TÜRKMENISTANYÑ IÑ GADYMY SUWARYŞ ULGAMLARY
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ylmyň dürli ugurlarynda düýpli işler taryha we medeni mirasymyza daýanmak esasynda alnyp barylýar. Çünki türkmen halkynyň gojaman geçmişiniň dowamynda toplan taryhy tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp maddy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Munuň sebäbi, ilkinji nobatda, tebigy şertler bilen baglanyşyklydyr. Dagdan akan çeşmeler ekerançylygyň ösmegine amatly şertleri emele getiripdir. Kadaly we dogry suwarylanda, ekerançylyk ýerlerinden köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir. Bu şertler günorta Türkmenistanda oturymly ýaşaýşa geçip, ekerançylyk bilen meşgullanmaga mümkinçilik beripdir.
Eneolit zamanynda Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkeziniň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri bolan Änew bilen baglanyşdyrylyp, Änew medeniýeti diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-barlag işleriniň netijesinde açyldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazygynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisiniň bolandygyny aýan etdi. Rafael Pampelliniň Änewden ýüze çykaran maglumatlarynyň netijesi, onuň 1908-nji ýylda Waşingtonda iňlis dilinde çap edilen, Türkmenistanyň taryhy üçin örän ähmiýetli bolan «Türküstandaky derňew işleri» we «Änewiň gadymy ösüşi» atly iki jiltden ybarat kitabynda ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizildi. Şeýlelik bilen, eýýäm XX asyryň başynda Änew medeniýeti dünýä möçberinde meşhurlyk gazandy. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri miladydan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymyna — IV müňýyllyga gabat gelýär. Änew medeniýeti öz ösüşinde birnäçe basgançaklary ýa-da döwürleri başdan geçiripdir. Olaryň arasyndaky tapawut, ylaýta-da, küýzegärlikde has aýdyň ýüze çykypdyr. Şunda aýratyn bellemeli zatlaryň biri — ekerançylygyň ösmegidir.
Aslynda, daýhançylygyň taryhynda gadymy siwilizasiýalaryň kämilleşmegine ykdysady binýat bolan suwarymly ekerançylyga aýratyn orun berilýär. Änew medeniýeti döwründe Köpetdagyň etekleri dagdan akan çeşmelerden we derýajyklardan, şeýle hem ýagan ýagşyň kaklarda we çöketliklerde ýygnanan suwuny ulanmak bilen, suwarymly ekerançylyk amala aşyrylypdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymynda Tejen derýasynyň ýakalary ilatlaşyp başlapdyr. Ygalyň ýetmezçilik etmegi emeli suwaryşyň irki usullarynyň emele gelmegine we dag eteklerindäki akarlaryň ugrunda howdan görnüşli desgalaryň gurulmagyna getiripdir. Bu babatda Tejen derýasynyň onçakly uly bolmasa-da, ýeterlik suwly akaba gollarynyň kenarlarynda ýerleşen Göksüýri ýaýlasynyň amatly şertleriniň bolandygy bellidir. Şol ýerlerde derýa daşgynlyklarynyň bolup geçendigi kesgitlendi. Olaryň guramagy otluk-batgalyk topragyň emele gelmegi bilen utgaşykly bolupdyr. Göksüýri obaçylygynyň golaýynda uzynlygy 3 kilometr, ini 2,5 metrden 5 metre çenli ýetýän, Türkmenistanda iň gadymy emeli ýaplaryň bolandygy anyklandy. Olaryň ýokarky we aşaky akymlarynyň iki gapdalyndaky meýdanlara suw kiçeňräk ýaplar bilen eltilipdir. Ekinleri köp gezek, ýagny geregiçe suwarmaga mümkinçilik berýän şeýle suwarymly ekerançylyk bolsa durnukly hasyllylygy üpjün edipdir. Şeýlelikde, munuň özi hojalyk hem-de medeni ösüşiň möhüm şerti bolupdyr.
Bu ýaýlanyň ähmiýeti muňa degişli aerofotosuratlar ylmy-tehniki taýdan jikme-jik öwrenilende has-da aýan boldy. Mysal üçin, Göksüýriniň merkezinde Orta Aziýada iň irki suwaryş ulgamlarynyň we kiçiräk suw howdanynyň bolandygy anyklandy. Bu gadymy obadan galan Mollaly atly depäniň günbatarynda şol mahallar suw howdany bolup, onuň tegelek görnüşli takyra öwrülen hanasynyň diametri 35 metr, umumy meýdany müň inedördül metre barabar diýip çaklanylýar. Howdanyň ýagyş, gar suwuny ýygnamak üçin gurlan bolmagy ähtimal.
Oturymly ýerleriň gündogar topary şol mahallarky doly suwly Mäneçaý we Çäçeçaý derýalarynyň töwereklerinde jemlenipdir. Çakmaklydepede esli mukdarda derek we garagaç agaçlarynyň kömrüniň tapylmagy bu çäkleriň uly tokaýlyk bolandygyna hem-de topragyň suwdan kösençlik çekmändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerlerde hem çomry ilatyň durmuşyna mahsus arpa ekinine esasy orun berlipdir.
Etrek, Gürgen, Maşat-Misserian sebitlerinde hem miladydan öňki II müňýyllykdan tä ösen orta asyrlara çenli suwaryş ulgamlarynyň çylşyrymly «damarlarynyň» yzlarynyň känligini arheologlar we geomorfologlar ylmy işlerinde belleýärler. Olar Misserian şäherine barýan uly kanalyň, ondan ekinlere uzaýan ululy-kiçili ýaplaryň bolandygy, kanalyň her tarapynda uzynlygy 5 kilometre ýetýän ekin meýdanlarynyň yzlarynyň saklanyp galandygy barada ýazýarlar. Şeýlelikde, bu sebitleriň, şol mahallar bol suwly, bag-bakjaly ekinzarlyk bolandygy bellenilýär.
Suwaryş tejribesiniň şeýle desgalary, ýagny gadymy suw howdanlary Palestina, Mesopotamiýa, Müsür ýaly ýurtlarda hem duşýar. Olaryň suwunyň gurakçylyk mahallary ulanylan bolmagy ähtimaldyr. Diýmek, ata-babalarymyz ekerançylykda, hususan-da, suwarymly ekerançylykda dünýä ähmiýetli taryhy tejribe toplap, özleriniň kärlerini kämilleşdiripdir. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, halkymyz öz gadymky ekerançylyk däpleriniň hakyky eýesi boldy. Şu jähetden, bu taryhy tejribe giňden öwrenilip, ol häzirki zamanyň ösen önümçilik serişdeleri bilen üsti ýetirilýär. Öňdebaryjy täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmaga, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga zerur bolan ähli şertleri döredilýär. Şeýle goldawy ýerlikli ulanmaga çalyşýan ussat ekerançylar ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar we ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen bolelin üpjün edýärler, şeýle hem ekerançylyk önümleriniň ençemesini daşarky bazarlara barha artýan möçberde çykarýarlar.
Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.
Taryhy makalalar