13:52 Ýiten ýurt -3: "Kraskoý bag" | |
3. "KRASKOÝ BAG"
Ýatlamalar
Biziň obamyz goňşy obalardan parhlydy, artykmaçdy diýseň-de boljak. Biziň obamyzda hammam bardy! Şol sebäpli men "hammam" sözüni-de çagakam eşidipdim. Daşy agardylan uly tama "hammamyň jaýy" diýýärdiler. Hammama barandygym ýadyma düşýär, haýsy ýyldygyny bilemok. Bäş-alty ýaşdan uly däldirin, ýogsam bolmasa, köp zat hakydamda galardy. Ýylan görmedik bolsadyk, bu-da ýadymda galmazdy. Hammama baranymda ýanymdaky oglanlaryň kimlerdigini bilemok. Howanyň salkyn bolandygyny welin, çaklasa bolar, sebäbi hammama girenimizde onuň ýylysy janyma ýarapdy. Ýuwnulýan giň otagyň aşagy, diwarlary simunt (sement) bilen suwalandy. Diwarlara sepläp, tekje galdyrylypdyr, olaram simunt bilen suwalypdyr, syrçalanan ýalydy, typançakdy. Üstünde boş legenleriň durandygy ýadymda. Hapa suwuň akyp gidýän joýajygyna ot bitipdir. Jaýyň ýagtydygy-da ýadymda. Diwaryň boýuna uzalyp gidýän iki sany penjire bardy. Legene nireden suw guýmaly, suw guýdukmy, ýuwundykmy – bilemok. Hammama ýeke özümiň barmadygym belli, sebäbi ýylany ilki gören men däl¬dim. – E-eý, ýylan bar, serediň-eý, uly ýylan! Hon-ha! Gygyrýan oglanyň el uzadan tarapyna seretdim. Gulaç boýy gara ýylan hapa suwuň daşaryk akýan deşigine tarap süýnüp barýar. Hapa suwuň, otuň arasyna sümdi gitdi. Köýnek-balagymyzy garbap zut gaçdyk. Hammama seredýän aýal koridorda duran ekeni. Gygyryşdyk: – Ýylan bar! Goçak gara ýylan! – Dilini çykardy! – Çakjak boldy! Aýal güldi. – Jüllügiňize ýapyşmady dälmi? – ol ýene güldi. – Häý, syçaklar!.. Hany, görkeziň maňa şol ýylany. Gaçdyk. Şondan soň hammamyň jaýyna girenim ýady¬ma düşenok. Häli-şindi gapdalyndan geçerdim. Hammam obanyň ileri ýakasyndan çekilen kese köçäniň orta gürpünde¬di, iki tarapa-da deňlik bolsun diýendirler. Biziň obamyzyň ýörite düzülen plana görä ýerleşdirilendigi belli. Ulular gürrüň arasynda ˝posýola göçüp gelnende˝ diýerdiler. Diýmek, ilki proýekt düzülip, şol taslama görä-de mellek ýerleri paýlanandyr, köçeleriň gyrasyndan öý dikmek buýrulandyr. Sekiz sany dik köçäni ortadan, ileri çetden geçýän kese köçeler birleşdirýärdi. Goňşy obalarda beýle ter¬tip ýokdy, gara öýler seçme ýaly pytraňňy dikilendi. Has-da beteri, biziň obamyzy görke getirmek üçin obanyň edil orta¬synda alty-ýedi gektar meýdana bag ekipdirler. Bu bag ýöne bir bag däldi, seýil bagy bolmalydy. Miweli agajyň ýeke düýbi-de ýokdy. Ýaňy-ýakynlaram çarwalykda ýaşan ilat bu bagyň sapasyny biljekmi?! Entegem "bag" diýen sözüň manysyny ˝baglamak˝ işligine sepläp oturanlar tapylýardy. Çarwa goşunyň golaýynda agaç gögertseňiz, şoňa-da baglanyp galarsyňyz diýer ekeniler. Obadakylaryň hökümetiň ekip beren bagyna bolan biperwaýlygyny düşündirmekden ötri, bu düşünjäniň belli bir derejede täsiriniň bolandygyny inkär etmeli däl. Dünýäde bag ekmek asyrlaryň dowamynda kämil sungat derejesine ýetirlipdir. Görogly beg: ˝Çarbagly Çandybilden bolar men˝ diýse-de, otuzynjy ýyllarda meniň obadaşlarym hakyky çarbagy göz öňüne getirendirler diýip biljek däl. Onuň gözbaşyny Eýrandan alyp gaýdýandygyny bilmeýänler häzirem azlyk edenok. Adamlar obanyň ortasyna gara bulut çöken ýaly bolup oturan baga "kraskoý bag" diýerdiler. Bu adyň ˝gorodskoý bag˝, türkmençe "şäher bagy" diýen manyny berýändigini-de bilmeýärdik, ýöne onuň üýtgeşik ekilendigini welin aňýardyk, görýärdik. Biz üçin bagyň ähmiýeti iki zatdan ybaratdy: miwe bermeli ýa-da saýa bermeli. Bu bag diňe saýalamak üçin, saýada gezim etmek üçin ekilipdir. Agaçlaryň terti¬pli ekilişi, ortasyna aralaşdygyňça öwrümleriň halka gu¬rap, yzyňy tapmaz ýaly täsin tapmaça öwrülmegi, indi göz öňüne getirip otursam, ˝labirint˝ sözüniň manysy bilen kybapdaşdy. Telim ýerde tegelek hem kwadrat şekilli ululy-kiçili meýdançalar bardy. Olar şu ýerde oturyň, dynç alyň, her dürli oýun, tomaşa gurnaň diýen niýet bilen edilen ekeni. Ekilen agaçlaryň köpüsiniň adyny-da bilmändiris. Üýtgeşik gülli, üýtgeşik ýaprakly agaçlar bardy, gyşyna sowuga per bermän gök öwsüp oturanlary-da bardy. Biziň gözümize del görnen şol agaçlar ir gurady. Soňa galanlaryň tut, tal, garagaç, tikenli ”orus agaçdygyny” aýdyp biljek, aýratynam ”orus agajy” çydamly bolup çykdy, köwlenmän galan iki-ýeke düýp häzirem gögerip otyr. Obanyň orta gürpünde kolhozyň kontory, medpunktyň, magaziniň jaýy salnypdyr. Lenin bilen Staliniň bir oturgyçda gürleşip oturan heýkeli dikilipdir. Kolhoza "Synpy göreş" ady dakylypdyr. Ganym baýlara garşy alnyp barlan synpy göreşde ýeňen garyp halk indi kolhoza birleşip, anjaýyn obalarda sapaly durmuşyň hözirini görüp ýaşamaly diýen pikire kim garşy bolsun?! Oba ilaty daň atandan gün batýança kolhoz meýdanyn¬da bil büküp, gara der döküp işlemäge ram etdirilse-de, seýil bagynda dynç almaga ram etmedi, gara öýüniň, kepbesiniň kölegesini amatly, elýeterli gördi. Tomus günleri günortanyň garaňkysynda çaý içim salym ýatyp, gözüniň awusyny alyp bilse, oňa başga dynç gerek däldi, gerek diýende-de tapylanokdy. ˝Kraskoý bagy˝ töwerekdäki hojalyklaryň mal-garasyndan goramak iş bolupdy. Içiniň haşal otuny ýyganlary bilen oňanoklar, goýun-geçisini, sygyryny kowjaklar, eşeklerini örklejekler. Bagyň ýene bir amatly ýeri, onuň içinde arkaýyn oturyp meýdan edip bolýardy. Ozalynda şu amat göz öňünde tutulyp, agaçlar gür ekilen ýalydy. Görer gözden ýaşyryn ýerde, biliňe çenli ýalaňaçlanyp, syrtyňy serginledip, gypynç etmän otur, üstüňden geljek ýok, giň bagda buky ýer gytlyk edenok, golaý töwerekde ýaşaýanlardan başga-da, köçeden geçip barýanam hajaty üçin baga sümüläýýär. Aýagyňy basjak ýeriňe eserdeň garamalysyň, ýogsa aýakgabyňy pohdan arassalamak aňsat düşmez. Petiş yssyda bagyň goýy kölegesine ýetersiň welin, agryljyk porsy ys beýniňe urar. Salkyn saýada dem almaň höwesinden şol bada el çekersiň. Ýa-da adamlaryň etmişine käýinip, owarra bolup gitmelisiň, ýa-da öňi-soňy gelenime görä menem hajatymy bitireýin diýip, köpüň endigine eýerersiň. Bu ýerden gideniň bilen obanyň başga bir ýerinde hajathana tapmarsyň. Ol zaman obada hajathana bolmalydyr diýen düşünje ýokdy, "hajathana" diýen türkmen sözi-de ýokdy. * * * Indi XX asyrda sowet zamanynda ýaşan türkmenlere degişli bolan iki mesele barada gysgaça aýdyp geçeýin. Birinjisi, hammam. Ol hakda gürrüňi başladym. Ikinjisi, hajathana. Dogrusyny aýtsak, onlarça ýylyň dowamynda türkmeniň ýaşaýşynda bu iki zerurlyga üns berilmän gelindi, asyl ony zerurlykdyr hem öýdülmedi. Belki, dünýäde ilkinji bolup sosializmiň görlüp-eşidilmedik binasyny gurdum diýip mag¬tanýan söwet döwletine bu iki zerurlyk juda maýda görnendir? Orta asyr feodalizminden sosializme täsin böküş etdi diýilýän halkyň hammama, hajathana ram etmändigi aýan, eger şony boýun alnan ýagdaýynda, belki, sosial taýdan beýik ösüşlere nähilidir bir ynamsyzlyk dörär öýdülendir? Biziň göreldeli obamyzdaky hammamyň jaýy uruş ýyllaryndan öň salnypdyr. Uruş ýyllarynda-da, edil urşuň yz ýanynda-da kem-käs işläpdir. Beýleki obalarda hammam ýokdy, ilatyň aglaba bölegi "hammam" sözüniň näme aňladýanyny bilmändir. Indi hammamly obanyň ýaşaýşyndan mysal getireýin. Bular meniň oglanlykda gören ýagdaýlarym. Birnäçe hojalygyň bir tamdyry bolardy. Muňa agzybirligiň alamaty diýse-de boljak. Nan bişirmek üçin wagt, nobat bellenilýän mahaly-da bolardy, ýöne özbaşyna tamdyr ýasanjak diýilmezdi. Çörek bişirilen tamdyrda üýşmek köz galýar, ol bihuda küle öwrülip gitse, gynanylardy. Oňa daşkädi gömerdiler, mekge gorsardylar, gorsawa bişirilen mekgäniň ýakymly tagamy, ysy meniň ýadymdan çykanok. Tamdyryň közüne tagam bişirilmedik halatynda ony başga hajat üçin ulanardylar. Oňa geýim kakardylar, has gönümel aýtsak, bit kakardylar. Bu ýerde hiç hili geňlik, gizlinlik ýok-dy, muňa gündelik ýaşaýyşdaky zerurlyk hökmünde garardylar. "A gyz, geýim kakjak bolsaň, tamdyr boşady" diýip, goňşy goňşyny habardar ederdi. Kirli eşikden münderlenen uly legeni böwrüne diräp göterip gelen aýal iki goluna ýeňlik geýip, işe başlardy. Olaryň bit kakyşlaryny biziň synlamadygymyz ýokdur. Bizi tamdyryň başyndan kowjak bolmazdylar. Mata, ýüň boýalanda-da syn ederdik, bit kakylyşyna-da serediber, ýöne geýim kakýan aýala päsgel bermeseň bolany. Howur göterilýän tamdyryň agzyna seredip durmagam kyn. Közüň üstüne gaçýan bitleri göresimiz gelýärdi. Ýeňlik geýnen aýal köze tutuljak geýime ilki seljeriji garardy, adatça, bitiň nirede ýatandygyna ol belet bolmaly. Balaklary – aýalyňky, erkegiňki tapawudy ýok – ilki çöwrerdi, çermekli tarapyny öňe tutup, oduň howrunda biraz wagt saklardy, soňra silkip başlardy. Oda gaçýan bite gözümiz ilmezdi, diňe "şyt-şyt" ses eşidilerdi, gyzgyna çişen bit köze gaçanda ýarylýar diýerdiler. Sese görä, bitiň näçedigini sanajak bolardyk. Biziň bu tomaşamyz bit kakýan aýala ýaramazdy. – Ýüregime düşmäň-ä, owarra boluň! – diýerdi. Hammamly obada-da tamdyra bit kakylandygyny geňlemäň. Görelde üçin salnan hammama ilatyň öwrenişmegi aňsat iş däldi. Herki täzeligiň durmuşa ornaşmagy üçin möhlet gerek, adamlaryň aňyndaky garşylygy ýeňip geçmek gerek. Ýetişen gyzyny, aýalyny hammama iberip, öýde arkaýyn oturjak erkek barmydy diý?! Gep atylmagy, ol bolma¬sa-da, hammamyň gapysyndan, penjiresinden jyklap seretjek haramynyň tapylmagy ähtimaldy. Ozaldan gelýän ygtybarly düzgüne eýerdejik ýaşaber. Çekize haltadan, süzmederiden dökülýän göm-gök dury suwa başýuwluk diýlipdir, öýden çykman şoňa kelläňi ýuwuber! Dolup akýan ýaplarda alty aý suwa düşüp bolýar. Ata-baba türkmen hammamda ýuwunmandyr, indem ölesi ýok! Obalaryň birinde-de hammam salynmady, biziň oba¬myzdaky hammamyň jaýy-da taşlandy. Telim ýyl töweregini ot-çöp basyp, gözgyny ýagdaýda ýumrulyp gitdi. Mekdebe el-ýüzüňi, aýagyňy ýuwup barmalydy. Her klasdan bir okuwçyny arassaçylyk komissiýasyna başlyk belleýärdiler, öz klasymyza men başlykdym. Üsti-başyna seretmeýän, ýaramaz okaýan okuwçynyň başlyk bellenmejegi aýdyň. Şu artykmaçlygy mazamlan bolsam gerek, klasdaşlarymyň käbiri: sen gomparan bolma! diýerdi. Meniň wezipäm klasdaşlarymyň el-aýagyna seredip, kimiň kirli gelendigini anyklamak. Duýduryşa gulak asmaýan geleňsizleri sapakdan öň geçirilýän zarýadkanyň öňüne çykarmalydy. Olara käýinç bermek, utandyrmak nobatçy mugallym üçin ýeterlik temmi däldi: – Guýyň başyna äkit, eşekleň nowasynda ýuwnup gelsinler! – diýerdi. Men tabşyrygyň juda möhümdigini duýdurmak üçin kirlileri nyzama durzup, golaýdaky guýynyň başyna alyp giderdim. Olaryň buýruga boýun boluşlary maňa ýaraýardy. Uzyn nowadaky mallardan galan suwa el-aýaklaryny ýuwmaga başlaýardylar. – Gowuja ýuwnuň! – diýip, haýbat atardym. Sabyn ýokdy. Sowuk suw kiriňi aýyrjakmy! sähel-mähel kir däl-ä, gatap, çora öwrülip giden kir-ä! Gazap aýraýmasaň, başga alaç ýok. Kerpijiň ýa-da agajyň bölegem göze ilenok. Amatly çykalga tapanyma begenip, gygyrýan: – Nowa gazaň! Nowanyň suwa ýumşan agajyna ellerini yhlas bilen gazaýan kirlileriň depesinden garap, brigadirleriň äheňinde serenjam berýärin: – Gatyrak gazaň! Eý, Çary, sen aldatjak bolma, seret, eliň gargaň aýagy ýaly, mugallyma klasa goýberme diýerin. – Diýip geçsen-aý... Onuň gep gaýtarmasy meni kemsidýär, ony agşama çenli guýyň başynda saklamaga taýyndym, arman, häzir klasa jaň bolmaly. Olary gyssap, ylgadyp alyp gaýdýaryn. Nobatçy mugallym olaryň eline seredýär. – Öýňüzde oňat ýuwnup gelmeseňiz, ertir klasa goýbermen – diýýär. Arassaçylyga düşünişimiz juda geň ekeni. Eldäki kir, aýakdaky çor göze ilýär, tutuş bedendäki kiri nirede ýuwma¬ly? Gyş mahaly bedenimize sabyn çalnyp ýuwunýarmydyk? Ýadyma düşenok. Geň galýaryn, nädip ýaşadykkak?! Görelde üçin salnan hammamyň halys egbar bolan jaýyny ýykdylar. Soňra hammamyň jaýyny görmedik nesil "hammam" sözüni-de unutdy, oňa derek orusça "banýa" sözi geldi. Bu söz şähere gatnaýan adamlaryň dilinden oba ýaýrady. Olar şäherdäki banýalarda ýuwunmaga öwrenişip barýardylar, ol adamlaryň arasynda oba emeldarlaram bardy, emma obada hammam salmak olaryň ýadyna-da düşenokdy, bu hakda ýokardan perman berýän-de ýokdy. Tamdyryň közüne bitli geýim kakmak wagty bilen bes edilse-de, ýuwunmaly bolanda, adamlar henizem, esasan, ýaplar, döle ýa-da köne tamkep¬beler bilen oňşuk edýärdiler. Sowet hökümeti türkmen obalarynda köpçülik üçin ham¬mam salman, dargap gitdi. Bu zyýanly endik garaşsyzlygyna eýe boldy diýip mahabaty ýetirilýän Türkmenistanda heniz hem dowam edýär. Her näme-de bolsa, soňky 20-30 ýylyň dowamynda hojalyklarda ýuwunmak üçin ýörite jaýjagaz edinmegiň zerurlygyna düşünýänler artdy, emma umumy hammam salynmaýar, ýogsa gaz çekilen obalar azlyk edenok, suw çekilen ýerler-de bar, ýöne hakyky manydaky hammamlar ýok. Ýeri, bu ýagdaýa näme diýjek, ony näme bilen düşündirjek? Çarwa durmuşyndan galan endigiň zorlugymy ýa-da döwrüň, ýaşaýşyň zeruryýetine jort atmakmy? Ýa-da köne endiklere wepalylykdan nähilidir bir milli özboluşlylyk gözlemegi aňladýarmy? * * * Hajathanaly gürrüň hammamdanam geň, gülkünç. Türkmen dilindäki "meýdana gitmek", "aýakýoluna gitmek" diýen aňlatmalaryň manysyna bu günki nesliň arasynda düşünmejekler bardyr. Obanyň çetindäki meýdanda ýa-da mellegiň aýagujunda çommalyp hajatyny bitirip oturan adamy görüp, onuň bolşuny geňleýän ýokdy. Öz edýän zadyňa näme üçin geň galmaly? Buky ýer, ýap-salma tapylsa, görer gözden gizlenip bolsa ne ýagşy, bolmadyk ýagdaýynda ýelbegeý atynan donuň etegini ýere çenli goýber-de oturyber, gyýwlajak ýok. Eger zartyldyň eşidiläýse welin, gülerler. Bu ýagdaýyň döredýän oňaýsyzlygy hakynda her hili gürrüň eşitse bolýardy. Bir adama gartaşan çagy gökbogma degipdir, donunyň etegine bukulyp, hajatyny bitirip oturan mahaly gökbogmasy tutýar. Bolýar bir başagaýlyk! Soňabaka görgüsiýaman hygyllyň, zygyllyň bokurdakdanmy, syrtdanmy – haýsyndan çykýanyny-da aňşyryp bilmändir. töwerekdäkilere mundan başga tomaşa gerekmi diý! Hajatyňy bitirmek üçin çola meýdan gözlemelidi, Öýüňden esli aralygy geçmeli bolarsyň. Muňa "aýakýoly", "meýdana gitmek" diýilýärdi. Her kim tapan ýerinde oturýar. Aýal-gyzlaryňky has-da kösençli, ikibir giderler, biri oturanda, beýleki töwerege esewan bolar. Adam tezeginden ýaňa joýadan, ýapdan arkaýyn ýöräp bilmersiň, günüň ýit¬iligi bir gowy zat, sähelçe wagtda tezegi guradýardy. Golaýda alnan gelni meýdana alyp barýarlar. Öňe düşen iki gyzyň biri gelniň baldyzy. Gelin paýapyldan geçýän ýaly ädimini juda haýal, seresap ädýär, sähelçe çalt ýörese, gyrma gara köwşi aýagyndan gaçyp galar gorkusy bar ýaly. Başyndaky mahmal, egnindäki keteni köýnek, aýagyndaky ýüň jorap gyzyl çog. Adamlar bägül ýaly gelne ýakym bilen garaýarlar. Gartaşanlar yzda galan hezilligi ýatlap gussa batsalar, ýetginjekler arzuwly günüň keýpini duýup, burunlarynyň deşigini ýellendirýärler, gyjynyp, petekelerini dolduryp dem alýarlar. Her kim gelin hakynda bilmäge ýetişen maglumatyny gapdalynda durana ýetirýär, aýallar has-da ýeteşikli. – Garaýagyzmyka diýdim, ýüzüni oňly görübilmedim, Öýlenen ýigidiň ýakyn hossary ara düşýär: – Aý ýaly ýüzi bar, sadap ýaly dişi bar, kirpikleri hanjar ýaly gezelişip dur, görübilmedigiň gözi çyksyn. – Bizem gördük-le, gazak ýüz, däl diýip bilmersiň. – ˝Aslyňy ýitirseň gazaga öýlen˝, asyl bara, tüýs size gerek gelin ekeni, bolaýypdyr. Ýigidiň hossary hüjüme çydanok, jabjynýar: – Lal bolsan-a, ganjyk. "Ganjyk" jak-jak gülýär. – ˝Gula gul diýseň, ölesi geler˝ diýlenni etme, gyz – diýýär. Soňra bu gelne sözaýdyjy giden üç adamyň başyna düşen ahwalaty bireýýäm eşiden hem bolsalar, edil häzir eşidýän ýaly gyzyk bilen gürrüň bermäge durýarlar, hezil edip gülüşýärler. Üç adamyň biri erkek, ikisi aýal, eşekli gidýärler. Ýeriň aňrujy bolsa nätjek. Uly jaryň, jeňňeliň gyrasyndaky oba diýdiler. Giç ikindi bolanda ýetipdirler. Gije o ýerde ýatyp, ertesi irdenjik gaýdyberjek ekeniler. Myhmanlaryň eşeklerini jaryň boýunda daňyp gelýärler. Irden turup görseler, bir eşegem ýok, boşanyp gidäýdil¬ermikä haram gatanlar... Baryp görseler, asyl ýöne üç eşegiň üçüsiniňem süňki pytrap ýatanmyş! Jeňňelden çykan möjekleriň eden işi. Eşekleriň süňküni gazap gidipdirler, ýüpüň ujunda toýnakdan başga zat goýmandyrlar. Sözaýdyjylary ertesi öýlän atarabaly getirip gitdiler. Hernä uzaga çekdirmediler, guda boldular. Minneti iýlen eşeklerden çekiň diýýänlerem tapyldy, ýogsa ýigidi görmäge geljek ekeniler, gelmediler. Çekilen ýitginiň üstesine ýigide at dakyp gynandyrmaly diýendirler-dä. Men gelne garap durkam başga bir ýakymsyz zadyň pikirini edipdim. Gelniň meýdana äkidilýän ugru ýabyň aňyrsyndaky şorluga tarap. Ýüzüne duz çykyp, agaryp ýatan meýdanyň gutaran ýerinden çöketlik başlanýardy, oňa inen adam bärden görnenokdy. Ol ýerde akbaşdan başga idili ösýän çöp ýok, bu ýer golaýdaky öýleriň aýakýoluna gat¬naýan ýeri. Häzir biziň gözümize bägül dek arassa, owadan görnen gelin gara gyrma köwşüni şoruň gyrpaklan ak du¬zuna batyryp, çöketlige ýeter. Agyr porsy ys haplap burnuna urar. Gelin adam tezekleriniň arasyndan aýak basara arassa ýer gözlär, oturmaga ýaýdanar, gyzyl mahmalynyň, gyzyl ke¬teni köýneginiň etegini poha batyrman, aman-esen dolanmak aňsat düşmez. Yza dolanjak gelni synlamaga höwesiň gaçýar. Obanyň ortasyndaky ak mekdebi göz öňüne getirýärin. Jaň kakylýar, ýüzlerçe okuwçy arakesmä çykýar. Klasda gabyz bolanlar töwerekdäki ýaplaryň, mellekleriň içine pytrap gidýärler. Okuwçylaryňky düşnükli, ýeri, mugallymlar nätdilerkä? Şu sowala jogap bolup biljek görnüşi göz öňüne getirip bilemok. Olaryň arasynda goňşy obalardan gatnap işleýänleri bardy. ”Meýdan” etmegiň mugallymlara-da prob¬lema bolandygy meniň aňyma indi ýetýär! Bu kynçylykdan nähili çykalga tapdylarka? Bilemok. Olaryň ýabyň içinde ýa-da başga bir buky ýerde çommalyp oturandyklary göz öňüme gelenok. Gelmeýäni-de gowy zat. Mugallymlaryň belent abraýyna, olaryň juda parhly bolandyklaryna şübhe döredip biljek görnüşiň ýadymda galmandygyna şükür edýärin, begenýärin. Biziň käbir bolşumyzy akmaklyga, haýwana häsiýetli düşünjesizlige-de deňese boljak. Her kim melleginiň aýagujundan adam boýy çukur gazyp, üstüne iki-üç sany tagta taşlap, daşyna gamyşdan, hyşadan aýmança aýlanda bolman durmy?! Görer gözden ätiýaç etmän, şol ýere aýakýoluna gat¬nabermeli. Bu bir çözülmesi kyn mesele däl-ä! Günde-günaşa obadan şähere gatnap, edaralaryň howlusyndaky hajathana barýan adamlaryň, iň bolmanda, töwerekden ätiýaçsyz täret edip otyrkalar, bu zat obada-da gerek diýen pikir kellesine gelmedimikä? Haýran galaýmaly! Göze dürtülip duran zerur¬lyga akylymyzyň ýetmegi üçin ýarym asyr wagt gerek boldy! Ha-ha! Men 1952-nji ýylda Mary şäherindäki 6-njy erkekler orta mekdebiniň sekizinji klasynda okuwymy dowam etdirdim. Umumy ýatak jaýymyzyň giň howlusynyň burçunda hajatha¬na bardy, ol mahal ˝hajathana˝ sözüni bilmezdik, ˝ubornyý˝ diýilýärdi. Bäş deşikli ubornynyň çukury dolanda, hapany sorup alyp gitmeli maşyn bada-bat gelmezdi, deşiklerden çogup çykýan nejesadyň agyr porsusy beýniňe urardy, ýüregiňi bulardy. Kerpiç goýup, nähilidir bir oturara ýer ed¬erdik. Şeýle bolanda obanyň sergin howasynda buky ýerde arkaýyn oturyp, işimizi bitirmegi küýsärdik. Ubornylaryň ýaşalýan jaýlaryň içinden gurulmalydygy, hapanyň suw bilen akyp gitmelidigi, oňa ˝tualet˝ diýilýändigi bize ýatdy, beýle anjaýynlygy göz öňüne-de getirip bilmezdik. Agyz suwy üçin çekilen krantlaram entek jaýlaryň daşyndady. 1956-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine girdim, 1961-nji ýylda okuwy tamamladym. Bäş ýylyň dowamynda uniwersitetiň okuw jaýynda-da, ýatakhanada-da daşardaky porsy ubornylara gatnadyk. Tualetler paýtagt Aşgabatda-da ýetmişinji ýyllarda gurlup başlanypdy. Häzir XXI asyryň birinji onýyllygy ahyrlap barýar. Türkmen obalarynda porsy ubornylara geçmek tamamlandy diýse bolar. Şonda-da aňymyzdaky köne endigiň wagtal-wagtal ýüz berýändigini şäherlerde-de görse bolýar. Gijäniň garaňkysyna duwlanyp, gizlinräk çüňkde "işini bitirýän" adamlar tapdyrýar. Golaýda dünýä möçberinde hajathana meselesi bilen iş salyşýan guramanyň maglumatyny eşitdim. Dünýä ilatynyň kyrk prosentiniň, ýagny 2,5 milliard adamyň kanalizasiýa sapylan hajathanadan mahrumdygy aýdyldy. Elbetde, Türkmenistanyň ilatynyň köp bölegi şol kyrk prosente girýär diýsek ýalňyşmarys. Obamyzdaky "kraskoý bag", porsy ubornylara ýetilmänkä, suwsuzlykdan, topragyň süňňüne ýaýran şordan ýaňa gurap gitdi. Obada bir mahal beýle bir seýil bagynyň bolandygyny bu gün ýatlaýan ýok diýdiler. Iki-ýeke ýatlajak tapylaýsa-da, olar bagyň salkyn saýasynda hezil edip oturdyk diýmezler, eger diýen tapylaýanda-da onuň aýdýan hezilliginiň nähili manysynyň bolandygyny ýokarda aýdyp geçdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |