12:26 Ýiten ýurt -18: Soñky ýol. Mazarystan | |
18. SOŇKY ÝOL. MAZARYSTAN
Ýatlamalar
Bu gün 2008-nji ýylyň 7-nji apreli. Dogduk obama aýlanmaga çykdym. Elli iki ýyl ozal bu obadan Aşgabada, ýokary okuw jaýynda okamaga gidipdim. Okuwy tamamlap, paýtagtda işe başladym. Köçelerde gabat gelýän adamlar maňa nätanyş, ýaşuly hökmünde salam berip geçýärler. SSSR döwründe ýagdaý başgaçady. Özümi görmeselerem, telewideniýeden çykyşlaryma seredýärdiler, gazet-žurnallardan eserlerimi, kitaplarymy okaýardylar. Mahal-mahal oba gelemde, töweregimde hyrydar garaýan gözleri görýärdim, uly-kiçi gadyr bilen salamlaşyp geçerdi. Häzir ol adamlary ýer hopan ýaly, asyl tanyş ýüz gabat gelenok. Kileň ýaş-ýeleňler, olar bu barýan adamyň kimdiginden, şu obada doglandygyndan bihabar. 15 ýyl ozal Nyýazowyň meniň adyma, döredijiligime girizen gadaganlygy hakydasy kelte adamlara täsirini ýetiripdir. Ýigrimi bäş ýaşdan aşakdaky ös-dürim meniň döredijiligimden asla bihabar. Kitap okamaga ram etmedik nesil ýetişdi. Şu kitabymyň sahypalarynda beýan edilen oglanlyk döwrümiň yzlaryny görerin öýdüp çykdym. Oba dört tarapa giňäpdir. Kätmen uran, pagta ýygan meýdanlarymy mellek ýer paýlapdyrlar. Geçen ýyllary ýatladaýjak daragtlardan, de¬pelerden, jaýlardan, ýaplardan, güzerlerden nam-nyşan ýok. Täze melleginde işläp ýören adama ýüzlendim: – Çakyma görä, brigadanyň düşelge tamy şu ýerräkde bolmaly, gapdalynda süýji suwly guýusy bardy. – Ýalňyşmadyňyz, çak edişiňiz ýaly, şu ýerde, guýy meň mellegimiň edil ortasynda galdy. Biz ýorunja ekilen mellegiň ortasyna ýetdik. Tekizlenip, ýer bilen deňlenen guýynyň agzyny agaç-ugaç bilen basyrypdyr. Agaçlary ikiýana zyňyşdyrdy. Oglanlyk döwrümiň pen¬jiresi açylýan ýaly boldum, tolgundym, sokur göze meňzeýän gara deşigi gördüm. Kyrk-elli ýyl ozal bu guýynyň başynda bolup geçen wakany göz öňüne getirdigimçe, gussa batdym. Görogly begiň ölmezinden öňinçä ýumrulan galasy bilen hoşlaşýan pursatyny ýatladym. Oglankam eposyň şu ýerini diňlämde, gözüme ýaş inerdi. Gyrata gülli ýorunja berilýän ahyr pytrapdyr. Toýnakdan, ýaldan galan Gyrat eýersiz, uýansyz entäp ýör. Kyrk ýigidi, dost-ýary bireýýäm ýagty ýalançyny taşlap gitdi… Men öz günlerimi ýatlaýaryn. Jöwza yssyda daş guýynyň sowuk suwuny içen, bile işläp, bile oturyşan adamlarym nirede? Olaryň köpüsi şu ýerden garalyp görünýän hatar agaçlaryň aňry ýüzündäki Möwlamjan atly mazarystanda ýatyr. – Inim, sen aňrujy ýagdaýyň bolsa, bu guýyny gömmegin – diýdim. Hamala, şol guýy gömülmese, kalbymdaky ýatlamalar soňky ösdürimlere galaýjak ýaly. Öwlüýädäki mazarlaryň sähelçe wagtdan ýitip gidişi ýaly, ýatlamalaram adamlar bilen gabra gidýär, adamlaryň hakydasyndan öçýär. Hakyda meselesinde türkmenleriň biagyrylygyny gara tagtanyň ýüzüne ak hek bilen ýazylan ýazgyny öl esginiň süpürişine deňese bolar. Mellegiň eýesi meniň gussamy dargatmagyň aladasy bilen: – Maksadym-a gömmezlik – diýdi. – Guýy gazýanlary ça¬gyrjak, içini arçasalar, agzyna beton gurşaw etsek, derde ýarar bu guýy, suwam içmezçe däl, mal-hala bolanda-da bolýar-a. Bu etsemler edil şu pursat onuň serine gelendir öýtdüm, onuň höwesjeň görünjek bolmasy maňa ýaramady. Täze mellek ýerleriniň arasyndan çekilen köçeler meniň oglanlyk döwrümdäki obalaryň köçelerini ýatlatdy. Gyşda batga, tomusda tozana çümersiň. XX asyryň ýetmişinji ýyllarynda obamyzyň köçelerine asfalt düşäpdirler. Häzir ondanam oňly zat galmandyr, galanja ýerlerem gemrik-ýumruk. Şol ýyllarda hojalyklaryň salan anjaýyn kerpiç tamlary tutuş könelipdir, başa inen agyr zamanyň zarbyny keseden synlap oturmaly. Obanyň tozgunlygy öňi bilen köçelerden başlanýar. “Karskoý bag” gurapdyr ýeke agaç galmandyr. Onuň ýer¬inden ýigrimi bäş ýyl ozal orta mekdebiň kaşaň jaýyny salyp¬dylar. Oňa meniň okan ýediýyllyk mekdebimiň “11-nji” diýen belgisi miras galypdyr. Bagyň köçe tarapyndan ellinji ýyllarda salnan ýazky klub topragyň zeýine çydaman ýumru¬lypdy. Onuň ýerinden gyşky klubyň görnükli jaýy bina edil¬ipdi, gelen-gideniň gözüne ilýärdi, her ýyl ýedi müň tonna ýüpek pagta öndürýän kolhozyň kuwwatyndan degerli bir nyşandy. Tomaşa zalynyň diwarlaryny türkmen şahyrlarynyň onusynyň iki metr ölçegdäki portreti bezäpdi. Klub ot aldy, ýarym salkynda küle öwrüldi, şondan soň obadan bereket gö¬terildi. Mekdebiň töweregine aýlandym. Käýerde keliň saçy ýaly birki düýp agaç şor ýeriň duzundan ezýet çekip, göýdük çaga kimin ösüp bilmän otyr. Topragyň ýüzi pos sepilen ýaly ýakymsyz görünýär. Ýapjagazlar, peller suwdan doly, siňmän sadyr bolup ýatyr. Adamlar zeýi entegem az görýän ýaly, ýogsa topragyň poslap ýatmazlygy üçin bir alaç tapardylar. Ýa-da mekdep jaýynyň kem-kemden ýumruljakdygyna bolan ynam olaryň biweçligini aklap biljek delile öwürläýdimikä? Bu ýagdaýyň gutulgysyzlygy olary ýakymly arkaýynlyga, biperwaýlyga, dowam edýän tozgunlyga dahylsyzlyk keseline uçradaýdymyka? Bu problemanyň oňyn çözgüdi üçin döwletiň önjeýli kömeginiň zerurdygy belli zat, ýöne her adamyň, her hojalygyň bitirmeli işleri-de bar. Şu zerurlyga düşünilişi nähili? Oglankak traktorçy Durdugyň mellegindäki bagy dessanlardaky Erem bagyna meňzederdik. Men bu hakda kitabyň başky babynda ýazypdym. Häzir şol bagyň bolan ýerini synlap, ýene gussa batýaryn. Gurany sebäpli çapylan agaçlaryň jomurtak töňňeleri garalyşyp, adam tenine düşen ýaranyň yzlaryny ýatladýar. Toprak merhumyň bedeni ýaly jansyz ýatyr, bereketden nyşan galmandyr. – Näme sebäbe beýle bolýar? – diýip, janygýaryn. – Ýapdan suw gelenok – diýýärler. Oba aýlanyp gelenim üçin, bu sebäbiň garşysyna delilim bar. Şol ýap obanyň orta gürpüne çenli dolup akýar. Guran mellek, guran agaç ýok, näme üçin siziň tarapyňyz gözgyny ýagdaýda diýýärin. Taýýar bahanany aýdyp arkaýynlaşýarlar: obanyň arçyny, miraba ýaby gazdyranok. – Özüňiz ýygnanyşyp gazaýaňyzda bolanokmy, mellek siziňki ahyry! Kiçi inilerimden ýigrimi iki ýaşly Muhammet: – Bolýar, ýöne adamlaryň agzy birigenok – diýdi. – Berekella, ine, şeý diýsene! Muhammet dowam etdi: -– Biri beýlekisiniň aýdanyna gulak asanok. Öz-ä etjek däl, ediläýse-de iki paý suw aljak, mellegini öňürti suwarjak. Biz ýaly nalajedeýin ýog-a! Biziň işimizi görýän – jähennemçilik! Jähennemçilik umytsyzlygy döredýär, umytsyzlyk adamyň ýaşaýşa höwesini ysmaz edip taşlaýar. Söwet döwrüniň kolhozlaryndan galan ortalyk emläge talaň salyndy. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň orta¬synda emeldarlaryň başlan galtamançylygyna deňäp boljak ahwalaty tapmak başartmasa gerek. Kolhozlaryň ýatyrylyp , olaryň ornunda daýhan birleşikleriniň döredilýändigi hakyn¬da Nyýazowyň permany çykdy. Ana, şonda alan-aldylygyň jaňy kakyldy diýse bolar. Ogurlamagyň, para almagyň ýeser usuly tapyldy. Kolhozyň mallary, ýerleri, enjamlary kärendesine berlip başlandy. Muny oba hojalygynda bazar ykdysadyýetine geçmegiň möhüm basgançagy hökmünde mahabatland¬yrdylar. Üleşikde esasy paý emeldarlaryň haýryna boldy. “Üleşdirene – üç gaz, beg ogluna bezbeltek, iki tata bir ördek” diýlenini etdiler. Ýolbaşçylar bäşläp, onlap alan mellekleriniň daşyndan on, ýigrimi, elli gektar ýeri kärende diýip, öz hojalyklaryna berkitdiler, onda-da iň gowy ýerleri! Daýhan mellek, kärende paý almak üçin emeldarlara para bermelidi. Kolhoz maly, easasan, emeldarlaryň, olaryň garyndaşlarynyň, ülpetleriniň emlägine öwrüldi. Biziň obamyzdaky sagylýan ýedi ýüz sygyrdan indi derek tapjak gümanyň ýok. Kärendesine paý alanlaryň köpüsi ölüp gitdi, yzynda galanlar ”biz ol zatlardan bihabar” diýýärler, sypmagyň ýoluny agtarýarlar. Prokuratura, polisiýa işgärleri hasapdan çykarylmadyk köne sanawlary wagtal-wagtal galdyryp, eger alnan emläk döwlete gaýtarylyp berilmese, jenaýat işiniň açyjakdygy bilen haýbat atýarlar, ýene para-peşgeş alyp, köşeşen bolýarlar. Kärende paýlanan her üç sygryň birini para hökmünde holtumyna ildiren emeldarlar birmahal işden kowuldylar ýa-da türmä düşdüler. Soňra bäş-alty tapgyr emeldar gelip geçdi. Her gelen galan emlägi dargatmagy iş edindi. Kolhozyň hasabyndaky ammarlar, düşelgeler, mal ýataklary, garažlar, çagalar baglary ýykyldy, gurluşyk materialy hökmünde satylyp, kisä uruldy. Obanyň ortasyndaky maşyn-traktor parkynyň ýedi-sekiz gektar meýdany tutup ýatan ulgamyny synladym. Bu ulgam ýetmişinji ýyllarda kolhozyň kuwwatly mahalynda saln¬ypdy, onuň içinde awtomatlaşdyrylan ussahanalar, göteriji kranlar, her hili stanoklar işleýärdi. Galtaman emeldarlar ony dargadyp, kiselerine girjek puly hasaplap ýörkäler, ýokardan görkezme gelipdir. Ony “Oba hyzmat” diýip açylan edara bermeli edilipdir. Agzy ganly möjekler boş ýalmandyrlar. Haýsy edara berilse-de, ol ýerde-de ýuwdarha azlyk edenok. Bu ulgamyň ezeneginiň galjagyna ynam edýän ýok. Penjireleriniň aýnalary döwlüpdir, diwarlaryň ýumrulan ýerleri galdyrylman ýatyr. Garaz, munuň hem ýumrulyp, kerpiçleriniň, agaçlarynyň satyljak mahaly daşda däl diýdiler. Talaňçylyk dowam edýärkä, men wagtal-wagtal dogan-garyndaşlary görmäge oba baryp gaýdýardym. Men soňky emeldarlaryň kolhozdan galan emlägi dargatmaga, gemirmäge bolan gaýratyny, başarnygyny sarygarynjalaryň häsiýetine deňäp biljek. Sarygarynja öňünden çykan agajy gemrip, ýoklap barýar. Olaryň etmişini men Möwlamjan öwlüýäsine baramda, haýran galyp synlaýaryn. Täze mazar galdyrylypdyr, başyna, aýagyna ýaglyk daňlan agaç gömlüpdir. Aňyrsy bir ýyla ýetirmän, sarygarynja şol belginiň daşyny suwap, içini iýip goýar. Iri çöp sähelçe ösdügi garynjanyň höregine öwrülýär. Şol meýdanda biz merhumlarymyzy jaýlaýarys. Obada bolsa, sarygarynja öwrülen emeldarlar kolhozdan galan uly emlägi ýalmadylar. Tozdurylan obada haýy gaçan obadaşlarym galdy. Bu sapar obada bäş gün boldum. Ýetmişden geçen agam bilen ýetmiş ýaşa iki ýyly galan inim obanyň ýaşuly topar¬yna goşulyp, her gün iki, kä gün üç ýere gitmeli bolýar. Şol gidişligiň agramy ýas bilen bagly. Bir bendäni şu gün jaýlaýarlar, başga biriniň üçi, ýene biriniň ýedisi ýa-da kyrky, garaz, merhumy ugratmak, ýas ýerinde oturmak ýaşulularyň esasy aladasyna öwrüldi diýilse, küpür geplendigi bolmaz. Köçeden bir topar ýaşuly barýar. Men gabatlaşyp, olar bilen elleşip salamlaşýaryn, synlaýaryn. Olaryň hemmes¬ine häsiýetli bolan bir alamatly aýdaýyn. Olaryň ýüzünde bimöçber alada, ruhy öçgünlik görýärin. Içinde iki-ýekesi menden uly bolmasa, galanlary ýaşytdaş ýa-da ýaşkiçi. Bilini dik tutup durany ýok diýerlik. Maýrylan adamlar, aýagyny kynlyk bilen alyp ýöreýäni bir ýa iki däl. Ýüzleri gasyn-gasyn ýygyrt, gözlerde uçgun görnenok, şikesli. Birgiden adam gözüni operasiýa etdirmäge pul tapman, kör bolup galypdyr. Men aýdylýanlaryň hakykatdygyna gabat gelen adamlaryň bolşuny synlamda göz ýetirdim. Käbiri ýüzümi oňly görüp bilmän, sesimden tanady. Bu adamlar bimahal ölüp giden ýü¬zlerçe deň-duşdan diri galan topbak. Olaryň hem güni sanagly. Olar Ezraýylyň ýakadan iljek gününiň golaýdygyndan howpurganoklar, olar günde-günaşa özlerinden has kiçileriň jynazasyna durmaly bolýandyklaryndan howpurgaýarlar. 1970-nji ýyllarda dörän anekdot. Bu anekdotyň döreýşini maryly sazanda Amannazar bilen baglaýarlar. Obadan çykan gölegçileriň tabydy göterip, tozan turzup, haýdap baryşlaryny synlap duran bir kişi gapdalyndaky Amannazara ýüzlenýär: “Bular haýalrak ýöränlerinde bolanokmyka?” Amannazar: “Geň görme, iki reýs etjekdirler” diýipdir. Bu anekdoty eşidip, şol ýyllar gülerdiler, olaryň gülküsinde bigamlyk äheňi bardy. Amannazaryň şorta degişmesi bu gün aýylganç reallyga, hakykata öwrüldi duruberdi. Şonda-da adamlaryň degşesi, gülşesi gelýär, ýöne gülki bilen gülkiniň arasynda parh bar. Biri süýji, beýlekisi ajy gülki. Şu günüň ajy gülküsinden dörän anekdot. Tomus yssyda öwlüýäde merhuma gabyr gazyp duranlar. Toprak juda gaty bolansoň, gazýanlar halys ysgyndan düşüpdirler. Dem alaly diýmäge-de pursat ýok, hä diýmän gölegçiler geljek. Taňkadaky suwam gan ýaly gyzgyn, kepäp duran agzyňy ölleýär diýäýmeseň, bedeniňe kuwwat berenok. Merhumyň içki jaýyny gazmaga başlanlarynda, obadan biri haýdap barýar: “Pylanam öldi, onam öýlän çykarjaklar, ara salym ber¬män oňa-da jaý gazyň” diýýär. Işläp duran adam dikelýär-de: “Ortasy eýwanly iki jaý edäýmesek, aýratyn gabyr gazmaga gurbat galan däldir” diýipdir. * * * Men ýene obamyzyň günbatar tarapyndaky Möwlamjan gonamçylygyna geldim. Her gezek oba baramda kakamyň, ejemiň dogan-garyndaşlarymyň, obadaşlarymyň mazar¬laryna aýlanmak, olaryň, ruhlaryna aýat okamak endigime öwrülip gitdi. Bu zyýaratyň maňa edýän täsiri, umuman, türkmenleriň merhumyna bolan gatnaşygy hakynda “Haky¬da” atly kitabymyň “Zyýarat” bölüminde ýazypdym. Ýedi ýyl ozal onuň rusça terjimesi Moskwada çap edilen hem bolsa, türkmen dilinde okyjylara haçan ýetjegi belli däl. Meniň eser¬lerime girizilen gadaganlyk dowam edýär. Öňki zyýaratymdan bäri sekiz aý geçipdir. Sowet zaman¬ynda öwlüýä çekilen asfalt ýoldan diňe sudur galypdyr. Tabytda merhumyň süňňi siltenmesin, soňky ýoluna rahat gitsin diýlip, ýola ilki çagyl, üstünden galyň asfalt düşäpdirler. Çagylyny, asfaltyny kemmäge çekinipdirler, ogurlasalar, Möwlam pir göz görkezer öýdendirler… Ondan bäri otuz ýyl geçdi. Bu ýoly çekdiren döwlet dargady, ondan galan ýoluň asfalty oýmur-oýmur gopupdyr, gyralary kertilipdir, çukurlar, gazganaklar dirileri-de, merhumlary-da rahat gitmäge goýanok. Bu ýagdaý garaşsyz diýilýän täze döwletiň emeldarlaryny biynjalyk etmeýän bolarly, ýogsa olar öňki döwleti hudaýsyzlykda aýyplamak keýpinden çykdylar. Gonamçylyga barýan ýollary bejermegi mazarlaryň töweregini rejelemegi dini ynanja laýyk gelmeýän alada hökmünde düşündirjek bolýan köpbilmişler ýene tapylýar diýdiler. Mazar näçe çalt ýitse, musulman bendesiniň ahyrýeti üçin haýyrlymyş. Geçmişde türkmen çarwalary göçden galýan mazarlaryň ýitmegini isländirler, kähalatda başga örä göçül¬ende, olaryň üstünden süri geçiripdirler diýýärler. Duşmanlar bilmesin, öç üçin gördäki jesetleri çykaryp zyňmsynlar diýen gorky bolupdyr. Ýeri, bu gün ol ätiýajyň näme zerurlygy bar? Kim seniň öwlüýäňe, mazaryňa tokunjak? Olara biziň biperwaýlygymyzdan, biagyrlygymyzdan başga howp ýok. Köne ynançlary wagyz edýänler olaryň nähili ýagdaýda, nähili şertlerde dörändigini bilenoklar, bilýänleri-de ýa-ha bilmezlige urýarlar, ýa-da, garaz, bir bähbide eýerip, üýtget¬mekden çekinip duranoklar. Ündelýän ynanjyň adam aňynda ornaşmagy üçin olara ýaşaýşyň tozgunlygy, pikirlenmäge ukypsyz, aýdylana ynanyp oturan bisowat adamlar köpçüligi gerek. “Mazar çaltrak ýitse gowudyr” diýýänler öz tiresiniň ýaşulusynyň mazarynyň üstüne gümmez galdyrmaga garşy bolmazlar. “Näme üçin siziň mazarlaryňyz galmaly-da, biziňki ýitip git¬meli?” diýjegi özlerine duşman tutunarlar, ol bendä “iman¬syz” diýilmegi-de ähtimaldyr. Bu ýylky gurak ýazyň alamatyny gonamçylykda-da görýärin. Mazarlaryň töwereginde gök ot-çöp ýok. Geçen ýazda gelemde bol ygaldan möwç alan syrkyn bir garyş galan ekeni. Bu ýyl sarygarynja ”ýalap” çykan ýaly töw¬erek ýalaňaç. Ýygy ýerleşen mazar tümmekleri köpelipdir. Soňky wagt merhumlaryň jaýy has ýanaşyk gazylýar. Muny gonamçylygyň meýdanyny tygşytlamak üçin edilýärmi ýa-da mazarlaryň daşyna germaw aýlanmagyna, ýadygärlik galdyrylmagyna gabanjaň garalmagynyň netijesimi? Ikisini-de inkär edip bolmaz. Mowlamjan gonamçylygy uly, telim oba merhumyny jaýlaýar. Ýer barha darlyk edýär, gapdaldaky ekin meýdan¬laryndan goşmaça ýer berilýär. Biziň obamyzdan öwlüýä gelýän ýoluň alkymynda iki-üç gektar tut ekilen meýdan bar, häzir agaçlaryny goparyp, tekizläp başlapdyrlar. Eger ol gonamçylyga berilse, sähelçe ýyldan bu meýdanyň hem mazardan doljakdygyna şübhe ýok. Häzir dogulýan az, ölýän köp. Bu hasap az sanly halka ýitip gitmek howpuny salýar. Gurbangeldi aganyň mazary-da şu gonamçylykda, ony ýylyň başynda jaýlapdylar. Ömrüniň köp bölegini şäherde ýaşan-da bolsa, soňky ýoly dogduk obasynyň üstünden düşdi. Şu kitabyň dowamynda telim gezek men bu ýaşulynyň sözüne salgylandym. Ol kakamy gowy tanan, bile işleşen adamlardan ýeke-täk diri galanydy, indi ol hem ýok. Togsan iki ýaşy arka atyp, ýagty ýalançydan ötdi. Kakam ikisniň mazarlarynyň arasy ses ýetim. Meniň kitabymda ady agzalan adamlaryň hemme¬si diýen ýaly şor topragyň goýnunda ýatyr. Ýitip barýan mazarlaryň başujunda goýlan kerpijiň ýüzündäki ýazgyny okap, tümmegiň aşagynda ýatanyň Rejep Weldurdydygyny bilýärin. Onuň beýle ýanynda Ata Bagajygyň mazary ýatyr. Bu iki adam bilen bagly obada aýdylyp gelýän gürrüňi ýatlaýaryn, biygtyýar ýylgyrýaryn. Olaryň ikisi-de Germaniýa SSSR-e çozmazyndan öňinçä harby gulluga alnypdyr. Urşy Polşanyň serhedinde garşylaýarlar. Sowet goşuny yza çekilýär. Ýakdyrylan obalaryň, şäherleriň ilaty-da duşmandan gaçýar. Başly-baratlyk. Ertir çagy, ümre gaplanan howada Ata Bagajygyň gözi tanyş ýüze düşýär. Ilki geňirgenip durýar, soňra golaý baryp, siňe-siňe seredýär… Hakykatdanam bu ýüz Rejep Weldurdynyň ýüzi! Ýöne welin, onuň egninde harby eşigi ýok. Bu juda geň. Köne güpbi geýipdir, kellesinde kirli papak. Sakgal-murty ösgün. Egninde bir halta ýük. Elindäki taýagy bilen öňündäki sygry süren kişi bolýar. Sygry iýdip barýan gartaşan aýalyň egninde-de uly düwünçek, bir elinde-de bedre. Ata Bagajyk nätjegini bilenok. Uzyn burun, kiçiräk gözler, ýasy eňek, uzyn boý – bular Rejep Weldurdynyňky. Galagoply wagt alysda obadaşyňa gabat gelmek suwsuzlykdan ysgyny gaçanyň çeşmä ýetişi ýaly ýakymly. Rejep Weldurdy töweregine garaman barýar, ýüzüni galdydanok. Bu alamat Ata Bagajygyň göwnüne ýakymsyz şübhe salýar. Bu barýan adamyň hakykatdan hem obadaşydygyna göz ýetirmek üçin indi diňe onuň sesini eşitmek galýar. – Rejep!.. Rejep... – Rejep Weldurdy hä berenok, asyl başynam galdyranok, ümsüm gidip barýar. Eýýäm meni gören bolmaly diýen pikir Ata Bagajygyň serine gelýär. Ol obadaşynyň alkymyna dykylyp barýar. – Rejep, salawmaleýkim!.. – Jogap ýok. Ata Bagajyk onuň beýle gapdalyna geçýär. – Aýatda diri bolsaň, sen Rejep bolmaly. – Jogap ýok. – Rejep, men Ata Bagajyk, senem Rejep Weldurdy! Salawmaleýkim!.. – Merez waleýkim! – Rejep Weldurdynyň sesi!.. – Geç-de gidiberd-ä! Tapdyň salamlaşjak wagtyňy! Müňläp adam geçip barýar, gidiber-dä senem. – Ol sygra taýak urýar, öňden barýan aýala gygyrýar. – Mama!.. mama, byssyro, byssyro... Ata Bagajyk gaýdyp söz diýmeýär, şübhesiniň dogrudygyny tekrarlaýar: ”gaçgak işigaýdan!..” Soňra Rejep Weldurdy söweş meýdanlaryndan, ýüzläp oba-şäherlerden, tokaý-düzlerden aşyp, dogduk obasyna gelýär, gelşine-de Welmyrat milisiýanyň girisine düşýär. Ikinji öwre ellinji ýyllaryň başynda oba dolandylar. Ata Bagajygam uruşdan sag-salamat gelipdi. Soňra ikisi Polşa serhedinde bolan duşuşygy ýatladylarmy, ýokmy, ony bilemok. Bu wakany obadaşlaryna Ata Bagajygyň aýdany welin, belli, ony Rejep Weldurdynyň aýtmajagyny bilýänsiňiz... Ine, ýene bir frontçynyň mazary... Peselen mazar tümmeginiň başyndaky kerpije ýazylan ady kynlyk bilen okadym: Gurt Gara. Bu adamyň bir eli maýypdy, goşar süňki owranypdyr, barmaklary çala gymyldaýardy. Uruşda görkezen edermenligi hakynda hiç zat bilmesek hem ugur tapyp, oba ýazan hatyny komandirden geçirişini henize bu güne çenli aýdyp ýörler... Gurt Gara-da urşuň ilki aýlaryndaky gaça-gaçlyga ga¬bat gelýär. Emma “bärdäki ilat agyr ýagdaýy esgerleriň öýe ýazýan habarlaryndan bilmeli däl, şonuň üçin hem iberilýän hatlary berk barlamaly!” diýen görkezme berilýär. Gara Gurt hatynda yza çekilýäris, gaçýarys diýmändir-de: “Şu gidişimiz ýaly gidip otursak, bizem basym öýde bolarys” diýip ýazyp¬dyr. Komandir haty saklamandyr. Bagty çüwüp, uruşdan gelenlerden häzir iki-ýekesi bo¬laýmasa, galany gara ýeriň astynda ýatyr. Nijemasynyň jesedi ýat ülkelerde galdy, olar şu mazarystanda ýatmagy küýsäp, arman bilen öldüler. Ýene bir mazaryň başynda saklanýaryn. Bu ýerde Orazgeldi Mommadow ýatyr. Altmyş ýaşa ýetmän, aradan çykdy. Ýigrimi ýyl kolhoza başlyk boldy. Ýetmişinji ýyllarda kolhoz Çkalowyň adyny göterýärdi. Kolhozyň kuwwatynyň, bereketiniň göterilen ýyllary. Obanyň köçelerine asfalt düşelipdi, oblastda ilkinjileriň hatarynda hojalyklaryň öýüne tebigy gaz çekilipdi. Ägirt uly maşyn-traktor parky, iri şahly mallar üçin mehanizmleşdirilen kompleks gurlupdy. Medeniýet köşgüniň kaşaň jaýyna guwanyp oturmalydy. Öýlere telefon çekilipdi. Üzümiň iň gowy sortlary, hatda Täjigistandan hem getirilip, 150 gektar meýdana ekildi. Gün şöhlesinden nur alyp bulduraşýan hoşalar seredenleri haýran ederdi. Dört gektarda ösdürilen smorodinanyň hasyly ýetişende, şäher edaralary nobata durup alardylar. Ýene şonça meýdany tutan limonariýany görüp, gelenler haýran galardylar. Kolhozyň bedewleri Marynyň, Aşgabadyň aýlawlarynda baýrak alardy. Obada syrkawhana, ýene bir mekdep jaýy salnypdy. Agyz suwy üçin hojalyklara krant çekilip başlanypdy… Mazarystanlyga barýan asfalt ýol Orazgeldiniň başlyk döwri çekildi. Öwlüýä girilýän ýerde ýörite çyzgy bilen bina edilen beton meýdançada hormatly adamlara bagyşlap miting geçirmek niýetlenipdi, merhuma hoş sözler aýdylmalydy. Orazgeldiniň özi-de hoş söze mynasyp adamdy. Emma ony bisyýak edip, wezipeden boşadypdylar. Göripler, kümsükler ony ýepbekläp keýpden çykypdylar, köpçülik agzyna suw alan ýaly sedasyz oturypdy. Soňky ýyllaryň tozgunçylygyna duçar bolanlar Orazgeldini ýatlanlarynda ahmyr bilen hyrçlaryny dişleýärler: “Häk, gadyryny bilmändiris!” diýýärler. Orazgeldi döwründe toplanan baýlyk, bina edilen ymaratlar, ýetişdirilen baglar dargadyldy, ýumruldy, hazan ýeli çala¬na döndi. Ýyllar boýy mazarystanda biten çöpi gemrip, ýok edýän sarygarynja hojalyklaryň jaýlaryna-da howp salýar diýdiler. Delil hökmünde ýykylan jaýyň ýerini görkezdiler, sarygarynja düşüpdir. Jaýy obanyň çetinde, uly zeýkeşiň boýunda guran ekiniler. Zeýkeş öwlüýä bilen aralykdan geçýär, ol sarygarynjanyň ýoluny kesip bilermikä? Mellek ýerleri öwlüýäniň gabadyna ýetipdir. Olara sarygarynjadan gutulmak başardarmyka? Bu nägehan ganatly, uçup-gonup bilýär. Ýöne adam sypatyndaky ýuw¬darhalar has-da aýylganç! Men oglanlyk döwrümdäki obanyň ýatlamalaryny şu zyýarat bilen tamamlamakçy bolýaryn. Bu ýerde golaý döwrüň adamlary ýatyr. Olar sowet zamanynda doguldylar, ýaşady¬lar. Indi olaryň okan, ýazan elipbiýi-de, kitaplary-da ýok. Olaryň ýaşan döwleti – SSSR on ýedi ýyl ozal dargady. Soňky ösdürim bilen ara ruhy, medeni boşluk, wagt diwary düşdi. Diwardan aňyrda galanlar bärkileriň, bärdäkiler aňyrkylaryň hatyny okap bilenoklar. Latyn elipbiýini, jemgyýetiň näderejede taýýardygyny hasaba alman, äsgermän, höküm bilen girizen serdar nesilleriň arasynda bolmaly medeni baglanyşygy kesip taşlady, maksady öňki nesilleriň taryhyna, ynanjyna atanak çekmekdi, şony başardy diýse-de bolar. Ýitmedik mazarlaryň sany meniň bilýän obadaşlarymyň sanynyň ondan birine-de ýetenok, galan köplükden nam-nyşan ýok, ýitip giden mazarlaryň ýerinde duz zerarly ýüzi kesmeklän gara boşluk ýatyr. Ol ýerde kimleriň jaýlanandygyny bilýän ýok. Entek ýitmedik mazarlaryň başu¬junda merhumyň ady ýazylan kerpiçler bar. Zeýli topragyň süňňünden çykýan ajy duz hä diýmän kerpiçleri owradyp taşlar, soňra näbelli bolup galan mazarlar tekizlener gider... Şu kitaby meniň oglanlyk döwrümiň obasy täze nesilleriň hakydasyndan ýitip gitmesin diýen niýet bilen ýazdym. Meniň ýazgym merhumlaryň ady ýazylan kerpijiň zeýiň zoruna çydaman, owranyp, gara topraga garylyp gidişine meňzeş şum ykbala duçar bolmaz diýen umydym bar. Soňy. Noýabr 2006-njy – awgust 2008-nji ýyllar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |