11:20 Ýiten ýurt -12: "Ýediýyllygyñ" mugallymlary | |
12. “ÝEDIÝYLLYGYŇ” MUGALLYMLARY
Ýatlamalar
Elli alty ýyl ozal aldyrylan surata seredip otyryn. Onuň ýokarsynda şeýle ýazgy bar: ˝Mary raýon Çkalow oba Ždanow adyndaky kolhozda bolan 11-nji ýediýyllyk mekdebiň XV wypuskasy. 1951-1952˝. Ýazgynyň ortasynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň gerbi, iki burçda Leniniň hem Staliniň portreti ýerleşdirilipdir. Suratda meni ýedi ýylyň dowamynda okadan mugallymlaryň birgideni bar. Olaryň hemmesi hakynda ýazmakçy däl. Ýarym asyr wagtyň eleginden geçenler, oňadu-erbet ýatlama galdyranlar hakynda söz açmakçy. Adatça, mugallymyňy ýagşylykda ýatlasaň gowy, şeýle-de bolsa, men bu ýörelgä doly eýererin diýip biljek däl. Men şol döwrüň häsiýetini bermekçi bolýaryn, diňe ýagşyny ýazmak bilen ony başaryp bolmaz. Bu ýazgy meniň şahsy garaýşymdan, pikirlerimden, duýgularymdan döreýär. Maňa ýaran wakanyň, adam häsiýetiniň başga birine-de ýarajagyna güwä geçip bilmerin. Goý, döwre her kim özüçe seretsin. Dilden hem edebiýatdan sapak beren mugallym, mekdebiň okuw bölüminiň müdiri Amansähedow Sary bilen bagly kalbymda galan ýatlamalar ýakymly, algebradan okadan saçly mugallyma bolan ýigrenç ýyllaryň geçmegi bilen gowşady. Şol wagt welin, biz ony ýigrenipdik, Ol adam şähere golaý obalaryň birinden biziň mekdebimize işlemäge gelipdi, gelen gününden ˝saçly mugallym˝ adyny aldy. Öz obamyzda ýaşaýan mugallymlaryň saçlysy ýokdy. Suratdaky mugallymlaryň-da hemmesi takyrkelle. Saçly mugallym biz gutarmankak, mekdepden gidipdi, eger bolan bolsa, onuň hem suratyny goýardylar. Familiýasynyň Gurbanowdygy ýadymda, adyny bilmegiň zerurlygy-da ýok, mugallymlaryň bary biziň üçin ˝ýoldaş mugallymdy˝. Täze mugallym klasa girende okuwçylar oňa ýaýdanç, ätiýaç bilen seredýärler. Ondan oňatlyga ýorar ýaly söze, garaýşa, herekete garaşýarlar. Eger ol başga obadan gelen bolsa ýagdaý has-da gümürtik bolýar, tümlüge düşen ýaly bolup oturansyň. Biz saçly mugallymy başdan halamandyk, ol hem bize gowy görünjek bolup alada galmandy. Ilkinji sapakdaky bolşuny ýylyň dowamynda birjik-de üýtgetmedi. Geň görmeli ýeri, ol meniň göz öňümde köne, solgun ýaşyl reňkli, tyrryk paltoly sypatda galypdyr. Köýnekçe, penjekli göz öňüne getirjek bolýan, bolanok. Palto onuň çepiksi göwresini has-da kiçeldýärdi. Aýyn bolmasa çep elini paltosynyň ýakasyna sokardy. Ol Staline meňzejek boldumyka? Beýik serdarymyz ýoldaş Staliniň bir elini şineliniň ýakasyna sokup barşyny su¬ratda görýärdik. Eger ol şeýle hereket bilen Staline meňzemek islän bolsa, bu onuň özüni asmandan asdygy bolar, has dogrusy, oňa kemakyl diýse bolar. Ol saçyny yzyna gaýtaryp daraýan hem bolsa, Staliniň saçy ýaly däl, gelşiksiz, ýuka. Kellesi Staliniň kellesinden kiçi. Boýny inçe. Aksowult ýüzi syrkaw adamyň ysgynsyzlygyna meňzeş duýgy döredýär. Dogrudanam, saglygynda bir kemi bolmaly, ýogsa, gaýta-gaýta tüýkürip ýörmezdi, klasdamy, daşardamy, parhy ýok, tüfläp goýberýär. Klasyň içinde ýere kerpiç düşelenem gowy zat, tagta bol¬sa, tüýküligi ýalçarar ýatardy. Eline hek aldygy heke tüýkürip başlardy. Tagta çagyraýsa, onuň tüýküliginden öl bolan hek bilen ýazmalysyň. Onuň inçeden çakyr sesi bardy. Sapak geçende düşünmedik ýeriňi soraýsaň, myrryhy atlanardy, sen düşündirip bileňok diýlen ýaly ýokuş görýärdi. Oglanlaryň birine: ˝Düşündiremde diňlemän, indi soran bolýaň, agzyna eş-şek si...!˝ diýip jabjyndy. Bir ýola-da Geregiň doganoglany Merede şarpyk çaldy, şarpygyň sesi sapan atylandaky şarpyldy ýaly hemmämizi tisgindirdi. Bu duýdansyz boldy. Meredi tagta çagyrdy. Çözmeli mysaly ýazdyryp, özem endigine görä, partalaryň daşyndan aýlanyp başlady. Köwşüniň burnuna garap tüýkürinýärdi. Umuman, ol okuwçynyň ýüzüne garamazdy, asyl başyny galdyranok, ýüzi çytyk. Hemişe öz ýanyndan birine gahar edip ýören ýaly. Halamaýan okuwçysyndan sapak soranda, has-da murtar bolýardy, elleri sandyrap, dodaklary titreýärdi. Meredem şolaryň biri. Ýigrenji görner ýaly ol näme ýaman¬lyk edipdir. Hiç kim anyk zat bilenok, mugallymam aýdanok, ýogsa Meret ökde okuwçylaryň biri. Merediň aşa ýuwaşlygy, çekinjeňligi ýaramadymyka? Öňki hepdede-de ikilik goýdy. Onsoň Meret neresse bilýänjesinem unudýar, ýaýdanyp dur. Ol Merediň gapdalynda aýak çekdi, tagta ýazylan çözgüde oňly seretmedem, güýjüniň barynda elini aýlap, Merediň dulugyna şarpyk urdy. Ýeke agyz söz diýmän, žurnala 2-lik goýdy. Öňden niýetlän jezasyny berip, arkaýynlaşdy, penjiräniň öňüne baryp daşary seredip durdy, soňra tagta ýöneldi. – Täze sapak – diýdi. Eline alan hekine yhlas bilen üç öwre tüýkürdi. Bu ýigrenji adam öz obasyna sygman gaýdandyr, obadaşlary murtar häsiýetine çydaman kowandyrlar, bizde welin, kowjak tapylmaz. Her gün bir okuwçyny ursa-da çydaň diýerler, keseden gelen bilen dawa edip ýörmek uslyp däl diýerler. Bizi urup, horlap ýörmek oňa uslypmy eýse! Men bu sözleri gözi ýaşly Geregiň gynanjy bilen aýdýaryn. Meredi uranda Gerek aglady, arakesmede-de ony diňdirip bilmediler. Biziň mekdebimizde mugallymlaryň ýarpysy başga ýerden gelenler, direktorymyzam keseden gelen. Obamyz uly, çaga köp, özümizden mugallym ýetenokdy. Kesekiler ýerli mugallymlardan nämedir bir alamat bilen tapawutlanýardy¬lar. Biri saçly, beýleki biriniň boýny galstukly ýa-da eli goşar sagatly. Eýse, biziňkileriň medeni derejesi pes boldumyka? Ýöne keseden gelenleriň arasynda saçly mugallym ýaly oku¬wça zalymlyk edýäni ýokdy. Saçly mugallym welosipedli gatnaýardy. Kellesini galdyrman sürüp barşyny görenimizde, häk, maşynyň aşagyna düşäýsedi diýip, dileg ederdik. Ol maşynyň aşagyna düşmedi, ýol bejerýän Gylyçly körüň aşagyna düşdi. Gylyçly onuň merkini beripdir, arymyz alnan ýaly begendik. Oba ýaýran gürrüňe görä, bolan waka şeýle. Obadan şähere tarap gidýän uly ýoluň gyrasyndan Gylyçly kör pilini egnine atyp, ýadawlykdan boýnuny sallap gelýän. Garşydanam saç¬ly mugallym kellesini galdyrman welosipedli gelýän ekeni. Çakyşypdyrlar, ikisem ýykylýar. Saçly mugallym Gylyçlynyň aşagyna düşýär. Aşakda ýatan ýerinden haýbat atýar: – Gözüň körmi? Gylyçly bäbenegi bulançak çal gözüni barmagy bilen görkezip: – Meň gözümi görýäňmi! – diýip gygyrýar. – Men kör, maňa Gylyçly kör diýýäler. Sen gözli bolup, körüň aşagynda götüňi berýärmiň?! Saçly mugallymyň dili syrtyna gidene dönüpdir. Dulugyna çalar ýaly üstünde ýatan biçäre Meret däl, Gylyçly kör! ˝Ýakmaz bir söz diýse, pil bilen depesine berjekdim˝ diýip, Gylyçly kör gülüp gürrüň berýärmiş. Bu gülki oba arasynda klassyka öwrüldi. Biziň obamyzda saçly mugallymdan galan şundan başga ýatlama bardyr öýdemok. Keseden gelen mugallymlaryň ýene biri at almagy başardy. Ol bedenterbiýe mugallymy. Daýawlygyna, çakgan hereketine garap, soraman sportçy diýdirip biljek bu adam birinji sapagyny bizi daşarda nyzama duruzmakdan başlady. Harbylarça ädim urup, hataryň öňünden geçdi, gujuryna bäs gelip bilmeýäne meňzedi. – Rawnýaýs! – Sesi mekdebiň öňündäki giň meýdandan aşyp, golaýdaky öýlere ýeten bolsa gerek. Indiki komanda ˝Smirno!˝ bolmaly. Täze mugallym bu sözi aýtmaga howluk¬mady, ýowuz garap, hataryň deňlenmegine garaşdy. Birdenem öňküden bäş esse beter gygyrdy: – Hir-r-re! Biz bu üýtgeşik, geň, oýna çalym edýän sözi hikirdi bilen garşyladyk. Ol bize bezzatlygymyz üçin nähili temmi saýlajagyny oýlanýan ýaly sesini çykarman, herimiziň ýüzümize yzgytsyz garap, iki ýana gezmeledi. – Ylgaň! – Biz meýdanyň daşyna ylgap başladyk. – ylgaň, ylgaň, gatyrak ylgaň! Bir aýlaw, iki aýlaw, üç, dört... Ol haýbatly sesi bilen bizi gamçylaýana döndi. Hatary saklady, komanda berdi: – Rawnýaýs!.. – Ýene öňki ýaly gaty gygyrdy: – Hir-r-re! Biz tumşugymyzy ýokary tutduk, hatardan hikirdi eşidilmedi, hikirdä ysgyn galmandy. Şeýdip, täze mugallym bizi geň söze öwrenişdirdi. Mundan soň onuň ady-da, familiýasy-da hiç kimi gyzyklandyrmandy, hemmeler üçin ol ˝hirre mugallym˝ bolup galdy. Onuň suratynyň aşagynda ˝Gurdow R.˝ diýen ýazgy bar. Gurdow Rejep bolmagy-da ähtimal, ýöne bu at onuň suratdaky haýbatly keşbine gabat gelenokdy, ˝hirre˝ diýseň, jüpüne düşýär duruberýär. Mugallymlaryň arasynda ýeke aýalyň suraty bar: ˝Kli¬mowa N.˝ – Klimowa Nina. Biziň rus dili mugallymamyz. Oňa aýal diýmeli däl, gyz diýmeli, oba işe gelende, heniz durmuşa çykmandy. Sakynman türkmençe gepleýärdi, ow¬adan, ýüzi-gözi mylaýym, sesi ýakymly maşgalady. Biziň orusçany bilmegimizden onuň türkmençe geplemegi has möhüm ýalydy. Hatynyň owadanlygyny onuň öz owadanlygyna deňäp boljak. Bir gezek gelin toýunda oňa türkmen gyzlarynyň bezemen lybasyny geýdirdiler, onuň şol keşbi göz öňümde surat bolup galdy. 1970-nji ýylda ˝Obadaş˝ atly hekaýa ýazypdym, respub¬likan konkursda oňa birinji baýrak beripdiler. Hekaýadan bir bölek: ˝Şol toýda gyzlar Jennet mugallyma ilkinji sapar türkmen egin-başyny geýdiripdiler. Şeýle bir saryýazgyz owadan gyz boldy, hemme kişiniň gözi şondady. Gök keteniniň üstünden gyrmyzdon çabyt geýipdir, saçynam iki örüm goý¬beripdir welin, dyzyna ýetip dur. Gupbaly tahýasynyň eteginden sallanyşyp duran kümüş şelpeler maňlaýa düşende, hakyky bezege öwrülýär. Iňňän dury gök gözler gyzyl çoguň içinde hasam täsirli, mylaýym görünýär. Ýylgyryşy dagam edil biziň uly gyzlarymyzyň ýylgyryşy ýaly, asyl ýöne ýüzünde gant eräp barýan ýalydy. Öz biçüwinde bolmansoň, başyndaky tahýa häli-şindi agjak bolup durdy. Şonuň üçinem bir eli bilen gupbadan tutýardy. Şelpeli ýüzükler uzyn ak barmaklara aýratyn bir näziklik berýärdi. Atbaşçy gitjek ýigitler ondan gözüni aýyrmasalar nätjek!˝ Hekaýanyň gahrymanynyň ady Ženýa – Jennet bolsa-da, hakykatda ol Nina mugallymdy, onuň obadaş kemi ýokdy, obamyzda hemişelik galmagyny küýseýärdik. Her bir adamda bolşy ýaly, her mugallymyň häsiýetin¬de-de özboluşly aýratynlyk bolýar, şol aýratynlyk mugallym adyny göterýänlere hökmany diýilýän kada gabat gelmedik halatynda has-da ýadyňda galýan ekeni. Soňky klasdakak mekdep direktorlygyna bellenen obadaşymyz Aman – Amat Hajyýewiň haýsy sapagy okadanlygy ýadymda galmandyr, ýöne jarkly ädiginiň sesine bat berip, sapak wagty klasyň içinde öňe-yza ýöreýşi welin ýadymdan çykanok. Jarkyldyny artdyrmak üçin ýarty göwresini öňe atyp ýöreýärdi diýseň-de boljak, Saçly mugallymdan soň algebrany goňşy obadan ge¬len Gylyçmyrat mugallym okatdy. Onuň ilki eşekli gatnap başlamagy mugallymçylyk mertebesini ýönekeý kolhozçynyň deňine çenli peseldip biljekdi. Pyýada gelse-de, mundan gowy bolardy. Eşegiň daýanykly bolanda-da, gaňňasyna haly düşek ataňda-da, eşek diýeniň eşek bolýar, Magtymgula meňzedip aýtsaň: eşek bedew bolmaz bezemek bilen! Bu gelşiksiz ýagdaýa Gylyçmyrat mugallymyň ýa-ha özi düşünen bolmaly, ýa-da düşüner ýaly edip aýdandyrlar. Hernä, ˝eşekli mugallym˝ adyny almanka welosiped mündi. Onuň welosipedine gözümiz gitdi. Owadandy, oturgyjy ýörite dokalan halyjyk bilen örtülendi. Oturgyç bilen ruly birleşdirýän rama ýokdy, münjek bolsaň, bir satanyňy galdyr¬yp, oturgyjyň üstünden aşyryp ýörmeli däldi. Ýazgeldi mugallym oňa aýal welosipedi diýipdir, aýallar üçin oturmak amatly bolsun diýip, ýokarky rama goýulmaýar diýip, öz sözüni delillendiripdir. At dakmak üçin diýen bolmagy-da ähtimal, sebäbi biz welosiped sürüp ýören aýaly görmändik, Ataköpek şahyryň gülki üçin aýdan sözüni welin eşidipdik. Şahyrdan: iň gelşiksiz zat näme? diýip soranlarynda: ˝Türkmen aýal uzyn köýnegini balagynyň içine salyp welsepit sürse, şondan beter gelşiksiz zat bolmaz˝ diýipdir. Bu welosipede welin at dakar ýaly däl-ä! Öň tekerine dina¬mo berkidilipdir, ol tekeriň badyna aýlanyp, ruluň öňündäki çyrany ýakýardy. Rulda tormozam, ýüz görülýän aýna-da bar. Ýazgeldi mugallym göriplik edýär diýdik. Gylyçmyrat mugallymyň welosipedinem, özünem oňat gördük. Onuň sypaýylygyny, umuman, bolşuny salykatly gyzlara mahsus görülýän häsiýete deňese bolar. Sesini gataldyp geplänini, okuwça jabjynyp duranyny görmedik. Pes baha goýmaga halys mejbur bolan ýagdaýynda ilki özi utanardy, tegelek ýüzüniň ýuka hamynda gyzyl tegmiller görnerdi. Şol pursat okuwçydan ötünç sorasa-da, geň görler öýdemok. ˝Indiki sa¬pagy gowy öwrenip gel, ýaramaz bahaňy düzedeli˝ diýerdi. Bize golaý ýaşaýan, uruşdan bir barmagyny aldyryp, ordenli gaýdyp gelen, soňra Hümmet ahallynyň doganoglan uýasyna öýlenen Ýazgeldi Isaýew tebigat sapagyny okadýan mugallymdy. Mülkaman brigadir bilen bir saçagyň başynda ikiçäk oturyp, tagamly nahar iýip, arak-şerap içip, soňra-da zybrym orusça gepleşýän hem Ýazgeldi mugallymdy. Meýiň humaryndan keýp alyp, buduna şapbatlap, kih-kih gülende, ujy biziň ujy ýaly inçe, aşak gaýtdygyça gelşiksiz giňelýän burny has-da uzyn görünýärdi. Soňra ol bu wäşiligini sahnada görkezmegi başardy. Wah, Warryk batyryň roluny oýnap at alan obadaşymyz Gylyç Berdiýewe taý bolup biljek artisti ýitiräýen ekenik diýdiler. Mugallymlar ˝Çalşylan portfel˝ diýen gülküli oýun goýup, ony mekdebiň uzyn zalynda, çüýşeli kerosin çyralarynyň ýagtysynda görkezdiler. Teatr sungatyndan iňňän daşdadyr öýdülen adamlaryň bu tomaşa yhlas bilen ýapyşmaklary meniň üçin geň tapmaça. Mejbur edip oýnadyp bolmaýar, olar höwes bilen oýnapdylar. Ýazgeldi bilen Gapur mugallymyň şäherde, naharhanada şerap içip, serhoş bolup oturyşlary çyna berimsiz, asyl oýun diýer ýaly däldi, adamlar gülüp hezil etdil¬er. Bular hakykatdanam häzir şerap içip, serhoş bolup oturan-a däldirler diýip, şübhe edenlerem tapyldy. Hemişe gözüniň çorbasy akyp, burnunyň dykylyp durşundan ezýet çekýän Gapur mugallymyň derdi ýadyna düşmese näme! Burnunyň, gözüniň akmasy galaýdy. Ýogsa, serhoş bolaýsa, öňküleriniň üstüne gyllygam akar diýdim, allanäme, sag adam. Sungatyň güýji dertden zor çykdy. Okuw müdiri Sary mugallym, direktor Jumaly-da oýna¬dylar. Ýeri, oýna gatnaşmaga olary kim mejbur edenmiş? Olaryň ikisem salykatly, položitel adamlaryň rolunda çykyş etdiler, öz hakyky boluşlaryndan üýtgemediler, oba adamlarynyň gözüne has-da wajyp göründiler, oýun diýen düşünjeden ýokary galmagy başardylar. Nina mugallymam oýnady, türkmen dilini anjaýyn bilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Dil öwrenmedik bolsa, ol bireýýäm obadan giderdi, obada hemişelik galmagy ýüregine düweni üçin biziň dilimi¬zi öwrenendir diýipdik, begenipdik. * * * Indi Sapar başlygyň ýarak itini awundyran Sary mugallym hakynda aýdaýyn. Ol biziň garyndaş ugrumyzdan, bir tireden. XX asyryň ýigriminji ýyllarynda ýer-suw reformasy geçiirlende, bijä görä goňşy raýona göçmeli bolanlaryň biri. Daşkentde okapdyr, soňra urşa gidýär. Kakam hossarlyk edip, onuň maşgalasyny ýanymyza göçürip getirýär. Biziň obamyzda tanalmaýan adam uruş gutaranda göni täze ýurda gelýär. Ol gelmänkä kakam dünýäden ötýär. Agyr günde maşgalasyna garaşyk eden adama minnetdarlyk sözüni aýtmaga ýetişmese-de, edilen ýagşylygy soňky ýyllaryň dowamynda ýerine salypdy. Biziň on baş maşgalamyzdaky bäş ogul entek uşakdy, gyzlar göze görnüp, kolhoz işine gatnap ýören hem bolsalar, erkek adamyň hemaýaty gerekdi. Biz şol hemaýaty Sary kakamdan gördük. Oňa Sary kaka diýýärdik, garyndaşlarymyzyň arasynda ony ileri tutduk. Her möwsüm¬de hojalyk üçin bitirilmeli möhüm işler bolýar: çöle gidip odun, meýdandan ýandak ýygmaly, çekenedäki goýunlary gyrkmaly, harazda bugdaý üwetmeli, bazarlyk işler... garaz, Sary kakama duýdurmagyň geregi ýokdur, pylan işiň wagty geldi diýip, özi geler, özi aýdar. Ejeme gelneje diýip ýüzlenerdi, hormatlardy. Ejemem Sary kakam babatda: ˝ýüwürjim ýüwrük atym˝ diýmäge, buýsanmaga haklydy. Birinji gezek Sary kakam bilen çekenä goýun goşmaga gidenimizi ýatlaýaryn. Çölde, ˝Öwlüýägulyň guýusy˝ diýen ýerde obanyň çekenesi bakylýardy. Oňa gidýän ýol ilerimizdäki obanyň içinden geçýärdi. Şonda meni Sapar başlyklaryň iti gorkuzypdy. Ondan dat edýän gyt däldi, bu itiň ýoldan geçene topulýandygyny, ýaran adamsynyň az däldigini, görüp-bilip dursalar-da, daňanoklar diýip zeýrenýärdiler. Ol itiň aýratyn bir belleýän adamlary bolýarmyş, şolaryň özler¬ini-de, münüp gelýän eşeklerini-de allowarradan tanaýarmyş. Sapar başlygyň, onuň ˝ýediler˝ diýen tiresiniň rowaçlygyna göriplik edýän, ýigrenýän adamlary it jadysy bilen bilýärmiş. ˝Ýedileri˝ ýigrenmeýän barmy diýerdiler. Halys tozgunlyga uçran bu kolhozyň ady ˝Gyzyl Oktýabrdy˝, uruş ýyllary kolhozçylar juda-da agyr güne uçrapdyrlar, açlykdan ölen az bolmandyr. Biziň obamyza el serip gedaýçylyga gelýänleriň gylla ýary şolar ekeni. Gapymyzdan bir döwüm çörek diläp gelen, ýyrtyk eşikli, eli-ýüzi possujak oglany özümem görüp¬dim, onuň semizjeligine geň galypdym, ejem: ˝Semizlik nire! Açlykdan çişipdir˝ diýdi, garnyny doýrup goýberdik. Obanyň adamlary soň gürrüň ederdiler: ˝Heý, ˝ýedilerden˝ biri ölmezmikä diýip, garaşýan ekeniler, ýas ýerinde bir zat iýeris öýdüp¬dirler˝. ˝Ýedileriň˝ hataryna ýetemizde meniň ätiýaç edişim ýaly boldy. Başlygyň uly tamynyň gapdalynda ýatan it bizi görenden haýbat bilen üýrdi. Sary kakam bäş goýny sürüp gelýärdi, uly taýak, eşegiň boýun ýüpi elindedi. Meniň münüp oturan eşegim on ädim öňden barýardy. It üýreni bilen oňmady, topulyp gaýtdy, badyny gowşatman Sary kakamyň üstüne zyňdy. Sary kakam çalasynlyk bilen, sowul¬maga ýetişdi, taýagy bat bilen aýlap, itiň syrtyna urdy. Itden ˝çyňk˝ ses çykdy, çökjek ýaly artky aýaklaryny süýräp aldy, soňra janagyrly üýrdi, gaýtadan topulmaga het etmedi, töw¬eregimizde aýlandy. Ürken eşegi tutmak, pytran goýunlary ýygnamak Sary kakama aňsat düşmedi. Men kömek ber¬mekden geçen, eşekden ýykylman otursam kaýyldym. Sary kakam: – Goýunlaryň öňüne geç-ä, aňryk goýberme! – diýip jabjyndy. Menden haýyr bolmajagyny bilendir-dä, eşeginiň boýunýüpüni elime tutduryp, haýdap gitdi, goýunlary gaý¬tardy. Obadan çykýançak dymyp gitdik. Sary kakam birden gülüp goýberdi. – Tirkim, Sapar başlygyň itinden gorkaýdyňmy? – diýdi. Men utanjymdan dere batyp otyrdym. Il arasynda soňky ýaýran gürrüňe görä, bir adam başlygyň ýarak itiniň merkini beripdir. Aýdylýanlardan çen tutsaň, ol mazaly taýýarlanyp barana meňzeýär. It üstüne zyňanda, ol adamyň iki bilegi keçe ýeňlikli ekeni, agyz salaýanda-da dişi geçip biljek däl. Towsan itiň kellesini kükregine ýe¬tirmän, başyna köne çäkmen atmaga ýetişýär. Garpyşyp ýere düşenlerinde, itiň bokurdagyny bilegi bilen basýar, beýleki elini itiň kekirdeginden ildirip, är güýji bilen gysýar. Demliginden tutulan it gyssanjyna syçyp başlaýar. Öldürjek ekeni, zordan elinden alýarlar. It boşap zut gaçýar, ýitirim bolýar, gözläp tapýarlar. Şondan soň ötegçä topulmaga beýlede dursun, oňa tarap üýrmäge-de gorkýarmyş diýdiler. Şol edenli adamyň ady Sary mugallym diýsediler, bada-bat ynanjakdym. Göwnüme bolmasa, şonuň işi ýaly bolup dur. Eger edenem bolsa, özi aýtmaz, soramaga-da çekindim. Ol uruşdan telim orden-medal alyp geldi, ˝Şöhrat˝ ordeni bilenem sylaglapdyrlar. Henize çenli pylan etdik diýip, magtanan mahalyna gabat gelmedim. Mekdepde oňa Sary kaka diýmezdim, ˝ýoldaş mugallym˝ diýerdim, ol hem garyndaşlyk gatnaşygyny aňdyrjak sözi dil¬ine almazdy. ˝Sary kaka˝, ˝Sary mugallym˝, ˝ýoldaş mugallym˝ diýmekden başga-da, zalyň diwarynda çarçuwa salnyp asylan ýüzi aýnaly klas sapaklarynyň raspisaniýesiniň (sanawynyň) aşagynda ˝okuw bölüminiň müdiri S. Amansähedow˝ diýip ýazylandy. Dört at, dördüsine-de ol mynasypdy, dördüsine-de buýsanýardym. Aýtmamda-da meniň oňa garyndaşdygymy bilýärdiler. Gowy okaýandygym garyndaşlykdan peýda gö¬zlemeýändigime degerli delildi, okuw babatda onuň menden edýän talaby has-da berkdi. Sary mugallymy sylaýardylar, çekinýärdiler. Ol okuwçynyň üstüne gygyrmazdy, nädogry zat edýäniňi ýowuz garaýşy bilen duýdurardy. Oraz çopanyň gyzy Bibini, Nurly guluň ogly Ahmedi bas¬syr üçünji ýyl bäşinji klasda galdyrdylar. Olar bilen okuwa gelenler bireýýäm mekdebi gutardylar, öýlenenleri, durmuşa çykanlary bardy. Bu ikisi welin, kiçileri deňlerinden geçirip, şol bir klasda otyrlar. Bäşinji klasa ýeten bolsalar, indi gutar¬dyp goýbermeli ahyry diýýärdiler. Diýibersinler, ol döwürde okuwa garaýyş başgaçady. ”Bilenoklarmy, goý, otursynlar, okasynlar!” diýlen syýasat bardy. Men diýen iki daýhany bir salkyn işden goýýarsyňyz diýip, brigadir mugallymlara igenýärmiş diýdiler. Juda boşadara ugur tapylmaýan bolsa, ikisiniň toýuny tutaga-da, düşeklerini klasdan ýazaýmaly bolar diýip, degişýänlerem tapylýardy. Bibiniň ejesi Sonagül gyzy mekdepden aglap baranda, bu kemsitmä çydaman, topulyp gelipdir, direktory tapman, okuw müdiri Sary mugallyma heňkiripdir: – Siz utanmasaňyzam, men utanýan – diýipdir. – Ite-de uýat ýagşy, sizem utanaýyň-a! Naçar maşgalany ýüpsüzje daňdyňyz goýaýdyňyz. – Çagaňyza oka diýmeli, diýeňzok. – Diýmerinem! Ony siz diýmeli, siz okatmaly! – Biziň diýenimiz ýeterlik däl. – Ýeterlik hak alman-a başarýaňyz. Kolhozyň ýeke goýny haram ölse, başlygy, permesi ärimiň boýnundan otly halka bolup ilýär, töletmän goýanoklar. Meň gyzymy klasynda galdyrýanyňyz üçin hakyňyzy kemäýsediler käşgä, asyl galdyrasyňyz gelermidi!? Sary mugallym çopanyň ajalynyň janagyryly sözlerine gep gaýtarmandyr. Ýöne soňra bu wakany direktora gürrüň berende: – Adamlarda nädogry düşünje bar – diýip, öz pikirini aýan edipdir. – Çagalary okatmak diňe döwletiň wezipesidir öýdýärler, Sary mugallym 1993-nji ýylda 73 ýaşynda aradan çykdy. Ýigriminji asyr gutardy, täze asyryň on ýyly hä diýmän tamamlanjak. Geçen günlere ser salyp, oýlanyp oturyşyma Sary mugallymyň adamlardan nägile bolup aýdan sözüni ýatladym. Gynansak-da, şol ýaramaz endik soňky nesliň bilim taýdan agsamagyna öz täsirini ýetirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |