19:50 Täze apparat / satiriki hekaýa | |
TÄZE APPARAT
Satiriki hekaýalar
Aýakgap fabriginiň direktory Nury aga telefon trubkasyna el ýetirdi. — Allo, oýlap tapyjylyk boýunça inženerimiz Kyýas Durdýewiç gerekdi — diýip, ol sözüne dyngy berdi. — Kyýas, özüňizmi?! Hä näme? Menmi? Menem tanaňokmy?! Gäbiň azypdyr-ow seniň. Men Nury Geldiýewiç. Öz direktoryňam unudypsyňow sen. Oýlap tapýan ugurly rasionalizatorçylyk täzeligiňizem ýok-da. Onsoň gaçgynyňyz direktor siziň, men saňa zat oýlap tap diýjek däl — diýip, Nury aga telefon trubkasyny beýleki gulagyna geçirdi. Direktoryň ýek ýigrendigi täze teklipdi. Ol oýlap tapýanlara garşydy. Plan dolsa göwni hoşdy. — Hany, häziriň özünde meniň ýanyma gel bakaly. Ol okumyş bidöwlet biziň aýagymyzdan ýene arz edipdir. Gel, şonuň sesine suw guýmagyň maslahatyny edeli. Ol bizi öz günümize goýjak däl-ow. Haý, däli tentek diýsänim — diýip, Nury aga käýindi. Telefon trubkasyny şakyrdadyp goýdy. Kyýas Durdyýewiç geldi. — Nury aga, görýän weli, şol saňsaryň täze oýlap tapan zadyny önümçilige ornaşdyraýmasak bize gün ýokdur. Gel, şony ornaşdyraly. Ýogsam biz ýürek agyryly bolýas. — Bu kyn mesele, Kyýas han. Plany, borçnamany daş ýany bilen dolup durus. Aýakgaplarymyz ýokary sortdan diýen möhür bilen gidip dur. Eger ol däliň ýasan apparatyny konweýerde oturtsak tikýän köwüşlerimiziň ählisini ol apparat kerçäp beýläk oklar durar. Baý, tamdyr towy köpeler-ä. Onsoň hil nyşany diýen möhri hywa tarapyňa basjakmyň? — diýip, Nury aganyň gahary geldi. Aýakgap fabriginiň ýönekeý işçisi Mämi täze bir apparat oýlap tapypdyr. Ol brak, harsal önümi, çapym-çapym edip beýläk oklap dur. Apparatyň hiç zada nebsi agyranok. Göwün görenok. Planyňy, borçnamaňy, hatda baýragyňy, baýdagyňy hem bilenok. — Baý, zalymda kelle bar-ow. Gije-gündiz okaýar-eý ol. Arada arakesme wagty daşary ýurt dilinde çykan bir tehniki žurnaly okap otyr. Özem iňlis dilinde ýazylypdyr. Mämiň ýasan apparatynyň pyçagy edil Isgender Zülkarneýniň gylyjy ýaly, zatdan gaýtjak däl-eý ol — diýip, Nury aga uludan demini aldy. — Nebir köwüşleri kerçäp oklaýar. Eger-eger, nebsi agyranok. Göroglyň dembermezi bol-a! Öňki agşam şol äteňet, näletsiňen düýşüme giripdir. Çingizhan bolup üstüme eňýär. Gygyryp galdym. Tas aýalymyň ýüregi ýarylypdy. Janhowuljyma başym ýorganly eňipdirin. Şifoneri kül etdim — diýip, direktor derman içdi. — Kyýas han, her edip, hesip edip şol tentegiň apparatyny konweýerde oturtdyrmaly däl. Biz basym hojalyk hasaplaşygyna geçmeli. — Nury aga, täze teklipleri önümçilige ornaşdyrmakda el işlerini mehanizmleşdirmekde biziň aýakgap fabrigimiz tutuş soýuz boýunça aýakda. — Jähennem. Plan dolýas, hil meselesinde-de ugur tapýas, besdir. Gyzaryp öňe çykma, garalyp yza galma. Täze teklibiň ýarasy ýeňil. Ony kabul etmänsiňiz diýip käýinç bererler. Eger plany dolmasak bizi bu ýerde oturtmazlar. Dagy bolmasa partiýa mekdebine okuwa ibererler. Şeýdibem geleňsoň öňki wezipäňi bermezler. Onsoň hol Lahuti köçesiniň ugrundaky edaradan iş soraber. — Direktor, söwda guramalary aýakgabyňyz geçenok bahanasy bilen biziň önümimizi indi almajak bolýarlar. — Olaram, görýän weli, nalajedeýin-ow. Owadanlyk konkursynda «Aşgabat perisi» diýen baýraga mynasyp bolan gözellere köwüş satdyrmaly ahyry. — Wah, şol gyzlara aýda bir müň manat aýlyk berseňem biziň köwüşlerimizi satmaýarlar. — Men milisiýa bilen, onsoňam «Söweşjeň postda» gazetiniň redaksiýasy bilen gürleşerin. Hamana gije talaňçylar geçip barýanlaryň aýagyndan köwşüni çykaryp alanmyş. Olam biziň fabrigiň önümimiş. Oňat reklama bolýar. — Il ynanmaz, gülki bolarys, ýoldaş direktor. — Kyýas, näumyt bolma. Öň her ýylda bir ýangyn guraýardyk. Indi iki ýangyn planlaşdyrys. Ýöne sen şol äteňediň täze näletsiňen apparatyny sandan çykar. Işlemez ýaly et. Şol wagt telefon jyňňyrdady. — Hawa, men, Nury Gullyýew. Şeýle, diýip Nury aga zöwwe ýerinden turdy. — Salam, ýoldaş ministr! Hä, hawa. Habarym bar. Mämiň apparatyny häzir oturdyp ýörler. Oňa baýragam belledik. Ýaponiýa iki ýyllyk okuwa iberjek ony. Zehinli oglan. Direktor ministr bilen mylaýym gürleşdi, kiçelip trubka giräýjek boldy. — Ýaňyja sehden geldim — diýip çypdyrdy. Epeý adam ýalan sözlese gelşiksiz bolýan ekeni. — Synag edip gördük. Gowy apparat. Mämä jaýam berjek. Onuň ýasan apparaty konweýerde süýşüp gelýän brak köwüş golaýyna geldigi tirte garaýmaly palaja dönderýär. Paçak dogratsaň ol apparata. Aýagyňdaky köwşüňe hyýal edýär. Öz aýakgabymyzy geýmeýänimiz gowy zat. Hä?! Gelip görjek diýdiňizmi?! Geliň-geliň, ýoldaş ministr! Garaşýas. Öýlän üçde?! Nury aga telefon trubkasyny wawaly ýaly emaý bilen ýerinde goýup derini süpürdi. Hopugyp iki egninden demini aldy. Telefon trubkasynyň ýerbe-ýerdigini eli bilen anyklap soňra şeýle diýdi: — Kyýas han, ýaňky äteňet apparat tüýs içýakgyç birzat-laý ol. Daşary ýurduň import köwşi ýanyndan geçende edil uly gyz ýaly sülmüräp dur. Näden biziň şu fabrigiň paşmagy deňine ýeteninde guduz açaýar-aý. Edil gan algysy bar ýaly. Çyrajyklary ýanyp-sönüp, «gözleri» gyzaryberýär. Ministr üçde geljekdir. Tizden şol apparaty oturt. Öňünden işledip görüň. Köwşüň içine berkräk demir sokup apparaty zaýalap, sandan çykaryp bolmazmyka?! — Bolanok, Nury aga. Onam edip gördük. Ýaňky kesýän pyçagyny Mämi latundanmy ýa başga bir metaldanmy ýasapdyr. Ýüzüne kosmos korablynyň howa kesýän burny ýasalýan örän berk materialyndan pyçak berkidilipdir öýdýän. Ol zähmet rugsadynda Moskwada bir aý bolup, apparaty şol ýerde ýasadyp geldi ahyry. — Näme üçin oňa profsoýuz Gara deňzine putýowka beräýmändir. — Nury aga, oň ýaly ýeseri kaşolotam iýenok. Patentini hiç kime satmandyr. «Öz mähriban kärhanamda oturtdyrjak diýipdir». Oňa daşary ýurtlaram hyrydar. — Öwf! Kyýas han, maňa bir stakan suw getirip ber. Hälki dilimiň aşagynda atan tabletkam şol gurulygyna eremän duran bolsa nätjek. Agzym edil itgyrlanyň çöli ýaly. Haý, Kyýas han, gowşak daraşýaň-ow. Ol näleti apparatyň pyçagy latundan bolsa, sen onuň agzyna tankyň bronyndan el ýalysyny beräýmel-ä. — Nury aga, bu zatlar agyzda aňsat. Ol okumyş bidöwlet apparatynyň ýanyndan ýekeje minutam aýrylmasa nätjek. Ol aragam içenok. Beňem çekenok. Arada ony birine çagyrtdyrdym. Pursatdan peýdalanyp... Şol wagt fabrigiň garawuly Akmyrat aga kürsäp içerik girdi. — Nury, men geçen anna güni çaý içýän çoýun gara kündügimi ýitiripdim. Sorag-ideg edip, yz çalyp şu käbinete geldim. Ynha, özem dur. Inženeriň Kyýas ogurlapdyr. Ynha-da bölekleri. On altynjy ýylda atam päleçilige gidende Reseýden getiripdi. Edil Hezreti Alynyň zülpükary çapan ýaly. Çoýun kündük dyr-pytrak bolaýmaly ýaly weli, örän ýiti zat kesipdir öýdýän. Men çaý içmeli. Kelläm agyrýar. Kündügiň böleklerini alyň-da, maňa täze kündük beriň. — Akmyrat aga, häzir ýeriňe bar. Özüm gürleşerin. Ýaşuly kabinetden çykyp gidenden soň Nury aga çep döşüni tutup: — Kyýas han, öz günüňi özüň gör. Men-ä häzir «Tiz kömege» özüm telefon edip keselhana gidýän. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |