11:53 Ýiten ýurt -16: Keseki däldiler | |
16. KESEKI DÄLDILER
Ýatlamalar
Hepdäniň aýagynda şäherden öýmüze gelemde dört-bäş ýaşuly nahar iýip oturan ekeni. Ejem öldürilen goýnumyzyň kelle-aýagyny asyp, olary aýat-töwire çagyrypdyr. Men olara Abdyrahman aganyň salamyny ýetirdim, hemem olaryň bilmeýän täzeligini aýtdym: – Abdyrahman aganyň ermeniçe ady başga ekeni, Arsen daýy diýýäler, olaň dilinde ˝daýy˝ diýmegiň manysy başga, ˝aga˝ diýmek. Obada bilimiň köne-täze ugurlaryndan okumyş hasap edilýän Gurban molla: – Sen muny bulaşdyrma – diýdi. – Biz Abdyrahmanyň adyny ˝Abdyrahman˝ diýip tutmalydyrys, bu ady oňa musul¬man adam beripdir, başga bir ady bolaýanda-da, türkmenler üçin ol Abdyrahmandyr. Gurban mollanyň Abdyrahman aga bilen ýakyn gatnaşdykdadygyny bilýärdim, onuň gatnaşygy kakam bile¬nem gowudy, kämahal olara menem alyp giderdi. Abdyrah¬man aga oba deri ýygnamaga gelende, Gurban mollanyň öýünde düşlärdi, ýatymlyk galýan wagtam bolýardy. Meniň başlan gürrüňim şol ýerde galdy. Oturanlaram oňa Abdyrahman adyny kimiň berendigini soramady, Gurban molla-da aýtmady. Şäherde orta mekdepde okamda, soňky bir ýyly Abdyrahman aganyň öýünde edil maşgala agzalarynyň biri ýaly bolup ýaşadym, Abdyrahman aganyň özi isleg bildirdi. Awgust aýynda öýmüze gelende: – Ogulbeg, Tirkiş bizde bolsun – diýdi. – Dil öwrener, uly okuwa gitjek bolsa, orus dili gaty gerek bolar. Jumageldiniň islegini bilenim üçin aýdýan, sen ýok diýme, hak-heşdek bermeli bolar diýib-ä, asla pikiriňe-de getirme. Hudaýa şükür, ýagdaýym bar, ýaşasyn, arkaýyn okasyn. Nädemde-de, Jumageldiniň eden ýagşylygyny ýerine salyp bilmen. Onuň türkmen dilinde arassa gepläp bilşine haýran galypdym. Abdyrahman aganyň öýünde ýaşamda-da, soňky ýigrimi ýylyň dowamynda-da ˝Abdyrahman˝ adyny kimiň dakandygyny soramak kelläme-de gelmändir. Her bir adyň aňyrsynda ululy-kiçili taryh ýatyr. Ermeni milletinden bolan adama musulman adynyň dakylmagyny, biziň dilimizde türkmenlerden zyýat gepläp bilşini anyklamak, eýse gyzykly dälmi! Zerurlyk diýseň-de bolar! Şeýle zerurlyklary äsgermän, biz, gör-bak, näçe gymmatly faktlary duşumyzdan geçiripdi¬ris! 2007-nji ýylda Mary şäherinde 92 ýaşly Gurbangeldi aganyň kakam hakyndaky ýatlamasyny magnitofon lentasyna ýazyp otyrkam Abdyrahman agany ýatladyk. Ömrüniň otuz ýylyny onuň bilen dogandan ileri gatnaşykda geçiren Gurbangeldi aga şeýle diýdi: – Abdyrahman aga bir baý adam bilen Maryda, şäherde tanyşýar. Ol baý adam häli-şindi bazara gelip ýören. Şol adam ýa Ýolötenden, ýa-da bolmasa, Saragtdan bolmaly, anyk ýadymda ýok. Abdyrahman agany gowy tanaýar, sulhy alan bolmaga çemeli. Şoňa çenli onuň ˝Abdyrahman˝ ady ýok eken, şol adamyň dakan ady, özem: ˝Sen maňa ogul bolaý˝ diýýär. Bazardan horjun-horjun zat alýar. Ogullaryndanam peýda ýok, neşekeş, ýykylyşyp ýatan bolmaga çemeli. Er¬tesi alan zatlaryny ýaba ýükleýärler, ˝Oglum, giderismi?˝ diýýär. Abdyrahman: ˝Enşalla, gideris, akga˝ diýýär. Gidýär¬ler, baýyň öýüne baryp düşýärler welin, baý: ˝Bibi, haw, çyk bärik, ynha, gör, men saňa ogul getirdim˝ diýip gygyrýar. Bibi eje daş çykýar, Abdyrahmany synlap durýa-da, soňam gujaklaýar. ˝Şuň ýaly oglumyz bolsa, armanymyz ýok˝ diýýär. Birki gün öýde bolýalar, dem-dynç alýarlar. Baý: ˝Hany, oglum, indi daşarlara, saraýlara aýlanaly˝ diýip, ýataga eltýär. Bir alaşa, birem ahal-teke at daňylgy duran, edil keýik ýaly! ˝Sen şulaň haýsyny münjek?˝ diýýär. Abdyrahmanam: ˝Men çöle, goýunlaryň üstüne aýlanyp durjak bolsam, alaşany münjek˝ diýýär. ˝Onda, alaşa seňki˝. Soňam ammarlary açyp görkezýär, zat kän, ýaragam bar: tüpeň, mauzer, ýaponyň, iňlisiň bäşatarlary... halanyňy al. ˝Men bäşatar diýip durman, götermäge amatly bolar ýaly, şu mauzeri alaýjak, bilimde bo¬lar, ýa horjunda ýatar˝ Baý Abdyrahmanyň aýdanyna ýok diýenok. Şeýdip, çöle ugraýarlar, baý ahal-teke atda, Abdyrah¬man alaşada. Ähli malyny görkezýär, saňa tabşyrýan diýýär. Abdyrahman mallaň üstüne gatnaberýär. ˝Pylan wagt ge-lerin diýip gitsem, diýen mahalymdan sähel gijä galaýsam, bir ýerde oturyp ynjalygy bolmazdy, ýa-da bolmasa, tamyň üstüne çykyp, ýola garap durandyr˝ diýerdi. Abdyrahman oňa ˝akga˝ diýer ekeni, olam ˝oglum˝ diýipdir. Abdyrahman köp ýyl oňa ogul ornunda kömek edýär. Soňam bulaşyklyk başlanýar, sowet hökümeti baýlara garşy. Baý serhetden aňry geçermen bolýar, Abdyrahmana öz göwnüňe görä bol diýýär. Abdyrahman gidip biljek däl-ä, Maryda hossarlary bar. Şo ýyllar Abdyrahman türkmençäni diýseň gowy öwrenýär. Türkmeniň däp-dessuryna ol bizdenem beletdi, aýat-töwirem bilýärdi˝. Gurbangeldi aganyň soňky aýdanynyň hakykatdygyna özüm şaýat. Abdyrahman aga söhbetdeşligi, degşip-gülşüp oturmagy halardy. Bir mysal getireýin… Şol gün agşam Abdyrahman aganyň ýanyna goňşusy Tigran geldi. Üçimiz çaý içmäge oturdyk. Meniň er¬meniçä düýbünden düşünmeýändigim, orusça-da çalak-çulak gürleýändigim üçin olar türkmençä geçdiler. Bu öýe gelýän ermeniler galapyn üç dilde: ermeniçe, rusça, türkmençe gepleýärdiler. Gürrüň berýän adam gepiniň dowamynda ermeniniň sözüni ermençe, orusyňkyny orusça, türkmeniňkini türkmençe aýdardy. Tigran türkmençe çalgyrt gürlese-de, ýönekeý gepleşik dilimizi anjaýyn bilýärdi, köp ýyl bäri türkmenler bilen iş salşyp ýören adamdy. Abdyrahman aga: – Tigran, hany sen Öwez kapyra duşanyňy aýdyp bersene – diýip, gülmäge başlady. Abdyrahman aganyň bu gürrüňi öň eşidenini gülüp başlanyndan bildim, ol meniň eşitmegimi isleýärdi. Öwez kapyr diýlen adam hakynda çalak-çulak eşidipdim. Ol galtaman ýa-da uruşdan gaçyp gaýdan adam bolmaly. Egrigüzer, Peşanaly sebitlerinde ele düşmän gezip¬dir. Hüşgär hem rehimsiz bolupdyr diýýärdiler. ˝Kapyr˝ adyny näme sebäbe alandygyny bilemok. Ol ýeke gezýän ekeni, ýatanda-da tüpeňini goltugyna gysyp ýatypdyr. Dokuzynjy klasda okaýarkam ýatak jaýymyzda uzyn boýly, ýylmanak owadan ýüzli ýetginjek peýda boldy. Çynmy-ýalanmy, takyk aýdyp biljek däl, oňa Öwez kapyryň ogly diýdiler. Batyrlygynda, uruşganlygynda deňi-taýy ýok diýlen mahabatyň ähti¬maldygyny aňladýan bir alamaty görüpdim. Onuň adamlara biperwaý hem äsgermezlik bilen seredýän gözlerinde ýakym¬syz sowuklyk bardy. Tigranyň gürrüňini diňlemäge höwe¬sekdim. Tigran çal kellesindäki çubuny sypap, çaşy gözüni bir nokatda saklap bilmän, başagaý ýaly göründi. – Şu, Abdyrahman interesnyý adamdyr, gülesi gelýä – diýdi, özem güldi. Ol gaty ses bilen gepleýärdi, gülküsem gatydy. – Bu oglanyň ýanynda diýsem ýagşy bolmaz-a, Ab¬dyrahman, düşün-ä sen. – Tirkiş oglan däl, düşüner, aýdybersene... – Abdyrahman aga gürrüň başy bolar ýaly meni habarly etdi. – Tigran biraz mahal paýtun sürdi, şo mahalky bolan waka... Abdyrahman aga eşitjek gürrüňiniň keýpine girip, eýýäm gülüp otyrdy. – Eý, walla, Abdyrahman, nädýäň sen, how… – Hä, onsoň... Bizi Peşanala äkit diýdilermi? – Äkitjek däl, how, Peşanaly daş diýdim. ˝Äý, gözüňe döneýin, nä söz diýýäň, biz näçe bermeli, sen şony aýt bize˝. ˝Aýtsam, şunça˝. ˝Sür˝ diýdiler. Gitdik. Gitmek hezil, ýanyň¬da adam bar. Peşanala ýetdik, olar düşdüler. Men Mara gaýtmaly-da. Güne seredýän, bir sagada-da ýetmez, ýaşar. Giç, kliýent ýok. Gaýtdym, bir özümdirin, adam ýok. Murgaba golaý gelýän, ol ýer-de jeňňel, bu ýer-de jeňňel. Doňuz-da çykar, möjek-de çykar. Äý, walla, olar jähennem! Öwez kapyr bardyr, sen şony diý! Çykar bir ýerden, bir ok berer, gutardy. Ä-äý, eşek ogly – özüme sögýändirin – samsyk, boş kelle sen diýýän. Atyň-da gider, paýtunyň-da gider, özüň-de ölersiň, gitjek däl diýdiň, gitme sen, näme üçin gitdiň!.. Birden bir ses çykdy: ˝Dur-r!˝ – Eý-waý, balagyma ýyly gidendir... – Abdyrahman aganyň şyg-şyg gülküsi Tigranyň gürrüňini böldi, onuň özem gülýär. – Şuny eşitmek isledi, indi güler, güler... Ýoluň üstünde bir kişi dur, egninde tüpeň bar. Öwez kapyryň özi, tanamasam-da bilýän. ˝Nireden gaýtdyň?˝ ˝Peşanalydan˝. ˝Kimi alyp gitdiň?˝ Men ol adamlaryň adyny soramasam näme! ˝Bilemok˝ diýýän. Häzir atar, tüpeňini eline alar-da, atar, Öwez kapyrdyr, ol hiç bir adamdan gorkanok, atar... Ol diýýär: ˝Kimi getireniňi bilgin˝. Men diýýän: ˝Sorar¬yn, bilerin˝... Ýoldan aýryldy. ˝Gidiber˝ diýdi. Biraz ýörändi¬rin, balagym ýadyma düşdi. – Mundan soň Abdyrahman aga şyg-şyg gülküsini kesip bilmedi. Tigranyň özem biraz gülüp dowam etdi. – Derýa ýetip, paýtundan düşdüm, balagymy çykarýan, içki balak dolupdyr, beýle bir porsaýandyr welin, o-o-ho-ow, sen diýme. Zyňdym, agramyna derýaň astyna gitdi... Abdyrahman aga aýasyny stoluň üstüne urup gülýärdi, soňam gözlerinden akan ýaşy süpürdi. Menem güldüm, Tigranam güldi. – Şondan soň paýtuny taşlandyryn – diýdi. – Özüme diýdim: paýtun gerek däl, maşyn sür diýdim. * * * Abdyrahman aganyň könelişen fotosuratyna seredip otyryn. Ony maňa bäş gün ozal Maryda bolanymda Tanýa daýza berdi. Tanýa daýza Gurbangeldi aganyň aýaly, häzir segsen sekiz ýaşynda. Ýüzi nurana aýalyň doly ady Tatýana Fýodorowna Morozowa, ol 1920-nji ýylda Rossiýanyň Penza welaýatynyň Lununskiý etrabynyň Ýekaterinowka diýen obasynda doglupdyr. Garyndaşlary häzir hem şol ýerde ýaşaýar, hat alyşýar, on bäş ýyl ozal Gurbangeldi bilen gidip geldik diýdi. Gurbangel¬di aga 2008-nji ýylyň ikinji ýanwarynda 92 ýaşap, dünýäden ötdi. Olaryň öz perzendi bolmady, Tanýa daýza äriniň ýegenleri bilen galdy. Olar 65 ýyl goşa gumry ýaly ysnyşyp ýaşadylar. Olar 1943-nji ýylda goşun razwedçigi Gurbangeldi Orazgeldiýew agyr ýaralanyp, Penzadaky harby gospitalda ýatanda duşuşýarlar. Ýigrimi üç ýaşly owadan Tanýa şol ýerde medsestra hem sertaraş, häzirki dil bilen aýdanyňda, dellek ekeni. Biraz ganymatlaşan iki türkmen esgerini Mara ugradýarlar, olara ýolboýy seredip, dogduk obalaryna sag-salamat ýetirmek Tatýana Morozowa tabşyrylýar. Tatýana tabşyrygy ýerine ýetirip, dolanmakçy bolanda, Gurbangeldi ony goýbermejegini çürt-kesik aýdýar: ˝Men seni görmän ýaşap bilmerin!˝ diýýär. Eline, aýagyna düşen agyr şikestden oňly gutulmadyk esgere Tatýananyň ýüregi awaýar. – Dogrusy, gara saçlary buýralanyp duran, uzyn boýly, görmegeý, dili süýji türkmen ýigidine göwnüm gidipdi – diýip, Tanýa daýza ýat ülkede galmagyna sebäp bolan has degerli delili boýnuna alýar, soňra gussa batýar, könelişen gözlerinde ýaş görünýär. – Gurbansyz geçen üç aý maňa hupbat ýaman¬yny berdi, ýekelik juda ýaman dert ekeni, hiç öwrenişip bilemok. – Birdenem elini silkip ýylgyrdy, garry aýalyň ýüzüne maňa öňden tanyş ýagty mähir dolandy. – Gurban bilen gowy ýaşadyk. Men ýalňyz galmadym-a, Hudaýa şükür, oglanlar, gyzlar gapdalymda, aýagym ýöreýär, agyr gyş sowuldy, howludaky agaçlar maňa ýeser güýmenje. Gurban gapdalym¬da oturan ýaly, tanyş sesi, tanyş sözleri gulagymda ýaňlanyp dur. Ikiçäk söhbetimiz dowam edýär – diýdi. Gurbangeldi aganyň uzak ýaşamagynda Tatýana Fýodorownanyň hyzmaty uly bolandyr, enäniň çaga bolan mährini, aladasyny bu aýal ärine siňdirdi. Entek kakam barka olaryň öýümize geleni göz öňümde galypdyr. Men alty ýaşly oglan ekenim, 1944-nji ýyl bolmaly. Ak ýüzli, owadan rus aýalynyň bize garap ýylgyryp oturanyny bilýärin. Ýat ýerde utanan bolmagy-da ähtimal, ýylgyranda ýüzüne gyzyl öwüşgin çaýylýardy, hasam owadan görünýärdi. Näzik, ak barmaklary göz öňümde galypdyr. Şol pursaty 64 ýyldan soň üç bolup otyrkak Tanýa daýza ýatlady, bolan gürrüňi men magnitofona ýazdym. Şol ýazgy¬dan: Tanýa daýza: ”– Bir gün Gurban maňa: ˝Obada meniň kolhoz başlyk dostum bar, bizi myhmançylyga çagyrýar, gideli˝ diýdi. Men entek bu ýeriň obasyny görmändim, gözüme Mary şäherem gorkunç görünýärdi. Gitdik, ataraba iberipdirler. Gurbangeldi aga: – Gyşyk gelip alyp gitdi. Tanýa daýza: – Bardyk, hemmäňiz öýden çykyp garşyladyňyz, ejeňem bardy, dolmuş, ykjam, ýüzi ýagty aýal ekeni. Jumageldiniň özem çykdy, hor ekeni. Öýe girdik, töw¬eregime seredýän, maňa bütinleý nätanyş görnüş. Howa bi¬raz çigrekdi, peç ýakdylar. Çaga köpdi, girýärler, çykýarlar, şolaryň arasynda senem bardyň, bize geň galyp seredýärdiň, näme üçindir beýlekileriň hemmesi seniň bolşuňa gyzyklan¬ma bildirdiler. ˝Tirkiş, Tirkiş˝ diýip, adyňy tutdular, şol sebä¬plidir, saňa aýratyn seretmeli boldum, ýadymda galdyň. Jum¬ageldi maňa seretdi, söz diýmedi. Ejeň nahar bişirdi, palaw bişirdi”. Men: ”– Ejem palawy gowy bişirýärdi”. Tanýa daýza: ”– Palawy iýip görmändim, palaw, palaw˝ diýýärdiler, entek datmandym. Hemmesiniň ünsi mende. Gurban Jumageldi bilen aýra otyrdy, men – aýal-gyzlaryň arasynda. Söz bilen, üm bilen maňa iý diýýärdiler. Ol mahal rusça gepleýän azdy, menem türkmençe bilemok. Gyzlara seredýärin, Boldy, Doýduk ýanymdan aýrylanok. Haýdaşyp, saçaga iýmäge zat goýýarlar. Gün gijikdi. ˝Gurban, öýe gaýda¬ly˝ diýdim. Gurban: ˝Bu gije ýatyp gideris˝ diýdi, ýatymlyk galdyk. Tamyňyzyň uly otagynda bize ýer saldylar, bu gap-dalda meniň düşegim, ol gapdalda-da Gurbanyň düşegi. Ýatýançak gyzlar gapdalymdan aýrylmadylar, mähir bilen ýüzüme seredýärdiler. Ertir turduk. Gurban: ˝Jumageldiniň kellesini syrman gitme, janyna ýarar ýaly bejer˝ diýdi. Gara öýüň ortasyndaky ojaryň gapdalynda oturdyk, oturgyç ýokdy, maňa kynam bolsa, dyzymyň üstünde oturyp işlemeli boldum. Gurban gapdalymda otyr, maňa gerek zatlary türk¬mençe aýdýar: gyzgyn suw, arassa ak mata, polotensa gerek. Ýanymda päkim bardy. Diýen zatlarymy tapyp berdiler, men yhlas bilen bejermäge başladym. Kellesini sabynlap ýuwdum, ýylyjak kompress etdim. Boýnunyň ýüzüni massaž etdim. Öwran-öwran kompress etdim. Soňra odekolon, başga-da ýakymly zatlar pürkdüm. Janyna ýaraýanyny duýup otyryn, ahyry özem seslenäýdi: ˝Gyzym!˝ diýip, mähir bilen aýtdy, başyny galdyryp, ýüzüme seretdi… Seniň gözüň kakaň gözüne gaty meňzeýär… Soňam: ˝Eger başym dik gezip ýörsem – iki aýasyny bir tutdy. – Ine, ornuň şu ýerde bolar˝ diýdi”. Men: ”– Elimde götärin diýdigi”. Tanýa daýza: ”– Düşdüm-le. Gurban: ˝Derdi ýeňil däl˝ diýdi. Hawa, syrkawdygy bildirip dur. Obaňyzda bir rus aýaly bar ekeni, türkmenler oňa Güljemal diýip at dakypdyrlar”. Men: ”– Güljemal eje diýýärdik, obaň doktorydyr”. Tanýa daýza: ”– Soň belet boldum-la. Ady Klawdiýa... Klawdiýa Kurakina”. Biz otyrkak bliny (ors çapadysy) bişirip getirdi, ýyljajyk, ýukajyk edip bişiripdir, doňuz ýagyna bişirdim diýdi. Doňuz ýagy derman diýipdirler, diýselerem Jumageldi iýmändir, indi ýaga bliny bişirip getirse, iýer öýdýär, şonda-da iýmedi. Menem datdym, tagamly bişiripdir, hezil edip iýip oturmaly. Men ejeň bolşuna haýran galypdym. Kakaň iýer öýdüp, ilki özi datdy, ynha, menem iýýän, senem iýiber diýen manyda...” Men: ”– Wah, maksady şodur, ýogsa ejem doňuz ýagyna bişen tagamy iýermidi!” Tanýa daýza: ”– Şonda-da kakaň iýmedi, ˝saňa derman-a bi, iýäý diýip ýalbarýar, iýmedi. Gurbanam iýdi, äý, diýseň süýji bişirilendi. Keseli öýkende diýselerem, üsgürenokdy. Gurbangeldi aga: ”– Üsgülewügi ýokdy-da”. Tanýa daýza: ”– Adam köp gelýän ekeni. Biz otyrkagam, telim adam gelip gitdi. Jumageldi gelenleriň aýdanyny üns bilen diňleýärdi, soňam özi bir zatlar diýýärdi. Kolhoz işiniň aladasy bilen gelinýänini duýdum”. Gurbangeldi aga: ”– Kolhoza gaty gerek adamdy-da. Maňa oblastyň ýolbaşçylaryndan aýdanlar boldy: ˝Gurbangeldi, ýal¬bar-ýakar, özüň ýany bilen git, kurorta alyp gitsene, bejersinler-le˝ diýdiler. Etmedi-dä”. Men: ”– Bir giden ýeri Moskwa, 1939-njy ýylda Oba ho¬jalyk sergisine gidipdir, kümüş medal beripdirler. Gurbangeldi aga: ”– Bilýän. Soň şol sergä menem gidip geldim”. Tanýa daýza: ”– Gatnaşdyk, öwrenişip gitdik, şähere ge¬lerdi, saçyny syryp, bejerip goýbererdim. Atly gelerdi, gowy aty bardy”. Gurbangeldi aga: ”– Ömri gysga boldy, derdi agyrdy-da”. * * * Indi Tanýa daýzanyň beren fotosuraty hakynda. Surat ellinji ýyllaryň başynda aldyrylan bolsa gerek. Abdyrahman aganyň keşbi meniň her gün gören, synlan adamymyň sypatyna gabat gelýär. Ol wagtlar peýwagtyna häli-şindi surata düşülmeýärdi. Belki, alysda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna ibermek üçin aldyrandyr. Egninde adaty eşik bolsa-da, ýüz-gözündäki adaty bolmadyk aladasyzlyk suratçynyň haýyşy bilen bir pursat dörändir diýse boljak. Onuň gözlerindäki ýakymly garaýyş welin, üýtgewsiz. Göz – kalbyň aýnasy. Arsen daýynyň: ”– Abdyrahman aganyň özünden perzent ýokdy. Inisi hyrsyz aýalyny hem üç ogluny agasynyň ýanynda goýup, Özbegistana gidýär, başga aýala öýlenýär. Bärde galanlaryň agyr keşigi Abdyrahman aganyň başyna düşse-de, ony ýük görmedi. Ýöne öz aýalynyň ölümi oňa juda agyr urgy bolupdy. Ýüki deň çekişip gelen mährem aýal kyrkynjy ýyllaryň aýagynda ölüpdi. Uly howluda ertirden agşama ody öçmedik ojak söndi. Şeýle-de bolsa, oba ýerinden gelýänleriň ýoly kesilmedi. Men muňa gözli şaýat, bir ýyl syn¬ladym. Şähere, bazara gelýänler howluda ulaglaryny goýýardylar, ýadanlar, suwsanlar öýüň giň eýwanynda arkaýyn otu¬ryp çaý içerdiler, gümür-ýamyr ederdiler. Abdyrahman aga olaryň gapdalyndady, ýaltanman ugradardy. Dil bilmeýänleri, ýol bilmeýänleri edaralara, syrkawhanalara alyp giderdi. Sen tanyşmyň, nätanyşmyň, gurplumyň, hor-homsumyň, parh goýmazdy, gapydan gelenler ondan güler ýüz, bugdaý sözü¬ni tapardylar. Ýene bir bellemeli zat, kör köpük almazdy, al diýip ýalbaryp duranlary-da gördüm. Abdyrahman aga ýyl-gyrardy-da: ˝Pul berermen bolsaň, şu golaýda howly gyt däl˝ diýerdi. Tüýs ýürekden aýdylan söze utanardylar. Dogrudanam, olaryň ýaşaýan Zamanowskiý köçesinde bazarçylaryň düşýän howlulary bardy, tölemeli baha bardy. Abdyrahman aga eşegarabasy bilen obalara deri ýygnamaga çykanda, adamlar onuň edýän ýagşylygynyň öwezini dolmak islegi bilen ony çaý-nahara, dem-dynç almaga çagyrardylar. Abdyrahman aganyň belli bir myhmanýeri bardy. Derilerini mugt berjek bolardylar, ol her derä ölçegine, hiline görä baha kesip, hökmany suratda bahasyny tölärdi. * * * Indi pikir edip otursaň, ol adamlaryň türkmenler bilen ysnyşmaklarynda diliň hyzmaty az-küç bolmandyr. Seniň bilen ene diliňde gepleşýän adama, milleti başga bolsa-da, keseki diýmäge asla diliň barmaz ekeni. Ol seniň bilen bir ýurtda, bir şertlerde ýaşaýandygynyň üstesine-de, psihologik ýakynlyga geçýär. Oňa seniň ynamyň artýar. Diliň üsti bilen ol seniň halkyňa, geçmişiňe, ata-baba etniki däpleriňe ýakynlaşýar. Aýratynam hökümetiň, häkimligiň bähbidin¬den ugur alman, adaty ýaşaýşyň emri bilen diliňi öwrenen, seniň bilen ysnyşyp ýaşamaga endik edinen adamlara hormat artyk bolýar. Abdyrahman şeýle adamlaryň biridi. XX asyryň kyrkynjy-ellinji ýyllarynda Mary şäherinde ilatyň köplügini düzýän ruslaryň tapawutly tarapy, olar ermeniler, azerbaýjanlar, özbekler, tatarlar ýaly ýerli ilat bilen olaryň dilinde gepleşmäge asla höwesli däldiler. Sebäbi döwlet dili rus dilidi. Döwlet dolandyrylyşy rus dilinde alnyp bar¬ylýardy. Rus dilini bilmek türkmenler üçin anjaýyn gelejegi üpjün edip biljek zerurlyga öwrülipdi. Rus dili adamlaryň özara düşünişmekleri üçin serişde bolmagyndan başga-da, durmuşyň ähli basgançagy babatda ýokary göterilmegiň zerurlygydy. Ol bilimliligiň alamatyna öwrülipdi. Şahyr Ataköpek Mergen rus maşgalasynda myhmançylykda bolup¬dyr diýip gürrüň ederdiler. Ol oba gelip: ˝Bäh, olar juda bilim¬li adamlar ekeni, ýumruk ýaly çagalar näme, eýýäm şolaram orusça gepleşip otyrlar˝ diýipdir. Şeýle-de bolsa, türkmen dilini bilýän şäherlilere ýerli ilatyň arasynda bolmak ruhy taýdanam, maddy taýdanam peýdalydy. Muny men ermenileriň mysalynda gördüm. Meniň mekdepde okan ýyllarymda olar ruslardan soň uly topary düzýärdi, türkmen dilinde gepleýäni köpdi. Seniň ene diliňde gepleýän adama mähriň artýar, seniň araňdan gitmegini isläňok, giden ýagdaýynda ýit¬gini duýýarsyň, gussa batýarsyň. Meniň obadaşlarym Nina mugallymanyň obada galmagyny, türkmene durmuşa çykmagyny isläpdiler. Bir gün harby deňizçiniň eşigindäki uzyn boýly, görmegeý rus ýigidi Nina mugallymanyň ýanynda peýda boldy, oňa öýlenipdir diýdiler. Biz gynanypdyk, ol Nina mugallymany alyp gider öýdýärdik. Ol soň harby gul¬lukdan boşap geldi, biraz mahal mekdebiň kitaphanasynda işledi. Biz oňa-da Wiktor mugallym diýdik, onuň türkmen dilinde gepläp bilmeýändigine gynanýardyk. Ol dil öwrense, obadan gitmejek ýalydy. Belki, Nina mugallyma-da şony isländir, rus ýigidiniň türkmen obasyna imrikmegine garaşandyr? Bolmady, Wiktor obadan gitdi, soňra Nina mu-gallyma-da gitdi, ondan ýakymly ýatlamalar galdy. 1943-nji ýylda obamyza işlemäge gelen başgyrt gyzyny kakamyň ýanyna alyp barýarlar. Gyz göz doktorydygyny aýdýar. – Adyň näme? – Anfisa. – Biz saňa Aýna diýsek gaty görmersiň-le, gyzym. Anfisa obada ˝Aýna dogtor˝ bolup galdy, türkmen dil¬inde suwara gepledi. Şäherlä durmuşa çykyp, obadan gider öýdüpdiler, durmuşa-da çykmady, obadanam gitmedi. Soňky ösdürimler oňa Aýna eje diýýärdiler. Elli ýyl oba hyzmat etdi, obada aradan çykdy, ony musulman däbi bilen oba öwlüýäsinde jaýlap, aşyny-suwuny berdiler, ony kesekidir öýdýän ýokdy, obadaşdy. Men bu günki Mary şäherine gezelenç edýärin. Oglanlykda gören ymaratlarym, köçelerim ýok. Merkezi köçe indi şahyr Mollanepesiň adyny göterýär. Köçäniň öňki ady Pol¬toratskidi. Ol görnükli bolşewik bolupdyr, aklar ony göz edip atypdyrlar diýip öwredilýärdi. Biz munuň üçin nähilidir bir gynanç duýmazdyk. Iň bärkisi, ol Türkmenistanda-da ýaşamandyr, ony tanaýan, bilýän ýokdy. Biziň şäherlerimiziň, obalarymyzyň, köçelerimiziň nähili at götermelidigini partiýa guramalary çözýärdi. Bu meselede biziň haýsydyr bir hukugymyzyň bolmalydygy hakynda oýlanmaýardyk. Bu gün merkezi köçäniň ugrunda patyşa Russiýasyn¬dan galan jaýlaram ýok, olary soňky sowet emeldarlary ýykdylar, ideologiýanyň humaryna maýyl bolup ýykandyrlar öýdäýmäň, ýykyp, kerpijini, agaçlaryny satdylar, puluny kisä urdular. Bu gün iki tarapy boşlaw köçeden barýan adamlary synlaýaryn. Olar tükel türkmenler diýen ýaly. Iki-ýeke başga milletli göze ilýär, olaram gartaşan adamlar. Hä diýmän bu şäherde gaýry milletli adam tapylmasa gerek. Bu ýagdaý meni begendirenok, Meniň okan ýyllarymda bu köçäniň ugrunda dürli milletden bolan adamlaryň ýüzüni görse bolýardy, dillerine gulak asyp bolýardy. Bu dürlülik durmuşa, ýaşaýşa täsinlik, gyzyk berýärdi. Töweregiň, dünýäniň giňligine düşünýärdiň, her milletiň adamlaryny daşky dünýä, olaryň ata watany bilen baglaýan ýollar bardy. Serhet diýen düşünjäniň çägi örän giňdi. Serhet daraldy, ýollar kesildi, bagda saýraýan dürli guşlaryň owazy kesilen ýaly boldy. Bir saz guralyndan orkestr düzüp bolmaýşy ýaly, bir medeniýet dürli medeniýetiň öwüşginini berip bilmeýär. Umuman, Gündogaryň şäherleri, şol sanda gadymda, orta asyrlarda meşhur bolan Mary şäheri-de dürli milletiň köplügi, senetiň, sungatyň, medeniýetiň dürlüligi bilen syýahatçylaryň, taryhçylaryň ünsüni çekipdir. Bu dürlülik ýerli ilata-da oňaýly täsirini ýetiripdir. Gadym¬dan galan ýadygärlikler bu aýdylany tassyklaýan iň degerli delildir. Eýse, biz indi bu eşretden, ruhy baýlykdan binesip ýaşamaly bolarysmy?!. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |