09:54 Tañrygargan / hekaýa | |
TAŇRYGARGAN
Hekaýalar
Ýetmişinji ýyllara fantaziýa Şu makalany ýazanda onuň tolgunyşyny diý. Öz ýagdaýyny düşündirmeli bolsa, ol biriniň kastyna çykyp, amatly pursat arap ýören adamyň bolşundan mysal tutar. Beýle adamyň matlabyny ilki özünden başga bilýän ýokdur. Tüpeň atylar, atylan ok daşdan gaýtmaz. Bu makalanyň ok kemi ýok, özem gazetiň ýarty sahypasyny tutup dur. Onuň tüpeňläni dogduk obasynyň kolhoz başlygy Nurly Polat. Tüpeňlemeli awunyň iridigine düşünýäni üçin tolgundy-da. Ýigrimi ýyl bäri biregne başlyk bolup ýören, diňe şu wezipe diýip ýaradylanyna bireýýäm ynanyp, bu babatda şübhe diýen zady büs-bütin unudan Nurly Polat. Aşyr därisini gury saklady, seçmäni iriden ýasady. Žurnalist üçin faktdan gaýry seçme bolmaz. Fakt diýeniň weşeň-weşeň, arhiwden gözlemeli däl. Dogduk obasy batga batyp galdy. Dört ýyldyr ne plan dolýar, ne daýhanyň agzy ýagjarýar, kileň kolhoza bergidar, kolhozam döwlete. Iş dyndarjak adamlar gazanç gözläp, hinine suw goýberilen alaka kysmy, töwerege pytradylar. Nurly Polat birmahal kolhozyň adyny arşa göteripdi diýýänler onuň alan orden-medallaryny agzamasalar, başg-a tutaryk ýok. Orden-medala-da ynam azaldy. Namysly adam bolsa, birmahal arzasyny ýazyp, wezipesini tabşyrmaly. Eger-eger, hyýalam edenok. «Sen binamys ekeniň» diýip, onuň ýüzüne aýtjak barmy! Obadaşlarynyň bigaýratlygyna jany ýanýar. Saçagyň başynda zeýren diýseň olara. Hersiniň zeýrenji gazete tapylgysyz material. Kagyza geçir-de ýollap goýber. Şeý diýseň halanoklar, gürrüňi tapba kesip, öýkeli ýaly dymyp otyrlar. Olar öz paýyyň diňe zeýrençdigine kaýyl bolupdyrlar, şol hukugy biraz artdyrjak bolsaň ýüksünýäler. Käbiri: sen, ogul, asmandan indiňmi diýip özüňi utandyrjak bolýar. Aşyr asmandan inmändigini, sowet ýurdunda ýaşaýandygyny görkezmese bolmady. Tüpeňi uzak çenedi, ýeke ataňda almasaň Nurly Polat hezil bermez. Gyltyz degdigiň üstüňe topular, janhowluna topulan jandaryň gazaby gursun, ikinji ýola ok sürmäge pursat bolmaz. Aşyryň öz-ä bu ýagdaýa ýeter öýdenok. Makalanyň her harpy bir seçme. Nurly Polat çydamaz. Ol çaphanadan ýaňy çykan gazeti synladygyça buýsanjy, begenji unutdy, kalbyna howsala aralaşdy. Birhili ýöwselläp barýar-la, bi näm boldugy?.. Tankydyň zarbyna çydaman Nurly Polat öläýer diýýär. Ähtimaldyr. Han derejesine ýetirilen, henize-bu güne urlup görmedik başlykdyr. Bir adamyň ajalyna sebäp bolasy gelenok, ýöne irde-giçde Nurly Polat öljek bolsa, şundan amatly pursat bolmaz. Wezipedekä ölýän adamlary abraý, dabara bilen jaýlaýarlar. Başlygyň nuh eýýamynda kolhozy galdyranyny aýdarlar, ýykanyny ýatlamazlar. Onuň ajalyna Aşyr sebäp boldy diýerler. Ýeri, indi ölse gowumy ýa-da ölmese?.. Nurly Poladyň ykbaly şu sowalyň jogabyna baglanan ýaly, teý, ýaýdanyp dur. Ahyry obasynyň bähbidini arap, töwekgellige baş urandygyny nygtaýar, şeýdip ýaýdançdan ara açaryn öýdýär. Bolanok, gaýta agyr jenaýat edip, indem özüni aklajak bolýan adamyň tüýsüne girip barýar, gitdigiçe-de özüne gahar edýär: suw görmän tamman çykarjak bolýarmyň! Öýleden soň odun skladynda işleýän obadaşy Abdy til etdi. — Ajalyňa el bulamaň näme, how, seň? — diýdi. — Ojagaz gazetiň bilen Nurly Polady agdarjakmy sen, he-he-e, günüňe ýanaýyn! «Gyzyl Goşunyň» başlygy Öwez Gara yranman dursa, Nurly Poladyň murtuny palta kesmez. Öwez Gara-da sowminiň başlygynyň öýünden örübilýän adam, dogan okaşdyk diýýä. Ýagyň özüňe nesip etsin, Aşyr jan. Yş tapmasaň köçede entäp ýörmegin, geläý ýanyma, her haçan ýükçi gerek bize. Aşyr trubkany goýdy. Ertesi obada ýaşaýan kinomehanik inisi Kyýas jaň etdi. — Işimiz-ä gördüň — diýdi. — Nurly Polat kantura çagyrdy meni. Bir aýdan mellek beräýjekdim, belaň ýamanyny alarsyň indi diýdi, şu diýenimi agaňa-da ýetir diýdi. — Sen näme diýdiň? — Näme diýeýin men, sen diýere zat goýmansyň. Obaň ähli guramasyny ýygnajaklar, aýagyňdan Aşgabada arz etjekler. Öwez Garaň maslahaty bilen edilýä. Arza gitsin, galanyny özüm oňaryn diýipdir. Geçse bäş gün geçendir-dä, redaktor ýüzüni sallap otyr. — Materialyň ýaşululara ýaramandyr. — Ýalan zad-a ýazamok. — Obadaşlaňdan arza gelipdir, gol çeken otuz adam. Meni ýüňsakgal etdiň, ýagdaýy maňa aýtman beýle material ýazmaga hakyň ýok. Şahsy bähbit göz öňünde tutuldygy biz ýüzügara, Inisiniň bähbidini arap, başlygymyzyň üstüne hüjüm edýä diýip ýazylypdyr. Duýduraýmaly ekeniň-dä, raýona haýyş ederdik, iniňe mellek alyp bererdik. Sen düýp maksadyň mellek üçinem däldir, men hä diýýän. — Siz hä diýseňiz bolýa. — Olar diýmez, yrsaramaga delil bar, olara geregi şol. Ýaşululaň pikir-ä senden dynmak. Dogan-garyndaşynyň bähbidini öňe sürýän adam sowet metbugatynda işläp bilmez diýdiler. Ýeser tutaryk tapyldy, gazet garadonly bolup galar, doklad edilen ýerde taýak biziň depämizdedir. — Mellek meselesi agzalanog-a, siz makala belet ahyry. — Bi sowalyňy arza ýazan obadaşlaryňa aýt. — Aýdarnam, gidişerinem! «Prawda» ýazaryn. — «Prawda» daşrak bolýa, ýakyna topul... Obaňa gidip-gelseň nädýä, ýaşululara sala salyp gör, töwella-tagsyr edilse, ä-ä? Nurly Polada sözi ötäýjek adamy tapmaly-da. Bäş-üç gün buýruk ýazman saklanjak bolaýyn, gyssagyň özün bilen. Obadan düşýän habarlaryň biri beýlekisinden mojuk. Gelmeg-ä beýlede dursun, oba tarap garajagam bolma diýip sargadylar. Işden kowlan, masgara, Aşgabadyň köçelerinde bikär entäp ýören boldun, taňrygargan diýýäler sana! Başlyk il öňünde çykyş edip aýtmasa-da, aýdylan ýaly, her kim onun sözüni gaýtalap ýör: başymyn dikliginde şu oba Aşyryň aýagyny sekdirmen, enesini görmäge zar bolar. Dogan-garyndaşynyň hossarlygy çyn bolsa, habar ýetirsinler, gelme diýsinler. Diýlene gulak asman oba gelermen bolaýsa, syna sagat, başy dik yzyna dolanmajagyna adam ogly kepil geçip bilmez! Aşgabada ýetýän habarlardan çen tutsaň, obada iş-alada ýatdan çykypdyr. Aprel aýaklap barýar, gowaça ekişi gutaranok diýdiler. Wagtynda ekeniň bilen pagta planynyň dolmaýanyny gördük, mundan bu ýana ekmän plany dolmaly diýip, görene göz, eşidene gulak, başlygyn özi aýdypdyr. Bi çaka çen adamçylyk etdim, gorkaklyk etdim, mundan beýläk bihaýa-da men, jenaýatkärem men diýipdir. Aşyry alýança ekin meýdanyna çykmajakdygyna kasam edipdir. Aşyryň ugruna ymykly çykylany çyn. Şu oba dahylly adamlaryň Aşgabatdamy ýa-da gaýra ýerlerdemi, garaz, ýeriň ýüzünde Aşyr bilen duşuşmak, sözleşmek hukugy ellerinden alynýar. Kimdir biri boýun bolmadyk halatynda obada orun almajagyna, çaňynyň kakyljagyna, adynyň öçüriljegine ynanaýsyn. Aşyr babatynda anyk çäreler bellenipdir. Başlyk ygtybarly adamlary bilen otyrka Aşyryň kellesi üçin bäş müň manat goýanyny ýaňzydan bolmaga çemeli. Lomaý puluň yşgyna düşüp, öýüni terk eden adamlar bar diýdiler, ähtimal, olar eýýäm Aşgabatda gezip ýörendirler?.. Obalarynyň poçtalony Kerimberdi ýassydan soň Aşyra til edip ýalbardy. — Bir aý-ýarym aý Oruset gapdallaryna gidäýsene! Gorkaýmalydyr şu adamlardan, ýitirim edäýýäler. Geçen hepde kanalda gark bolan adamy gözläp ýörkäler, köpriň aşagyndan üç maslyk çykdy. Gorkym az däl, elýeterden git diýýänim şoň üçin. Şähere ýörite gaýdyp, awtomatdan til edýän. Raýondan etseň-ä biljekler, tilpunda oturýan aýallary kileň satyn alypdyr olar. Başlygyň bolup ýörşüne biz-ä haýran, däliremese-de biridir şol. Uly arza bilen oňjak däller. On adamy çagyryp tabşyrylan ýaly: heriňiz bir edara arza ibermeli diýlen. Döwletmyradam bar ekeni şolaň arasynda. Arza näme ýazmaly diýip, bugaltiriň ýanyna barypdyr. Aşyr oglanka sen ot byrgadyrdyň, ot ogurlady diý-de ýazyp goýber, barlajak ýok, bu bir ýokardakylara delil üçin edilýän zat diýipdir. Aýdyşlary ýaly edip ýazandyryn, gabat gelseň Aşyr ýegene aýtgyn diýip, agşam öýe geldi. Aşyr ýegene ýamanlygym ýok, nädeýin alaçsyz adam men diýýä. Ogluna täze ýük maşyn bermeli edilipdir, ýazjakgäl diýsem, şo maşyny başga birine berjekler diýip otyr. Adamlaň bolşy şeýle, Aşyr, geň görme... Iniň-ä til eden däldir?.. Äý, o neressä-de azar ýamanyny berýärler öýdýän. Arzaňy ýaz diýdiler, ýazmadym diýdi. Gep salgy, ejeň görgülem näsaglan ýaly-la. Biz-ä namardam bolduk, gapyňyzdan barmaga zar, gadagan diýdiler, gazetem yşgula baryp, maýdalara berip gaýdýan. Hat ýazaýyjy bolma, hatyň ele salnar, raýonyň poçtasyna sargalyp goýlan. Bolmasa, Myrat jana.. alýow, alýow... eşidýäňmi? Bir-ä ara sokuljak bolýa... awtomatam diňleýän bamyka Myrat jana ýazyp ber, ibermeli ýerini özi biler, düşbüdir. Bir tärini tapyp, seňkilere gowşar ýaly ederin. Adam adama başa iş düşende gerekdir. Seň hemaýatyň bolmasa, Myrat jan bi mahal Aşgabatda okap ýörjekmi. Alýow... Aşyr, bardy-geldi gelmekçi bolaýan halatyňda... ýöne gelmejek bol-da, alýow, eşidýäňmi, men-ä seni eşidýän. Eger diýýän, gelmekçi bolaýan halatyňda ilerki stansiýada düşäýmegin, Nurly Poladyň adamlary taýýar durandyr... Bilemok kimlerdigini, bi obaň adamlary dälmiş. Raýonda kellekeser gytmy! Hersiniň eline suratyň berläýen ýaly-la... Suratyňy yşguldan alypdyrlar, äkidibem şäherde köpeldip gelipdirler. Uzak garaşdyrman inisi habarlaşdy, ejesiniň ýanyny ýere bereni çyn bolup çykdy. Inisiniň öýkelidigi sesinden, gepinden aňdyrýar. Aşyr ondan göwün edenok. Aşyr zerarly Kyýasyň işsiz galmagy ähtimal. Namart ekeniň, Nurly Polat, meň etimi çeýne, diriligime ýuwut, ýöne inime ýapyşmaň näme? Inisem häzir onuň oba gelmeginiň tarapdary däl. Geldigiň jellatlaryň eline düşýäň, öýümiziň daşynda ysyrganyşyp ýören gyt däl diýdi. Aşyr Nurly Poladyn işjeňligine haýran galdy. Wezipeden aýraslary gelmeýän bolsalar, oňa raýonyň milisiýasyny beräýmeli ekeni. Onuň gerim alşy giň. Pionerlerden yz çalýanlaryň otrýadyny düzüpdir. Otrýada diňe başlygyň dogan-garyndaşlarynyň çagalary girýär diýdiler. Aşyryň suraty olaryň eline-de berlipdir. Aşyr ejemi getirip gidäý diýdi, inisi göwnemedi, ýagdaýynyň ýokdugyny aýtdy. Häzir kim oňa Aşgabada gitmäge rugsat berer öýdýäň. Yrsarap ýörler, ýeke minut işde tapylmasa, syrtyna şakyrdyk dakyp kowjaklar. Kinonyň biledinem elinden alypdyrlar, başga biri satýar diýdi. Rugsat beräýenlerinde-de ejesi ýola ýarajak däl, ýüregi azar berýär, oňly ýöräbem bilenok. Görgüliň barja küýsewi Aşyryň sesini eşitsem diýýä, eşitse ynjalaýjak. Inisi: sesiňi magnitafona ýaz-da iberäý diýdi. Zarlap ýatan syrkaw ejesi göz öňüne geldigiçe, Aşyr bozuldy, gözýaşa boglup oturyşyna kasam etdi. “Nurly Polat diriligine ýuwudýanam bolsa, oba bararynam, eje jan, mähribanym, seni görerinem”. Aşyr Kerimberdä hat ýazyp, barjak gününi, sagadyny, duşuşmaly ýerini belli etdi. Üç gün geçirip otla mündi, obalaryndan altmyş kilometr daşlykdaky çola ýarym stansiýada düşdi. Asman açyk, howa salkyn, bir meýdan pyýada gidilse-de bolman durmaz. Gün eňegini berende yzyndan ýük maşyny ýetdi. Atam möwritiniň GAZ-51-i. Özünden öňürti zaryn sesi eşidildi. Belentli-pesli batgyn ýoldan ýöremek juda agyr düşýän bolmaga çemeli. Aşyryň ýeke dilegi: öz obasynyň adamlary bolmabilseýdir. Diýeni boldy, nätanyş adamlar. Ruluň başynda oturan şofýoryň eňegine kirpiň hamy ýelmenen ýaly. Üst-başy garagäz. Gapdalyndaky ýaşulynyň reňki öçük, juda ýadaw, ol Aşyra tarap seretmegem alada bilen bolsa gerek, gözüni süzüp otyr. Şofýor: — Kuzowy haparak görmeseň-ä mün — diýdi. Aşyr mündem-ä weli, münenine-de puşman etdi. Kuzowyň hapasy şofýoryň üst-başyndan bäş beter. Çöp-çalam, mal tezegi, garaýag... bir hepde arassalanmadyk sygyr ýatagam mundan ybalydyr. Ys-kok beýniňe urýar. Kuzowyň erňeginde abat ýer galmandyr, gemrilip gidipdir. Süňňüne ýag siňen tagtalar gap-gara. Dyzyňy epmäge oturgyç, dik durmaga ýapyşal-ga ýok. Bular dagy hiç ekeni. Oýnuň ýamanyny içi boş boçka görkezdi. Maşyn ýöräp ugrandan boçka Aşyry kowalap başlady. Takyrdysy jähennem, daşynyň ýag ýoky myrtar. Maşyn belende galanda, yzky bortuň öňüne baryp durýar, aşak indigem, bat alyp Aşyra tarap gaýdýar. Aşyr zordan sowulmaga ýetişýär. Ýetişmän galaýsaň geýimiňe düşjek möhüri ömrylla aýyrjak gümanyň ýok. Boçka süsek öküze döndi, onuň töwereginde oýturaklap gün görjek bolmak halys degnasyna degensoň Aşyr ony artky borta gysdy, soňam ähli hüýjüni jemläp bortdan aşyrdy. Garaňkyda görünmese-de, bu söweşiň geýiminde mazaly yz galdyrandygyny bildi. Oba gije barjagam bir gowy zat, ýogsa depoda işleýärmiň diýip soraljagy hak. Ol Gümmezli öwlüýä ýetmän düşüp galdy. Oba bilen aralykda öwlüýäniň jeňňeli garalyp ýatyr. Aşyr oglanka gije-girim bu ýerden geçmäge gorkardy. O mahalky gorky häzirki kemsidilmäniň ýanynda ujypsyz zat. Meniň gaçgakdan tapawudym ýok diýdi. Sen adalatsyzlygyň garşysyna göreşýäň, sen rewolýusioner, häkimiýetiň duzagyna düşmejek bolup gaçgaklyga ýüz uran rewolýusionerler taryhda azmy eýse! Bu pikir onuň keýpini galdyrmady, gaýta ýagdaýynyň gülkünçdigini nygtady. Iberen haty mahalynda Kerimberdä gowşan bolsa, olar sagat on birde uly ýabyň boýundaky ýeke toraňňynyň ýanynda garaşmalydyr. Eger hat Nurly Poladyň adamlarynyň eline düşen bolsa? Iki ýagdaýda-da oňa garaşyljagy hak. Ýabyň gaýra boýy ekin meýdany, ilersi jeňňel. Toraňňy jeňňel tarapda. Aşyr jeňňeli penalap barmaga ýürek etmedi. Çagalykda gulagy ganan gürrüňler owsaryndan çekdi durdy. Bu jeňňeli aždarha çykan ýylan saklaýarmyş diýerdiler. Toraňňa bäş-on ädim galanda gamşa bukulyp, töwerege doňuz diňini saldy. Ümsümlik. Habar ýetmedik bolsa nätmeli bolar? Golaýda şagal uwlady. Seniň geleniňi bilýärler diýjek bolýarmyka? Şol wagtam toraňňynyň aşagyndan çykyp bir gara bäri gaýtdy. Entek Aşyrda özümkilerdir diýen ynam ýok, gelýäni ýörişinden tanajak bolýar, eger tanamasa uly ýola tarap ýazzyny berjek. Agzyndan çykýan demi howra öwrüldi. Germeçli ädim urup geliş-ä Kerimberdi ýaly. Obada iň uzynsatany poçtalýon bellemeli diýlende Kerimberdi tapyldy diýerdiler. Bi gelýänem şol ekeni. Kerimberdi Aşyry gujaklady, egnine kakdy. — Mert bol, Aşyr jan — diýdi. Aşyryň süňňi sarsyp gitdi. — Ejem... — Ejeň görgülem zarlap ýatandyr. Bi obany gorhana öwürdiler, bäri gaýdanyňy bilipdirler, seň habaryň barmy? Aşyr gowşan bedenini ýabyň raýşyna goýberdi. «Ejem diri bolsa bolýa-la, galan zat gümüne gitsin!» — Bilipdirler diýýänim, bir zatdan çen tutýan, öýňüziň töweregine barar ýaly däl, her agajyň düýbünde bir adam dur. Kyýasa özüm gelme diýdim. Ýogsa geljegiňden habarly. Partizanly kinolaň peýdasy degjek ekeni şuň ýaly ýerde. Obany nemisiň elinde hasap edäý. Bi gijäni jeňňelde geçirmeli bor. Ýeriň taýýar dur, iýgi-içgi, ýapynja, bary bar. Golaýmyzda jeňňel bolmasa näderdik. — Men-ä beýdip ýörmäni namys bilýän. — Partizanlar binamys-da onda? — Partizan nireden kelläňe geldaý, partizan däl-ä men. — Nurly Polada agyz salan adam partizan bolar, sen partizanyň barypýatany, Aşyr jan! Olar uly öwrüm edip, jenneliň günorta tarapyndan girdiler. Gür hyşalyk. Ýüz-gözüňi gyýaklardan gorasaň zor boldugyň. Çöp-çalam aýagyňa çolaşyp ýatyr. — Şu gelşimiz amatdyr — diýip, Kerimberdi yzyndan gelýän Aşyra möhüm zady habar berýän äheňde aýtdy. — Aýak yzymyzy tapjak gümanlary ýok. Arkaýyn geliber, gündz bi ýerlerden geçdim men. Soňra, hyşa seýrekläp, ýylgynlyk başlandy, çöp-çalam gutardy, şor ýeriň kesmegi aýak astynda kibirdäp owranýardy. Kerimberdi çatma çalymdaş taşa edipdir. Köne keçe, ýassyk, ýorgana derek bagana possun... Olary ýekän-ýekän elläp görkezdi. — Ýassygyň aşagynda aksaply ýatandyr, ätiýaç üçin-dä. — Golaýda şagal uwlady. — Öz şagallammyzdyr, arkaýyn ýatgyn. Otug hany, bir käse çaý iç. Termis-ä kiçiräkdir... bi-de gowurlanja towuk, iýäýmeseň-ä şagal ogurlar. Gözler öwrenişendenmi, gol astyndaky zatlary saýgaryp bolýardy, akjaryp ýatan şoruňam ýagta peýdasy bardy. — Nurly Polat dagy doňza dönendir, siz nämäni bilýäňiz, bi zatlary içinde gezip ýören bilýä, menden sora. Dogany-dolanany kileň byrgadyr-u ýeňil-ýelpaý işlerde, işdäleri seni-meni ýuwutjak. Ýedi gapyda ýer tapman ýören ýegeni bardy, ýanyna göçürip getirdi, gaz ugruna hojaýyn edip goýdy. Her balony bäş manada satyp ýör, hol-ha, köşk saldyrdy. Biziň-ä bylaň garşysyna gidip bitirjek goşumyz ýok, seni nätdiler! Hemaýat etmäge taýyn. Ýüzbe-ýüz gidişmäge gaýrat ýokdur, Aşyr jan, boýun alýas. Syrtyňa depip işden kowjaklar, eklenç başyňda, kyn-a. Myrat jan okuwyny dynyp gelse, özümem pensiýa çyksam, onsoň gorkym ýok bylardan. Gidişmeli bolsa, men bar. Ä-äý, şonda-da aldyrmaz bylar. Her zadam bolsa, siz ýalylaň barlygam bir gowy zat. Kerimberdi ýürekgysgynç jeňňelde Aşyry ýeke goýup gitdi. Heý, bi gülkünç ýagdaýy oýlap tapyp boljakmy! Aşyr uklap bilmejegine, uklamasa-da özüni köteklejegine gahar etdi. Töwerek-daşyň şagal, ýekegapanyň çykaýmagam ähtimal. Böwrüňden hürsekläp, içegäňi dişine orap gitse... tüýs bolaýjak! Bu ýagdaýyňda şondan ybaly ölüme garaşma. Ol demigen adamyň gyssagy bilen hyşalykdan parran ötüp, gowaça ekilen meýdana çykdy. Elinde pyçagyn bardygyny indi bilip galdy. Binesip adama mahsus naýynjarlyk bilen obanyň çyralaryna garady, garadygyça-da derdi artdy. Dabanynyň astyndaky toprak oňa ýakyn, mähriban. Oglanka şu meýdanda gowaça ýekeläpdi, kätmen urupdy, suw tutupdy, pagta ýygypdy. Bada-bat hakydasyna gelen ýatlama, onuň kalbyndaky kemsinmäni hasam artdyrdy. Beýik karta suw düzenlerinde ýap götermän ýola suw gitdi. Gaýyk sürübermeli bolup ýatyr. Bir ýerden Nurly Polat häzir boldy. Eline düşse Aşyry suwa salma ýençjek. Oglanyň dadyna jeňňel ýetişipdi. Başlyk jeňňele girmän, gyrada sögünip galypdy. Bi nähili beýle bolýar? Aşyr hemişe jeňňele urup başyny gutarmaly, kowalap ýörenem Nurly Polat? Köne durmuşy ýazanlarynda bu ýagdaýa ykbal, nälet diýmek endige öwrulip gitdi. Aşyryň özem şol endige eýerip ýören adam. Häzirkä näme diýersiň? Özüni kötekledi: Nurly Polady respublika masgara etmegi başaran halyňa indi jeňňelde guýlunyp ýatmaga utanaňokmy sen? Ol tutly ýaby boýlap gidýän ýola düşdi, başa gelenini göräýmeli bolar! Zarlap ýatma, eje, barýan ýanyňa diýdi. Bu ýol kolhozyň sygyr ýatagyna barar, köne guýyň gapdaly bilen geçip oba girer. Eliňde aksaply, nämeden ýaýdanýaň? Her neneň gopbamsyrasa-da, dile gelýän söz bilen kükreginde urýan ýüreginiň gürsüldisiniň sazlaşmaýandygyny aňýar Öňde garalyp ýatan obanyň özüne duşmandygyna ymykly ynanaýypdyr öýdýän. Itiň sesini eşidende sygyr ýataga ýetendigini duýup galdy. Asyl köpekler ýetip gelýär. Şo barmana-da dünýäni sarsdyryp tüpeň atyldy, ok şowlap depeden geçdi. Bularyň-a gara çyny. Aşyr kirşenli ýol bilen yza ýazzyny berdi. Obanyň itlerem ala-galmagal, bary onuň söbügine düşene döndi. Keseden gelýänler siziň obaňyzda it köp diýip zeýrenerdiler, gaçyp barýarka olaryň mamladygyny ykrar etdi. Ýene jeňňele urup başyny gutarmasa bolmaz, köpekler galarly däl, hasyrdaşyp ýetip gelýäler. Hyşalyga özüni urdy, gyýaklar ýüzüni dalady. Depesindäki güsürdi badyny almady, sülgün bar eken-ow, bu jeňňelde gaplaňa duşmasaň kaýyl bolaýgyn. Iň ýamany, dyzlaryna, buduna tiken batdy, gyzganyň tikenidir, awusy üýtgeşik. Boş aýmança ýetip sägindi. Jeňňele girmäge itlerem ýürek etmedik borly, sesleri barha daşlaşdy. Jahan ýagtylyp ugrandan ters öwrülip, günorta golaý çatmany tapdy. Gijeki iýmedik çöregi agzyna bal bolup degdi. Ir ikindin gümmez tarapdan bukdaklaşyp Kerimberdi bilen inisi geldi. Olar çaý-nahar getiripdirler, saçak ýazyp özlerem iýmäge oturdylar. Işdäleri alyp iýmeýänleri belli, Aşyry ýekesiretmejek bolup edip oturan oýunlary. Kyýas oňly ýüzüni galdyranok, öýkelidigi bildirip dur. Aşyr düşüp ýören ýagdaýy üçin inisinden utanýardy. — Ejem ganymatmy? — diýdi. — Ganymatlaşar-da... — Gijeki tark-turkdan soň teý ýatybilmedim, ynjalman daş çyksam, sygyr perma gelýä, Mömmäni güm edip aýyrmasaň boljakgäl, it üýrse jeňňel tarapa pagladyp atyp ýatyr deýýus diýdi. Ogry geldi diýýämiş. Beňini azaltsyn diýdim. Meýdanda ýatan adam horan bolar, haýdaber sen. — Kerimberdi sowan palawyň etlerini Aşyryň öňüne süýşürdi. — Ogra diýilse-de, başlygyň adamlarynyň şübhesi başga. Sen oba aralaşanyňy aňypdyrlar, ysyrganyşyp ýörler. Üçünji klasda gyzjagazym okaýa, düýn mugallymy öýňüze kim geldi diýip sorapdyr. Obada bolsaň bize görünjegiň belli, şony bilýäler, belediň işi bi. Demlerinden duşüşsinler, biraz gaýrat et. Inisi: — Ejeme görunmän gitseň-ä bolmaz — diýdi. — Geleniňi garra aýtma diýdim, dogram-da, nämä gerek artykmaç ezýet. Äý, hudaýa şükür, janyň sag, ýat-aý allany çagyr-da. Gaçgaklaram özümiz ýaly adamdyr, şolar-a ýyllabam jeňňelde ýaşapdyrlar. — Güýmenere bir zat getiriň, gazet bormy, žurnal bormy. Ertesi Kerimberdi bir küt gazeti getirip taşlady. — Oba paýlaman bärik getiräýipsiň-le? — Gazet okaýan ýok indi, Aşyr jan, okaýyn diýende-de okara zat ýok. Telewizor görkezip durka, okamak nämä gerek? Millet telewizora seredýär, gazetiň gutardy. Haýsy gazeti alýaň diýip sora, köpüsi aýdybam bilmez. Ýokardan görkezme gelýä: pylan gazete pylança ýazylmaly, bugaltir düzedýä goýberýä. Aşyryň işleýän gazetiniň soňky sanynda onuň işden boşadylandygy barada redaksiýanyň habary berlipdir. Ol şahsy bähbidini jemgyýetiň bähbidinden ýokarda goýany zerarly, sowet žurnalistine gelişmejek etmişlere ýüz urupdyr, tejribeli ýolbaşçy Nurly Poladowyň üstüne nädogry hüjüm edipdir, sowet metbugatynyň ahlak normasyny pese gaçyrmaga çalşypdyr. Beýle aýyplamalardan soň Aşyr jeňňelde oturanyny geňlemedi. Işden kowlanymy bilseler, köşeşerler, menden el çekerler diýdi. Ejesini görmäge maý bolsa, bu taýda bir minut durjak däl, Aşgabada gaýtjak. Bi jeňňel žurnalistiň söweşjek ýeri däl. Ýagyň daşyndan içi aman. Kerimberdi oňly habar bilen gelenok. Nurly Polat: Aşyryň işden kowulmagy, bi hökümetiň beren jezasy, indi gezek biziňki diýipdir. Ýere girenem bolsa tapmaly diýip perman beripdir. Bir hepdede Aşyryň sakgaly esli ösdi. Tä ejemi görüp Aşgabada gaýdýançam syrjagam däl diýdi. Ol muny kimedir birine gahar edeni üçin diýenok-da, ýekelikde geçiren pursatlary onda rewolýusionerlere mahsus tutanýerliligi oýarypdy. Durnukly bolmak isleýän adam ýalňyzlygyň mekdebini geçmeli ekeni. Şu babatda ol Gümmezli öwlüýäň jeňňeline minnetlar boldy. Asyl öwrenişseň muň içinde gorkuňç zadam ýok-laý. Şagallar bilen arasy barha golaýlaşýar. Olar öňki ýaly çekinip duranoklar, zyňlan sünkleri arkaýyn çeýnäp gidýärler. Birinji Maý güni bir sülgüni taýak bilen urup aldy, keýpi göterildi. Iş edinip ýelegini ütdi, ýöne ot ýakyp awuny bişirip bilmejegine jany ýanýardy. Jeňňelden tüsse göterilse, adamlaryň ünsüni çekjekdigini Kerimberdi çyny bilen düşündiripdi. Gaharyna sülgüniň etini bölekläp şagallara paýlady. «Gurt arkasyndan guş doýmuş», baýramçylygyň hezilini şagallar gördi. Şundan soň-a olar Aşyrdan birjik çekinmediler, töwerege aýlanmaga tursa-da, senkildeşip yzynda. Gijelerine-de edil gapdalynda durup uwlaýarlar. Olaryň sesindäki manyny aňjak bolup, Aşyr ähli ünsüni jemläp diň salýardy, halys ýadap, duýman otyrka uka gidýärdi. On bäş gün diýlende, başga alaç tapman, magnitofon getirdiler, ejeňe sesiňi eşitdirmesek boljak däl diýdiler. Oba juda ýakymsyz gürrüňler ýaýraýandyr, ýogsa beýle aýgytly ädime ýüz urulmazdy. «Söz tapmasaň, eje, salawmaleýkim diý welin, bir zat diý. Aýatda diriligiňi bilse, o pakyryň bagry ýerden galýa, ýöremäge ýagdaýy bolan dessine jeňňele getireris, birki gün ýanyňda bolar, onsoň Aşgabada, hala, ýeke git, hala, onam alyp git, keýpiň kelläňde. Häzir welin, jeňňelde ýatanyňy duýmasyn, öýüňdedir öýtsün» diýdiler. Aşyr tolgundy, gyssagarada ýaraşykly zat edip bilmejekdigini bildi. Ejesiniň ruhuny göteräýjek ýyly sözler tapmalydy, bi-de döredijiligiň bir görnüşi, döredijilik ýekeligi küýseýär. Magnitofony alyp galdy. Ýeke galandan son köp oýlandy. Aýtjak sözlerinde gynanç ýa-da hesret äheňi duýulmaly däl. Onuň merdem sesi syrkaw garrynyň ýüregine teselli bermeli. Ogly hesret çekýändir öýtmesin. Hesret çekemmogam-da diýip, Aşyr garaňky jeňňeli ynandyrjak bolýan şekilde petekesini gaýşartdy. Jeňňel tukat ümsümlik bilen jogap berdi. Ol tukatlykdan many agtardy: gapdalyňdaky obaňa baryp bileňok, bi abaýtoşlygyň näme diýsene! Eje, sen diýip, men bimöçber kemsidilmä döz gelip oturandyryn, ýogsam bolmasa, şu dem ýanyňa barjag-a! Ýetmänkäm ganym eline düşsem, o derdi çekmek saňa başartmaz. Garaz, ahyry sözüni jemläp lenta ýazaýyn diýende, şagallar uwlap badyny aldy. Şagalyň sesi düşse, onuň öýden gürleýändigine garrynyň ynanmajagy açyk, şäherde şagal uwlamaýandygyny bisowadam bolsa bilýändir. Ýarygijä çenli garaşdy. Şagallar sem boldy diýse, ýagyş başlady. Depesindäki brezentiň üsti deprek kakylýan ýaly alatapyrdy. Gün doganda ýagyş diňdi. Ukudan ýaňa gabaklary bürlüp barýanam bolsa, sesini ýazmasa garaşara ýagdaý ýok, häzir geljekler, kişiň magnitofony, bir günlük diläp aldyk diýdiler. Ýadawlygyny duýdurmajak bolup, sesine bat berdi: “Eje, salawmaleýkim! Men başy bitin, syna sagat gezip ýörün. Menden ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun, eje. Biraz elim boşaşsa, özüm ýörite baryp seni alyp gaýtjak. Ökde doktorlara görkezerin, tut ýaly bolar gidersiň. Tanyş-bilşe, dogan-garyndaşa bizden köp salam aýt”. Gündiz magnitofony alyp giden Kerimberdi agşam ony dolap getirdi. — Kyýas ejeň sesini ýazypdyr. Garrynyň mejalsyzam bolsa, ýakymly sesi eşidildi: «Jan oglum, sesiňi eşitdim, başyň dikligini bildim, hudaýa ýüz müň şükür, balam. Ýanymda oturan ýaly bolaýdyň. Biraz eglen entek, bi ot almyş obada görünme häzir. Birgiden akdaban saňa tanrygargan diýýä, taňrygargan bolup görünýän şo akdabanlaň gözüne sen. Hudaýym, saňa zulum eden baýnamaz. Ýola ýararça bolsam, özüm bararyn. Kyýas jan eltip gaýdar. Çagajyklaňňam göresim gelip gitdi... Aýtdym-da, bolandyr-la şü... wiý-ý, duraweri... sag-salamat bol, oglum, saglykda görşeli, hudaýym.» Garrynyn sesi ýitenden son jeňňeliň tukatlygy artdy. Kerimberdi başyny galdyrman oturan Aşyra göwünlik berdi: — Hapa bolma, adamyň başynda durýan zat ýokdur, geçer bi günlerem. Aşyr hamsykdy. — Geçmän geçsin! Meni gowrup iýäýsinler, tur, gitdik. Bäş ädimde ýatan ejemi görüp bilmejek bolsam... — Dur, how, dur. — Durman! Kerimberdi haýdap barýan Aşyra ýapyşdy. — Bolşun nähili, çaga ýaly-la sen... dur-a! Ejeň başyna ýetjeg-ow sen-ä... Garrynyň dünýesi giňäýdi diýýä, indi galar. Sen gaýdyber. — Ejemi görmän gitmen! — Şulаr bir zаt аňan ýаly-la. Мüjеwiri çаgyryp, dеl-dül аdam gözüňе ildigi hаbar еt diýliрdir. Мilisiýаň уsgаw itini gеtirmedеnem gаýtmaz şulаr. — Кyýas tüрeň gеtirsin. — Кyýasa-da аňsat däl, nеressäni kоwdular işindеn. Aşyra atam möwritinden galan ýekenil tüpeň getirip berdiler, gulagy poslap giden tüpeň, haçan ok atylany belli däl. Eliňde tüpeň bolsa, ýüregiň suwly bolýar. Ol indi çekinmän jeňňeliň juda gür ýerlerine-de aralaşýardy. Afrikanyň jeňňellerem bolup bilse şuň ýalydyr. Gümmezli öwlüýä öz çöpüni goraýarmyş, bir adam bir şahany döwse, betbagtlyk başyndan inýärmiş diýen howpdan gaýra bu jeňňeliň gorawçysy ýok. Urşuň agyr ýyllary odunsyz doňup galynsa-da öwlüýäň agajyny ýakaly diýmändirler. Öseni ösüp, gurany gurap ýatyr. Tilki, şagal her ädimde duşýar, sülgünler adamdan çekinmelidir öýdenoklar. Gaçgaklar, galtamanlaram bu taýda tüpeň atmaga gorkupdyrlar. Golaý-goltumdaky obalar ölenlerini Gümmezlide jaýlaýarlar. Mazarçylyk jeňňeliň töwereginde. Köne mazarystanlygy jeňňel basypdyr diýýärler, bu öwlüýäniň telim asyr taryhy bar. Aşyryň kakasam, iki doganam şu öwlüýäde. Olaryň mazaryny bilýän ýok, pylan ýerde bolaýmasyn diýip çak urýarlar. Olar Aşyr çagaka dünýäden ötüpdirler. Mazaryňyzy basgylap ýören bolsam günämi ötersiňiz-dä diýip, Aşyr öten-geçenlerine ýüzlenip, monolog aýtmakçy boldy, başarmady, bokurdagy doldy, gözüne ýaş indi. Ol sakgala çydasa-da endamyndaky kire çydamady. Rewolýusionerlerem ýagdaý bolan mahaly ýuwnupdyrlar diýdi. Ýigriminji gün öýlän, howa gyzanda, çola ýeri peýläp, ýabyň boýuna bardy. Günüň çogy artanam bolsa, entek suw ýylamandyr. Ýuwnup mazasy bolmady. Suwdan çykyp geýimine el uzatmanka gowaçaly kartanyň gyrasyndan wazlap gelýän ýük maşyna gözi düşdi. Üsti gyzdan doly, hemmesiniňem başy ak ýaglyk bilen oralan. Aşyr eşigini geýmäge ýetişmejegini bildi, balak-köýnegini, tüpeňi goltugyna gysyp, çuw ýalaňaçlygyna özüni jeňňele urdy. Arman, gyzlar gördi-dä, gözleri çykmyşlar. Galmagal, şagalaň, gülki, gywda-gyw... Bu seslerden ara açmak üçin Aşyr esli meýdan ylgamaly boldy. Endam-jany gyýym-gyýym, çyrşak. Ekinçi, gaçak sygryň boýnundan asylan kesmek ýaly, ylganda tüpeňiň gundagy iki dyzyny halys ýenjipdir, dyzçanagy owranmadyk bolsa-da biri, endamy sowadygyça agyrysy artyp barýar. Jeňňelde sakgally, ýalanaç adam bar, özem tüpenli diýen gürrün şol gün oba ýaýrapdyr. Bu habary Kerimberdi getirdi. Ol: — Bi jeňňeliň saňa penasy gutardy — diýdi. Gürrüň çykan dessine Hezretiň aýaly Oguljemal Nurly Poladyn ýanyna eňipdir, şo gaçgak meň ärimdir, tutup berin diýip eňräp otyr diýdiler. Bir mahal ony jeňňele özi kowan ýaly. Hezret-ä tanamaly sen? — Tanamok, ýadyma düşenok. — O nähili ýadyňa düşenog-aý? Elli ikide basjak bolanlarynda gaçyp, ýitirim bolup gitmedimi? Prontda o tarapa ýesir düşüpdir diýilýäni meň-ä ýadymda. — Men Hezret däldigimi sen bilýäň-ä! — Men bilemde näme, Oguljemal bilenok, seni äridir öýdýä. Bilýäňmi, Nurly Poladyň diýen sözüni? O gaçgagyň kimdigini men aňjak bolýan diýip ýylgyryp otyr diýdiler. Obaň ýüzi bärik öwrüldi, bize-de gelmek aňsat düşmez, gowusy, sen gaýt, ejeň ganymat. — Ejemi görmän gitmen! — Ejeňi görere ýagdaý ýok, how! Öten gije sygyr ýatagyň ýanynda uçastkowoýyň özi durdy, sapançasam bilinde. Seň ýanyňa her gelemde azyndan bir kilo horlanýan. Abraýyň barka gaýt häzir. Bi gije näm boljagyny bilemok. — Ejemi görmän gitmen, gitjek däl! Aşyr tüssä demigip oýandy. Töweregi şatyrdy, jeňňel dowzah ýaly ýanýardy. Ajy tüsse, gyzgyn howa başyny aýlady. Golaýdan adam sesleri eşidilýä. «Meni gabapdyrlar» diýen pikir bada-bat kellesiie urdy. Ýalnyň ugry gündogardan günbatara tarap. Ondan gutuljak bolsaň günbatara gaçmaly. Adam seslerem şol tarapdan gelýär. Ýa ýanmaly, ýa-da ele düşmeli. Jeňňeli Nurly Poladyň otlanyna şübhe galmady. Ol adamyň ýüregindäki rehimsizlige Aşyr haýran galdy. Aşyry ele salmak üçin il-günüň mukaddes saýyp ýören öwlüýäsine ot berýär! Makalany ýazmak bilen neneňsi hatarly ýola baş uranyny Aşyr öň gereginçe göz öňüne getirmän ekeni. Howpuň hakyky manysyna, wehimine şu pursat düşünip galdy. Ol ajalyň juda golaýdadygyna ynandy. Bu pikirler ýalyndan sowlup günbatara barýarka serinden geçdi. Raýon merkezi bilen otly ýol stansiýasyny birleşdirýän daş ýol öňdedi, häzir başarsaň şo ýola çykmaly. Adam sesleri onuň öňüni baglady, olar oda tarap gelýärler. — Hezret-u, Hezret... Ýandyňmy sen, bişdiňmi sen... — Bu ses Hezretiň aýaly Oguljemalyň sesi. Aşyr Oguljemala belet. Onuň ýeke gyzyna obanyň jahyllarynyň aşyk bolmadygy ýokdur, ejesi ýaly gyzam owadandy. Gyzy Aşyra ýetmedi, indi ejesi ot-ýalnyň içinde ony gözläp ýör. — Hezret-u!.. Ahyr ýaşda-da binesip galjak-la men... Bi çaka neneň çydadyň sen bi dowzahda... Maslygyny bir çykaryň, maslygy ýanmasyn, agaňyzy öz eliňiz bilen jaýlajak dälmi siz... Gy-yt, Hezret-u... gulagyňa garakeçe dykdylarmy... Ömrümi kül etdiň-le sen!.. Sesler barha golaýlady. Aşyr yzyna düşüp gelýän tilkileri, şagallary tanady. Tüýs haýwanlygyny etdiler-dä, adam adamdan eşret görýärmi, siz adamdan hantama. Pytraň, başynyzy gutaryň! Men halasgär däl size!.. Ol haýwanlara haýbat atýar, janawarlar düşünenok. — Hezret bärde, bärde... Hezret-u, dur, kellesn kesilmedik... Haýwana dönüpdir, gy-yt!.. Ýetiň-u... Hernä, Oguljemal ýapyşmanka Aşyr ondan ara açdy. Yzynyň şagal tilkisi bilen mazarystanlygyň düzüne çykyp, daş ýola tarap tutdurdy. Birgiden adam ony kowdy, yzyndan gelýäni haýsy, gapdaldan kowýany haýsy... Iki jahyl ýola ýetirmän ony bagyrdadyp basdy. Aşyr ýatan ýerinden jabjyndy. — Gözüniz ýokmy, serediň, men Aşyr-a, Hezret däl-ä. Hernä olaryň biri Aşyry tanaýdy, bendäm bendäme sebäp diýleni boldy. Aşyryň ýagdaýyndan habarly ýigit ekeni. Ol ýoluň gyrasynda duran «Žiguli» maşyna salyp, Aşyry Nurly Poladyň adamlaryndan alyp gaçyp barýarka, gaz ugrundan inžener bolup işleýändigini, kämahal gazetlere habar ýazýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Aşyr öz ýanyndan bir sözde halasgärine baha berdi: Akmak! Bäş ýyldan soň Nurly Polat öz arzasy bilen başlyklykdan gitdi. Ýaranokmyş diýdiler, diýleni ýalana çykarmanam bir ýyl geçip-geçmän dünýäden ötdi. Şundan soň Aşyr obasyna gezelenje geldi. Soňky üç ýyl ýene gazetde işläp ýördi. Makala ýazýan adamlara öwüt berende: — Öz obaňyz hakynda ýaman söz ýazmak gelşiksizdir — diýerdi. 1989 ý. Ilýustrasiýa: Mahmud Eşonkulowyñ "Žurnalist" karikaturasy. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |