ÜÇ ŞERT
Soltan Sanjaryň periler perisine öýlenişini, orta mekdepde okap ýörkäm mugallymym şeýleräk gürrüň berdi. Ýagny, Soltan Sanjar periler perisine aşyk bolupdyr. Ol periniň ýanyna baryp:
— Eý, peri-peýker, men saňa, seniň kaddy-kamatyňa aşyk boldum. Seniň gül jemalyň meni indi hiç öz erkime goýmaýar. Eger dyza çöküp, saňa haýyş etsem, sen meň bilen durmuş gurarmyň? — diýip, ýüregindäki duýgularyny, perä beýan edipdir.
Peri esli oýlanyp, Soltana garap:
— Eger-de, sen meniň üç şertimi kabul ederin diýseň, men razy.
— Näme şertiň bolsa men bitirmäge taýyn. Hany, beýan eýle şertiňi.
— Şertlerim şeýle, gulak goý! Birinji şertim, sen hiç wagt men ýörämde aýagyma seretme. Ikinji şertim, meniň bilimden tutujy bolmagyn. Üçünji şertim bolsa, başymy daranymda maňa hiç hili garamagyn. Ýöne, bir zady bek bellegin, eger-de sen şertleri bozaýsaň, onda meni gaýdyp görmersiň. Ýeri, sen razymy?
— Elbetde, razy. Üç şertiňem kabul edýärin.
Şeýdip, bular durmuş gurupdyrlar. Esli wagt agzybir ýaşapdyrlar. Ýöne, ynsan diýeniň bilesigeliji bolýarda. Günlerde bir gün Soltan: «Näme üçin «Ýöränimde aýagyma seretme» diýdikä?» diýip, bilesigelijilik edýär. Şeýlelikde, ol ýöräp barýan aýalynyň yzyndan seretse, onuň aýaklary ýörände ýere degmeýär eken. Ony gören Soltan Sanjar haýran galýar.
Soňra has-da bilesigelijiligi oýanyp, bir gün ol periniň bilinden tutýar. Görse, onuň biliniň süňki ýok eken. Soltan Sanjar muňa has-da geň galýar. Ynha-da, ol saba-säher bilen başyny darap oturan aýalyna garanjaklaýar. Görüp otursa, peri başyny daranynda, başyny egninden aýryp, eline alyp daraýan ekeni. Muny gören Sotany edil tok uran ýaly doňup galýar.
Soňra peri Soltanyň ýanyna gelip:
«Heý, Soltan, hany seniň beren wadaň. Men saňa eger-de şertlerimi bozsaň, soň meni görmejekdigiňi aýtdym ahyryn. Sen beren wadaňda durmadyň. Şonuň üçinem meni indi hiç haçan görmersiň. Hoş, sag bol» diýip, akja kepderä öwrülip, Soltan Sanjaryň gümmeziniň ýokarsyndaky togalak oýujakdan uçup gidýär. Aýtmaklaryna görä, ol kepderi häli-häzirem Soltan Sanjaryň mawzoleýine gelip, esli oturyp gidýärmişin.
Taýýarlan: Güljan BÄŞIMOWA,
«Maru — şahu Jahan».
Halk döredijiligi we rowaýatlar