06:55 Sud edilen at / hekaýa | |
SUD EDILEN AT
Hekaýalar
Eger şol gezek toýa sowulylmadyk bolsa, Däligär elimizden gitmese-de gitmezdi. Ýöne garry seýis, toýuň üstünden ätläp geçsek, atyň göwni galar diýensoň, oňa sowulmaly boldy. Biz baramyzda atlar entek çapuwa goýberilmän eken. Üwül-çüwülligi gören Däligär kellesini göçgünli silkeläp, daraklygynda ýöräp başlady. Bi onuň çyn göhüniň gelende edýän hereketidi. Soňam ol kiçiräjik tümmegiň üstüne çykyp, gel ýaryşsaňyz diýýän ýaly, mähellä birlaý gözüni aýlady-da, içini boşatdy. Men şonda onuň öňünden at geçmejegini bada-bat bildim. Çapyljak atlaryň içinde bezemen, owadan gyrat, özüniň üýtgeşik sypaýylygy bilen özüne çekýärdi. Meni haýran galdyrýan zat, atyň sypaýlygyndanam beter, onuň üstündäki çapyksuwarydy. Ol türkmen maşgalasy bolmadyk, gelşikli zenandy. Gyratyň düşbi gözleri, onuň eýesine juda wepalydygyny aýdýardy. Ol zenanyň sähelçe hereketinem üstünden düşürmän, duýgurlyk bilen oňa tabyn bolýardy. Bi görnüş zenanam, atam sypaýy edip görkezýärdi. Şonuň üçin duranlaryň nazary şolarda eglenipdi. Şeýle gözelligi özüniň döredip bilýänine buýsanýan zenan, begenjini sähelçede gizlejek bolman ap-ak dişlerini görkezýärdi. Çapyljak atlara serenjam berip ýören bekewül, garry seýse atyň üstündäki zenany görkezip bolgusyz ýylgyrdy. – Ol uly baýaryň gelinligi, ýakynda toýlary boljak. Aty çykaý-sa, gör nähili begener... Şeýle zenanyň hormatyna geçirimlilik edäýseňen günä bolmazmyka diýýän... Bekewüliň sözüne men tisginip gitdim. Mendäki galagoplygy syzan Däligärem bir hili boldy. Garry seýis sesini çykarman ýüzüni aşak saldy. Ýaglyk ýatyrlandan atlar ýüzin saldylar. Meniň öňümden iki at barýardy. Men olaryň aýak alşyndan uzaga gitmejeklerini aňdym. Sebäp, Däligär entek doly güýjüne girmedigem bolsa, alarladyp barýardy. Gaty uzaklaşdyrman atlaryň biri galdy. Ikinjisem Gyratyň eýesidi. Haçanda Däligär onuň yzyndan ýetiberende, ol gyssanyp atyna gamçy çaldy. Awunan janawer, çalaja kişňäp özüniň närazylygyny duýdurdy. Gamçy ýene asmana galdy. Bu gezek onuň şarpyldysy has batly eşidildi. Ýöne ol atyny biderek awundyrýardy. Men Däligäriň ozjagyny bilýärdim. Sebäp, pelle golaýlansoň, mähelläniň gyýkuwy, atyň badyny hasam artdyrypdy. Zenan atyny gyssap gelşine ýüzüme gaharly, ýöne şol sypaýçylykly ýylgyrşy bilen seretdi. Men ony görmejek bolup gözümi ýumdum. Däligär öň baýragy aldy. Ýöne biz begenmegiň deregine gynanmaly bolduk. Gözüň aýdyňa derek, başga sesler eşidildi. – Atyňy näçe bahalaýaň, baýaryň gelinligi ony satyn almakçy?.. Garry seýis ýuwaşja, ýöne düşnükli gürledi. – Men atymy satmak üçin toýa gelmändim... – Onda ony şeýle goýup gitmeli bolarsyň... Şeýle hem boldy. Garry seýis zordan onuň eýerini sypyryp ýetişdi. Şeýdip ol atynyň göwnüni ýykmajak bolup, öz göwnüni ýykdy. Däligäriň goldan gidenine bütin obamyz gynandy. Indi hiç kim onuň toýnak seslerini eşidenokdy. Indi hiç kim onuň owadan kişňemesini eşidenokdy. Obamyz azan sesinden kesilen ýaly boldy. Şeýdip, ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterip ýaşaberdi. Urgy garry seýse hasam agyr düşdi. Ol indi telbe ýaly uzakly gün Däligäriň toýnaklarynyň basan ýerlerine aýlanýardy. Onuň suw içen nowasyny, sandyrap duran elleri bilen sypalaşdyrýardy. Hamana atyň sagrysyndan göterilýän bozgunç ysy temegine dartýan ýaly, onuň iým turbasyny ysgaşdyrýardy. Has ýokuş ýeri, ol mundan ozal, Däligäriň dişleriniň gütürdisine diňşirgenip uklansoň, indi uzakly gije ýatman, ahyryn yzynda dik oturyp geçirýärdi. Şeýdip obamyz üç aýlap at aýaklarynyň dükürdisini eşitmän ýaşady. Ýene, tegelek bir aý, şoňa meňzeş gerekmejek günler bilen ýaşaldy. Bi ömür bolup, ömürem däldi, ýaşadyk diýip ýaşaldygam däldi. Dünýä dahylsyz ýaly ýaşap ýördük. Adam dünýede näme üçin ýaşaýandygyny bilmese iň erbedi şol boljak eken. Biz entegem şeýdip, terkidünýäde ýaşasak ýaşar ýörerdik. Bir gün garry seýis, şeýle durmuşda halys bizar boldumy ýa başyny başga bir heser urdymy, ol etek ýakadaky obalaryň birine gezelenje çykdy. Bi eýýäm, towşanlaryň çöpe girip ugran mahallarydy. Daýanykly güýç ýetip gelipdi. Durnalar yzlaryna dolanýardylar. Olaryň kümüşli düwmäniň owazyna meňzeş sesleri asmandan eşidilýärdi. Ho-ol alysdan gylýallaryň tumşugy, sörtük şemala akjaryp görünýärdi. Ene baýtallar hamraklyk bilen hokranşyp süriden daşlaşan taýçanaklaryny çagyrýardy. Eneleriniň imrinmesini eşiden taýçanaklar gulaklaryny gypyrdyp, sürä tarap ýazzyny berýärdi. Şonda olar boýlaryny saklap bilmän, selin tümmekleriniň, suw akan jarlaryň üstünden böküp, gyssanyşyp enelerini sokjaýardylar. Men şonda olaryň erninden syrygýan süýdüň Günüň şöhlesine her hili reňke öwrülýändigini görýärdim. Bi görnüşi synlamak ýakymlydy. Şonuň üçin begenip, ak sähralaryň göwsünde döredýän owadan dünýesini synlasym gelýärdi. Meni ýene bir begendirýän zat, indi gör, näçe wagtdan bäri ýylgyrma diýlen zadyň ýokundysam bolmadyk Garry seýsiň ýüzünde çalaja ýagtylyk görünýärdi. Ol bir gyrada, ýok zada tezigip iki-baka at salýan taýçanagyň aýak seslerine diň salýardy, onuň şöhlezar gözlerine öz seýis gözleri bilen nazaryny dikýärdi. Şonda maňa taýçanagyň aýaklarynyň sesi, ykbalyň sesi ýaly bolup eşidilýärdi. Taýçanak bolsa, garry seýsi hasam odundyryp, selin tümmekleriniň üstünden bökmän, enesiniň üstünden ikibaka bökýärdi. Onuň bolşy, herän-haçan seni utandyrmajak bedewiň çykjakdygyny aýdýardy. Garry seýis, ýaşajyk taýçanagy iki uly atyň bahasyny berip satyn aldy. Puly ýetmänsoň, aýaly pahyryň dünýeden gidäýmänkä iň soňky ýola dokan halyçasynam üstüne berdi. Taýçanak hurmaýy at bolup ýetişdi. Obamyz oňa Dorbedew diýip at goýdy. Garry seýsiňem indi begenjiniň çägi ýokdy, ol özi iýmän atyna iýdirýärdi, özi geýmän atyna geýdirýärdi. Boýny uzyn bolsun diýip, iýmini çukuryň içinde berýärdi, gerdenlek bolsun diýip, akyryny belentden tutýardy. Aýaklarynyň ýeňil gopmagy üçin söbügine gumly haltajyklary daňyp goýýardy. Gözüniň döwşen bolmagy üçin her gün Günüň dogşyny görkezýärdi. Ýanyna baran mahaly çep gulagynyň arkasyndan ogşaýardy. Bi onuň ata salam berdigidi. Seýis ata nähili seredýän bolsa, ol şony edýärdi. Meniň hakydamda berk galan zat, garry seýis ata iýdirýän höreginden beter, oňa mährini köp siňdirýärdi. Obamyzda owadan diýilýän, ýuka dodak, dik ýeňse aýratyn türkmen gelşigi bolan gyzlaram, Dorbedewi görenlerinde öz owadanlyklaryny unudyp, oňa haýranlar galyp durup serederdiler. Men muňa geň galardym. Sebäp, meniň gözüme gyzlardan zyýat hiç bir närse döräp bilmejek ýalydy. Şonuň üçin bedew atyň şeýle gözelligi özünde jemläp bilýänligi, täsin syra öwrülýärdi. Şeýle syryň dünýede barlygam uly gudrat bolup görünýärdi. Dorbedew garry seýsiň yhlasyna görä, almalygynda aşyk oýnabermeli diýseň owadan at bolup ýetişdi. Ol doly güýjüne girende öňünden toýnakla däl, ganatlam geçip bilmedi. Bir ýetmez ýeri ol gaty uzakçyl däldi. Golaý aralyga ondan ozjak bolup gümanam etme. Bi bir tüýs Alla ýalkan atdy. Bir gezek ony elguş bilen ýaryşdyrmaly edildi. Şonda guş janawar entek göwresinem galdyryp ýetişmänkä Dorbedew ýetilmeli menzile ýetdi. Soň-soňlar gum ilinde, kölegede gürrüň edenlerinde, hemişeler şeýle atlaryň üstünde gylyçlaryny taplar ekenler diýip aýdardylar. Dorbedewiň çygry birneme giňedigiçe onuň garşydaşam, hyrydaram köpelýärdi. Şeýle günleriň birinde obamyza ýaramaz habar ýaýrady. Gazak gyrlarynda bir baý, atyň owazasyny eşidip töwerege jar çekdiripdir. – Kimde-kim gum ilinde önüp-ösen şol bedew aty getirip berse, galpagyň sagrysy bäş garyş dört sany gyzyny berjek... Bir ata, dört gyz. Galpak gyzlarynyň pälwan, daýaw gyzdyklary arkasyna münseň emgenmän Buhara aşjakdygy hakynda gürrüň ederdiler. Olaryň owadanlygam magtalardy. Bi habar garry seýsiň uly oglunyň içine uly gümmüldini salýar. Sebäp şol döwürler, aýaly pahyr dünýeden ir gidensoň garry seýsiň özem, üç oglam öýlenip bilmän ýördüler. Şonuň üçin ol, bir atyň yzynda kowalaşyp ýörmän, bizem il deňinde oba garylsak, aýagymyz duşalsa diýen niýet bilen gamaýyny peýeläp aty obadan alyp çykýar. Ol şol çykyşyna gum içi bilen gaýralygyna tutduryp, niredesiň gazak ýaýlasy diýip eňiberýär. Ol şol aty gyssap gidip oturyşyna Garaküýzeli diýen oýda aýak çekýär. Ýene iki-üç göçüm etse, ymykly biziň çygrymyzdan çykjak. Onsoň nesibäň juda güýçli bolaýmasa, irişdäňi üzübermeli. Oba adamlary Dorbedewi tanansoň, onuň gyssalyp sürlüp gelşinden bir däliligiň barlygyny syzyp, aty saklamaly edýärler. Sebäp olar garry seýis aýatda diri bolsa, bu gün bolmasa, erte gara berjekdigini bilýärler. Garry seýis at äkidilen gün obada bolmansoň, ertesi daňyň ýüzi çyzylyberende Dorbedewi soraglap çykdy. Biz ak çägeleriň ýüzünde aýak yzlaryny galdyran tanyş yzy – Dorbedewiň yzyny yzarlap başladyk. Garry seýis näçe giňgöwrümlilige salsa-da, gaharlydy, ol yz çalyp barşyna atyň gaçyran tezegini elleri bilen barlaşdyryp, onuň näwagt siýdiklänini biljek bolup diňşirgenýärdi, hemem sähradan gelýän çyg ýowşanyň ajymtyk ysyny işdämenlik bilen temegine dartýardy. Biz obanyň gyrasyndan girenimizden tanyş ses – Dorbedewiň sesi eşidildi. Garry seýis atyň sesine begenenem bolsa, entek gahary ýatyşmandy. Ol şol gahary bilen oguna bir zat edäýse-de geň görmeli däldi. Ýöne ýaramaz adamam goraýan kanun bardy. Biz Dorbedewi alyp oba dolandyk. Hemmämizem ýadawdyk. Ýöne ýadanam bolsak, ol ýakymly ýadawlykdy. Şonuň üçin biri-birimiziň begenjini görüp gidip barýardyk. Garry seýis Dorbedewiň begenýänine begenýärdi, menem garry seýsiň begenýänini görüp oňa begenýärdim. Şeýdip gidip otyrdyk. Dünýe hezil ýalydy, onuň içinde garry seýsiň Dorbedewiň barlygy ony hasam hezilleşdiren ýaly edýärdi. Biz entegem şo hezilligimiz bilen gitsek giderdik. Obamyza ýetmäge az galanda, toýuň üstünden barmaly bolduk. Dorbedew ýadaw bolansoň teý meýli ýokdy. Onda-da garry seýis, toýda çakyr kellede togalanypdyr, märekäni görse göwni galkynar diýip, üýşmeleňe tarap sowuldy. Dorbedewi gören mähelle onuň çapmagyna garaşýardy. Ýöne garry seýis kes-kelläm razy däldi. Onda-da, gaýtgyn alan ýaly güwläp duran mähelle, atyň goşulmagyny isleýärdi. Has beterem, öňki toýlarda maňlaýyna baýrak sylmadyk gyr baýtalyň eýesi oda-köze düşýärdi. Onuň bolşy ýadap gelýän Dorbedewden ozup, öňki-soňky ahmyryndan çykjaga meňzeýärdi. Garry seýis däl diýip bilmän ahyry aty goşmaly boldy. Ýaglyk ýatyrlandan sapyndan sypan ýaly gyr baýtal atylyp gaýtdy. Çapylýan ýeriň eňaşaklygyndanmy ýa-da inen malyň aýagynyň ýeňil gopýanyndanmy ol tüwdürilip hondan barýar. Ýene sähelçe maý berseň, ummadan çykjak. Men näçe dözmesemem gamçyny galdyrdym. Ýöne aty urmadym. Meniň gyssanýanymy aňan janawar öňe omzap ugrady. Ýadawdygyna garamazdan hemişeki edişi ýaly agzyny hatap ýaly açyp, aýaklaryny aýlap alyp ugrady. Märekäniň gowry asmana galdy. Ony eşiden Dorbedew, eňegini ýere degiräýjek-degiräýjek bolup hasam beter çapdy. Soňky bolan zatlary gözüm görmese-de, gulagym eşidýärdi. – Haý, garry seýis, telpegiňi göge zyň, atyň çykandyr-la how!!! – Janawar ýadawam bolsa, namysa galmady... – Aty beýdip, horlamaly däldi... Men oglan göçgünligi bilen baýrak almaga howlukdym. Garry seýis meni saklap, mundan ozal etmeýänini edip batlyrak gürledi. – Garşydaşyň baýtal bolsa, baýraga howlukmagyn. Biz ony öňünden gelsegem alarys, yzyndan gelsegem... Bi garry seýsiň, gyzym saňa aýdýan, gelnim sen düşün diýdigidi. Men durup bilmän aglamjyradym. – Men ony urmadym... Diňe gamçymy galdyrdym... Garry seýsiň bir aýdan sözi şu boldy. – Menem gerek wagty, saňa käýeýänä... Şeýdip aýlar, ýyllar geçiberdi. Dorbedewiň adam barha adygmak bilen boldy. Ýöne herki zat ýaşap ýörse, ahyry garraýjak eken. Garry seýis gaty garrap dünýe bilen hoşlaşdy. Ol gidäýmänkä Dorbedewiň başyny sypap, onuň sagrysyndan gelýän bozgunç ysy tä demi gutarýança temegine tartdy. Soňam hiç bir kösençsiz gözlerini ýumdy. Bir adamsyny ýitiren obamyz giňelmegiň deregine gaýtam daralan ýaly boldy. Eýesi gidensoň Dorbedewiňem dünýe bilen gyzygy bolmady. Olam garrady, onda-da, merdiň ejizlänini görkezmejek bolşy ýaly gezdi ýördi. Ol indi oba gelmän, bir wagtlar toýnaklaryna agram salyp çapan ýerlerine aýlanýardy. Suw islemese-de, guýynyň töwereklerinde görünýärdi. Halys ýadansoňam öwrenişen gapysyna gelip hokranýardy. Men şonda garry seýsiň ömür egninden çykarman gezen köneje çäkmenini oňa ysgadýardym. Şonda janawar aşyk gözleri bolan esli salym dona seredip durýardy. Onuň bi bolşy obamyzyň adamlaryny darykdyrýardy. Şonuň üçin onuň ejizlänini görmejek bolup, ony şol döwürdäki hökümete tabşyrdylar. Şeýdip ol obamyz bilen hoşlaşdy. Indi men her gün obamyzdan esli daşlykda ýerleşýän daşyna haýat aýlanan uly howlynyň içindäki agaç germelen ahyra Dorbedewi görmäge barýardym. Onuň otuna-suwuna seredýän türkmen bolmadyk gartaşan adamdy. Men onuň sözlerine düşünemokdym. Ýöne onuň – Kit, malaý – diýýän sözüni weli berk belläpdim. Ol şu sözleri gaşlaryny bürjeşdirip aýdansoň, halaman aýdýandygyny duýýardym. Onda-da, ýüregim atygsap duransoň, her gün Dorbedewe bir düwürjik gant berip gaýdýardym. Käte-de, ýüzi köne ellige meňzäp duran adama bildirmän garry seýsiň çäkmenini ogrynça ysgadýardym. Şeýdip günler geçip durdy. Ýöne olar birhili bişeýkelli bilen aýlanýardy. Ýüregime ýalňyz teselli berýän zat, obamyzdan alysda-da bolsa Dorbedewiň barlygydy. Şolam meniň kararsyň oglan ýüregimi uly dünýä bilen birikdirýärdi. Şu gün men gören zadyma haýýatym uçdy. Dorbedewiň otuna-suwuna seredýän adam gollaryny dalandyryp süllümbaý bolan aty saklajak bolýardy. Atyň üstündäki baýar bolsa, elindäki kesewi ýaly taýak bilen Dorbedewiň çem gelen ýerine urup, ony öňküsindenem beter çapdyrýardy. Janawar atam gazaba çydap bilmän üstündäkiň diýenini edýärdi. Bu bolşa unap-çydap bilmedik ata seredýän adam, öz dilinde bir zatlar diýip gygyrýardy, ata dözmän çöküne düşüp aglaýardy. Baýar bolsa oňa diýýäňmem diýmän atyň hezilini görýärdi. Dorbedewiň garran göwresi urgudan, çapgydan halys beleň alan borly, onuň budlary saňňyldaýardy. Ahyry baýar ýadan borly, entirekläp durşuna ata seredýän adama sögünip, dik duran ýerinden atyň nowasyna buşukmaga çemeleşdi. Baýaryň turşysy depesine çykan borly. Ol näme edýänini bilenokdy. Ýadawlykdan hemem owunmadan halys lüti çykan Dorbedew, ak baýaryň sütemine çydanam bolsa, ol beýle äsgermezçilige – iým iýýän tabagynyň hapalanmagyna çydap bilmedi. Ol gözleriniň içini gyzyl çylgymdan dolduryp, baýaryň çigninden agyz saldy. Soňam ony hol beýläk oklap goýberdi. Men bir-ä jynssyz sesiň çykanyny, birem bulaşyp ýatan baýaryň ýanbaşyndan sapançasyny çykaranyny gördüm. Töwerekdäki adamlar ylgaşyp geldiler. Aňyrdan gelen äpet türkmen, menden nämeleriň bolup geçenini sorady. Men hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Ak baýaryň tarapdarlary atyň bi etmişi üçin ony atjak bolýardylar. Äpet adamam ony atdymajak bolýardy. Bi edil meýdan sudy ýaly berk zatdy. Adam bary üýşdi. Olaryň köpüsi Dorbedewiň tarapdarydy. Oňa degmezligi talap edýärdi. Dorbedewiň gözlerinden bolsa, ullakan ýaşlar haýallyk bilen biriniň yzyndan birisi damýardy. Äpet adamam ýygnanan mähellä garap şeýle diýýärdi: – Türkmeniň atam özi ýaly, ol köp zada çydap gezýär, ýöne namysa gezek gelende... Saklanyp bilmez... Şeýdip Dorbedew azat boldy. Ýöne soň janawar uzak ýaşamady. Adamlar ony eginlerine göterip obamyzyň ilersindäki köne gonamçylyga alyp gaýtdylar. Şu günki gün ýaly hakydamda, güýz aýlarydy. Başyna biten düme gawuny leýs bolup ýatyrdy. Adamlar ýüreklerini sowatmak üçin çig ternäni gemirýärdiler. Ýagyş ýagmadygam bolsa, howadan onuň ysy gelýärdi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |