22:34 Türkmen harby taryhy: Osmanly türkmenleriniñ rowaçly ýörişi | |
5. Osmanly türkmenleriň rowaçly ýörişi
Taryhy makalalar
600 ýyldan hem uzak wagtlap dowam eden şu beýik döwletiň başlangyç döwri hakynda Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazýar: «1277-nji ýylda Söwütde, Anadolyda mesgen tutan türkmen toparlary özleriniň daşary ýurt duşmanlary tarapyndan her hili horluklara sezewar edilýändigini, howandar, goldaw isleýändiklerini aýdyp, ata Watana – Maryda ýaşaýan howandarlaryna , Ärtogrul Gaza ýörite habar ýetirýärler. Şol habar esasynda Marydan ähli türkmen taýpalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirilýär. Nitejede, Ärtogrul Gazy 400 sany ýigidi bilen Anadolydaky türkmenlere goldaw-kömek bermek üçin ugraýar. Ärtogrul Gazynyň ýolbşçylygynda Merwden ugran 400 atly Oguz hanyň her bir türkmen esgeri müň duşmana taý bolmalydyr diýen wesýetini berjaý edip biljek, atabeglerden söweş, serkerdelik tilsimatlaryny birkemsiz öwrenen saý ýigitlerdi. Atabeglerden söweş, serkerdelik tilsimatlaryny öwrenen Osman Gazy ýigrimi ýyldan soň – 1299-njy ýylda Türkiýede güýçli döwlet döredýär». Osmanly türkmenleriň ägirt uly döwletinde onuň bütin taryhynyň dowamynda jemi 36 soltan häkimlik etdi we eger-de biz olaryň döwlet bähbitli hem-de harby ähmiýetli eden ähli edermenlikleri hakynda gürrüň bermekçi bolsak, onda ençeme kitap ýazmaly bolarys. Şonuň üçin biz dünýäniň şu iň beýik döwletiniň harby taryhyndan has aýdyň mysallary getirmek bilen çäkleneris. Bu döwlet 1922-nji ýylda özüniň dowamatyny bes etdi hem-de soltanlyk Türkiýe Respublikasyna öwrüldi. Bu döwletiň ilkinji soltany bolan Osman Gazy eýýäm Wizantiýa garşy harby çaknyşyklarda öz güýçlerini synap başlady. Goýunhisaryň eteginde ol imperator goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Şeýlelikde, ähli osmanlaryň Günbatara tarap hiç bir bökdençsiz hereket etmegi, ýer-ýurt eýelemegi, mesgen tutmagy, örňemegi üçin ýol açdy. Onuň ogly Orhan (1359-njy ýylda aradan çykdy) Ýewropa gadam uran ilkinji türkmen soltanlaryndan boldy, ol öň diňe zerurlyk dörände dürli tire-taýpalaryň urşujylaryndan düzülýän wagtlaýyn goşunyň ýerine ilkinji gezek ýörite harby tälim berlip, hemişe söweşe taýýar bolan goşuny döretdi. Orhanyň hut öz şahsy janpenalary hökmünde döreden täze goşunlary («ýeni çeriler», ýa-da ýanyçarlar) onuň ogly Myrat I tarapyndan uly pyýada goşun bölümine öwrüldi we şol goşun tutuş 200 ýylyň dowamynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk goşun kysmy boldy. Gysga wagtyň içinde Myrat I Bolgariýany basyp aldy. 1371-nji ýylda bolsa Marisa derýasynyň golaýynda serbleriň goşunlaryny doly derbi-dagyn etdi. Myrat I türkmenleriň Tekeogullary we Germiýanogullary begliklerini hem öz döwletine birleşdirdi. Ol eýýäm 70 ýaşynda bolan mahaly türkmen goşunlarynyň Serbiýa garşy rowaçly ýörişine baştutanlyk etdi. Aýgytly söweş 1388-nji ýylda Kosowo düzlüginde bolup geçdi. Sany duşman leşgerinden az bolan türkmenleriň goşuny ruhunyň belentligi bilen duşmandan üstün çykýardy. Myrat I söweşiň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna örän gözi ýetýärdi, şonuň üçin ol söweş mahaly zerurlyk bolmadyk ýagdaýda hiç bir şähere zyýan ýetirilmeli däldir diýip buýruk çykardy hem-de isaýylar buthanasyna erkinlik berdi. Türkmenler doly ýeňiş gazandy. Myrat I öz döwletini imperiýa derejesine çenli ýokary göterdi. Ýöne türkmenleriň gadymy duşmany bolan Wizantiýa imperiýasyny syndyrmak abraýy, elbetde, Mehmet II Fatyhyň (Ýeňijiniň) (1545 – 1581-nji ýyllar) paýyna düşdi. Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopoly basyp almak ugrundaky söweşler mahaly Muhammet II däri ulanylýan toplary peýdalandy. Şeýle toplar şol döwürde dünýäde hiç ýerde heniz ýokdy. Ilkinji ýasalan top synagdan geçirilip, ondan çykan ok wenesiýalylaryň gämisini gark edenden soň, Adrianopolyň ýörite topçy ussahanasynda öňküden iki esse uly bolan top ýasaldy. Ol synagdan geçirmäge taýýar bolanda, ony sazlamak hem-de ulanyljak ýerine eltmek üçin ýedi ýüz adamdan ybarat goşun topary hem-de on bäş jübüt daýaw öküz gerek boldy. Şeýle köp güýç toplanylsa-da, täze ýasalan ägirt uly top örän kynlyk bilen eltmeli ýerine eltildi. Uzynlygy ýigrimi alty fut (daban) bolan (1 fut – 0,3048 m) we ýogynlygy sekiz dýum (1 dýum – 2,54 sm) bolan bu heniz görlüp-ýeşidilmedik topuň niline agramy 900 tonna bolan ok salyndy. Töwerekdäki oba-şäherleriň ilatyna topuň sesinden gorkmaly däldigi barada ýörite duýduryş berildi. Soňra topuň peltesi ýakyldy we güýçli gümmürdi ýaňlandy. Topuň nilinden çykan ok 1 kilometre golaý aralygy geçdi, topuň sesi bolsa 15 kilometr töwerekde eşidildi. Şeýle oňat netijäniň gazanylandygyna buýsanan soltan ýene-de toplary ýasamak barada buýruk berdi. Şeýlelikde, örän ýokary hilli topçy goşuny döretdi. Şeýle ýaraglara garşy eýýäm galalar hem döz gelip biljek däldi. Muhammet II türkmenleriň ilkinji deňiz goşunlarynyň hem esaslandyryjysy boldy. Elbetde, osmanly türkmenleriň gämileri bardy, ýöne olaryň ählisi köne nusgalar boýunça ýasalypdy we döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýärdi. Gysga wagtyň içinde Ege deňzinde 125 sany täze söweş gämileri we kömekçi gämiçeler guruldy. Şol döwürde guryýer goşuny hem täzeçe guralyp, berk düzgün-nyzama getirildi. Onuň düzüminde örän oňat tälim alan pyýada goşun bolan ýanyçarlaryň 12 müňüsi, hemişelik atly esgerleriň 80 müňüsinden abarat atly goşun, şeýle hem zerurlyga görä toplanylýan goşun toparlaryndan 20 müň adam, inžener goşunlary, toplara we tophanalara seredýän esgerler, üpjünçilik bilen meşgullanýan esgerler, zyňmaçlary we süsňeçleri ulanýan hyzmatçy esgerler bardy. Osmanly türkmenleriň goşuny 1453-nji ýylda Konstantinopolyň etegine gelende wizantiýalylaryň zähresi ýaryldy, grekler öň birmahal diňe atly goşuny peýdalanýan sähraýy türkmenleriň özleriniňkiden köp esse güýçli bolan deňiz goşunynyň hem bardygyny görende bolsa aljyrap, özüni ýitirdi. 1453-nji ýylyň maý aýynyň 29-nda Konstantinopol syndy. Şol gün kuwwatly Wizantiýa imperiýasynyň ýok edilen senesidir. Şäheriň ady Stambul diýlip üýtgedildi («Yslam Bol»). Türkmenleriň soltany indi resmi taýdan «Kaýsar-i Rum», ýagny, Rim imperiýasynyň imperatory diýlip resmi taýdan atlandyrylyp başlandy. Uly türkmen döwletlerinde atly goşundan başga pyýada goşunyň hem giňden ulanylandygy hemmelere mälim, deňiz (derýa) goşuny bolsa asla diňe kömekçi güýç hökmünde ulanylýardy. Ýöne serhetleri Gara, Azow, Ege, Mermer we Ortaýer deňizlerine çykýan Osmanly türkmenleriň imperiýasy hakykatda ýeke-täk deňiz döwletine öwrüldi. Soltan Süleýman Kanuny 1520-nji ýylda tagta çykan mahaly osmanly türkmenleriň diňe Ortaýer deňzinde harby gämileriniň sany 400-den geçýärdi. Süleýman öz goşunlarynda örän berk, hatda ýowuz düzgün-nyzamy girizdi. Mysal üçin, 1526-njy ýylda türkmenler Ýewropa tarap ýörişe ugranda soltanyň gündeliginde şeýle ýazgy peýda boldy: «Maý aýynyň 10-y. Kemal obasynyň golaýynda ekin meýdanynyň basgylanandygy üçin esgeriň kellesi alyndy. Maý aýynyň 11-i. Atlary ogurlamakda aýyplanan iki esgeriň kellesi çapyldy». Şeýle berk düzgün-nyzama tabyn edilen türkmen goşuny Wengriýany basyp almaga barýardy. Soltan Drawa derýasynyň üstünden wagtlaýyn köprini gurmak hakynda buýruk berdi. Bilermenler şeýle işi etmek üçin 3 aýa golaý wagt gerek bolardy diýýärler. Emma «beýik weziriň oýlanyşykly taýýarlyklary we pähim-parasatly erjelligi netijesinde» bu iş üç günüň dowamynda tamamlandy. Goşun şol köprüden geçenden soň soltan ony weýran etmek hakynda buýruk çykardy, sebäbi «yza çekilmek üçin ähli beýleki ýollar ýapyk bolan mahaly onuň esgerleri söweş meýdanynda ynamly durar hem-de ýan bermez, gaçmak hakynda pikirler olaryň kellesine hem gelmez, yza çekilmek mümkinçiligi baradaky oýlanyşma olaryň gorky bilen gurşalan aňynda hem peýda bolmaz». Bilelikdäki wenger, german, iňlis goşunlary Mohaça düzlüginde jemlendi. 1526-njy ýylyň awgust aýynyň 30-nda halklaryň örän beýik söweşi bolup geçdi, şol ýerde osmanly türkmenler tarapyndan wekilçilik edilýän Gündogar öz merdanalygyny we edermenligini, gaýduwsyzlygyny hem-de harby ussatlygyny Günbataryň leşgerlerine görkezmelidi. Şol ýerde türkmenleriň ýarag bilen üpjünçilik babatda hem, söweş meýdanynda dürli tilsimleri ulanmakda hem has ezberdigi doly äşgär boldy. Wenger goşunlary hüjümi özleriniň patyşa Lýudowik tarapyndan baştutanlyk edilýän agyr ýaragly atly goşunynyň tutuş hatar gurap, göni çozmagy bilen başlady, şol goşunlaryň zarbasy türkmen goşunlarynyň edil merkezine gönükdirilipdi. Olar «işler eýýäm rowaç alyp başlady» diýip aldandy, şonuň üçin özleriniň ähli goşunlaryny umumy hüjüme sürdüler. Emma türkmenler ýewropalylaryň leşgerlerini şeýlelikde aldatmaga we ony derbi-dagyn etmäge bil baglap, özleriniň goranyş saplaryny biri beýlekisiniň yz ýanynda duran hatarlar görnüşde ýerleşdirdiler, özleriniň esasy goşunlaryny bolsa has yzda, baýryň eteginiň ýanynda jemläpdiler. Şeýlelikde, wengerleriň atly goşuny öňe omzap barmagyny dowam etmek bilen, osman goşunlarynyň esasy zarba urujy güýji bolan hem-de öz soltanlarynyň töwereginde jemlenen ýanyçarlaryň üstünden bardy. Süleýmanyň özi öz ýanyçarlaryna söweşde baştutanlyk etdi. Türkmenleriň toplary takyk we hemişe bolşy ýaly, sazlaşykly hereket edýärdi. Söweşiň nähili netije bilen tamamlanmalydygyny hem onuň hereketleri çözdi, sebäbi toplardan atylýan oklar osmanly türkmenlere wengerleri gabamaga we olaryň leşgerlerini kül-peýekun etmäge mümkinçilik berdi. Söweş bary-ýogy bir ýarym sagadyň dowamynda üstünlikli tamamlandy. Wengriýanyň patyşasynyň özi hem söweş meýdanynda wepat boldy. Biziň bu söweş hakynda gürrüň bermegimiz asla tötän zat däl. Şondan soň türkmenler Ýewropanyň iň merkezinde 200 ýylyň dowamynda berk mesgen tutdular, onuň ähli syýasatyny kesgitlediler. Şeýlelikde, osmanly türkmenleriň imperiýasy biziň ata-babalarymyzyň guran ähli döwletleriniň iň güýçlüsi boldy we ony hiç ýok edip bilmediler. Häzirki Türkiýe Respublikasy onuň oruntutarydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||