylar. Näme etselerem, ara biraz wagt düşýänçä, Näzliniň ýüzi açylmady. Aradan biraz wagt geçensoň, Näzlini bir gün ene-atasy ýanyna çagyrdylar: — Gyzym, beýdip gynanyp, ýüzüňi sallap ýörme, wagtyň boş geçip, okuwa bolan höwesiň gaçmaz ýaly, şäherimizde ýerleşýän hünärment mekdepleriň birine giräýseň nädýä? — diýip, ejesi Näzliniň berjek jogabyna garaşdy. Näzli ene-atasynyň sözüne gulak asyp, resminamalaryny hünärment mekdebiň kompýuterçilik bölümine tabşyrdy. Täze okuw ýyly başlandy. Okuwyň ilkinji günlerine garamazdan, Näzli eýýäm ökdeligi, bilesigelijiligi, çalasynlygy, ugurtapyjylygy bilen deň-duşlarynyň arasynda öňe saýlanyp başlady. Onuň bar ünsi okuwdady. Okuw birsydyrgyn dowam edip durdy. Näzliniň okaýan bölüminde orta boýly, saryýagyz, gür gara gaşlary ak ýüzüne has-da gelşik berýän Mekan diýen bir oglan bardy. Näzli Mekan bilen hem beýleki deň-duşlary bilen bolşy ýaly, degşip-gülşüp ýördi. Emma Mekanyň ýüreginde başga harasat gopýardy. Ol her gezek Näzliniň salamlaşyp, ýylgyryp geçerine garaşyp, hemmelerden ir gelerdi. Ol Näzlini gören gününden bäri özüni alasarmyk duýgulara aldyrypdy. Okap otyrkalar hem, şol tarapa seredenini duýman galýardy. Näzli hem Mekanyň özüne üýtgeşik bir duýgy bilen garaýandygyny aňyp başlady. Şol günden soň Näzli hem assyrynlyk bilen Mekany synlap başlady. Ol, köpçülikde bolsun ýa-da deň-duşlarynyň ýanynda bolsun, özüni asylly alyp barýardy. Mekany keýpsiz halda görýän ejesi: — Oglum, nesip bolsa, geljek ýyl ýene-de okuwa bagtyňy synarsyň. Ruhdan düşme, balam! — diýip, Mekana göwünlik berdi. Mekan Näzlä söz aýdyp, belli bir jogap alýança, ene-atasyna ýüregindäkini aýdasy gelmedi. Şeýdip, bir ýylyň nädip geçenini duýman galdylar. Okuw tamamlanyp, synag güni gelipdi. Mekanyň bar pikiri Näzlidedi. Synaglary sag-aman üstünlikli tabşyrsa, Näzlä bolan söýgüsini aýtmakçydy. Her kim synagy alada edip aljyraýardy, emma Mekanyň welin synag bilen hiç seri ýokdy. Ol diňe Näzlini görüp durmaja- gyna gynanýardy. Olar synag tabşyrdylar. Şol gün synagdan soň mugallym olara: — Diplomyňyzy almaga indiki hepde gelersiňiz — diýdi. Mugallymyň aýdanyny eşidenlerinden soň, Näzli bile okaýan jorasy Selbi bi- len çykalga tarap ýöredi. Olaryň gürrüňine goşulyp barýan Mekan birden aýak çekdi-de: — Gyzlar, bir ýyl bile okadyk, bilip ýa bilmän, göwnüňize degen bolsam, bagyşlaň! Nesip bolsa, heriňiz öz ýüregiňizde beslän käriňiziň eýesi bolmagyňyzy arzuw edýän! — Birdenem Näzlä garap, — Näzli, kyn görmeseň, maňa telefon belgiňi bersene — diýdi welin, Näzliniň ýüzi gyzaryp aljyrady. Näme etjegini, näme diýjegini bilmän, jorasyna seretdi. Selbi gözi bilen «Ber» diýen yşarat etdi. Ýuwaşlyk bilen belgisini aýdýan Näzliniň sesi titräp çykdy, Mekan welin derrew belgini telefonyna belledi. Mekan begenjinden ýaňa öýe nädip baranyny bilmedi. Ejesi oglunyň şatlygy synagy üstünlikli tabşyrany sebäplidir öýtdi. Şol gün agşam Mekan Näzlä jaň etdi. Şol günden soň olar telefonda gürleşip başladylar. Näzliniň hem mugallymçylyk ugrundan ýokary okuw mekdepde okamak isleýändigini bilen Mekan täze hyjuw bilen indiki okuw ýylyna taýýarlyk görüp başlady. Indi Näzliniň hem ýüregi giňäpdi. Sebäbi Mekan bilen bile okuwa taýýarlanýardylar, kitaphana gidýärdiler, düşünmedik ýerlerini biri-birinden sorap bilýärdiler. Ene-atasy Mekanyň kitaby elinden düşürmän okaýandygyny görüp, begenýärdiler. Näzli hem öý işlerinden sypyndygy, kitap okamak bilen bolýardy. Ejesi Näzliniň arzuwyna ýetmek üçin yhlas edýändigini görýärdi. Gyzynyň bu ýyl synagy üstünlikli tabşyrjagyna gözi ýetipdi. «Yhlasa — myrat» diýipdirler. Näzlem, Mekanam synagdan üstünlikli geçip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bagtyýar talyby bolupdylar. Begençden ýaňa olar guş bolup uçaýjak bolýardylar. Şeýdip, olar okuwa başladylar. Arzuwlaryna ýetensoňlar, indi olar durmuş toýuny tutmak hakynda pikirlenjekleri bellidi. Hatyja REJEBOWA. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |