01:33 Täze türkmen milleti | |
TÄZE TÜRKMEN MILLETI
Edebi makalalar
«Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýen pähimi türkmen birmahal biziň şu günki millete öwrülen bagtyýar günümiz, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy üçin döredäýen ýaly bolup dur. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döredilmegi türkmen halkynyň taryhy ykbalynyň bagt gapysyny açdy. Munuň özi türkmen milletiniň gutarnykly kemala gelendiginiň taryhy aktydyr. Çünki milli döwlet milletiň barlygynyň, onuň howaýy ideýa ýa süýji arzuwlar däl-de, real faktordygynyň ýeke-täk subutnamasydyr. Millet diňe milli döwletiň barlygynda emele gelýän formadyr. Şonuň bilenem ol başga bir etniki hadysadan – halkyýetden tapawutlanýar. Çünki halkyýet özüniň degerli döwlet-syýasy amalyny hem şekilini, formasyny edinip bilmedik, şol sebäpdenem taryhy perspektiwasy näbelli etniki umumylykdyr. Beýle diýildigi onuň geljegi näbelli – ýitip gitmegem mümkin, ýitmezligem mümkin diýildigidir. Ýitip gitmezligiň ýeke-täk alajy hem mümkinçiligi – millete öwrülip bilmek, millete öwrülip bilmek bolsa özbaşyna döwlet edinip bilmek diýmegi aňladýar. Bu günki gün türkmeniň beýik serdar ogly Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň hem dünýäniň öňündäki hyzmatlaryny dürlüçe beýan etmek mümkin. Halkyň – alymlaryň, şahyrlaryň, syýasatçylaryň, ýönekeý adamlaryň berýän bahalarynyň dogrudygyny aýtmak gerek. Olar bu beýik şahsyýetiň taryhy hyzmatlaryna dürli nukdaýnazarlardan, dürli babatlarda, hersi özleriniň bilim-sowat derejelerine, gözýetiminiň ýetişine görä baha berýärler. Ýöne islendik, aýdaly, binanyň gabarasynyň, beýikliginiň hem akylyňy haýran edijiliginiň näçe uzakdan seretseň, şonça-da has gowy görnüşi ýaly, tokaýdaky iň uzyn agajyň tokaýyň içinde durkaň däl-de, onuň daşyndan, uzagrakdan garanyňda belli bolşy ýaly, iň belent dag gerşiniň alyslardan magallaklap görnüşi ýaly, ýyldyzlaryň iň güýçli şugla saçýanynyň has daşda-da belli bolşy ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy hyzmatyna, onuň gudratyna soňky sekiz ýüzýyllyk döwre birden, umumy nazar salanyňda düşünip galýarsyň. Ol umumy, taryhy nazar şeýle diýýär: Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkyny türkmen milletine öwürdi. Çünki ol şeýle öwrülişigiň serişdesini – türkmen milli döwletini amal etdi. Islendik hadysanyň, şol sanda taryhy hadysanyň reallygynyň, çynlygynyň kepili ony amal etmegiň serişdesi tapylansoň ýüze çykýar. Maksat, serişde hem amal. Türkmenbaşynyň taryhy hyzmatlary hem gudraty hakynda aýdanyňda, ýokarky üç sany tüýs türkmençe filosofiki kategoriýalar aňyňa gelýär. Maksat – milli döwletli bolmak islegi, arzuwy XX asyryň 90-njy ýyllaryna çenli diňe potensial mümkinçilikleriň derejesinde galýardy. Türkmenbaşy tarapyndan taryhy serişdäniň, ägirt uly syýasy erkiň tapylmak mümkinçiligi amala aşyryldy. Türkmeniň söwer ogly tarapyndan amal edilen bu taryhy aktyň düýp manysyny üç hili nukdaýnazardan häsiýetlendirmek mümkin. Paýhas-filosofiki nukdaýnazardan, Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen üçin mundan beýläkki taryhy ýaşaýşyň täze formasyny açyp berdi. Dünýädäki islendik zat ýa-da düşünje özüne mahsus forma eýe bolandan soň reallyga geçýär. Hudaýyň «Ýaradan» adynyň onuň esasy adydygyny biz bilýäris. Biribaryň «Ýaradan» ady onuň haýsy hereketi bilen baglanyşykly?! Ýaratmak – zatlary potensial mümkinçilikden real barlyga geçirmekdir. Ýer, dag, ýyldyz, baglar, haýwanlar, suwlar, adamlar – hemmesiniň döremegi – olaryň özüne mahsus forma girmegidir. Türkmen döwleti täze türkmen milletiniň Türkmenbaşy tarapyndan berlen taryhy ýaşaýyş formasydyr. Biziň hemmämiz Türkmenbaşynyň guran fiziki binalaryny görüp bilýäris. Edil şonuň ýaly, onuň paýhasy bilen gurlan has uly, mizemez, ýöne fiziki göze görünmeýän ideal binany – Garaşsyz hem Bitarap döwleti görmäni-de başarmalydyrys. Munuň üçin bolsa adaty gözler bilen birlikde paýhas gözlerini, ýa-da Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, jan gözüni-de edinmek gerek. Şol ideal binany görüp, iň paýhasly, iň inçeden pikirlenýän adamlaram: – Aperin saňa, mygmar! – Aperin, saňa, binaçy! – diýip, haýran hem minnetdar bolarlar. Çünki Türkmenbaşy mygmardyr – binalary taslaýjydyr. Bu onuň taslaýjylyk, göz öňüne tutujylyk teoretiki sypatlarynyň beýikligini görkezer. Çünki Türkmenbaşy beýik binaçydyr – taslamalary amal edijidir, pikiri işe öwrüjidir. Bu onuň praktiki sypatlarynyň beýikdigini saňa aýan eder. Döwletlilik – syýasy nukdaýnazardan, Saparmyrat Türkmenbaşy türkmene öz içki ýaşaýşyny gurnamagyň serişdelerini hem guramalaryny berdi. Garaşsyz Türkmenistan jar edilenden soňky, döwlet gurluşygy babatda edilen işleri gözden geçiriň. Sanlyja ýylyň dowamynda täze häkimiýet hem hökümet organlaryny taslamak, amal etmek hem işe girizmek, içki hem daşky syýasatyň esasy ýörelgelerini aýdyň etmek – şeýle depginli, çakgan, taktiki hem strategik taýdan ýeke ýalňyşsyz hereket etmek – bu zatlara içki taýýarlykly şahsyýetiň ýok ýerinde asla mümkin däl ekeni diýersiň. Çünki, dogrudanam, Türkmenbaşy bu hili syýasy işe, syýasy garaşsyzlygy amal etmek işine ruhy hem taryhy taýdan baryp öňden taýýarlykly şahsyýet eken. Ine, şu ýerde-de, eziz watandaş, Saparmyrat Nyýazowyň nädip Saparmyrat Türkmenbaşy bolandygyna aýdyň göz ýetirersiň hem biziň oňa näme üçin «Türkmenbaşy» diýýändigimize akyl ýetirersiň, çünki: türkmeniň köp asyrlyk syýasy hem akyl paýhasy Saparmyrat Nyýazowda jemlenipdi; Saparmyrat Nyýazow türkmeniň ýaşaýşyny täzeden gurmak işiniň başynda durupdy; Saparmyrat Nyýazow täze türkmen milletiniň hem döwletiniň baştutany bolupdy. Taryhy ösüşiň häzirki pursatynda «täze türkmen milleti» diýip gürrüň etmek has maksadalaýykdyr. Taryhy geçmişe ýüzlenenimizde, türkmeniň millet hökmünde dörän wagtynyň düýn ýa şu gün däldigine göz ýetirýäris. Ýöne bu milletiň taryhy ykballary şeýlebir çylşyrymly bolupdyr, onuň ýaşaýşynda diňe bir ilerlemeler, öňe gitmeler däl-de, eýsem yza gaýtmalar, gaýtgynlar hem köp bolupdyr. Wulgar-marksis-tik, ýöntem garaýyşlardan saplansak, türkmeniň ykbalyndaky şol daşgynly-gaýtgynly dialektika, milletiň ösüşine oňat düşünip bileris. Marksizm taryhy gaýtgynsyz, diňe ýokary galyp barýan birtaraplaýyn proses hökmünde göz öňüne getirýär: taýpa döre-ýär, taýpadan halk, halkyýetden millet we ş.m.-ler. Emma real taryh bütinleý ters hadysalaram – ösüş bilen gaýtgynyň gezekleşip gidýän pursatlarynam biziň gözümize dikýär. Türkmeniň ýaşaýşy-da, onuň milli, millilik taryhy-da şeýle ikitaraplaýynlykdan emele gelýän çylşyrymlylyga örän baýdyr. Şuňa esaslanyp, türkmeniň bir gezek millet hökmünde döränsoňam, soňraky taryhda milletiň, birhili, dürli sebäplere görä, ýene-de taýpa, tire formalaryna geçip giden pursatlarynyňam, aýry-aýry taýpalaryň özbaşdak ýaşaýyş formalaryna geçen wagtlarynyňam, gaýtadan ýene millete öwrülmek tendensiýasynyň güýçlenip, ýokarky hetdine ýeten mahallarynyňam bolandygyny aýtmak gerek. Diýmek, bize öz zamanamyz babatda umuman däl-de, hut täze türkmen milleti diýen düşünjäni girizmegimiz zerurlykdyr hem maksadalaýyklykdyr. Şeýlelikde, ruhy-ahlaky nukdaýnazardan, Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň milli-taryhy ömrüne ömür goşdy. Ol türkmeniň ruhy mümkinçilikleriniň hem ahlaky gujurynyň, nebitiň ýeriň astky gatlaklaryndan ýeriň ýüzüne çykyşy deýin, taryhy durmuşyň içki gatlaklaryndan ýokaryk atylyp çykmagyna, ýüzlerçe ýyllap doň halda ýatan milli formalaryň jana gelmegine mümkinçilikler açdy. Beýik Magtymguly Nowruz hakyndaky goşgusynda bijanlaryň jana gelýändigini aýdýar. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň milli ömrüniň täze Nowruzyny getirdi. Şonuň üçinem Türkmenbaşynyň zamany – ýaşaýyş energiýasynyň nazaryndan jana geliş, fiziki hem ruhy diriliş, paýhas energiýasynyň nazaryndan mana geliş, mazmunlaşyş zamanydyr. Bu zaman – göwresi kölge, ruhy sulba bolup galan milletiň garysyna galyş zamanydyr. Bu zaman – howaýy hem galp sowet gitsegelmeziniň salgymly ýollaryna ugradylan türkmeniň özüne geliş zamanydyr. «Her kim gelen ýerine gitmelidir» diýip ýazylypdyr köne kitaplarda. Biz aýdýarys: Her kim giden ýerine gaýdyp gelmelidir! Ýöne taryhy ösüşiň has ýokarky dialektiki derejesinde gaýdyp gelmelidir. Ýokary dialektiki dereje diýmek bolsa täze türkmen milleti, täze türkmen döwleti diýmek ahbetin! «Bar, bar bilen ýok bolar sen, ýiter sen» diýipdir beýik Magtymguly. Biziň zamanymyz – «millet hökmünde ýok, ýok» diýlen türkmeniň bar edilen, bara gelen zamanydyr. «Ýokdan» bar bolan türkmenim! «Ýokdan» bar eden Türkmenbaşy! «Täze türkmen milleti» – munuň özi göwre hem ruh taýdan bitewülikdir. Bu bitewüligiň esasy sypaty bolsa bölünmezlikdir. Çünki indi biziň elimizde bölünmezligiň syýasy kepili, ykdysady esasy hem jemgyýetçilik usuly bolan serişde – türkmen döwleti bar. Ata-babalarymyz serişdesizlikden kösenipdirler. Täze türkmen döwleti milletiň ýaşaýşyna içki syýasy, ykdysady, sosial hem ruhy bitewüligi berýär, şol bir wagtda-da ol daşymyzyň galasydyr, dil hem territorial bitewüligimiziň synmaz binýadydyr. Indi türkmene pese gaýtma-da ýokdur, yza gaýtma-da. Saparmyrat Türkmenbaşynyň iş ýüzünde ýöreden real syýasaty milletiň horlanmajakdygyna, döwletiň synmajakdygyna aňryýany bilen güwä geçýär. Şol güwäniň: syýasy esasy – Garaşsyz, Bitarap, dünýewi, demokratik döwlet; ykdysady esasy – dürli eýeçilikli bazar gatnaşyklary; sosial esasy – taýpalaryň, welaýatlaryň deňligi, adamlaryň deňhukuklylygy hem deň borçlulygy; ruhy esasy – milli medeniýetiň ileri tutulmagy, milletparazlyga, taýpaparazlyga ýol berilmezligi, wyždan, ynanç-ygtykat azatlyklary. Biziň zamanymyz üçin diňe bir millet bilen döwletiň arasyndaky däl, eýsem bitewi türkmen milletini emele getirýän taýpalaryň arasyndaky gatnaşyklar-da häsiýetlidir. «Taýpa» diýmek näme? «Taýpa» diýmek bölek diýmekdir. Biziň döwletimizde tire-taýpa tapawutlary üçin esaslar barha azalyp, milli bitewüligiň ähli esaslary barha köpelip barýar. Milletiň ýüzi – geljege sary, tire-taýpaparazlyk bolsa türkmeniň geçmişidir. Türkmenbaşynyň beýikliginiň ýene bir tarapy – islendik meselede taryhy prosesiň tebigy gidişine şow bermegi ussatlyk bilen başarýanlygydyr. Onuň syýasy garaşsyzlygy almak, jemgyýetiň demokratik institutlaryny döretmek meselesindäki sowukganlylygyny, inçe paýhaslylygyny, aýlawlylygyny diý! Özge ýerlerde kellesi gyzan galp demokratlar, kentawrpisint ýarym demokratlar, ýarymkommunistler milli ýaşaýşy «it eýesini, pişik bikesini tanamaz» ýaly etmedilermi näme?! «Ýaşajyk taýa münüp, bilini omurjakmy» diýipdir Ependi. Häzirki taryhy pursatda «Türkmen» diýilýän bütewi taryhy hadysa bolup, onuň Halk, Watan, Türkmenbaşy diýen sazlaşykly içki bölekleri bar. Üzülmez sazlaşyk Türkmeniň bitewüligini kemala getirýär. Bu beýik bitewi hadysa üç sany söz bilen berilýär. Söz bolsa beýik gudratdyr. «Söz Hudaýdandyr» diýlip ýazylypdyr köne kitaplarda. Üç söz taryhy ýaşaýşyň üç esasy tarapyny görkezýär. Halk – türkmen milleti, Watan – milletiň ýaşaýan tebigy sredasy, Türkmenbaşy – milletiň paýhasynyň, erkiniň hem energiýasynyň bir şahsyýetde jemlenmegidir. «Tagan aýagy üç bolar, biri bolmasa, puç bolar» diýýär türkmen. Şu günüň türkmen milli ideologiýasyny işläp düzmekde onuň taryhy hakydasyny dikeltmegiň möhüm ähmiýeti bar. Halkyň taryhy bolsa, ilki bilen, onuň adyny aýdyňlaşdyrmakdan başlanýar. Bu meselede – taryhyna degişli faktlaryň köpdügi hem köpdürliligi meselesinde türkmeniň paýy aýratyn bolupdyr. Gündogar halklarynyň taryhyny juda oňat bilen akademik W.Bartoldyň ýazyşy ýaly, türkmenleriňki ýaly köp öwrenilen taryh hiç bir halkda ýokdur. Munuň özi hem guwandyryjy, hem köp kynçylyklary dörediji fakt. Çünki türkmenler barada ýazylan zatlar köpdüginden başga-da köpdürli, ýagny bu halkyň gelip çykyşy baradaky ýazylanlar biri-birine gapma-garşy pikirlerdir. Iň bolmanda, «türkmen» sözüniň gelip çykyşyny alyp göreliň. Bu meselede biri-birinden tapawutlanýan, biri-birini inkär edýän birnäçe garaýyşlar bar: a) «Türkmen» sözi türk hem men diýen böleklerden durup, ol «men – türk, men hakyky türkdürin» diýmegi aňladýar. Edil «men» bölegi – man – «adam» diýmekdir, ýagny türk adamlary diýen manyny berýän pikiri munuň bir warianty hökmünde kabul etmek mümkin. b) «türki iman», ýagny «yslamy kabul eden türkler». ç) «tir» – «keman», oguzlaryň tir hem kemanlar diýen toparlarynyň adynyň goşulyp, türkmen sözi emele gelipdir. g) tarjuman. Oguzlar – türkler Merkezi Aziýa gelenden soň, ýerli täjik halklary bilen özlerinden soň gelen türkileriň arasynda, iki dilem bilýändikleri üçin özboluşly terjimeçi, tarjuman bolupdyrlar. Soňam «türkmen» formasyna geçipdir. d) Isgender Zülkarneýn ilkinji gezek türkmenleri göreninde, «türk manend» diýip seslenipdir. Ýagny ol: «Bu adamlar türklere meňzeş eken» diýenmişin. «Türkmanend» gitdikçe özgerip, türkmen sözüne öwrülip gidipdir. Biz degişli mesele boýunça bary-ýogy bäş sany wersiýany getirdik. Umuman, häzir ylma belli wersiýalaryň hemmesini şu bäşisine syrykdyrmak mümkin. Diňe birini, örän az ähmiýet berilýänini hasap etmeseň. Käte durmuşda iň esasy zat hasaba alynmaýar. Bu meselede iň köp üns berilmeli, iň köp iş edinilmeli garaýyş – iň köne hem ylmy taýdan iň ygtybarly garaýyşdyr. Men akademik Bartoldyň bir informasiýasyna üns berilmän gelnendigini nygtamakçy bolýaryn. Akademik «Türkmen halkynyň taryhy boýunça oçerkinde» taryhy dokumentlerde «türkmen» sözüne çalymdaş etnotoponimiň ilkinji gezek VIII asyryň hytaý ensiklopediýasynda duşýandygyny ýazýar. Şol ensiklopediýada Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda to-ku-mong atly halkyň ýaşaýandygy ýazylypdyr. Meniň pikirimçe, bu gaty üns bereniňe degýän informasiýa. Sebäbimi? Sebäbi, 1-njiden, bu iň irki hem dokumental fakt. 2-njiden, ol türkmeniň millet hökmünde şu toprakda kemala gelendigini tassyklaýar, has dogrusy, türkmen IX – X asyrlarda eýýäm formirlenen halk hökmünde has uzak ýerlerden gelipdir diýip giň ýaýran garaýşy ähmiýeti boýunça «birinji sortdan» ikinjä geçirýär. 3-njiden, türkmeniň entek mongol jynsly türki taýpalar gelmänkä halk bolandygyny görkezýär. 4-njiden, bu fakt häzirki türkmen milletiniň antropologiýasy, däp-dessury, halk sungaty, senetleri boýunça ýerli, awtothon milletdigini, ýagny onuň dili boýunça, has dogrusy, diliniň grammatiki gurluşy boýunça türki bolsa-da (eýsem-de bolsa, bu hem gutarnykly çözülen mesele däl) keşmeri boýunç türki däldiginiň faktyny taryh-dokumental taýdan tassyklaýar. Eýsem-de bolsa, häzirki türkmeni türkmen edýän aýratynlyklar haýsylar? Munuň özi, onuň antropologiýasy – kelleçanak tapawudy boýunça Bahry Hazar hem Jeýhun aralygy üçin awtothon – ýerli milletdigini tassyklaýan süýrikelleligidir. Professor L.W.Oşanynyň işlerini hem teoriýasyny ýada salalyň. Soňra, häzirki türkmenleriň milli lybasy – keteni, lybasda esasy reňk – gyzyl reňk. Bular b.e. öň awtothon taýpalaryňkydyr. Soňra, türkmen halylary. Türkmen halylaryndaky nagyşlar baryp 5 müň ýyl mundan ozal ýasalan, Altyndepeden tapylan küýzeleriň ýüzündäki nagyşlar bilen bir zatdyr. Soňra, dünýä meşhur ahal-teke atlary gadymy Nusaý atlarynyň nesli diýip subut edilendir. Soňra, türkmen saz sungaty, özüniň aýratynlygy boýunça ikisesli sazdyr. Ol ýerli hindiýewropa saz medeniýetiniň düzümine girýär. Türkmeniň «gelmişekdigini» tassyklaýan fakt hökmünde onuň diliniň grammatiki gurluşyny, XVIII – XIX asyrdaky we häzirki käbir türkmen tire-taýpalarynyň atlarynyň gadymy türki taýpalarynyň atlary bilen gabat gelýändigini ýatlamaklary mümkin. Emma antropologiýanyň milli durmuşyň predmetleýin faktlary bilen dili terezä goýanyňda, haýsy has agyr, hakykata has ýakyn geler? Birinjiler müňlerçe ýyllap üýtgemeýän zatlar, dil weli üýtgäp bilýär. Ýönekeýje bir mysal. Otuzynjy ýyllardaky gepleşik bilen şu günüň gepleşiginiň arasynda mesaňa tapawut bar. Köne kinolara tomaşa edeniňde muny açyk duýup bolýar. Onsoňam diňe grammatik manyda däl-de, has giň semiotiki – ruh, pikirlenme, aňyň milli aýratynlygy manyda alanyňda, häzirki türkmen dili haýsysyna – hindiýewropa-ýerli subkontinental aň medeniýetine ýakynmy ýa altaý-türki medeniýetine? Milliligi kesgitlenende dile has giň, has düýpli planda çemeleşmeli diýip düşünýärin. Biziň milletimiziň ady bilen baglanyşykly we diliň üsti bilen geçen türki etnonimler hem dürli etnogenetiki rowaýatlar barada käbir pikirleri aýdasym gelýär. Häzirki türkmen milletine ýerli ata-babalaryndan geçmedik (bu-da entek belli däl, sebäbi ýerli sak, par, skif – umuman, awtothon taýpalaryň haýsy dilde gürländiginiň anyk görkezijisi ýok) zat – bir dildir. Häzirki türkmen dili grammatiki gurluşy boýunça türki diller maşgalasyna girýär. Hut şonuň üçinem ýerli ata-babalardan dil üsti bilen geçmeli zatlar – halkyň gelip çykyşy baradaky informasiýa bize gelip ýetmändir. Onuň öwezine bolsa türkmeniň adyna gadymy gelmişek türkileriň etnogenetiki rowaýatlary ýelmenipdir! Şeýdibem, milleti kesgitleýän faktorlaryň diňe biri – dil fenomeni sebäpli türkmenler öz watanynda gelmişek boldy oturyberdiler! Wah, dil ideologiýanyň serişdesi ahbetin! Diliň üsti bilen adamzat öz ideologiýasyny berýär, gelmişek türkiler, mongollar, ýene gör-lähetler öz gelip çykyşy hakyndaky rowaýatlary ýerli halka – onuň dilini kesmek arkaly – dakýarlar, soňam onuň içinde eräp gidýärler. Sebäbi antropologiýany, gany, egin-eşigi, däp-dessurlary (otparazlyk), taryhy psihoanalitikany, halk maddy sungatyny, atlary, itleri dil-ideologiýa arkaly, rowaýatlar arkaly üýtgedip bolmaýar. Ýa ýok edip bolmaýar – milletiň özüni fiziki ýok edäýmeseň. Çünki bu zatlaryň hemmesi maddy reallyk, obýektiw-ylmy reallyk, dil bolsa subýektiw (subýektiw-etnos) – ideologiki reallykdyr. Galyberse-de, dil strukturalarynyň içinde frazeologik strukturalary, nakyllary öwrenmek gerek. Çünki olar yrymlar, dini garaýyşlar, gadymy adamlaryň psihologiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şu meselede ýerli – otparaz taýpalardan geçen zatlar azdyr ýa ýokdur öýdýärsiňizmi?! Orta asyrlarda türkmeniň gelip çykyşy meselesinde türki-mongol teoriýalarynyň agalyk etmegi ideologiýanyň netijesidir. Onsoňam basylyp alnan taýpalaryň özlerem soňabaka ideologiki taýdanam ýeňlişe sezewar bolupdyrlar. «Gelmişeklik» teoriýasyny öz atlaryna alman durmandyrlar. Taryhda nämeler bolmaýar! Hawa, nämeler bolmaýar! Bir halkyň kämil dilem gerek däl bolaýýar-a! Men bu gün öli dil hasaplanýan latyn diliniň kysmatyny göz öňünde tutýaryn. Şol ideologik basyşdan soňam ýerli gelip çykyş wersiýalary saklanyp galypdyr. VIII asyryň hytaý ensiklopediýasynda ilkinji gezek «türkmen» ady agzalýar diýdik. Orta asyr taryhçylaryna ynansaň weli «türkmen» sözi X asyrda ýaýrap ugranmyş! Ýöne şonda-da hakykat ýarym-ýalta ýüze çykyp durupdyr. Beýik Birunynyň (bu hytaý dokumentlerinden soňky ikinji ylmy faktdyr) tarhumanlar – ýerli hem türki dilleri bilen taýpalaryň türkmeni emele getirendigi baradaky faktyny ýatlalyň. Diýmek, türkmen (goý, türkiler gelenden soňmuşyn) şu toprakda millet hökmünde döräpdir-dä? Ýöne indi muňa türki faktorynam goşdular. Şeýdip, ilki doly hakykat soň ýarym hakykata öwrülýär, soňam doly mifologiýa öwrüler. Türkmeniň türki-mongol gelip çykyşy hakdaky rowaýatlar gadymy döwre gidiberse, sap mifologiýa öwrülýär. Oguz han rowaýaty. Kim muňa ilkinji gezek «taryhy dokument» diýip başladyka? Durşuna mifologiýa! Şu-da olary halkyň gelip çykyşy baradaky irnik meselede ygtybarly çeşme hökmünde garap bolmajakdygyny görkezýär. Umuman, wersiýalaryň köpüsiniň içki logikasy türkmeniň şu topraga baglydygyny inkär edip bilmeýär. Iň güýçli halatda olar türkmeniň ýerli taýpalar bile türkileriň assimilleşmeginden dörändigini görkezýärler. Elbetde, biz türkmen etnosyň taryhynda türki goşundyny inkär etmeýäris. Emma bu asla-da, käbirleriniň aýdyşy ýaly, türkmeniň hamyrmaýasy däldir. Ol diňe soňky goşundydyr. Türkmen diňe şu toprakda döredi. Onuň gany, süňňi, emer-damary şu toprakdandyr. Onuň müň ýyl, iki müň ýyl ondan owal ýaşap öten ata-babalarynyň ruhy hem posty-da şu toprakda ýatandyr. Niredendir bir ýerden, haçandyr bir wagt gelip-geçen kimdir birini ata-baba edinjek bolsak kyn we gülkünç ýagdaýa düşeris, çünki bu topraga gelip-geçenleriň sany-sajagy ýok. Ata-babalaryň bile dahylyňy, baglanyşygyňy subut edip bilmezlik bolsa nalajedeýin ogul bolmakdyr. Subut etmek XX asyryň ahyrynyň dünýä derejesindäki intellekti talap edýär. Logikanyň, filosofiýanyň, semiotikanyň, lingwistikanyň, antropologiýanyň, etnologiýanyň, psihoanalitikanyň, informasiýa teoriýasynyň iň täze gazananlarynyň işe girizilmegi gerek. Munuň üçin köne pikirlerden saplanmaly. Biziň şu günki gün «köne pikirler» diýýänimiz bolsa kommunistik galyply, ruha, taryha ýöntem-gödek galyply çemeleşýän kommunistik, gödek materialistik-materialçylyk pikirlerdir. Olaryň iň uly ýöntemligi milletiň, umuman, adamzadyň ruhuna bütinleý äsgermezçilikli çemeleşýänligidir. Adamyň ruhy, köňül ýaşaýşy örän çylşyrymly hem inçeden ynjyk hadysa. Munuň özi daşky material dünýä – barlyga gapma-garşylykda dörän hem tebigaty boýunça bütinleý obýektiw bolan fenomendir. Ol maddy, obýektiw dünýäniň özi bilen deňagramly bir çylşyrymly dünýädir. Iň geň ýerem, ol aýratyn alnan adamyňam, adamzadyňam öz subýektiw erkindäki däl dünýädir. Döreýşi boýunça subýektiwem bolsa, taryhy ösüşiň dowamynda bütinleý obýektiwleşen dünýädir. Şonuň üçinem adamzat ruh babatda öz bilinden önen ogluna erk edip bilmeýän atany ýada salýar. Marksizm özüniň esasy tapyndysyny – synplar teoriýasyny döredende, ruhuň şeýle kakabaşlygyny gözden salyp, uly ýalňyşlyk etdi. Has düşnükli, dini-halky dile geçirip aýdanyňda, marksistler Hudaýyň döreden dünýäsini, taryhyny adam eli bilen «düzedip» bolmajakdygyna düşünmediler. Ruh bilen materiýanyň mynasybeti babatda aýdanyňda, ruh – çyra çüýşeden boşan jyndyr. Bar zady synpy göreşden alyp çykmak hem şoňa syrykdyrmak Günüň öňüni eliň bile örtjek bolmak ýaly bir zat eken. Biziň ýetmiş ýylyň dowamynda emele gelen dünýägaraýşymyz özüniň süňňi boýunça şeýle birtaraplaýyn taglymata eýerýär. Şonuň üçinem biziň esasy wezipämiz – täze filosofiki dünýägaraýşy edinmekdir. Biziň filosofiki dünýägaraýşymyz haýsy taglymata esaslanmaly? Filosofiýa ýa-da türkmençe «pelsepe» – islendik ylmyň hem taglymatyň özenidir. Şol özen ýa-da esas bolmasa intellektual dünýäde hiç bir binany galdyryp bolmaz. Ýogsa ol şemalyň, ýeliň üstünde gurulan boş bir zat bolar, edil Keminäniň şu dünýä babatda aýdyşy ýaly: «Şemaly gurulmyş, binasy beýle». Adamyň ruhy hem intellektual hajatlaryny ahyrsoňunda kanagatlandyrýan pelsepedir. Biziň milli pelsepämiz, meniň pikirimçe, iki sany çeşmeden gözbaş almalydyr. Olaryň birinjisi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi. Nämüçin? Sebäbi, birinjiden, Magtymguly özünden öňki pelsepe sistemalarynyň köpüsini özünde jemläpdir, olary paýhas eleginden geçiripdir, çäjini harpykdan saýlapdyr. Diýmek, bizi ummasyz köp zähmetden halas edipdir. Ikinjiden, Magtymgulynyň pelsepe dili halkymyzyň ruhuna mazaly siňen. Şonuň üçinem şahyryň dilinde gürleseň, türkmen ýarym sözden saňa düşünip otyr. Milli pelsepämiziň ikinji çeşmesi – Saparmyrat Türkmenbaşynyň teoretiki pikirleri we praktiki hereketleridir. Magtymgulydan soň ep-eslije wagt geçdi. Dünýä, dünýäniň pelsepesi hem ylmy üýtgedi, näme diýseňem, bizem özümiz bilmezden biraz üýtgedik, dünýäni duýşumyzam XVII asyrdakydan eslije tapawutlanýar. Türkmenbaşynyň filosofiýasy pragmatik nukdaýnazardan seredeniňde, has döwrebap filosofiýa. Dünýä, taryh, millet, din, jemgyýet, watan, döwlet, medeniýet, adamzat, adam ýaly düýpli meselelerde Türkmenbaşynyň pelsepeleri, türkmeniň ruhundan gelip çykan garaýyşlary özünde jemleýär. Filosof-alymlar, intellektual şol pikirleri alyp götermeli hem olary has professional derejede, has hususy filosofiki dilde goýmany hem çözmäni başarmalydyrlar. Onuň aýdýan düşünjelerini filosofiki kategoriýalar hökmünde teswirlemäniň hötdesinden gelmeli. Bu – bir. Ikinjiden, Türkmenbaşymyzyň real-praktiki hereketleri bar. Şol hereketleriň filosofik manysyny gözläp, ýüze çykarmanyň aladasyny etmeli. Öten taryhy şahslaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň, pygamberleriň ömrüni ýada salalyň. Olaryň ömri hakda döwürdeşleri, soňkular dürli taglymatlary, pelsepeli teoriýalary işläp düzüpdirler. Olaryň aýdan-diýeninden, hereketlerinden many-pelsepe gurapdyrlar. Biri aýtdy: Adam bolup dogulmaýarlar, adam bolunýar. Şonuň ýaly: Pygamber bolup dogulmaýarlar, Pygamber bolunýar. Adamlar pygamberi ýuwaş-ýuwaşdan tanaýarlar hem ony özleri üçin gaýtadan, gutarnykly suratda açýarlar. Şeýlelikde, degişli çeşmelerden biziň dünýägaraýyş ummanymyz özüne gözbaş alyp gaýtmalydyr. Umman diýýänim – taglymat, pelsepeler sistemasy. Çünki belli bir sistema, içki hem daşky sazlaşyga hem deňagramlylyga salynmasa, aýry-aýry, iň dogry hem täsin pikirlerden peýda azdyr. Diýmek, bize çeşmeden başga, şol çeşmäni sistema öwürjek metodologiýa hem pikir ulgamlaryny ýerli-ýerinde goý-jak ylmy prinsipler gerek. Meselem, türkmen döwletiniň dünýä döwletleriniň arasyndaky aýratyn tapawudy ýaly sap praktiki meseläni alyp göreliň. Eýsem-de bolsa ol tapawutlar nämeden ybarat?! Şeýle tapawutlaryň birini Saparmyrat Türkmenbaşy öz beýik hereketi bilen amal etdi. Indi onuň filosofik manysyny teswirlemek wezipesi öňde durýar. Hususanam, munuň özi bitaraplyk filosofiýasydyr. Türkmen XX asyryň ahyrynda öz milli lideriniň üsti bilen bitaraplyk filosofiýasyna geldi. Çünki bu çylşyrymly ýigriminji hem XXI asyrda taryhyň çarkandakly ýollarynda özüni tutmak, millet hökmünde göterilmek üçin ýaşaýşyň bitaraplyk prinsipine eýermek zerur eken. Bitaraplyk filosofiýasynyň manysy milletiň taryhyň ýollarynda öz paýhasyny, päk niýetini öňüne salyp ýörmeginde jemlenýär. Geçmişde türkmen fiziki güýjüne, gylyjyna daýanyp, näçe ýurtlary basyp alypdyr, minneti gylyçdan çekipdir. Indi dünýä üýtgedi, türkmeniň fiziki hem ruhy barlygy-da üýtgedi. Indi «ýaryşyň şerti başga». San taýdan on millionlarça adamly milletler bar. Olaryň içinde mertebäňi saklamagyň, milli buýsanjyňy görkezmegiň prinsipi – iliň işine goşulmazlyk, ili öz işiňe goşmazlyk, agzybirlik hem hoşniýetlilik prinsipidir. Bular bolsa bitaraplyk filosofiýasynda jemlenýär. Bitaraplyk – türkmene öz-özünden tijenmäge puryja berjek, ony ese-boýa galdyrjak, ony ertirki güne alyp gitjek syýasy-pelsepe ýörelgesidir. Şol ýörelgäni goldansa, türkmen öz-özüni hem gowy aňlar, dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orna-da eýe bolar. Özüniň tebigaty boýunça türkmen pes päl, iliň zadyna göz dikmeýän, rysgaly Hudaý tarapyn ýeterlik berlen milletdir. Bu parahatlyk söýüji milletiň goh-galmagala ulaşman, sesine bat bermän, emosiýalara ýol bermän, öz-özüni, öz hukuklaryny ykrar edişi köpler üçin nusga alarlyklydyr. Iň esasy zat – şeýle halkyň öňüne onuň psihologiýasyny, arzuw-telwaslaryny bilýän milli lideriň düşmegidir. Adamyň esasy synasy – göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiňem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi – maddy medeniýeti, genofondy, ýüregi – dili, sazy, onuň akyly bolsa – milletiň filosofiýasy hem ideologiýasydyr. Türkmen asyrlarboýy diliniň, sazynyň hem tansynyň arassalygyny, özboluşlylygyny saklamagy başarypdyr. Munuň aňyrsynda onuň milli buýsanjy – özüne göwni ýetmesi ýatýar. Hut şonuň üçinem tas müň ýyl mundan ozal ýazylan eserleri-de arkaýyn okap oturmaly. Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň eserlerini ýatlamak ýeterlikdir. Ýa-da «Gorkut ata» eposy. Diliň arassalygyny saklamak nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär we milletiň ömrüni uzaldýar, sowet döwründe biziň dilimize gerekmejek birnäçe sözleri salmaga synanyşdylar. Garaşsyzlygyň ilkinji aýlaryndan başlap, türkmen diliniň şireliliginiň, many goýazylygynyň, duýgy örüsiniň artyp ugrandygy tötänleýin zat däldir. Biz mundan beýläk-de dilimiziň arassalygyny saklamalydyrys. Elbetde, halkara terminleri bolar. Ýöne türkmençe berip bolýan düşünjeleri olaryň dilimize ýat, gelişmeýän galyby bilen almak nämä gerek? «Dükan, paýdar» diýip bolýarka magazin, aksioner, prospekt, samolýot, instrument, termin, teoriýa, kommersiýa, interwýu diýmek türkmen diliniň manylylygyny artdyrýar diýib-ä bolmaz. Diliň arassalygy ugrundaky göreşi milletiň ruhunyň agraslaşýandygyny, öz mertebesini duýup ugrandygyny görkezýär. Magtymguly, G.Ezizow ýaly şahsyýetler öz döwrüniň türkmen dilini baýlaşdyryp, pikir-duýgyny aňrybaş derejede beýan etmek mümkinçiliklerini giňeldipdiler. Diliň arassalygy hem sagdynlygy pikiriň saplygyndan hem sagdynlygyndan nyşandyr. Milletiň pikirleniş örüsi giňände, onuň dili hem baýlaşýar. Sowet döwründe çykarylan sözlüklere türkmeniň gaty köp sözüniň girmändigini hemmämiz bilýäris. Şonuň üçinem ýazyjy-şahyrlarymyzyň öňündäki esasy wezipeleriň biri türkmen diliniň arassalygyny hem baýlygyny saklamak, onuň gaýtalanmaz terligine hem goýazylygyna zeper ýetirmezlikdir. Şonda milletiň esasy görkezijileriniň biri bolan dil tebigylygyny ýitirmän saklar. Saz – milletiň kalbynyň owazy. Türkmen sazynyň arassalygy, özboluşlylygy hem hiç bir özge halkyňka meňzemeýänligini baryp 30-njy ýyllarda Belýaýew bilen Uspenskiý özleriniň «Türkmen sazy» diýen ajaýyp kitaplarynda belläp geçipdiler. Türkmen sazy çunňur filosofiýa ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. Şol filosofiki häsiýet onuň many goýazylygyna eýe bolmagyna getiripdir. Umuman, söz sungaty – edebiýat bilen bilelikde saz sungaty türkmeniň esasy milli genisiniň ýüze çykýan ugrudyr. Türkmen dutarynyň owazy – bu milletiň döredijilik genisiniň gaty aňyrdanlygynyň gözli şaýadydyr. XX asyrda türkmen sazynyň milliligini ýitirmän saklamagyň hötdesinden gelindi. Bu meselede biziň ajaýyp kompozitorlarymyz uly işler bitirdiler. Olaryň içinde-de Nury Halmämmedowyň hyzmaty beýlekileriňkiden saýlanyp dur. Nury Halmämmedow öz döredijiligini tutuşlygyna biziň saz klassykamyzyň üstünde gurnady. Şeýdibem, ol türkmen ruhunyň çuňluklaryny hem belentliklerini, türkmen kalbynyň stihiýasyny sazyň häzirkizaman formalaryna salmany başardy. Beýik kompozitor türkmen milli sazyny häzirki zamanyň diline geçirdi. XX asyr türkmen kalbynyň hadysalaryny-da sazyň dilinde beýan etmäni başardy. Ine, halkyň medeni geçmişine çemeleşmegiň beýik mysaly. Eger biziň dürli ugurlarda işleýän dörediji şahsyýetlerimiz şonuň ýaly işläp bilseler, bir tarapdan, geçmiş medeniýetini häzirki durmuşa getirip bilseler, beýleki tarapdan, öz zamanyny klassykanyň dili bilen beýan edip bilseler, onda geçmiş bile şu günüň şol arzylanýan bitewüligi amal bolardy, şonda geljek hem eliň aýasyndaky ýaly reallyga öwrülerdi. Türkmen milli tansynyň özboluşly taraplarynda bu millete mahsus agraslygy hem goýazylygy görüp bolýar. Tansam bolsa, munda ne kelç-külçlik, ne elpe-şelpelik bar. Ähli zat mana, gözellige ýugrulan, ähli zat filosofiki agramly. Hatda biraz gamlananyňam duýman galýarsyň. Türkmen sazynyň, tansynyň, diliniň arassalygyny saklamak – milli ýüzüň özboluş-lylygyny ýitirmezlikdir. Türkmeni beýleki halklardan tapawutlandyrýan esasy zatlaryň biri-de onuň dine garaýşy hem gatnaşygydyr. Diniň iň güýjäp, möwç uran asyrlarynda-da biziň milletimiz fanatizme düşmändir. Munuň düýp sebäbi türkmeniň zandynda, ýasawynda bar bolan dünýewilikden bolsa gerek. Ol hemişe real durmuşy hem onuň rüstem kanunalaýyklyklaryny esasy orunda goýupdyr. Ol hatda yslamy kabul edende hem özboluşly kabul edipdir. Yslamyň baş ýörelgelerine dil ýetirmezden, olary gyşartmazdan hem bozmazdan türkmen özüniň yslamdan öňki ynançlaryny, käbir däplerini bir ýandan goýman gelipdir. Bu-da onuň millet hökmündäki ömrüne ömür goşupdyr, çünki onuň özeniniň bir durkuny saklamagyny üpjün edipdir. Umuman alanyňda, türkmen hindiler, iňlisler ýaly, sözüň oňyn manysyndaky konserwatiw milletdir. Munuň özi gaty arkaly, az üýtgeýän millet diýmekdir. Türkmeniň dünýewi milli häsiýeti onuň taryhy ýaşaýşynyň geň galdyryjy demokratizmi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Synpy aratapawutlaryna seretmezden, möhüm syýasy we gaýry meseleler çözülende baýyň-garybyň deňhukuklylygy, maslahatlylyk, baýlardyr garamaýaklaryň arasynda biri-birinden daşda durmak, göwnüýetmezçilik meýilleriniň ýoklugy, aýal-gyzlaryň erkinligi hem maşgala, hatda jemgyýetçilik durmuşynda aktiwligi – bularyň bary din babatda türkmeniň köre-kör ynançly bolmazlygyna getirýär. Türkmen jemgyýetinde ruhanylar aýratyn bir gatlak bolup ýaşamandyrlar. Olar köplenç halkyň praktiki maksatly ruhy hajatlaryna – azan aýtmak, nika gyýmak, jynaza çykmak we ş.m.-ler – hyzmat edipdirler. Mundan başga-da dini sowatlylyk umumy bilimleri ýaýratmak üçin uly ähmiýetli bolupdyr. Emma dini syýasy göreşiň serişdesine, ekspluatasiýanyň guralyna öwürmek hiç kimiň kellesine-de gelmändir. Din türkmende hemişe şahsy ynanjyň obýekti hem adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiň usuly ekeni. Hatda türkmen klassyky edebiýatynyň dine ýüregi bilen ynanan wekilleri-de türkmenligine galypdyrlar, ýagny ahlagyň praktiki hajatlaryny ilerde goýupdyrlar. Ýöne adam ýekelikde belent ahlak sypatlaryna, idealyna ýetip bilmez, munuň üçin olary birleşdirjek bir ýörelge – döwlet zerur. Adamlar özleriniň öňünde duran dürli maksatlaryna ýetmek üçin «döwlet» diýen gurama mätäçdirler. Şol mätäçliklerini amal etmek olary dürli hukuklar bile üpjün edýär. Şol bir wagtda-da olar onuň öwezine «döwlet» diýilýän edaranyň kadaly ýagdaýyny üpjün etmekden ötri, onuň öňünde belli-belli borçlary-da öz boýunlaryna almalydyrlar. Ynsanlaryň döwletiň öňündäki esasy borjy – döwletiň ähli kanunlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekden ybarat. Eger halk bir beýik bina bolsa, onda onuň sütünleri döwletdir. Eger döwlet bir beýik bina bolsa, onda onuň binýady halkdyr. Türkmeniň milli döwlet gurmak baradaky pikirleri Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan amal edildi. Halk döwletli boldy. Magtymgulynyň döwlet, adam gatnaşyklarynda birinjini ilerletmegi ýöne ýere däldir. Halk döwletiň gymmatyna hemişe düşünip gelipdir, bu onuň aňyna, psihologiýasyna çuňňur kök urupdyr. Şonuň üçinem dilimizde «döwlet» sözüniň beýleki položitel manylary-da ýüze çykypdyr. Döwlet – rysgal, baýlyk, gurplulyk, bolelinlik. Döwletlilik – asyllylyk, mertebelilik, at-abraý, gadyr-gymmatly bolmak. Diýmek, döwlet halkyň maddy, ruhy rysgalyny üpjün ediji jemgyýetçilik institutdyr, şeýle hem şol maddy we ruhy rysgalyň özüdir. «Aý dogsa, Älem görer» diýen pähimi türkmen birmahal biziň şu günki millete öwrülen bagtyýar günümiz, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy üçin döredäýen ýaly bolup dur. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |