11:46 Ýiten ýurt -15: Ynanç | |
15. YNANÇ
Ýatlamalar
Meniň ˝Daşrabat˝ romanymda şeýle setirler bar: "Eger keramat diýilýän zat mazaryň gabarasy bilen kesgitlenýän bolsa, onda Çilgez babadan öňe geçen bolmasa gerek. Daşyna dört örüm kerpiç aýmança galdyrylan mazaryň boýy takmyn otuz ädimdi, ini on ädim çemesidi. Ortada tutuş bir ýapy ýatyrdy, ýüz mazary birleşdireňde-de onça bolmaz. Entegem kerpiç öwrüm Çilgez babanyň injiginden düşüpdir diýýärdiler... Çilgez baba ýüregiňi berip, göwün islegiňi beýan etseň, islegiň hökman hasyl bolmaly diýerdiler. Ulularyň bu sözi on ýaşly çagaka Ýanaryň gulagynda galypdy... Çagalary Çilgez babanyň gubruna aýladylar. Şonda kerpiç aýmançany ýaňy aýlap gutaran ekenler, entek kerpiçleriň arasyndaky palçygam gurap ýetişmändir. Çagalaryň öňüne düşüp gaýdan mollasypat ýaş ýigit madyr-madyr edip, çalt gepleýärdi, edýän işinden göwni hoş bolansoň, süňňi ýeňildi. Ol: ˝Balalam, dileg ediň – diýdi. – Sadagasy boldugym Çilgez baba Allanyň nazar salan adamy. Siziň dilegiňizi gowy eşider, siz entek neresse çaga. Dileg ediň: uruş-sögüş bolmasyn diýip, barça musulman açlyk-horluk görmesin diýiň!˝ Mollasypat adam aýagyny epip, iki dyzyny öňe taşlap oturdy, ellerini dyzynyň üstünde goýdy. ˝Hany, meň oturyşym ýaly oturyň – diýdi, çagalar görkezmäni berjaý edýänçä garaşdy. – Berekella, ogullarym... indi, men aýat okap otyrkam, siz içiňizden dileg ediň˝... Mollasypat adam: ˝Omyn – diýdi. – Dilegiňiz kabul bolsun, bal¬alam. Hany, turuň ýeriňizden, sadagasy boldugym Çilgez babanyň çile agajyna esgi daňalyň˝... Atda uzyn injigini ýapman duran balagynyň jübüsinden ak esgi çykardy, ýyrtyp, oglanlara paýlady. Şirli bilen Ýanara ýetmedi. Ýanar mütgel köýneginiň eteginden bir garyş ýyrtyp, egri agaja daňdy. Mollasypat adam onuň arkasyna kakdy. Berekella, keramaty güýçli Çilgez baba seň dilegiňi eşider, öňi bilen eşider!.." Men näme üçin çeper eserden bu setirleri getirdim. Bu¬lar meniň toslap ýazanym däldi, meniň öz başymdan geçen hakykatdy. Men ony gahrymanym Ýanaryň adyna beripdim. Çilgez babanyň mazary obamyzyň gündogar tarapynda, üç-dört kilometr daşlykdaky Ýahýajan gonamçylygynyň içinde häzirem ýatyr, häzir zyýarata barýanlar köpelipdir. Şu ýylyň ýazynda özüm hem baryp gördüm. Mazaryň töweregini rejeläpdirler, zyýaratçylar oturar ýaly bişen kerpiçden jaý galdyryp, içini düşekläp goýupdyrlar. Çilgez baba ýöňkelýän äpet göwräniň adamda bolup biljekdigine şübhämiz bolan hem bolsa, şol mahal Çilgez baba ýöňkelýän keramaty inkär etmäge ýetişmändik, soňky ýyllar çaga ynanjymyz gün şöhlesine uçran salgym ýaly kem-kemden ýitmek bilen boldy. Diňe dünýewilige, has beteri-de söweşjeň ateizme ugrukdyrylan döwlet syýasaty dini ynançlaryň ýok bolmagyny tizleşdiripdi. Geçmişde duşman bilen söweşde janyny gurban beren batyrlaryň, hakyň ýolunda şehit bolan ýagşyzadalaryň mazarlaryna mahabat bermek endiginiň türki halklarda, şol sanda türkmenlerde-de bolandygyny soň syýahatçylaryň galdyran ýazgylaryny okamda bildim. Şonda-da ýapy ýaly gubruň astynda onuň ölçegine laýyk adam göwresiniň ýokdugyny aç-açan aýtmaga çekinýärdim. Çagalykdan galan ynanç yrym ýaly bir endige öwrülip, kalbymda orun tutan ekeni. Bu endige baglylygy nämä deňese bolar? Tapdym! Käbir adam Hudaýyň gudratyna ynanmaýan-da bolsa, ýoluny gara pişik kesip geçende, nähili oňaýsyzlyga uçraýar! Meniň üçin dini ynançlary ündeýän, wagyz edýän adamyň şahsy göreldesi, il arasyndaky mertebesi onuň aýdanyny kabul etmegiň esasy görkezijisi bolup galýar. Ata-babalardan: ˝Mollanyň diýenini et, edenini etme˝ diýen söz galypdyr. Bu nesihatyň ahlak tarapyny seljermek meniň üçin örän möhüm zerurlyk, şu zerurlygy sähelçe äsgermeýän adam dini ynanjyň arassalygyna dalaş edip bilmez. Bu diňe takwa adamlara zerurdyr öýtmäň, dini ynanja ýüregini bermeýänlere-de gerek, dine ynanýanlaryň mertebesini hormatlamak üçin gerek. Gapdalymyzdaky köçäniň ileri başynda Pirnyýaz aganyň öýi bardy, aýaly Şirin eje kynlyk bilen ýöreýän semiz aýaldy. Oglanlar häli-şindi olaryň gara öýüniň bosagasyna golaý oý-nardylar. Biziň aşyga tarap sülýän daş sürpeklerimiziň giren-çykanyň aýagyna degýän mahaly-da bolýardy, goh-galmaga¬lymyz hem üstesine. Eger-eger, bize haý-küş diýmezdiler. Açyk gapydan gözenegiň öňünde Pirnyýaz aganyň ýassyga tirsegini berip ýatanyny görüpdim. Egninde arassa ak köýnek, başynda tahýa bardy. Döşüni ýapyp duran buýra-buýra sakgaly tämizdi, şol tämizlige kybapdaş ak ýüzli adamdy. Şol wagt onuň gyşaryp, çaý içýän bolmagy-da, biri bilen gümür-ýamyr edýän bolmagy-da ähtimal. Bilemok. Meniň hakydama surat bolup ýelmeşen bu görnüşde onuň ýeke özi. Geň ýeri-de, men ol adamyň başga bir mahal, başga bir ýerde oturanyny görmändim, onuň bilen salamlaşanym, aýdan sözüni eşidenim ýadyma düşenok. Wagtal-wagtal adynyň tutulýanyny eşiden hem bolsam, näme bilen baglydygyny bilemok, Belki, Şirin eje bilen baglydyr. Bu aýaly töwerek gowy görerdi. Olaryň öz perzendi bolmandyr, belki-de şol se¬bäpdendir, depäňe çykýan garagol çagalara gaty-gaýrym söz diýmekden saklanandyrlar? Pirnyýaz aganyň surata öwrülen mährem keşbi ömrüm boýy meniň hemram boldy. Alla-Hudaý hakynda gürrüň gitse, bendeleriň takdyr çözgüdiniň oňa baglydygy, olaryň günäleriniň ol dünýäde bagyşlanjakdygy-bagyşlanmajakdygy, bu babatda her kimiň Allanyň derhalynda durmaly boljak¬dygy hakynda gep gozgalanda, meniň göz öňümde Pirnyýaz aga peýda bolýardy, onuň nurana keşbi Allanyň keşbine öwrülýärdi. Bu ynanjyň näme sebäbe dörändigine takyk akyl ýetirip bilemok. Käşgä ol molla bolsady, käşgä onuň aýat okap oturanyny gören bolsadym, ýok, şol bir görnüşden gaýry ýadymdan galan zat ýok. Ulaldym, dünýewi, ateistik bilim aldym, Hudaýyň bardygyna şübhe eden wagtym hem bolup¬dy, emma Pirnyýaz aga bilen bagly kalbymda galan görnüşi, oňa ýöňkän ynanjymy unutmandym. Häzirem şeýle. Belki, Hudaýyň keşbi her kimiň kalbynda bir hili ýüze çykýandyr? Belki, şol mahal meniň çaga kalbymdaky Taňra bolan arassa ynanç Pirnyýaz aganyň arassa, tämiz görnen keşbinde özüne orun tapandyr? Ähtimal. Men bu hakda adam oglunyň ýanyn¬da dil ýarman geldim. Şu pynhanlykda-da many bolmaly. Belki, Pirnyýaz agany ýakyndan tanamandygym kalbymda orun alan ynanja şübhe döremezligine sebäp bolandyr? * * * Weldurdy aga ýadymdan çykanok. Gürzelek sakgally, ýygyrt bilen torlanan ýogyn boýnunyň üstüne gazan düňderilen ýaly gara telpekli adam bir mahal daýanykly, pälwan sypat bolandyr. Häzir welin, maýrylan agyr göwresini iki ýana burup, kynlyk bilen ýöreýär. Her ädimini ätlände, dyzynyň göwräni göterjegine ätiýaç edýär diýäýmeli. Bir gezek bu adam köçede kirşene bulaşyp oýnap ýören çagalary ýygnap, depämizde hasasyny galgatdy. – Hany, dileg ediň, Hudaýdan dileg ediň – diýip, gygyrdy. – Siz günäsiz çaga, siziň dilegiňiz Hudaýa çalt ýeter, dileg ediň: Hudaý jan, ýagmyr ýagdyr, ýagyş ýagdyr diýip gygyryň. Biz ilki gorka, üzlem-saplam gygyrdyk, soňra sesimiz, sözümiz goşulyşdy, dileg etmäge barha höwesimiz artdy, peýdaly iş edýändigimize düşündik, sesimizden keýp aldyk. Gije ýatyrkak asmany gara bulutlaryň bürejegine, irden turamyzda siňňin ýagşyň şybyrdysyny eşitjegimize ynandyk. Ertir tursak, ýagyş ýok, dury asmanyň çet gyrasynda-da bulut görnenok, tot-tozana gaplanan töweregi Gün mis kimin gyzdyryp başlady. Bäş gün geçdi, on gün geçdi, ýagyş ýag¬mady. Biziň dilegimiz Taňra ýetmedimikä? Ýa-da bizem günä etmäge ýetişdikmikäk? Soňra men bu şowsuzlygy Weldurdy agadan görüpdim. Ol köpüň arasynda-da utanman paýyş sözleri agzyna alýardy, şony edermenlik ýaly bilýärdi. Ol bir gezek maňa-da erbet sögdi. Atdaşym Tirkiş bilen günüň günortany gawun paýy¬myzy getirmäge gitdik. Brigadada hojalyklar üçin gawun-garpyz ekilýärdi, zähmetiňe görä mugt paýlanýardy. Ýeten paýy ganara saldyk, ýöne agyr ýüki eşege ýüklärden ejizdik. Ýene biriniň gelerine garaşdyk, gelýän ýok. Ahyrsoňy alaçsy¬zlykdan çatmada ýatan Weldurdy aga ýüz tutmaly bolduk, ol gawun sakçydy. Ýatan ýerinden kynlyk bilen galyp, gargynyp çatmadan çykdy. – Bi gyran alan adamlar götbokularyny iberip, meni uk¬lamaga-da goýanoklar. Eneň-ataňyz gyrlan däldir, osuryp, hezil edip ýatandyrlar. Seň adyň näme? – Tirkiş. – Seňki näme? – Menem Tirkiş. – Häý ikiňiziňem dörän günüňize s...keýin! – Şundan soň ganarlary ýükleşdi. Şu adam sebäpli dilegimiziň Hudaýa ýetmänine ynandym. Oňa derek Molla Tagan aga bolaýan bolsady, dilegimiz biterdi, buludam gelerdi, ýagşam ýagardy. Molla Tagan aga goňşy obadan. Wagtal-wagtal biziň çaky¬lygymyza gelerdi. Kakamyň juda sylaýan adamlarynyň biri ekeni. Çepiksije, köse sypat, ýüzi açyk adamdy, geplemsek däldi. Üsti-başy arassady. Onuň bilimli molladygyny aýd¬ardylar, ýaşulular oňa dürli sowal bermegi halardylar, käbir jogaby eşidip, geňirgenselerem, Molla Tagan diýýän bolsa, mamla ýeri bolmaly diýerdiler. Uly otagymyzy dolduryp oturan ýaşulularyň biri Molla Tagan aga sowal berdi: – Molla Tagan, bir meseläni aýyl-saýyl edip ber. Halalyň-haramyň gürrüňi edilýär, sen bize haýwanyň halalyny, har¬amyny aýdyp beräý. – Adamyň keşdi çekip iýen zady halaldyr. Ýaşulular bu sözüň düşündirişi bolar öýtdüler, Molla Tagan aga gaýdyp söz diýmedi. – Be-e... beý diýdiň-ow, molla. Geňirgenýän ýaşuly şübhesini delillendirjek bolmady, Molla Tagan aga-da ony şübheden dyndarjak bolmady, köp¬manyly dymdy, galamasyny özüňiz pikir ediň diýýäne meňzedi. Molla Tagan aganyň gysga jogaby hakykatdanam köp bilýän adamyň jogaby ekeni. Ol ˝adam˝ diýende, bir halky ýa-da bir dini ynanja eýerýän adamlary göz öňünde tutma¬dyk bolarly. Bu akylly garaýşa men soň önjeýli göz ýetirdim. Dünýäniň bir ýerinde haram saýylyp, eti iýilmeýän haýwan başga bir ýerde halal diýip bilinýär. Bu hakykaty indi bilmeýän ýok, ol wagt bihabar köpdi, öýmüzde oturan ýaşulularam şol hasaba girýärdi. Olar Molla Tagan aganyň öz ýanyndan ýalan toslamajagyna ynanýardylar. Ol bu ynamy arassa ynsaby, päk ahlagy, sadalygy, biliminiň ýokarylygy bilen gazanypdyr. Men ömrümiň ýetmiş ýylynda ynanç babatda iki garaýşy seljermeli boldum. Garaýyşlaryň binýadynda ideologiýa ýatan hem bolsa, ýerine ýetirijiler hökmünde adamlar orta çykýar. Adamyň tebigaty ideologiýanyň ündeýän taglymatyndan has çylşyrymly. Ynanç diýen närsäniň ýüzüni, durkuny lakmus kagyzyna kybapdaş usuly ulanagadan aňsatja açyp bolmaýar. Biz oglankak obadaşlarym yrym bilen diniň parhyny bilendirler diýip biljek däl. Asyrlar boýy patriarhal düzgünde ýaşan türkmenleri edara eden içki güýç bardy, oňa adat diýilýär. Yrym bilen adatyň, adat bilen diniň çägi nirede? Bisowat, bilimsiz adama muny seljermek kyndy. Meselem, damakgan çukurynyň üstünden geçmek juda howply, ka¬kyn-silkine uçramagyň ähtimal diýen ynanç jedelsiz bir zatdy. Bardy-geldi şeýle nogsanlyk ýüz berdi diýlen halatynda, dert¬den gutulmak üçin musulman mollasyndan doga alýardylar. Bu yrymyň yslamdan has irki döwürlerde ýüze çykandygyny bilmeýärdik. Bilýän tapylaýanda-da onuň köpbilmişligine gu¬lak gabartjak ýokdy. Eýse, göz degmek howpuna uçran adam üçin öňi bilen molladan doga almak ýa-da yslam ugrundan meşhurlyk gazanan piriň mazaryna zyýarat etmek maslahat berilmeýärdimi näme? Emma göz degmek diýen ynanç dünýä dinlerinden has öň dörän yrymlaryň biridi. Ol şu günler hem dürli dine, dürli hudaýa ynanýanlar üçin umumy ynançlygy¬nda galýar. Asyrlaryň dowamynda hakyň ýolundaky ýokary ahlak bilen şol ýoly wagyz edýän din hadymlarynyň etmişleriniň arasynda ýüz berýän näsazlyklary halk görüpdir, paş edipdir. Bu ýagdaýy tekrarlamakdan ötri, halk döredijiligine, klassyk şahyrlarymyzyň eserlerine ser salmak hem ýeterlik bolsun gerek. Bu tankydy ateizme ýugrulan sowet ideologiýasy öz bähbidine ulandy. Magtymguly: Işanlary her gapyda tapylar, Mollalarna ýok myjabat ýapylar, ˝Öwlüýä men˝ diýip, jögi sopular, Gygyryp, asmana böke başlady. Magtymguly başa baglap selleler, Aç böri deý ýortup niçe mollalar, Halaldan, haramdan ýygnap gallalar, Herne tapsa, dynmaý dyka başlady – diýen setirlerini okuwçylar hökman ýat tutmalydylar. Şol bir wagtda-da şahyryň hakyň ýolunyň arassalygyny şahyrana duýgy bilen teswirleýän eserlerini okamak, çap etmek gadagandy. Umuman, il arasynda dini ynançlary wagyz etmek gadagandy. Şu pajygaly ýagdaýda diniň abraýyny saklap biljek ýeke-täk çykalga Molla Tagan aga ýaly adamlaryň ilatyň içindäki ýokary mertebesidi, olara bolan sylag-hormatdy. Olar gep-sözden, ýazgydan täsirlidi. Obamyzyň ýeňsedinde ˝Gatyköw˝ diýlen takyr şor meýdan bardy. Obadaşymyz Ýazly neşekeş şol ýerde ˝uçýan işan˝ adyny alan adam bilen çapyşypdyr diýip, myjabata meňzeýän gürrüňi aýdyp gülşerdiler. ˝Uçýan işanyň˝ hakyky ady Alaweddin bolmaly, ony menem görüpdim, daýaw ad¬amdy, goňşy raýondandy. Oňa ýöňkelýän ˝gudratlaryň˝ biri-de onuň uçup bilýänligi diýerdiler. Adamyň diňe samolýotda uçup biljekdigine ynanýan sowet adamlaryny gudrat arkaly uçup bolýandygyna ynandyrmak başa barmajak işdi. Muňa diňe bisowat, tünt adamlar ynanar, sowet mekdeplerinde berilýän dünýewi bilim bizi tüntlükden çykarypdy. Şonuň üçin hem Alaweddin işana ýöňkelýän ˝gudratdan˝ oýun, gülki gö-zleýärdiler. Ýazly tiriş-tirýekkeş atyşgire meňzeş satanlak, ömründe öýlenmedik, dünýäniň ähli lezzetini neşä çalşan adamdy. Ol neşeden mes bolup, ˝uçýan işan˝ bilen gidişýär. Tirýegiň zory işanyň gudratyndan üstün çykypdyr. Ýazly tiriş ony tozanyna garypdyr diýip, gülşerdiler. Kolhozyň bagbany Baba aga: ˝Ol uçýan işan däldir, syçýan işandyr˝ diýenmiş. Bu gülki dini ynanja bolan biperwaýlygyň sebäbine döreýärdi diýse bolar. Meniň çakyma görä, dine ynanýanlar iki topara degişli. Birinji topara çalasowat ýa-da düýpden bisowat adamlar girýär. Olary dürli ˝gudrata˝ ynandyrmak, olardan fanatikleri ýasamak kyn däl. Eger türkmenleriň arasynda dini fanatizmiň hiç mahalam ýörgünli bolmandygyny hasaba alyp aýtmaly bolsa, sowet ideologiýasynyň dini wagza, dini sowatlylyga girizen gadagançylygy derrew miwe beripdi, köpçülikde dini ynanja biperwaýlyk döredipdi. Ikinji topary düşünjeli, bilimli adamlar düzýär. Olaryň ynanjy çuňňur, ony ateistik wagyz arkaly üýtgetmek juda müşgül iş. Olary ýok edenden ýa-da köpçülikden çetleşdirenden amatlysy ýok diýildi. Şeýle-de edildi. Soňky mollalara diňe ilatyň zerur saýýan dessurlaryny berjaý et¬mäge rugsat berilýärdi. Örüsini sähelçe giňeltmäge milt edenleriniň üstünden gülündi, metbugat sahypasynda mas¬gara edildi. Köpçülik olaryň ykbalyna biperwaýdy, sebäbi diýseň, Hudaýyň bardygyny düýpden inkär edýän, dini ynançlary könäniň zyýanly galyndysy hökmünde ýazgarýan kommunistik ideologiýanyň terbiýesini alan nesiller ýetişipdi. Meniň özüm hem şol nesliň wekili. Çagalykda kalbymda şine uran ynançlar soňra suwdan kesilen nahal ýaly guramak bilen boldy. * * * SSSR dargap, ateistik ideologiýa aradan aýrylandan soň ýüz beren nogsanlar hakynda-da aýtmak zerur. Ilat köpçüligine täsir ýetirmegiň täze mümkinçiligi döredi. Diniň töwereginde hysyrdy, oýun başlandy. Ateizmiň gurakçylygyndan ýaňa halys teşne göwünleri ýakmak üçin din çeşmesine topuldylar. Bu ýerde-de çemeçil, syýasy oýnuň düzgünler¬ine belet adamlaryň tejribesine daýanmak amatly görüldi. Olary gözläp, ýa-da indiden soň ösdürip ýetişdirmegiň asla zerurlygy ýokdy, olar orunlarynda otyrdylar. Olar sowet ideologiýasynyň wagzyny ýetirmekde bişişen adamlardy, has dogrusy, emeldarlardy. Olara il gözüne tüýsüni üýtgetmek, ateistik ritorikadan el çekendiklerini görkezmek gerekdi. Olar öň hem, nähili mazmundadygyna garamazdan, ynanç diýen düşünjäni ahlak gymmatlyga, lebze wepalylyga baglamandy¬lar. Olar üçin ynanç mazmun däldi, formady. Ony çalşyryp durmagy eşekden palan aýrança-da görenokdylar. Olar Hudaýa tarap öwrüldiler. Bu çaka özlerini anjaýyn eklän, jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi üpjün eden kommunis¬tik ideologiýa gargap başladylar. Sowet häkimiýetiniň synpy taýdan berk pozisiýasy, dini ynançdakylara ýigrenji olaryň erkini syndyrypdy, dinçi ata-babalaryny unutmaga mejbur edipdi. Bu gün haýdan-haý şol gara gädigi ýapmalydy, düzle¬melidi. Serişdesi, gaýry mümkinçiligi bolanlar metjit salmaga başladylar, täze ybadat öýüne söweşjeň ateizmden jebir gören hossarynyň adyny dakdylar. Çagalykda ýat tutan, hakydada daşa ýazylan ýaly mäkäm ornan aýatlary yhlas bilen gaýtaladylar. Muny-da az görüp, ”beýik” prezidentleriniň ýardamy bilen uçara münüp, Saud Arabystanyna ýola rowana boldular, hajy bolup dolandylar. Indi olara zowal ýokdy. Eginlerine yhram geýip, hudaýsyzlykdan içlerinde ýygnanan jirimi mukaddes abyzemzem suwy bilen ýuwup aýrandyrys, neresse çaganyň arassalygyna dolanandyrys öýtdüler, ha-ha!.. Olaryň ulanan bu usulynda hiç hili täzelik ýokdy, olar kompartiýanyň öwreden ýodasy bilen hereket edýärdiler. Öň partiýanyň ýygnaklarynda oturyp, ateizme ýugrulan tek¬stleri okan bolsalar, indi metjitleriň töründe aýat okaýarlar. Mollaçylyk etmekden, ymam bolmakdan çekinip durmadylar. Olara köpçülikden saýlanmaga, oňa täsirini ýetirmäge amatly orun gerekdi. Olar haýsydyr bir ynanja ýüregini berip biljek däldiler, olar gara bähbide tabynlykda galdylar. Ynanç diýen närse howpludy, ol töwekgelligi talap edýärdi. Hakyň ýolunda-da kötel öwrümler gyt däl, entek olara oda-köze düşmegiň derkary ýok, şu günlükçe metjitlerdäki ümsümlik, asudalyk kemje-kerdem däl. Galamasyny-da döwür görkezer. Sowet zamanynda anjaýyn ýaşap, bu gün ony ýepbeklemegi özlerine kär edinen adamlar ýeri gelende ýalan sözlemegi biçeme görenoklar. Muny ýüze çykarmakdan ötri, oba oglany hökmünde gözüm bilen gören, maňa juda tanyş hakykata ýüzlenmekçi. Oglanlyk ýyllarym gurban baýramyny höwes bilen garşylardyk. Ilat oňa köplenç ˝Gurbanlyk˝ diýerdi. Aňrujy ýagdaýy bolan hojalyklarda goýun soýlardy, dograma edilerdi. Diňe palaw ýa-da sähelçe et bilen çorba bişirip, ony gurbanlyk hökmünde kabul etmek endigi soňky ýyllarda ýüze çykdy. Meniň diýýän ýyllarym janly soýup, gan çykarmalydy. Biz her ýyl goýun soýardyk. Töwerekden dograma iýmäge gelerdiler, bizem olaryňka barardyk. Hökümet adamlarynyň oba aýlanyp, Gurbanlyk edýänlere zorluk görkezenlerini men-ä bilemok. Dogry, beýle ýaramazlygyň ýüze çykan ýerleri-de bolandyr, ýöne ony giňden alnyp barlan hüjüm ýaly edip görkezjek bolmak hakykata dogry gelmeýär. Meseläniň bir ýany adamlara-da bagly. Pylanynyň telpegini getir diýlende, kellesi bilen bile getirýän dyzmaçlar hemişe-de tapylypdyr. Olar dini baýramlara, şol sanda Gurbanlyga-da garşy wagyz edip, alada galyp ýörmegi artykmaç saýyp, naharly gazany agdarsaň, has düşnükli bolar öýdendirler. Türkmenler üçin Gurban baýramynyň keýpi diňe tagamly dograma iýmek däldi, esasy şagalaň hiňňildigiň daşynda gopýardy. Direg agajyny ahmal görerdiler, naw agaçlaryny dikerdiler, düýekeşlerden urgan alyp, batly, berk hiňňildik ederdiler. Gündiz oglan-uşaklar uçsa, gün ýaşandan soň ýigitler, gelin-gyzlar ýygnanardylar, bile uçardylar. Şadyýan sesler oba ýaýrardy. Türkmenler gurban baýramyny hiňňildiksiz göz öňüne-de getirmezdiler. Şol wagt haýsydyr bir köpbilmiş tapylagadan: hiňňildigiň Gurbanlyga hiç hili dahyly ýok diýsedi, ”sen bu gepiňi bize aýtma, daşda gez!” diýen jogap alardy. Edil şonuň ýaly-da aýallaryň agzyna ýaşmak oramak däbi yslama otparazlardan geçipdir diýseň, musulmanlaryň köpüsi ynanmaz. Otparazlar Günde, otda Hudaýyň keramatyny görüpdirler, ynsan ornunda görülmeýän aýallar ojagyň başynda oturanlarynda, nahar bişirenlerinde, demleri bilen mukaddes ody hapalaýarlar, olar agyzlaryna ýaşmak ýaşynyp oturmaly diýen berk düzgün ýöräpdir. Yslam aýallaryň dilini baglamak üçin ýaşmagy kabul edipdir. Gurbanlykda hiňňildik uçsaň günäň dökülýär diýen ynanç türkmenlerde ýörgünli bolsa-da, yslamda Gurban baýramyn¬da hiňňildik uçmak däbi ýok. Muny türkmenler aglaba bile¬noklar. Men bu hakda ˝Kökler˝ atly kitabymda ýazdym. Ýene bir öwre aýdylsa-da, artykmaçlyk etmese gerek. Gadymy Marynyň iň irki bölegi bolan Erkgalanyň düýbüni tutan Tahmurasyň dogany Jemşit (şahyr Ferdöwsiniň ˝Şanamasynda˝ ogly diýip berilýär) özüne söweş arabasyny (kolesnisa) ýasanan güni jynlar hem arwahlar ony arabasy bilen göterip, bir günde Dunabent dagynyň depesinden Babilona eltipdirler. Bu gudraty gören adamlar şol güni baýram diýip yglan edipdirler. Asmandan gaýyp barýan Jemşide öýkünip, hiňňildikde uçupdyrlar. Belki, biziň köpçülikleýin hiňňildik uçmak däbimiz öň Nowruz baýramynda bolandyr? Nowruz baýramynyň gözbaşyny hem Jemşide baglaýarlar. Yslamyň ornamagy bilen bu däp Gurbanlyk gününe geçirilendir? Günä dökmek üçin uçulýar diýip, täze bir many ýöňkelendir: Hawa diýip jogap bermezden öňünçä başga bir ýagdaýa üns bermeli bolarys. Men dürli ýyllarda Türkiýede, Saud Arabystanynda boldum, Gurban baýramyny synladym. Iki ýurtda-da hiňňildik görmedim. Hiňňildik Jemşidiň watany Eýranda-da ýok. Onuň ala-böle türkmenlerde, gazaklarda bolmagy geň, öwrenilmäge mynasyp. Gadymy Gresiýada-da hiňňildikde uçulypdyr. Kritde geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda aýallaryň uçan hiňňildikleriniň maketi (çyzgysy) tapyldy. Bu tapyndy kult häsiýetli. Gadymy Gresiýada, Rimde, Ýewropa soňky baran taýpalaryň däplerinde gyzlaryň hiňňildikde uçmaklaryna dini many berlipdir. Gyzy uçurmak onuň halaýan ýigidine, adaglysyna buýrulypdyr. Ýene bir bellemeli zat, gyzyň ýigit bilen bilelikde uçmaklary aýyp görülmändir. Türkmenlerde-de, gazaklarda-da geň görlenok. Döwürleriň üýtgemegi bilen dinler, ynançlar hem üýtgäpdir. Şu babatda ýigriminji asyryň tejribesinde-de salgynalara delil bar ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |