11:12 Ýiten ýurt -11: Diri gömlen hem atylan it | |
11. DIRI GÖMLEN HEM ATYLAN IT
Ýatlamalar
Çary akganyň uly ogly Atadurdynyň itiniň Basar diýip at almagy ýöne ýere däl. Onuň urşan itinden ýeňlen ýeri ýok. Göwresi alabaýdan kiçiräk, gürjüden uly, ýüregi ýolbarsyňky ýaly. Reňki agymtyl, sarymtyl, çalymtyl, garaz, belli bir reňki saýlamak kyn. Ol köp üýrmezdi, aýratynam bimahal çak üýrüp, adamlary bimaza etmezdi. Adatça, gorkak itler köp üýrýär, Basar welin, akyllydy. Atadurdynyň kölegesine öwrüldi diýäýmeli, oýun oýnasa gapdalynda, işe gitse yzynda. Basar bir ýola bizi goýun itlerinden halas etdi. Şol ýyl kolhozyň üç süri goýnuny obanyň golaýyna getirdiler, geçen ýaz çöl gurak boldy, mallary gyşlatmaga ýagdaý ýok diýdiler. Her çopanyň gapdalynda üç-dört sany ýolbarsa meňzäp duran it bardy. Biz eşek çapyp, gykuwlaşyp, sürä golaý gelenimizem bilmändiris. Itleriň haýbatly sesini eşitdik. Olar üýren¬leri bilen oňmadylar, möjek gören ýaly okdurylyp gaýtdylar. Gelişlerine eşegiň üstüne böküp, ýagyrnymyza hopba bolar¬lar, olardan aňsat diri sypmajagymyzy bilýäris. Kim alaçsyz¬lykdan ˝waý, eje!˝ diýip gygyrýar, kim eşegi saýgylap, gaçyp gutularyn öýdýär. Basar biziň yzymyza düşüp gelýärdi. Birden itleriň sesi ýatdy. Seretsek, goýun itler Basaryň daşyna halka gurap aýlan¬ypdyrlar. Basary dalap, düýt-müýt ederler öýtdük. Atadurdy: ˝Basar! Basar, gaýt!˝ diýip gygyrdy. Basar eýesiniň sesini eşidip, bize tarap bakdy, soňam hemaýat duýan ýaly üç-dört öwre haýbat bilen üýrdi. Biz onuň gorkmaýanyny duýduk, ýeserligine begendik. Bizi halas etmek üçin topulyp gelen itleriň öňünde durandygyna ynandyk. Goýun itler onuň bolan bolşuna geň galýan ýaly, ”bu nireden çykan yşarat?” diýen äheňde Basaryň daşynda aýlandylar, eýlesini-beýlesini ysgap gördüler, ˝hä-ä, bu janawaram it ekeni˝ diýen netijä gelip, rehimlidiklerini göz edip, ulumsylyk bilen yza döndüler. Basar olaryň yzyndan garap, jabjynyp üýrdi, ”sizden gorkýan ýok!” diýen many çykarsa boljakdy. Ol seňkilläp bize tarap gaýtdy. Biz halasgärimizden hoşaldygymyzy duýdurdyk: ˝Basar, Ba-sar!˝ diýip, ýakym bilen gygyrdyk. Bir gün biz Basary diriligine gömdük. Atadurdylaryň köçesi obanyň ileri ýakasyndan geçýän kese köçä ýetip gutaranokdy, aňry geçip, ekin meýdanynyň arasy bilen dowam edýärdi, biz güzere-de şol ýol bilen gatnaýardyk. Kese köçeden taýagatym aralykda, ýoluň gyrasynda gömdük. Şol gün gije başlan ýagyş günortan diňdi. Daýhanlara işe çykyň diýmediler. Oglanlar çilik oýnadylar. Basary diriligine gömer ýaly nähili sebäbiň ýüze çykandygyny bilemok. Atadurdydan bidin onuň itine beýle aýylganç jezanyň berilmejegi-de belli. Basar eýesiniň öňünde nähili agyr etmiş etdikä? Bilemok, bilen hem bolsam ýadyma düşenok. Bilen däldirin, sebäbi onuň gömüljek çukuryny uly oglanlar gazdy. Çukur gazylyp durka onda Basaryň gömüljegini bilendigim-de ýadyma düşenok. Dyz boýy, insizje çukur gazdylar, öl ýer ýumşakdy, derrew gazdylar. Düýbünde Basary basyp ýatyrdylar, gum üstüni gömýänçä berk sakladylar. Haýdap gum atýan oglanlar gülüşýärdiler, olaryň bolşy oýna meňzeýärdi. Oglanlaryň biri köçede duran ýaşula aýtmaga ýetişipdir: Basary diri gömýäler diýipdir. Ýaşulynyň kimdigini anyk aýdyp biljek däl, Mämmet aga bolaýmagy-da ähtimal, öňinçä ol gapdalky öýde ýaşaýan Kuly bilen gürrüň edip durdy. Gömlen çukur ýer bilen tekizlenende ýaşuly haýdap geldi. – Häý, bedasyllar! – diýip gygyrdy, pili kakyp aldy, çukuryň üstüne aýagyny basdy. – Şu ýerdemi? – Şo ýerde, hawa, şo ýer! – diýip gygyryşdyk. Biz eýýäm Basara gynanyp durduk. Ýaşuly çalasynlyk bilen gum zyňyp başlady, sähel salymdan pil hütläp Basara degdi, itiň gulagyndan tutup galdyrdy. It janawar ilki entirekläp, aýak üstünde durup biljegine ynamsyz ýaly göründi. – Ölmändir... ölmändir-eý... janly... ölmändir! – Bu sözleriň soňy şowhuna ýazdy. Basaryň gaçyp barýanyny görenimizde çapak urup böküşdik. Ýaşuly pili Basardan boşan çukura taşlap, hüňürdäp gitdi: – Sizden her şumluga garaşaýmalydyr... Muňa oglanlaryň bezzatlygy diýsek, onda biziň goňşy¬myz Şan batyryň bolşuna näme diýmeli? Men ýazgymyň başky sahypasynda ýiten eşegiň tapylandan soňky duçar bolan görgüsini agzap geçdim. Şol eşegiň eýesine Şan batyr diýýärler. Oňa ˝batyr˝ sözüniň näme üçin berlenini aýdyp biljek däl, ýöne şol ady eşek bilen söweşip almadygy belli. Onuň eşege gazaply daraýşyny itiň pişige topulyşyna deňese bolar. Eşege bolan ýigrenjiň onda haçan, nähili dörändigini, näme sebäpden dörändigini, haýp, onuň dilinden eşitmedik. Ol ir öldi, ýüz keşbi aýyl-saýyl göz öňüme-de gelenok. Onuň gowy, halal, dogry gepli adam bolandygyny aýdýardylar. Onuň adamçylygyna baha berlende, eşege rehimsizliginiň delile alynmandygyna özüm şaýat. Onuň eşege zabunlygyny aýdýanlaryň äheňinden gynanja derek nähilidir bir mahabatlandyrma duýsa bolýardy. Şan batyr eşegi münmek, ulanmak üçin alanok, öldürmek üçin alýar diýýärdiler. Eşek aňňyrsa, onuň myrryhy atlanýardy. Ony görüp durka, öz eşeginiň aňňyrjak gümany bolmaz. Görmedik mahaly aňňyryp başladygy içerden ˝häkk!˝ diýip, duýduryş berer, eşek görgüliň sesi syrtyna gider. Biziň bet gara eşegimizi görende, oňa ygtyýarynyň ýokdugyna jany ýanyp, hyrçyny dişlärdi. – Atam, garaja eşegi jyňkyrtma! – diýip gygyrardy. Agama käwagt gara eşegiň baş bermeýäninden habarlydy. Çapyşma¬ly bolanda ähli eşekden ozýandygy keýp berse-de, kejirligi, betligi gözilginçdi. Soňabaka uly düýp ýandaga daňyp gitseň, ýandagy kertip taşlamany, örklemek üçin gaty ýere kakylan tebläni dişi bilen çekip sogurmany tapdy. ˝Bi eşek däl-how, bi bir albassy! Adam dilinde geplär diýilse, ynanaýmaly. Çaltrak dynyň mundan˝ diýdiler. Şan batyr: – Maňa beriň – diýdi. Biz gara eşegimiziň Şan batyryň iki gat demir şaldyrynyň urgusyna çydaman, artky aýaklaryny süýräp böküşini synlamakçy däldik. Ony bazara çykaryp satdyk. Şan batyr awuny gideren ýaly gynandy. Türkmenler hojalykda eşegi mydama ulanyp gelseler-de, oňa janawar – ˝jan ýaly˝ diýmändirler, doly manyda bolma¬sa-da oňa ýigrenç bilen garapdyrlar. Beýle garaýyş haçan, nähili döredikä? Munuň düýbünde bir esas bolmalydyr? Meniň soňky ýyllarda ýazan "Kökler" atly kitabymda şeýle setirler bar: "Häzirki kada görä, eşek halanmaýan haýwanlaryň sanawyna girýär, emma bu ýagdaý eşegiň haýsydyr bir ýaramaz häsiýeti sebäpli döräpdir diýip bolmaz. Bu babatda eşek artygam däl, kemem däl. Onuň adama hyzmat edişini taryp etse-de bolardy, ýöne tarypdan-a geçen, ol görgüsiýaman ˝janawar˝ diýilmäge mynasyp görülýän haýwanlaryň arasyna-da girenok. Ýeke gezek eşegiň yzyna tirkeleni üçin düýe eýesinden juda nägile bolanmyş. Geçmişde eşek şer araýan, soňam düýbünden inkär edilen hudaýyň mifologik obrazynda görlüpdir. Antik zamanynda eşek hem-ä hudaý, hemem melgun saýylypdyr. Gadymy Eýranda ýazyň gelmegi, tebigatyň oýanmagy bilen bagly baýramlarda eşek sarpalanypdyr. Babilonda ölen adamy "merhumlaryň ýurduna" eşek bilen ugradypdyrlar. Wedleriň (arylaryň Hindistandaky şahasy) meşhur "Regwedasynda" apy-tupanyň hudaýy eşek sypatynda göz öňüne getirilýär. Hindi mifleriniň birinde eşegiň gudraty bilen ähli zat altyna öwrülýär. Türkmenlerde gargyşa, nälete uçranlary eşegiň üstünde ters oturdyp, ilden kowmaly diýen düşünje bolupdyr. Bu ýerde eşegiň şer hudaýynyň simwoly bolandygy bilen baglanyşyk bar bolmasyn?!" Elli ýyllyk ömrüni daýhançylykda ötüren bisowat Şan batyryň bu gadymy ynançlardan bihabar bolandygyna güwä geçse bolar. Bu ýerde başga bir ýagdaýy esas edip almaly bolsa gerek. Ol golaý geçmişde çarwaçylykda ýaşan türkmenleriň durmuş bähbidine bolan gatnaşygyndan gözbaş alyp gaýdýar. Türkmenlerde eşek haram mal hasap edilýär, şonuň üçinem oňa janym ýaly (janawar) diýilmeýär. Etiniň iýilmeýändigi üçin hem onuň arzysy püçege çykýar duruberýär. Düýe-de agyr işlerde ulanylyp gelnipdir, ýöne ol halal, eti iýilýär, süýdünden çal ýasap içilýär. Öküz bilen ýük daşalýar, ýer sürülýär, ahyrda-da soýlup, eti iýilýär. Malyň gymmatyny peýdasyna görä kesgitlemek türkmenlere juda mahsus endik. ˝Malym – janym˝ diýipdirler. Diňe owadanlygyna seretmek üçin türkmenler mal, jandar saklamandyrlar. Iň bärkisi, pişikden mysal tutup göräýeli. Oglankam öýde owadan gök pişik saklardyk. Ojagyň başynda düýrülip, ýarym ukuda, myrlap oturardy. Ýer darlyk edende-de ony kowmazdyk, ýakym bilen sypalap: ˝myrrym-myrrym˝ diýerdik, biz kähalat kiçijik çaga söýgümizi-de şu söz bilen aňladýarys. Nahar iýip oturandyrys, gapdalda pişik myrlap ýatandyr, oňa bir bölejik et ýa-da nan bermelidir diýen pikir ýokdy. Gazan doly süýt bişerdi, pişige bir owurt berilmezdi. Pişigem hantama bolmazdy. Gemrilen süňk itiň paýydy. Pişik syçan tutmalydy. Şonuň üçin öýde saklanýandygyny haýwan bilýändir diýäýmeli. Syçan köpelse, pişigem adamlaryň höreginden hantama bolsa, ony saklajak ýokdur, çagalaram bu ýowuz kada beletdiler, boýundylar. Özüm bilen bagly bir wakany aýdaýyn. Ýatdan çykmajak bu görnüşi men çeper eserimiň birine salypdym. Ýazyjynyň başyndan geçiren wakany ulanyşyny bilmekden ötri, okyja gyzykly bolar diýen pikirde. Entek oba mekdebini gutarmandym. Gyşyň başy bolmaly, baggoýunlary öldürip, jylka etini dograp, üç garna dykyp goýupdyk. Olar gara öýmüziň töründe, arassa çägäniň üstünde degirmen daşy ýaly tegelenip ýatyrdylar. Özümiz üç otagly, öňi açyk eýwanly kerpiç tamda bolýardyk. Ejem: – O bela degmiş pişig-ä ýene öýe giripdir – diýdi. – Ýaman öwrendi. – Öýüň gapysy ýapyg-a, nirden girýärmiş? – Serpigi ýapmandym, tüýnükden girendir. – Bäh! Ýene tüýnükden çykyp gidipmu? – Gaçmaga ýetişmedi, serpigi ýapdym. – Häzir öýüň içindemi? – Hawa. Merkini beräýmesek boljak däl. Ujy tommaýly tut taýagy alyp, öýüň sokma gabsasynyň bir taýyny çalarak açyp göwrämi sokdum, bada-bat gapynyň kiltini ildirdim, Öýüň içi garaňkydy. Ojagyň gyrasyny sermäp, otluçöp tapdym, pelteli çyrany ýakdym. Bir gulagy ýoluk, torsuk ýaly semiz sary pişik ýüňli ganaryň üstünde oturan ekeni. Gözlerini ýaldyradyp maňa dikanlap garady. Howpuň abanandygyny duýdy, ýogyn ses bilen mawlady. Gahardanmy, ätiýaçdanmy süňňüme galpyldy aralaşdy. Bu pişigiň sähelçe zatdan gorkmajagyny bilýärdim, uruşmakda özüni tanadan, galtaman diýseň dogry boljak. Sypara halys ýagdaý galmadygyny bilen ýagdaýynda üstüme zyňmakdanam gaýtmaz. Men öňürti ýuwaş basyp, et dykylan garnyň ýany¬na bardym. Näme üçin jeza beriljegine düşünsin diýdim. Garnyň gyrasyndan ýaňy gemrilen gädigi gördüm. Bir çorbalygy ýuwdupdyr. Pişik etmişini tassyklaýan ýaly dili bilen agzynyň töweregini ýalady. Onuň gözilginç tekepbirligine janym ýandy. Taýagy galdyramda, pişik böküp uk bilen tärimiň sepleşýän ýerine dyrmaşdy, indi näme ederkä diýen manyda maňa garady, erbet mawlady. – Nejis, sen maňa haýbat atýaňmy?! – Bu sözleri batyrlanmak üçin diýdim. Taýagy aýladym, degmedi, pişik ok ýaly atylyp, tüýnük bagyna towusdy, dyrmaşyp çagaryga golaý bardy, ýöne serpigiň ýapyklygy onuň alaçsyzlygyny artdyrdy. Sallanyp duran ýerinden maňa garady, bu sapar onuň sesi etmişine ökünýän ýaly naýynjar eşidildi. Serpik bagyna taýak urdum, pişik ýene tärim bilen uguň aralygyna düşdi, urgudan gaçyp, aýlanyp başlady. Dördünji aýlawda meniň bat bilen uran taýagym pişigiň kellesine jaýdar degdi. Ol tüpeňlenen guş kimin patlap ýere düşdi, Bäbenekleri çogup çykaýypdyr, ýürekbulanç bolup ýatyr... Bu wakany çeper esere salamda, maňa derek hereket eden gahrymanym bu etmişine ökünipdi, men welin, şol pursat birjik hem ökünmändim, gaýta ogry pişigi ölüme sezewar edip, edermenlik görkezenime şübhelenmändim, buýsanypdym. * * * Türkmenler bedew aty wasp edipdirler. Bu babatda dünýä halklarynyň gadymy mifleri bilen utgaşyklyk bar. ˝Kökler˝ diýen kitabymda aşakdaky setirleri okarsyňyz: ˝Folklorda sugun bilen at guşa golaý durýar. Altyn şahly sugunyň asmandan çapdyrylyp geçýändigine ynanylypdyr, soňra sugunyň ornuny mifiki at eýeläpdir. Grek mifologiýasynda oňa Pegas diýýärler. Pegas grekçe ˝çeşme˝ diýen manyny berýär. Şonuň üçin hem döredijilikde ol ylhamyň çeşmesi, simwoly derejesine göterilipdir. Pegas zemin astyndaky suwdan çykyp, asmana galýar, Olimp dagyna çykýar, Zews hudaýa gümmürdini, ýyldyrymy eltip berýär. Ganatly at hakyndaky mif diňe greklere däl, Eýranyň, Kawkazyň, Rossiýanyň halklaryna-da mälim. Eýranlylar atda göze görünmeýän ganat bar diýipdirler. Göroglynyň Gyratynyň ganatam ýok, ýöne ol uçup bilýär. Eýranyň halk ynançlarynda ata hudaýyň simwoly hökmünde garapdyrlar, oňa gurbanlyk, sadaka beripdirler, hormatyna şem ýakypdyrlar, atyň höregine ýaraýan tagamlar bişirilipdir. Oguzlar at etini iýip, baýtalyň süýdüni içipdirler, emma wagtyň geçmegi bilen türkmenler, türkler, azerbaýjanlar ýabynyň etini iýmekden ýüz öwrüpdirler. Belki, beýle üýtgeşmäniň bolup geçmeginde oguz taýpalarynyň Eýrana golaýlaşyp, ata keramatly jandaryň keşbinde garap başlamaklary sebäp bolandyr?!˝ Meniň oglan ýyllarymda kolhozda işçi ýabylar ulanylardy, olaram köplük etmezdi. Şahsy hojalyklarda ýaby bolmazdy. Näme üçin hojalyklar eşek, düýe saklapdyrlar, ýaby saklamandyrlar? Bu sowal bilen bagly ulularyň nähilidir bir gürrüň edip oturany ýadyma düşenok. Sowet häkimiýetiniň hususy hojalyklarda at saklamaga gadaganlyk girizendigini soň bilip galdym. Döwlet howpsuzlygyny üpjün etmekden ötri görlen çäre ekeni. Basmaçy diýlip at alan baý toparlar sowet hökümetiniň garşysyna ata çykyp göreşipdiler. Türkmenlere mahsus ynanja görä, at, ýarag biri-birinden aýrylmaz bütewülik. Çarwa halkyň gündelik işinde atyň hyzmaty uly bolmandyr. Eger bu zerurlyga bagly wasp etmäge mynasyp haýwan barmy diýilse, öňi bilen düýäni agzamaly. Düýe hakynda-da ýazylan zat köplük edenok. Göwnüme bolmasa, türkmenler haýwany wasp etmek üçin zehin sarp edip ýörmändirler. Çarwalar ˝malym-janym˝ diýipdirler, olary biri-birinden parhlandyrjak hem bolmandyrlar, hemmesem gerek, hemmesem zerur. Bedew atlar, Gyrat başga gep. Olar biziň ýaşaýşymyzdan üzňe, halkyň idealyna dalaş edýän düşünjelerdi. ˝Görogly˝ eposyny diňlämizde Gyraty göz öňüne getirjek bolardyk. Ony kolhozda araba goşulýan, külte idýän ýaby janawarlar bilen deňeşdirmek kellämize-de gelmezdi, olaryň bir kysmy maldygy-da ýadymyza düşmezdi. Gündelik agyr iş olary bedew diýen mertebeden mahrum edipdi. Olary wasp etmegiň geregi-de ýokdy, geň görüljekdi. Geçmişde halkyň üstüne howp abananda il-gün üçin söweş meýdanyna çykmak edermenlik saýylypdyr, batyrlaryň waspy edilipdir. Waspnama edermen ýigide-de, onuň çapar¬man, gaparman atyna-da deň derejede degişli bolupdyr. Köplenç bir meňzeş äheň, bir meňzeş sözler ulanylypdyr. Olar ˝Görogly˝ eposynda jemlenýär. Biz ol zamandan daşdadyk, biz kolhoz obasynda doglupdyk, başga bir döwrüň bolandygyny-da göz öňüne getirip bilmeýärdik. Ýarag alyp, ata çykypdyr diýilse, biz öňi bilen mähriban sowet döwletimizi ýykmak üçin söweş eden ýigrenji baýlary, galtamanlary, basmaçylary göz öňüne getirerdik. Bize görkezilýän çeper filmlerde olar uçdantutma ýeňilýän topara girýärdiler. * * * Meniň çagalyk ýyllarymda mal diýen jandara esasan kolhozyň emlägi hökmünde garalýardy, gazanç hem peýda babatda ol kolhozyň bähbidine doly garaşlydy. Kolhozçynyü şahsy hojalygyndaky sygyr, bäşlän-üçlän goýun-geçi kolhoz emlägine girmeýän-de bolsa, döwlet olardan salgyt alýardy, diňe it bilen eşek salgytdan boşadylardy, eger olaryň eti iýilýän bolsady, olara-da salgyt salnardy. Biziň goňur gürjimiz bardy, Goňurja diýerdik. Ol işigaýdan kolhozyň emlägine agyz urmaga het edipdir. Haýwan aňsyz jandar, emma kolhozda umumy bähbide ters gelýän etmişe ýüz urlan halatynda haýwanu-ynsan deň jogapkär, Goňurja şu ýowuz hakykata düşünmändir. Garabokurdaga gezek gelende haýwanam eýesiniň islegine garap duranok. Goňurja aç mahaly guýruk bulap, aýagyňa çolaşyp, bolmajysy bolýardy, doýan mahaly welin, azar bermeseň kem görenok. Ony aç saklaýardyk diýmäge dilim baranok, öýüň galan-gaçany, ýuwundysy öňki uly itimize bol-elin ýetýärdi. Häzirem kemelen zat ýok, üstesine Goňurjanyň göwresi iki esse kiçi. Soňky mahal Goňurjanyň üýtgäp başlandygyny aňdyk. Ýalagyna guýlan ýuwundyny ýarym-ýalta, göwünsiz iýýärdi. Nähoşlandyr diýmäge-de sebäp ýok, ol semrän ýalydy. – Biri naharlaýan bolmasyn? – diýdim. Ejem: – Kimde artyk-süýşük zat bar – diýdi. – Semräpdir-ä, göreňzokmy? – Çişäýdimikä diýip, göterip gördüm, agralypdyr. Göterenimi halamady, hyňranyp, tas elimden dişläpdi. Garaz, belli bir jogap tapmadyk. Goňurja indi guýruk bulap, ýalynjaňlyk etjek bolanokdy. Gijelerine üýrmesini azaltdy, üýrse-de, siziň göwnüňiz üçin üýrýän diýýän ýaly, iki-üç öwre höwessiz jöw-jöwläp, derrew bes ederdi. Öň irden öýden çykany oýun bilen garşylaýan it indi garasyny görkezmän başlady. Gün guşluga galanda seňkildäp bir ýerden çykýardy, gelşine-de tuduň kölegesiniň goýy ýerinde süýnüp ýatýardy. Ýalagyndakyny iýmägä beýlede dursun, kemteresinden şol tarapa seretjegem bolanokdy. Şübheli garaýanyňy görende, ulumsylyk bilen ýüzüni sowýardy, meniň näme edip, näme goýýanymy bilmek size galmandyr diýýän ýalydy. Özünde müýn bardyr öýdenok. Ejem: – Bir päliýamanlyga edýär – diýdi. Goňurjanyň edýän işini agşamlyk eşitdik. Irden işe barýan daýhanlar görüpdirler, ýöne bir görmegem däl, haýran galyp seredipdirler. Gün dogan çagy gowaçaly kartanyň gyrasynda Goňurja dur, agzynda-da owadan horaz diýdiler. Horazyň kolhozyňkydygyny aýdyp oturmagyň geregi ýok, sebäbi biziň obada hojalyklar towuk saklamaýardy, näme sebäbe ýedi hazynanyň birinden ýüz öwrüpdirler, muňa jogap berýän ýokdy, hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Gazetlerde ýazylýanlardan çen tutup aýtsaň, biziň obamyz ˝ak altyna˝ deňelýän inçe süýümli pagta öndürýärdi, şondan gaýry hazynanyň bolup biljekdigine ynanmak hem islänokdylar, towugyň etine, ýumurtgasyna baglanmak biziň ösen aňymyza gelişmejek zatdy… Goňurja adamlaryň eýerýän kadasyndan çykypdyr, çykanyny gizlejek hem bolmandyr, haýwanlygyny edip, pişigiň öz girisine düşen syçany oýnaýşy ýaly, kolhozyň owadan hor-azyny oýnap keýp edipdir. Horazyň üstünden böküp, eýlesine geçip bir seredýärmiş, beýlesine geçip bir seredýärmiş, hyňranan bolup, haýbat atýarmyş. Horaz kekejini silkse-de, ne gygyryp bilýär, ne-de butnap bilýär. Ol ýa-ha düýbünden sesini ýitiripdir, ýa-da oýun etdigiçe güjük rehimli bolar öýdüpdir, goýberer öýdüpdir. Kolhoz emläginiň eldegrilmesizligine ýüreginden ynanýan adamlaryň biri bu aýylganç zorlugyň deňinden biperwaý geçip bilmändir, ol ýokary düşünjelilik görkezip, kolhozyň owadan horazyny halas etmäge topulypdyr. Galtaman güjük onuň niýetini bada-bat aňýar, horazyň boýnundan agyz salyp, gowaçalygyň gür ýerine siňip gidýär. Biz bu habara garaşylmadyk şumluk hökmünde baha berdik. Goňurjanyň semremeginiň ýöne ýere däldigine düşünsegem, kolhozyň towugyna ýapyşar diýen pikir asla kellämize gelmändi, güjügimizi beýle peslige, ahlaksyzlyga iterip biljek sebäbi agtardyk. Ahyrda-da kolhozyň towuk fermasyna barýan ýoly özi tapan däldir, itleriň yzyna düşüp gidendir diýdik, Goňurja obadan çykyp ýören güjük däl-ä! Ferma ýetmek üçin obadan çykybam esli ýol geçmelidi. Üç ýyl bäri ol biziň gapymyzdan ýal iýýär, mundan öň-ä gidäýmändir. Belki, ýala gelýän ganjygyň yzyna düşendir, onuň göwnüni tapmak üçin ogurlyga ýüz urandyr? Gülüp oturmaly! Goňurjanyň semremegi üçin näçe towuk gerek bolduka? Bäşmi, onmy, ýa ondanam köpmi? Pylança towugyň bahasyny töläň diýip gelseler, olara hasabyňyz nädogry diýip bolmaz. Öňem eliýukalykdan kösenip ýören ejem jibrindi. – Ýerýuwutsyn şo güjügi. Şu gapa gaýdyp gelmez! – Nät¬melidigini özüňiz çözüň diýen äheňde dymdy. Agşamlyk towuk çopan geldi. Haýbat atar öýtdük, gaýta söz diýmäge ýaýdanýan ýaly ýygrylyp otyr. Urşuň agyr ýyllary ol bir gezek kakamyň ýanyna dileg bilen gelipdir, goňşy raýonda ýaşaýan aýal doganymyň çagalary açlykdan öljekler diýipdir, kakam adyňa iki put bugdaý ýazdyr-da alaý diýipdir. – Gelneje, näm üçin gelenimi men-ä aýtmaga-da utanýan – diýdi. – Utanyp oturma, bizem ýaňy eşitdik. – Haýwan-da, gelneje, ýogsa nähili adamyň gapysynda üýrýänini biläýmeli welin... Käşgä, iki-üç towuk bolsa... sekiz-dokuza ýetýä. – Şonça towuk iýýänçä garaşyp ýörmek bor oguşýa! – Wah, bilmändiris, gelneje. Irden seretsem, gowy horazymyz ýok, işe barýanlaň biri göräýipdir hernä, baryp aýdaýdy. Ähli towugy sanamaly boldy, dokuz towuk kem. Gelneje, töläň diýmek hyýalymyz ýok, başlyga aýtdyk, özlerine duýduryň, bihabar bolmasynlar diýdi. Bolmasa, gelneje, daňyp saklaň, goýbermäň-dä. – Gürjini daňyp saklap bormy! Ogurlygy öwrenen itden it bolmaz. Towuk çopanyň gözi açyldy. – Onda, gelneje, size azar edip ýörmän... – Isläniňi et. Gije gapymyzda Goňurja görünmedi. Towuk çopanyň gelenini gören bolsa, haýwanam bolsa düşünendir diýdim. Ertesi Gün dogmanka towuk fermasy tarapda atylan tüpeňiň gümpüldisi bize-de ýetdi. Goňurjanyň çyňsaýan sesi eşidiler öýtdük, eşidilmedi. Biz dymyp, güjügimiz bilen hoşlaşdyk. Nandan-çaýdan bizar, ýüzümizi asyp oturyşymyz ejeme ýaramady. – Haýwandyr-da! – diýdi. Bu onuň bize göwünlik berjek bolşudy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |