11:00 Ýiten ýurt -10: Tomaşa | |
10. TOMAŞA
Ýatlamalar
Bizde ýazyň üçden bir bölegini tomsuň alşy ýaly çagalygymyzyň uly bölegini kolhoz işi aldy. Biz jöwza yssyda meýdanda işlemäge ir öwrenişdik. Biz ir ulaldyk. Adam oýunsyz, tomaşasyz ýaşap bilmeýär. Her oýnuň öz döwri, öz oýnalýan wagty bolýar. Çaga oýunlarynyň tapawutly ýeri, olar tomaşa üçin ýörite gurnalmaýar. Çaga hem oýunçy, hem tomaşaçy. Oýun çaganyň kadaly ösüşi üçin zerurlyklaryň biri. Çaga ilki oturmagy öwrenýär, soň emedekleýär, soň ýöräp başlaýar. Çaga şu basgançaklaryň her birine häsiýetli bolan oýna güýmenýär, öz oýnuna özi gyzygýar. Oýny bes et diýseň, oýunjagyny elinden alsaň, gözjagazyndan boýur-boýur ýaş döküp aglaýar. Ene süýdünden kesilende-de aglaýar. Oýundan binesip çagany ene süýdüni emmedik çaga bilen deňeşdirse bolar. Oýun oýnap ýaýnamadyk çaga erkinlige düşünmek kyndyr. Belli psiholog alym Zigmund Freýd adamyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde başky alty ýaşyň kesgitleýji rolunyň bolýandygyny belleýär. Şol ýyllara oýnuň edip biljek täsirini göz öňüne getirmek kyn däl. Biziň neslimiz, eger erkinlik sözüni hakyky manysynda alsaň, ýaýnamadyklaryň hataryna girýär. Meniň çagalygym Ikinji jahan urşuna hem onuň yz ýanyndaky agyr ýyllara gabat geldi, ene-atalar: ˝Oglumyzyň näçe ýaşandygyny woýennikamat bizden gowy bilýär˝ diýerdiler. Pagta brigadirleri has-da ýeteşiklidiler, kätmen urmaga güýjümiziň ýetendigini ene-atalarymyza duýdurardylar. Çaga oýunlaryna tomaşa diýseň dogry bolmaz, tomaşa diýip, ulularyň gurnaýan oýunlaryna aýtsa bolar. Çagalykda oýnan oýunlarymyzyň haýsydyr biri boýunça men öňe saýlanypdym diýip biljek däl. Saýlanýanlara gözüm giderdi, olaryň ökdeligine göriplik etmezdim, näçe köp oýnasalar, şonça-da hezil edip serederdim. Näme üçin men olarça oýnap bilemok diýip, özüme gahar edenim ýadyma düşenok. Belki, olar ýaly oýnamak saňa başartmaz diýip özümi ynandyrandyryn? Bilemok. Sürpekli oýnardyk. Her kimde eliň aýasy ýaly ýülmek daş bolardy. Daşyna çyzyk çekilen meýdanyň ortasynda oýunçylar aşygyny hatar dikerdiler. Belli bir aralykdan sürpek daşyňy ýerden taýdyryp, aşygy urmalysyň. Çyzykdan çykaryp bilen aşygyň özüňki. Hojaguly, il arasynda ýörgünli ady Agsak işanyň ogly Öwelegiň oýnan ýerinde tamaň tala daňylan ýaly bolaýsyn, aşyk utmarsyň. Onuň mergenliginden başga-da höwesini diý! Tomaşa edip oturmaly. Başdan-aýak serederdim. Öwelegiň sülen daşy iki-üç aşygy çyzykdan daşary zyňýar, her gezek zyňanda ol hezil edip gülýär. Hawa, onuň üçin keýpdi, utulýanlar üçin gyjytdy, ezýetdi. Utan aşyklary uzyn ak köýneginiň gapdal jübüsini doldurardy, kelek geçiniň ýelinsesi ýaly sallanar gider, ylganda dyzyna deger, goşanç görmez, gaýta aşyklaryň jugurdysyna keýpi göteriler. Utulyp, ýüzüni sallap duranlary synlap jak-jak gülerdi. Utulanyny sürpeklisinden görüp, ony döwmek üçin ýere urýan namysjaň tapylsa, arkan-ýüzün gaýşyp hahahaýlardy. – Döwme, sat maňa, bäş aşyk bereýin – diýip, ýene gülerdi. Bäş aşygy bererdi, üstesine-de utulana öz sürpegini oýnamaga bererdi, özi erbet diýlen sürpekde oýnardy, utardy. Soňra şeýtel diýip, utulanlaryň hersine iki aşyk paýlardy. Ol oýny uzaga çekjek bolup edýärdi. Utulýanlaram oňa gahar edip, derrew utulsak, onuň içi ýanar diýip dilleşen ýaly, ýene utulýardylar. Öwelek hoşal bolup öýlerine giderdi. Lämke oýnalanda Artyk düýekeşiň ogly Baýramyň öňüne geçen tapylmazdy. Bir bölejik tüýli deriniň ýeňse ýüzüne oýun üçin ýörite eredilip guýlan, dyrnagyň aýtymyndan ýasyrak, ortasy deşikli gurşun berkidilýär. Şoňa ˝lämke˝ ýa-da ˝läňňe˝ diýilýär. Ony aýakgabyň iç ýüzi bilen ýokary depip, gaçyrman gaýtalap durmaly. Men gaçyrman on gezekden artyk depip bilmezdim. Baýram ýüzden geçirýär, islese iki ýüze-de ýetirýär. Ýüze ýetende, aýagy ýadap duraýjak ýaly, eger-eger! Sanaýan oglan: – Ýadadym-how, men-ä sanajak däl! – diýip, gyra çekiler. Baýram lämkäni depip durka, gapdaldakylar bilen gürleşibem bilýär, gözüni aýyrmasa bolany, aýagy herekete halys ram edip gidipdir. Tomusda aý aýdyň gijeler ˝bukuldym, basyrdym˝ oýnalardy, biz köplenç ˝basyrdym˝ diýerdik. Goňşy iki köçäniň hersinde bir topar düzülýärdi. Çary akganyň uly ogly Atadurdy biziň toparymyzyň öňbaşçysy bolardy. Başlaryny basyrynyp, çommalyp hatar oturanlaryň daşyndan aýlan¬maly bolanda Atadurdudan öňe geçen tapylmaz. Aňtaýan topar üçin gaçybatalga bolmaly ýerden 50-60 ädim daşlykda gizlenýän toparyň oglanlary başyna köne don, köýnek atyp, özlerini tanatmajak bolardylar. Aňtaýanlardan iki-üç sany bil¬gir olara golaýlaşar, synlar, kimi tanandyrys öýtseler şonuň adyny tutup gygyrarlar. Tanalan turaýmalydyr. Eger tanal¬magyndan howatyr edýän tapylsa, ol başyndaky örtügi taşlap, golaý gelen garşydaşlary tutmaga topular. Gaçybatalga çenli hiç kimi tutup bilmese, oýundan çykaýmalydyr. Eger tutaýsa, öňki çykarylanlaram gaýtadan bukulmaga hukuk alýarlar. Aňtaýanlaryň arasynda Ata çüri bolsa, bukulýanlaryň dat gününe! Ýeke-ýekeden atlaryny tutup, çykaryp barýandyr, edil bara olary özi gizläp giden ýaly! Aý aýdyň diýlende-de gije ahyry, nädip görýäň, nädip tanaýaň diýäýmeli!˝ ˝Ys alyp tanaýan˝ diýip, çüri eňegini sömeldip gülerdi. Möjege meňzeşligi bar welin, gije gözi görýän bolmasyn, how, diýerdiler. Basyrynyp oturan toparyň ýeňsesinden aýlanyp, tutdurman gaçybatalga aşyp bilseň, tutuş toparyň utugy hasap edilýär. Atadurdynyň ökde ýeri şunda. Basyrynyp oturanlaryň hemmesi topulyp, onuň öňüni gabalap, gaçybatalga ýetmänkä ony ele salmakçy bolar. Atadurdy aýlaw bilen gaçar, ýoldan çykyp, gapdaldaky melleklere urar. Öňünde ekin barmy, ýap-suw, gorp barmy, malýatak barmy – seredip durmaz, sarç mal ýaly nire bolsa, urar gider. Töwerekden galmagal turar. Kowalaýanlaryň sesi, olaryň yzyna düşen itleriň haw-hawy, ürküzilen mallaryň sesi, soňabaka öýlerden çykan adamlaryň haýbaty... bolýar bir başagaýlyk! Atadurdynyň etjegi içindedir, garaşylmadyk ýerden okdurylyp çykar. Ele düşmän, gaçybatalga ýeter, töwerekdäki galmagalyň üstüne ýeňen toparyň şowhunam urna bolar. Artyk düýekeşiň depesi eşegarka görnüşde basyrylan uzyn tamkepbesinde gije aşyk atyp, humar oýnalýar diýerdiler. Men ol oýnuň nähili oýnalýanyny bilmän geçdim. Ata¬durdy ulularam utýarmyş. Bu oýnuň zyýanyny düşündirýän aýallar birmahal ölüp giden adamyň adyny tutup: ˝Bagtyýatan humara goýup, ilki öýüni, soňam heleýini utdurdy˝ diýerdiler. Beýle töwekgellige gitjek adamyň biziň obamyzdandygyna ynanamok. Atadurdy entek oglan, ýigit çykanda-da, beýle masgaralyga ýüz urmaz. Onsoňam, humara goýar ýaly aýalam ýok, öýem ýok, meňki diýer ýaly emlägem ýok. Maşgalada on iki çaganyň biri. Atadurdynyň ejesi Ogulnäzik gelnejäniň daşky ojagyň başynda käýinip oturanyny gördüm. Gün guşluk ýere galypdy. Atadurdy henizem gara öýde çäşerip ýatyr diýdi. Daňdan Artyk düýekeşlerden gelipdir, humar oýnapdyr, utupmy, utdurypmy – ony aýtmady. – Idisiz, enesi ýalamadyk – diýip käýindi. – Şu gün işe gitme sen, byrgat maňlaýyňa berip äkider. Öldürse-de, edýäniň näme diýmen, gözüňi çykarsyn! Artygyň kepbes¬ini başyna ýumurmaly, ýagşy-da bir oýun tapdyňyz. Ýumruk ýaly oglanyň götündäki balagyny utaýmasaňyz, başga nämesini utjak? Gara öýden Atadurdynyň sesi eşidildi: – Kim utuldy diýýä! Şaýlykdan on manat utdum. – Merez etdim! Ol çöldäki ulalyp-oňalman geçene näme diýjek! Haýsy bir eşek ýaly aňňyrýan bagşa ýüzläp pul zyňjak, peýdasyny bilmez köwek! Gözi açalak-ýumalak daş çykan Atadurdy ejesiniň kime käýinýänini bilýärdi. Barmagyny sokup, uly burnunyň deşiklerini gorjamaga durdy. – Indi şo tarapa ýöräýen ýeriňde, edil ýöne aýagyňy döwäýerin. Atadurdy jogap gaýtarmady. – Nan saldyňmy? – diýdi. Daş bosaganyň gapdalynda ýatan gara garzynkany göterdi, nan salnanyny agramyndan bilendir-dä, sesini çykarman eşek ýataga ýöneldi. * * * Obamyza aýdym-saz etmäge, tomaşa görkezmäge gelenler hakynda aýtmaly bolsa, öňi bilen bagşylardan başlaýyn. Meniň oglan mahalym obadaşlarymyň arasynda dutar çalanyň ýa-da bagşyçylyk eden adamyň bolandygy ýadyma düşenok. Nägile adamlar: ˝Biziň pagtadan başga bilýän zadymyz ýog-a!˝ diýerdiler. Olaryň mamladygyny subut edýän degerli fakt bardy. Biziň kolhozymyzdan ýedi adama Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at beripdiler. Biri erkek, altysy aýaldy, aýallaryň birinden öňňesi ärlerini urşa ugradyp, henizem umyt bilen garaşyp oturan gelinlerdi. Ussat pagtaçylara aýdym-saz bilen hezil bermeli bagşylaryň ýoly biziň obamyzdan başlanýardy. Aýdym-saza gulaklarymyz ram etmäni üçin bagşylara tomaşa hökmünde garardyk. Köpimiz üçin olaryň heňleri bir meňzeşdi, derrew ýadadardy, ýöne turup gaýtmaly diýen zat kellämize-de gelmezdi. Aşgabat ýaly uzak ýerden, paýtagtdan ýörite gelen adamlary synlamak ýakymlydy. Men olarda özüme nätanyş bir syryň bardygyny aňýardym, ony özümçe göz öňüne getirýärdim. Bagşy-sazandalaryň bary bir ýerde ýaşaýandyr. Mellekleri Durduklaryň mellegi ýaly miweli agaçlara basyrylyp oturandyr, saýaly agaçlaryň boýy Akýabyň boýundaky tallaryňkydan pes däldir. Bagşylar biri-birini gowy tanaýandyr. Üýşüp çaý içýändirler, halwa, pürçükli süýji, ýuka köke, kişmiş iýýändirler. Bagşylaryň obasynyň aýallary biziň öýmüze gelen ak ýüzli, gülýakaly aýal ýaly owadandyr. Tamymyzyň gapdalynda, tuduň saýasynda oturanlardan diňe şol aýal göz öňüme gelýär. Biziň obamyzyň aýallaryndan üýtgeşik görneni üçin ýadymda galandyr. Soň ejem olaryň Aşgabatdan gelen bagşylardygyny aýtdy. – O aýalam aýdym aýdýarmy? – diýdim. – Aýdýandyr-da, ýanlary bilen alyp gelipdirler-ä. Olar agyr syrkaw ýatan kakama birki heň çalyp berjek ekenler. Bolmandyr. Uruş gutaran ýyly, sentýabrda gelen bol¬maklaram ähtimal, kakam oktýabrda aradan çykypdy. Şol owadan bagşy aýalyň adyna Nurjemal Adyýewa diýdiler, soňra her gezek bu ady radiodan eşidemde, tuduň saýasynda oturan ak ýüzli gülýakaly aýaly göz öňüne getirerdim. Ýigrimi ýyldan soň at gazanan bagşy Nurjemal Adyýewanyň Aşgabadyň etegindäki howlusyna barypdym. Ölüm halynda ýatan kolhoz başlygynyň öýüne baranlary ýadynda bolsa-da, onuň kimdigini unudypdyr. Ol görküni ýitirmändir, ýöne ýalaňaç howlynyň pukaralygy meniň şol göz öňüme getirmämdäki elpe-şelpeligiň hyýal bolandygyny aýdyň etdi. Men bagşylaryň sapaly ýurdy hakynda aýtman durup bilmedim. Bagşy aýal ýylgyrdy, arassa, owadan gözlerinde gussa gördüm. – Hernä, il-günüň hyýal edişi ýaly bolaýady-da – diýdi. Bu sapar bagşylar baranda kanturyň jaýynyň gapdalyndaky gumak meýdançanyň ortasyna haly ýazdylar. Iki-üç sany çüýşeli kerosin çyra goýdular. Düşekde bagşy-sazanda, kolhozyň kassiri Gylyç Atabaý oturdy. Diňlemäge baranlaryň ýeri gumuň üstündedi. Bagşynyň gapdalynda dutar çalýan adamyň keşbi bada-bat meni özüne bent etdi. Bagşynyňam, gyjakçynyňam ýüzi ýadymda däl, dutarçyny welin, gözümi aýyrman synlaýardym. Meniň oturan ýerimden seredeniňde, çyranyň ýagtysyna ýüzüni aýyl-saýyl görse bolýardy. Onuň oturyşy-da, dutar çalşy-da ümsümdi. Gabakman gözlerini galdyrman oturyşyny uzak synlasaň, ol uka gidendir, elleri ram eden endige görä hereket edýändir diýäýmeli. Tolkunly buýra saçy süýri ýüzüne gelşik berýärmi, ýokmy, bilmedim. Bagşy aýdymy gutaran dessine çaý owurtlaýar, bir zatlar diýýär, töwerekdäkileri güldürýär, diňe dutarçynyň ýüzi doňdurylan ýaly, asyl üýtgänok. Ýaltalyk bilen gabaklaryny galdyranda ala gözleriniň möledigini gördüm. Ol, möle gözi bilen adamlara seretmäge utanýan ýaly, başyny galdyrasy gelenok. Syrkawlaýdymyka? Ýa-da bagşydan öýkelimikä? Ýüzüne garap, hiç zat aňyp bilmedim. 1957-nji ýylda uniwersitetiň studentikäm respublikan radio baramda, şol adama gabat geläýdim, obamyza baran dutarçydygyny bada-bat tanadym. Ýüzi üýtgemändir, uzyn gabaklary gözüni örtüp dur, häzirem başyny galdyrasy ge¬lenok. – Şol adam kim? – diýip, tanyş redaktordan soradym. – Oňa Çary Täçmämmet diýýärler! – Onuň ýöne-möne adam däldigini redaktor äheňi bilen duýdurdy. Kolhoza radiopriýemnigiň geleni-de ýadymda, kanturda görüpdim. Ýüzüne demir harplar bilen ˝Rodina – 47˝ diýip ýazylypdyr. ˝47˝ onuň ýasalan ýyly bolsa gerek. Gapdalynda birgiden bölek-bölek batareýi ýatyr, şolaryň güýji bilen işleýär diýdiler. Bagşylary radiodan diňläp başladyk. Agşamara priýemnigi açyk penjiräniň üstünde goýardylar, adamlar ýygnanyp, Aşgabatdan berilýän konserti diňleýärdiler. Şonda oturanlardan biriniň aýdany gulagymda galdy. – Ynha, häzir biz radiýodan diňe bagşynyň sesini eşidýäs, bagşynyň özüni görkezýän radiýo-da çykjakmyş – diýdi. Onuň bu täzeligine üns berenem bolmady, ahyrzaman bolanda ilki harteçjal geljekmiş diýip, hemmeleriň eşiden gürrüňini aýdan ýaly boldy. Ol nähili radiomyş, haçan çykjakmyş diýibem soralmady. Kimiň aýdanam hakydamda ýok. Belki, erteki otaryp, halys ýakasyny tanadanyň biri aýdandyr? Men obadaşymyň ýalan sözlemändigini telim ýyldan soň bildim. 1961-nji ýylda türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp, Aşgabat telestudiýasynda redaktor bolup işe başladym. 1963-nji ýylyň ýanwarynda meni Leningradyň telewideniýesine bir aýlyk okuwa iberdiler. Görüp otursak, Leningrad telewideniýesiniň ilkinji gepleşigini efire berenine 25 ýyl dolýar diýip, şol senäni bellemäge taýýarlanyp ýören ekeniler. Meniň doglan ýylyma gabat gelýärdi. SSSR-de telewideniýe ilkinji gezek 1938-nji ýylda gepleşik görkezipdir! On ýyldan soň meniň obadaşym ýüzünde bagşyny-da görkezýän radionyň çykjakdygyny aýdypdy, asla ynanmandyk, beýle bir gudraty göz öňüne-de getirmändik. Äý, oba ýerinde bu täzelik bilnen däldir diýseňiz, men 1952-55-nji ýyllar aralygynda Mary şäherindäki meşhur erkekler orta mekdebinde okapdym. Üç ýylyň dowamynda telewizor hakynda ýeke agyz söz eşitmändim, ýogsa biziň mugallymlarymyz rus mekde¬plerinde, aýallaryň pedagogik institutynda sapak berýärdiler. Uly-uly harby bölümler bardy, ýurduň merkezi şäherlerinden gelen ofiserler gulluk edýärdiler. Olaryň aýallarynyň üçüsi biziň mekdebimiziň mugallymalarydy. Eger telewizor hakynda eşiden bolsalar, olar bize aýdardylar ahyry! Dogrudanam, haýran galaýmaly ýagdaý! Sowet hökümeti biziň üçin ertekä meňzeş bu ajaýyp açyşy ýyllar boýy halkdan gizläp, nähili utuş gazanjak bolduka diýäýmeli! Telewizor diýen zady ilkinji gezek 1959-njy ýylda Aşgabatda gördük. * * * Meniň oglanlyk ýyllarymda kinodan uly tomaşa bolan däldir. Kino biziň üçin diňe tomaşa bolman ekeni, daşary dünýä seretmäge ýeke-täk penjire bolupdyr. Kino görkezilende ilki kanturyň diwarynyň daş ýüzüne ak mata çüýlärdiler. Matanyň ýüzünde jadyly hereketler başlanardy. Aýdylýan sözlere düşünmeýärdik, adamlaryň bolşuny synlap, öz düşünjämiziň ölçegine laýyk many alardyk. Üsti-başy pukara, üstesine-de zorluga duçar edilýän adam biziňkidi, gowy geýnen, yzgytsyz, eli ýaraglylar baýlar ýa-da nemisler bolmalydy. Kolhozymyzyň ˝Synpy göreş˝ adyna laýyk synpy garaýyş eýýäm biziň çaga kalbymyzy eýeläpdi. Soňra ˝kraskoý bagyň˝ kese köçe tarapyndan ýazky klub saldylar, gumuň üstünde oturyp kino görmekden, gutarmanka kirşene bulaşyp uklap galmakdan dyndyk. Klubyň içini sement bilen suwap, üstünden uzyn agaç oturgyçlary üç hatar edip goýdular. Hepdede bir gezek kino görjegimize ynam döredi. Kinoçy Ahat indi bilet satyp başlady, öň açyk meýdanda görkezilende puly kolhoz töleýärdi, başlyk tölejek däl diýse, gaýdybermelidi, Kolhozyň ˝Synpy göreş˝ adyny aýyrdylar, synpy göreşiň ýeňişli tamamlanandygyny aýtdylar. Kolhoza Ždanowyň adyny dakdylar. Ony beýik Staliniň wepaly egindeşi hökmünde mahabatlandyrdylar. Bu adamyň synpy göreşiň gyzyl baýdagyny parladyp, uruşdan soňky ýyllarda-da zehinli döredijilik işgärleriniň garşysyna ýalyn bolup çabrandygyna otuz ýyl geçensoň ymykly düşünipdim. Ol mahal meniň obadaşlarym uly klubda oturyp, Hindistan diýen täsin ýurdy açypdylar. Bu açyşyň adamlarda döreden gyzygyny men ˝Daşrabat˝ romanymda suratlandyrypdym. Romandaky Daşrabat atlandyrylan oba meniň obamdy. Romandan bir parça: ˝Daşrabadyň klubyna henize deňiç munça mähelle ýygnanmandy. Ahat getiren biletlerini satyp gutardy, gapynyň öňündäki märeke azalmady, dykyn alyp durdy, sähel baha¬na bolsa, işigi goparyp gitjekdiler. Bu howpdan ätiýaç eden Ahadyň dili süýjedi. Ol çalgyrt geplese-de, söz tapjak bolup säginip durmazdy. – Ýoldaşlar! Doganlar! – diýip özelendi. – Jan doganlar, oturara ýer galmady, düşüniň-ä siz şu zada! – Goýberseň bolýa, aýak üstünde göräýjek. – Weý-weý, nädýäňiz, walla! Bäş günden ýene şu kino geljek, birinji nobatda sizi goýberjek, aldasam, walla, men it ogly! – Ýo-ýok, bizi goýbermän, hany, kinoňy başlap bir gör! – Beýle zat bolmaz-a, jan doganlar, başyňyza gurban! bilet gutardy. Bilet bermän goýbersem, siz bir pikir ediň, maňa näme diýerler ahyryn! jenaýatkär diýerler, türmä basarlar, meniň-de bala-çagalarym bar, men olara çörek berýän, walla! – Häzir bizden puluňy al, biletiňi indiki geleňde beräý. – Walla, siz meniň bagtymy ýatyrarsyňyz. Adamdan ýaňa klubyň içinde aýak basara ýer galmady. Film rus dilindedi. Üçünji hatarda çagalaryň arasynda ga¬rantga ýaly bolup oturan Köşek: – Eý, Ahat – diýip gygyrdy. – Hemişe bir kämahal düşündiräýmäň bardy. Ahat Köşegiň diýenini eşitse-de, jogap bermedi. Ol klubyň ortasynda gurlan apparatyň gapdalynda durup, indiki görkeziljek bölümiň lentasyny täzeden saraýardy, işi özüne ýetikdi. Köşek dek oturmady. – Hany, ol Brodýagaň nirede? Bi çülpeler hiç zada düşünmeseler nätjek. – A sen ümsüm otyr, adamlara päsgel berme ahyry. Düşünerler, seniň özüň düşünseň, il-de düşüner. – Ahat ekrana seredip dowam etdi: – Ine, şol oglany görýäňizmi? Şol oglan Brodýaga boljak. Onuň kakasy baýdyr. Ol kakasynyň kimdigini bilmese näme! Kakasy-da bilenok, birinji seriýada bilmezler, ikinji seriýada biljekdirler. – Ikinjini haçan getirjek? – A siz entek birini bir görüň ahyry, e-eý, başym gurban size! – Lenta salynýan gapyrjak ýere gaçyp şakyrdy turuzdy. – Ýoldaşlar, bu filme gowy düşünmek üçin azyndan iki-üç mertebe görmeli bolarsyňyz. Bu ýerde nemesler ýokdur, onuň üçin-de düşünmek kyndyr. Ahat ˝Sergezdan˝ filminiň birinji seriýasyny bassyr üç gezek getirdi, şonda-da klubyň märekesi egsilmedi. Soňabaka aýal-gyzlaram, ýaşulularam gelip başlady. Öňki görenlerem gelýärdi. Köpüsi ikinji seriýany göreris diýen umyt bilen gelýärdi, emma lapykeç bolup, yza dönüp durman, bilet alyp, ýene birinji seriýa tomaşa edip gidýärdiler. Ikinji seriýa-da birinjiniň tertibinde gaýtalandy. Soňra iki seriýany birlikde-de üç öwre görkezdiler. Garaz, Daşrabadyň klubynda üç aýlap ˝Sergezdan˝ kinodan başga zat görkezil-medi˝. Bu ýerde görnükli hindi kinorežissýory Raj Gapuryň ˝Sergezdan˝ filmi hakynda gürrüň gidýär. Şol filmden türkmenleriň Hindistan bilen tanyşlygy başlanypdy. * * * Kinodan soňky meşhurlyk gazanan tomaşa teatrlara degişli. Kanturyň gapdalyndaky gumak meýdanda oturyp artistleriň oýnuna tomaşa edenimizde, iki tarap üçinem göze görnüp duran amatsyzlyk bardy. Artistler tekiz ýerde oýnansoňlar, oturanlara olary görmek kyndy. Çagalar häli-şindi aýak üstüne galardylar. Yzda oturan erkekler haýbat bilen gygyrardylar: ˝Oturyp seret, bolmasa-da ýok boluň!˝ Gara matadan çadyr şekilli sahna ýasardylar. Iki-üç ýer¬inde çüýşeli kerosin çyra ýanyp durandyr. Şemal turaýsa, oturanlary tozan basar. Sahna ýel düşüp, matanyň böwri çişirilen böwen ýaly galardy, şol wagtam çyralar söner. Rol oýnap duran artist çyrany ýakjak bolar, çadyry saklajak bo¬lup, agaç direge ýapyşar, oýun nirede, çyn nirede, gatym-garym bolar. Klubyň salynmagy bilen artistler belent sahna, tomaşaçylar aşakdaky oturgyçlara geçdiler. Indi iki-üç aýdan bir gezek teatryň oýnuna tomaşa edýärdik. Meniň üçin teatryň oýnuna tomaşa etmek kino seredenden parhlydy. Men muny çagakam duýupdym. Kino meniň üçin – çyndy, oňa oýun diýmek kelläme-de gelmezdi! Teatryň görkezýän tomaşasynyň oýundygyny bir zatdan bilýärdim, sahnada ýaňyja öldürilen artist, oýun gutaranda hoşlaşmaga çykanlaryň arasynda dur. Eger bolan wakanyň çyndygyny bildirjek bolsalar, iň bolmanda, ölenleri soň görkezmeli däl-ä! Aşgabatdan gelen artistler oýun görkezdiler, nähili oýundygy hakydamda galmandyr. Ertesi gün irden kanturyň gapdalyndaky garažyň öňünde artistleriň üýşüp duranlaryny gördüm. Gije obada bolup, indem ugrajak bolup durdular. Ýük maşynyna ýüklenen goşlar münder atýar, kiçiräk awtobusam artistleriň münerine garaşýar, şopur ruluň başynda otyr. Men kowulmakdan ätiýaç edip, tuduň düýbüne bukulyp, höwes bilen artistlere seredýärdim. Olar surat aldyrjak bolup duran ekeniler. Ortada kolhozymyzyň başlygy Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Atajan Babaýew dur. Döşünde-de altyn Ýyldyz ýalpyldaýar. Atly başlyk bilen surata düşýändiklerine olar begenýändirler diýdim. Aýallar oňa ýakyn durjak bolýardylar, olar gysmyljyradygyça, başlygymyz ýüzüni asdy, onuň utanýandygyny menem aňdym. Sary Garry diýilýän gülküli artistden başgasynyň ýüzi ýadymda galmandyr. Men bu artisti ˝Uzakdaky gelinlik˝ film¬inde görüpdim. Gözümi aýyrman, oňa seredýärdim. Ýüzüne seredip, gülüp durmalydy. Ilki ýüz deregine egri, uly burun ýasalyp, soň şol burna kybapdaş tutaç ýaly herrik gulaklar, giň agyz, gür gaş, çüri kelle ýasalandyr diýäýmeli. Ýeňsä gaňrylan ýuka saçyny daramandyr, oýnalan pişigiň tüýi ýaly bulaşyp ýatyr. Beýlekilerem geplese gepländirler, meniň gulagyma diňe onuň boş küýzeden çykýan ýaly güňleç sesi eşidilýärdi. Ol gyrada durdy, çagyrsalaram orta geçmedi. Suratçy duranlaryň ýüzünde şatlygyň ýokdugyny duý¬duryp gygyrdy: – Henizem ukudan açylmadyklar bar-how araňyzda! Ýylgyryň-a, walla! – diýdi, iki öwre diýdi, ahyry ýalbardy. – Sary Garry, sen bir zat diý-de bylary güldürsene! Ara dymyşlyk düşdi, soň Sary Garrynyň güňleç sesi eşidildi: – Adamlar-haw, biz-ä bylara hezil oýun görkezdik, bylaň ýabysynyň bize görkezýän zadyna serediň... Taýagatym daşlykda daňlan ýaba seretdiler. Ýabynyň ujydy sallanyp, ýere degäýsem diýýärdi. Wakyrdap güldüler, başlygymyzam saklanyp bilmedi, güldi, etlek ýüzi gyzaryp gitdi. Ýaby özüne gülünýänini duýan ýaly, beterine tutdy, ujydyny göneldip, ony garnynyň ýüzüne ýelmedi. Aýal artis¬tler jak-jak güldüler. Suratçy hezil etdi. Gepiň keltesi, iş bitdi, surata düşüldi. * * * Mеn ilkinji gеzek Аlty Gаrlyýewi ýаzky klubуň gapdаlynda gördüm. ˝Кraskoý bаgyň˝ gür ýеrindäki mеýdançany аrçap, gеýnüwli owаdan gуzlary tаns еtdirip, kinо аldylar. Вizi gоlaý gоýbermediler. Günоrta bоlmanka işlеrini gutаrdylar, gуzlar аwtobusa mündülеr, Аlty Gаrlyýew kiçi mаşynda gitdi. Рlar ähli şagаlaňy, gözеlligi özlеri bilеn аlyp gitdilеr, töwеrege ýеne tukаtlyk, çоlalyk arаlaşdy. Göwnümе bolmаsa, bu adаmlaryň bаran ýеri hеmişe şаtlyk, şagаlaň ýаlydy. Оlaryň gidеn пursaty mеn ýаlňyzlygyň gussаsyny judа betеr duýýаrdym, оbany ýigrеnýärdim. ˝Кеýmir kör˝ оýnunda Wаrryk bоlup oýnаýan, özüni Тürkmenistana tаnadan аrtist Gylуç Bеrdiýew biziň оbamyzdandy. Mеn bu adаma mеkdebimiziň ýаnynda gаbat gеldim. Sahnаdaky ýуrtyk dоnly, gоrkak, nаlajedeýin Warrуkdan nаm-nвşanam ýоk. Uzуn bоýly, daýаw adаm gaрdaldaky tаmdan еli tüрeňli çуkdy, gaрyda garаşyp durаn ˝Wills˝ mаşyna mündi. Еgninde täzеje güрbi, аýagynda gоnjy dyzуna ýеtýän аgyr ädik, bаşynda uruşlу kinрlardaky tankçуlaryň gеýýän gulаkly telрegi bar. Оny urşа bаrýan kоmandire mеňzetdim. Gylyç Berdiýewi maşyna çenli ugradan Amat mugallym biziň bilesigelijilik bilen seredýänimizi aňandyr-da, ara açyp barýan maşynyň yzyndan garap durşuna: – Tanadyňyzmy? – diýdi. Bizden jogap bolaryna garaşmady. – Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew! – diýip, guwanç, buýsanç bilen aýtdy. – Ikimiz oglankak bile oýnardyk. Welsaparyň bagyny bilýänsiňiz. – Bilýäs, bilýäs! – Bagdan galan hatar agaçlar biziň brigadamyzyň gowaça meýdanynyň içindedi, Çogannyk güz¬erine golaýdy. – Şol ýer Hapyzlaryň ýurt ýeridir, Gylyç biziň tirämizden, bileje oýnap ulaldyk. Inisi obada ýaşap ýör-ä, Toklyny bilýänsiňiz-ä? – Bilýäs, bilýäs! – Tokly diýilýän adam häli-şindi obada görnüp ýörenokdy, öýüni-de, maşgalasyny-da bilemzokdyk, wagtal-wagtal oba ”ol Aşgabada gidipdir, şol ýerde işleýärmiş” diýen gürrüň ýaýrardy, dolanyp geläýse, näme üçin gelipdir diýip soraýanam ýokdy. Il arasynda onuň abraýy-da, wezipesi-de Gylyç Berdiýewiň inisi bolanlygyndady. Amat mugallym: – Gylyç ölemen awçy – diýdi. – Häzirem Aşgabatdan awa diýip, ýörite gaýdypdyr. Meniň çagalyk dünýäme ýagty ýatlama bolup giren bu belli adamlar bilen soňra tanyşmak, gatnaşmak, bile işlemek miýesser etdi. Olaryň döredijilik geriminden daşary-da häsiýetlerine, dünýägaraýyşlaryna belet boldum. 1968-nji ýylyň güýzünde Gündogarda meşhur alym Abu Seýidiň, türkmenler aýtmyşlaýyn, Mäne babanyň guburynyň töwereginde kinorežissýor Bulat Mansurow beýik rus ýazyjysy Andreý Platonowyň ˝Takyr˝ hekaýasynyň esasynda ˝Gyrnak˝ atly çeper filmini surata düşürýärdi. Birgiden gara öý dikilipdi, filmde bu ýer Hally baýyň obasy bolmalydy. Filmi alýanlar şol öýlerde ýatyp-turýardylar. Redaktor hökmünde men hem bir hepde olaryň arasynda boldum. Artist Sary Garry-da bardy. Bir gün ikiçäk durkak ol: – ˝Uzakdaky gelinlikde˝ Alty Garlam oýnaýar, menem oýnaýan. Stalin baýragyny Alty Garla berdiler, şo baýrak maňa berilmeli ekeni – diýdi, çyna berimsiz äheňde aýtdy. – Biziň kinomyzy Stalin görüpdir. Öňde Stalin, yzky oturgyçda-da kömekçisi oturýa, kömekçisiniň elinde galamy, kagyzy bar. Staliniň diýen sözüni şo bada belläp almaly. Meniň oýnaýan ýerim Staline ummasyz ýarapdyr. Şu artiste baýrak bermeli diýýär. Gör-ä bolýan zady!.. Stalin şeý diýende, kömekçisi bir zada güýmenen ekeni. Staliniň aýdanyny eşidip, ekrana seredýär welin, eýýäm giç, ekranda eýýäm Alty Garly oýnap dur. Güýmenmedik bolsa, meni göräýmeli. Alty Garlyny bellige alýar, baýragy Alty Garla berdiler. Men toslama şorta söz aýdanyna ol ýylgyrar ýa-da güler öýtdüm. Gülme nire, Sary Garrynyň gözlerinde gussa gördüm. Men duýgudaşlyk bilen başymy ýaýkadym. Maňa öň duýdurypdylar. Onuň gürrüňi ýaňsy äheňdedir welin, güläýmegin, gahary geler. Gitleri men öldürdim diýse-de, ynanýan kişi bolgunyň diýipdiler. Alty Garly bilen bagly sahnada ýene bir gülküli wakany eşidipdim. Sary Garrydan soramaga çekindim, gahary geler öýtdüm. Bu waka oglankam meniň teatra bolan garaýşyma gabat gelýärdi. Sahnada oýun gidip duran. Iki duşman toparyň arasynda çaknyşyk başlanýar. Sary Garryny öldürýärler, ol sahnanyň bir çüňkünde ýykylýar. Alty Garly biraz soň ölýär, ýöne ol režissýoryň bellän ýerine ýykylman, içini tutup, entirekläp, Sary Garrynyň gapdalyna ýetip ýykylýar. Sahnada henizem çaknyşyk dowam edýär. Tomaşaçylaryň ünsi ölenlerde däl, söweşýänlerde. Alty Garly ölüp ýatan ýerinden bir gözüni çalarak açyp, gapdalynda ýatan Sary Garra seredýär, onuň uly burnuny nyşana alýar. Öňden ýörite taýýarlan nasyndan bir çümmük alýar-da, burnuň deşigine üfläp goýberýär. Sary Garry görgüli galýar bir azara! Nasyň zory gaňşyrawugyny tütedip alyp barýar! Gymyldamaga hakyň ýok, sen tomaşaçylaryň gözüniň alnynda öli ýatyrsyň, burnuňy gymyldatsaňam biljekler. Çydamaýar, ahyry asgyryp turýar, ýer depip gygyrýar: – Men Alty Garly diýlen adamyň gapdalynda ölmen! – diýip, sahnadan çykyp gidýär. Mundan soň oýna seretjek adam barmy! Zalyň gülküsi, şowhuny perdäni ýapmaga mejbur edýär. Režissýor Alty Garlyýew ˝Aýgytly ädim˝ çeper filmini alanda, Sary Garra Gandym aganyň roluny tabşyrypdy. Gandym aga: ˝Aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsa bolýar˝ diýýär. Şu söz adamlaryň kalbyna pähim bolup ornady. Şu pähimiň düýp manysy bilen biziň nesillerimiziň durmuşa garaýşynyň, tutýan pozisiýalarynyň arasynda meňzeşlik bardy. Meniň adyny tutan adamlarym XX asyryň ortasynda halk arasynda has-da meşhurlyk gazanypdylar, olar meniň çagalyk dünýäme ýakym berýän ýatlama öwrüldiler. Soňra olaryň birgideni bilen tanyşdym, bile işleşdim, olar bilen bagly halk arasyna ýaýran rowaýata çalymdaş gürrüňleriň näderejede hakykata gabat gelýändigini seljerdim. Neneňsi bolanda-da, olaryň sungatyndan oglanlyk döwrüme çaýylan romantikanyň öwüşgini öçenok, ýatladygymça, olar ömrümiň ýakymly alamatyna öwrülip, kalbyma täsin ýeňillik berýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |