11:35 Ýiten ýurt -14: Salgyma göterilen Garybata | |
14. SALGYMA GÖTERILEN GARYBATA
Ýatlamalar
Men bu obany ilki salgymda gördüm. Gün dogup barýarka, howanyň dury mahaly, gabat günbatarda, gowaça meýdanynyň gutarýan ýerinden göterilýän täsin görnüşi synlardyk. Ak jaýlar güneş nuruna ýalpyldap görnerdi. Olar asmandan asylan suratmyka diýdirýärdi, aralykdaky ekin meýdanyň göklügi onuň owadanlygyny has-da artdyrýardy. Ak jaýyň bärsindäki gumuň gapdalynda otlynyň kellesi görünýär, depesinden gara tüsse galýar. Şu hereket tutuş görnüşe jan berýär, onuň hakykatdygyny aňdyrýar. Adamlar görnenok, olar uzakdan görnerden ownukdyr. An-ha, ak jaýa golaýlap barýan ýük maşyny göründi, çeleginde näme bardygyny saýgaryp bolanok. Maňa otlyny synlamak gyzyklydy, onda meniň üçin ja¬dyly syr bardy. Uzak ýerlere, Aşgabada-da otla münüp gidilýär. Kakam Moskwa-da otla münüp gidipdir, bäş-alty gün otlyň üstünde ýatyp-turupdyr diýip, ejem aýdýar. Oba halys ýüregime düşende, gussa batamda otla münüp uzak ýerlere, Aşgabada gitmegi arzuw ederdim. Salgyma galan görnüş ar¬zuwymy artdyrdy... Otlynyň togtanyny saýgarsa bolýar, depesinden çykýan gara tüsse azaldy... Gün galdyk saýy salgymda görünýän zatlar peselip, howra düşen mysaly eräp başlaýar, sähel salymdanam gözden ýitýär. Gözýetim bilen aralykda diňe gowaçaly kartalar galýar, bu görnüş meniň myrryhymy atlandyrýar. Ol meni tukatlyga iterýär. Jadyly görnüşiň ýitmegi bilen men gaýtalanyp duran ýüregedüşgünç günleriň dowam etjekdigini boýun almaga mejbur bolýaryn. Döwege goşulan eşegiň ýalta gymyldysy göz öňüme gelýär... Salgymda görünýän ýere Garybata diýýärdiler. Biziň obamyzdan nähili daşlykdadygyny takyk aýdýan ýokdy, kilometr ölçegi hasaba alynmaýardy, ol maşyn köpelip başlandan soň hasaba girdi. Çölüň içi bilen gönüläp gitseň eşeklä bir salkynlyk ýol diýilse-de, muny gidip-geleniň dilinden eşitmändim. Bir köçe beýle ýanymyzdaky oglan, agamyň klasdaşy, tirkeşýän dosty Gündogdynyň ejesi Ogulmiwe gelnejäniň atasy öýi Garybatada ekeni, bilmändirin, eşidenem bolsam, ünsüme almandyryn. Asyl, öz agam Ata sekiz ýaşly oglanka Garybata gidip-gelen bolsa nätjek! Ata men ýaly däl, ýogsa salgymdaky ak jaýy gören dessine gygyryp: men şol ýere gidipdim diýmeli, nähili gidenini aýtmaly, öwünmäge-de haky bar, ol gez¬elenje gitmändir, iş bilen gidipdir. Aýdanogam! Onlarça ýyl soň eşitdim. Çagakam birgiden adamyň hersine iki halta bugdaý ýüklenen eşekleri öňlerine salyp, Garadüwründen bärik tozan tur¬zup gelýändigini görüpdim. Olar köplükdi, indi çakyny alýan welin, elli, ýetmiş, ýüze-de ýetýändir! Olary kolhoz iberipdir, Garybatadan bugdaý getiripdirler. Men geň galyp, agamdan soradym: döwlete kolhozlar däne tabşyrýardylar, döwletiň kolhoza däne berenine nähili düşünmeli? Uruş mahaly, däne döwletiň özüne gerek. Agam şonça eşekliniň tohum bugdaý getirmäge iberilenini, şol adamlaryň arasynda özüniňem bolandygyny aýtdy. Ony kakam iberipdir, sekiz ýaşly ogluna: eşegiňi mün-de adamlara goşul, ýükläp bererler diýipdir. Uzak ýolda agyr ýüke çydaman, eşekleriň çöküp ýatyşlaryny aýdyp berdi. – Senden başga-da oglan barmydy? – Bardy, men iň kiçisidim – diýip, agam günde-günaşa bolup duran işi aýdýan äheňde jogap berdi. 1947-nji ýylda iň uly gyz doganyma gudaçylyga geldiler, Garybatadan diýdiler, Ogulmiwe gelneje salgy beripdir. Ol mahallar oba arasyna gyz çykarmagy kyn görerdiler. Daşdan gelýänlere gyz salgy berýänler galapyn biziň oba düşen gelinlerdi, gudaçylyga gelýän ýeriň abraýly adamlardygyna güwä geçýänler-de şol gelinlerdi. Şeýlelik bilen Mamury görmedik obamyza göçürdiler. Garybata bilen meni salgym tanyşdyrypdy... Bir hepde soň kolhozyň tonna ýarymlyk ýük maşynynyň çelegini dolduryp çagyryjy gidildi, menem alyp gitdiler. Gumly ýoldanam, çagylly ýoldanam gitdik, soň takyklap otursam, biz Sakarçägäniň raýon merkeziniň üstünden geçýän aýlaw ýoldan giden ekenik. Men Garybata golaýlanymyzy esli aralykdan uzyn ak jaý görnende bildim. Bu şol salgyma göterilen jaý bolmaly, başga onuň ýaly uly ak jaý ýok. Agam şol jaýyň gapdalyndan bugdaý alyp gaýdandyklaryny aýtdy. Jaýyň özem uly ambar bolmaly diýdi. Soň gum aňňatlarynyň arasyndan demirýol göründi, oňa otlyýol diýýärdiler. Onuň gyrasyndaky daşlara gözüm gitdi. Maňa sürpekli oýny üçin tekiz, ýylmanak daş gerekdi. Töwerekde çerkez, ojar düýpleri tegelenişip otyr. Häzir kimdigi hakydamda ýok, beletsireýän aýallaryň biri: – Odun diýägeden şulaň ýekeje şahasyny döwäýseň, türmä basýalar – diýdi. Adam boýundan uzyn ak ojarlary birinji gezek şonda görüpdim. Olar çägäni berkidýär, ýogsa, otlyýoluň üstüni çäge basýar diýdiler. Muny-da az görüp, çäge alaňlarynyň üstüne gamyş, hyşa gömüp çykypdyrlar. Otlyny göremde, tirkelen çelekleri sanasym geldi, ýöne gazganakly ýolda maşynyň silkýändigi üçin başarmadym. Uzyn otly durdy, kellesinden salgymda görnen gara tüsse çy-kanok, aňyrda-da bir otly dur, onuň kellesi ýok. Ýoluň beýle gapdalynda şol ak jaý, töweregine ak haýat aýlanypdyr, der¬wezesi açyk dur. Howlynyň içinde ullakan pagta harmany bar, üsti mata bilen basyrlypdyr, aňyrsynda-da biri. – Bu tarapdaky daş jaýlar assansiýa diýilýän ýeri – diýip, beletsireýän aýal düşündirýänine monça bolup dowam etdi. – Bylaň içjek suwlaram turba bilen akyp barýa, aljak zatlarynam baýaminnet otly bilen üstlerine getirip berýäler, bazara gitmek aladalary ýok, hezillik! Garybataň obasy assansiýadan üzňeräk, obasynda hezillik ýok. Oba sesýetimdenem uzakmyka diýdim. Biziň obamyz bilen deňeşdirer ýaly däl. Öňi bilen, zürrük gara öýleriň gapdalynda ýatan uly itlerde gözüm eglendi. Olar maşyna topuljak bolmadylar, üýrenlerem ýadymda ýok, ýoldan geçene üýrüp, topulyp ýörsek bize gelişmez-ä diýýän manyda, ulumsylyk bilen ýüzlerini öwürdiler. Ne oňly köçe bar, ne oňly jaý bar. Gara öýler, hütdük kepbeler pytraňňy otyr. Golaýda ýagyş ýagypdyr, öl çägäniň üstünden maşyn eglenmän geçdi, gurugançylykda aňsat geçmezdi. Çäge alaňlaryň obanyň çägine-de süsňäp giren ýerleri bar. Öýleriň golaýyndan çerkez, ojar dikip, agyl edilipdir. Iki-üç ýerde howutsyz düýe gördüm. Bir aýal düýäniň owsaryndan tutup, obadan çykyp barýar, aşak tarapda gum aňňatlaryndan gaýry gözüme ilen zat bolmady. Obanyň gabat ilerisini ot¬lyýola çenli ekilýän meýdan tutup ýatyr. Sowet zamanynda ˝halk şahyry˝ diýlip, resmi at berlen Ata Salyhyň okuw kitaplaryna salnan goşgusynda şeýle setirler bardy: Maryny talady Topby baý dagy, Zähmetkeş iline boldular ýagy. Topby baýyň ogluna Meret golça diýer ekeniler, çölde gyzyllar bilen atyşykda ölüpdir. Ondan üç gyz, iki ogul galypdyr. Aýaly Jemal eje. Soňra men bu uzyn boýly, salykatly aýaly synlapdym, tanapdym. Şahyryň ýokarky setirleriniň bulara dahyllydygyny bilmeýärdim. Olar geçmiş hakynda, eger-eger, dil ýarmazdylar. Baý galagy bolup ýaşamagyň Stalin döwründe howply bolandygyndan habardar adamlar olary geňlemezler. * * * Meret golçanyň uly ogly Durdy beýik watançylyk urşundan orden-medally gaýdyp gelýär. Meniň doganym Mamury şoňa alyp berýärler, gaýyn öýünde oňa Mamurgözel diýdiler. Meret golçanyň kiçi ogly Ata. Ol köp ýyl kolhozyň ýük maşynyny sürdi, Saragt sebitindäki˝Goýunguýy˝ diýip at alan örä gatnady. Ol ýerde kolhozyň kyrk müňe golaý goýny bakylýardy. Çöl giň, aýagyň aşagynda täze ýük maşyny – GAZ-51˝. Ýolda-yzda hyrydar köp, ganymat düşewünt edip bolýar. Çagalygy, ýetginjekligi hor-homsy günde geçen daýaw, görmegeý ýigidiň göwni keýp isleýär. Özüni şalpar tutdy, şol ýyllar ˝Ata peýan˝ adyny hem aldy. Soňra Sakarçäge etrabynda ýowuz awtoinspektor bolup, ýigrimi ýyl işledi, uniwersitetiň ýuridiki fakultetini gaýybana gutardy. Biziň garyndaşlyk açan mahalymyz Ata pagtaçylyk briga¬dasynda suw tutýardy, öküz furgon sürýärdi, külte basýardy. Egninde galyň güpbi (fufaýka), aýagynda agyr kirzowoý ädik, başynda soldat gulakjyny bardy. Bu garyp oba meniň höwesimiň artmagyna öňi bilen salgymda görnen jadyly görnüş, soňam Ata sebäp boldy diýjek. Ata kolhozdan hödürnama alyp, Baýramaly şäherinde mehanikleri taýýarlaýan on sekiz aýlyk okuwa girdi, hepdäniň aýagynda ýygy-ýygydan bize gelýärdi, ýatyp gidýärdi, gidende ejem bir tamdyr çörek, bal, gowurma berip goýberýärdi. Atanyň bize gelmesi meniň üçin şatlykdy, baýramdy. Bu pursaty men çeper eserimde-de görkezipdim. Ata 1940-njy ýylda latyn elipbiýinde çykarylan ˝Görogly˝ eposyny labyzly heň bilen okap berýärdi. Her gezek gelen dessine men Sary kakamlara eňerdim, kitaby getirip goýardym, agşam Ata ˝Göroglyny˝ okajak diýip, goňşulary habardar ederdim. Uly otagymyz uly-kiçiden dolardy. Ortada goýlan çüýşeli onluk çyranyň gapdalyna taşlanan ýumşak ýassyga bagryny berip, Ata ˝Görogla˝ başlardy, gymyldy, hyşy-wyşy tapba kesiler. Başga bir zady munuň ýaly ünsli diňländigimizi bilemok. Kino-da ünsli serederdik, ýöne orusça bolany üçin gepine düşünmezdik, adamlaryň ýüzlerinden, hereketlerinden many aljak bolardyk. Bu ýerde bary düşnükli, dili süýji, wakalar gyzykly. Ata goşgulary bir heňde, gürrüňli ýerini başga bir heňde okardy. Gülküli ýerinde özem gülerdi, bu bolşy şagalaňy artdyrardy. Bizem hikirdeşip, bolmajysy bolardyk. Diňläp otyrkam, soňam wakalary, bolýan ýerini, adamlary häsiýetine görä özümçe göz öňüne getirerdim. Göroglynyň kyrk ýigidi diýlende, oba adamlaryndan meňzäýjeklerini gö¬zlärdim. Sapar köse diýlende, bada-bat golaýymyzda ýaşaýan Köse aga göz öňüme gelerdi. Köse aga Sapar köse ýaly eline ýarag alyp, ata münen adamam däl, münjek adamam däl. Belki, ˝köse˝ sözi sebäp bolandyr, bilemok, nätsemem Köse aga Sapar köseligine galdy, üýtgedip bilmedim. Agaýunus peri welin, başgarak. Peri diýilse-de ynsanyň keşbindedigine ynandym. Ejemiň ýanyna içini dökmäge gelýän Bibisoltany saýlap tutdum. Onuň özboluşly owadanlygam, gaýratlylygam gabat gelýär. Ýüregindäkini çekinmän kolhoz başlygynyň ýüzüne aýdyp bilýän zenan Görogla ýamanlyk edýänlere-de aýdyp biler. Obamyzdaky adamlaryň arasyndan Görogla meňzeýäni¬ni tapman kösendim. Meňzeş adamy soň tapdym, ýöne ol bi¬ziň obamyzyň adamy däldi. Ol Garybatadan, Atanyň garyn¬daşy, ady Sömmet, çopan. Ökde çopan diýdiler, ýöne Göroglyň edermenligini ýatlatjak batyrlygy hakynda hiç zat aýtmadylar. Aýtmasalaram Sömmediň pälwan sypaty, ujuna tow berlip, yzyna gaňtarlan haýbatly murty, seçelenip duran silkme telpegi meniň aňymdaky Görogly bilen gabat geldi duruberdi. Egnine demirdon geýdirip, eline galkan bilen gylyç berdim, Gyrata atlandyrdym, asyl bara, gelşip dur! Men ýalňyşmanyma degerli delili soň gördüm. ˝Görogly˝ eposyny rus elipbiýinde çykardylar. Kitaba hudožnigiň çeken suratyndaky Görogly Sömmede seredilip çekilen ýaly! Sömmediň Görogla meňzeşligi-de üýtgeşik obanyň aýratynlygyna kepil geçýän degerli delil bolup, meniň oglanlyk dünýäme giripdi. Atany diňläp otyrkam, Görogly Gyratyny çarpaýa galdyryp, Ýyldyz dagynyň depesinde, ýa-da Hüňkar patyşanyň köşgüniň garşysynda peýda boldy diýip ýazylan ýerde, näme üçindir, meniň göz öňüme salgyma galan Garybatanyň suraty gelýärdi. Salgymyň depesinde Gyratly Göroglyny görmek maňa has ýakyn, has mähremdi. Soň Sömmediň keşbinde Göroglyny görmegim, ony Garybata berk baglap goýdy. Men entek dagy-da, patyşa köşgüni-de görmändim. Hyýalymdaky Göroglynyň Garybatada peýda bolmagynda geňlik ýokdy. Men bu obadan salgymda görnen täsinligi gözledim. Ol göze görünmeýän alamatlara siňen ekeni. Ony özümden başga duýan hem bardyr öýdemok. Men welin, duýýardym, şonuň üçinem, bu ýere gaýdasym gelýärdi. Biz köplenç eşekli gelýärdik, demirýoluň boýundaky göni ýoldan gelmäge gorkardyk. Ol ýol çolady, çäge alaňlarynyň arasyndan geçmelidi. Sowa-da bolsa, beýleki ýoldan gelerdik. Ol ýol üç obanyň üstünden geçýärdi, adamlydy. Şonda-da bir gezek gaty gorkupdyk. Şol sapar iki ýaş kiçi jigim Gurbanmyrat bilen eşekli gelýärdik. Düýnki öldürilen baggoýnumyzyň etinden Mamu¬ra dadyrmalydy. Yssa galmaň diýip ejem ir ugratdy. Garybata golaýlanyňda ýol iki ýabyň arasyna düşýärdi, ikisindenem suw akýar, hersi bir brigadanyň gowaçasyny suwarýandyr, aýry-aýry ýap çekip, birek-birekden garaşsyz, dahylsyz bol¬mak isländirler. Tomusda dawa hemişe suwuň üstünde turýardy. Bu ýol hem meni gorkuzýardy, ýaplaryň boýundaky agaçlardan, hyşalykdan, çöp-çalamdan ýaňa arkaýyn ýöräp bolanok. Iň ýamanam, golaýdaky tokaýly öwlüýäden adam budundan ýogyn ýylanlaryň bäri geläýmekleri-de ähtimal. Olar kiçeňräk ýaplardan paýapyl atylan şekilde geçip gidiberýärmişler. Tutan awuny gysyp öldürýärmişler, soňam tutuşlygyna ýuwudýarmyşlar, olara ýuwdarha diýýärmişler. Ýapdan kerebiň ysy gelýärdi, arassalaýandyrlar. Oba ýetemizde ýol giňedi, giňän ýerinde-de hyşalygyň arasyndan batly ses eşidildi: – Stoý!.. Sto-oý!.. stoý... Men gara eşekdedim, öňden barýardym. Eşek ürkdi, yza serpildi, tas gaňňadan başaşak gaýdypdym. Bedroý adam ýoluň ortasyna çykyp durdy, eli taýaklydy. – Duruň... gaçjak bolmaň... kapitan Babaýew! – diýip gygyrdy. Aýagyny ýempäp ýöredi, başyndaky köne harby gulakjynyň gulaklary guşuň ganaty ýaly galgady. Meniň eşegimiň boýnundaky ýüpden tutdy. Bir taý gözi çylpykdan ýaňa zordan açylýardy. Bedeninden gelýän porsy ys burnuma urdy. Ýüzi hapady, seýrek sakgaly dürterişip, eňegine köse sypatyny berýärdi. – Dokumentleriňizi görkeziň... men komandir, kapitan Babaýew!.. Maňa dokument görkezip geçmeli, hä-hä-hä... – Dodaklary ýirildi, agzynda garalan, saralan gemmik, maýda dişler göründi. Gara eşegiň boýnuny şapbatlady. – Eşek üçin dokument soramok, bu dört aýakly haýwan. Kimiň eşegi? – Öz eşegimiz. – Gorkudan sesimiň sandyraýanyny özümem eşitdim. – Sen kim? – Biz Ata Meretlere barýas... Jemal ejelere... – Ata Meret diýme, Durdy Meret diý, Jemal baýyň ogly Durdy Meret diý. – Gyra sowuldy. – Ýol açyk! Gol galdy. – Bir goluny ýokary galdyrdy. – Gu-u-uk... poýezd ugraýar. Indikile Ata Meret diýseň, goýbermen, Durdy Meret diýmeli. Durdy Meret – komandir, men kapitan Babaýew! – Ol komandirleriň edişi ýaly gujur bilen aýasyny gulagynyň deňinde tutdy, ykjamlandy. Egnindäki harby penjegi garagäz, ýeke demir il¬igi bar, bilini ýüp bilen guşapdyr. Köne ädigi dolakly geýlene meňzänok, holpuldap, aýagyndan gaçyp galarly. Men ony obanyň dälisidir öýtdüm, hasam gorkdum, elindäki taýak bilen urmasa-da biri. Ol bokurdaga ýygnanan gakylygyň ara¬syndan çykan hapa ses bilen güldi. – Eşegi ýöretmek bolanok, çapyp gidiň! – Gara eşegiň syr¬tyna depdi, eşek tüwdürlip gitdi. Biz gorkanymyzy biri-birimizden gizlemek üçin dymyp gitdik. – Siz Baba dälä duşupsyňyz – diýdiler. – Ondan gorkmaň, zyýansyzdyr. Prontda däliräpdir. Gorkudan aýňaldyk, obada ýatymlyk galmagy höwes etdik. Stansiýa äkidip, Gurbanmyrada otlularyň geçişini görkezjekdim. Gyzyl papakly nobatçynyň bolşuna seretmek hasam hezil bolar, ony jigim görmändi. Nobatçy eline halka görnüşli sim alyp durýar. Badyny gowşatman gelýän otluda duran adamynyň uzadan taýagyna halkany ildirmegi başarýar. Stansiýada saklanyp geçýän otlyny gyzyl reňk tege¬lek tagtany galdyryp garşylaýar. Otly ugramazdan öňinçä jaýyň diwaryndan asylgy jaňy iki gezek kakýar, soňam jür¬lewük çalýar. Otlyny sürýänleriň özüne boýundygyny töw¬erekden seredýänlere görkezmek oňa keýp berýär diýäýmeli, hiç kim bilen gürleşmän, gomparyp, stansiýanyň jaýyna girip gidýär. Jaýdaky gurallary şakyrdadyp, birini basýar, beýleki¬sini galdyrýar, Ol şeýdip, stansiýanyň jaýynyň iki tarapynda, esli aralykda dikilen demir sütünlerdäki gyzyl reňk gollary galdyryp-ýatyrýan ekeni. Entek otlynyň garasy görünmänkä, gollaryň biri galýar, garaşyber, biraz wagtdan şol tarapdan otly geler. Eger iki tarapdaky gol hem galdyrylan bolsa, otly durman geçer gider. Öz bilýänimi bilmeýän jigime görkezip, ony haýran galdyrjakdym. Aşgabatdan gelýän ýa-da Aşgabada barýan ýolagçy otlularyny synlamak hasam hezil. Oba adamlary olara ˝pasajyr otly˝ diýýärler. Wagonlaryň penjiresinden kellelerini çykar¬yp seredýän adamlar gatyk, gawun, üzüm satýanlardan harytlaryň bahasyny soraýarlar. Otla münjekler, düşüp gal¬jaklar goşlaryny göterip, başagaý bolýarlar. Otly dört-bäş minutdan artyk duranok, Moskwa gatnaýan ˝skoryý˝ otlusy asla-da Garybatada duranok diýdiler. Demirýolçulara haryt satýan wagon gelendäki gaýmalaşygy göräýseň! Oňa ˝çenewaý˝ diýýärler, bu sözüň nämäni aňladýanyny häzirem bilemok. ˝Çenewaý˝ ýük daşaýan otlulara tirkelýär, köp durýar. Obada ýaşaýanlaram haýdaşyp gelýändirler. Ýerli magazynlarda seýrek tapdyrýan, aýratynam gowy çaý, süýji-köke ýaly del zatlary alyp bolýar diýerdiler. Şol gezek menem gaty köke, pürçükli süýji alaryn diýen umyt bilen bäş manat alyp gaýdypdym, pulumyň bardygyny jigim Gurbanmyrada-da aýtmandym. Bileje iýjekdim, eger puluma köpräk zat düşse, öýe-de getirjekdim. Salgymda görünýän ak jaýyň, baglaryň ýanjagazyna baryp görjekdik. Pylan zady belläp gideli, şol zat salgymda görnermikä diýjek-dim. Daşy gür bag bilen gurşalan dörtgyraň howuzdaky dury suwy daşda durup synlaňda-da içesiň gelýärdi, golaýyna barmak gadagandy, garawuly bar diýdiler. Howuzdaky suwuň belent wodakaçka galdyrylyp, şol ýerdenem krantlara akdyrylýandygyny men eýýäm bilýärdim, indi bu geňligi jigime görkezmelidim. * * * Myhman ulumy, kiçimi, tapawudy ýok, derrew eşidişip, töweregiň aýallary gelerdi. Bu saparam şeýle boldy. Ilki bir topar çagany yzyna tirkäp, Aýna daýza geldi. Soň Bibiş eje gel¬di. Olaryň ikisiniňem gepine düşünmek kyndy. Aýna daýza paşyk burnuna salyp, wyzyr-wyzyr gepleýärdi, özbaşyna samyrdaýar diýäýmelidi. Bibiş ejäniň dili peltekdi. Üçünji gelen aýalyň adyny bilemok, ýöne öň görüpdim. Gözleri elek-çelek oýnap dur, sesi şaňňy, çalt gepleýärdi. Üçüsem öwredilen ýaly gelişlerine bir söz aýtdylar: – Tüweleme, Mamurgözeliň jigileri gezmänejik geläýdil¬ermi? Jemal eje biziň Baba dälä duşanymyzy aýtdy. Aýna daýza wyzyrdady: – Wah-eý, o däli bedibagt gorkuzmadygam bolsa biridir, tanamasaň, sypatyny gören gorkaýmaly-da, tanaýan çaga gorkanok-la, keseden geleni gorkuzar o bedibagt, sypaty gurmuş, däliden nämä garaşjak, gyz?! Şaňňy sesli aýal: – Garyndaşynyňam bolşy Baba däliden oňly däl – diýdi. – Kim o garyndaşy, gyz? – O Krenowodda ýaşaýany bara, orus aýally. – Wiý-wiý, hawa-la, gyz, nämedir şoň ady? Kakalymy, Kakajanmy... Kakaly, hawa-la, Kakaly, atalary orsuň pälesine gidip, şo ýerde ölenmiş, atasynyň ady dakylan... – Gezelenje geldi diýdiler, on ýaşly oglam ýanyndamyş, sünnet etdirjek ekeni. Çenewaýda Näzik köri göräýdim, şol aýtdy, masgara boldular diýdi. Şaňňy sesli aýal jak-jak gülüp, hezil gürrüň aýtjagyny duýdurdy. – Näzik kör gursun, Näzik körüňki gybatdyr. – Bibiş eje ýüzüni kese sowup, bu gepi diňlemäge höwessizdigini duý¬durdy. – Hawa-la, gybat etmek erbet günämiş. – Aýna daýza iç bosagada, gapa arkasyny berip oturan ýerinden, egninden çekeleýän çagalardan gorandy. – Baryň-eý, gidip, oýnaň, beýdişip durmaň-a, utanaňzokmy, Mamurgözeliň jigileri näme diýer size... samsyk ekeni bylar-a diýmezlermi?.. Hawa, hawa... Şaňňy sesli aýal dowam etdi: – Näzigiň gybaty bolmanda-da bilýäs, Bibiş, senem bilýäň, bilip aňyrsyna-da geçýäň. Ogluny bäş ýaşda-da getiripdi, şonda-da sünnet diýip getiripdi, bolmandyr, heleýi betmiş, juda höwes edýän bolsaň, özüňkini ýene bir öwre kesdiräý diýipdir, obada eşitmedik ýok. Aýna daýza mys-mys güldi, şaňňy sesli jak-jak güldi, Jemal eje-de ýylgyrdy. Bibiş eje hüňürdedi: – Siziň ýanyňyzda diýendir-ow şo gepi... – Bu sapar heleýi Orsýete, atasy öýüne gidenmiş. Ner¬esse çagasyny musulmana goşasy gelýä-dä, ýogsa on ýaşdan soň aňsat däl-ä! Är çykyp barýar. Berdili ussa etmändir, soňy dawaly bolar, men barmaýyn diýipdir. Aşaky gumdan bir çopany salgy beripdirler, getirseler, oňa-da başardar ýaly däl diýýä. – Oglanam göwnänokmyka? – Ilki göwnän ýalam edipdir, düşekde ýatyrýarlar welin, Hudaý saklasyn, başga zat bolupdyr. Oglanyň ujydyna el de¬gdigi liňkildäp galyp duranmyş, galyp dursa, kesip bolýamy! – Şaňňy sesli aýal jak-jak güldi. Bibiş eje ýene hüňürdedi: – Ýagşam bir gep tapdyň, utançsyz. Şaňňy sesli aýal beleň aldy: – Ýyljak zada degse galmaly-da o hazan. – Şaňňy sesli aýal keýp bilen has gaty güldi. Aýna daýzaň kükregi inip-galyp, tutuş süňňüni titretdi, gözleri ýumuldy, şyg-şyg ses çykdy. Soňam ýaş dolan gabaklaryny açyp: – Hawa, hawa... – diýdi. – Ussa: sowujak zat tapyň diýipdir. Sowuk zat degse, ýygrylyp ýatyberýärmiş, biziň bilmedik emelmiz-dä. – Aýna daýzaň palkyk göwresi ýene herekete geldi, şaňňy aýal bu sapar uzak güldi. Jemal eje-de saklanyp bilmedi, gülküsini içine salmak başartmady. Bibiş eje elini ýakasyna ýetirdi: – Toba, toba! – Tomsuň güni sowuk zady nirden tapjak diýsene. Şäherde buz edilýän ýer barmyş. – Toba! Toba diýeweriň... – Assansiýaň dejurnysy Welmyrat men getirip bereýin diýipdir. Mara geçen otla münüpdir, iki sagada galman dola¬naryn diýip gidipdir. Diýen mahalam dolanypdyr, kelle ýaly, kelle ýaly, ýarty halta buz getiripdir, getirende peýdasy näme, oglan bolmasa. – Hi-iý! – Aýna daýza-da ýakasyny tutdy. – Näm bolanmyş, gyz? – Oglan pasajyr otlusyna münüp, zut gaçypdyr! Münüp barýanyny gören bar diýdiler. Ah-eý, heleýiň oruska, çagaň musulman bolmajagyny biläýmel-ä. Birdenem aýdýan: ýeri, oglan gaçmadyk bolsa diýýän, kelle ýaly buzy goýup, bi emel¬sizler neressäň onsuny doňduryp taşlardylar diýýän. Daş et¬sin-eý... – Biziň oturanymyz ýadyna düşdi öýdýän, şaňňy sesli aýal bize bakdy. – Guda-da gurgunmy? Wah, Mamurgözeli göresleri geläýendir bi çagalaň. Jemal eje: – Ogulbeg guda-da azara galyp ýör-dä – diýdi. – Janly soýupdyrlar, Mamurgözel datsyn diýip, et iberipdir, şu yssy¬da aňsatmy diý. Aýna daýza samyrdady: – Ýadyna düşüpjik durandyr, jigeriňden önen şeýle bolýa-da. Gowy gudaň bar, Jemal, Hudaýym, döwleti artsyn, süýjeşip gatnaşmak, hernä, Hudaý jan, nesip etsin-dä... Aýna daýzaň sözünden soň aýallar dymdylar, Jemal eje-de dymyşlygy bozjak bolmady, elindäki agaç kesewini ojagyň gyrasyna kakdy oturdy. Aýallar ümsüm turup gitdiler. Golaýdaky gowaça kartasyndan çykyp, günortanky arakesmä gelen doganym Mamur biziň ýatymlyk galmagy¬myzy unamady. – Gün agyp başlar welin, gaýdyň – diýdi. – Ejem galasyňyz gelse, galaýyň diý-dä. – Diýse-de bu sapar galmaň, nesip bolsa, ýene gelersiňiz, şonda galaýyň. Näme üçin bu gezek galmaly däl? Men soramaga çekin¬dim, Mamurda ýakymsyz alada, iňkis duýdum. Duýsamam, meniň aňlajak zadym däl ekeni, aýdylanda-da biziň oglan akylymyza ýetmezdi. Durmuşa çykanyna dört-bäş ýyl geçenem bolsa, Mamuryň çagasyzlygy pikirimize gelmese nätjek. Maşgalany agyr alada salan meseläniň edil şol pille ýitileşendigini maňa ýi¬grimi bäş ýyldan soň Ejegyz aýtdy. Ejem derdini içine salyp¬dyr, ykbalyň çekip-çydardan çökder urgusyna garaşypdyr. Kakamyň ýokdugy görgüliň alaçsyzlygyny has-da artdyran¬dyr. Şeýle diýsemem, ejemi ejizlän halda göz öňüne getirip bilemok. Ol mert aýaldy, ykbalyň urgusynyň öňünde durup bilýän aýaldy. Çaga bolmaýandygynyň sebäbiniň Mamura bagly däldigini wraçlar aýdandan soň ogullyk almak hakyn¬da gürrüň başlanypdyr. * * * Ol mahallar biz bu obanyň adamlarynyň bolşunda çagalara häsiýetli bigamlygy duýupdyk. Belki, olara çaga gözi bilen sere¬denimiz üçin şeýledir. Olar biziň obamyzyň adamlaryndan parhlydy. Biziň obada üç adamyň başy çatylan ýerde derrew işiň gürrüňi edilerdi. Şol hazan uran gowaçany ýatlamaňda-da ertir ýene maňlaýyňda dur ahyry! Brigadir pylan diýdi, pis-midan diýdi diýip, tekrarlap oturmagyň derkary ýok, ertir şol brigadir ýene şol sözlerini gaýtalar. Bu oba-da gowaça ekýär, ýöne adamlarynyň edýän gürrüňlerini diňläniňde iş-alada ýatdan çykýar, ýomaklaryny, gülkülerini eşideniňde, mätäçlik bardyr öýdeňok, ýogsa olaryň ýaşaýyşynyň biziňkiçe-de ýokdugy görnüp durdy. Jemal ejäniň gara öýünde oturyşlaryny ýatlaýaryn. Jemal eje hemişekisi ýaly gap dulda otyr, endigine görä elindäki kes¬ewi bilen ortadaky otsuz ojagyň gyrasyna kakýar, gürrüňe goşulanok, diňleýär. Howa maýyl, yssy diýse-de boljak. Siňek köp. Her kim tapan ýerine çöküpdir. Goňşulardan iki-üç adam bar. Ata Merediň dosty, kärdeşi, Gulaly şopur (şofer) bosagaň üstünde otyr, onuň halaýan ýeri, içeri-daşara deň seredip bolýar. Çaý içýän ýok. Jemal ejeden öňňe oturanlar gaýna¬dylan garpyz çigidini çigitleýärler. Toşap gaýnadylanda ýar¬ylýan garpyzlaryň çigidi bir ýyl çigitlemäge ýetýär. Nätanyş bolup keseden synlasaň, bu adamlar ýörite çigit çigitlemäge ýygnanypdyr diýäýmeli. Ýok, çigit güýmenje. Olar gülşüp, göwün açmaga ýygnanypdyrlar diýseň dogry bolar. Her kim çigit gabygyny ortadaky tekiz ojaga zyňýar, şulha üýşüp, tümmek tutup barýar. Çigidiň gara gabygyny oňa gonýan siňeklerden tapawutlandyrmagam kyn. Men Ata Merediň başarnygyna haýran galyp seredýärin. Ol beýlekiler ýaly ýüzüne gonan siňegi kowjak bolanok, ony tutup, çigit gabygy bilen bile zyňyp goýberýär. Tutmak itiň aňsady, aýasy bilen ýüzüni sypalaýan ýaly edýär, aralykda galan siňegi togalap düşürýär. Indi olaryň nämä gülýändiklerini aýdaýyn. Olaryň belli bir repertuary bar diýsem, geň görmäň. Teatrlarda repertu¬ar ýörite taýýarlanýan oýunlardan düzülýär. Bu ýerde aýry-aýry adam alynýar. Şol adamyň bolşunda, häsiýetinde gülki döredip biljek pursatlar ýüze çykmaly. Soňra käbir zat tosla¬nan ýagdaýynda-da ony şol adamyň edip biljekdigine ynan¬ar ýaly, onuň häsiýetine gabatlaşdyrmagy başarmaly. Munuň üçin ol adama oturanlaryň juda belet bolmagy gerek. Edil synlap oturlan ýaly onuň hereketlerini göz öňüňe getirmeli. Şonda gülki döreýär. Meniň telim öwre diňlän gürrüňlerimiň esasy gahry¬manlary Aýna daýza, onuň äri, düýekeş Akmämmet çepbe, traktorçy Bagy, Bibiş eje, Mürri brigadir, Garabokurdak, Söm¬met çopan, Gulaly, Ata Meret bolupdy. Täzelik tapylmasa, könä ýapyşýardylar, ýöne ony öňküsi ýaly gaýtalamazdylar, oňa öň eşidilmedik toslamalary ýelmärdiler. Munuň üçin em¬genýändirler öýtmäň, öz-özünden bolup barýardy. Şol saparky gülkä sezewar bolan adamyň ady Garabokurdak. Ol Ata Meretleriň goňşusy. Men ony telim öwre görüpdim, näme üçin ˝bokurdak˝ diýlenini anyk bilemok. Göwresiniň daýawlygyndan, hereketiniň çalasynlygyndan çen tutsaň, ol iýermen bolmaly. Şagalaňy, meýlisi gowy görýär diýdiler. Otly ýoluň gyrasyndaky çägeleri berkitmek işlerini alyp barýan toparyň traktorçysy. Üsti çadyrly, üç teker traktoryny çapdyryp, Tejen bilen aralykdaky stansiýalarda toý bolsa, aňsat-aňsat sypdyrasy gelmez diýdiler. Garabokurdak bilen bagly bolan wakanyň gysga beýany şeýle. Demirýolçularyň jaýynda ýaşaýan bir aýal bilen Ata Meret ham-çam ekeni. Garabokurdak Ata Merede ýalbarýar, menem tanyşdyr, oturalyň, keýp çekeliň diýýär. Ata aýal bilen dilleşýär: üç bolup oturmaly, Garabokurdagyň elten zat¬laryndan iýip-içip, hezil etmeli. Hawa, oturýarlar, Garabokurdagyň keýpi diýseň kök, ta¬tarça aýdyma gygyrýar. Ata işi bahanalap gaýdýar, soň aýla¬naryn diýýär. Bokurdaga geregi-de şol. Şundan soňky bolan waka oturanlara belli. Olar ony gaýtadan göz öňüne getirip, gülüşýärdiler. Garabokurdak kemsiz içip, iýip, gägirip krowada geçýär, balagyny çykaryp, eliniň tersi bilen gapdala zyňyp goýberýär, syrtynda dyzyna ýetip duran köne tursy galýar. Aýalyň adyny tutup: ˝Pylan jan, bäri gel, myhmanyň halyndan habar al˝ diýýär. Aýal çyrany söndürýär. Garabokurdak: ˝Wah, sen ýaly akylly heleý mende-de bolsady!˝ diýip gygyrýar. Şol bar¬mana jaýyň öňünde batly tormoz berip togtan maşynyň sesi eşidilýär. Aýal: ˝Waý, ärim geldi, üç günden gelmelidi, işim gaýtdy, ikimizem öldürer – diýip, saçyny üterli görünýär. – Sen bir gaç, gutul!˝ Beýle gapdaldaky penjiräni açýar. Gara bokurdagyň balagy ýadyna düşenok, penjireden aşak bökýär... Ata şyg-şyg gülüp gürrüň berýär. Ol maşyndan düşüp, görünmän, Garabokurdagy synlap durupdyr. – Äpişge adam boýundan ýokarda, Bokurdak zyňlan läş ýaly jalkyldap ýere düşdi, galar öýtmedim, gymyldanok, wah, öldi-dä diýdim. Iňňildäp ses etdi, eli-aýagy döwlen bol¬sa hiç-le, Hudaýa şükür, ölmändir diýýän. Hernä, emedekläp galdy-da süssenekläp ugrady. Nikolaý itini gijesine goýberýän ekeni, bi-de hawlap topuldy. Bokurdagyň gaçyşyny bir görseň!.. Peýan bolan adam diýmersiň. Wagyr-wugur, itiň sesi haýsy, Bokurdagyň sesi haýsy, biler ýaly bolmady. Traktoryň patyrdysyny eşidip, jyr-dow diýdim. Gulaly sesini aýnadyp: – Hä-äý, Ata Meret! – diýdi. Aýdylanda nähili üýtgeşik many bardygyny bilmedim, oturanlaryň gülküsi has-da art¬dy. Atanyň aýal dogany Miwe gülkä boglup otursa-da gepl¬edi: – Hajaryň bolşuny gör-ä!.. Pişigi it kowalamazmy... Pişik tapan ýerine kürsäp girýändir. Garabokurdak kürsäp gapy¬dan girýär. Balagy ýok, bi nä betbagttlyk. Hajar soramaga ýetişenok, Bokurdak eýýäm içki jaýda zowzuldap ýör. Haýbat atan bolýarmyş. Balagymy getir! Hajaram: ˝Balagyňy galdy¬ran ýeriňden özüň getirersiň˝ diýýä. Bahana tapyşyny nähili görýäňiz: ˝Hajar, meni Dörtguýy bilen aralykda taladylar˝ diýýä. Masgaralyga Jemal eje-de gülýär, eginlerini silkip, sessiz gülýär. Ata Meret gözüniň ýaşyny aýasyna çalyp, biraz özüni dürsänden soň: – Ertesi agşam ýanyma bardy – diýdi. – ˝Äri bar diýip aýtmadyň-a˝ diýýä. – Sen soradyňmy näme?˝ diýdim. Ýal¬barýa: ˝Adam ogluna aýdaýma˝ diýýä. ˝Hajardan başga bir adama-da aýtman˝ diýdim, hababaýlap ýalbaryp başlandyr-ow!.. ˝Jan agam, günümi bulama, çebiş soýjak, Gulaly ikiňize iýdirjek, syňragyna çenli gazana atmasam, it ogly bolaýyn!˝ diýdi. Gulaly ýene sesini aýnatdy: – Hä-äý, Ata Meret, o çebşiň tagamy agyzdan gitdi, täzes¬ini tap sen!.. Olar ýene gülýärler, çebiş eti-de munça lezzet bermez diýýärin. Ine, salgymyň aňyrsyndaky obanyň gysgaça hekaýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |