11:29 Ýiten ýurt -13: Gyz täleýi | |
13. GYZ TÄLEÝI
Ýatlamalar
Meniň oglanlyk ýyllarym obamyzyň gyzlary aý aýdyň gijeler köçelerde oturyp läle kakardylar. Olaryň owazy uzakdan eşidilýän gussaly mukam bolup hakydamda galypdyr. Biz ol mahal soňky ýyllar meşhurlyk gazanan ˝Keçpelek˝ sazyndan bihabardyk. Aýralygyň ýürek dilýän gussasyny sazda beýan edip bolýandygyny biziň ˝ak altyn˝ öndürýän kolhozymyzda bilen bir boldumyka?! Lälelerdäki gaýgyly äheňe garaňky geçmişden galan ýatlama mysaly biperwaý garardylar, ˝gy¬zlary azatlyga çykaran bagtly sowet zamanynyň˝ waspyny ýetirýän sözler entek lälä salynmandy, halk döredijiligi diýlende köne bilen mydar edilýärdi. Çuňňur guýa daş atsaň, Batar gider, eje jan! Ýat illere gyz satsaň, Ýiter gider, eje jan! Meniň obamyň bagtsyz, garamaňlaý gyzlary! Bu gün sizi ýatlamda läledäki ýokarky setirleri gaýtalaýaryn, ondaky hakykatyň diňe geçmişe degişli däldigini, siziň hem paýyňyza düşendigini siz bilen bolmaly, ýürek nalaňyzy adamlara ýetirjek bolansyňyz. ˝Bagtyňyz açylanda˝, uzak obalardan gelýän gelnaljyny tüweleýe meňzederdiler. Köpiňiz üçin ol gara tüweleý bolupdyr. Gyz toýy... Onuň tüweleýiň tizliginde geçýän şagalaňy gelin-gyzlaryň gara öýde gyz üstündäki dalaşy, oglanlaryň gelnalja kesek zyňmasy bilen gutarardy. Gelnaljy gider, töw-erekden ýygnanan märeke bada-bat dargar. Gyz çykaran öý gugaryp galar, içerini-daşaryny ýakymsyz ümsümlik gaplap alar, gyzyndan aýrylan ene gussa batyp, gözýaş eder. Bu kada girip giden zatdy. Iki-ýeke hyzmat edýänler gelnalja çekilen tabakdaky ezilen dogramany gara gazana ýygnarlar, mala beräýmeseň, ony iýjek ýokdur. Hakyky dograma meňzänok, meňzemelem däldi. Dogralan nanyň her bölegi gulak ýaly, ne et bar, ne-de ýag. Muňa nähili düşünseň düşünip oturmaly. Gyz almaga gelenleriň islegsiz myhmandygy duýduryljak bolundymyka? Gyz toýunyň çyn toý däldigini nygtamak üçin tapylan emelmikä? Gelnaljynyň depesinden inýän kesekler, eýse şony tekrarlaýan alamat dälmi näme! Gyz gitdi, onuň bukjasynam alyp gitdiler. Bukja gelniň baran öýünde mertebesine göterjek zatlaryň biri. Bukjadaky ululy-kiçili geýimleriň, parçalaryň, ýaglyklaryň sany köp boldugyça, gaýyn öýünde gelniň sarpasam şonça artýar. Bukja kolhozyň surnukdyryjy işiniň gapdalyndan gyzlaryň başyna düşen agyr hem ýakymly aladady. Gara öýmüziň ortasyndaky ojagyň gyrasynda pelteli çyra ýanyp dur. Ondan göterilýän inçe ajy tüsse gözüňi awuşadýar, ýaşardýar. Onuň gapdalynda gyz doganlarym dyzlaryna berkidilen keteni bölegine keşde çekip otyrlar. Iňňeden çykýan nepis keşdeleriň owadanlygy bilen porsy çyranyň solak şöhlesiniň arasyndaky näsazlygy olaryň gözleriniň ýagtysy düzleýändir diýäýmeli. Olar tä ýassy wagty bolýança pelteli çyranyň gapdalyndan galmazlar. Keşdelere syn edenlerinde, ýüzlerine düşýän ýagtylyk artan ýaly bolar, ýadawlygy syryp taşlar, ýene keşdiňňäniň gözünden ýüpek sapak geçirerler, ertir agyr iş bardyr öýtmezler... Ekin meýdanynda keşde çekmegi brigadir gadagan edýärdi, şonda-da çaý-nany çaltrak iýip, iň bolmanda, ýekeje keşde çekmenlerini-de gowy görerdiler. Şol gezek olar meni esewançy goýdular, brigadir göründigi duýdurmalydym. Gyzlar okarygyň ugrunda hatar oturyp, keşdä gümra boldular. Ogulla gaýnap duran tüňçesini-de unutdy. – Seredeweri, jigim, çaýymyza siňek gaçyraýma. – ˝Siňek˝ diýende brigadir Nediri göz öňünde tutup aýdypdy, gyzlar düşünip, gülüşdiler. – Öten gije gutarman ýatjak däldim-le, ˝içýanagzyň˝ ikisi galanda, artyp, çyraň peltesi gutaraýdy. Bäş ädim gapdaldan, gowaçanyň gür ýerinden brigadir zompa çykdy. Ol öňden gizlenip ýatan bolmaly. Gygyryp, gy¬zlara duýduryp durmaga pursatam bolmady. Brigadir Ogulla topuldy, onuň dyzyna berkiden işini gödeklik bilen dartyp aldy. – Men saňa çaýa gaçan siňegi görkezerin – diýip gygyrdy, gaharyna demi gysdy öýdýän, haşlady. Gyzlar hasyr-husur işlerini horjuna dykdylar. Brigadir olara üns bermedi, ýagysy Ogulla görgülidi. Gyrasyna owadan keşde çekilen gyzyl keteniniň bölegini depesinde galgatdy, ony näme etjegini bilmän, janserek boldy. – Sen başbozarlyk etdiň, bäş zähmetiňi kesjek. Ogulla elini uzadyp ýalbardy: – Gaýdyp bara, elime almaýyn, her gün garzynkamy barla-da göräý, alma, ber şonymy, Nadir aga. Yrym etdim, ýama¬na ýormaýyn, jan byrgat, biz bilen deň bolma, biz çagaň ýaly adam-a... – Siz adam däl, gepe düşünmeýän haýwan! Brigadir elindäkini üýşmek közüň üstüne bulap urdy. Ogulla içini çekip oda topuldy, brigadir ýoluna böwet boldy. Ogulla aýagy bişen ýaly zowzuldady. – Günä galma, Nedir aga, waý, galdyr ony!.. Waý-waý, ýandy-da!.. Keteni tüsselemäge-de ýetişmedi, ýalyna gaplandy. Keteniniň ýalnynyň çoguna tüňçedäki gaýnag suw gaýtadan lasyrdap, bokurdakdan ýokary galdy. Gyzlar iş ýerlerine pytrap gitdiler. Ogulla okarygyň ýumşak raýyşyna özüni goýberdi, ýüzüni tutup aglady. – Iş bitirdiň, meýdi ýanan! – diýip, jabjyndy. Eden işinden lezzet almadyk brigadir başyny atyp, böwrüni diňläp barýardy. Şol gyzlaryň arasynda meniň doganymam bardy. Eger brigadir onuň keşdelän ketenisini oda atan bolsa, men näderdim diýýärin. Zyňylan matany kakyp alardym-da zut gaçardym, brigadiriň kowalap ýetmejegini bilýärdim, ol demgysmalydy. Ogullanyň işi oda atylanda, bu pikir kelläme gelmändi. Maşgala bähbidine ram etdirilen aňym üçin Ogullanyň bähbidini goramak meniň borjuma girmeýärdi. Oglanlyk döwrümiň oba gyzlaryny ýatlaýaryn. Olar uzak geçmişde galdylar. Wagtal-wagtal oba baramda sorardym, olaryň dirisinden öleni köp diýerdiler, köpüsi kyrk bilen elli ýaşyň arasynda dünýäden ötüpdir. Olaryň biri-de orta bilim almandy. Ol wagt hökmany ýediýyllyk bilim berilýärdi, oba ýerinde orta mekdep ýokdy, orta mekdepler şäherdedi. Kim şähere gyzyny ibermäge het etjek? Gyzlary öýden awara goýup bolar diýen pikir obalylaryň serine-de gelmezdi, oglan¬lary ibermek ýaňy-ýaňy başlanypdy. Oglanlaryň köpüsiniň, gyzlaryň hemmesiniň mekdepden soňky ýoly kolhozyň ekin meýdanyna tarapdy. Okamaga, ýazmaga-da zerurlyk ýokdy, eliňde kolhozçynyň zerur guraly: pil, kätmen, orak bolma¬lydy. Gyzlar durmuşa çykarylsa-da, il arasynda aýdylyşyna görä, satylsa-da, kolhozyň gara işinden dynmazdylar. Ýat obalara düşerdiler, ýöne ol ýerde-de şol bir tanyş işdi, gowaça meýdanynda ajy der dökmelidi. Hemmäniň maňlaýyna ýa¬zylan artyp galmyş gowaça diýerdiler. Ak altyna deňelýän ak ýüpek pagtanyň ak harmanlary beýgeldikçe, aýal-gyzlaryň meňzi jöwza güne garalýardy, billeri bükülýärdi. Aý aýdyň gijeler läle kakýan gyzlaryň gussaly owazyndan olara garaşýan agyr günlere nalyş duýmaly ekeni. Men muňa soň düşündim. ˝Çuňňur guýa daş atmagyň˝ manysy ˝ýat illere gyz satmakdan˝ has giňdi. Kolhozyň gulçulygyny hakyky manysynda göz öňüne getirip bilmeýän adam neneň ondan gutulmagyň ýoluny agtarsyn?! Bu gulçulyk maşgala-tire baknalygyndan has parhlydy. Öň gyzlaryň ykbaly ene-ata, tire ýaşulusyna bagly bolan bolsa, indi sowet döwletiniň kuwwatyndan sarsmaz gala öwrülen kolhoza, onuň başlygyna baglydy. Bu ýerde ene-atalaryň söýgüsi, isleg-arzuwy hasaba geçmeýärdi, bu ýerde öňi bilen döwletiň bähbidinden, onuň mizemez düzgüninden ugur alynýardy. * * * 1949-njy ýyl apat bolup geldi. Üç gezek ýagan agyr gar ýollary ýapdy, ýaplary düzledi. Mal ýataklar, kepbeler, gara öýler garyň astynda galdy. Üçege düşen gary aýyrman, tamkepbedäki galaýy peçde ot ýakmak hatarlydy. Jaýyň içi ýyladygy depedäki gar eräp, saman garylan suwag batga öwrülip, suw aşak akyp başlaýardy. Birinji gardan sapak alan adamlar ikinji gar düşen bada ellerine pil, sübse alyp, üçekleri arassaladylar, gara öýüň üzügine düşen gary syryk bilen dürtüp, kakyp aýyrdylar. Çyg çeken odunyň ajy tüssesi öýüň öl süňňüni ýyladanda, ondan bug göterilýärdi. Adamlaryň süňňi hereket bilen ýylamalydy. Öýleriň aralygyndaky gömlen ýodalar arçalanda, iki tarapa serpilen gar üýşmeginiň beýikligi adam boýuna ýetdi. Gar howany şeýle bir arassalapdy, adam sesleri töwerege ýaň bolup ýaýraýardy. Iým gözlegine çykan serçeler topbak tutup gar dörýärdiler. Aýaklary ýarym-ýalaňaç çagalar gara togalanyp, şowhun turuzdylar. Gyz-gelinler garyň beren dynçlygyndan hoşal bolup, ýi¬grenji brigadirleri bu gün-erte görmejekdiklerine umyt bagladylar, arkaýynlaşyp, el işlerini etmäge oturdylar. Kolhoz erkek adamlary, ýük maşynlary, traktorlary çöldäki goýun sürülerini halas etmäge ugratdy. Gar eremän ýatsa-da, brigadirler arkaýyn ýatyp biljek däldiler. Iki günden soň hojalyklara aýlanyp, eşekleri araba goşmagy buýurdylar. Olary sürýän köplenç gelin-gyzlardy. Mal ýataklardaky dersi şüdügär meýdana daşamalydy. Başlaryna ýuka ýaglyk daňlan, eginleri ýuka donly, aýaklary hokga köwüşli, ýüň joraplary öl myžžyk bolan gyzlar porsy dersiň ysyny alyp, arabanyň üstünde çugutdyryşyp oturandyrlar. Ellerinde örme ýüň ellik bolsa-da, ýüzleriniň hamy sowukdan gök demriň reňkini alýar, sesleri sandyrap çykýar. Arzuwlary çaltrak ýylanmak. Men olaryň sowuk dalan näzik ýüzlerini göz öňüne get¬irip, olary akrapda doňan güýz güllerine deňeýärin, läläniň gussaly heňiniň arasy bilen gulagymda şu sözler ýaňlanýar: Açylmadyk bir güldüm, Hazana dönderdiler... Olaryň başyndan inen soňky apat sowuk bilen deňeşdirerden çökder boldy. Garly gyş gowaça ekişini gijikdirdi. Galyň garyň astynda has-da gurplanan topraga ýyly giden dessine tohum taşlandy, şine urdy, bir hepde geçip-geçmän, ýumurtgany ýaryp çykan jüýje mysaly, gumy böwsen gowaça keşlerde hatar tutdy. Howa gyzgynlygyny berse, suwdan, emgekden kösenmese, gijigen wagtyň yzyndan ýetiläýmegi-de ähtimaldy. Çagadan eý görüp seredilýän, bejerilýän gowaça bulut çöken ýaly garalyp, kartalary dolduranda, sary güller bol hasylyň buşlukçysy ýaly ýyrşaryp garanda, heniz görlüp-eşidilmedik bela-beter döredi. Gowaça gurçuk düşdi, agronomlaryň dilinde oňa ˝soýka˝ diýildi. Raýkomdan iberilen lektor kolhoz ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edende, bu bela-beteriň imperialist toparlar tarapyndan ýaýradylan bolmagy-da juda ähtimal diýipdir, olaryň bu ähdiýalan hüjüminiň hem edil öňküleri ýaly şowsuz gutarjakdygyny hyjuw bilen aýdypdyr diýdiler. Gowaçanyň gunçasyny, gülüni iýip başlan ýigren¬ji gurçuklaryň garşysyna hakyky front açyldy. Frontuň giňişleýin gerim alşyny göreniňde ol öňden kemsiz taýýar¬lanyp goýlupdyr diýäýmelidi. Şäherden onlarça agronom geldi. Gowaçanyň öseriniň üstüne kebelegiň taşlan akja ýu¬murtgasyny tapdylar. Tohum ýaýradýan kebelekleri ýok et¬mek üçin gije işlemeli toparlar düzüldi. Ýüzlerçe panus çyra taýýar edildi. Garaňky düşen dessine gowaçaly atyzlaryň arasynda çyralary ýakyp, gapdalynda suwly legenler goýulmalydy. Yşyga ýygnanan kebelekler suwa gaçyp, ölýärdiler. Akja ýumurtgalardan döreýän gurçuklar bada-bat ýapragy deşip, gunça, güle girýärdi, hasyly ýoga çykarýardy. Olary dust – DDT dermany ýok edýär diýdiler. Kolhozçylar beýle adyň bardygyny bilenokdylar, ˝awy derman˝ diýip aňsatlaşdyrdylar. Ol kim üçin awy? Şäherden gelen başy syp¬al şlýapaly alym agronomyň: ˝Munuň adama hiç hili zyýany ýok˝ diýenini men gulagym bilen eşidipdim. Ynanýardyk. Şol sözleri aýdyp, onuň agyr jenaýaty gizländigini men ýigrimi ýyldan soň bilip galdym. Dust – DDT adam bedeni üçin hem aýylganç zäher ekeni, ol adamyny ýuwaşlyk bilen öldürýän ekeni, bedende ömürlik husur goýýan ekeni. Undan hem ýumşak, pöwhüldäp, tozan bolup ýaýraýan dusty şeýle bir gyssanmaç döküp başladylar welin, ertir irden, agşamara meýdanda gözüňi açar ýaly bolmady. Adamlaryň ýagyrnysyna dust pürkýän nasosly gapyrjaklary ýüklediler, on bäş adam üç keş ara saklap, gowaça düýplerine awy üflediler. Samolýotlar asmandan sepdiler. Dustdan çaňjaryp ýatan gowaçalykda biz boýnumyzdan çüýşe asyp, gülleri, gunçalary iýýän gurçuklary çöpleýärdik. Howa bilen dusty içimize sorýardyk. Nasos, samolýot (uçar) bilen sepýänleriň agyzlary maskaly, hasalydy, üstesine-de ertir, agşam bir çüýşe süýt içirýärdiler, biziň gürrüňimizi edýän hem ýokdy. Awynyň, hamala, bize dahyly ýokdy, gurçuklaryň garşysynady. Hatda biz süýt içmeli dälmi näme diýip soramagam kellämize gelmändir… Soň bilip otursam, şol döwürlerde Birleşen Milletler Guramasynyň tagallasy bilen adam organizmine aýylganç zyýany bolany sebäpli DDT – dusty ulanmaga dünýä möçberinde gadagançylyk girizilen bolsa nätjek! Sypal şlýapaly alym agronomyň janykmasyna düşünjek bolýaryn. Ol dusta gadagançylyk girizileninden habarly bolm¬aly. Birdenkä biziň hem gulagymyza ilen halatynda şübhämizi ýok etmek üçin arrygyny gynandyr? Wah-eý, azara galmak nämä gerekdi? Biz ol habary nireden eşideli? Sowet metbu¬gatynda çap edilmejegine indi düşünýäris. Bu awynyň adama zyýany ýok diýip, şäherden gelen adam aýtdymy, bize başga delil gerek däldi. Näme üçin dusty sepýänlere süýt içirilýär, onuň tozanyny ertir-agşam demi bilen içine sorýan daýhan-lara içiň diýenoklar diýip, iň bolmanda öz ýanymyzdan pikir öwürmegem hakydamyza gelmändir. Dustdan dörän çaň gowaça meýdanynyň üstüni bulut kimin örtende, şol meýdanda işleýänleriň köpüsi gelin-gyzlardy, okuwçylardy. Gyz doganym Doýdugyň çakyzasy ýygy-ýygydan tutup başlady. Ýaglygyny maňlaýyndan aýlap berk daňyp, mydar etjek bolýardy, gowaça keşiniň arasynda ögäp, iýenini gaýtaryp oturanyny görýärdik, indi ýüregiň giňär, häzir agyry aýrylar diýýärdik, öýe gaýt diýmezdik, awynyň zyýany bardyr öýtmezdik. Dust sepip başlanan söweş bir aýa çekdi, soňky ýyl hem dowam etdi, garaz, dört-bäş ýylyň içinde daýhan awa öwrenişdi gitdi, asyl bara, ýaşaýşyň zerurlygyna öwrüldi galaýdy. Mör-möjegi ýok etjek bolsagam dust sepýärdik, elimiz bilen sepýärdik, malyň iýmine kepek sependen enaýy däldi. Elli ýyl soň Marydaky garyndaşlarymyň birinden biraz dust getirip bermegini haýyş etdim, howlymyzda alakanyň hinini gördüm, oglanlykdan galan endige görä, awy sepsem, alaka gider ýa-da öler öýdýärdim. Getirdi. Garybata stansiýasynyň gapdalyndaky ammarda tonnalap alsaňam bar diýdi, sowet zamanyndan galan zapas bolmaly. Dustuň daşyndaky daňyny aýyrdym, çagalykdan tanyş ys burnuma urdy, bäş-on minutdan kellämde agyry başlandy. Eý-ho! Bu neneňsi ahwalat! Dustly howadan hepdeläp, aýlap dem alamda, gowaçasy çapylan meýdana elim bilen sepemde kellämiň agyrany ýadyma düşenok, ýa indi bedenim juda gowşaýdymyka, garrylyk ýetişýärmikä?.. Şol bir wagtda-da özümi kötekledim: sen ýalan sözleme, häli-şindi ýüregiň bu¬lanardy, agzyňdan gara suw gelerdi, gaýtarýan mahalyňam bolýardy. Eýse, bu dustuň oýny dälmidi? Bu sowalyň şol ma¬hallar kellämize gelmänine geň galyp otyryn. Obada galan deň-duşlarymyň biziň bilen işlän gelin-gyzlaryň ýaşaýyş şerti meniňkiden juda pes bolupdy. Men köplenç wraçlaryň gözegçiligindedim, her ýyl tomus aýlary ýazyjylaryň dynç alyş öýlerine, ýyly deňizlere giderdim. Beýle anjaýynlyk olara ýetdirmändi. Dustuň goýan husuryny zyýansyzlandyrmaga göwnejaý durmuş şertleri gerekdi. Oba¬da ol zatlar barmy diý? Dust üç arka nesiliňe zyýanly täsirini ýetirip bilýär diýip, alymlar ýazdylar. Mysaly daşdan gözlemeli däl. Dört aýal doganymyň biri ýigrimiden geçip, beýlekisi otuz bäş ýaşda aradan çykdy. Olaryň ömür tanapyny kesen ˝ak altyn˝ öndürýän mahabatly kolhozyň surnukdyryjy işi boldy diýip, çekinmän aýdyp biljek. Gülleriň açylmaly mahaly hazan ýeli çaldy. Olar müňlerçe! Biz dokuz dogan. Ilki dört gyz dogulýar, soň yzly-yzyna bäş ogul! Ilki ogul bolsa gowy görülýär. Bolanok. Birinji gyza Mamur diýip, gözelligi, rowaçlygy aňladýan, türkmenlerde seýrek ady dakýarlar. Ol altmyş ýaşyň içinde, syrkaw ýatman, gije, ukuda jan beripdi. Ikinji uýam Ejegyz, ol ýetmiş bäşinde aramyzdan gitdi. Üçünji çaganyň ogul boljagyna juda umytly garaşylýar. Ýene gyz! Boldy! diýýärler. Şu sözem gyza berlen at bolýar. Dördünji gyz dünýä inende ene-ata Biribardan näg¬ilediklerini duýdurýan ýaly: Doýduk! diýipdirler. Hudaýyň rehimi inendir-dä, soňra yzly-yzyna bäş ogul bolýar. Boldy bilen Doýduk pakyra islegsiz dünýä inendiklerini aňladýan at dakylmadyk bolsady, uzagrak ýaşardylar diýen pikir kelläňe gelýär. Elbetde, bu özüňi aldatmak. Olaryň ömrüniň juda gysga bolmagynyň esasy sebäbini tutuş nesliň başyna düşen apatdan gözlemeli. Şol ýyl giçki hasylyň iki ýüzüni ýygmaga ýetişdiler. Gowaçany sowuk urdy, pagtadan dykyz gozalary daş edip taşlady. Indi gezek körek arassalaýan maşynlaryňkydy. Köregi el bilen ýygmalydy. Bäş-on günüň dowamynda gozalar guran hem bolsa, olaryň içindäki pagtany döwlet eýýäm pes sortlardan alýardy. Şeýle-de bolsa, onuň ýekesini meýdanda galdyrmaly däl diýen berk görkezme berlipdir. Brigadirler gozadan çykjak pagta ýyllyk plany doldurmaga kömek eder diýen umytdadylar. Döwletiň hili pes pagtany aljak bolup, ili horlap ýörşüne geň galardyk, süýümi ýaramaz pagtany haýsy derdine ýaratjakka diýerdik. Soň bilip otursam, biziň ýaramaz hilli diýýän pagtamyz hem harby senagat üçin altyn pula durýan çig mal ekeni. Onuň üçin kolhozça gara şaýy berilýärdi. Gijeler sowukdy, gün dogup, asmana galýança meýdanyň doňy çözlenokdy. Körek ýygymyny tizleşdirmek maksady bilen daýhanlaryň arasynda baýrakly ýaryş yglan edildi. Ýaryşda saýlananlara her bäş günden baýrak beriljek diýildi. Birinji baýrak: bir kişilik maşyn keteni, il arasynda oňa ˝Täze çykan˝ diýýärdiler. ˝Bir kişilik˝ diýeniň üç metr bolýar. Ikinji iki baýrak: bir düýe ýüki ojar. Üçünji üç baýrak: üç kilogram bal. Dördünji dört baýrak: dört kilogram kişmiş. Özbegistandan getirilýän arassa kişmiş däl, kolhozyň öz üzüminden guradylan kişmiş. Şundan soňky ýüz beren başagaýlygy göz öňüne getirmek hem kyn. Ýaryşa diňe gyz-gelinler däl, erkeklerem goşuldy. Atadurdy aýaly Ogultuwak bilen öňe saýlandy, her biri iki ýüz elli-üç ýüz kilodan geçirip goza ýygdylar. Gowaça meýdanyna daňdan baryp, garaňky düşende gaýdýardylar. Üstüne gyraw düşen gozalary ýalaňaç el bilen tutaňda buz gysymlan ýaly bolýar, sowugyň ýitisi goltuklyklaryňa, eginleriňe çenli ýaýraýar. Ýazlynyň gelni Soltanbibi gün dogýança bir ganar goza ýygypdyr diýdiler, üçünji gün ol Ogultuwakdan öňe geçdi. Ketenini eýýäm özüniňki hasap eden Ogultuwak egnindäki köýnek sypyrylyp alynýan ýaly nadaralyk etdi, Soltanbibini eli egrilikde aýyplady, ýüwürjisiniň ýygan gozasyndan alypdyr diýdi, ýaryşýanlary aýry ýerden ýygdyrmagy talap etdi. Brigadir razy boldy. Indiki gün Ogultuwagyň ýygan gozasy Soltanbibiňkiden kyrk kilo artyk geldi. Ogultuwak: – Meň aýdanym dogry çykdy gerek! – diýip, heşelle kak¬dy. Soltanbibi: – Sen heleýe äriň kömek edýär – diýip, Atadurdyny aýalyna golaýlaşdyrmaly däl diýen talaby öňe sürdi. Ogultuwak betine tutdy: – Ärimi çete çykaryp, hä, ýanyna özüň baraýjakmydyň! Brigadir dawa-jenjeli ýatyrypdyr: ˝Bes etmeseňiz, ikiňizem ýaryşdan çykararyn˝ diýipdir. Argynlygy duýmazlyk üçin tirýek atýanlaram barmyş diýen gürrüň ýaýrady. Belli bir adamyň ady tutulmasa-da, öňde barýanlaryň şübhe astyna alynjakdygy bellidi. Ýaryş üç tapgyr gaýtalandy, gozaly meýdanlar çüpredi. Soňky gezek baýraga berlen kişmiş gurçuklan ekeni diýdiler. ˝Täze çykan˝ ketenem çüýrük, bir ýuwulsa pytrap gidýär diýlende, bu gep baýrak alanlara göriplik hökmünde görüldi. Gyrak-çetiň ownuk gozasyny ýygyp ýörkäk obadan ajy habar ýetdi: – Dukga özüni otlapdyr. Dukga biziň goňşymyz Mülkaman brigadiriň dogany. Şan batyryň uly gyzydy. Ony üç-dört ýyllykda golaý oba durmuşa çykarypdylar. Onuň kiçi uýasy Bipbi, habar gelende, biziň bilen goza ýygyp ýördi. Onuň hakyky ady Bibi¬soltandy. Dukga – Dürsoltandy. Gyz atlarynyň ýoýluşy ýaly, olaryň ömürleri-de ýoýlandy. Dukga-da şu Taňrygargan meýdanyň azabyny çekip ulalypdy. Düýpden nätanyş ýere durmuşa çykarylandan soňam azapdan dynmady, bu ýerde bar kolhoz ol ýerde-de bardy, ondan dynmak asla mümkin däldi. Golaýda çagasynyň bolandygyny eşidipdim. Ümi aşak, sessiz-üýnsüz diýilýän gyzdy. Şol häsiýetli adamlar ähli derdi içine salýar, ahyr bir gün ýara öwrülip, dömüp çykýar. Dukganyň derdiniň nämedigini şol wagt anyk aýtjak adam ýokdy, jenaýat işi hökmünde prokurorlar derňemeli diýdiler. Ölüm zerarly ýaşaýşyň gutaryşy ýaly, indi ölümiň sebäbi-de manysyz bir zada öwrülipdi. Dukga pakyry oba öwlüýäsinde jaýlamaga rugsat bermändirler. Şäherdäki mazarçylygyň çet gyrasynda gömüpdirler. Onuň mazarynyň üstünden asfalt ýol çekildi diýip, soň agam aýtdy. Oglanlyk döwrümiň gyzlarynyň agyr täleýi hakyndaky ajy hakykatyň beýanyny bes edýärin. Ol mahal Dukganyň başyna düşen pajyganyň düýp sebäbine düşünip biljek däldim, men oňa has soň, 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda ˝Ýanan gelinler˝ powestimi ýazan mahalym düşündim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |