18:38 Türkmen-Päkistan gatnaşyklarynyñ gadymy kökleri | |
TÜRKMEN – PÄKISTAN GATNAŞYKLARYNYÑ GADYMY KÖKLERI
Taryhy makalalar
Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanamyzda ýurdumyz dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdygy, millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň briridir" diýip nygtaýar. Türkmenistanyň baý taryhy mirasy onuň umumydünýä medeniýetine gatylyp-garylmagynyň hakyky ýoluny kesgitlemäge kömek berýär. Türkmen halkynyň taryhynyň gözbaşynda ýerli gadymy ekerançylyk jemgyýetleriň we medeni gymmatlyklaryň gülläp ösmegine medeni hem söwda aragatnaşyklary ýardam edipdir. Irki medeni gymmatlyklarymyzyň başlangyçlary eneolit, ýa-da Änew medeniýeti diýlip atlandyrylan zamanynda, ýagny miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda ýüze çykypdyr. Şol döwürde gadymy türkmenleriň medeni gatnaşyklarynyň hakyky sudurlary äşgär bolup başlady. Bu gatnaşyklaryň ölçeg guraly bolup nagyşly küýzegärlik önümleri ilkinji nobatda öňe çykýar. XX-asyryň ortalarynda Päkistanda ýerleşýän Bulujystanyň demirgazygyndaKwetta şäheriniň ýanyndaky Kili-Gul-Muhammet, Keçi-beg, Karez, Damb-Sadaat ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw agtaryş işleri geçirildi. Bu işleriň netijesinde miladydan öňki III-II müňýyllyklarda Kwettanyň ýerleşen ýerlerinde köp ilatly 24 obanyň bolandygy, bu obalyklardan tapylan agaç kömürini radiokarbon-takyk usuly bilen derňew geçirilende yzygiderli oturymly irki ekerançylyk medeniýetiniň bolandygy anyklandy. Gatlaklarynyň galyňlygy 5 m bolan "Kili Gul-Muhammet I" ýadygärlikden miladydan öňki III müňýyllygyň ikinji ýarymyna we II müňýyllyga degişli toýundan ýasalyp, nagyşlanan gaplar ýüze çykaryldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem şu döwürde, miladydan öňki III müňýyllygyň aýagynda, dürli reňkleriň ulanylyp başlanylmagydyr. Bu döwürde, gara, goňur we gyzyl reňkler bilen aksowult reňk düşelen gaplaryň ýüzüne nagyş çekilen. Şeýle gaplar Günorta Bulujystanda giňden ýaýrap, gadymy Hindistan siwilizasiýasyna degişli Harappa we Mohenjo-Daro ýadygärliklerinden hem bellidir. Kwettadaky Damb Sadaat II ýadygärliginiň tapyndylary aýratyn tapawutlanýarlar. Bu ýerden ýüze çykarylan gaplarda gara we goýy goňur reňkler bilen çekilen çylşyrymly geometriki şekiller, şeýle hem ösümlikleriň we haýwanlaryň şekilleri salnan nagyşlar bar. Şeýle tapyndylar Günorta Türkmenistanyň Göksüýri topar ýadygärliklerde, Garadepede, Hapyzdepede; Owganystandaky Mundigak ýadygärliginde hem duş gelýärler. Kwetta gaplarynyň gelip çykyşyny alymlar dürli döwürlere degişli edipdiler, emma radiokarbon derňewinden soň olaryň miladydan öňki III müňýyllygyň ikinji ýarymyna degişlidigi anyklanyldy. Günorta Türkmenistanda Änew medeniýetine degişli ýadygärlikler toplumynda geçirilen barlaglaryň netijesinde irki ekerançylaryň Tejen(Gerirud) derýasynyň ýakalaryna we ondan-da aňryk süýşendikleri mälimdir. Demirgazyk Bulujystanyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň goňşy halklar bilen arabaglanyşygy yzarlanylanda miladydan öňki IV müňýyllygyň ahyrynda III müňýyllygyň başynda günorta Türkmenistanda ýerleşen Garadepede, Göksüýride şol nagyşlaryň giňden ulanylandygy aýan edildi. Alymlar miladydan öňki III müňýyllykda Kwettada Göksüýri täsiriniň duýulýandygyny belleýärler. Munuň şeýledigini Göksüýriden we Kwettadan tapylan heýkelleriň we nagyşly gaplaryň deňeşdirilmegi subut edýär. Günorta Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda gülläp ösen nagyşlar toplumy Demirgazyk Bulujystanda miladydan öňki III müňýyllygyň ikinji ýarymynda, II müňýyllykda giňden ýaýrapdyr. Soňky ýyllarda Bulujystanda, Mergar oturymynda geçirilen işler Türkmenistan bilen medeni aragatnaşyklaryň täze subutnamalaryny ýüze çykardy. Bu ýerde oturymyň ýokarky VIII gatlagynda we goňşulykdaky Sibri depede Altyndepe üçin mahsus bolan maglumatlar tapyldy. Bu mysallar bolsa iki sebitiň arasynda medeni gatnaşyklaryň bolandygyny ýene bir gezek tassyk edýär. Bar bolan maglumatlaryň netijesinde miladydan öňki III müňýyllygyň ikinji ýarymynda Kwettanyň töwereginde demirgazyk-günbatardan, ýagny Günorta Türkmenistandan ekerançylaryň göçüp barandygyny we olaryň ýerli halk bilen garylyp gidendigini, emma Türkmenistana häsiýetli gymmatlyklaryň täsirini ýetirendikleri anyklandy. Maglumatlar derňelende Damb Sadaat II ýadygärliginden tapylan gaplardaky nagyşlaryň 25 göterimi Günorta Türkmenistanyň nusgalary bilen meňzeşdigi anyklandy. Bu nagyşlar örän uzak wagtyň – müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, çylşyrymlaşyp, häzirki günlere gelip ýetdiler we türkmen geýimlerinde, halylarynda öz orunlaryny tapdylar. Häzirki döwürde Owganystanda we Päkistanda ýaşaýan buluçlar hem gadymdan gelýän nagyşlary haly önümlerinde ulanýarlar. Ol nagyşlar türkmenleriň Kerki we Gyzylaýak gölli halylary bilen bir meňzeşdir. Soňky 30 ýylyň dowamynda Margianada geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryşlarynyň maglumatlary has uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerden tapylan we öwrenilen tapyndylaryň ählisi olaryň hakykatdan-da gadymiýetiň beýik medeni gymmatlyklary bolandygyna, Mesopotamiýanyň, Müsüriň, gadymy Hindistanyň we Hytaýyň medeni gymmatlyklary bilen bir hatarda durýandygyna hem-de olary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň başinji merkezi bolandygyny hasap etmeklige doly esas bardygyna şaýatlyk edýär. Goňurdepe ýadygärliginiň 250-300 m günbatarynda uly şäher gonamçylygynda geçirilen gazuw-agtaryşlaram baý maglumatlar berdi, olar ozaly bilen ilatyň durmuş taýdan toparlara bölünişini we olaryň haýsy etnik, topara dahyllydygyny öwrenmekde ähmiýetlidir. Uly mazarystanlygyň jaýlaýyş toplumlarynyň we mazarlaryň gurluşynyň Päkistanyň demirgazygyndaky Swatt gonamçylygy bilen gös-göni meňzeşligi geň galdyrýar. Üstesine-de, uly gonamçylygyň mazarlarynyň köpüsi diňe bir gurluşy boýunça däl, eýsem jaýlaýyş dessurlary boýunça hem biri-birie meňzeşdirler. Bularyň hemmesi hem iki goňşy ýurtda dessurlaryň umumy bolandygyny, ölüm, ahyret we merhumlary jaýlamagyň usullary boýunça olaryň düşünjeleriniň biri-birine ýakyn bolandygyny çak etmäge esas berýär. Swatt gonamçylygynda jaýlananlaryň ýanyndan tapylan zatlaryň arasynda esasan küýzegärlik önümleri öz toplumynda ýerli we Margiana üçin häsiýetli bolan gaplary jemleýär. Ýöne muňa garamazdan, Swattda olar gyzyl we gara toýundan ýasalypdyr, Goňurdakylar bolsa açyk reňklidir. Aýratyn hem güldanlar, küýzeler we iri görnüşli humçalar Harappa medeni gymmatlygy üçin häsiýetli bolup, Türkmenistanda Margianada hem, Köpetdag etegi düzlükleriniň oturymlarynda hem gabat gelýär. Görkezilen mysallar bu sebitleriň arasynda medeni gatnaşyklaryň müňýyllyklaryň dowamynda ysnyşykly bolandygyny ýene bir gezek tassyk edýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň gadymy medeniýetiniň maddy gymmatlyklarynyň Gündogar ýurtlarynda uly orna eýe bolandyklaryna we ýerli medeniýetlere öz täsirini ýetirendiklerini şübhesiz aýdyp bolar. Nurgözel BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |