12:54 Ýiten ýurt -2: Aýgyr goja | |
2. AÝGYR GOJA
Ýatlamalar
«Aýgyr» sözüni ilki haçan eşidenimi takyk aýdyp biljek däl. Çagalykda her sözüň ýatda galmagynda bir wakajygyň täsiri bolmaly diýip düşünýärin, soňra wakalar unudylýar, sözler welin, daşa ýazylan ýaly ýadyňa ornaýar. «Aýgyr» sözüniň erkek eşeklere aýdylýandygyny bilýärin, diňe bir bilmegem däl, onuň manysy bilen bagly takyk wakany mysal getirip biljek. Bular ýaly waka oba ýerinde häli-şindi bolup dur. Deme gelýän ýekeje maçy eşek erkek eşekleriň telimsini oda salyp bilýärdi. Eger gowaça meýdanyny göz öňüne ge¬tirip bilseňiz, waka juda aýdyň görner. Işe gelenler eşeklerini örkläp, gowaçaly keşlerde kätmen urup ýörendirler. Birdenkä eşekleriň arryldysy asmana göteriler. Olaryň nämeden tebil tapandygyna düşünmek kyn däl. Öwez burnuň ýoknasyz heleýi ýene deme gelýän eşegini münüp gelipdir. Düýnki başagaýlykdan soň brigadir oňa: «Demden çykýança murtar eşegiňi meýdana çykarma» diýip sargady. «Ýatakda durany bilen käşgä ol haýwan demden çykýan bolsa!» diýip, Öwez burnuň aýaly öz eňegine tutdy. Ol bähbit araýan ekeni, öz urkaçy eşegini tohum eşege çekip, daýaw, ýorga kürre aljak ekeni. Obadaky meşhur tohum eşegiň eýesine ýalbarypdyr, bir gezeklikçe eşegiňi gysganma diýipdir. Eşegiň eýesi gygyryp başlapdyr: « Saňa bir gezek, oňa bir gezek... meň eşegimi maýryp taşlajak bolýaňyz. Daýanar ýaly bir araba ýorunja getir!» diýipdir. «Haram eşegini Göroglyň Gyratydyr öýdýär – diýip, Öwez burunyň aýaly ýakymsyz güldi. – Heý-de, artybyny öle sokup çykarany üçin, utanman, bir araba ýorunja getir diýip bolarmy?! Adamlarda ynsap galmady». Hawa, Öwez burnuň aýaly ýoknasyzlygyny edip, ýene maçy eşegini münüp geldi. Erkek eşekleriň arryldysy düýnkiňem çaky bolmady, üýn-gulak alyşdyranok. Haýsy biriniň sesi belent çyksa, mada eşek şoňa ýetäýjek ýaly bolmajysy boldular. Syn edip dursaň, arlamak olara-da aňsat düşenok. Arlamak üçin göwräňe bat bermeli. Badyň zarbyna eşegiň garny güberýär, garnyny boşadanda gysylyp çykýan bat bokurdakda güýçli sese öwrülip, agyzdan çykýar. Be¬dene düşýän agramyň juda güýçlüdigini bir ýagdaýdan bilse bolýar, kähalat ony eşegiň syrtam saklap bilenok, partyldap ses edýär. Eşekleriň turuzýan gohuna kätmen urup geçirilmeli yssy günüň tukatlygy bir sellem unudylýar. Oglanlara-da oýun gerek. Garagollaryň biri ýandaklykda örklenen gök eşegiň teblesini sogrupdyr. Tomaşanyň hezili indi bar, oglanlar el bulap, şowhun turuzýarlar. okdurylyp barýarka-da, haýbat bilen arlaýan gök eşegiň öňünde duran özüň bolma, basgylap geçer. Häzir ony ur, endamyna ýara sal, eger-eger, piňine-de almaz, ol maçy eşekden başga gara görenok. Maçy eşegem agzyny dyngysyz açyp-ýumup, gök eşegiň gelip, üstüne hopba bolaryna bisabyr garaşýandygyny bildirýär. Ýöne gök eşegiň aşmagyna Öwez burnuň heleýi razy däl. Sesine bat berip, arlany bilen iş bitenok, göwresinde, güýjünde artykmaç ýeri barmy! Käşgä, onuň haýsy eşegiň tohumyndandygy bilin¬meýän bolsa! Mährigözeliň kejir eşeginiň dölüdir-dä! Öwez burnuň aýaly: ˝Ogultäç, eşegiňi owarra et – diýip, gygyrdy, kätmenini galdyryp, eşeginiň namysyny goramak üçin topuldy. – Haram gatanyň maňlaýyny ýaraýyn-la!» Onuň yzyna düşen oglanlaryň galmagaly eşekleriň arryldysy bilen goşulyşyp, gelnalyjy gelendäki şowhuna meňzeş başagaýlyk döretdi, Bir ýerden brigadir haýdap çykdy, gazabyna tutdy: ˝Eşegiňi mün-de, işden güm bol! Adamlary güýmäniň üçin bolsa, bäş günlük zähmetiňi kesýän!˝. Öwez burnuň aýaly jyňkyny çykarman, böküp gaňňa mündi. Aýgyr eşek arlap, onuň daşynda öwrüm edýärdi, niýetinden el çekmändigini, ýöne gaňňada oturan aýalyň işi kynlaşdyrandygyny, eger aşaýsa iki aýagynyň Öwez burnuň aýalynyň egnine düşjekdiginden ýaýdanýandyr diýdirýärdi. Oglanlar gök eşegi gabap tutdular. Öwez burnuň aýaly binesip galan eşegini münüp oba gaýtsa-da, aýgyr eşekler mahaly bilen köşeşmediler. Maçy eşegiň howa ýaýran demini burunlaryny ýelä tutup, yhlas bilen sordular. * * * Men adama aýgyr diýlenini biraz soň eşitdim. Bu ýazgyda gojanyň adyny tutmagyň zerurlygy ýok, adyny tutsam, altmyş ýyl ozal ölüp giden bendäniň ruhunyň biynjalyk bolmagy ähtimal. Men baramda, ol oraçasynyň gapdalyndaky tekjäniň töwereginde aýlanyp ýördi. Bir zat gözleýändir öýtdüm, ýogsa meniň golaý baranymy duýma¬lydy. Duýmady. Ýöremesini goýup, elindäki hasa düwünçegi burnuna ýetirdi, ýüzüni ýokary tutup, ony ysgady, bägül ýaly gaýta-gaýta ysgady, içine sorýan demi paşyk burnunyň tüýli deşiklerinde ses etdi, lezzet bilen gözlerini süzüp, ýakym bilen demini yzyna goýberdi, biz köýnegiň içinde somalan eginleri peseldi, tutuş göwresi salpardy. Soňra ähli edenini ýamaşgandan başlady. Men hasa düwünçege ünsli garadym, oňa temmäki düwlendir öýtdüm. Ýok, temmäkiden gara görünýär. Näme bolup biler? Golaý barmakdan gorkýardym, özi görer, näme üçin gelendigimi sorar diýen umyt bilen garaşdym. Goja hereketini üçünji öwre gaýtalamaga durdy, ýöne bu gezek ysgamazdan öňinçä düwünçegi gataňsy barmaklary bilen mynçgady. Kellämiň hamy syzlaşyp gitdi. Şol gödek barmak¬lar hä diýmän meniň kellämi owkalar. Gojanyň ýanyna saçy¬my syrdyrmaga gelipdim, ejemuň zoruna çydaman gelip¬dim, ýogsa bu sapar saçymy ýiti päkili garyndaşymyz Eşşi syrar öýdüp arkaýyndym. Garaşdyk, garaşdyk, gelmedi, çöle gyrkyma gidipdi, gyrkymçylaryň köpüsi dolandy, ol gelmedi. Garaşyp, tamamyz halys tala daňlanda, bizi gojanyň penjes¬ine bermek endige öwrülipdi.25 Men bu gojany harabada mesgen tutan baýguşa deňeýärdim, Ol mellegiň aýagujundaky igdelikde ýaşaýardy. Bu gabşal ýere meniň ýaly ýörite mejbur bolan geläýmese, ötegçi görmersiň, köçeden sowady. Goja howa maýlandan tä güýzüň aýagyna çenli, bir metr belentlige galdyrylyp, üsti su¬walan tekjäniň üstünde, gyşyna-da oraçada ýatyp-turýardy. Ony ýanyna göçürip getiren gyzy bir gezek ejemiň ýanyna oturmaga gelende zeýrendi: ˝Kaka, sen il-günüň ýanynda meni ýüzügara edýäň, dilimi gysga edýäň diýýän. Saňa al-lanäme tamkepbe salyp berdik, peç oturtdyk, hezil et-de ýaşaber şonda diýýän, edenok. Maňa seň kepbäň derkar däl, maňa heleý tapyň diýýär, hakyt, çyny bilen şeý diýýär! Ýakamy tutandyryn, oň bolşuny bir görsediňiz, saňa ýalan – maňa çyn, möňňürip aglamaga oturdy, gözýaşy sakgalyndan syrygýar, çaga ýaly ýalbarýar, heleý aljak diýýär! Äý, akly çaşan garry, seni heleý başyna ýapsynmy diýmeli, diýmäge dilim baranok, doga-da alyp gördük, peýdasy bolmady, henizem – bir heňi˝. Şu sözler ýadyma düşse-de, gojanyň häzirki bolşy bilen onuň baglanyşygynyň bardygy pikirime gelmändir. Onsoňam gojanyň bolşundan belli bir many alyp bilmän kösendim. Gorkudan, ýaýdançdan ýaňa galpyldap durun. Çagalykda ýi¬grenç galapyn gorky bilen bagly döreýän bolsa gerek. Men gojadan gorkýardym, gözüme ýigrenji görünýärdi. Men onuň ýanyna bialaç geldim, sekiz ýaşly oglan hem bol¬sam, bialaçlygyň nämedigine düşünmäge ýetişipdim. Gorky bilen gorkynyň arasyna parh goýmagy-da başarýan ekenik. Bu ukyp bize dogabitdi berlipdir. Adatça, çaga ýylan-içýandan, ýarak itden, garaňky gijeden gorkýar. Bu tebigy endik, geň zat ýok. Gorkak diýip, iki-ýeke üstüňden güljek tapylar, sähel wagtdan unudarlar. Çaga-da bolsak, biz kolhoz başlygyndan, brigadirden, mekdep direktoryndan gorkýardyk. Bu gorky üçin seniň üstüňden güljek tapylmaz, sebäbi bu duýgy ululara-da degişlidi, ony aýypdyr öýdýän ýokdy. Biz oglan hem bolsak bu iki tüýsli gorkynyň parhyna düşünipdiris, düşünişimiz gönümelem bolsa, dogry ekeni. It diňe seni ýarýar, diňe sen awunýarsyň, kolhoz başlygynyň, brigadiriň gazaby diňe seniň başyňdan inmez, maşgalaňyzy horlarlar, ene-ataňy işden kowarlar, jerime salarlar, saňa-da ýumruk dadyrarlar. Biziň çaga beýnimiz jemgyýetiň syýasy-sosial ugruny seljermekden juda daşda hem bolsa, biziň üçin şol jemgyýetiň buýran ýolundan gitmek endigi haýwanlara buýrulan tebigy endikden pes bolupdy diýip biljek däl. Meniň oglanlyk ýyllarym ýigriminji asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ikinji, ellinji ýyllarynyň birinji ýarymyna gabat gelipdi. * * * Gorky hakynda aýtmaly bolsa, waka gyt däl. Gözleri tra¬homaly çagalaryň ak ýektaýly Aýna doktordan gorkuşlaryny neneň aýtmajak! Özüm trahoma derdinden halas hem bol¬sam, jebir çekýänleriň bolşuny günde-günaşa görüp ýördüm. Örgünli gabagy çöwrüp, mawuja basardy. Mawuja diýilýän derman otluçöpüň uzynlygyndaky taýajygyň ujundady, oňa reňkine garap at beren bolsalar gerek. Onuň awusy açyk ýara ýod dökendenem beter diýýärdiler. Sözi şerebeli adamyň dilini-de mawuja deňärdiler. Trahomanyň örgüni mawuja per permedik halatynda ony gyryp aýyrmaly, ýogsa gözüňiz kör bolar diýip, Aýna doktor göni aýdardy. Göz gyrlanda duýdansyzlyga hem zorluga ýüz urulýardy. Göz dogtorlar mekdebe soňky sapak gutarmanka duýdan¬syz gelerdiler, gözi gyrylmaly okuwçylary klasa gabardylar. Gabaw mugallymlaryň hem gatnaşmagynda iki tarapdan başlanýardy. Klasa girilmezden ozal penjireleriň daş ýüzünde garawul goýardylar. Sypmak üçin aýnany döwýänler-de tapy-lýardy. Gözi gyrylmadan halas okuwçylary goýbererdiler. Içerden eşidilýän yzlaşygy diňläp durmaga höwesek bolma¬sa-da, iň bolmanda, golaý ýaşaýan klasdaşyňa garaşyp güý¬menmeli bolýardy. Garaşmagyň hupbaty öz gözüň sagdygy¬na ynamy azaldyp barýandyr. Gyrlan gabakdan akýan gan daşary çykanlarynda-da galmazdy, gan gözýaşa garylýardy. Aglap, halys ysgyndan düşen görgüliler ellerine berlen pagta bilen gözlerini süpürmegi-de unudardylar. ˝Sen-ä züwwük ekeniň, goý-how, aglamasanaý!˝ Biziň hemaýatymyz şu sö-zlerden aňry geçmezdi. ˝Ýitsene, janymy ýakmasana, seň gözüň gyrlan bolsa, balagyňa siýerdiň˝ diýen jogap eşiderdik. Gabagyň iç ýüzündäki örgüni gyryp aýyrýarlar diýlende, men demir gyrgyç bilen gawun, garpyz paçagynyň gyrlyşyny göz öňüme getirerdim. Her näme-de bolsa, trahoma keselinde adamyň mertebes¬ini kemsidip biljek ýaramaz many bardyr öýdülmezdi. Ine, kelleriňki welin başga gep. Kel bolan özüň bolma. Adyň gap¬dalyna ˝kel˝ sözüni ýelmärler, tä ölinçäň ˝pylan kel˝ bolup galarsyň, onsoň göwnüňe ýaran gyzy hem alyp bilmersiň, ˝biz-ä kele gyz bermeris˝ diýerler. Kelleriň bet bolýandygy hakyndaky ynanjyň haçan dörändigini kesgitlemek kyn. ˝Keliň iň ýuwaşy köprüň aşagynda ýatyp, eşek ürküzer˝ diýýärdiler. Diýseň-diýmeseň, olar özleri hakyndaky pikiriň mamladygyny subut etjek bolýan ýalydylar, ümsüm kele duşaýmak aňsadam däldi. Ýa-da özleriniň kemsidilmegine garşy protest hökmünde edýärmikäler? Kellige uçuran oglany-da, gyzy-da mekdepden alyp gi¬derdiler. Şäherden duýdansyz gelerdiler, köplenç keselhananyň maşyny bilen gelerdiler. Kellesini baş-ýara tutanlary, oglan-my-gyzmy, parhy ýok, üsti ýapyk maşyna dykardylar. Iki-ýeke aýal, çagaňy guduzlan it ýardy diýen habary eşiden ýaly, etek alty-ýeň ýedi bolup, haýdap gelişlerine maşynyň ýapyk aýnalaryna maňlaýlaryny urardylar, Ulagyň içinde çagalary aglaýar, daşynda olar. ˝Meň maslygymy basgylap äkidersiňiz, şondan bärde gidibilşiňize gidiň-dä!˝ diýip, Orazly çopanyň hor aýaly nadaralyga tutýar. Onuň bäşinji klasda okaýan gyzyny maşyna salypdyrlar. Görgüliniň howsaladan ýüregi ýarylyp barýar, ýöne şäherden gelen ak ýektaýly aýallar oňa düşünjekmi diý! Ol sary saç, ak ýüzli, owadan orus aýalyň golundan ýapyşyp, ýalbarýar: ˝Oba arasynda men neneň edip ýaşaýyn, gyzymyň bagtyny baglamaň! Näme em etmeli bol-sa, öýümde edeýin, gyzy kel balnise gitdi diýilmesin!˝. Tertip-düzgüne seretmek tabşyrylan beden-terbiýe mu¬gallymy oňa herrelýär: ˝Aýryl, ol seň diýýäniňe düşünenok˝. ˝Meňkä düşünmese, sen düşündir-de aýdaý, ýa diliňden kireý isleýäňmi?! Öz gyzyňy maşyna basan bolsalar, näderdiň? Ýaby ýaly gyzyňa kel diýdirip, arkaýyn ýaşarmydyň? ˝Gyzyňy basmaçylar äkidenok, hökümetiň dugtorlary bejermäge äkidýär, aňyrsy on günden bejerip, gül ýaly edip getirerler. Öýüňe git, mekdebiň ýanynda galmagal turzup durma˝. ˝Wah, seň gyzyňy basmaçy äkitsin, galtaman äkitsin, nemis äkitsin!˝. Olar dawany gutarýançalar maşyn bat alyp gidýär, Ora¬zly çopanyň aýaly ýer ýumruklap galýar. Kelleriň keselhanasyna äkidilýänler bir hepde-on günden gaýdyp gelerdiler. Kelleleri gyzyl kündük, iod bilen suwa¬landy. Saç örýänçä gyzlar ýalykly, oglanlar telpekli gezerdiler, klasda-da çykarmazdylar, mugallymlaram zat diýmezdiler. Käbirini keselhanada köpräk saklardylar, iki-üç gezek äki¬dilýänleri-de bolýar, ana, şolaryň adynyň gapdalyna ˝kel˝ sözüni ymykly ýelmärdiler. Ejem: ˝Saçyňy syrdyrman gez bakaly, kelläňi baş tutsa, men-ä seň yzyňdan şähere, kel balnise gatnaman, bek belle şuny˝ diýdi. * * * Öz aýajygym bilen ýigrenji gojanyň ýanyna geldim. Gaýtmankam bir kündük suwy depämden guýdum, saçym ýumşar öýdýärdim. Saçymyň düýbüne çöken kirşen ýumşan bolaýmasa, saçym-a ýumşana meňzänok, çaýyr ýaly bulaşyp ýatyr. Sähel salymdan gyzgyn şemal ony guradyp taşlady. Indi jeza garaşyp durun. Bu gojanyň saç syryşyny jezadan başga zada deňäp bolmaz. Onuň etjek hereketini jikme-jik göz öňüne getirýärin. Kütek päkisiniň aşagyna düşen ada¬my horladygyça, onuň keýpi göterilýär. Häzir öňi bilen onuň diýjek sözüni bilýän, gara taňkany elime tutduryp: ˝Saçyňy ez˝ diýer. Taňkadaky suw saçyňy oňly öllemäge-de ýetmez. Kelläňi çapgy agajynyň üstünde goýýan ýaly, boýnuňy sallap, jeza başlanaryna garaşyp oturansyň. Kirli kelleden syrygýan gara damjalar gözüňi awuşadyp başlar. Gözüňi owkalajak bolarsyň, eliňi gymyldatmakdan gorkýansyň, şol barmana sümügiň sallanyp gelýändir, ony barmagyň bilen köýnegiňe ýa balagyňa çalarsyň. Elýaglyk diýen zady bilmezdik. Päkini depäňden aşaklygyna goýberen goja jabjynar: ˝Ümsüm otyr˝. ˝Gözüm awuşaýar˝. ˝Syrtyň awuşanokmy?!˝. Depäňde baýguşuň jakyrdysy ýaly gojanyň nejis gülküsi eşidiler. Kütek päkini basdygyça, senem ýegşerip barýansyň, gulagyňdan dartyp: ˝Dik otur!˝ diýip gygyrar, ýene ýegşeräýseň, kelläňe şarpyk deger. Wagtal-wagtal depäňden suw guýar, duýdurman guýar, olam syrylan saçlary ýüzüňe döker, soňra gözüňi açyp bilmersiň. Garaňkyda göwräňi ýarak it dalaýan ýalydyr. Kelläň hamynyň zol-zol kesilýän¬digini ýaraňa basylýan külüň awusyny dadaňda bilersiň. Nämäniň külüni basýar, Hudaý bilsin! Ojaryň küli däldig-ä belli, gowaça çöpüň ýa-da sygyr tezeginiň külüdir, syrkynyň küli bolaýmagy-da ähtimal. Ýa-da nas basaýýarmyka? Awusy ýüregiňe düşüp barýar. Näme-de bolsa, çydamalydy, gaçyp gitmejegiň belli. Ýarpysy syrylan alabeder kelle bilen nirä gidersiň! Soňabaka kütek päki gojanyň öz ýüregine-de düşýän bolsa gerek, birden päkini eliniň tersi bilen zyňyp goýberer. ˝Tur, alyp ber!˝ Päkini ýabyň içinden tapyp getirersiň. Jeza dowam eder... Gojanyň bu saparky bolşy öňkülere meňzänok. Onuň elindäki hasa düwünçegiň içinde neşe ýaly bir zat barmyka? Eger onuň neşe bilen arasy bar bolsa, men bu mahala eşiderdim-ä. Obamyzda sanlyja neşekeş bar, olaram uludan-kiçä bilmeýän ýok. Olara ”pes käre ýüz uran” adamlar diýerdiler, märekede orunlary kül üstündedi. Gojanyň bolşy meni aňk etdi. Ol birdenkä köne balagynyň uçguryny çözdi, meniň golaýda duranymy görýän däldir, görýän bolsa, uçguryna ýapyşmazdy. Balagynyň öň tarapyny açyp, eglip içine seretdi, gerjeşdi, ýagyrnysy tüňňerdi. Hasa düwünçegi balagynyň içine sokdy, soňra düwünçekli elini hereketlendirip başlady. Onuň bolşy düwünçegi bir zada oýkaýana meňzedi. Hereketini barha batlandyryp barşyna, iki tarapyna esewan boldy, meniň aňalyp duranymy gördi, tisgindi, eliniň-aýagynyň gymyldysy galdy. Soňra ýitelen gorkunç gözlerini göni ýüzüme dikip, bu duran oglanyň kimdigini tanajak bolýana meňzedi. Şol pursaty indi göz öňüme getirýän. Wagşy haýwanlary görkezýän dokumental filmde jeňňeldäki ejizje keýigiň gaplaňa duşýan pursaty ýadyma düşýär. Gaçyp sypmaly keýigiň aýaklary saňňyldaýandyr, gaplaň bolsa, ony nädende aňsat penjesine gysyp biljegini peýleýändir. Goja uçguryny daňmaga derek, çermegini bek tutdy, onuň bir zat peýleýändigini bada-bat aňdym, gaçmaga häzirlendim. Gojanyň içine çöken owurtlary müňküldedi, ýasy eňegine ýelmenen ýaly görünýän bulaşyk, kirli sakgaly iki tarapa dar¬tyldy… ˝Hä-ä-äýt!˝ Men yzyma ökje göterdim, gaçyp dogry edendigimi gap¬dalymdan atylyp geçen gol boýy kesewini göremde bildim. Gojanyň bokurdagyndan çykan gyryk sesden näme diýenini aňşyrmadym, elbetde, sögünýändir, başga näme diýsin!.. Ejemiň ýanyna gelen goňşy aýallar dargaman ekeni, olar meniň saçymy syrdyrmaga gidenimi görüpdiler. Gören ah¬walatymy sakawlap gürrüň berdim, bahana arap özi gaçyp gaýdandyr diýmezler ýaly, wakanyň gorkunç tarapyna basym berdim. Dogrusy, bir ýerde ýalanam sözledim, yzymdan zyňlan kesewi ökjäme degdi diýdim. Gojanyň gorkunçlygyny näçe artdyryp bilsem, şonça-da peýda, şonda meni gaýdyp onuň ýanyna saç syrdyrmaga ibermezler öýtdüm. Aýallaryň bolşy meni juda geň galdyrdy. Entek men aýdyp gutar-mankam, olar biri-birine çiňerlip başladylar. Ejem: – O garry haýran oýun edipdir, sen düşünmänsiň – diýdi. – Men-ä indi gitjek däl. – Bar, goýunlaň öňüne ot dök. Öýüň gapdalyna sowulanymam şoldy welin, aýallaryň zarply gülküsi töweregi sarsdyrdy. Çary akgaň aýaly Ogulnäzik gelneje: – Aýgyr nejisden häzir bolaweriň, heleýleň siýdigini ysga¬ny bilen oňmaz – diýdi. Şol bada hasa düwünçek göz öňüme geldi. Onuň gülkünçdigini duýdurýan ýaly aýallar ýene güldüler. – A gyz, neneň edeýin, şeý diýseler goja görgülä myjabat etmäň diýýän-dä, görmeseň ynanar ýalam däl-dä, eý, toba! – Ogulnabat, il-gün görmän-bilmän bir zat diýmez. Eşek bilen eşegiňem arasynda parh bar-a, erkek eşekleň hemmesi aýgyr bolup baranok. Goja kişiň derdi diýiň-de düşünäýiň, her kime berlen dert bardyr, dertden sypma ýokdur, gürrüňinem etjek bolmaň. Her kimiň çekmeli derdi bardyr diýdim-ä. – Enegarry enäniň sözünden soňra gojaly gürrüň galdy. Men ˝aýgyr˝ sözüniň erkek adamlara-da ýöňkelýändigini şonda bilipdim. Enegarry enäniň sözündäki paýhas meniň aňyma ýyllaryň dowamynda ýetdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |