ÜÇÜNJI DÜŞÜNDIRIŞ
Gyzyl imperiýanyň ak aragyň garşysyna gazaply hem gülkünç bir göreş yglan eden döwrüdi...
***
Baýgeldiniň kakasy bar zada, hatda, ýok zatlara-da düşündiriş berip bilýän adamdy. Ýöne, ol jogap berip ýetişse, Baýgeldijigem sorap ýetişerdi.
― Kaka, häli «Pylany bilen jynym alşanok» diýdiň welin, jynyň näm bolýa? ― diýip, Baýgeldijik bir gezek oňa ýene sowal berdi.
― Jynmy? Jyn ― jyn bolýa-da! Hü-ü-ü-üw... Hä-hä-hä-hä... Ho-ho-ho-ho... A-a-a-a...
Baýgeldijik kakasynyň ýeňsesinden görkezýän barmaklaryna, eňşäp gyşaran ýüzüne, peträp duran gözlerine seredip, ilk-ä bir ziňkildedi, soňam jykyrdap güldi:
― O nirede bolýa, nirede ýaşaýa?
― Nirede ýaşasyn-aý... Adamyň içinde bolýar ol. Käte-de gezmäge çykýar. Ynha, adam bir ýere ugraýar welin, onuň jynam hol garagörnüm öňüne düşüp, ylgap barýar. Onsoň, aýdaly, bularyň öňünden başga bir adam çykýar. Onuňam jyny öňünden ylgap gelýär. Onsoň, ýaňky adamlar entek biri-birini görmänkä, olaryň jynlary duşuşýar. Duşuşýarlar-da, edil it ysgaşan ýaly, bir-biriniň daşyndan aýlanyp, ysgaşyp ugraýarlar. Şonda, eger, bu iki jynyň bir-birine pisindi otursa-ha, dost bolýarlar, ýogsa-da, gabyr-gubur, magyr-mugur... Indi, bularyň yz ýanyndan eýelerem gelýä-dä! Bularam duşuşýarlar. Ana, şonda, jynlary öňinçä dostlaşan bolsalar-a, bularam dost bolýarlar... ýogsa-da, gabyr-gubur, magyr-mugur... Anha, şonuň üçinem, «Jynym alyşmady» ýa-da «Jynymyz jyňkyryşmady» diýilýär.
― Kaka, onsoň, çagalaňam jyny bolýamy?
― Bolýa diýýäler. Özem çagaň jyny mydama ulularyňkyny aldaýa diýýä!
Baýgeldijik ýene jykyr-jykyr edýär-de, gülüp gutarmanka, täze sowaly suňşurýar:
― Çagalaň jynynyň balagam bolýamy, kaka?
Kakasy bir diňşirgenip durýar, oguljygynyň gepi nirä gyşardýanyny aňjak bolýar, ony aňybam, gaharlanan bolýar:
― Päh-eý, pekge, öz-ä jyn bolsa, onda-da çagaň jyny, oňa balak nämä gerek?!
Bujagaz gürrüňem ýöne ýere däl ― sebäplije... Kakasynyň-a o wagt bir gowy balagy bar-da, idili, sarly köýnegi ýok. Oguljygynyňam ibalyrak bir köýnegi bar-da, düzüwli balajygy ýok. Diňe ejesi görgüliniň Baýgeldiniň kakasynyň köne balagyndan söküşdirip, täzeden biçişdirip, tikişdirip beren köneje, tyrryk balagy. Gytçylyk, gahatçylyk döwrüdi-dä.
Onsoň, şu balakly mesele boýunça, ataly-ogluň arasynda häli-şindi şeýleräk sowal-jogap bolardy:
― Kaka, maňa haçan balak alyp berjeg-aý?!
― Balagy, ulalaňsoň geýibirler. Sen bir erkek oglan-a, nämä utanýaň?
― Ulalamsoňam, tapylmasa näme?
Garyp ata öz balagyna seredip, uludan demini alýar:
― Aý, onda, şuny geýibirsiň-dä...
Baýgeldijigiň kakas-a alty gary ak bize çolandy-da, gitdi bireýýäm. Balakly mesele welin galdy. Indi şo sowaly Baýgeldiniň çagalary öz kakalaryna berip ýörler. Bu sowal Adam atanyň ilkinji oglundan gaýdyp, tä adamzat kowmy ahyr bolýança-da dowam etjege meňzeýär.
***
Baýgeldijik ulaldy, Baýgeldi boldy. Işe durdy. Ine, şol ýerde-de onuň öz başlygy bilen jyny jyňkyryşmady.
Baýgeldem, edil beýlekiler ýaly, özüni erbet adam hasaplanok. Başlygam şeýle. Emma, jynlary welin alşanok.
Ýeri, özüň-ä bir, garybyň jyny bolsaň, geziber-dä günüňe kaýyl bolup! Hökman baryp, başlygyň jyny bilen gabyr-gubur boluşmalymy?!
Ýok, Baýgeldiniň jynam öz hetdi bilen däl-how!
Başlygyň jynam muny jogapsyz goýanok. Sähel bir zat bolsa, «Ýaz düşündirişiňi!». Her düşündirişden soňam, käýinç.
Baýgeldiniň eýýäm iki düşündirişi bilen iki käýinji başlygyň sandygynda ýatyr. Erte-birigün üçünjinem ýelmäýse, gutardy.
...Şeýle kyn günleriň birinde, Baýgeldiniň çagalykdan jyny alyşýan dosty Sähet duşaýdy.
― O-how, Sähet jan, sen nirede bu günler?
― Men-ä, dost, huşagetirijiň başlygy bolaýandyryn. Ä seň özüň nirede?
― Menem başlygyň huşdan giderijisi... Äý, hi-iç oňşamzog-aý! Işden gidäýmesem...
Onsoň, huşagetirijiniň başlygy bilen «huşdan gideriji» ikisi çaý başynda oturyp, derdinişdiler, maslahatlaşdylar, gepi mazaly bişirdiler. Baýgeldiniň başlygyny ilk-ä toýa getirmeli, soňam ýasa...
***
― Başlyk, menem iller ýaly ony-muny çagyryp, kyrk ýaşymy belläýsem diýýän, restoranda...
― Gowy edýäň belleseň, kyrk ýaşan bolsaň ― onam gowy edipsiň. Belki, indiden soň bir käsäň dolup, akyl geläýedi-dä...
― Sizem çagyraýsam diýýän, başlyk!
― Meni? Nädip?! ― Başlyk birden güläýdi. ― Aý, diýseň-diýmeseň saňa akyl geläýmegi mümkin-how! Ýöne men nämüçin barmaly?
― Aý, başlyk bolsaň, barmaly bor-da-how!
Başlygyň ýüzi hamyrturşy ýaly boldy:
― Men näme, seň ýaly, restorandan restorana entäp ýören...
― Bolýa, bolýa, başlyk! Meňki bir aýtmak. Men, ýöne, Aman Amanyç «Başga kimler barýar?» diýende, gyssanjyma, siziňem adyňyzy aýdaýdym oňa...
Geň ýeri, Aman Amanyç Baýgeldiniň kakasy bilenem dostdy. Baýgeldiniň häzirki başlygy bilenem dost. Özem ― has uly edaraň başlygy.
Gepiň gysgasy, başlygyň jyny bu gezek basyldy. Ýöne Baýgeldiniň jynyndan-a däl...
***
Baý bol ― garyp bol, Baýgeldi bol ― başlyk bol, kim bolsaňam, seniň ömrüňde diňe gaýlygünler däl ― toýly günlerem öz gezegi bilen geläýýär. Ýa-da tersine.
Baýgeldiniňem bu gün toýy. Oýun-oýun bilen, gowy toý boldy bi. Görlüp oturylsa, Baýgeldem erbet ýigit däl ekeni. Muny, hatda, onuň başlygam öz gezeginde belläp geçdi.
Beýle günde beýle sözleriň hökman aýdylaýmaly amanat bir zatdygyna akyly çatyp dursa-da, Baýgeldi eredi. Tas gyrkaýmaly bolupdy. Göwün diýlen görgüliniňem hörejigi, näme, ýeke agyz ýyly söz-dä!
Aman Amanyçyň sözi, esasan, Baýgeldi hakda däl-de, Baýgeldiniň kakasy barada boldy. Ýöne Baýgeldi munam geňirgäp durmady. Kakaňy öwseler, erbetmi näme! Iller-ä, dagy zat tapmasa, «Kakam pylandy!» diýip, öwnüp ýörler.
Aman Amanyç gürrüňiň arasynda, Baýgeldiniň kakasynyň göwünaçyklygy, elaçyklygy hem... agzaçyklygy bilen baglanyşykly birki sany gyzyklyja wakany ýatlap, oturanlary gyzyl-gyran güldürdi. Şondan soň, oturanlaryň barynyň gözi-gulagy Aman Amanyçda bolaýdy. Baýgeldiniň başlygam muny az-kem gabandymy-nätdimi ýa-da dogrudanam, işli boldumy ― birki sagat oturyp, gaýdarman boldy.
― Başlyk, ýene a-a-azajyk oturaýmalydyňyz! Özüm maşyn tapypjyk ugradardym... ― diýip, Baýgeldi şunça özelense-de, bolmady.
― Ýok, ýok, siz oturyberiň! Maşyn gelendir.
Häk... «Garybyň sözi ýerem almaz, ýerde-de galmaz».
Baýgeldiniň başlygyna daşarda başga maşyn garaşyp dur eken. Iki sany döw ýaly ýigit onuň aňyna-maňyna bakman, aman-zamanyny bermän, yzy gözenekli maşynyň içine iteklediler-de, huşagetirijä tarap alyp gitdiler. Başlyk pahyr diňe başda, «Eý, duruň-ow, balagym ilişdi!» diýip gygyrmaga ýetişdi.
...Sen hernäçe gowy toý et ― barybir, öýkelejek öýkelemän, aglajak aglaman, güljek gülmän dynmaz. Anha, Baýgeldiniň toýunda-da onuň çagalyk dosty Sähet, hiç kim hiç zat diýmezden, hiç kime hiç zat diýmän, öýkeledi oturyberdi. Oňa... söz bermediler. Adynam tutmadylar.
Erbet ýeri, Baýgeldem muny dogry hasap etdi. Dogry-da, arak içeniň gan içendenem erbet görülýän döwri, arak bedibagtyň gözden-dilden gizlenip, nebir haýbatly, owadan çüýşelerden görksüzje çäýneklere guýlup, ogryn getirilýän döwründe, alaga-da, «Pylan huşagetirijiň başlygy Pylana söz berýäs!» diýilse, nähili bor-aý?! Oturanlaryň bar iýen-içeni gara gan bolup, burunlaryndan gelmezmi?!
Elgaraz, Sähedem Baýgeldiň başlygynyň yzysüre, çagalyk dostuny ýanyna çagyryp, goşaryndaky sagadyna pitikledi-de, «Iş, iş! Işe barmaly!» diýip pyşyrdady. Baýgeldem muny öňki dilleşigiň dowamydyr öýdüp, «Galaýsana, oturaýsana!» diýip durmady. Sähet muny hasam ýokuş gördi. Ýöne, näme, dost ― dost bolýa-da! Şonuň üçinem, ol sesini çykarman, özi çykdy gitdi.
***
Gyzyl imperiýa bilen ak aragyň dikleşen döwrüdi...
***
Baýgeldiniň başlygy üçin bu gije ― ýas.
Gözenegiň aňyrsynda, käte, balagynyň ýyrtygyny eli bilen gizlejek bolup, käte-de, gapdala gyşaryp giden galstugyny düzetjek bolup, şol aralykda-da, beýlesinden süýşenekläp gelip, «Agam, çilimiň bam-aý? E-eý, byra-at, çilim bersen-ow!» diýip ýapyşýan pyýadanyň kirli penjelerinden sypjak bolup, kakynyp-silkinip, dert-azar bolup oturan başlygynyň gözlerini görende, Baýgeldiniň ýüregi gyýym-gyýym bolup gitdi. Ol gözlerde, diňe bu ýalançynyň ýalan kürsüsi bilen hoşlaşan adamyňam däl-de, eýsem, eýýäm Arşy-kürsüň öňünde çöküne düşüp, Müňkür-Nekire hasabat berip oturan biçäre-bialaç bendäniň hasraty bar. Adamyň başyna iş düşende, ol kim bolsa-da, bada-bat beýleki adamlar ýaly adaty bir adama öwrüläýýän eken.
«Bu bendäňem, meňki ýaly, bäş sany çagasy bar-a!» diýen pikir Baýgeldiniň beýnisini dyrmalap geçdi.
...Sähet sag eliniň süýem barmagyny sapançanyň nili ýaly edip, başlyga tarap gezedi-de, Baýgeldiniň ýüzüne seretmän, haýbat bilen sorady:
― Şümi seniň diýýäniň?
Baýgeldi başyny atyp-atmanka, başlyk ezeneginden aslyşyp oturan kirli pyýadany gapdala pyzyp goýberdi-de, hasyrdap ýerinden turdy. Balagynyň ýyrtygyndanam, gün garasyny görmedik akja teni jyklap dur. Bir Baýgeldä, bir Sähede seredýän gözleri bolsa, «Gaýrat ediň... Kömek ediň!..» diýip ýalbarýar.
Baýgeldi onuň bu naýynjar sypatyna mundan artyk seredip bilmän, ýüzüni kese sowdy:
― Neme... Sähet jan... dost! Sen nemet-de... gaýrat et-de, goýbersene şuny!
Sähet böwrüni diňlän bolup, birsalym durdy-da, ajymtyk ýylgyrdy:
― Hymm... Bi adam seň nämäň bolýa, Baýgeldi?
― Bümi? Aý, bolýa-laý, Sähet, boldy-laý! Goýberäý-dä indi! Bi... gowy adamdyr.
Sähet birden lohhuldap güldi:
― Häý, bolýa-da! Hany, entek daň bir atsyn, kagyz-pagyzlary bir düzedişdireli. Bi tanşyňam birazajyk özüne gelsin, açylsyn. Ýaňyja getirip, derrewem goýberibersek, il näme diýer! Menem-how, şu tak getirilýän her bir alkaş üçin kelläm bilen jogap berýän, Baýgeldi!
Başlygyň ýüzi gyzyl ketenä döndi. Baýgeldiniňem sesi sandyrap ugrady:
― Alkaş däl-ow ol! Nädýäň-aý? Indi boldy diýýän-how! Kagyz-pagyzyňam ýok et...
Sähet onuň ýeňinden silkibräk çekip goýberdi:
― Sen-how, ýagşy ýigit... Şu taýda sen hojaýynmy ýa men?! Hany, ýör, ikimiz kabinete bir baraly! Onyňam, hany, göreli, çykyp bilşini...
Başlygyň gözleri bu gezek Baýgeldä çüý bolup çümdi: «Beýtme, Baýgeldi! Näme diýse, bolýa diýäý! Meni şu taýdan çykarsaň bolýa...»
Kabinete giren batlaryna, Sähet gapyny şarkyldadyp ýapdy-da, Baýgeldiniň al-petinden aldy:
― Sen-how... çynyňm-aý? Gyzaryp-bozaryp, sandyrap durşuň nähili-how seniň? Şolaryň ýanynda maňa-da gygyryp barýaň-la-how sen!
Baýgeldi gabat gelen oturgyja çökdi:
― Sähet jan... sen bagyşla! Biziň munymyz karam bolýa-laý... Sen, gowusy, indi şony sypdyr-da goýber! Şü, biri ýalbaryp dursa, men-ä bolamok-how...
― E-eý, samsyk! Saňa şu wagt ýalbarýan bamy?! Ony entek ýene iküç sagatjyk saklaly, soň görersiň ýalbaryşyny! «Doňzy batgada bas!» diýip eşitmänmidiň? Basdyňtaň etdiň, indi tä çyrlaýança goýberme!
― Äý, ýok-laý, Sähet! Gümüne gitsin-läý...
Sähet eňegini sypalap, esli salym Baýgeldiniň ýüzüne seredip oturdy:
― Beh, seniň şo-ol agzaçyklygyň-ow... Sen Napoleonyň näme diýenini bilýäňmi?
Baýgeldi Sähediňem, Napoleonyňam näme diýýänligi bilen birjik-de gyzyklanman, diwardaky sagada seredip otyr.
― Diňle, Baýgeldi! Napoleon şeý diýýär: «Duşmanyňy ýeňmegiň iň aňsat ýoly ― ony dost tutunmakdyr» diýýär. Meniň näme diýjek bolýanyma düşündiňmi?
― Ýok.
― Düşünmeseň, şeýle! O başlygyňy, tä seň bilen dost bolýança, saklaýas... Galyberse-de, Baý jan, meniňem onuň bilen hasap-hesipjigim bar. Bu işler şe-e-eýle ediläýenok-how!
― Men hasap-hesibiňem bilemok, Napoleonyňam! Şony häzir goýber! Men bizar!
― Näme, gorkýaňmy?
Baýgeldi ýene dym-gyzyl boldy:
― Seniň... gürrüňiň nähil-aý, Sähet? Men ertir arzamy ýazyp, oklaýan şoň öňüne, düşündiňmi?! Gorkýaň-porkýaň... A-haw, adama rehim diýip, şepagat diýibem bir zat bardyr-a-how, pekge!
Indi Sähediň gahary gelip ugrady:
― Bolýa! Bar, al-da git şo başlyksumagyňy! Indi gaýdybam, meniň ýanymda eýle-beýle diýip zeýrenme! Häý, kim-kimlere ýagşylyk etjek bolub-aý...
***
Bu gün başlyk toý edýär. Kiçijik, ýöne toý.Toýuň bar myhmanam iki adam ― Baýgeldi bilen Sähet. Başlygyň özi bilen üç adam. Arman, Baýgeldi häzir iki bolup bilenok. Ýogsam, dört adam diýse-de boljak.
Başlygyň töründe, onuň bilen bir tabakdan nahar iýip, deňli-derejeli «Baý jan» bolup oturmak... bu bir düýş-ä!
Ýagşylygam bilýän adama etseň! Gör-ä muny! Baýgeldiniň şo «huşagetirijidäki iki agyz sözi üçin başlyk pahyryň ediberşini! «Inim!» diýýä-how! Sähet samsygam «doňuz» diýen bolup...
Başlyk:
― Indi palawam çekiläýse nädýä, myhmanlar?! ― diýenden, Baýgeldi böküp turýar:
― Häzir özüm getirýän... Gelneje, aý, gelneje!
Baýgeldi şeýdip, bir palaw, bir çaý, bir çilim diýip, ikiýana çapalap ýörkä, başlykdyr Sähet ikisi mazaly tanşyp, dostlaşyp ýetişdiler.
Gowy ýeri, Sähediň özündenem uly başlygy Baýgeldiniň başlygynyň birwagt bile gulluk edeni bolup çykdy. Öz gullukdaşynyň beýle-beýle ýerlere ýeteninden başlygyň habaram ýok eken.
― Wah, Sähet jan, aýdaýmal-a senem, şo Pylany Pylanyýewiç zaňňar meň başlygymdyr diýip...
― Wah, agam, şo wagt bir agyz duýduraýmal-a özüňem, «Men Pylany Pylanyýewiçiň gullukdaşydyryn!» diýip...
― Aý, men näbileýin seň beýle gowy ýigitligiňi! Kagyz-pagyz diýip ýüregimi ýardyň-a...
― Kagyzam bolmaz, agam, pagyzam! Kagyz borm-aý...
Bu ýürekdeş gürrüňiň barşynda, Sähed-ä başlygyň içegenräk bir ýegenini, başlygam Sähediň gümrükhanadan kowlan bir inisini işe alarman boldy.
Şol aralykda:
― Anha, agalar, gelnejemiz-ä eýýäm üçünjinem daş edýäýipdir! ― diýip, patanaklap gelen Baýgeldiniň ýüzüne başlygam, Sähedem, «Bu nireden çykd-aý?» diýýän ýaly, geňirgenişip seretdiler.
Göwni ganat baglan Baýgeldi bolsa, şo ganatyň peri bilen, şo gün, şo gije öýlerine gelenden, özüniň üçünji düşündirişini ýazmaga oturdy.
***
Bu wakanyň soňumy? Soňy şeýle bolmalydy: başlyg-a Baýgeldä mydama minnetdar bolup ýörmeli, Baýgeldem oňa mydamalyk orunbasar bolmaly, ikisem ― aralaryndan gysyr siňek gysylyp geçýän dost bolmaly. Sähedem bulary daşyndan synlap, guwanyp ýörmeli. Hawa, Baýgeldiniň ýerine başga biri bolan bolsa, şeýle-de bolardy. Emma, bolmady.
...Ertesimi-birigünlügimi, Baýgeldiniň başlygy Sähede jaň etdi:
― Sähet jan, işiň känmi? Bäş minutlyjak gelip-gitjekmi ýa özüm baraýynmy? Aý, şü Baýgeldili mesele... Howwa, men ýerimde. Garaşýan!
Dem salymdan Sähet ýetip geldi. Başlyk ony oturdyp, elindäki kagyzy okamaga başlady:
«...Babaýew Baýgeldiniň tarapyndan Düşündiriş.
Ýagny, men... Şol araky, restorandaky we ondan soňky wakalary öz dostum Sähet Saparow bilen ýörite dilleşip gurnadyk. Şonuň üçinem, Pylany Pylanyýewiç, sizden ötünç soraýaryn we mundan beýläk... Sebäbi, men siziň şeýle artykmaç gowy adamlygyňyzy bilmändirin...».
Başlyk ardynjyrap, Sähediň ýüzüne köpmanyly, hol gapdaldaky oturgyçda dylym-dylym edip oturan Baýgeldiniň ýüzüne-de birmanyly seretdi. Baýgeldiniň bolup oturyşy-ha, häzir turaga-da, «Geliň-eý, goýalyň-la şu öýke-kinäni! Dost bolalyň-laý!» diýip, ikisinem garsa gujaklaýjaga meňzeýär.
Emma, Sähediň welin, Baýgeldä tarap alarylyp seredişinden çen tutsaň, gujaklaşasy gelmeýän bolarly. Baýgeldem muny aňdy-da, birhili müýnli ýylgyrdy:
― Aý, Sähet dost, senem gaty görme-how! Men... özüň bilýäň... aýtdym-a! O, neme, nakyl getirip gürlemäni gowy görýäň-ä sen. «Gögüň kirini ýagyşlar ýuwar, göwün kirini ― «bagyşla!» ýuwar» diýýämidiň... Şu kiri men ýuwmasam bolmady, Sähet!
Sähediň ýüzi ilki, ýedi ýuwlan ýaly agardy, soň gögerdi, iň soňda-da garaört boldy. Ol tarsa ýerinden turdy-da:
― Aý, agam, işgär özüňki! Mende-hä muň ýaly dostam bolmaz, ýoldaşam! Nätseň, öz ygtyýaryň! Men soň jaň ederin... ― diýdi-de, çykdy gitdi.
Baýgeldi aňk-taňk bolup galdy.
Onuň başlygam birsalym pikirlenip oturdy-da, birdenem, Baýgeldiniň düşündirişini iküç epläp, jyrrym-jyrrym edişdirip, gapdalyndaky sebede oklady, soňam bir tagta kagyz bilen bir galamy Baýgeldiniň öňüne patladyp goýdy:
― Sen, iň gowusy, arzajygyňy ýaz-da, hü-ü-üşt! Saňa edibiljek iň uly ýagşylygym şu häzir. Munam Sähet Saparyçyň hatyrasy üçin edýän...
Şu aralykda biraz özüni dürsemäge ýetişen Baýgeldem, Sähediň edişi ýaly, ajymtyk ýylgyrdy-da, başlygyň oklan kagyz-galamyny yzyna süýşürip, öz jübüsinden dört eplenen bir kagyz çykardy:
― Aý, başlyk, sen beýle howlukmasaňam bordy. Ýöne, howlugsaňam, barybir, biraz gijä galdyň. Muňa, ine, arzajyk däl-de, arza diýerler. Men muny düşündirişimden öň ýazdym. Dogry-da, walla, her öňýeteniň minnetini çekip...
Baýgeldiniňem iň soňda, bar edibilen içýakgyçlygy şo boldy. Ol başga işe ― Aman Amanyçyň edarasyna gitdi. Onuň ýerine Sähediň inisi geçdi. Onuň öwezine-de, başlygyň ýegeni huşagetirijä işe ýerleşdi. Başlygam, netijede, mundan beýläk huşagetiriji tarapyndan arkaýyn boldy.
Diňe Baýgeldi boş galdy. Ol täze işde, täze edarada-da ullakan bir gala-ha almady, ýa-da başgaça aýdanyňda, «bir balagy iki bolmady».
Onuň jynynyňam şol öňki «balaksyzlygy».
Ine, meseläniň şu «balakly» ýerini welin, Baýgeldiniň kakasam oňly düşündirip bilmändi...
Kömek KULYÝEW.
Hekaýalar