01:10 Ýaşlykdan ýadygär / hekaýa | |
ÝAŞLYKDAN ÝADYGÄR
Hekaýalar
Şol gün synpdaşlarym meniň doglan günüm mynasybetli öýümize gelipdiler. Degşip-gülşüp otyrkak, gürrüň söýgä syrykdy. Şol wagtam eýwanda ýaşy segsenden agan enem göründi. Synpdaşlarym: — Ýör, eneň ýanyna baraly-la, eneňem ýaşka, söýgini başdan geçiren bolaýmasyn. Soraly-la, belki, gürrüň berer — diýşip, enemiň ýanyna eňdiler. Barşymyza, enemiň daşyna egreldik. Men: — Ene, synpdaşlarym senden ýaşlygyňda başyňdan geçiren gyzykly söýgi wakalaryňy gürrüň beräý-dä diýip, haýyş edýärler — diýdim. Enem: — Wah, guzym, bizde huş galdymy, geçen wakalary gürrüň berer ýaly — diýdi-de ýuwdundy, soňra gözlerini ýumdy-da, agyr oýa batdy. Bir haýukdan soň gözlerini açyp, gürrüňe başlady: — Men o wagtlar on alty-on ýedi ýaşlaryndaky gyzdym. O döwür durmuş, ýaşaýyş kyndy. Kakam pahyryň dört aýaklydan hiç maly bolmansoň, ýarpasyna düýe alyp, odun ýygmak üçin, çöle gidýärdi. Getiren odunyny satmak üçin, böleklere bölüp goýardyk. Her kim ýagdaýyna görä satyn alýardy. Şeýdip, güzeran dolandyrardyk. Obada kakamyň Baba aga diýen bir söwer dosty bardy. Bir gün Baba aga öýe geldi-de, kakam bilen saglyk-amanlyk soraşyp, oňa ýüzlendi: — Ata, sen kösenýäň, ana, hol, daýaw düýe seňki, alda, özüňki hasap edip, ulanyber — diýende, kakamyň bokurdagy dolup, uly tolgunmany başdan geçirdi. Şondan soň güzeranymyz oňatlaşyp başlady. Ýöne çölden odun getirmek ýeke özüne agyr düşýärdi. Biz ejem ikimiz odunlary düşürip, böleklere bölüp goýardyk. Ýadaw gelen kakam ejeme garap: — Keýwany, garraýas öýdýän, birhili ýadajak bolýan — diýdi. Ejem biraz oýurganyp otyrdy, soňam: — Wiý, kakasy, ho obanyň gyrasynda ýaşaýan Baýlyny bilýäň-ä sen. Ýetim oglan özi, hem saňa kömekçi bolar, hem özi biraz gazanç eder. Al şony ýanyňa kömekçi etde — diýdi. — Aý, bir zatlar edäýseg-ä, kem däl ýaly, «Sen dur, men öleýin» diýip duran oglumyzam ýokda. O zatlar hem Allaň işidir-dä, keýwany — diýdi. Ertesi irden kakam ejemiň diýen oglanyny yzyna tirkäp geldi. Görsem, ýetim oglan diýer ýaly däl. Maňa gözi düşenden, edep bilen salam berip bakanda, öýde erkek çaganyň ýokdugyndanmy ýa meniň erkek adam bilen beýle ýakyndan gabatlaşmanymdanmy, garaz, bir tüýsli endamym dyglap gitdi. Ol barmana kakam: — Jemal jan, biziň azyk-suwlugymyzy taýýarlaşdyr. Biz Baýly bilen çöle oduna gidýäs — diýdi. Şol gün olar ep-esli odun alyp geldiler. Gyş ahyrlap, baharyň burny görnüp başlady. Baharyň jana şypa beriji mymyjak şemaly ýüzüňi sypalap, kalbyňa arassa duýgulary salýardy. Kakam bir gün odundan geldi-de: — Bar, Jemal jan! Baýlyda surnugyp geldi. Oňa odun düşürmäge kömek et, gyzym — diýdi. Kakama başymy atyp, Baýlynyň ýanyna bardym. Ol başagaýdy. Men: — Arma, oglan — diýdim welin, ol garaşmadyk borly. Baýly öňküsi ýaly edepli salam berdi-de, soragly nazaryny maňa aýlanda, — Kakam kömekleş diýdi — diýdim. Ol: — Bu iş gyz maşgalanyň işi däl, özüm düşürerin, ýöne sen ýanymda dursaň bolýa — diýse-de, menem kömekleşip başladym. Baýly güýmenjek bolup, odunlary howlukman düşürýärdi. Biz aýtmaga söz tapman, biri-birimize seredişýärdik. Çöküp oturan düýäniň herimiz bir gapdalyndan odun düşürýärdik. Odun azaldygyça-da, biri-birimize ýakynlaşýardyk. Biz bu zatlardan lezzet alyp, odunyň gutarmazlygyny dileg edýäne meňzeýärdik. Baharyň mymyjak howasynda bu garaşylmadyk pursatlarda özümizde şeýle bir ýakymlylyk duýduk. Indi kakam her gezek odundan gelende, bu ajaýyp pursatlar baharyň hoştap howasynda gaýtalanyp durdy. Mende indi Baýly bilen ýakyndan gürleşmäge isleg artdy. Bir gün ejem maňa: — Bar, gyzym, düýäni sag — diýende, men bahana gözläp: — Eje, düýe sagdyranok, Baýly kömekleşäýsin-ä — diýdim. Ejem maňa syrly bakyp: — Haý, sende bir syra bar — diýip, Baýly ikimiziň aramyzdaky pursatlary aňýan ýalydy. Bir günem ejem bilen kakamyň men baradaky gürrüňleri gulagyma kaklyşdy. Ejem: — Kakasy, gyzyň indi ýetişdi. Ony abraý bilen durmuşa çykarmak biziň borjumyz — diýende kakam: — Hawa-la, menem şoň pikirini kellämde kän aýlaýan. Meň aýdanymy etseň-ä, Baýlam-a, hiç neneň ýigit däl. Işe bişişenligini, adamkärçiligini özüm görüp ýörün, garyplykdan başga kemi ýok, keýwany, galyberse-de, biziň oglumyzam ýog-a. Oglum-gyzym edäýeris-dä — diýdi. Ejem bolsa: — Wiý, kakasy, sen-ä meň aýtjaklarymy öz diliň bilen özüň aýdaýdyň — diýdi. Men arzuwlarym beýle ýeňillik bilen amala aşar öýtmändim. Allajana şükür! Bu gezek kakam dagy garaňka galdy. Biz odun düşürmeli wagtyň garaňka galanyny kem göremizokdyk. Şol gün odun düşürip durkak, Baýly emaý bilen habar gatdy: — Jemal, kakaň-a men her gezek oduna gidemde, seni gowy görýänimi aýtjak bolup, aýdyp bilmän, görgi baryny görýän. Nädip aýtsamkam? Men begenjimden içimdäki şatlygymy daşyma çykardym: — Baýly, biziň biri-birimizi gowy görýänimizi kakam hem bilýä, ejem hem — diýdim. Şonda Baýly şeýle bir mähir bilen maňa bakdy welin, şol mähir häli-häzirem ýadymdan çykanok. Kakam bilen ejem biziň toýumyzy uludan tutdular. Arman, nägehan başlan ganym uruş biziň bagtly günümize awy gatdy. Bir gün kakama-da, Baýla-da harby wekillikden çagyryş haty geldi. Mähribanlarym watançylyk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, ganym urşa gitdiler. Kakamdan bir gezek üçburç hat geldi, soň gördüm-bildim bolmady. Baýlydan: «Ukraina bardym, söweş taýýarlyklaryny görýäris» diýlip ýazylan bir hat geldi. Ol hatynda batyrgaýlyk bilen söweşýändigi, ýeňiş bilen aman-esen barjakdygy barada ýazypdyr. Şol hat neressäniň iň soňky haty boldy. Hatda, oglumy görmek hem kakam jana-da, Baýla-da nesip etmedi, balalarym, bu ýatlama maňa ýaşlygymdan galan ýadygärlik — diýip, gözüniň ýaşyny gyňajynyň ujy bilen syldy. Synpdaşlarym bilen enemiň bu gürrüň beren geçmiş kyssasyny diňläp, Berkarar Watanymyza, ondaky dowam edýän bahasyz bagtly hem parahat durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdyk. Nazar ATDAÝEW. | |
|
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |