20:04 Ýenjilen / satiriki hekaýa | |
ÝENJILEN
Satiriki hekaýalar
Atabal aganyň işi şowuna bolmady. Onuň ikinji gezek öýlenmesi jemgyýetçiligi aýaga galdyrdy. Öňki baýry aýaly günüdeşiniň üstüne barypdyr. Atabal aga baýry aýalyny urupdyr. Şeýdibem ýaşuly «rysgalyny ikinji gezek çöpläp» geldi. Huligançylyk günä geçilmeli kararyna-da dogry gelmeýän ekeni. Doly oturyp geldi. Tussaglykdan gelensoň gojany iki aýalam kabul etmedi. «Behiştden kowlan» diýleni boldy-da, kimiň darysy bişse, şonuň towugy bolup, kimiň towugy bişse şonuň şagaly bolup geziberdi. Ol bir gün Şabende adyndaky kolhoza bardy. Sakgally-sarmykly ýat adamy märekede törden-töre geçirdiler. Kir taňňyryň erňegini myhmanyň emenjek çukuryna diräp, hormat bilen elini ýuwdurdylar. Süýtli külçe, şaha nabat, künjüli halwa, aý, garaz, näme diýseň bardy. Ilki gowrulan et getirdiler. — Myhman, hany «bissimilla» ediň bakaly! — diýip, Nyýaz aga diýen adam myhmana seretdi. — Tagamy endiredip goýmak külli günädir diýip, Muhammet alaýyssalam aýdypdyr — diýip, myhman tabaga tiz elini uzatdy. Okaranyň içine gaçaýjak bolup, derläp, ýapyrylyp iýdi. Tomus günleridi. Indi ikinji nahara garaşýardylar. Daşarda märeke aý berip otyrdy. Myhman bu ýerde hem dek oturmady. Elbetde, bolçulykda dek oturmak kyndyr-da. «Mugjyza», ýagny türküläp aýtsak, gudrat görkezmäge howlukdy. Sen ýok, men ýok, birden ol: «Ýit!» diýip, ýanyndaky hasasyny boş ýere tarap zyňyp goýberdi. Hemmeler şol tarapa üşerildiler. Geň galdylar. Sebäbi görünýän it ýokdy. Aňk-taňk boldular. «Bu ne ahwalat?!» — Myhman, näme it gördüňizmi? Gözlerimiz kütelişip ýör öýdýän — diýip, Nyýaz aga geňirgäp sorady. Nyýaz aga gaty gyňyrdy. Dälişge häsiýeti bardy. Kolhoza başlyk bolan döwri hem urup, hem urlardy. «Ýöne hökümete aýtmasyz» diýen şertine wepalydy. Ýeňilen hökman öýüne çagyryp, çebiş soýup zyýapat bermelidi. — Hawa, seg gördüm. Ol biweç jandar binaýy Käbäniň ýanyna baryp, onuň haýatynyň düýbüni öllejek, hapalajak boldy, kowdum ol haram kelpi — diýip, myhman çyna berimsiz edip aýtdy. — Myhman, ol iti biz görmedik-le? — diýip, Nyýaz aganyň ýegse damary gatady. — Ol size görünmez — diýip, myhman ýatan ýylanyň guýrugyny basdy. Märeke geň galdy. Emma şübhe, müňkürlik bilen bir hatarda ynam hem artyp ugrady. «Jadygöý bolaýmasyn bu kişi?!» diýen pikir döredi. Şondan soň Nyýaz aga nahar guýup duranlaryň ýanyna bardy. Gazanyň başynda hümür-sümür gürrüň boldy. Myhman: «Halat-serpaýdan-a ýüklenerin-ow. Aklygymam ýetirseler gerek. Şu obaň adamlary sada öýdýän. Täze dörän kolhoz, şu ýerde mesgen tutaýsam, kemje-kerdem bolmaz» diýip, myhman hyýal atyna mündi. Oturanlar biri-birine seretdiler. «Bu kişide keramat bar bolýamasyn?!», «Ýüzümizi ters öwräýmesin?!», «Belki, kezzapdyr?!», «Jady!», «Nyýaz agaň-a eli ýaman gatydyr. Başlykka görüpdim. Bir sagatlap urşupdym» — diýip, mehanizator ýaşuly ýaýdandy. Märekä palaw çekildi. Myhman bolsa tabaga el urman şol oturdy galdy. — Myhman, «bissimilla» edip bir başlap beriň-dä, nesip edenden iýeliň! — diýip, ýeňse damary çekilen kiriş bolan Nyýaz aga myhmana sala saldy. Myhman tüwä el urmady. Adamlar ümsümdi. Bir zada garaşýan ýalydylar. Nyýaz aganyň tüýsi üýtgedi. Şol öňki başlyk döwründäki ýaly hyýrsyz görnüşe girdi. Endamyndaky tüýleri syh-syh bolup, donuny parsa-parsa deşip çykaýjaga döndi. Emma hiç zatdan bihabar myhman nahara el urman öýkelän ýaly bolup otyrdy. Tabaga el urman, oňa birhili seňrigini ýygryp seredýärdi. Nyýaz aganyň bolsa gahary bokurdagyna geldi. Onuň sabyr käsesi doldy. Ýüzi ýagjak buluda döndi. «Wah, başlykkam sataşmaly adam ekeniň. Arman, garradym». — Myhman, başlaň! Tagamy endiredip goýmak külli günädir diýýänä özüňiz — diýip, Nyýaz aga ýene-de nygtady. Myhman tüwä el uranokdy. Sebäbi beýleki ähli tabaklardaky palawyň üstünde üýşmek-üýşmek et bardy. Myhmanyň tabagynda bolsa diňe tüwüden başga zat ýokdy. — Myhman, näme otyrsyňyz, alsaňyz-laň. Bir bissimilla etseňizläň. Oturanlary mähetdel etmäň ahbeti — diýip, Nyýaz aga azmly gürledi. Emma myhman nermeden doýan öküz ýaly bolup otyrdy. Nyýaz aga ýaly gyňyr adama-da geregi şoldy. Eli gijäp ýördi. Emma, arman, myhman bu adamyny tanamaýan ekeni. Hawa-da, owalebetde myhmanyň taýak iýmek nesibesinde bar boldugy-da. — Bu tabak bize däl ýaly-la. Oglan-uşaklara diýip guýlan palaw ýalňyşlyk bilen bize düşüpdir öýdýän. Üstünde göşi ýok. Her kim öz nesibesini iýse, rysgyny çöplese ýagşydyr. Şerigatda kişi rysgyna el uran ýalkanmaz — diýip, bagty ýatan myhman belany başyna satyn aldy. Myhman bu sözüni tamamlan pursaty Nyýaz aga öz nökerlerine ýüzlenip: — Allowarradaky Käbeýi binadaky iti gören adam palawyň arasyndaky eti görmezmi?! Uruň kezzaby — diýip, ol buýruk berdi. Myhmanyň üstünde ýumruga ýer tapylmady. Gyzyl arynyň keteginiň üstünden baran ýaly, güp ýaly çişip Atabal aga obadan çykamaly boldy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |