08:10 Ýerkümede dörän goşgular | |
ÝERKÜMEDE DÖRÄN GOŞGULAR
Goşgular
Men bu goşgulara tagzym edýärin, Bir beýik gudrata tagzym eden dek. Pikir derýasyna çümüp gidýärin, Gidýärin ummana çümüp giden dek. Kyrkynjy ýyllaryň aňzaklarynda Ýerkümede dünýä inen goşgular, Taplanyp şol döwrüň ýagmyr-garynda Döşün oka geren, iner goşgular. Ok bolup, Ot bolup, Duşman üstüne atyldy, Ne gije, ne gündiz diňdi. Çykdy päliýamanlaryň kastyna, Topuldy, Şir kimin arlady, eňdi. Söweşdi, Söweşde ýeňdiler mydam, Çyn gahryman ýaly eselmediler. Döşe dakmadylar orden ýa medal, Medal üçin dorän esgermidiler?! Ýok, olaň, şöhratdan daşdy-arasy Il-güne ýarasa – bolany şoldy. Köp-köp şöhratlynyň ýitdi garasy, Olar şu günlere sag-aman geldi. Şindem bedenleri howur alyp dur, Setirleň arasy ot bilen ýalyn... Üşeseň, bäri gel seret, ýanyp dur, Özge öt gözleme, otur-da ýylyn. Sen olaň kem ýerin agtaryp ýörme, Wah, ýarasyz söweş esgeri bamy... Ölmän galypdyrlar, Şony az görme, Hem aýdyma bezäpdirler çar ýany. ...Меn bu goşgulara tagzym edýärin, Bir beýik gudrata tagzym eden dek. Pikir derýasyna çümüp gidýärin, Gidýärin ummana çümüp giden dek. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |