17:27 Tbilisiniñ bezegleri / hekaýa | |
TBILISINIÑ BEZEGLERI
Hekaýalar
Binanyň ýerzemininde ýerleşýän «Simpatiýa» barýançaň, on sekiz sany basgançagy geçmelidi. Aşak düşmek kyndy, basgançakdan soň ýokary galmak ondanam kyndy, juda keýpiň kök bolaýmasa, bu on sekiz sany basgançagy ýöne geçer ýaly däldi. Eger ýarty ýolda, büdräp dagy edäýdigi, ol gaýdyp muňa gelmezdi. Bugdanyň öýüniň gapysynyň agyrlygam ýetik, şony açmaga-da güýçli el gerek. Eger boýuň kelte bolsa, «Simpatiýada» üstüňden güldürýäň, şilliň bol- saňam, onuň depesine kelläň degýär. Boýuň uzyn bolmaly, özüňem gaty bildirmez ýaly edip egilmeli, «Simpa- tiýada» epilip duran adamlaram ha- lamaýarlar. Tbilisi biraz ýeňles, biraz pähimli, biraz sahawatly, biraz gaýgy- lam bolandyr. Hawa, Alla bilýändir... «Simpatiýanyň» diwarlaryndan Şekspir, Kopernik, Raffi, şa aýaly Tamara we Puşkin seredip durdy. Olary Grigor çekipdi. Beýleki diwarlaram ol bezäp çykypdy. Hemmesem Şekspiri, Raffini, Kopernigi, Grigory gowy bilýärdiler. Grigoram hemmeleri gowy görýärdi: gowy adamlardy — şatlanardylar, heşelle kakardylar, birek-biregini symsyklardylar, gamlanardylar, arasynda aglardylar, arasynda aýdyma zowladardylar. Grigor şu adamlaryň ählisini özünde jemlän ýalydy — haçanda Bugdan bilen gepleşende, öz-özi bilen gepleşýän ýalydy, Piçhulo bilen gepleşse-de, ýene-de öz-özi bilen gepleşýän ýalydy. Grigor üçin ähli adamlaram şol bir hilidi. Onuň ýüregi açyk, özüniň göwnünde jinnek ýaly hem zat bolmandygy üçin, beýlekileriň ýüregindäkini duýýardy. Ol özüniň müňkür bolýan ýerlerini duýdurardy, öz ejiz tarapyny hem günäli ýerlerini aýdýardy, içindäkini doly daşyna çykarardy. Haçanda başga adam ony öz pikir edişinden gowy bilýändir öýtse, Grigor ony özüne çekerdi, şol beýleki adam ondan esas alar durubererdi. Grigory nähilidir bir geň duýgy gap- lap alardy: eger-de ol içini dökmese, eger-de özüniň ejiz tarapyny, özüniň müňkür ýerlerini hem özüniň ynanjyny açyp görkezmese, oňa ýaşaýyş ýok. Öz hakyky barlygyňy — ejiriňi, begenjiňi, azaryňy, pikiriňi, howpurgamaňy gizlemek — özüňi ýok etmek, onuň öwezine bolsa, beýleki bir adamy döretmek. Onda adamdan derek galmaýar, ol adam däl, salgym, nikap. Adamyň özi ýok. Şonuň üçinem Grigoryň açylasy gelip, jany ony heläk edýärdi — bu onuň dünýäde barlygynyň ýeke-täk subutnamasydy. Grigoryň bu açyşy tutuş Tbilisä iş boldy: ol dükanlaryň gapysynda, dellekhanalaryň öňünde, garbanyşhanalarda asyşdyrylyp goýuldy... Dükanyň gapysynyň ýokarysynda Kaplo Grigor tans edýänleriiň suratyny çekdi, aşagynda görner ýaly edip, ýönekeýje şu sözleri şadyýanlyk bilen belleşdirdi: Men tans edýän, Tans edýär hemme. Isleseň synlagyn, Islemeseň, syn etme! Grigor keýpiçaglykda ýazan şu tagaşyksyzja sözlerinde bir güýjüň bardygyna ynanýardy. Hakyky göwün diýeni, isleseň synlagyn, islemeseň syn etme. Be-e! Bu onuň erkinliginiň senasydy. Erkinlik, doganlyk, wepaly- lyk. Isleseň seret, islemeseň... Şeýtanbazaryň ýokarsynda şeýdip ýazyp goýdy: Salam, Taňry bendesi, mähriban adam... Sirahçanyň ýokarsyndaky ýazgy: ...Ähli dertleri özüm dep ederin, Mende munuň üçin sülük bar. Ortaçaldaky ýazgy: Gonak bolup gelen, gadyrdan, Biziň ilden gaýry ýana gitmegin! Awlabardaky ýazgy: Adamyň köňli jennetdir, Gapyny kakman giribermeli! Aýlaw etrapçadaky ýazgy: Bu ýerde ýaşaýar, Şio ädikçi. Göwni hoşdy, Ädik tikdi. Didubdaky ýazgy: Mobrd zandi, dabrd zandi, galamazdi, mibrd zandi — bu gruzinçeden terjime etseň, «Gel-geç, otur, arzyň bilen hem seni ýola salaýyn» diýmegi aňladýar. Bu sözleriň manysy hakynda gürrüň ýok. Olaryň ählisinde-de Grigor bardy. Grigoryň asyşdyran ýazgylary Tbilisiniň şygary bolup galdy. Her köçejikde aýratyn ýazgylar asylypdy, şolar hem köçäni açyp görkezýärdi, onuň nähilidigini aýdýardy. Grigoryň açyklygy şäheriň hemme ýerine ýetdi, onuň duýgularynyň her bir öwüşginjigi hem Tbilisiniň dürli etraplaryny we şäherçelerini özüçe bezeýärdi. Şu şäherde Grigor hem şeýdip ýaşap ýördi... «Simpatiýa» gelýän azdy. Piçhula şarmankada saz çalýardy. Grigor Şekspiriň, Raffiniň, Kopernigiň we Tamara şa aýalynyň ýanynda goýar ýaly Haçatur Abowýanyň suratyny çekýärdi, Bugdan özüniň ullakan kel- lesine aýasyny diräp, Piçhulanyň eline, Grigoryň çotgasyna seredýärdi. Bug- dan özüniň göwnaçyk adamdygyna ynanýardy: Kalina enäniň gyzlarynyň biri Sonýa ol öýüniň bir otagyny berip dözmezçilik edipdi. Bogdan Sonýa ýagşylyk etmegi ýüregine düwüpdi, eger başa barsa, ol ony Grigora äre bermekçidi. Grigor hem bu gyza eýe çykmaga närza bolmady. Şeýdibem, şarmankaçylar, karaçoheller we tüýdükçiler ýygnanyşyp, dürli reňkli şem ýakdylar, tans edip, aýaklarynyň ýelini aldylar, Grigory Sonýa öýerdiler. «Simpatiýanyň» depesi pessejik bolandygy üçin, howasy dymyljykdy, gyzyl reňk has doýgun görünýärdi, garalýardy, şarmankanyň owazyna böküşip, bu garaňky gyzyl reňki böwsäýjek bolýardylar. Diwardan Şekspir, Raff, Kopernik, şa aýaly Tamara, Puşkin we Haçatur Abowýan seredip durdy. Kalinka ene gözüni süpürdi. Şarmanka dini aýdymyň sazyny çaldy. Bugdan özüniň sahylygyna begenýärdi. Haýyr bilen şer, edil ýer bilen asman ýaly baglanýardy. Ählisi bir akaba gelýärdi, birdi, ähli zatda gam-da, şatlyk-da bardy, ähli zatda hakykat... Ýerzemindäki tamjagazda toý edilip durdy, meýlisem, doga okalyşyk hem... Grigor gije Sonýa seredip gördi, öz garşysynda oturan onuň özi ýalydy, ol öz-özi bilen gepleşýärdi. Grigor Sonýany gowy gördi. Her gün Grigor Sonýa söýgi barada gürrüň berýärdi, özüniň indi asla şübhelenmeýän zatlary barada oňa aýdyşdyrýardy. Sonýany eýýäm näçe ýüz ýyl bäri tanaýandygyny, onuň kömegi bilen özüniň, öz nebereleriniň, olaryň birden-ä dyr-pytrak bolup, birdenem birigen söýgü- siniň aslynyň nireden gaýdýandygyny ýadyna düşürýärdi. Ýatlaýardy, özem şol adamlary çyndanam gören ýaly bolýardy, şolar köpdüler, ösüp-örňeýärdiler. Ol hem-de Sonýa adamlaryň şol köplüginiň amala aşmasydy: olaryň gam-hasraty, olaryň aladalary täze höwesde oýanyp, şol adamlaryň duý- gularynyň we durmuş hysyrdylarynyň kemala gelmesidi. Sonýa oňa ýakyndy ýa-da olar bitewi bir zatdy. Agşam çolalygynda Grigora asar ýaly ýazgylar üçin ýüz tutýardylar. Şonda onuň aşyklygy hassahanalaryň girelgesindäki, köçäniň yşyklarynda hem kiçeňräk dükanlarda ganat ýaý- dy. Grigor özüni iki tarapdanam açdy: özüniň aladasyny hem şatlygyny, özüniň ejizligini, isleýänlerini hemem islemäýänlerini, özüniň artykmaçly- gyny hemem bolgusyzlygyny... Ol özüniň ýüregindäki söýgüsini hiç ört- güsiz köçelere, aldajy aýazly şemala paýlaşdyrdy. Ýazgylaryny gowy gördüler. Tbilisi aşyk boldy. Aşyk bolnan şäher... Şekspiriň, Kopernigiň, Raffiniň, Puşkiniň, şa aýaly Tamaranyň we Haçatur Abowýanyň ýanynda ýene boş ýer galdy. Grigor şol ýere Sonýanyň suratyny çekmegiň kararyna geldi. Ol Sonýanyň henizem Bugdanyň ýanyna gidýäninem bilmedi. Grigor «Simpatiýanyň» basgançaklary bilen aşak düşdi, reňkini garyş- dyrdy-da, diwaryň ýanyna bardy, ol taýdaky perdäniň yşyndan Sonýanyň Piçhulo şarmankaçy bilen oturandygyny gördi. Salamlaşdy, öňki tanyşlaryny gözledi, Bugdany zordan tanady, Bugdan oňa: — Zeleli ýok... — diýdi. Soňra Grigor Bugdanyň ol däldigini bildi, birsalymdanam Piçhulonyň Piç- hulo, Sonýanyň hem Sonýa däldigini, başga aýaldygyny bildi. Grigor gözüni süpürip, ýene seretdi — bu adamlar başgadylar, onuň olary tanamajak gümany barmy? Töweregine serediş- dirdi — Şekspir, Raffn, Kopernik öňki ýerlerinde... burçda oturan Kaplo gözüni aýlady. Kaplo şolbada gözüniň alnynda üýtgäp gitdi, başga adama öwrüldi hemem şol başga adamam ýylgyrdy. Grigoryň göwnüne ony olar hem tanamaýan ýaly bolup göründi, onda ol başga biri bolýar. Belkem, ol bu adamlar bilen tanyş hem däldir? Grigor torsaryldy, reňklerini ýygnaş- dyryp, çykalga ýöredi... Öýde başyny çaşyrdy. Tutuş gije Grigor Tbilisiniň köçelerinde syňsyraklap, asan ýazgylaryny ýyrtyşdyrdy. Şeýtanbazara düşdi, Awlabara tarap ýokary gitdi, Diduba bilen Harpuha hem ýetdi... Eliniň ýeten ýerindäki ähli ýazgylary aýryşdyrdy, diwarlary çyzyşdyrdy, äpişgeleriň aýnasyny reňkledi. Daň atdy, Grigoryň asan ýazgylary welin indi ýokdy. Bugdan muny görse-de, gynanmady: Zaziýewi çagyrdy-da, irden oňa hezzet baryny edip, agşamlyk oňa başga bir ýazgyny asdyrdy. Soň goňşusam onuň edenini etdi. Sonýa sesini-üýnüni çykarman, atasy öýüne gitdi... Grigoryň aýrylandygyna hiç kim pisint hem etmedi, ýöne azajygam bolsa, Tbilisi gussa batdy, ol hem bir hili tukatlandy, hamala şäher ukudan açylyp bilmeýän ýalydy, ol hem hemme zat ünssüz bolup başlady. Şol wagt bolmasa-da, şäherliler bir zadyň ýetmeýändigini duýdular. Muny ýerine salmak kyndy... Hiç kim täze has ýagty, has tejribeli elden çykan ýazgylaryň Grigoryň ýazgylarynyň ornuny tutup bilmeýändigine düşünip bilmedi. Hiç kim bir ejizje adamyň açykgöwünliliginiň, bir pukaraja adamyň dogruçyldygynyň bir ullakan hemem baý, sahy, owadan we köpü- gören şäheri bezäp biljekdigini göz öňüne getirip bilmedi. Öňki adatlaryna eýerip, tbilisililer henizem diwarlaryndan Grigoryň sadaja Şekspiri, hemem sadaja Raffsi, sadaja şa aýaly Tamarasy we sadaja Kopernigi, Grigoryň Sonýanyň suratyny çekmäge ýetişmedik ak diwary görnüp duran «Simpatiýanyň» pessejik tünegine ýygnanyşdylar. Bu portretler ussahanada köp wagtlap asylgy durdy. Soň şol diwara hem reňk çaldylar. Köp wagty ara salyp, şähere näme ýetmeýändigini duýanlaryndan soň, Grigory gözläp başladylar... Şol gündenem dükanda üns berilmän ýatan gadymy zat bolsa ýa-da bazarda köne surata duşsalar — ol könelip, sary giden esgide bolaýsyn, agaç bölegindemi ýa-da misiň ýüzündemi, adamlar ony ellerine emaý bilenjik aldylar... Agasi AÝWAZÝAN, ermeni ýazyjysy. | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |