23:31 Syýahatdan soñky söhbet | |
SYÝAHATDAN SOŇKY SÖHBET
Ýol ýazgylary
Belli bir möhlet bilen ýat ýurda gezelenje giden adamyň islegi özüňe belli: wagt ýitirmän gezjek, görjek, geň-enaýy zatlar bilen tanyşjak. Ýöne seniň islegiň hemişe gereginçe bolubam duranok. Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda, bir bada lapyň keç bolsa-da, dörän kynçylyk bilen ylalaşmaly bolýarsyň. Soňra pikir edip, özüň üçin haýsydyr bir pursadyň bolandygyna-da göz ýetirýärsiň. Biziň Türkiýä syýahatymyzam garaşylmadyk kynçylykdan başlandy. Gös-göni Ankara barmaly samolýot ümür zerarly Stambulda gondy. Günüň ýaryny aeroportuň darajyk zalynda garaşyp geçirdik. Eliňi uzatsaň potologa ýetip duran zalyň içi ýolagçydan hyryn-dykyn. Dünýäniň dürli ýurdundan adam bar. Dürli dilde gepleýän, dürli lybasdaky adamlar... Mennň bu hakda söhbet açmagymyň öz sebäbi bar. Çilimiň tüssesinden ýaňa tilkiň sürenine dönen zalyň içinde gije çenli oturyp, aýratyn bir çydamlylyk görkezdik diýip magtanjak bolamok. (Ýogsa, şoňa çydap oturmak ansadam däl.) Synladygyňça bu kiçijek zal gelen ýurdumyzyň ýagdaýyny aňladýan özboluşly eksponata öwrülip barýardy. Bir seredäýmäge onuň içi uly magazine çalym edýär. Gymmatbaha geýimden başlap, maýdaja suwenire çenli satylýar. Bize aýtmaklaryna görä, bu söwda nokatlary daşary ýurt kompaniýalaryna degişli ekeni. Eýýäm ýurduň ykdysady ýagdaýyndan habar berýän bir fakt! Zalda amerikalylaryň döşlerini gaýşardyp arkaýyn gezip ýörüşlerini synlaňda, hamala, olar özleriniň agalyk ýagdaýlaryny mazamlaýan ýaly bolup görünýär. Saçlary eginlerine düşüp duran iňlis ýetginjekleriniň uly topary edil garasar sürüsi ýaly çem gelen ýerde oturyp, şeýle bir galmagal turuzýarlar weli, ses-üýn alyşdyranoklar. Metjidiň ümsümligine halys öwrenişen başy selleli dindar adam gulaga ýakymsyz galmagala çydam edip, bir künçde amatsyz kreslonyň üstünde ýygyrlyp otyr. Onuň häli-şindi gaşy çytylýar, sowuk suwa batmadyk näzik barmaklar gahar bilen sandyrap, tesbiniň düwmelerini sanaýar. Onuň ýoly Käbä tarap, ol haja barýar. Saud Arabystanyna uçmaly samolýota garaşyp oturan başga-da az däl ekeni. Din wekiliniň öňünden türk ýigitleri, gyzlary eýläk-beýläk geçýär. Ýaşlaryň eginbaşy ýewropalylaryňkydan birjigem tapawutlanmaýar, sebäbi, şu günki Parižde dörän modany ertir Stambul alyp göterýär diýdiler. Olaryň günbatar ýewropalylara, amerikalylara meňzäsleri gelýär. Käbiriniň lybasyna seredip, erkegi aýaldan, aýaly erkekden tapawutlandyraýmagam aňsat däl. Eýsem, bu ýaşlar namazlyga münüp, bäş mahalyny okarlarmyka? Mekkä zyýarata barýan din wekiliniň garaýşynda şeýle biynjalyk sowal, has dogrusy, howsala bar ýaly duýdum. «Eýsem indi günbataryň siwilizasiýasy öz täsiri bilen yslam dininiň elinden ýaşlary alaýarmyka? Olar allanyň adyňy unutsalar nähil gabahatlyk bolar!» Belki, dindarlaryň şu howsalasy zerarly ýurtda gurhany yzly-yzyna neşir edip çykarýandyrlar!? Zalyň ortasynda gazet-žurnal satýan kiosk bar. Bu ýerde Gurhanyň dürli ölçegde çap edilen neşirleri satylýar. Emma olar Muhammet pygamberiň dilinde däl, türk dilinde. Olar Gurhany öz dillerine geçirmek bilen yslam dininiň dogmatlarynyň öňünde günä edýändiris öýdenoklar, muňa türkleriň haky barmyş. Sebäp, yslam dininiň ykbaly arap haliflerinden soňra uzak mahal türkleriň elinde bolupdyr, olar tarapyndan ösdürilipdir, täze ýurtlara ýaýradylypdyr. Olaryň şu «hyzmatam» Gurhany ene dillerinde neşir etmäge, halka hödürlemäge hukuk berýärmişin! Bu, elbetde, Mekkä zyýarata ugran mollanyň buýsanjy. Onuň buýsanjy eýýäm düýnki güne degişli. Bu gün zalda döşüni gaýşardyp ýören amerikaly üçin ol buýsanç hiç zat! Taryhda bolup geçen waka köp!.. Belki, dogrudanam, bir künçde oturan din wekili amerikalyny görende buýsanjyny ýatdan çykarmaga mejbur bolýandyr? Uzakdan gelýän adamyň öz ýurtdaşlaryna täsir edip bilişine gözi gidýändir? Amerikalylar, diniňizi terk ediň diýip wagyz edenoklar, olaryň etjekleri içinde. Ýurda ilki kapitalyny getirdiler, indem modaryny getirýärler. Kitaplaryny satýar, filmlerini görkezýär. Wejera filmlere tomaşa etmek üçin şäherlerde nobata durýan musulman çagalary dälmi! Golaýdaky metjitden eşidilýän azanyň sesi şol nobaty dargadyp bilenok. Olar Gurhan bilen gyzyklanmagyň deregine, gabahat wakalary suratlandyryp, «ten hem ahlak azatlygyny» üňdeýän kitaplary okaýarlar. Hawa, bu gün amerikaly rüstem. Şonuň üçinem ol döşüni gaýşardyp gezýär. Sebäp, ol ýurda ýaragyny, goşunyny getirdi, ençeme harby bazalaryny gurdy. Zaldaky adamlaryň arasyndan belli ýazyjy Eziz Nesiniň satirasyndaky tipler kem-kemden öz ýüzlerini görkezip başlaýarlar. Günbataryň buržuaz durmuşy olara elýetmez nusgamyş! Iň bärkisi ýaranjaňlygy alaý, günbataryň ýaranjaňlygy gündogaryňky bilen deňeşdireniňde has asylly, has döwrebapmyş! Eziz Nesin türk jemgyýetiniň durmuşyndaky nogsanlaryň üstünden batyrgaýlyk bilen gülmegi başarýar. Gündelik durmuş oňa näçe diýseň material berýär. Onsoňam ýene bir ýagdaý bar: käbir kada, dogrudanam, gülki. Meselem, jübüňde bir lir puluň bolmasa, hajathananyň gapysyndan girjek gümanyň ýok. Şuny eşidip, siziň köpüňiz ýylgyrarsyňyz, emma kisesi bilbiliň ketegi ýaly boş adamyň gülki ýadyna düşenok. • ÝOLUŇ ÝATLAMALARY... Gijäniň bir mahaly awtobusly Ankara tarap ýola düşdük. Bäş ýüz kilometrden gowrak ýol geçmeli diýdiler. Argyn göwre ýumşak kreslo düşendenmi, gözler ýumulyp ugrady. Stambuldaky ýagyşyň yzy gara ýazypdyr. Ýene sekiz sagatdan biz Ankara barmaly. Ankara, Merkezi Anatoliýa barýan ýol... Taryhy wakalar, üzlem-saplam hakydaňa gelýär. 1402-nji ýylda Teýmirleň ägirt köp leşger bilen Ankara tarap ugraýar. Onuň maksady Kiçi Aziýanyň häkimi soltan Baýazidi dargatmak, ýurduny Samarkanda bakna etmek. Emiriň niýeti barada ýazyjy Sergeý Borodin «Samarkandyň depesindäki ýyldyzlar» atly epopeýasynyň üçünji romanynda örän aýdyň ýazýar. Kawkazyň üsti bilen gaýdan Teýmirleňiň birnäçe aýy ýolda geçýär. Bu günki gün weli, Moskwadan gaýdan ýolagça Ankara ýetmek üçin iki sagatdan gowrak wagt gerek. Ine, ylmy-tehniki rewolýusiýanyň bitiren işi! Beýik ermeni hudožnigi Martiros Sarýanyň aýdan iňňän jaýdar pikiri ýadyma düşýär: Häzirki zamanyň tehnikasy özüniň ösüşi bilen biziň aňymyzdaky Ýer şarynyň göwrümini daraltdy. Öňler iň ygtybarly ulag at bolansoň, ýeriň ýüzi ummasyz giňdir öýdüler ýörerdi, samolýot şol düşünjäni kem-kemden üýtgedip barýar. Türkmen dessanlarynda deňeşdirmäge mysal azmy eýsem! Türkiýedäki Diýarbekir şäherine ýetmek üçin alty aýlyk ýol geçmeli bolan aşyk-magşuklary alaýmaly. Şolara kömege ýetişen hyýaly döwler, hüýr-periler häzirki samolýotlardan çalt «uçmandyrlar». Taryha dolanalyň. Hawa, 1402-nji ýylyň ýigriminji iýulynda Ankaranyň eteginde orta asyr zamanynyň uly söweşlerinňň biri bolup geçýär. Iki tarapdan jemi dört ýüz müň ňöker söweşe gatňaşýar. Ýene Teýmirleň üstün çykýar. Gadymy Wizantiýa bilen darkaş gurup ýören ýaş Osman imperiýasynyň soltany, Wengriýa tozduryjy çapawulçylyk eden Baýazid ýesir düşýär, goşuny dargadylýar. Kiçi Aziýada Osman imperiýasynyň döremegem Orta Aziýa bilen bagly. Seljuk soltanlarynyň basybalyjylykly ýörüşleri netijesinde oguz taýpalary bu ýere aralaşyp ugraýar. On ikinji asyrda olar öz soltanlygyny döredýärler. Mongollaryň Orta Aziýa çozuşyndan soň gelýänleriň sany hasam köpelýär. Täze-täze knýazlyklar emele gelýär. Şol knýazlygyň birem on üçünji asyrda demirgazyk günbatarda döreýär. Oňa ilki Ertegruly, soňam onuň ogly Osman häkimlik edýär. Olar öz mülküni özbaşdak beglige öwürýärler. Soňra Osman ady bilen täze döwlet emele gelýär, bu bolsa, Osman imperýýasynyň başlangyjy bolýar. Elbetde, bu guraksy faktyň beýany. Ýöne bu başlangyç hakynda türk ýazyjylary taryhy eserler döretdiler. Şolardan birem görnükli ýazyjy Tahyr Kemalyň «Çuň jülge» romanydyr. Bu roman Moskwada rus dilinde neşir edildi. • ŞOWSUZ GELEN TÄZE ÝYL Täze ýylyň öňýanynda biziň ýurdumyz ýylboýy edilen işiň jemini jemleýärdi. Dogrudanam, gazanylan netijeler ägirt boldy. Galla bilen pagtanyň rekord hasyly ýygnaldy. Ýetmiş üçünji ýylyň şowly ýyl hökmunde sowet watanymyzyň taryhyna girjekdigi şübhesiz. Bu ýylyň üstünligi diňe bir senagatda ýa-da oba hojalygynda gazanylan ýeňişler bilen ölçelmeýär. Bu ýyl dünýäde dartgynlygyň gowşan ýyly hökmünde-de adamzat taryhyna ýakymly bir sahypa ýazdy. Şol ýakymly sahypa üçin biziň partiýamyzyň, hökümetimiziň edei tagallasy iň belent baha mynasyp. Şeýle ajaýyp ýylyň güle-güle ugradyljagy hak. Diýmek, täze ýyl biziň halkymyz üçin örän şowly pursatda gelýär. Şonuň lezzetini duýup, öz maşgalaň, dost-ýarlaryň arasynda hezil edip oturmak uly bagt dälmi! Şu babatda ýurtdaşlarymyza biziň gözümiz gidýärdi. Türkiýäniň paýtagty Ankara ýas tutýan ekeni. Kemal Atatürküň in ýakyn egindeşi, görnükli döwlet işgäri general Ismet paşanyň jaýlananyna üç gün bolupdyr. Haýsy ýaňa garasaň başy şlýapaly togsana ser uran garrynyň portreti. Gazetler Ismet Inenü paşaň uzak durmuş ýoluny dürli suratlar bilen beýan edýärdiler. Ony Atatürküň mawzoleýiniň gabat garşysyndaky galareýanyň ortasynda jaýlapdyrlar. Elbetde, munuň özi Ismet paşa bildirilen iň uly hormaty aňladýar. Onuň durmuş ýoluna ser salan adam üçin beýle belent hormatyň bildirilmegi geň zat däl. Ismet paşa ýigriminji ýylda kemalçylaryň rewolýusiýasyna goşulýar, tiz mahaldan Atatürküň iň ýakyn söwşjeň ýoldaşy bolup galýar. Atatürk ölenden soňra, onuň esaslandyran Halk Respublikan partiýasyna (JHP) başlyklyk edýär, on iki ýyllap biregne Türkiýäniň prezidenti bolýar. Ismet paşa hökümetiň baştutany hökmünde 1932-nji, 1960-njy ýyllarda biziň ýurdumyza gelýär. Ismet paşa ýurduň azatlygy hem özbaşdaklygy ugrunda göreşe baş goşan kemalçylaryň iň soňky wekilleriniň biri hökmünde, respublikanyň elli ýyllyk durmuş ýolunyň janly şaýady bolan adam. Bu ýoluň başlangyjy türk halky üçin progressiw ädimlerden başlanypdy. Atatürküň ýolbaşçylygynda iňlis-grek interwentleri ýurduň çäginden kowlup çykarylýar. Türkiýe respublika diýlip yglan edilýär. Buržuaz-milli häsiýetli geçirilen reformalar ýurtda dowam edip gelen dini-feodal düzgünleriň soňuna çykdy. Atatürküň hökümeti Sowet respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşygyny ýola goýmagy niýet edýär. Biziň döwletimiz hemişe ýagşy niýetiň tarapdary. Hut, şol zerarlam sowet-türk şertnamasy baglaşylýar. Ýurdumyzyň içki ýagdaýynyň agyrlygyna garamazdan, Sowet hökümeti Türk respublikasyna elinden gelen kömegi berýär. Ismet paşa şu umytly ädimleriň şaýady bolan adam. Türkiýäniň sada halky, progressiw - jemgyýeti Atatürküň syýasatyny goldaýardy. Şol goldaw zerarlam onuň Halk Respublikan partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanýardy. Emma ýyllaryň geçmegi bilen bu buržuaz partiýa özüniň progressiw häsiýetini ýitirdi, synpy häsäiýetine görä reaksion ýüzüni görkezip başlady. Bu bolsa, ellinji ýyldaky geçirilen saýlawda partiýany ýeňlişe sezewar etdi. Ismet paşa munuňam şaýadydy. Reaksion buržuaz toparlaryň alyp barýan syýasaty ýurdy täze kynçylyklaryň üstünden eltýär. Ýurt Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hem-de günbataryň beýleki kapitalistik döwletlerine ykdysady taýdan garaşlylyk halda ýaşaýar. NATO harby paktyna gatnaşmak bilen her ýyl örän köp serişdäni harby hajatlar üçin harçlaýar. Progressiw pikirli adamlary yzarlamak dowam etdirilýär. Ismet paşa şeýle, ýaramaz syýasatyňam şaýady, soňky ýyllarda oňa goltgy beren adamlaryň biri. Ol aradan çykanda ýurtda hökümet krizisi dowam edýärdi. Saýlawlar netijesinde buržuaz partiýalaryň birem Milli ýygnakda orunlaryň köplügini alyp bilmändir. Halk arasynda olaryň syýasatynyň giň goldaw tapmaýandygyny şu faktyň üsti bilen düşündirse bolar. Durmuş ýagdaýy agyrlaşmasa, ýeňilleşenok. Geçen on iki aýyň dowamynda harytlaryň dört ýüzüsiniň bahasy galypdyr. Täze ýylyň bosagasynda çörek gymmatlady. «Milliýet» gazeti şeýle ýazýar: «Agşam ýatan ertir turup, haýsy harydy näçe bahadan aljagyny bilenok. Durmuşyň kynçylygy baryp ýatan betbagtlyk häsiýete eýe boldy». Täze hökümeti düzmekde buržuaz partiýalaryň arasyndaky agzalalyk, nebit hem nebit önümleriniň kapitalistik dünýäde döreden krizisi geljek ýyla umytly gadam basmaga hiç hili esas bermeýärdi. Ýurt sarp edýän nebitiniň diňe üçden birini özünden öndürýär, galany daşardan, esasanam Eýrandan satyn alynýar. Gazetleriň ýazmagyna görä, täze ýylda nebit üçin bir milliard ýa-da tamamlanyp barýan ýyldaky bilen deňeşdireniňde ýedi ýüz million dollar artyk harç edilmeli boljak. Hatda ýagdaýy ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň, häkimiýet toparlary haýyş bilen Eýran şasyna ýüz tutupdyrlar diýip gürrüň etdiler. Eger Eýran öz nebitini Türkiýä öňki bahasy bilen satsa, munuň özi musulman döwletleriň arasynda birek-birege sarpa goýulmagy, hossarlygy aňlatjak alamat bolmalymyş!? Yslam dininiň garyndaşlygy Türkiýä kömek etmändir. Söwdada dine seredilmeýär, söwdada kisä seredilýär. Täze ýylyň garşylanjak pursaty ýetip gelýär. Ankaranyň ortasynda Hiltonyň saldyran myhmanhanasy. Giň restorandaky şowhun barha bat alýar. Gymmatbaha stollar telim gün öňünden ýörite zakaz edilip goýulypdyr. Ony zakaz eden adamlar barly maşgalalaryň eýeleri. Olaryň aglabasy söwdagärler diýdiler. Bizem on iki adam bolup şolaryň arasynda otyrys. Häzir töwerekdäkileriň bolşuna syn edip, ýas alamatyny ýa-da ertirki günüň kynçylygyny duýjak gümanyň ýok. Iň soňky modada geýinen ýaş ýigitlerdir gyzlar tans sazyna maýyl bolup, howlukman pynhan duýgular hakda söhbet edýärler. Olar arkaýyn olaryň ertiri aýdyň. Ýurtda gymmatçylyk artsa olara peýda. Söwdagäriň ýigrenýän zady harydyny arzan satmak. Ene-atalar bolsa, çagalaryna buýsançly garap, kanagatlanma bilen ýylgyryşyp otyrlar. Sebäp, çagalaryny şeýle gymmatbaha restorana saýlantgy adamlaryň arasyna getirip, jemgyýetdäki mertebeleriniň belentdigini subut edýän amatly pursaty başdan geçirýärler! Bular hakda uzak ýazyp oturmak nämä gerek, gowusy, Eziz Nesiniň eserlerini okaýmaly. • GARGYŞA GALAN ŞLIMAN Kiçi Aziýanyň territoriýasy tutuşlygy býlen özboluşly muzeýe çalym edýär. Ol dört deňziň, üç kontinentiň ortasynda ýerleşýär. Gadymy siwilizasiýa özüniň taryhyny, esasan, şu ýerden başlaýar. Köp sanly ýadygärlikler, mermer şäherleriň harabalary adamzadyň şu günki neslini geçmiş bilen baglaýar. Gadymymetlerden soňra, bu ýerde grekler öz medeniýetini ösdüripdirler. Biziň gidimiz Ur Aýýyldyz: «Hakyky grek medeniýeti Anatoliýada döräpdir, oňa ion siwilizasiýasy diýilýär» diýip, nygtaýar. Kuwwatly Rim imperiýasy, Wizantiýa, Osman imperiýasy... Her döwür özüniň aýratynlygyny goýup gidipdir. Muny biz Stambulda, Izmirde, Ankarada, Pamykgalada, Seljukda, Çanakgalada, dogrusy, uzak ýoluň her menzilinde gördük. Syrly depeler, açyk harabalar entek taryhyň köp täsinliklerini gizläp ýatyrlar. Dünýäniň dürli ýerinden gelen arheologlar gözlegi dowam etdirýärler. Entek edilmeli işin agramy öňde dur. Häzire çenln tapylan materiallar gadymy döwletleriň, ondaky ýaşan halklaryň durmuşyndan, daşky dünýä bilen gatnaşyklaryndan iňňän gymmatly maglumatlar berýär. Bir mysal: W.I.Masson bilen W.I.Sarianidi Garagumda siwilizasiýanyň döreýiş taryhy barada ýazan kitaplarynda, arheologlaryň Ulydepeden gönüburç şekilinde birnäçe möhür tapandyklaryny habar berýärler. Ol möhürler daşdan hem-de bişen palçykdan ýasalypdyr. Edil şonuň ýaly möhürler häzirki Pakystanyň territoriýasynda ýaşan halklarda-da bolupdyr. Olar söwdagärleriň hususy eýeçiligini alamatlandyrýan nyşan hökmünde ulanylypdyr. Biz şeýle möhürleriň dürli görnüşdäkisine Ankaradaky arheologik muzeýde-de duş geldik. Diýmek, biziň eramyzdan üç müň ýyl ozalam Orta Aziýa bilen Kiçi Aziýanyň arasynda söwda, alyş-çalyş gatnaşygynyň bolan bolmagy gaty ähtimal zat. Biziň gidimiz Pamykgalanyň tarypyny edende, «dünýäde ýeke-täk» diýen sözi ulandy. Men munuň näderejede hakykata laýykdygyny kesgitläp biljek däl, ýöne, dogrudanam, Pamykgala özboluşly gözel ýer ekeni. Jülgäniň üstüne abanyp duran kert ak gaýalar pamykdan galdyrylan depä çalym edýärdi. Suw bilen ýerin astyndan çykan duz galyň gatlak emele getirip, topragyň ýüzüni örtüpdir. Çeşmelerden bugaryp duran ýyly suw çykýar. Aýlaw şekilinde salynan ýekegat gelşikli myhmanhanalaryň ortasynda suwa düşünmek üçin tämiz howuzlar edilipdir. Ýanwar aýynyň agşamam adamlar hezil edinip suwa düşüp ýör. Tutuşlygyna bugaryp duran howuz, aşagyna ot salynýan ägirt gazana meňzeýär. Pamykgalada gadymy Gerapoles şäheriniň harabaçylygy ýatyr. Bu şäher özüniň jana şypaly çeşmeleri bilen, baryp biziň eramyzdan iki müň ýyl öňem meşhur ekeni. Dürli döwrüň alamatlaryny görjek bolsaň, esli meýdany tutup ýatan mazarystanlygy synlamagam ýeterlik. Grekleriň, rimlileriň, wizantiýalylaryň daşdan mazarlary... Olar daşky hem içki görnüşleri boýuiça biri-birinden gaty tapawutlanýarlar. Rim imperatory Domisianyň döwründe bina edilen köşkleriň kuwwatly sütünleri, galyň diwarlary güýçli ýer titreme zerarly ýykylypdyr, ýykylmadygam jaýryk-jaýryk bolup, keseden seretseň, bitertip galdyrylan daş üýşmegini ýadyňa salýar. Umuman, Kiçi Aziýada rimlilerden hammamlar, ybadathanalar, stadionlar, äpet amfiteatrlar galypdyr. Aýratynam, bizi teatrlar geň galdyrdy. Olarda grekleriňem, rimlileriňem stilleri duýulýar. Gadymy Efes şäherindäki teatr hasam abat saklanypdyr. Oňa ýigrimi dört müň adam ýerleşýär. Grek teatrlarynda sahna bolanok, emma rimliler ýörite sahna gurupdyrlar. Bu rowaýat Efes şäherinde döräpdir. Bir oglanjyk delfin bilen gaty dostlaşypdyr. Ol balygyň gerşine münüp, deňizde alyslara gezelenç eder ekeni. Şeýdip gezip ýörkäler birden aýylganç harasat turanmyş. Ummasyz tolkunlar oglanjygy alyp gidipdir. Delfin dostuny gözläp, ahyram tapmandyr. Balyk bu ajy aýralyga çydaman, özüni kenara zyňyp ölüpdir. Şu rowaýatyň beýanyny Seljuk şäherindäki kiçijik muzeýde gördük. Delfiniň üstünde täsin oglanjyk otyr. Elbetde, ussat hudožnik öz döwrüniň rowaýatyny hakyky sungat eserinde beýan edipdir. Efes. Adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda iň meşhur ýerleriň biri. Efesde Argemidiň hramyndan galan ýeke-täk sütün somalyp dur. Bu hram henize deňiç dünýäniň ýedi gudratynyň biri hasap edilip gelinýär. Taryh bäş Efesi bilýär. Bu şähere gadymy grek şäheri diýilýär. Hakykatda weli, grekler bu ýere biziň eramyzdan öň iki müňünji ýylyň ikinji ýarymynda gelipdiler. Asyl bu ýere gelmedik ýok. Efes öz wagtynda parslaryňam, Aleksandr Makedonskiniňem eline geçipdir. Soňra rimliler gelýär. Rimlileriň Efesi häzir açyk asmanyň astynda haraba bolup ýatyr. Ap-ak şäher özüniň mermer köçeleri, giň bazary, teatry, kaşaň köşkleri, hatar-hatar mermer sütünleri bilen aklyňy haýran edýär. Ýigrimi dört müň adamlyk açyk teatryň sahnasynda durup, çala gepleseňem, hol depede iň soňky hatarda oturan adama seniň sesiň gowy eşidilýär. Bu ymaratçylaryň sungatynyň kämilligini subut edýär. Efes — gadymy grek filosofy Geraklitiň watany. Efes — bolçulygyň hudaýy Artemidiň kultunyň dörän ýeri. Efes — mekir diplomatlaryň, bankirleriň, syýasatçylaryň şäheri. Efes port şäheri bolupdyr, emma wagtyň geçmegi bilen deňziň suwy çekilipdir. Şeýlelik bilen, ol orta asyrda ähmiýetini ýitirip, adamsyz şähere öwrülipdir. Türkler bu ýere on üçünji asyrda gelipdirler. Efes entek köp syryny öz goýnunda saklap ýatyr. Gözleg işleriniň ýüz ýyllap dowam edýändigine garamazdan, şäheriň ýaňy otuz prosenti barlanypdyr. Biz baramyzda Wena uniwersitetiniň alymlary gözlegi dowam etdirip ýören ekenler. Eýsem, beýik Gomeriň «Iliadasy» hakda eşitmedik sowatly adam barmyka?! Gadymy Troýa şäherini eýelemek maksady bilen grekleriň alyp baran söweşleri... Mif şekilli grek gahrymany Ahill bilen troýaly Gektaryň çyknyşygy... Häzirem adamlar ygtybarsyzlygy, ynamsyzlygy, hiläni aňlatjak bolsalar «troýa aty» diýen aňlatmany ulanýarlar. Troýany gaban grekler agaç atyň içinde gizlenip, aldaw bilen şähere giripdirler. Gomer biziň eramyzdan on iki asyr öň bolan waka hakda gürrüň berýär. Emma Troýa şäheriniň nirede ýerleşendigini tapmak, müňläp ýyllaryň dowamynda adamlaryň islegine öwrülip gelipdir. Troýanyň gözlegi on sekizinji asyrda has çynlakaý başlanýar. Açyş etmek bagty bu sapar arheologlaryň ýa-da alymlaryň paýyna düşmeýär. Nemes söwdagäri Genrih Şliman Mermer deňziniň golaýynda, ýerli halk tarapyndan gala ady berlen bir depäni gazyp başlaýar. Ol ummasyz başarjaň adam ekeni. Entek kiçijikkä kakasy ona Gomeriň eserlerini okap beripdir. Troýany tapmak arzuwy onda örän ir döräpdir, şonuň üçinem soň ol ýygnan baýlygyny, güýjüni gaýgyrmandyr. Şliman tiz mahalyň içinde özüne gerek bolaýjak dilleri öwrenipdir. Şeýle tutanýerliligi bilenem ol Troýany açyp, taryha adyny goýup gidipdir. Şliman hakyky alym ýa-da arheolog bolmany üçin gazyş işini iňňän gödek alyp barypdyr. Onun galdyryp giden çuň tranşeýasyny öz gözümiz bilen gördük. Ol uruş meýdanyndan galan alamata çalym edýär. Şliman ikinji Troýany açyp, islegli hazynany tapsa-da, beýleki birnäçe taryhy materiallara zeper ýetiripdir. Iň ýamanam Şliman ähtiýalanlyk bilen şertinden dänip, hakyky söwdagär häsiýetini görkezipdir. Öňden onuň Osman imperiýasy bilen şertnamasy bar ekeni. Ol şertnama boýunça, tapyndynyň gylla ýarysyny imperiýa tabşyrmaga borçly bolupdyr. Şliman bolsa, gerek zadyny tapan dessine ökje ogurlap gaçma bilen bolupdyr. Şeýdibem ol gargyşa galypdyr. Şliman Troýany tapandygyny dünýä jar edýär. Emma fransuz alymlarynyň biri iki ýüz ýyl öň Troýanyň häzirki tapylan ýerini çaklama bilen aýdan ekeni, ýöne oňa ynanmandyrlar. Troýanyň harabaçylygy Çanakgala şäheriniň golaýnda. Arheologlar şu güne deňiç dokuz Troýany tapypdyrlar. Birinji Troýa biziň eramyzdan üç müň ýyl öň bina edilipdir. Şlimanyň tapan ikinji Troýasy bary-ýogy üç ýüz ýyl ýaşapdyr. Gezelenje baran adamlar taryhyň meşhur şäheriniň harabalygynyň suratyny aljaklar, ýöne bu - isleg kisäňdäki puluň möçberine bagly. Her kadr üçin pul tölemeli. Biz aýratynam şowsuz mahala uçradyk. Edil barmazymyzyň iki gün öň ýanynda töleg sekiz lir bolanlygyndan on alty lire çeňli gymmatlapdyr. Şu babatda häzirlikçe Türkiýe boýunça ýeke-täk mugt ýer Pamykgala diýdiler. Bu saparky «ýeke-täk» diýlen söze bada-bat ynanmaly bolduk. • ÝOL UGRUNDA Ankaradan günorta-günbatara gitdigiňçe howa ýumşaýar, ýalaňaç baýyrlar yzda galyp, seýrek tokaýly dag gerişderi peýda bolýar. Anatoliýanyň daglary gadym zamanlarda gür tokaýly ekeni. Bu ýerleri basyp alan rimliler gämi ýasamak hem-de beýleki gurluşyk hajatlary üçin tokaýlary rehimsizlik bilen çapypdyrlar. Soňra türkler gelýär. Sähradan gelen taýpalar tokaýy amatsyz görýärler, töweregimiz açyk bolsun diýip, olaram agaçlary ýapyryp ugraýarlar. Şeýlelik bilen ýyllaryň dowamynda depeler, dag etekleri ýalaňaçlanýar. Tokaýlar esasan belentliklerde galýar, ýöne ujypsyz. Bütin territoriýanyň on prosentini tutýar. Onuň meýdanyny giňeltmek örän haýal alynyp barylýar. Karag, Mandaras jülgeleri diýseň gözel. Bu ýerlerde sitrus ekinleri ekilýär. Mandariniň, apelsiniň, limonyň hasyly entek sap-sary bolup göm-gök agaçlaryň şahalarynda dur. Injir, aýratynam zeýtun agaçlary ummasyz köp. Ýabany zeýtun hatda, dag gerişleriniň, üstünem örtüpdir. Zeýtun ýagy daşary ýurtlara satylýar. Izmire barýan jülgede temmäki, pagta ekilýär. Elbetde, pagta diýlende biziň kolhozlarymyzyňky ýaly tutuş gowaça meýdanyny görjek gümanyň ýok. Ýekebara hojalyklar ony bölejik-bölejik ekýär. Käbir ýerde daýhanlaryň kooperatiwe birleşen hojalyklarynam gördük. Stambul uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Abdylla Türk oglunyň aýtmagyna görä, olar traktor, dökün almak hem-de öndürýän önümlerini lomaý satmak üçin birleşýän ekenler. Mundan başga-da döwlet hojalyklaram bar, ýöne olar iňňän az. Sebäp olaryň peýdasyndan zyýany köp diýdiler. Şondada olar döwletiň goýberýän serişdesiniň hasabyna ýaşamagyny dowam etdirýärler. Professoryň düşündirişine görä, ol hojalyklar esasan tejribe ýa-da görelde hökmünde ulanylýar. Hususy hojalyklar ondan maşyny, döküni nähili peýdalanmalydygyny öwrenmeli. Döwlet hojalygy daýhançylygyň medeniýetini ösdürmekde nusga görkezmeli. Häzirki döwürde senagatyň ösmegine üns berilýändigine garamazdan, Türkie esasan agrar ýurt hasap edilýär. Oba hojalyk hem-de maldarçylyk önümleri daşary ýurtlara satylýan harytlaryň esasy prosentini düzýär. Türkiýe oba hojalygynyň käbir önümleri boýunça kapitalistik ýurtlaryň arasynda görnükli orunlary eýeleýär. Bu ýerde biz esasan dänäni, gant şugundyryny, günebakary göz önüňde tutýarys. Emma ýurtda suwarymly ýerleriň köplügine garamazdan, olary suwlandyrmakda örän uly kynçyklar dowam edýär. Dogry, soňky ýigrimi-otuz ýylyň içinde esli iş edilipdir, ýöne häzirki zamanyň ösüş depgini bilen deňeşdireniňde ýagdaý öwerlik däl. Suw desgalaryny giň möçberde gurmaga, olary özleşdirmäge esasy päsgel berýän zat, ýerleriň hususy eýeler arasynda maýda böleklere bölünmegidir. Tehnikanyň täzeliklerini ulanmaga olaryň güýji ýetenok, şol zerarlam köne usullar bilen oňňut etmeli bolýar. Şorlap hatardan çykan meýdanlary bejermek işi haýal alynyp barylýar. Munuň üçin döwletiň goýberýän serişdesi entek azlyk edýär. Belli kynçylyklara garamazdan döwlet suwarymly ýerleri giňeltmäge, olary ygtybarly suw desgasy bilen üpjün etmäge edilýän aladany ýyl geçdigiçe artdyrýar. • ŞÄHERLER Izmir şäherinde Tekel bankynyň öňündäki uzyn nobat bizi haýran galdyrdy. Duranlaryň hemmesem erkek adamlardy, köpüsem ýaş ýigitler. Egin-başlaryna seredib-ä olara barly adamlar diýip boljak däl, gaýta irden turuşlaryna el-ýüzüni ýuwmaga-da howlugyp gaýdana menzeýärdiler. Käbiriniň sakgaly ösgün, ýene biriniň ýakasy garagäz. Biri-birine gepem atanoklar, nätanyş bolsalar gerek. Höwessiz duruşlaryny göreniňde nobata durmaga halys endik edip, şol endigem juda ýürege düşene menzeýärdi. Ertir, dördünji ýanwarda, Türkiýede gurban baýramy başlanýar. Hemme adam dört günläp işden boş. Olar yslam dinine «wepalydyklaryny» görkezmeli. Şäher bazarynda şowhunly söwda gidýär, her kim gerek-ýarak zadyny almaga gelipdir. Onda bu adamlar näme üçin nobata durlar, olaryň ýüzünde baýramçylyk keýpiniň alamaty bolmasa nätjek! Biziň bolsa bilesimiz gelýärdi. Dogrusy, men-ä baryp soramaga çekindim. Janagyrly adam, ýüzüňi alsa näbilýäň! Ýanymda «Gidrotehnika we meliorasiýa» žurnalynyň baş redaktory Ýewgeniý Aleksandrowiç Nesterow bardy. Ol duranlara iňlis dilinde ýüzlendi. Oňa düşünen bolmady. Diýmek, bu adamlaryň intelligensiýa bilen baglanyşygy ýok. Intelligent maşgalalarda iňlis diline düşünýäni azlyk edenok. Garaz, biz özümizçe netije çykarmaly bolduk: bular işsiz ýa-da ýarym işsiz adamlardyr. Has dogrusy, obalardan şähere güzeran gözläp gelendirler diýdik. Sebäbi soňky ýyllarda obadan gelýän adamlaryň sany köpelipdir! Öň oba ýerinde ilatyň segsen prosenti ýaşaýan bolsa, häzir ol san altmyş bäşe çenli azalypdyr. Şäher senagaty entek gelýän adamlary iş bilen üpjün ederden ejiz. Hut şonuň üçinem bir million adam iş gözläp daşary ýurda, esasanam Günbatar Germaniýa bilen Fransiýa gidipdir. Olar aýratynam Mýunhende köp diýdiler. Türkler degişme bilen “Mýunhen Türkiýäniň altmyş bäşinji şäheri” diýselerem, bu degişme örän ajy degişme. Olaryň daşary ýurtdaky ýagdaýy, biziň bir mahalky batrak sözümiziň manysyna bap gelýär. Olaryň agyr durmuşy, kemsidilişi barada dünýä metbugatynda köp ýazyldy, türk ýazyjylarynyň eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Beterinden beteri bar diýlen ýaly, ýaňgyç krizisini bahanalap, Günbatar Germaniýanyň hökümeti Türkiýeden gelýäň işçi güýjünden ýüz döndermekçi boldy. Öňki işläp ýörenlerem şertnama möhleti gutaransoň saklamaly däl edildi. Ýurduň ykdysadyýetine ýene bir urgy. Günbatar Germaniýada işleýän 528 müň türk işçisi her ýyl öz ýurduna bir milliard dollara çenli pul iberýär. Beýle walýuta çeşmesinden dynmak gaty agyr degýär. Ýurtda öňem iki milliona golaý işsiz adam bar, munuň üstesine gidenlerem gelse! Ýagdaý örän kyn... Kapitalistik jemgyýetde bu agyr ýagdaýy düzetmek, elbetde, mümkin däl! Bizi gyzyklandyran nobat uzakly gün azalmady. Özümizi biynjalyk eden meseläniň düşündirişini professor Abdylla Türk oglundan eşitdik. Asyl nobata duran adamlar şäherdäki ownuk söwdagärler ekeni. Olar banka pul töläp, haryt alýarlar. Olara haryt satýan uly gurama lomaý söwda bilen meşgul. Ol gurama belli bir baha bilen obadaky hojalyklardan önüm satyn alýar. Soňra alan önüminiň bahasyny esli prosent artdyryp, ownuk söwdagärlere satýar. Emma önüm ownuk söwdagärlere satylýança, gurama önümi öndürenlere pul tölemeýär. Eger ownuk söwdagärleriň alan önümi bazarda geçmese ýa-da pes bahadan geçse, onda nähili bolýar? Onda söwdagärler bagtyndan görsün! Uly gurama öz puluny aldy, gutardy. Söwda etmek üçin töwekgellik gerek. Ine, bazaryň kanuny. Ujypsyzja peýda üçin ýaňky nobata duran adamlaryň bazarda boluşlaryny görsediň! Bogazlaryny ýyrtyp, biri beýlekisinden gaty gygyrjak bolýar, hamala, sesi belent çyksa harydy derrew alynaýjak ýaly! Ahyrbazarda gygyrmaga ses galanok, boýun damarlar taýak ýaly bolup gidýär. Olar gapdaldan geçýän adamy söwda etmäge çagyrýar, ýalbarýar. Ýaşy altmyşa ser uran agajet adamyň ýürekden syzdyryp alyjysyna aýdan sözüni eşidemde olaryň haýsy bähbidi arap uzakly güň aýak üstünde durmaga mejbur bolýandyklaryna göz ýetirdim. Hyrydar harydy uzak mahal einde saklap, hamala kesilen bahany ýene aşaklatmaga esas beräýjek kem gözleýän ýaly gaýtadan dykgat bilen seredip başlaýardy. Öňünde duran irnik adama satyjynyň gahar edýäňi bes-belli, ol ýigrenç bilen dişini gysýardy weli eňek süňkleri gataňsy hamy ýyrtyp daşyna çykaýjak bolýardy. Alyjy ýene bahany bäş lir peseltmegi teklip etdi. Ägirt kemsidilmä duçar gelen ýaly ýaşulynyň çuňňur gözleri ýakymsyz ýiteldi. Birdenem ýarasyna ot basylýan dek gygyrdy: — Sen nätüýsli adam! Bäş lir üçin men ertirden agşama aýak üstünde durun, sen indi şojagaz bähbidimem maňa siňdirmejek bolýaň. Rehimiň gelsin, beýtme ahyry! Mundan soň ýaşulynyň ýagdaýyna düşünmezlik asla mümkin däldi. Bize gurban baýramy günleri şäherlerde söwda bolmaz diýdiler. Şundan soň Izmir bazarynyň şowhuny adaty bolmadyk hadysa öwrüldi, edil baýramyň hatyrasyna dowam edip durana döndi. Nirä seretseň arkasyna gyzyl hem sary reňk çalynan goýunlar. Çem gelen ýerde ol janawerleriň söwdasy edilýär. Şol gün biz olary iň owadan, arassa köçelerde-de, şäheriň etegindäki darajyk öwrümlerde-de, portda duran ýa-da ýüzüp barýan gaýyklaryn, baržalaryn üstünde-de gördük. Biz şäheriň ertirki gününi göz öňüne getirjek bolýardyk. Eger edaralar, magazinler işlemese, bazar bolmasa, onda ýarym million adamly şäheriň köçeleri boşap galar... Biziň eden çakymyz çykmady. Dört gün baýram diýip, arkaýyn öýünde ýatmaga her kimiň gurbaty çatyp duranok. Kiçiräk magazinleriň gapysy ýene açyldy, bazar işläp başlady. Hawa, köçelerde maşynlaryň gatnawy azalypdyr. Oňa derek gurban baýramyň esasy alamatyny gördük. Trotuarlaryň ugrunda öldürilen goýunlaryň derisinden üýşmekler emele geldi. Olary maşynlara ýükläp alyp gidýärdiler. Nirä äkidilýänini soramyzda, goýun derileriniň paraşýutçylygy ösdürmek bilen meşgullanýan jemgyýete bagyşlanýandygyny aýtdylar. Gör, dini baýramdan kim hezil edinýän ekeni! Biziň ýolumyz Afion, Nazilli, Aýdyň, Çanakgala, Tekirdag ýaly uly bolmadyk şäherleriň üstünden düşdi. Bu şaherlerde orta hasapdan elli müňe çenli ilat ýaşaýar. Esasan dokma senagatyny ösdürmäge üns berilýär. Senagatyň bu pudagy babatynda türkler geljege umyt baglaýarlar. Olaryň maksady diňe bir gündogarda däl, hatda günbatarda-da öňdäki orunlaryň birini eýelemek. Elbetde, meseläniň çözgüdi ertirki güne bagly. • METJITLER Syýahatymyzy gutaryp, ýene aeroportuň darajyk zalyna dolanyp gelýäris. Öňki gezek petiş zalyň bir künjünde haja barýan din wekili tesbisini oýnap otyrdy. Elbetde, şol gün ýa-da şol günüň ertesi, ol Mekkä ýetendir. Käbäniň gara daşyny ogşap, kalbyndaky arzy-halyny allatagala «beýan edendir». Menin pikirimçe, onuň islegi diňe özüniň şahsy durmuşynyň rowaçlanmagy bilen çäklenen däldir. Taňrynyn adyny ýatdan çykarýan adamlaryň kalbynda, täzeden biribara bolan söýgüniň döremegini towakga edendir. Ol bu mukaddes söýgüni dikeltmekde özüniň, güýçsüzdigini, belkn, boýun alan däldir. Ýüze çykýan her bir hadysa öz bolşy ýaly seredip, oňa real baha bermek hiç mahal din wekilleriniň funksiýasyna girmändi. Olaryň maksady adamlaryň kalbynda görünmeýän gudrata söýgi döretmek. Eger esasy obýekt görünmeýän bolsa, onda bu taýda realizme gol ýapmak nämä gerekmiş! Din döräli gününden bäri şunuň bilen meşgul. Munuň üçin nämeler edilmändir! Öňi bilen realizme garşy barlyşyksyz göreş alynyp barylypdyr. Esasy gudratyň adamdygyny adamlara aýdanlary depesinden dabanyna çenli diriligine soýupdyrlar. Beýik Nesimini ýada salyň! Asmandaky keramaty güýçlüniň kultuny galdyrmak maksady bilen salynan gözel ymaratlary diýsene! Diňe bir Stambul şäherinde olaryň telimsi bina edilipdir. Ilki wizantiýalylaryň ybadathanasy bolanam bolsa, soňra musulmanlaryň eline geçen mehşur Aýa Sofiýa, ýa-da bolmasa, Süleýmanyň, Soltan Ahmediň saldyran metjitleri. Bu ymaratlar ony saldyran adamlaryň yslam dinine wepaly bolandyklarynyň aňladyjysy bolmakdan başga-da, öz atlaryny taryhyň gatynda galdyrmak üçin olaryň tagalla edendigini görkezýär. Hut, şol zerarlam geljek nesiller bu ymaratlara seredenlerinde ony bina etdiren adamlaryň häkimlik mertebesini kesgitläp biler ýaly degerli alamatlaryň bolmagyny olar öz arhitektorlaryndan talap edipdirler. Şol alamatlary metjitleriň minaralary aňladýar. Eger metjidiň bir minarasy bar bolsa, ony saldyran adam patyşa maşgalasyna dahylsyzdyr. Haýsydyr bir dahyly bolan adamyň iki minara galdyrmaga haky bolupdyr. Süleýmanyň metjidinde dört minara bar. Soltan Ahmet muny az gören bolmaga çemeli, ony alta ýetiripdir. Mundan artyk gitmäge yslam olara rugsat bermeýär. Ýedi minaraly metjit ýeke-täk Mekgede bolmaly. Türk metjitleri arhitektura taýdan tutuş kompleks emele getirýärler. Ortada metjit bolsa, onuň töwereginde kitaphana, keselhana, kerwensaraýam bolmaly. Eger dünýäniň başga ýurtlarynda şeýle kompleksli metjitlere gabat gelinse, ony türkleriň bina eden ymaraty diýip hasap etmeli. Süleýman metjidi beýik arhitektor Senanyň guran ajaýyp sungaty hökmünde adamlary haýran galdyrýar. Ol togsan dokuz ýaşynda aradan çykypdyr, ömrüniň dowamynda bolsa 500 sany hakyky nusga alarlyk bina gurupdyr. Öz adyna, sungatyna mynasyp şägirtler ýetişdiripdir. Subutnama hökmünde dünýäde ýeke-täk alty minaraly Soltan Ahmediň metjidini alaýmaly. «Mawy metjit» ady bilen meşhur ymarat Senanyň okuwçysy Selim Mahmudyň proýekti boýunça salynýar. Selim Mahmudyň şägirdem öz gezeginde Hindistandaky gözel Täç Mahaly bina edipdir. Adamzat ýaşadygyça dünýäde realizm güýçlenýär, ateistler köpelýär. Olaryň garşysyna göreşmäge indi yslam dininiň öňki güýji ýok. Onuň saldyran beýik ymaratlary mahalyň geçmegi bilen taryhy ýadygärliklere öwrülip barýar. Olaryň gapysyndan namaz okamaga gelýänden, turist bolup gelýän köp. Gelýänleri yslamyň düýnki kuwwaty geň galdyranok, olary haýran edýän zat şol ymaratlary salan ussalaryň sungaty. Indi olaryň ady dilden-dile geçýär. Eýsem bu ägirt uly binalar haýsydyr bir ussanyň adyny arşa çykarmak üçin salynypmydy?! Gör, durmuşyň rehimsizdigini! Hawa, durmuş hemişe rehimsiz, sebäp ol hakykaty ýüze çykarýar. Dünýä ýüzünde soňky elli-altmyş ýylyň döreden hakykaty yslamyň pozisiýasyny gowşatdy, oňa yzly-yzyna zarba urdy. Ol türki halklary öz baýdagynyň aşagyna birikdirjekdi. Bolmady. Ol gündogary gaflat ukusynda saklajakdy. Bolmady. Türkiýe üçin häsiýetli alamat görkezilende, adatça, metjidiň suraty çekilýär. Dogrudanam, ýurduň şäher hem oba peýzažynda ol alamaty inkär eder ýaly däl. Gözýetimde oba ýa şäher görünmänkä, ilki bilen sömelip ujy çiş minara görünýär. Bu günki metjitler köpleiç bir meňzeş proýekt boýunça salynýar. Minaralaryň depesine reproduktorlar berkidilýär. Durmuş öňe gidýär. Diniň esasy garşydaşy bolan ylmy-tehniki rewolýusiýanyň täsiri güýçlendigiçe, hususy eýeçilige daýanýan kapitalistik jemgyýetiň öňünde örän çylşyrymly meseleler döreýär. Elbetde, öňi bilen ykdysady mesele. Ýurduň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy birinji nobatda ykdysady problemanyň çözülişine bagly. Eger halkyň arasynda Günbataryñ täsiri güýçli bolsa, munuň sebäbini öňi bilen ykdysady ýagdaýdan gözlemeli. Bu günki gün Türkiýäniň Amerika ýa-da Günbataryň beýleki kapitalistnk ýurtlaryna ykdysady garaşlylygy gizlin zat däl. Emma göze görnüp duraň hakykaty boýun almaga din wekiliniň bogny ysmasa gerek, sebäp olar durmuş hakykatyny hemişe ýigrenýärler. • NAZYM HIKMET WE BAŞGALAR Häzirki zaman türk poeziýasynyň görnükli wekili Nazym Hikmet özüniň progressiw pikirleri, sosial deňsizlige garşy aýgytly protesti üçin ömrüniň on iki ýylyny türmede geçirmeli boldy. Azatlyga çyksa-da watanyndan aýry ýaşamaly boldy. Agalyk ediji synp onuň täsirinden' gorkýardy. Ony öz halkynyň arasynda ýaşamakdan mahrum etdiler. Şahyryň kitaplaryny Türkiýede neşir etmek gadagandy. Bir türk generalyndan Nazym Hikmet barada öz pikirini aýtmagyny sorapdyrlar. Generalyň sözi jikme-jikligi bilen ýadyma düşmese-de, öz sözümde manysyny aýdyp biljek. Ol — şahyr hökmünde Nazym Hikmetiň öňünde dyza çökmäge taýyn, ýöne kommunistligi üçin weli elime düşse ikirjiňlenmän ýok ederdim diýýär. Bu taýda geň görüp oturasy zat ýok. Ol general öz synpynyň matlabyny beýan edýär. Halkyň görnükli ogullarynyň ganyny dökmek olar üçin adaty zat. Biz ony hut soňky birnäçe ýylyň içinde Ispaniýanyň, Gresiýanyň, Çiliniň mysalynda gördük. Ýöne ýaňky pikiri aýdan generalyň akyly ol diýen ötgür däl bolara çemeli. Sebäbi şahyr Nazym Hikmeti kommunist Nazym Hikmetden aýyrmak mümkin däl, onuň pozisiýasynyň güýjem Nazym Hikmetiň kommunistligindendi! Beýle pozisiýany halkdan çetleşdirmek hiç kime başartmandy. Munuň şeýledigine Türkiýede bolamyzda ýene bir gezek göz ýetirdik. Dirikä Nazym Hikmete watanyna dolanmak miýesser etmedigem bolsa, onuň poeziýasy ýene halkynyň arasyna gelipdir! Nazym Hikmetiň poeziýasyna ideýa hem çeperçilik taýdan ummasyz täsir eden sowet edebiýatyna bolan gyzyklanma dünýä halkarynyň arasynda gün-günden artýar. Dogry, bu isleg agalyk ediji toparlaryň aktiw garşylygyna duş gelýär. Olar sowet ýazyjylarynyň eserlerindäki söweşjeň rewolýusion mazmundan gorkýarlar. Öz watandaşlarynyň şeýle edebiýaty okamaklaryny Nazym Hikmet arzuw edýärdi. Şahyryň bu arzuwam kem-kemden amala aşýar. Soňky ýyllarda sowet ýazyjylarynyň eserlerini türk dilinde neşir etmekde belli derejede öňe gidişlik bolupdyr. Häzir Maksim Gorkiniň eserleri köp çykarylýar. Nobel baýragyny alandan soň Mihail Şolohowyň eserlerine aýratyn üns berip balapdyrlar. “Ýuwaş Don” epopeýasy, “Don hekaýalary”, başga-da birnäçe kitaplary çykypdyr. Aleksandr Fadeýewiň, Alekseý Tolstoýyň, Ilýa Erenburgyň, Walentin Kataýewiň, Konstantin Simonowyň, Boris Polewoýyň belli romanlary, powestleri türk okyjylaryna ýetipdir. Nikolaý Ostrowskiniň «Polat nähili taplandy» romanynyň birinji neşiri bada-bat satylyp gutarypdyr, ikinji gezek ňeşir etmäge mejbur bolupdyrlar. Türk okyjylarynyň arasynda Çingiz Aýtmatowyň eserleri gyzyklanma bilen okalýar. Ýazyjynyň ähli eseri diýen ýaly türkçä terjime edilen eken. Sowet poezýýasynyň antologiýasy, M.Gorkiden Ç.Aýtmatowa çenli sowet hekaýalarynyň antologiýasy çykarylypdyr. W.Maýakowskiniň, Ý.Ýewtuşenkonyň we beýleki sowet şahyrlarynyň eserlerine gyzyklanma uly. Şäherleriň kitaň magazinleriňde rus klassyk edebiýatynyň beýik eserlerine köp duş geldik. Stambulda Gogolyň «Derňewçi» komediýasy sahnada goýulypdyr. *** Şu günki türk edebiýatynyň ýagdaýy hakynda gysgaça durup geçeliň. Uruşdan soňky ýyllarda, aýratynam, altmyşynjy ýyllaryň prozasynda roman esasy žanra öwrülýär. Orhan Kemalyň, Fakir Baýkuratyň, Kemal Tahyryň, Ýaşar Kemalyň, Haldun Taneriň kitaplary dünýä halklarynyň ençemesiniň diline geçirilýär. Bu ýazyjylar türk halkynyň taryhy bilen birlikde şu günüň sosial problemalaryna-da batyrgaý ýüzlenýärler, türk daýhanynyň agyr zähmeti olaryň üns merkezinde durýar. Sosial sütemiň labyryny egninde çekýän ýönekeý adamlara duýgudaşlyk, öz bähbidine gezek gelende halk bähbidini gara şaýa satmaga taýyn ahlaksyz çinowniklere ýigrenç belli ýazyjylaryň eserlerinde mahsus zada öwrülýär. Şeýle ýagdaýy biz Eziz Nesiniň türkmen dilinde çykan kitaplarynda-da görýäris. Häzir Türkiýäniň öňünde iňňän möhüm ykdysady hem syýasy problemalar durýar. Ýurtda günbataryň kapitalistik ýurtlarynyň täsiri güýçlenýär. Bu ýagdaý progressiw ýazyjylar tarapyndan tankydy baha duçar gelýänem bolsa, ýaşlaryň belli toparlarynyň döredijilik dünýäsine buržuaz edebiýatynyň iň reaksion ugurlary öz täsirini ýetirýär. Şol täsire gidýän ýazyjylar «edebiýatyň, sungatyň esasy obýekti adamyň içki dünýäsini görkezmekdir, jemgyýetçilik problemalar bilen onuň işi bolmaly däldir» diýen durmuşdan üzňe teoriýadan ugur alýarlar. Olar adamy daşky dünýäden daşlaşyp, diňe öz içki pynhaň syrlaryna maýyl bolan ýagdaýynda görkezmegiň tarapdary. Adam üçin jemgyýet ölüm ýaly bir zatmyş, adamyň ondan çykalga tapjak gümany ýokmuş. Adam jemgyýetiň pidasy bolmalymyş. Bu terkidünýälige alyp barýan aýylganç teoriýadyr. Türk edebiýatçysy A.Kabaklynyň pikirine görä, bu teoriýa olaryň edebiýatyna tutuşlygy bilen güntabardan, geçipdir. Emma ikinji bir edebiýatçy, ýagny T.Alangi onuň bu pikirini inkär edip, adamyň dur-muşdan daşlaşmak teoriýasynyň türk edebiýatynda hemişe-de dowam edip gelendigini tassyklaýar. Ol öz pikirini mamla etjek bolup, orta asyr sufistik akyma ýüzlenýär. Sufizmiň ündeýän terkidünýäliginden gözbaş gözleýär. Dogry, adamyň dünýädäki erksizligi, ykbalyna kaýyl bolmalydygy ýaly meselede bu iki adamyň arasynda käbir parallelleriň bolmagyna garamazdan, olaryň ahyrky netijelerinde tapawudam ýok däl. Sufistler bu dünýäniň gözelligi, diňe asmandaky gözelligiň şekili diýip, onuň ykbalyny allanyň eline berýärler. Emma adamyň durmuşdan daşlaşmak teoriýasyny ündeýan ekzistansialistler dünýäni baryp ýatan tagaşyksyz, başly-barat zat hasap edýärler. Beýle reaksion mazmun ýaş modernistler bolan N.Tosuneriň, L.Erbiliň eserlerinde aýratynam aýdyň görünýär. Altmyşynjy ýyllaryň türk modernizminiň häsiýetli aýratynlygy L.Erbiliň hekaýalarynda hasam aýdyň ýüze çykýar. Ol öz gahrymanyny töwerek bilen baglaýar. Günbatar modernistleriniň edişi ýaly tekstiň içine resmi dokumentleriň, gazet makalalarynyň, reklamanyň fotokopiýalaryny ýelmeýär. Bu bolsa nowella žanrynda baý tejribesi bolan milli edebi däplere nigilistik garaýyşyň netijesidir. Gahryman töwerek bilen bagly bolsa-da, Erbiliň gerkezişine görä öz ykbalynyň eýesi dälmiş. Adam öz ykbalyny özi düzedip bilmez, ol jemgyýet öňünde alaçsyz diýen pikir öňe sürülýär. Beýle zyýanly pikirler adamlary göreşden daşlaşdyrýar, jemgyýet bilen adamyň arasyna gala salýar. Elbetde, bu teoriýa kapitalistik jemgyýetde adamlaryň ruhy dünýäsindäki krizisden habar berýär. Türkiýäniň progressiw edebiýatçylary bu akymy ýazgarýarlar. Olaryň öňünde söweşjeň edebiýatyň beýik nusgasy Nazym Hikmetiň eserleri dur. Stambul uniwersitetine baramyzda men meşhur türkmen şahyry Garajaoglanyň döredijiliginiň öwrenilişi bilen gyzyklandym. Türkiýede onuň eserleriniň bir tomlugynyň çykanyndan öň habarym bardy. Berdi Kerbabaýew üç-dört ýyllykda Türkiýeden şol kitaby getiripdi. Maňa Garajaoglanyň şygyrlarynyň halk arasynda meşhurdygyny aýtdylar. Şahyryň döredijiligi edebiýatçy alymlaryň barha ýygy-ýygydan ünsüni özüne çekýär. Sadettin Nuzät «Türk halk saz şahyrlary», professor Köpri Fuat «Turk halk şahyrlary» atly kitaplarynda Garajaoglanyň ömri hem döredijiligi barada ýazýarlar. 1973-nji ýyl Türkiýe üçin ýubileý ýyly bolupdyr. Respublika özüniň elli ýyllygyny belläpdir. Stambuldaky täze salynan köprüni şol toýa edilen iň gymmat sowgat hasap edýärler. Bosfor aýlagynyň üstünden salynan köpri Ýewropa bilen Aziýany birikdirýär. Onuň beýikligi altmyş dört metr, umumy uzynlygy bolsa bir müň alty ýüz metre golaý. Sözümiziň ahyrynda, iki beýik kontinenti birleşdirýän şol köprüniň hemişe parahatlyk köprüsi boljakdygyna umyt bildirýäris. 1974 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |