13:13 Syrly düwünçek / satiriki hekaýa | |
SYRLY DÜWÜNÇEK
Satiriki hekaýalar
Redaksiýada bile işleýän ýoldaşym Ýagdy bir gün howlukmaç ýagdaýda komandirowka uçarman boldy. — Ýer-ow, Ýagdy, näme beýle alňasaýaň! — Möhüm bir iş ýüze çykdy, gardaş. — Eýgilikmi, beri? — Ýaňy köçede Mergen aga diýen bir adama gabat geldim. Öňki gezek komandirowkada bolanymda Atabal aga diýen biriniň haýyş etmegi boýunça Mergen aganyň bir ýumşuny bitirip beripdim. — Atabal aga diýdiňmi? Ýeri, onsoň! Bardyň üstünden. Men ony gözläp ýördüm. Şonuň bilen ýüzbe-ýüz söhbet edesim gelýärdi. — Onuň ýzi gursun. Ýüzünden ýeňsesi owadandyr onuň — diýip, Ýagdy ýanyp gürrüň berdi. Mergen aganyň býurokratdan zähmet hakyny alyp beripdim. Onuň möhüm ýumşuny bitirip berenime birjik-de ökünemok. Ýöne Atabal aganyň toruna düşenime gynanýan-da. Namazly, täretli, dili dogaly adam diýip güp ynanypdyryn-da. Ýaňky köçede Mergen aga pete-pet gabat geläýdi. Ol: «Oglum, Taňry ýalkasyn! Otüki, näme, onsoňam Atabal aga birnemejik puljagaz berip, Ýagdyny sowgat salamlyja ugradaweri diýipdim. Inim, Alla ýalkasyn, şojagaz puly az görmäweri. Dary ýaly bolsa-da, dag ýaly edip kabul edeweri. Menem pensioner» diýdi. Depämden gaýnag suw guýlana döndüm. Ýeri, nädip düşündirjek, neneň subut etjek? «Ýaşuly, bize pul bermek gerek däl. Ile delalat etmek borjumyz» diýip, zordan dişimi gysyp saklanaýdym. — Be, Ýagdy han, saňa al salyp, aňňalak gapdyryp bilýän adamy men hökman görmelidirin — diýip degişdim. — Agam, saňa oýun gerek, meniň bolsa ýüregim ýarylyp barýar. — Gaty görme, degişýän — diýip, Ýagdydan ötünç soradym. — Men şol Atabal aga diýlen adam bilen soňky okuma çenli atyşjakdyryn. Feleton ýazaryn. Sudda sömelderin — diýip, Ýagdy žurnalist gaharyndan ýaňa titir-titir etdi. Özem ýetişibildiginden derman atyp, suw owurtlaýardy. Ýagdy Atabal agalara ýetmäge howlugýardy. Öz sesinden çalt uçýan «Il-18» howada doňup galan ýalydy. Aeroportda düşübem taksä mündi-de, göni bardy Atabal aganyň öýüne. Ýagdy oňly salamlaşman, zat etmän: — Atabal aga, ýör Mergen aganyňka — diýdi. — A-how, inim, žurnalist, ilki salam bolar edebiň başy — diýip, Atabal aga syr bildirmejek boldy. Köşeşdirmäge çalyşdy. Ýagdy ýan bermedi. — Seň ýaly bilen žurnalistiň salamy bolmaz. — Çaý içeli. Dynç al. Näme, Mergeniň göçüp, derýaň aňyrsyna geçesi ýok. Togsan bäşlik çaý bereýin. — Siz zakgun içirýäňiz. Iliň agzyna zäk atýaňyz. Mergen agadan alan puluňam ýanyňda bolsun, eltip, häziriň özünde gowşurýas. — Oň ýaly tüwmaýakda pul nämişlesin? Päheý-de welinim... Oň kendirigine giren syçanyň burny beri agarýamy? Ol-a pul ekeni, ol adam Ezraýyla beri jan berýämi? — diýip, Atabal aga towly gürledi. — Çaý içende ýeke düwür nabady kempiri bilen gezekleşip aýta. — Onçasyny bilmen. Alan puluňy gözümiň alnynda eline bermeseň, seniň ýakaň meniň elimde bolar. Sudda gürleşeris. Meniň gaty çynym. Aşgabat ýaly ýerden işimi taşlap ýörite gaýtdym. Gazete feleton ýazyp seni ile betnam ederin. — Alla kessin alamok. Ysmamyt atadan ant içýän. — Kezzabyň antam bolmaz, pentem. — Gurhandan ätlärin — diýip, Atabal aga ýerinden turdy. Giň eýwanyň töründe petige golaýjak ýerde kakylan çüýe gysdyrylgy düwünçegi almaga içki otagdan bir çagşan oturgyç alyp geldi. Emma düwünçege eli ýetmedi. Soňra ony syryk bilen gaçyrmakçy boldy. Ol ýerde garlawajyň höwürtgesi bar eken. Guşlaram jykyrdaşyp gaý-da-gaýmalaşyk boldular. Emma Atabal aga birden sägindi, tisginen kişi boldy. «Toba-toba, Alla jan, günämi geçeweri?» diýip, syrygy beýläk atdy. Soňra çagşan köne tumboçka getirdi. Tozan basyp giden asylgy ýelýyrtan ýaglygy «bissimilla» diýip, emaý bilen eline aldy. Şol duran ýerinde ony üç gezek maňlaýyna degirdi. Ogşady. Deňagramlylyk ýitdimi, ýa-da tumboçka çagşadymy, Atabal aga kelemenläp gaýtdy. Çalam-çaş bolup ýatyr. «Kelamylla gudrat görkezip başlady gerek» diýip, Ýagdy içinden begendi. Ýagdy ynanjaňrakdy. — Keramata erişmek bolanok weli, şu eýýamyň ýaşlary ýelýürek bolýada, ynanmaýa — diýip, Atabal aga gargynyp ýerinden turdy. Düwünçegiň çaňyny kakdy. Uzak bir doga okady. Bagty bilen gutarmady. Emma ýaglygy çözmedi. Ony getirip «bissimilla» diýip, emaý bilen ortarada goýdy-da: «Ine, men gurhandan ätleýän» diýdi. Çyzganjyrap, suwdan geçjek ýaly bolup kürtdürip durdy. Soň: «Ýak, bissimilla» diýip, ätläýjek-ätläýjek ýaly etdi. Ýagdy bolsa hiç zat diýmän, doňup durdy. Birdenem Atabal agany pikir basdy. Tejribeli adam-da, herhal-da, ýeser bolýa-da, «Wah, maňa nä döw çaldy?! Men şu durşuma mukaddes kelamylladan ätlejek bolýan-ow! Men ýuwnup-ardynyp tämizlenip geleýin. Eşigimi çalşyraýyn. Gurhany kerimden soň ätläýin» diýip, Ýagda eşitdirjek bolup, ýaşuly gaty-gaty gepläp daşaryk çykyp gitdi. Onýança Atabal aganyň bezzat agtyklary bir ýerden peýda boldular. Olar Ýagdyny tas düýt-müýt edipdiler. Ondan pul dileýärdiler. Ýagdynyň bolsa gahary bokurdagyna gelýärdi. Henizem Atabal aganyň Gülragna diýen gyzy ýaňky garagollary südenekledip alyp gidäýdi. Ýogsam olar Ýagdyny diri soýjaklar. Ýagdy hem ýaşulynyň yzyndan daşaryk çykdy: — Ýaşuly, men-ä gaýtdym — diýdi-de, derwezeden daşaryk ätledi. Ýarym-ýalaňaç çagalar ýene Ýagdydan aslyşdy. «Daýy, pul ber!» — Gaýdaýjakmyň, bolýa-da onda, çaý içip gitseň gowy bolardy-da. Togsan bäşlik! Agşam taňry myhmany boljak dälmiň? Çagalary ät goýma, çigit puly bereweri — diýip, Atabal ga gaýta gülüp heziller edindi. — Daýy çaý içiň. Geçiň, oturyň. Demledim — diýip, Atabal aganyň gyzy Gülragna özelendi. «Beýle adamyň hem mähirli gyzy boljak eken-ow». Oňa çenli Ýagdy durarmy diýsene, eýýäm garamatly öýden garany saýlap, arany açypdy. Ýaşulynyň agtyklary gykuwlap, yzyndan tigirli eňdiler. «Howul bela-howul bela», üstümizden sowul bela!» diýip, Atabal aga güldi. Dogrudanam, şol syrly düwünçekde näme barka? Ondaky kelamylla däl bolaýmasyn? Her zat etmeli weli, men şony bilmeli. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |