22:27 Türkmenler | |
TÜRKMENLER
Edebi makalalar
1. Taryh — akyl we ýürek zerurlygy Gadymy türkmen ruhy ýaşaýşynda «kimiýa daşy» diýen düşünje bar, kimiýanyň gudraty misi altyna öwrüp bilýänligindedir. Şu nukdaýnazardan alanyňda, garaşsyz türkmen ýaşaýşyny altyna öwürýän gudrat çeşmesi onuň beýik taryhydyr. Öz aslyny, taryhyny bilýän ruhy kämil milletiň ýaşaýşynda müşgillik bolmaz. Geçmiş, taryh bilen gyzyklanmak inçe duýguly hem-de bilmäge, düşünmäge höwesek her bir adamyň ömrüniň manysydyr, dünýägaraýşyny, kalbyny baýlaşdyrmagyň, manylaşdyrmagynyň usulyýetidir. Geçmişe höweslilik aňly adamyň ruhy-aň tebigaty bilen baglanyşyklydyr. Geçmiş bilen gyzyklanmak işini adam ýüreginiň küýsegi bilen baglanyşykly sebäplere hem-de adam akylynyň küýsegi bilen baglanyşykly sebäplere bölmek bolar. Dogrudanam, näme üçin adam kalby, ýüregi geçmişiň wakalaryny, geň-taňlyklaryny bilmäge, olary özi üçin açmaga ymtylýar?! Birbada seredeniňde, bu ýerde ýörite sorag goýup hem-de oňa jogap gözläp oturara entek açylmadyk, üýtgeşik bir sebäp hem ýok ýaly: bilesigelijilik, aslynda, adamyň häsiýetine mahsus zat ahyryn diýilmegi mümkin. Bilmek islegi adama ýaradylan wagtynda Alla tarapyn berlen paý ahyryn diýilmegi hem mümkin. Emma näme üçin adam ala-böle geçmiş bilen beýle içgin gyzyklanýar?! Näme üçin adam geçmişe hiç mahal biperwaý garamaýar? Şeýle soraglaryň goýulmagy adamyň ruhy tebigatyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Meseläniň ruhy-pelsepewi tebigaty bar. Başga has howaýy zatlar bilen gyzyklanmaýan adamlaryňam üç mesele — geçmiş, geljek hem-de älemiň çäkleri bilen juda gyzyklangyç bolýandygyny telim sapar gördüm. Onsoň bu täsin ýagdaý meni şeýle jogaba iterdi: adamyň wagtlaýyn bardygy mälim zat, düşünjeli suratda ýa-da özi aňlamazdan — aňasty suratda oňa özüne berlen çäklilikden çykmaga, bakylyga öwrülmäge bolan isleg mahsusdyr. Adam wagt hem giňişlik taýdan çäkli ýaradylan. Ine, şol çäklerden çykmak islegi onda öz çäkli giňişliginiň we wagtynyň aňyrsyndaky barlyklary bilmek höwesini döredýär. Wagt taýdan ol diňe şu günde ýaşap bilýär, onsoň ol şu günüň öňündäki geçmişe we şu günüň yzyndaky geljege barmaga, görmäge ymtylýar. Adam giňişlik taýdan diňe gözüniň görüp duran çäklerinde ýaşaýar, onsoň ol şol çäklerden aşakdaky giňişlige — öz kalbynyň jümmüşine we ol çäklerden ýokardaky giňişlige — älemiň giňişliklerine ymtylýar. Diýmek, geçmişe ymtylmak, geçmişe maýyl bolmak adam ýüreginiň düýpli küýsegidir, onuň beden refleksleriniň özboluşly ruhy dowamydyr. Elbetde, munuň özi adamyň asylbaşky tebigaty bilen baglanyşykly zat. Ýöne geçmiş taryha höwes adamyň diňe tebigylygy bilen däl-de, eýsem, durmuş tebigaty we durmuş zerurlyklary bilen hem baglanyşyklydyr. Toplumlaýyn ýaşaýanlygy esasynda adamzat öz ýaşaýşynda dürli tejribeleri toplaýar, jemgyýetçilik endiklerine eýe bolýar. Ol tejribeler we endikler nesilden nesle geçýär. Adam ömrüniň çäkliligi zerarly öňki nesiller bilen häzirki nesliň arasyndaky baglanyşyk tebigy taýdan mümkin däl bolýar. Onsoň şeýle üzňelik nesilleriň arasyndaky ruhy we akyl baglanyşygy arkaly dikeldilýär. Galyberse-de, dürli sebäplere görä, geçmişiň aýry-aýry taraplarynyň ýa-da hatda tutuş geçmişiň özüniňem unudylmagy bolýan zatdyr. Şunuň netijesinde adamlar geçmişi öwrenmegiň we bilmegiň, gaýtadan açmagyň guralyna öwürýärler. Munuň özi jemgyýetçilik akylynyň zerurlygydyr. Diýmek, adam akylynyň zerurlygy hökmündäki taryhy geçmiş ýaşaýyş tejribesiniň çeşmesi we adamzat hakydasynyň özi bolup durýar. Taryhy hakyda wagtdan üstün çykmagyň usulydyr. Çünki, hut hakyda arkaly geçmişden we geljekden üzňe nesil öz ýaşaýyş ukyplaryny we güýç-kuwwatyny ata-babalaryň gazananlarynyň hasabyna artdyryp bilýär. Milletiň şeýle ýaşaýyş ukyplarynyň hatarynda jemgyýet bolup ýaşamak, döwlet gurnamak endiklerini agzamak bolar. Şeýlelikde, taryhy geçmişi öwrenmek diňe bir ýüregiň däl, eýsem, akylyň hem islegidir we zerurlygydyr. Şu höwesiň we zerurlygyň netijesinde adamlar gaty gadymy zamanlardan başlap taryhy ylmyň aýratyn bir görnüşine öwrüpdirler. Şu ýerde biziň şu günümiziň nukdaýnazaryndan taryhyň anyk nämeler üçin gerekdigini aýdasym gelýär. Ondan ozal bolsa bir zady tekrarlamalydyryn: taryh barada gürrüň edýäris, ýöne milletleriň hemmesiniň taryhy mirasy deň däldir. Milletiň taryhy ýaşaýşynyň uzaklygyny kesgitleýji ölçeg onuň hususy taryhynyň barlygydyr ýa-da ýoklugydyr. Türkmen halkynyň diňe şu günlere ýetip gelen ýazuwly taryhynyň müň ýyldan hem geçýändigini aýtmak gerek. Ondan öňki taryhymyz bolsa şol taryhy ýazuwlarda we arheologik ýadygärliklerde saklanyp galypdyr. Diýmek, türkmen milleti taryhy ýaşy gaty uzaga gidýän, arkaly we asylly milletdir. Taryhyň gerekligi dürli sebäpler bilen baglanyşyklydyr. Ol dürlüligi üç sany esasy görnüşe geçirýäris. Birinjiden, türkmeniň milli taryhy bize şu günümize we geljegimize nusgalyk üçin gerek. Hudaýa şükür, türkmende bolsa nusgalyk taryh bar. Baryp, mundan müň ýyl ozal özüne 5 müň ýyllyk taryhly halk diýdiren türkmeniň taryhy baýdyr. Munda dürli-dürli siwilizasiýalar, onlarça döwlet we imperiýa, ajaýyp hem-de gaýtalanmaz medeniýet, ummasyz syýasy tejribe, beýik-beýik şahsyýetler bar. Bu zatlaryň baryny ýekänme-ýekän ýazyp görkezmek, türkmeniň dünýä medeniýetine goşan goşandyny we bu mirasyň şu günki türkmene gönüden-göni dahyllydygyny aýan etmek juda zerurlykdyr. Munuň özi bahasyna ýetip bolmajak ruhy-ahlak ähmiýetli işdir. Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk zamanymyzda her bir türkmeniň ruhy belentligi durmuşy hajatdyr. Beýle ruhubelentlik bolsa, taryhdan güýç-kuwwat almalydyr. Öz ata-babalarynyň beýik bolandygyny bilen adamyň hötdesinden gelmejek işi, müşgili bolmaz. Ikinjiden, milli taryhymyz mukaddes miras hökmünde aýawly saklamak üçin gerek. Türkmenler beýik taryhyň mirasdarlarydyr. Gadymy ýazuw ýadygärlikleri, bäş müň ýyldan hem gadymy arheologik medeniýetler, bütin dünýä ähmiýetli arhitektura gözellikleri milli geçmişimiziň janly şaýadydyr. Bu zatlaryň hem ylmy, hem ahlak-ruhy ähmiýeti bar. Olary aýawly saklamak ogluň kakasyndan galan zada mähirli garaýşy ýaly bolmalydyr. Üçünjiden, taryh milletiň geçmişinde bolup geçen wakalara şu günüň nukdaýnazaryndan dogry baha bermek üçin gerekdir. Aýdyp nätjek, geçmiş diňe ösüşler däl, tesişler hem, diňe guwandyryjy däl, eýsem, gynandyryjy wakalardan hem ybadatdyr. Taryh diňe nämelere ymtylmalydygynyň däl-de, eýsem, nämelerden gaça durmalydygyň sapaklaryny-da berýän mugallymdyr. Ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk üçin ýalňyşyň nämeden ybaratdygyny bilmek gerek. Türkmeniň, ylaýta-da, soňky üç ýüz ýyllyk taryhynda indi gaýtalanmaly däl wakalar we hadysalar hem bolup geçdi. Olardan sapak almak türkmeniň borjudyr. Şu mukaddes borjumyza aňly-düşünjeli düşünip berjaý edenimizde biziň taryh babatdaky akyl hajatlarymyzyň doly kanagatlandyryldygy bolar. 2. Taryh ylym hökmünde Ylym — adamzat aňynyň bir görnüşidir. Adam pikiriniň bu görnüşi özüniň mazmuny we tebigaty boýunça pelsepeden, sungatdan, mifologiýadan, dinden, edebi-çeper pikirlenmeden tapawutlanýar. Şonuň üçin hem geçmiş baradaky islendik maglumaty, geçmişi suratlandyrýan ýa-da suratlandyrmaga dalaş edýän her bir pikire ylym hökmünde garap bolmaz. Adam aňynyň ähli görnüşleri geçmişiň beýanyny edip biler. Olar haýsydyr bir zada akyl ýetirmegiň, ýagny bilmegiň netijesinde dörän maglumatlardyr we pikirlerdir. Emma olar öz tebigaty boýunça ylymdan tapawutlanýar. Nähili tapawutlanýar? Bilim — degişli pikir we maglumat toplumynyň mukdar ýygyndysydyr. Geçmişi pelsepe, sungat, edebiýat, mifologiýa, din, edebiýat özüçe suratlandyrýar. Pelsepe — ählumumy, düýpli derejeleri arkaly, sungat hem edebiýat — çeper şekilleri arkaly, mifologiýa — rowaýatlar, mifler, din — bularyň barynyň gatyşmagyndan emele gelen dini gymmatlyklary arkaly geçmişi beýan edýär. Emma bularyň hemmesiniň geçmişe gatnaşyk babatdaky bir umumylygy bar: olar beýan etmek işini geçmiş hakykatynyň özünden alyp gaýdanoklar-da, tersine, öz aňlarynda bar zatlara geçmişi laýyk getirýärler. Çünki bularyň hemmesi diňe bir paýhas-akyl bilen däl-de, göwün bilen hem gönüden-göni baglanyşykly ruhy pikirlenmelerdir. Elbetde, olarda hem ylym, has dogrusy, ylymlylyk bar, çünki pikir hem-de maglumat bar. Emma pelsepedäki, mifologiýadaky, dindäki ýa-da sungatdaky ylym bu pikir görnüşleriniň hakykata gatnaşyk usulynyň aýratynlygy — hil hadysasy däl-de, bilimiň mukdary hadysasydyr. Aýdaly, aňy mifiki tebigata eýe bolan adam hem öz ugrundan juda sowatly, juda köp bilýän adam bolup biler. Sowatlylyk hem bilimlilik bolsa ylymlylykdan tapawutlydyr. Adam dini ugurdanam, pelsepeden ýa-da sungat ugrundan hem bilimli, okumyş bolup biler. Ylym bolsa şol ugurlardan tapawutlanýan özboluşly bir akyl, pikir işidir. Ylym özüniň usulyýeti bilen tapawutlanýar. Ylym — subutnamalaýyn, mantyg-taglymy (logiki-teoretiki) pikirlenmedir. Ylymda duýgynyň we göwnüň hem, dini gymmatlygyň hem gönümel gatanjy ýokdur. Emma taryh diňe şu dar manydaky ylym tarapyndan öwrenilmän, beýleki aň görnüşleri we usullary tarapyndan hem öwrenilýär. Çünki taryhy hakykata akyl ýetirmekde olaryň hersiniň öz artykmaçlygy we paýy bar. Şonuň üçin hem taryh ylmy diýeniizde, bu sözi dar däl-de, giň manyda — taryhy umumy akyl işiniň öwrenýän zady manysynda düşünmek gerek. Bu ýerde dar manydaky ylmyň baş aýratynlygyny — subutnamalaýyn, mantyg-taglymy pikirlenmäni esasy orunda goýmak we akyl işiniň ähli görnüşleriniň hyzmatlaryny şunuň işinde ulanmak bolar. Muňa bir jümlede ylmy bilimler diýip aýtmak bolar. Ylym we din, pelsepe we sungat, mifologiýa — özüçe we öz ornunda taryhy hakykaty beýan edip bilerler. Akyl ýetirmegiň bulara mahsus «düşünmek», «göz ýetirmek», «aňlamak», «bilmek», «duýmak» ýaly pikir işleri biri-biriniň üstüni ýa-da biri-biriniň öwezini doldurýarlar. Bu ýerde mesele pikir işiniň näderejede oňat ýerine ýetirilenligine — onuň hakykata nägadar laýyk gelýänligine baglydyr. Aýdaly, ylymdar kişi ukybynyň, sowadynyň pesligi zerarly hakykaty açmakdan ejiz gelip biler. Emma şol bir wagtda-da rowaýatçy ýa-da şahyr subut etmese-de, hakykaty beýan edip biler. Gürrüň türkmen taryhynda ylmyň esasy ýörelgesini — görnüp duran ýa aýdylan zatlary şol durşuna kabul etmän, ony subutnamalar arkaly barlamak ýörelgesi barada barýar. Bu işde esasy serişde ynanç, owadan söz, aňk ediji gürrüň däl-de, gözleýji, agtaryjy, deňeşdiriji, ykrar hem inkär ediji, irginsiz akyl-paýhas bolmalydyr. Ylmyň iki görnüşi bar: 1) deslapky ylym; 2) hakyky ylym. ■ Deslapky ylym — degişli maglumatlary ýygnaýar, toplaýar we olary belli bir nukdaýnazardan ulgamlaşdyrýar. Özüniň derejesi boýunça bu hili pes ylmy bilimdir, çünki diňe eliň astynda bar bolan zatlary — maglumatlary, seneleri we şuňa meňzeşleri beýan etmek işiň deslapky ýarysydyr. Sebäp diýeniňde, bu entek hakykata akyl ýetirmek maksadynyň amala aşandygyny aňlatmaýar. ■ Hakyky ylym — ýüze çykarylan maglumatlary ylmy pikiriň kömegi bilen kanunalaýyklyklara, baglanyşyklara öwürmekdir we degişli maglumatlardan many çykarmakdyr. Munuň ahyrky netijesi hakykatyň aňdaky keşbiniň we sypatynyň döredilmegidir. Eger deslapky ylym — ylmy bilim bolsa, hakyky ylmyň miwesi — ylmy taglymatdyr. Türkmeniň taryh ylmy milletimiziň taryhy aňyýetini kemala getirýän birnäçe ugurlaryň biridir. Taryhy aňyýeti ylymdan başga-da taryhy filosofiýa, milli taryhy sungat, türkmeniň geçmiş mifologiýasy, garaz, taryha dahylly ähli aň işleri hasyl edýärler. 3. Taryhy öwrenmek we bilmek Nemes akyldary Gýote: «Meniň ruhuma ruh, bedenime kuwwat goşmazdan, meniň bilimimi artdyrýan ylmy halamaýaryn» diýip aýdypdyr. Bu pikirde biziň üçin derwaýys hem häzire çenli üsti açylmadyk ajaýyp hakykat bar. Bu hakykat, umuman, ylma we onuň janly durmuşa gatnaşygyna degişlidir. Bilmek, akyl ýetirmek meselesinde adamlarda şeýle galyby garaýyş bar: bilýän kişi bar, bilmeýän kişi bar, bigäne bar, dana bar. Emma ýokarky pähimiň manysyna has içgin çemeleşip görüň. Onda bilmek bilen bilmezligiň arasynda-da niçeme menzil ýatandygy hakda oýlanarsyňyz. Öwrenmegiň geň-taňlygy: bilim artýar, emma onuň adamyň we durmuşyň kämilleşmegine hiç hili täsiri ýok! Diýmek, hiç zady bilmezligiň ýaramaz zatdygyny gürrüňsiz ykrar etmek bilen, biz bilmegiňem hil-hil bolýandygyny boýun almalydyrys. Alym — adamy özgerdýän kişidir. Biziň üçin jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny öndüriji güýç bolup durýan ylym gerek. Taryh — ylmy we ruhy gymmatlyklary dikeldiji we öndüriji güýç bolmalydyr. Bize taryhy ýöne beýan edýän däl-de, düşündirýän ylym gerek. Bize taryhy gürrüň berýän däl-de, ony öwredýän we öwrenýän ylym gerek. Bize özümiziň kämilleşmegimiz üçin biläýmeli zatlarymyzy bildirýän ylym gerek. Taryh babatda düşünmek, öwrenmek, bilmek nämäni aňladýar? Türkmen taryhyny bilmek diýmek — türkmen milletiniň häzir nirede duranlygyna, onuň bu ýere nireden we nädip gelendigine, munda nähili menzilleri geçendigine we onuň indi niräk barýandygyna akyl ýetirmek diýmekdir. Munuň özi, bäş müň ýyllyk taryhy maglumaty bir sapaga düzmek, ondan many çykarmak we milletiň taryhy ykbalynyň bitewüligini dikeltmek diýmekdir. 4. Taryhy wagt we taryhy aň Türkmende taryhyň özboluşly kanunalaýyklygy barada ajaýyp nakyl bar: «Är garrar, heňňam garramaz». Heňňam — elbetde, taryhy wagt. Taryhy wagta — heňňama ýönekeý, adaty däl-de, pelsepewi many bereniňde, «är» düşünjesi hem çuňlaşýar we bitewülik häsiýetine eýe bolýar. Aýtjak bolýan zadym, äriň garramagy bu manyda diňe bir beden däl, eýsem, ruhy hem hadysadyr. Taryhy wagt täze bir öwrüm edende, adamzadyň öňki pikirleri, aňy hem garraýar we täze bir aňyýet döräp, ösüp ugraýar. Aňyýet bilen taryhyň özara baglanyşygy — taryhy akyl ýetirmede köp syrlaryň üstüni açyp biljek meseledir. «Näçe taryhçy bar bolsa, şonça-da taryh bar» diýen gürrüň ýöne ýere döremändir. Şeýle gürrüň aňyýet bilen taryhyň arasyndaky nälaýyklyklaryň aňylmagy we üstüniň açylmagy netijesinde dörändir. Ýöne şeýle gabat gelmezlik biziň köpimiziň pikir edişimizden has çylşyrymly hadysadyr. Meseläniň azyndan üç sany jäheti — ahlak, ruhy-aň we dünýägaraýyş jähetleri bar. Birinjiden, taryhyň we ony şöhlelendirýän aňyň büs-bütin şol bir zat bolmagy aslynda mümkin zat däldir. Çünki wagt, şol sanda taryhy wagt hem daşky tebigy hakykatdyr, aň bolsa adamyň içki ruhy hakykatydyr. Zadyň özi bilen zadyň kölegesiniň ýa-da aňynyň şol bir hadysa bolmagy mümkin däl. Taryhçy taryhyň özi däl-de, onuň yzlary — möhürleri bilen iş salyşýar. Wagtyň özüni tutup, saklap bolanok. Diňe wagt geçip gidenden soň, dürli yzlary, goýan möhürleri boýunça onuň mazmunyna we manysyna akyl ýetirmäge çalyşýarys. Elbetde, adam aňynyň hem öz içki wagty bar, ýöne ol taryhy wagtdan tebigaty boýunça tapawutlanýar. Bu tapawut aňdaky wagtyň gaýdyp gelmek, yzyňa serpikmek mümkinçiliginde, taryhy wagtda bolsa beýle mümkinçiligiň ýokdugynda ýüze çykýar. Ikinjiden, taryhy wagtyň bir döwrüniň beýleki birinden tapawutly bolşy ýaly, bir zamandaky, bir jemgyýetdäki adamzat aňyýeti hem beýleki bir döwrüň aňyýetinden parhlanýar. Her aňyýet şol bir taryha özüçe çemeleşýär. Netijede-de şol bir taryhyň dürli-dürli teswirleri kemala gelýär. Belli amerikan filosofy Mid adamzat ruhuna diňe häzirki zaman görnüşinde ýaşamak berlendir diýip nygtaýar. Diňe, hamana, şu günki gün bar. Biziň geçmiş diýýänimiz hem şu günüň öten zaman görnüşine geçmegi, biziň geljek diýýänimiz bolsa şu günüň geljek zaman şekiline geçmegimişin. Onsoň adam geçmişi aýdyňlaşdyrýaryn öýdýän wagty ol iş ýüzünde bary-ýogy özüniň geçmiş babatdaky duýgulary bilen iş salyşýarmyşyn. Adam erkiniň — akylyň, şeýle hem paýhasyň, duýgularyň, aňyň, ruhuň başga bir erk bolan taryhy ösüşden tapawutlanýandygyny göz öňünde tutanyňda, bu ýerde belli bir hakykat bar. Emma filosof ol tapawudy aşa durnuklylaşdyrýar. Adam haýsy halatda taryha akyl ýetirip bilýär? Eger-de ol öz erkiniň aýratyn bir görnüşini — akyly tankydy suratda işe girizse, elbetde, geçmişiň nämedigini aňlap bilýär. Çünki, akyl adam erkiniň duýgudan aýrybaşgalaşmaga, duýgynyň habaryna tankydy garamaga ukyply ýeke-täk görnüşidir. Akylyň aýdýanynyň çynlygyny-ýalanlygyny barlamaga mümkinçilik bar — bu mümkinçilik maddy, zatlaýyn we mantyg synaglary arkaly barlamak mümkinçiligidir. Üçünjiden, aň bilen taryhyň mynasybeti meselesiniň ahlak jäheti bar. Munuň özi öňki jähetlere garanyňda, has görnetin, has düşnükli we has ele getirerlikli hadysadyr. Gürrüň taryhçynyň taryhy hakykaty göz-görtele, aňly-düşünjeli ýoýuşy barada barýar. Elbetde, ýoýujy hökmany suratda taryhy haýsydyr bir maksady göz öňünde tutup ýoýýar. Beýle maksatlar we sebäpler dürli-dürli bolup durýar. Diýmek, taryha tankydy garaýyş ýörelgesiniň ylmy manysy öňki taryhy garaýyşlardaky dogry hem nädogry pikirleri aýyl-saýyl etmekden ybaratdyr. Şeýtmegiň esasy serişdesi bolsa ylmy akyl we ylmy düzgünler bolmaly. 5. Taryhyň ylmy usulyýeti Taryhyň adam aňy tarapyndan öwrenilişiniň kynçylygy şundan ybaratdyr: özüniň asyl tebigaty boýunça taryh gatyşyk barlykdyr, üçünji bir barlykdyr. Hil taýdan täze bir bitewülik bolan bu barlyk birinji — tebigat barlygy bilen, ikinji — ruhy barlygyň utgaşygyndan kemala gelýär. Örän gadymy döwürlerden bäri adamzat aňy birinji hem-de ondan aýry ugur bolan ikinji barlyga werziş boldy. Onsoň bu werzişlik netijesinde olardan baş çykarmak, olaryň ýaşaýyş kanunlaryna akyl ýetirmek, garaz, ýola goýlan iş boldy. Emma üçünji barlygyň çylşyrymlylygyny, öňkülere öwrenişen paýhasyň endiklerini aradan aýyrmakdan we taryha bitewi kanunalaýyk hökmünde seretmekden adam ejiz geldi. Şol sebäpden adam aňy bu ýerde haýsydyr bir kanunlary ýola goýjak bolubam ýörmedi-de, diňe taryhy wakalary beýan etmek bilen çäklenäýdi. Munda baglanyşyklary, kanunlary açdym diýen alymlaryň pikirleri bolsa, öz göwnüniň ýa-da öz döwrüniň hyýalatynyň nusgasy boldy-da galyberdi. Pelsepewi tarapdan mesele häzir hem açyklygynda galýar. Munda kelebiň ujunyň tapdyrmaýanlygynyň, megerem, umumy hörpde hiç mahalam tapdyrmajagynyň düýp sebäbi biziň taryh diýýän hadysamyzda wagtyň kesgitleýji orun eýeleýänligindedir. Bir alymyň deňeşdirip aýdyşy ýaly, balyk üçin suw näme bolsa, wagtam adam üçin şol zatdyr. Suwuň nämedigini biljek bolsa, balyk suwdan çykmalydyr, suwdan çykansoň bolsa nämedir bir zada akyl ýetirerden balyk üçin eýýäm giç bolýar. Adam aňy bilen wagtyň arabaglanyşygam pelsepewi manyda balygyň şol kysmatyny ýatladýar. Adamlara hakyda mahsusdyr. Hakyda arkaly adamzat özüniň geçmişini gaýybana bolsa-da, garaz, hakykatlygyna saklap gelipdir. Dogrudanam, öz häsiýeti boýunça taryhy geçmiş gaýybana barlykdyr. Munuň özi ýokarky deňeşdirmäni dowam edip aýtsak, eger adam balyk bolsa, onda gaýybana hakykat — taryh — suwdan çykýan balyk üçin suw barlygy bilen howa barlygynyň arasyndaky üçünji bir barlykdyr. Bu gaýybanalygyň durmuşy manysy we durmuşy haýyrlylygy — onuň biziň şu günki gün nädip ýaşamalydygyny we nädip güýçlenmelidigini bize öwredýänligindedir. Hut şonuň üçin hem biz taryha akyl, ruhy we ahlak gujuryň çeşmesi hökmünde garaýarys. Çeşmäniň çeşme bolmagy üçin belli bir gymmatlyklar we düzgünler esasynda gurnalan we ylmy usullary gollanýan taryhy kemala getirmek zerurlykdyr. Taryhyň ylmy usulyýeti — taryhy geçmişi yzygiderli we töwerekleýin barlamagyň we şu barlagyň netijeleri esasynda taryhy aňyýeti kemala getirmegiň, pikirlenme we synag usullarynyň ulgamydyr. Diňe şeýle edilende biz ruhy garaşsyzlygymyza goşant goşup biljek bitewi milli taryhy döredip bileris. Bitewi milli taryh üç sany düzüjiden kemala gelýär: 1) gaýybana taryhy geçmiş; 2) taryhy dünýägaraýyş; 3) taryhyň ylmy usulyýeti. Milletimiziň gaýybana taryhy geçmişi bize arheologik we ýazuw ýadygärlikleri hökmünde gelip ýetipdir. Men bu ummasyz tapyndylary we maglumatlary öz täze taryhy dünýägaraýşym esasynda bitewüleşdirýärin. Eger şu wagta çenli taryh biziň üçin bitewi bir zada öwrülmedik bolsa, munuň esasy sebäbi taryh üçin dünýägaraýyş esasynyň bolmanlygyndadyr. Bu ikisini biri-birine utgaşdyryjy iş usuly bolsa, taryhyň ylmy usulyýeti bolar. Bizden öňküler bu meselede bize nähili miras galdyrypdyrlar? Baryp akademik W.Bartold «Türkmenler türki halklaryň içinde iň baý taryhly halkdyr» diýip ýazypdy. Alym, elbetde, bu pikirini aýdanda orta asyrlaryň taryhy mirasyny göz öňünde tutýardy. Orta asyrlar ýazuw çeşmeleriniň baýlygy bilen düýpli tapawutlanýar. Ýokarda ýaňzydyşym ýaly, men olara tankydy akyl gözi bilen garaýaryn. Ýöne orta asyrlardan öň hem müňlerçe ýyllara uzaýan taryhymyz bolupdyr ahyryn. Wagtyň tebigaty şeýle — taryhy geçmişiň jümmüşine gitdigiňçe, esasy maglumat çeşmesi maddy medeniýetiň zatlary bolup galýar. Gadymy maddy medeniýetimizi XX asyrda amala aşyrylan gazuw-agtaryş açyşlary arkaly kem-käsleýin dikeldip bildik. Men olary milli taryhyň nukdaýnazaryndan tertipleşdirýärin, ulgama salyp, teswirleýärin. Maksadym — taryhy hakykaty ýüze çykarmak we ony halka ýetirmekdir. Taryhy hakykat näme? Taryhy hakykat — gaýyba öwrülen janly durmuşy akyl arkaly dikeltmekdir. Taryhy hakykat — geçmişiň boş sahypalaryny anyk taryhy tapyndylaryň şaýatlyk edýän maglumatlary esasynda doldurmakdyr hem-de täze deliller, maglumatlar arkaly ýa-da maglumatlaryň täzeçe gurnalyşy, baglanyşdyrylyşy arkaly galyba dönen köne düşünjeleriň ret edilip, täze düşünjeleriň kemala getirilmegidir. Garaz, sözüň ýönekeý manysynda aýdylanda, munuň özi täze türkmen taryhyny ýazmakdyr. Taryhyň ýazylmagy ylmy barlygyň miwesidir. Öz ylmy barlaglarymy men şu bäş basgançak şekilinde alyp barmakçy bolýaryn: 1) Bilmezlik halaty. Ilkibaşda adamda nämedir bir zady bilmeýändiginiň duýgusy bolýar. Şu duýgunyň özi barlyga eltýän ilkinji çykalga, kiçijik yşdyr. Bilmeýändigiň baradaky duýgynyň ýok ýerinde herekete itergi ýokdur. Bilmek «bilemok», bilmezlik «bilýän» diýen duýgudan başlanýar. Diňe şu duýgynyň döremegi üçin hem paýhasyň ep-esli işi we käbir tejribesi gerekdir. Men türkmen taryhy bilen talyplyk ýyllarymdan gyzyklanyp başlap, ony bilmeýändigime, ony asyl hiç kimiňem derekli bilmeýändigine göz ýetiripdim. Bu türkmen taryhy, taryh ylmy bilen düýpli meşgullanmagyma itergi bolupdy. 2) Bilmeli zadyň mazmunyny we çäklerini kesgitlemek. Akyl barlagynda bu kesgitleýji basgançakdyr. Men türkmen taryhynyň çäklerini gutarnykly aňlap bilmän, köp kösenipdim. Muňa öňden gelýän galyp düşünjelere eýermegim, olara tankydy garamazlygym sebäp bolupdy. Men dürli döwürlerde türkmen taryhy ýaşaýşynyň mazmunyny we çäklerini dürlüçe kesgitläpdim. Aýdaly, oglankam türkmen milletiniň XIV-XV asyrlarda kemala gelendigine ynanýardym. Soňrak, talyp ýyllarym türkmen milletiniň taryhy ýaşaýşy ikinji müňýyllygyň başlaryna uzady. Soň birinji müňýyllyga, soňra-da miladydan öňki müňýyllyklara gitdi. Özleşdiren maglumatlarymyň köpeldigiçe, öňki düşünjeler taryhy hakykaty öz içine alardan ejiz gelýärdiler, şeýdip, milletiň taryhy barha uzaýardy. Iň soňunda-da, meniň taryhy nazarym miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda saklandy. Çünki türkmeniň hut häzirki durmuşynyň mazmunyny düzýän köp zatlaryň köküni diňe şol ýerden tapyp boljakdy. 3) Mümkingadar çözgüdi göz öňüne getirmek. Eger maglumatlar şeýle diýýän bolsa, onda türkmeniň döreýşini we ösüşini, onuň ösüşli we tesişli, guwançly we gynançly taryhyny azyndan bäş müň ýylyň çäginde göz öňünde getirmelidir. 4) Pikirlenme usullary arkaly bu göz öňüne getirmäni barlagdan geçirmek. Munuň özi akyl işiniň iň ylmy, iň hysyrdyly we iň uzaga gidýän basgançagydyr. Türkmeniň aýdyşy ýaly, bu ýerde dünýäň ylmyny özleşdirmek gerek bolýar. Şonça wagta uzaýan hadysany bitewi bir zada öwürmek, şonça döwri hemmetaraplaýyn aýyl-saýyl etmek, şonça ýüki akylyň we ýüregiň üstünden geçirmek juda kyn iş, öte kyn iş. Ine, bir daýanjyň — bitewi taryhy dünýägaraýşyň gerekdigini bildirýän ýeri. Maglumatlary aňyňda ýazmak ýeterlik däl, olary dürli ylymlaryň «sudundan» hem geçirmeli. Ýürek diňe akylyň synagyndan geçen zady kabul edýär. Pikir arkaly taryhyň ýetmezini ýetirmeli, dolmazyny doldurmaly. Akylyň bu ýoly tep-tekiz däl-de, çarkandakly, köp büdredýän ýol. Şeýle kyn-da bolsa, şol bir pikiri dürli tarapdan barlamaly, öňki inkär eden zatlaryňa gaýta-gaýta dolanmaly bolýar. Eždatlarymyzyň aýdyp gidişleri ýaly, «ýedi ölçäp, bir kesmeli» bolýar. 5) Inkäre ýa-da ykrara getirýän soňky umumylaşdyrmalar. Munuň özi akylyň miwesiniň bişmegidir. Bu özüňe-de garaşylmadyk (duýgyňa garaşylmadyk) netijeleri berýän basgançak. Inkär ýa ykrar etmek bir pursatda bolup geçse, onuň bahasy bir aşykdyr. Inkär ýa-da ykrar agyr düşýär, ýöne miwesi datlydyr, haýyrlydyr. Maňa Oguz hanyň mongol bilen baglanyşygyny inkär etmek ýa-da parlar bilen şu günki türkmeniň baglanyşygyny ykrar etmek ýeňil düşmedi. Ýöne men bu baglanyşygy dikeldenime guwanýaryn, ol indi meniň üçin çaklama däl-de, subut edilen hakykatdyr. Enşalla, ähli türkmen, ähli okyjy üçin hem şeýle bolar. Indi bolsa taryhy ylmy taýdan barlag etmegiň özüme mahsus bolan bäş sany usulyny gysgaça häsiýetlendirip görkezeýin. 1. Syzmak. Hemme zat ýürekden başlanýar we akyla barýar. Men taryhy wagty aýratyn bir dünýä — metadünýä hökmünde syzmagy çagalykdan gowy görerdim. Beýle duýgynyň mende örç almagyna taryhy ýadygärlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmak has güýçli täsir etdi. Meniň öz ata-babalarymy direldäge-de, olary garsa gujaklasym gelýärdi. Bu syzgy akyl ýetirmek işiniň diňe başlangyjy bolman, eýsem ol şol işiň anyk dowamynda maňa dogry çözgütleri salgy beriji intuitiw bir gural boldy. Syzyşyň guraly — adamyň içki süňňüdir. 2. Beýan etmek. Taryhyň, beýleki ylymlaryň takyklan dürli maglumatlaryny beýan etmek işi ähli ylymlarda ulanylýan esasy usuldyr. Beýan etmek hem birbada görnüşi ýaly, ýönekeý we ýeňil zat däldir. Meseläniň çözgüdini amatly suratda beýan etmeli, beýan etme doly we ýeterlik bolmaly, munda esasy pikire dahylsyz artykmaç zatlar, boş tykyramalar bolmaly däl. Munuň esasy guraly — maglumatdyr. Maglumaty beýan etmek üçin pikirlenme sagdyn we kämil bolmaly. Her bir ýazylýan kitabyň mazmunyna görä beýan ediş usulyýeti bolmaly. Kitabyň mazmun bilen sazlaşýan, hörpdeş usulyýeti bolmasa, onda ol kitap kämil bolup bilmez. Kitabyň mazmunyny düzmeli esasy maglumatlary jemlän adam üçin usulyýet baş meseledir. Mazmunyň akgynly, düşnükli, gyzykly bolmagy beýan ediş usulyýetiňe baglydyr. Edebiýaty öwreniş ylmynda tas unudaňkyrlanan kitaby uslyby bar. Kitap ýazmak — gadymy beýan ediş uslybydyr. Men gadymy kitaby uslyby döwrüň ösen talaplaryna görä täzeçe oýlanma esasynda peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn. 3. Teswir etmek. Munuň özi hakykatyň astky gatlaklarynda ýatan, göze görünmeýän zatlary üstki gatlaga getirmekdir. Bu many almakdyr we manyny ýüze çykarmakdyr. Many — hadysanyň pikirdäki bitewi suratydyr. Manylar dürli-dürlüdirler, öwüşginlere we taraplara baýdyrlar. Esasy zat — bir hadysanyň beýleki hadysa bilen baglanyşýan manysyny ýüze çykarmakdyr. 4. Gaýtadan dikeltmek. Gaýtadan dikeltmegiň guraly — suratdyr. Döwrüň, hadysanyň, wakanyň, jemgyýetiň suratydyr. 5. Düzmek. Düzmek — bitewi taryhyň özara içki baglanyşyklaryny dikeldip, olaryň janly bitewüligini täzeden düzmekdir. Şeýle edilende gaýybana geçmiş janlylyga eýe bolýar. Taryhy gaýtadan düzmek işi ýykylan binanyň täzeden düşülişi ýaly bir zatdyr. Şeýle iş iň soňky etapy aňladýar we bu ähli çözgütleriň tapylandygyny we hemme zadyň ýerbe-ýer goýlandygyny görkezýär. Ýekeje mesele çözülmän galan bolsa, düzmek işi mümkin däldir. Meniň görkezen usullaram biri-biri bilen baglanyşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän akyl işleridir. Olaryň manysyna we miweliligine taryhyň dowamynda oňat göz ýetirersiňiz. Akpamygyň doganlarynyň ystyhanlaryny ýerbe-ýer goýup, Akmaýanyň süýdi bilen jana getirişi ýaly, men ylmy usullar arkaly türkmen taryhyny dikeltmäge girişýärin. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |