09:12 Türkmen romany we dünýä edebiýaty | |
TÜRKMEN ROMANY WE DÜNÝÄ EDEBIÝATY
Edebi tankyt
Romanyň žanr tebigaty reallygyň wagt taýdan uzaklygyny hem menzil taýdan giňligini görkezmäge mümkinçilik berýär. Durmuşyň köpgatlaklygy, köptaraplylygy hem köpmanylylygy romanyň süňňüne siňýär. Ol durmuşyň belli bir nukdaýnazara esaslanýan bitewi, tutuş suratlanmasydyr. Biri-birine meňzeş görünýän günler dürli wakalardan doly. Durmuş çylşyrymly, üznüksiz. Ine-de birden çylşyrymly durmuşyň haýsy hem bolsa bir güni, bir wakasy, bir tarapy ýazyjynyň kalbyna güýçli täsir edýär, möhürini basýar. Awtor anyk tarapyň nukdaýnazaryndan üznüksiz reallygy tertipleşdirýär. Romandan tapawutlylykda hekaýa – durmuşyň belli bir tarapynyň ýa pursatynyň açylyp görkezilmegidir. Bu ýerde durmuş özüniň bütin giňliginde hem çuňlugynda ýaýbaňlanyp bilmeýär. Hekaýanyň süňňüne tükeniklilik mahsus. Romanda bolsa durmuş tükeniksizligi sistema öwrülen, proporsiýalary üýtgäp, belli bir forma giren tükeniksizligine galýar. Romanyň formasy – durmuşy sözden ybarat surata düşürmegiň usulydyr. Islendik mazmun belli bir forma girmese, reallyk hökmünde ýüze çykyp bilmez. Forma köpleriň göz öňüne getirişi ýaly mazmunyň eşigi, mazmun babatda kemsidiji ikinjiligi aňladýan zat däl. Forma – mazmuny içinden gurnamagyň täri. Otagdaky ýaşaýyş – jaýyň mazmuny, ýöne diwarlary dogry kesgitlemeseň, birikdirmeseň, formany kesgitlemeseň, ýaşaýyş otagy emele gelmeýär. Biziň edebiýatymyzda ýara düşen gurtlar kimin köpelýän romanlaryň şowsuzlygy – olarda romanlyk formalaryň ýoklugydyr. Olarda hekaýanyň hem ýüki ýok halatlaryna duşsa bolýar. Ýöne bu betbagtlygyň diňe ýarysy. Iň gynançly ýeri, olarda romanyň däl, hekaýanyň hem örküni göterjek forma ýok. Edebiýatyň garyplygy – ilkinji suratda forma garyplygydyr. Okyjy eseriň mazmunyna diňe onuň formasy arkaly akyl ýetirýär. Döreýiş prosesinde birinjilik mazmuna degişli bolsa-da, ýaşaýyş, okyjynyň kabul ediş prosesinde birinjilik formanyňkydyr. Roman – ullakan hekaýa däl, muny – romanyň struktura çylşyrymlylygy, köpgatlaklylygy, köpgyranlylygy subut edýär. Roman – ýanaşyk ýa üsti-üstüne goýlan birnäçe hekaýa-da däl, munda romanyň struktura bitewüligi tapawut edýär. Powestiň öz žanry, formasy ýok. Şonuň üçinem beýle žanram ýok. Powest diýilýänleriň ýarysy-ha ullakan hekaýa, galan ýary-da kiçijik roman. Powest – arassa göwrüm ölçegidir. Ýalňyşmaýan bolsam, biziň dessanlarymyz poweste gaty ýakyn bolmaly. Häzirki edebiýatda bolsa hekaýa hem roman esasy proza žanrlarydyr. Olaryň döreýiş taryhy Günbatar Ýewropa edebiýaty bilen baglanyşykly... Roman ilkibaşda roman dilli halklarda häzirkizaman manysynda formirlenipdir. Romanyň esasy mazmun aýratynlygy – onda eposdan tapawutlylykda şahsyýetiň ykbaly hem nukdaýnazary esasy orny eýeleýär. Buržuaz siwilizasiýasynyň ösüp başlamagy orta asyrlarda kollektiwizm tarapyndan egninden basylan şahsyýetçiligi öňe çykarýar. Klassyky romanyň konflikti – şahsyýet bilen jemgyýetiň arasynda adam bilen dünýäň arasyndaky intrigadyr. Roman bilen baglanyşykly baş gahryman düşünjesiniň ýüze çykmagy-da şunuň bilen baglanyşykly. Şu wagta çenli roman edebiýatda çylşyrymly ýol geçip, dürli özgerişlere sezewar bolupdyr. Ýaşamak isleseň, özgermäni, durmuşyň logikasyna görä üýtgemäni başarmaly. Roman müňlerçe ýazyjylaryň döredijilik ylhamyny öz formalary arkaly materiallaşdyrmaga ukyply bolup çykdy. Bu günki gün edebiýaty romansyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçinem türkmen romanynyň ykbaly hakda pikir etmek ertiriň adaty aladasy bolup durýar. Şol aladalaryň möhüm bir bölegi – romanyň geçmiş tejribelerini döredijilikli özleşdirmek bolsa gerek. Munuň özi edil biziň üçin dünýä edebiýatynyň, rus dilli edebiýatyň hem-de öz türkmen edebiýatymyzyň romanlarynyň düýnüni hem şu gününi paýhas eleginden geçirmekdir. Ikinji sortly ýazyjy bolup döretmek islemesek, biz dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan bihabar galmaly däldiris. Käte öz-özüm bilen gürleşýärin! Sen seýis, seniň seýisleýän gaty ýyndam atyň bar. Seniň mydama atyňy salýan aýlawyňam bar. Seniň atyň öňüne at geçirenok. Sen – birinji. Özüňden göwnüň hoş. Ýöne şol bir wagtda özge bir aýlaw hem bar, ol ýerde özge ýyndamlyk, başga aýaklar hem synalar bar. Belki, ol has uly aýlawdyr? Ýeri, onsoň sen aýlawa barmazdan, at goşmazdan, özge atlar bilen ýaryşmazdan öz-özüňden, öz ýyndamlygyňdan göwnühoş gezip bilermiň? Biziň türkmen romanymyz üçin dünýä romanynyň derejesi şol aýlawdyr. Ula ýykylmak, nusga ymtylmak, onuň ölçegleri hem talaplary bilen öz injigiňi barlamak ösüşiň girewidir. Ýöne bu taýda özüň üçin aýdyňlaşdyrmaly pursatlaram az däl. Dünýä romanynyň ösüş prosesi öz logikasy bolan bitewi tebigy proses. Biz häzirlikçe onuň daşyndaky, ikinji bir liniýany aňladýan hereketiň içinde ýaşaýarys. Onsoň birinji prosesiň tebigylygyna düşünýän, onuň janly dokumalaryny öldürmezden özüne siňdirip bilýän, ony öz ösüşi üçin melhemli peýdalanyp bilýän intellekt gerek. Fransuz, nemes, amerikan ýazyjylarynyň eserlerini, edebiýatçylarynyň makalalaryny okaýaň weli, mahal-mahal alasarmyk ýagdaýa düşýärsiň: özge semiotiki dil, özge pikirleniş, özge problemalar, özge stil hem başga sözlem, bir söz bilen aýdanyňda, dünýä hem edebiýata has başgaça düşüniş. Bize bu zatlaryň nämesi, haýsysy dahylly bolup biler? Meniň pikirimçe, biz olardan türkmen ruhunyň göterjek zatlaryny almaly. Ýazyjy roman bilen baglanyşykly ähli professional gürrüňlerden hem seh meselelerinden habarly bolmaly. Dünýä romany meni okyjydanam beter ýazyjy hökmünde gyzyklandyrmaly. Romanyň tehnikasy hem formasy, awtoryň pikirleniş stili, duýgyny hem täsiri kagyza geçirip bilşi, sözlem düzüşi, epizod hem sýužet gurnaýşy meniň professional gözýetimlerimiň gaty giňelmegine ýardam edip biler. Roman meselesindäki dürli hatlar, stiller, žanr formalary edebiýata, onuň estetiki mümkinçiliklerine garaýşyň özge ölçegleriniň bardygyny görkezip biler. Garaz, men özümiň hetdimi, entek gögeleligimi bilip, ussatlaryň şägirdi bolmagy özüme kiçilik bilmeli däl. Dünýä romanynyň ösen nusgalaryny beren, bu meselede taryhy inisiatiwany elde saklaýan edebiýatlaryň bardygyna, bularyň has yzyndan barýanlaryň bardygyna garamazdan, intellektual hem estetiki elgaramalyga düşmeli däldiris. Sungat önümçilik däl, çeper gymmatlyklaram kollektiw bolup döredilenok. Önümçilikden tapawutlylykda döredijilige şahsyýetleýin amal edilýär. Kiçi milletlerdenem uly milletleriň ýazyjylary bilen egin deňläp bilýän şahsyýetleriň çykýandygyna ummasyz köp mysal bar. Ýöne-möne däl ýazyjy bolmak üçin sredanyň, terbiýäniň, estetiki aslyň – aňryň we gaýry obýektiw şertleriň zerurdygyny inkär edemok, ýöne jemgyýetçilik ýa antropologik direglerden tapawutlylykda, estetiki-döredijilik daýanç nokatlaryny tebigy berlen şahsyýetiň öz-özi hem tapyp, kesgitläp bilýär. Döredijilik erkiniň azatlygy maksimal berlendir. Zerur halatynda onuň öz asylbaşky sredasyndan ýokary göterilmegi hiç hili kanuna garşy gelýän zat däl. Garaz, türkmen romançysy dünýä edebiýatynyň iň oňat nusgalarynda terbiýelenmeli diýip hasap edýärin. Bu onuň ýazyjylyk kämilligine ýetmegi üçin badalga bolmaly. Ýöne ony hakyky ýokary göterjek zat — öz milli edebi aňrymyzdyr. Müňýyllyk, hatda ondanam köp döwür içinde döredilen negözel çeper gymmatlyklar, ruhuň irginsiz gözlegleriniň netijeleri taryhy hakydanyň astky gatlaklarynda baslygyp ýatyrlar. Ussat ýazyjy müňýyllyklaryň gan bile geçýän täsirini irginsiz zähmeti bilen hakyda derejesinde oýandyryp, olary, ýene bir gezek nygtaýandygym üçin bagyşlaň, häzirki estetiki dile geçirmäni, häzirki hakykaty teswirlemek işine hyzmat etdirmäni başarmaly. Diýmek, milli çeperçilik gazananlarymyzyň sintezi gerek. Hawa, bu dilde aňsat. Romançy bolmak üçin gaty köp zat gerek, iň çatak ýerem, olary ugruna düşüp, ylgap alyp bolanok. Ýa tötänlik, ýa kanunalaýyklyk proseslerine görä, ýa olaryň utgaşmagy ýa-da çaknyşmagy bilen, olar ýazyja berilýär... ýa-da berilmeýär. Dünýä romany XX asyrda görlüp-eşidilmedik täzelikleri açdy. Dürli estetiki akymlar, dürli edebi mekdepler, ägirt şahsyýetler başyňy aýlaýar, hem ýüregiňi howladýar. Ýazyjylyk hünärine dahylly adam hökmünde men döredijilik endamynda yz goýan zat – Ýewropa romançysynyň şahsyýetindäki bize geň, ýöne şol geňligi bilenem bize-de juda zerur iki sypat hakynda aýtmakçy. Çünki olaryň ikisi-de biziň iň talantly ýazyjylarymyzda ýetmezçilik edýär. Birinjiden, munuň özi Ýewropa romançysynyň ylmyň dürli ýa-da belli-belli ugurlaryndan gaty düýpli sowatlylygy, baş çykarýanlygy. Döredijilik materialyny olar diňe durmuşdan, onda görýän, ýaşaýan adamlaryndan däl, eýsem hakyt olaryň ylymdaky beýanyndan alýarlar. Estetiki hem professional ösüşiň ondan aşaky derejelerinde, aýdaly, biziň häzirki derejämizde munuň zerurlygy ýok ekeni. Ýazyjy gös-göni durmuşyň özünden gelýän informasiýalary çeper reallaşdyrmak bilen oňňut edýär. Ylma daýanmak edebiýat strukturalaryny-da çylşyrymlaşdyrýar, has intellektual okyjyny küýsedýär. Gumanitar ylymlaryň adam hem onuň dünýä gatnaşygy babatdaky täsin açyşlary Ýewropa romanynyň birgiden mekdeplerine esas bolupdyr. Haýdeggeriň filosofiýasy – fransuz ekzistensialistleriniň, Freýdiň psihoanalizi – J.Joýsyň, Gussleriň fenomenologiýasy – «täze romançylaryň«, Ýungyň arhetipleri – Saýgwinetiniň dünýäni täzeçe görmegine we olaryň düýpgöter üýtgeşik çeper sistemalaryny açmagyna getiripdir. Gepiň gerdişine görä aýtsam, biziň öz taryhy tejribämizde-de analogiki hadysalar bolandyr. Sufizm adam ruhunyň fenomeni hökmünde dinde döredi, soň filosofiýada sistemalaýyn işlenmesini tapdy, ondan soň onuň psihologiýasy işlenip düzüldi, soňra-da ol edebiýata girip gitdi... Onsoň beýle geň-taňlyk aslynda biziň beýnilerimiz, ýüreklerimiz üçin görülmedik zat däldir. Magtymgulynyň intellekti tebigatdan ýa taryhdan daşary bir zat däl. (Biziň edebiýat ylmymyzda bolsa Magtymgulynyň «gudraty» hakynda entegem halkyň stihiýalaýyn garaýşy derejesinde rowaýatpisint gürrüňler dowam edýär – gülkünç!) Ikinjiden, Günbatar Ýewropa romançylary gaty ýokary perdelerde tankydy-teoretiki pikir ýöredibilýärler. Olaryň iň beýikleriniň tas hemmesi edebiýat tankytçysy hem teoretigi. Munuň özi gaty düýpli hem köp zatlary göze dürtýän faktmyka diýýän. Teoretiki-tankydy sowatlylygy romançynyň professional hem adamçylyk mertebesini beýgeldýär. Çylşyrymly terminologiýa, güýçli pikirlenme apparaty, tankydyň, paýhasyň her hili oýunlary – bu ýazyjy däl-de, professional edebiýatçy bolaýmasyn diýdirýär. Gepiň gysgasy, ýazyjy hem tankytçy bir şahsyýetde kemala gelipdir, bu biziň geljegimiziň nusgasy bolaýady. Şeýle şahsyýetiň galamynyň astyndan çykan romanlaryň gowşak bolmagy mümkin däl. Şonda-da özümize peýdaly, täsirli bolar nukdaýnazaryndan olar barada umumlaşdyryjy – informatiw gürrüň etmelimikäk diýýärin. Şeýle informasiýa şu wagta çenli özge tötänlikleriň arasynda gezen okyjyda dünýä nusgalaryna höwes oýaraýsa, nähili oňat. Dünýä romanynyň, öz aňlaýşyma görä, bäş sany tipini tapawutlandyrasym gelýär. Hawa, munuň özi aslynda has çylşyrymly, belki-de, başga proporsiýalardaky özboluşlylyklaryň hem tapawutlaryň türkmen edebi utilitarizmi tarapyndan berlen türkmençe formulirowkasydyr. Gep, ol formulirowkanyň bizden öňinçä taýýar ekenliginde däl-de, biziň oňa berýän, süsdürýän manymyzda. Şol bir pikir ikinji biri tarapyndan gaýtalananda-da, eýýäm birinji aýdylandaky many üýtgeýär, bir zatlar-a goşulýar, bir zatlaram, garaz, aýrylýar. Günbatar romanynyň ilkinji tapawutly tipi epopeýa-romandyr. Roman-epopeýa formasy boýunça monumental milli taryhy, durmuşyň esaslaryny suratlandyrýan romandyr. Fransuzlarda oňat bir söz bar: «Öňýeten şähere filosof ýetdirip duranok». Şu sözi biraz üýtgedibräk şeýle diýerdim: «Öňýeten millete filosof ýetdirenok». Munuň özi faktdyr. Ine, biz, soňky ýüz ýylyň içinde ýekeje bir filosof aldykmy? Elbetde, ýok! Näme üçin beýle bolýar? Sebäbi original filosof – dünýä, ýaşaýşa özboluşly baha kesip bilýän paýhas diňe barlygyň teýinde ýatan meseleler hakda düýpli oýlanýan milletde döreýär. Ol milli taryhyň, milli ýaşaýşyň tejribelerini filosofiki umumylaşdyrmak, şonuň netijesinde-de iň esasy ýörelgeler babatda öz pikirini aýdyňlaşdyrmak, baha kesmek bilen meşgullanýar. Munuň üçin bolsa hem dartgynly, intensiw milli taryhy ýaşaýyş, hem ony öz eleginden geçirip bilýän paýhasdyr çuň intellekt gerek. Bu bolsa hemme kişiň köçesinde dagap ýatan zat däl. Ine, roman-epopeýa-da şu hili filosofyň hem beýik ýazyjynyň bir şahsyýete birigen ýerinde döreýär. Köpler epopeýa bolanynda diňe taryhy hereketleriň masştablylygy, taryhy ykballaryň monumental gerimlerde berilmegi diýip düşünýär. Ýok, beýle däl! Bularyň üstesine, taryhy milli hereketlerden filosofiýa alyp bilýän, diňe fiziki-taryhy däl, eýsem akyl ýaşaýşy bilen original hadysa bolup durýan millet gerek. Şu manyda özüm-ä dünýä edebiýatynda-da roman-epopeýa köp diýip aýdyp biljek däl. Meniň bilýänlerimden Gomeriň, Şekspiriň, Serwantesiň, L.Tolstoýyň, Ferdöwsiniň, G.Markesiň eserlerini görkezmek bolar. Roman-epopeýalar – taryhy durmuşyň formalary, predmetleri esasynda ýazylan milli «kuranlardyr». Olar ýaşa-ýyş babatda iň umumylaşdyryjy görnüşde çykarylan milli (adamzat) netijesidir. Mundan ýokarda dünýäni söze geçirmegiň diňe birje derejesi – Hudaýyň öz sözleri – «Injil», «Bhagawad-Gita», «Awesta», «Kuran» we gaýrylar bar. Fantologik nukdaýnazardan seredeniňde, epopeýa geçmişe degişli ýaly bolup dur. Edil beýle-de däl. Milletiň beýikligi öten zaman formada bolsa, öz ruhy energiýasyny aýan etmegiň iň beýik etaplaryny yzda galdyran bolsa, onda geçmişe degişli diýse-de bolar. Bu zatlaryň bary entek öňde bolsa weli, romanyň bu görnüşi hakda geljek zamanda-da gürrüň etse bolardy. Ýöne üçünji bir halatyňam mümkinçiligini inkär etmeli däl. Dowamly öten zaman – milli ruhy energiýanyň ýitmek, gaýtadan joşa gelmek kanuny bar. Munuň özi ýanyp, soň ýene öz külünden döreýän kaknus guşy ýada salýar. Romanyň ady agzalan tipine başgaça ekstensiw roman hem diýilýär, ýagny ol hakykaty relýefleýin, giňliginde suratlandyrýar. Dünýä edebiýatynyň taryhyndaky intensiw romany-da görkezmek bolar. Munda hakykat adam aňynyň, psihologiýasynyň çuňlugyndaky wertikal prosesler hökmünde alynýar. Dünýä – adam psihikasynyň formasy hökmünde. Adamyň durmuşa gatnaşygynyň, onuň hereketleriniň motiwasiýasyny tapaýmak örän çetin. Dostoýewskiniň romanlaryny okap, onuň beýik al-Gazaly bilen ýakynlygynyň bardygyny aňdym. Ikisi-de adamyň erkiniň onuň aň-düşünjesinde däl-de, ikinji bir sferada kesgitlenýändigini tekrarlaýarlar. «Jenaýat hem jeza» romanynda R.Raskolnikow garry kempiri hem onuň kemakyl uýasyny paltalap öldürýär. Gahrymanyň şu hili hereketiniň sebäplerini açyp görkezmek, has dogrusy, muňa synanyşyk tutuş bir romany emele getiripdir, şonda-da ol synanyşyk belli bir netijä gelmek bilen gutarypdyr diýip aýtmak mümkin däl. Dostoýewskiniň gahrymanlary kimdir biri, ýa-da nämedir bir zat tarapyndan herekete getirilýäne meňzeýär. Şu ýazyjydan öň adam psihologiýasy ikinji bir bitewi reallyk – daşky reallyga barabar dünýä hökmünde doly hem gutarnykly suratlandyrylmandy. Z.Freýd ýaly alymlaryň Dostoýewskiniň gözlegleri netijesinde giden bir ylmy – konsepsiýany – taglymaty açandygyny, şol esasynda adamzat taryhynyň, ýaşaýşyň düýp manysyny bütinleý, başgaça düşündirendigi ýöne ýere däldir. Motiwasiýalar meselesinde anyk bir pikire gelmänsoň, awtor gümansyradyp gepleýär, onuň iň söýgüli jümleleri «birden», «birhili», «eden ýaly boldy», «ýörän ýaly boldy» diýen ýaly sözlerdir. Munuň özi adamyň ykbalyny özi dolandyrýandygyna, onuň öz psihologiýasyndan başga nämedir bir zada akylynyň çatýanlygyna güman döredýär. Dostoýewskiniň intensiw romany daşky dünýäniň ekstensiw reallygyna kembaha garady. Şonuň üçinem onuň romanlarynyň suratlandyryş manerasy telespektakly ýada salýar. Birnäçe okyjylaryň bu ýazyjyny içgysgynç hasaplaýandygynyň sebäbi hem şunda bolsa gerek. Dogrudanam, teatryň janlylygy, şertlilik içinde ýaşaýan tebigy simwolikasy lenta geçirilip görkezilende içgysgynç bolar. Munuň özi «Ganly sakany» türkmen halk sazyna goşup aýdan ýaly bir zatdyr. Dostoýewskiniň ekranizasiýasynyň şowsuzlygy-da onuň çeper dünýäsiniň tebigaty bilen baglanyşykly hasaplaýaryn: teatr sahnasynyň çäginden çykmaýan hereketleri, ondan-da beter psihologiýany nädip kino diline geçirersiň?! Geçirip bolardy, eger Dostoýewskiniň özi ýaly genial režissýor-psiholog döränliginde. F.Dostoýewskiniň roman döredijiliginiň nukdaýnazaryndan seredeniňde, XX asyryň birinji hem ikinji ýarymynda dünýä romançylygynyň ykbaly has düşnükli bolýar. Şol döwürlerde esasy ýüze çykan formalar – absurd roman, eksperimental roman, roman – mifologema intensiw romanyň differensiasiýasy netijesinde döredi diýip bolar. Gumanitar ylymlar, žurnalistika, kino, telewideniýe adamy daşky hem içki dünýä hakynda informirlemekde taryhy inisiatiwany öz ellerine aldylar, şeýle bolansoň, romanyň sungat hökmünde örüsi daraldy, ol burça gabaldy. Absurdyň ýa ekzistensializmiň romany dünýäniň bimanylygyna gol ýapýar. Sartr, Kamýu, F.Kafka, Kobo Abe ýaly romançylaryň özboluşly filosofiýasy gaty täsin çeperçilik formalaryny ýüze çykarypdyr. Daşky dünýä adamyň akylynyň çatmajaklygy üçin, oňa şol dünýäni diňe suratlandyryp oňaýmak galýar. Kamýu bu hakynda şeýle ýazypdyr: «Beýik romançylaryň pikir-düşünjä däl-de, obrazly şekillendirmä gol ýapýandygy olaryň barynyň islendik logiki düşündirişiň biderek zatdygyna, öz obrazly formasy bilen täsir edip biljekdiklerine ynanýandygyny aýan edýär». Haýsydyr bir pikiri tassyklamak ýa inkär etmek däl, asla pikir aýtmak däl, duruşy öz görşüň ýaly, ýöne obrazly forma salaýmak gerek. Şeýle obrazlaryň biri Kamýunyň gaýtadan döreden Sizif hakyndaky mifidir. Gadymy Gresiýada Hudaýlar Sizife jeza beripdirler: Sizif her gün bir äpet daşy togalap dagyň depesine çenli çykarmaly eken, daş ýene aşak togalanyp gaýdýar, Sizif ony ýene ýokary togalamaly... Şu proses baky dowam etmeli. Heý, munda many barmy? Kamýu adamzadyň ähli akyl-paýhas gözleglerini Sizifiň daş togalaýşyna meňzedýär. Adam öz psihologiýasynyň baky ýesiri, onuň ähli hyýallary-da näçe ösýän, dünýä barha aralaşýan ýaly bolup görünse-de, öz ilkibaşky orbitasyndan çykyp bilenok. Kamýu älemiň giňişliklerine akyl ýetirýäs diýýän fiziklere şeýle jogap berýär: «Siz maňa ýadrosynyň töwereginde aýlanýan elektronlary bolan göze görünmez planetar sistemasy hakynda aýdýarsyňyz. Şeýdibem siz bu dünýäni obrazlar arkaly düşündirýäňiz. Siz poeziýanyň dilinde (göçme manyda – O.Ö.) gürleýäňiz diýip men nygtamaga mejburdyryn». Diýmek, adamzat ekzistensialistleriň keşbinde Omar Haýýamyň filosofiýasyna dolanýar. Elbetde, başga esaslarda hem formalarda. Aýtjak bolýan zadym – biziň obrazly pikirlenmämiz Ýewropa hem Gündogar çeperçilik däpleriniň sintezinden kemala gelmelidir. Ekzistensializm türkmen edebiýatyna ýat düşünje däl. Türkmen klassykamyzda bu düýpli işlenilen ugur. Göwnüme bolmasa, Ýewropa ekzistensializmi öz gözbaşyny Gündogar klassykasyndan alan ýaly bolup dur. Ol dünýäden many gözlemek, onuň haýsydyr bir manydan mahrumdygy hakyndaky netijä getirýär. Durmuşyň manysy onuň manysyzlygyndadyr. Dini filosofiýada, Hudaýsyzlar hem bu dünýäniň soňunyň puçdugyny ykrar edýärler. Ölüm bar zady manysyzlyga öwürýär. Adamyň ömrüniň haýsydyr bir daşky zatlar bilen baglanyşykly manysy bardyr öýdemok. Aslynda-ha adamlaryň aglaba köpüsi munuň pikirinem edenoklar, özlerem gaty oňat – manyly ýa manysyz ýaşaýarlar. Adamyň adamçylyk borjy özgeleriň bähbidine degmezden öz maddy hem ruhy hajatla-ryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Esasy zat – özgäniň betbagtlygyna sebäp bolmazlykmyka diýýärin. Diýmek, adam ömrüniň manysy adam bolup ýaşamakda hem-de şeýle ýaşaýşy üpjün edýän beýleki zatlary ýerine ýetirmekdedir. Umuman, many-manysyzlyk – paýhasyň aladasyndaky zatlar, ömür bolsa bir paýhasyň işi däl. Adamyň gysga wagtlyk ömründe oňa akyl bermek, megerem, eýýäm artykmaçlyk bolandyr. Adam öz ömründe esasy zatlara diňe ymsynyp ýetişýär. Ömür – ymsynyp galmakdan başga hiç zat däl. Beýik Pyragynyň mazarynyň üstünde onuň şu beýdini ýazypdyrlar: Bu dünýä malyndan kim aldy bir zat, Owwaly – gam-gaýgy, ahyry – berbat. Bolajagyň budur seniň, adamzat: Ýok bolar sen toprak bile, toz bile. Ine, bar many! Adamyň ömri ahyrky netijede, dog-rudanam, tragikidir. Muny dünýäniň ähli akyldarlary tassyklaýarlar. Ömrüň gysgalygy, ölüm – bar zady manysyzlyga öwürýär. Magtymgulynyň setirlerinden şeýle many gelip çykýar. Ýaşadyň nä, ýaşamadyň: Ajal ýetip, adam ýumulsa gözi, Göýä bu dünýäge geldi, gelmedi! Ömri tükeniksiz etmek adamyň mümkinçiligindäki zat däl. Bar şeýdäýeninde-de, onuň mana eýe boljagy gaty gümana. Asyl, meniň pikirimçe, «ýaşaýyş» diýilýän zadyň özi «many-manysyz» ölçeglerini kabul etmeýär. Ol haýsydyr bir başga ölçegler esasynda gurnalypdyr. Muňa bolsa, megerem, biziň akylymyz çatmaz. Umuman, men hiç zat ýok ýerden howaýy pikirlenip bilemok. Nämedir bir zat, onda-da adam ömrüniň manysy barada pikirlenmek üçin durmuşyň güýçli täsiri, itergisi gerek. Akyl ýetirmek prosesi ýaşaýşyň umumy prosesiniň içinde gidende aňly-başly, ugur-utgaly bir zada öwrülýär. Gapdalyndan seredip baha berýän adam hem bärden gaýdar, hem gyzyksyz gürrüň eder. Näme üçin dünýä alymlarynyň pikirleri bizi özüne çekýär? Sebäbi olar öz ýüreklerinden syzdyryp, janlaryny ýakyp gürrüň edýärler. Jan hiç wagt akyla ýetdirenok. Dünýä hakyndaky pikirleriň düýp manysy adam ömri hem ölümi bilen baglylykda seredeninde aýan bolýar. Adam ölümi dünýä hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Meniň düşünişimçe, türkmen klassyklary «dünýä» diýenlerinde many-mazmundan mahrum aldajy materiýany, adam başyna ölüm getirýän haosy, ölümli ýaşaýşy ykrar edýän kosmiki ýaşaýyş obrazyny göz öňüne tutýarlar: Bir mada eşek sen, gelip sen deme, Gasygy gam bilen doly dünýä, heý! Şahyryň ýangynly kalbyndan çykan şeýle obrazyň elhenç manysy bar. Dünýäni mundan beter ýigrenmek mümkin däl. Ölüm – elhenç zat däl, ölümiň bardygyny aňlamak – elhenç. Ölümiň nämeligini bolsa diňe paýhas göz öňüne getirip bilýär. Diýmek, ähli betbagtlyklar akyldan başlanýar?! Akyl-paýhasy adam ýaşaýşyny üpjün etmegiň bir serişdesi hasaplaýaryn. Meselem, el, aýak, burun ýaly. Adam öz betbagtlygy zerarly akyly bolşundan ulaltjak bolýar, onda ýok manyny görjek bolup azara galýar. Eliň, aýagyň öz funksiýasyndan geçip, başga-başga zatlary etjek bolşuny göz öňüne getirip gör! Nähili gülkünç hem ýaramaz hadysa bolar. Akyl babatynda-da şonuň ýaly. Durmuşyň akymyny, taryhy prosesi kesgitleýän özge zatlar bar, akyl hem şolara bagly hem şolaryň çägindäki bir zat. Akyl ýaşaýşy dolandyrýar diýmek şowakörlükdir, ýaşaýyş akylyň hilini hem derejesini kesgitleýär. Tebigatyň özakymlylygy – ine, ýaşaýşyň esasy formasy. Şonuň üçinem dünýäniň haçan, nämeden başlanýandygyna, nirä barýandygyna akyl ýetirmek mümkin däl. Bu akyla aldyrjak zat däl. Beýle zatlara akyl ýetirjek bolmak Aý bile Ýeriň arasyny ädimläp ölçejek bolmak bilen deň zatdyr. Nirden geldik, indi nirä barýarys Ömrüň manysy nä, bilip bilmýäris. Ýanýar janlar çarhy pelek astynda Ýöne onuň tüssesini görmýäris Jemgyýetde-de düýp manysy boýunça tebigatdaky kanunlar hereket edýär. Munuň özi dünýä bitewüligini üpjün edýär. Onsoň bu ýerde üýtgeşik umyt baglara hiç zat ýokdur. Esasy hereket edýän kanun bolsa – möjek kanuny. Men muny ýuwmarlaşdyrmazdan aýdýaryn. Men 1984-nji ýylda «Möjek kanuny» atly powest ýazdym. Ony möjek awçysynyň täsin durmuşyny, ýa-da, adatça, aýdylyp gelnişi ýaly, durmuşyň nogsanlyklaryny ýepbeklemek, paş etmek üçin ýazmandym. Sosjemgyýetde öňden gelýän tebigat kanunynyň gödek bozulandygyny çeper obrazyň üsti bilen ýaňzytmak isläpdim. Möjek kanuny – ýaşaýyş kodeksi. Sosjemgyýetde tebigy ýaşaýşyň kodeksiniň bozulandygyny, onuň bozulan ýerinde ýaşaýşyň uzak dowam etmeginiň marksistik-leninçilik nukdaýnazardan özge ähli nukdaýnazarlarda asla mümkin zat däldigini nygtamak isläpdim. Döwürleýin metbugatda edebi tankyt powestiň möçberinden hem artygrak möçberde gürrüň eden hem bolsa, hernäçe analizli, öwgüli sözlerini aýdan hem bolsa eseriň adyndan gelip çykýan esasy leýtmotiw hakda, ýaşaýyş kodeksiniň tebigatdaky sazlaşygy hakda hiç zat aýdylmady... Dünýäniň zalymlygy, binamyslygy, namartlygy we gaýry erbet taraplary hakynda klassyk türkmen şahyrlary az ýazmandyrlar. Olaryň bu ugurda ýörite edebi çeperçilik däpleri bolupdyr. Şeýle ýörelge dünýäniň adam ykbalyna biperwaýlygy bilen baglanyşykly. Dünýä hakynda şygyrlary ýazmak üçin bellibir filosofik hem çeperçilik belentliklere göterilmeli. Üstesine, bu zatlary ýüregiň içre geçirip bilmegi başarýan graždan bolmaly, kämil şahsyýet bolmaly. Men XX asyr türkmen poeziýasynda dünýä hakynda pikirlenmeleriň azlygyny ýokarky artykmaçlyklaryň ýoklugy bilen düşündirmekçi bolýaryn. Biziň döwrümiziň şahyrlary dünýä bilen ýaka tutuşmaga het edip bilmediler. Ýalňyşmaýan bolsam, diňe Nobatguly Rejebow bu hakda ýangynly goşgulary ýazyp başlady: Akyl-paýhas nämä zerur, Tapmasaň sen gider ugur? Sen nä, seniň pelegiň hem Ugur tapman aýlanyp dur. Şeýle setirleri ýazmak üçin ummasyz köp zat, hususanam, dünýä öz hususy gatnaşygyňy formirlän bolmaly. Filosofiki lirikanyň iň belent nusgalary hemişe döräp duran çeper gymmatlyk däl. Dünýä bolan garaýyş Ýewropada üýtgedi. Meniň pikirimçe, bizde heran-haçan dünýä öz öňki sowuklygyna hem biakyllygyna galsa gerek. XX asyr Ýewropa ruhunyň betbagtlygy — OL ÝERDE «HUDAÝ ÖLDI». Ykdysady, sosial, tehniki progres adamyň ähli fiziki we fiziologiki hajatlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Degişli problemalaryň çözülmegi ruhy problemalaryňam öz-özünden bugaryp, ýok bolup gitmegine sebäp boldy, şonuň üçin adamyň ýaşaýyş ugrundaky göreşleri içre döräp, ösen filosofiki, etiki we gaýry taglymatlary pytrap gitdi. Adam öz-özlüginde, öz fiziki barlygynda galdy. Munuň özi düýşden oýanan ýaly bir zatdyr. Täsin, geň-enaýy, adatdan daşary wakalardan, zatlardan, manylardan ybarat düýş, birdenem gözüňi açýaň weli – daş-töweregiňi gurşap alan tebigatdan başga hiç zat ýok: bag, daş, jaý, asman, ýer, jandarlar – ne taglymat, ne many, ne gözellik, ne din – hiç zat ýok! Hakyt haýwanlaryň dünýäsi-dä! Ruhlar, ideýalar dünýäsi ýok! Şeýdip, absurd eksperimental romana ösüp geçdi. Sungat eseri lupa ýalydyr: ol saňa durmuşy açyp görkezýär, özi bolsa, birhili, görünmeýän ýaly, many onuň özünde däl-de, onuň aňyrsynda – suratlandyrýan dünýäsinde. Emma, indi ol dünýä ýok ahyryn. Onsoň eseriň hut özi – onuň jäjek mazmuny – ondaky dürli dil hem stilistik elementleri estetiki-emosional lezzetiň çeşmesine öwrülýär. Roman owadanja oýnawaja öwrülýär. Romanyň tehnikasy, formasy kämilligiň iň ýokary derejesine ýetdi. N.Sarrotyň, Rob-Griýäniň eksperimental romanlary muňa mysaldyr. Bu ýerde adamam, gahrymanam ýok, waka-da, sýužetem ýok, bu ýerde diňe dil bar. Hawa, biz öz durmuşymyzyň – entek manydan, ideýadan mahrum bolmadyk durmuşymyzyň – mazmunyny suratlandyrmakda Ýewropa romanynyň gazananlaryny örän oňat peýdalanyp bileris. Bu ýerde ummasyz köp mümkinçilikler bar. Ine, Latyn Amerikasy romançylary Ýewropa romanynyň mifologizmini öz durmuşlary babatda serişde hökmünde ulanyp, dünýä derejesine, arenasyna çykdylar. Eksperimental romanyň, «täze romanyň» dil babatdaky rewolýusiýasy strukturalizm diýilýän fundamental ylmy akymyň döremegine getirdi. Şol akymyň işlän teoretiki düzgünlerini ulanyp, Lotman, Meletinskiý ýaly rus alymlary öz edebiýatyny täzeçe düşündirmegiň hötdesinden geldiler. Sebäbi gürrüňi edilýän açyşlaryň dar regional däl-de, umumadamzat ähmiýeti, gymmaty bar. Diňe olara dogry akyl ýetirmäge intellekt, olary döredijilikli ulanmaga ruhy erk gerek. Şeýle edilse, bizde – türkmenlerde-de gyrgyzlaryň Ç.Aýtmatowy ýaly beýik ýazyjylar – romançylar dörär. Ç.Aýtmatow türkmen ýazyjylarynyň birnäçesini gaty gülkünç ýagdaýa saldy. Oňa öýkünip eser baryny döretdiler. Ýöne biziň ýazyjylarymyzyňky çüwmedi... Türkmen ýazyjylarynyň köpüsi Ç.Aýtmatowyň täsirine-de, göreldesine-de jogap edip bilmediler. Megerem, sowat, talant hem döredijilik erki beýderden has bärden gaýdandyr? Rus klassykasynyň däplerini oňat özleşdiren Ç.Aýtmatow dünýä romanynyň sesine ses goşmagy başardy. Iň bolmanda, onuň mifologiki realizme geçip gidenligi köp zatdan habar berýär. Diňe Ç.Aýtmatow däl, XIX – XX asyryň rus romany, umuman, prozasy biziň edebi garaýyşlarymyzyň strukturasyny kesgitledi. Bir zady aýtmaly: biziň edebiýatymyz ýekelikde ýola çykmaga gorkup, hemişe rus edebiýatynyň yzyna düşüp gezdi. Başga sebäpden däl-de, gorky nalaçlygyndan şeýdendigimiz bolsa biziň ol täsiri köplenç kopirländigimizi aýan edýär. Biziň hatda iň talantlylarymyzyň uly edebiýatyň nusgasyna gatnaşygy butparazyň buta çokunyşyny ýada salýar. Biziň çaga ýaly öýkünjeňligimiz göçürme, öýkünme däl-de, asyl, del nazar düşmedik gymmatlyklary döretmek babatdaky kemislik kompleksimizden habar berýär. Uly edebiýatyň nusgasyny iş prosesindäki bir serişde, usul hökmünde kabul etmeli. Edebi ösüşiň üçünji ýa dördünji, belki, ondanam aşaky ýa-da daşky hatarynda ýüze çykmak aýry-aýry subýektiw erke-de bagly däl. Ýöne, ýekeje ýazyjy hem özüniň geniallygy bilen hatarlaryň içki mynasybetine düýpli täsir edip biler. Muňa Ç.Aýtmatow janly şaýatdyr. Biziň dünýä edebiýatyna gatnaşygymyz, öňem biriniň tymsalyndaky baýyň öýüne däne dilemäge gelip, gyzylly humuň üstünde oturan ýerinde – şonuň täsiri bilen baýyň gyzyny dilän garyba-da meňzemeli däldir. Meni bir zat hopukdyrýar: bir obraz – ýol, garaňkylyk, şol ýol bile barýan birtopar adam. Olaryň biri öňde ýoly maşaly bilen ýagtylandyryp barýar, galanlary bolsa onuň yzyna düşüp barýar. Indi şu obrazy men allegoriýa öwüreýin: öňden barýan – uly edebiýatyň wekili, yzdan barýanlaryň arasynda, megerem, bizem bar. Biziňem gözümiz ýiti, hatda akylymyzam gözümizde, ýöne öňdäkiniň yzyna eýermekden, şonuň ýagtylandyrýan zatlaryny görmekden, ýagtylandyrmaýan ýerlerini bolsa görmezlikden başga alajymyz ýok. Bu obraz biziň ýüzlerçe ýyllyk edebi ykbalymyz bolsa gerek. Heý, öçügsirägem bolsa öz ýagtylygymyz, öz maşalymyz bolmazmy? Munuň üstünde kelle döwmegiň wagty geldi. Ç.Aýtmatowyň romanlaryny biziň edebiýatymyz-romançylygymyz entek doly özleşdirenoklar. Şol romanlary okanymda meniň her sapar, «roman-simfoniýa» diýen köne formula hakydama gelýär. Ç.Aýtmatowyň obrazlary – gahrymanlary jübüt-goşa gahrymanlar. Simfoniýada şol bir owazyň dürli saz gurallarynda dürli belentlikde-peslikde röwüş alyşy ýaly, romanyň her bir gahrymanynda baş ideýa özüçe röwüş-owaz alýar. Bu hili goşalaýynlyk romanlaryň sýužet gurluşynda-da hökmüni ýöredýär. «Asyrdan uzaga çeken günde» hem, «Ahyrzamanda-da» iki sany biri-birine barabar, biri beýlekisini şöhlelendirýän dünýä bar: real dünýä hem mif-dünýä. Ç.Aýtmatowy mifologizmiň wekili hasap etmeli däl: mifiki romanda reallyk mifologema tarapyndan doly «ýuwdulýar». Bu ýerde bolsa olaryň arasynda deň, hatda reallygyň rüstemlik mynasybeti bar. Olaryň ikisi organiki sepleşip, bitewi göwräni kemala getirýär. Onsoň Ç.Aýtmatowyň iki gahrymanyndan bir göwre – owaz emele gelýär. «Asyrdan uzaga çeken gün» romanynda bular Ýedigeý – Raýmaly aga, Ýedigeý – Garaner, Sebitjan – Mankurt, Asyr – Gün, Ýarym duralga – Dünýä, Mazarystanlyk – Kosmodrom, «Ahyrzamanda» Isa – Kallistratow dagydyr. Meniň pikirimçe, bu rus edebiýatynyň çeperçilik usullarynyň aňasty original ýüze çykmalarydyr. Ç.Aýtmatowyň wagt-giňişlik duýgulary biziňkä gaty ýakyn. Türkmen romanynyň şu güne çenli geçen ýolunyň forma garyplygyndan dat edip habar berýänligini göz öňüne tutanyňda, bu hasam derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi bizde Ç.Aýtmatow ýaly dünýä edebiýatlary bilen milli edebiýatyň arasynda gös-göni köpri salan ýazyjy bolmady. Türkmen romany esasan rus-sowet romanyyň strukturasyny iýmit edindi. Milli sungatyň faktory hökmünde-de, milli diliň stihiýasynyň faktory hökmünde-de türkmen romany indi döremeli hasaplaýaryn. Roman sungaty altmyş-ýetmiş ýylyň içinde dörärden gaty uly zatmyka diýýärin. Ýöne, türkmen ýazyjylarynyň bu ugurda zehin hem gaýgyrman işländikleri uly zatdyr. Meniň pikirimçe, 60-njy ýyllaryň ahyryna çenli dö-redilen romanlaryň bary epigonçylyk derejesinden ýokary galyp bilmediler. Olarda ne romanlyk problematika, ne romanlyk serişdeler, ne romanlyk pikirlenmeler bar. Ine, türkmen prozasyndaky iň uly romanlar: «Aýgytly ädim», «Doganlar», «Ykbal». Bu romanlarda haýsy pikiriň, ideýanyň ösdürilendigi, çeper formada aýdylandygy hakda soralsa, birbada näme jogap berjegiňi bilmersiň. Oýlananyňda hem «ol romanlar pylan pikiri şeýle bir üýtgeşik epizodlaryň, formalaryň üsti bilen beripdir» diýip aýtmak hylalla bolar. Bir bada-bat aýdyp boljak söz bar: «Romanlar beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň Türkmenistanda ýaýbaňlanyşy, garyplaryň baýlary ýeňşi, şol ýeňşiň ýeňil düşmändiginiň teswiri, şeýle hem azat söýgi hakynda». Biz bu sözleri mekdep partasynda öwrenipdik. Bu sözleri pert-pert aýdyp edebiýat mugallymymyzdan bäşlik baha alypdyk. Ýöne ol sözler gurak sözler. Ol romanlar «Geçen günler», «Göterilen tarp» romanlarynyň kopirlenmesi. Bir zada ünsi çekeýin: Otuzynjy ýyllarda, garaz, bir roman ýazarlyk ýagdaý bolsa, N.Saryhanow ýazaýmalydy. Ol ýazmandyr. Diýmek, hiç hili şert bolmandyr. Kyrkynjy-ellinji ýyllaram ýagdaý şonlugyna galdy. Ol döwürlerde «roman» kesgitlemesi bilen çap bolan zatlar hakynda näme aýdyp bolar? Roman – asla-da ullakan hem uzyndan uzyn gürrüň däl diýip bolardy. Roman jemgyýetçilik-önümçilik problemalaryň gönüden-göni şöhlelenmesi däl diýip bolardy. Garaz, köp zatlary diýip bolardy. Dogrusyny aýtsaň, diňe şu zatlar hakda galyň kitaplyk gürrüň edip boljak... Romana sungat hökmünde hakyky synanyşyklar altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda – ýetmişinji ýyllaryň başlarynda başlanýar. Munuň özi hatda romanyň şol günki durmuşyň özüne ýüz öwrenliginde-de görüp bolýar. Romana täzeçe garaýyş stil, žanr formasy, dil, kompozisiýa babatda birnäçe täzelikleriň gelmegine, forma köpdürlüliginiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Romanyň durmuşy diňe bir giň gerimlerde däl-de, eýsem çuňlukda, köpowazlylykda görkezmeli žanrdygy ýazyjylaryň ünsüni çekdi. Roman dürli sungatlaryň çatlyşýan, sepleşýän ýerinde döreýän estetiki hadysa. Ine, şu nukdaýnazardan ugur alnyp, birnäçe roman döredildi. Segseninji ýyllaryň başlarynda roman ýazmak moda öwrüldi. Bilemok weli, hakjagazy oňatja berilýänligi sebäplidir. Bizde «Türkmene gabaragy» diýen pähim bar. Belki, gabaragy bolsun diýen pikir bilen roman ýazylýandyr? Bir zady açyk aýdyp biljek. Soňky döwürde roman türkmen okyjylar dünýäsinde hadysa bolmasyny bes etdi. Roman ýazmak derdesere öwrüldi. Meniň pikirimçe, şeýle hadysalar edebiýat taryhynda hemişe-de bolupdyr. Goý, synanyşsynlar. Näçe köp boldugyça, oňat romanyň ýüze çykmak mümkinçiligi-de artar. Osman ÖDE | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||