16:47 Toba maskasy / hekaýa | |
TOBA MASKASY
Hekaýalar
Iki ýüzli adamlar bir milliarddanam köpdür, menem şolaň biri. Ikiýüzli bolanda olaryň biri ýasama, biri original. Doglanyňda berlen ýüz. Durmuş bizi doňuzdan beter hyrsyz we arsyz edip taşlaýar, soňam gapdaldan birnäçe ýüz edinäýmesek başga alaç goýmaýar. Men öýde bir dürli, daşary çyksam başga. Daşarda ýörkäm gaty şadyýan, öýde ýaman serýozny adam. Kämahal tersine öýde ala-ýaz, köçä çyksam ýüzümden ýeňsäm gowy. Şu zatlaryň baryna öýdäki günäkär. Ýok, onuň günäsi ýok. Günä biziň biri-birimizi söýmeýänimizde. Ýalňyşypdyrys-da. Ýaşlyk ýalňyşylýan döwür eken. Ýaşlykda ýalňyşsaňam bütin ömür büdrär ýörer ekeniň. Onsaň gaýgyly aýdym aýdyp ýören ýaly men. Şükür bagşydaky ýaly: Ýaşlykdan ýakdyň meni diýip deklomasiýa aýdýan mahalymam bolýar käte. Aý, aslynda-ha näşükür bolar ýaly günüm ýok-laý. Hususy kärhanam işläp dur, girdejimem güzerany gülala-güllük diýer derejede dolaýar, Alla şükür. Onsaň gapdaldan ýaşajyk gyz-gelinler gözüňe ilip başlaýar. Şol bolmasa durmuşyň duzy hem ýok. Golaýda duşuşyp ugran melegim hem durmuşyma duz guýup dur, hudaýa şükür. By nähili başlady diýsene, öýdäki çişikgülüm maňa geleli gününden halal ýaşaýar, bäş wagt namazly biçäre. Maňa-da «elli çermekden-belli çermek» düşünjesini öwretjek bolup kän kösendi. Onuň ol diýýäni meniň üçin Mandelanyň effekti ýaly bir zat-how, wapşe kelle alanok. Men bolsa golaýda tapynan melegim ýaly melekleri hiç wagt gapdalymdan geçirmedim. Başartsa-da, başartmasa-da yzlarynda ylgaýan. Degse bäş, degmese ýigrimbäş diýýän, ha-ha-ha. Ýöne bu melegim, hä aýdynça onuň asyl ady hem Melek. Birinji gezek dagy ikiçäk galanymyzda çolaşyp-çyrmaşyp ýatyrkak gözleýän zadymy tapyp bilmän garader bolup sermenip ýörşüme «Melek diýdiň welin hakykatdanam melek bolaýma – diýip, ajy gülüp, hynçgyrdymam. - Hiç zat tapyp bilemoga». Aý bolýa-da, ýaşap ýörün. Hepde-de iki gün ýanynda, şowuna düşse gijeläbem barýan. Şol wagt dagy meň boluberşimi, ýadyma düşse ýylgyryýan sebäpsiz ýöne. Irden pişik ýaly dylym-dylym edip, çagalarymy baga eltip gaýdan, soňam öýe gerek ýarak zatlary alyşdyrýan. Şu işleri oglanlara tabşyrsamam ylgap edýärler, ýok meň özüm edýän liçna. Şeýdip Melegimiň ýanyna arkaýyn baryp bilýän. Melegimem melek. Ilki günler ýadyma düşýär. Oňa sataşan wagtlarym ýadyma düşýär. Onuň özi bir hekaýat. * * * Ak sakgaly peşeneli ýüzüne gelşip duran perişde sypat ýaşuly. Kabinetime gelip aýak basan dessine: - Salawmaleýkim - diýip, laňňa ýerimden turup, gol uzadypdyryn, - Geliň ýaşuly, geçiň şu ýere! Ýaşuly elindäki telpegini gapdaldaky diwanyň üstüne oklap goýberdi-de, özi gapdalyma geçip ornaşdy: - Sylap jan, gowumy oglum, sag-gurgunja gezip ýörmüň? Iş-güýçler düp-düzgün barýarmy?! Onuň nurana ýüzüne seredip, hoşgylaw sözlerine aňk bolup otyryn, hemem: - Alla şükür, Alla şükür, Gowy hemmesi ýaşuly jan – diýýän. – Öz ýagdaýlaryňyzam gowumy, garrylyk bilen tendarmysyňyz? - Aý bizler bir mydar ederis – diýip, perişde ýaly moýsepit goja ýylgyryp kürsä arka berip gaýyşýar. –Sizler gowy ýören bolsaňyz, hemmesi ýerbe-ýer bolar. Onuň arkaýyn oturşy birhili ýaranok maňa. Ýogsa maňa howp salýan zat ýok. Ýöne ony teý tanap bilemok. Birhili gaýynatama hem meňzäp gidýär. Garry gaýynatam, öýdäkiniň atasy şunuň ýaly görmegeý adamdy. Bir görsem ol ýaşuly öwüt berip otyr. Meni tanaýan bolmaly, men tanamasamam. Diňläp otyryn menem, gipnozlanan ýaly: «Erkek kişi her bir işde halal bolmalydyr, erkegiň ady erk diýen sözden dörändir. Erkek özüne erk edip bilýän bolmaly oglum. «Haramylyk goç ýigidi har eder» diýip bir sözem bardyr. Her gün iş-güýjüňi bolandan soň, öýüňe dolanmaly, ojagyňa aýlanmaly. Şonda işleriňem oňuna boluberer.» Içimden: «Işime näme bolupdyr? Hudaýa şükür-eý, hemme zat ýüzüñ ugruna bitip barýar. Soňky alty aýda dagy girdejimi görse, Hydyr atanyň gözi gyzar». Goja içimdäkini okan ýaly: - Haram harsydan gaçarak dur, bende görýän däldir diýme, barymyzy ýaradan ulug Zat görüp durandyr. * * * Soňky iki aýyň içinde günüme göz degen ýaly boldy-aý walla. Ýaňky yrjal ýaly goja gelip gidensoň işimiň işi gaýtdy. Eddil düýäniň üstünde it ýaran ýaly bolaýdy. Resminamalarda bir ýalňyşlyk gidip, tas türmä basypdylar. Kärhanamy ýapmaly boldy, özümem karz-kowala batyp galdym. Ýagdaýym gowy bolmasa-da, «Ölme-hä Görogly ölme, ölýänçäň özüňden galma» diýip, özüme teselli beren bolup ýörün. Bir gowsy ulagymy satmaly bolmady. Soňky bergilere öýdäkiniň altynlaryny geçirdim. Käte geçen durmuş bilen häzirki ýagdaýlar kellämde stykowka edenok. Durmuş gazet ýüzündäki krossword däl-dä, bir gözüni dogry çözüp bilmeseň, gapdala oklap goýberer ýaly. Be-e, özi şu meň durmuşymmy diýýän. Öýe gelsem öýde çagalar gözüme jyn bolup görünýär, aýalyma seretsem myrryhym atlanýar. Kisämde sanalgyja manatlar. Gapdaldan tapylýan melekler ýatdan çykdy, dogrusy olar meni tananoklar indi. Telefonlarynda hem blok edilen meň nomurym. Gije garabasdy erbet. Gün ýaşyp barýarka kabinetimde otyryn, garşymda hem şol ýaşuly. Iki adam bolup bir gizlin iş etseň, üçünji biri gaýypdan seredip durandyr. Gaçyp, gitjek ýeriň ýokdur diýýä, özem ýöne ýylgyrýar, ýylgyryp durşundan gorkup oýandym. Soň oýlanyp oturdym kän, tä daň atýança gözüme uky gelmedi. Şondan soň karara geläýdim öýdýän, toba etmeli diýdim. Halysalla toba etdim. Ak toba, gara toba. Şertim şahyma etme ýok. Ertir irden turup metjide gitmeli diýdim. Obanyň toý-ýasyna işjeň gatnaşybam başladym. Aýal maşgala görsem aýagyna-da seredemok, göwsüne hem garamok, kelläni aşak edýän, ýüzümi beýleräk sowýan. Aýal-gyz diýeniň hakyt şeýtan bolarmyş, ýok, şeýtan aýal-gyzyň üsti bilen erkegi ýoldan urýarmyş. Erkegem aýal-gyz bilen zyna edýärmiş, netijede ikisinem ýoldan urýar. * * * Umuman, işlerim ugrugyp barýar bir şekilli. Menem kellejigi tahýaly, mömin-musulman bolup ýörün. Obanyň toý-tomgy mensiz geçmeýär. Baş beýemçi men toý-sadaka ýas tapawudy ýok. Indi aýat-kuranam öwrenen bolýan, sakgal goýberäýsemmi ýa diýip hem oýlanýan. Sylap molla diýerler derrew. Öz ýanymdan ýylgyrdym: kelte tokga sypatym bilen Bally molla diýäýmeseler. Hemme zat gowy garaz. Öýdäki hem gözüme yssy basýar indi, çagalaram mähriban. Işlerem ugrugyberjek ýaly indi biraz. Gülala-güllük günleriň birinde şähere ugradym. Iş ýerime gatnaýan birsyhly başyndan başlajak bolýan. Bir wagt daşary ýurtdan gelen harytlary gözden geçirýän, ammardakylary rewizýa edýän öz ýanymdan, haýsam bolsa hasap çykaýmaly. Garaz gatnap ýörün öý bilen iş arada. Biraz gowlaşýan ýaly işler, ugrugaýjak ýaly göwnüme bolmasa. Ertir säher bilen şähere barýan, keýpimem gowy. Ertir namazynam okadym nesip etdiginden. Obadan çykan ýerimde ýaşajyk maşgala, ak guw ýaly goluny sähel galdyrýar. Ulagy nädip saklapdyryn bilemok. Ol gelip, ulagyma oturandan soň özüme geldim. Şolarada onuň ulaga münmänkä «Şähere barýaňyzmy» diýip sorap duranynam bilýän. Men bolsa, köne keseli gozgan deý doňup galan bolsam nätjek. Gelni barmaly ýerine eltdim. Uzadan puluny yzyna gaýtardym. Akja gollaryny yzyna çekip, ýolkireý üçin çykaran puluny gülberine saldy. Soň uzakly gün ol gelin kellämden çykmady. Gaty owadanam däl, ýöne bir jeren gözleri janyňy alyp barýar. Hem maşyndan düşüp, öýüne tarap gidip barýarka seýkin başyşy, oho-how. Men birhili ýolumy urduryp barýanmy?! * * * Bir hepde geçdi göni. Owadan gelni her gün obadan şähere äkidýän. Işigaýdany düýäniň üstünde it ýarar diýýär. Şol düýäniň üstündäki adamy ýaryp bilýän it ýa-ha guduz bolmaly, ýa-da gaty sportsmen. Garaz şu bisähet gün gelin meni öýüne çagyrdy: - Şunça günden bäri bir köpük alman şähere gatnadýaňyz, öýe girip duz dadyp soň gidiberiň- diýip, boýnuny burdy gelin. – Men sizi keýp edip kofe içeli diýip çagyramok, duz dadyň diýdim, saçagymyň hormaty üçin. Duzdan uly bolup bolmaýa, girdim içeri. Gül pürkülen ýaly howly, müşk ysly otaglar, agzym dagy açyldy. Bar ýeri farfor, gymmatbahaly zatlardan doly. Gelin gurgun görünýär diýip, samsyklaç ýylgyrdym. Ýöne derrew duz dadyp ugradym: - Sag bol dogan, nanyňa-duzuňa bereket bersin, goşuňyz abadan – diýip, turdum gaýtdym eglenmän. Ulagyma münüp ugradym, emma yzyma birki ýola garadym, şol ýerde bir zadym galan ýaly. Ýüregiňmi diýjek bolýansyň, ýok şol ýerde bir ýüzüm galan ýaly, hahaha. Howwa hemmeler ýaly menem ikiýüzli ahyr. Ýaňyjada duz dadyň diýip öýüne çagyran gelniň ýanynda esasy ýüzümi ulanmadym. Esasy ýüzüm nähili, bilýäňizmi? Bilýäňiz. Şol gelin bilen ediberjek işlerim bar -a, ana şol meniň hakyky ýüzüm. Bu günem gelni obanyň gyrasyndan alyp, şähere ugradym. Şu gün gaty dar köýnegini geýipdir, sepinen atyram janyňy alyp barýar. Ulagyň salonynda oturan ýerinden maňa seredýänini birki gezek gördüm. Ulagyň arkany görkezýän aýnasynda gözlerimiz gabatlaşdy. Ýa Rebbi, Ýa Rebbi, Ýa Rebbi özüň awraý berewer. Gelin öýüniň gapdaljygynda ulagymdan düşdü-de gitmän duruberdi. Men içimden «Näme maşynyma müneni üçin men tölemelimikäm» diýip, geň galdym, ýüzüne seretdim. Ýüzüne seretsem ýyljyraklap kellejigi bilen «ýör» diýýär şeýtan gelin: - Kofe içip gidiň, birje bulgur. Türkden gelen kahwamyz bar - diýip, ýene diljagazyny aýnadadanam bolýar. Ahyr bolmady, gapymy özi açyp, elimden tutup idirdikletdi göni. Kofäniň goňrasdan ýakymly ysy özüme getirdi. Diňe ol hem däl, gelin bu gün has ýakynlaşdy maňa. Gujagyma giräýjek bolýar. Dyzlarymy ýassanyp otyr. Menem toba eden adam. Häzir gaty erbet ýalňyşjagymy bili-ip durun-da. Sebäbi şu ugurda kän ýalňyşyp gördüm. Eden tobamy bozmaýyn diýip, gelin bilen egri oturyp dogry gepleşeýin diýdim. Maksadyny soradym, biraz oňaýsyz. Gelin ýerinden turdy, tolgundy, ýene aşak oturdy: - Bilýäňizmi, sizi gowy gördüm. Gaty salyhatly görmegeý adam ekeniňiz. Size aşyk boldum, çynym bilen söýdüm sizi. Ýöne pikir etmäň bir bozuk haýrana sataşdym diýip, ýa siziň maşgalaňyzy bozmagam islämok. Men «düşünemok saňa onda» diýen manyda gözlerimi mölerdip seretdim oňa. Ol bolsa aşak bakyp sözüni dowam etdi: - Men sizi adam hökmünde gowy gördüm, erkek hökmünde sizden perzent isleýän. Siziň ýaly mert ynsandan zürýadym bolsa, ýaşan ömrüm bimany geçmez. Hekaýamyň iň gyzykly ýeri geldi şu wagt. Menem ýaman aldym-berdimli pursatlarda. Top derwezäniň edil agzynda, topçularam gyjyr-myjyr. Içki ýagdaýymda şü. Ýüzümi ýerden galdyryp gelne seretdim, gelin aşak bakyp otyr gaşymda. Indi onuň islegini bitirmek är işi, erkeklikden saýylýar. Her kime berilýän şansam däl bagt aslynda. - Menem sizi gaty gowy gördüm. - diýip, ýoňsuz ýuwdunyp söze başladym. - Siziň ýaly owadan, akylly, süýji dilli, hoşgylaw maşgala Allanyň gudraty bilen döräýen bir keramat. Men şu ýerde sägindim, sebabi ýene şol baýaky peşeneli ýaşuly ýadymyň bir çetinde agaran gür gaşlaryny galdyryp, gözlerini güldürip dur. Birhili boldum-aý, derrew ses tonumam üýtgedi öýdýän: - Size gerek bolsa ömrümi bagyş ederdim. Ýöne isleýän zadyňyz meniň üçin Kap dagy ýaly agyr zat. Eger çyndanam meň ýaly ogluňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz ýeke-täk bir ýol bar. Gelin umytly gözlerini dikanlap seretdi, men ýene sözümi dowam etdirdim: - Siz meniň kyýamatlyk ejem boluň! Men siziň kyýamatlyk ogluňyz... Men sözümi soňlap bilmedim, gelin zöwwe ýerinden turup, beýleki otaga tarap gyssanmaç gidip galdy. Bir salymdan aglaýan sesi eşidildi. Men gitjegimem bilmän, galjagymam bilmän, iki jan awara bolup otyryn. Ýöne birhili tobamy bozmanym üçin içim erbet dyrmalanyp agyrýar, ýöne gelniň haýyşyny bitirmänim üçin indi işim oňup gitjek ýaly. Şol wagt içimden näme diýýän diýsene, häzirlikçe bir işim oňubersin, soň göreris. Özem göz öňüme baýaky goja gelýär, şol garry gaýnatama meňzeş, arkaýyn gepleýän goja. Şol meň garry gaýynatama ýöne ýerden meňzänok-da. Soňra iş ýerime gelip, öz eden işime syn berip oturdym. Bi eden priýomym bir zaman Baýram hanyň ogly Abdyrahmanyň eden işi. Bir ýerde okapdym. Megerem Prem Çandyň romanynda bolaýmasa şu epizod. Aý garaz menem ulandym durmuşda. Hany, indi ertirden synlap başlaly, işler biraz ýöreşiberer. Ertir belki şol ýaşuly halymdan habar alyp gider. Meň ýüzümde entegem toba maskasy bar. Sylapberdi MUHAMOW. Gökje-Aşgabat, 22.06.2024 ý. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |