14:49 Ýiten ýurt -4: Galtaman gahryman | |
4. GALTAMAN GAHRYMAN
Ýatlamalar
Meniň oglan mahalymdaky obanyň gep-gürrüňi adamlaryň häsiýetine juda ýakynlygy bilen parhlanardy. Gepiň çyndygyny, ýalandygyny, üns bereniňe degýärmi, degmeýärmi, muny biljek bolsalar, öňi bilen gepiň kimden çykandygyny sorardylar. "Hä, pylany diýen bolsa, ynanaýmalydyr", ýa-da: "Äý, pylanyň gepine gulak gabartma" diýerdiler. Esasan, adamyň häsiýetini tutaryk edinerdiler. Mary şäherindäki uly bazara eşekli gidip gelen adam ýolda bolan ahwalaty gürrüň berip, gülüşdirip otyr. Birgiden eşekli ülker ýaly topbak tutup, kirşenli ýoldan gelýär. Ýoluň ýele tarapyndan "Pobeda" maşyny wazlap geçýär. Bazarçylar kirşeniň tozanyna gark bolýarlar. Maşynyň, olaryň deňine ýetende, badyny güýçlendireni belli. Eşekliler maşyndan gygyran adamyň sesini eşidip galýarlar: – Biz-ä şeýdäýendiris! Munuň kimdigini sorap bilmeli däl. Traktorçy Oraz Şamyradyň edäýjek zady! Diňläp oturanlar ol adamyň hamy galyň gyzyl ýüzüni, göçgünlikden keýp alyp, kellesini galgadyşyny göz öňüne getirip, hezil edip gülýärler. Şu oýny Oraz Şamyratdan başga biri etdi diýseň ynanmazlar. Kolhozyň goýun fermasynyň müdiri Çary akga bol saçagyň başynda mes bolup oturan. Ol aýdym-saza ýüregini berip ýören adam bolmasa-da, myhman ýeri hormat edip, bagşy çagyrypdyr. Çary akga öňünde ýatan gapjykdan ak guýruk ýüzlük puly sogrup alýar-da, bagşynyň öňüne zyňýar, gollary bilen uçup barýan guşuň ganat urşuny ýatladyp: – ˝Durnanyňy˝ aýt, gyşş şiken! – diýip, gygyrýar. Bagşy ýüzüni asmana tutup, Girman bagşa öýkünip, ˝Durnanyňy˝ aýdýar. Çary akga oňanok, ýene bir ýüzlügi zyňýar. – Ýene aýt, gyşş şiken... ˝Durnanyňy˝ aýt! Çary akga üçünji gezek ýüzlügi zyňanda, öý eýesi: – Çary akga, ˝Durnanyňy˝ iki gaýtam aýtdy – diýýär. – Üç gaýtam, dört gaýtam aýtsyn, gyşş şiken! Durnal¬ar ýere düşmesin, asmanda aýlansyn ýörsünler, aýlansyn ýörsünler, ýere düşürme, gyşş şiken!.. Oraz Şamyrat diýen adamyň äkiden puluny öýüniň gerek-ýaragyna sowmandygy belli zat, göz üçin münüp gaýdan maşynynyň kireýine töländir. Çary akga bagşa zyňan ýüzlüklerini uly maşgalasyna siňdirse bolmaýarmy? Etmez! Bu adamlardan gaýry bir etmişe garaşmaly däldigini obadaşlary gowy bilýärdiler. Birek-birege beletlik gybaty püçege çykarýardy. Umuman, obalylaryň birek-birege beletlik bilen edýän aç-açan gep-gürrüňlerini suwsan adamyň gök çaýdan alýan keýpine deňese bolar. Ilat üçin esasy habar çeşmesiniň biridi diýse-de bolar. Radio ýokdy. Gazet okap, olardan ýaşaýşa degişli täzelikleri bilmek entek endige öwrülmändi. Kolhozymyz hakynda öwgüli, ýa-da kem-käs tankydy habar çap ediläýen halatynda-da, ilki onuň gürrüňi ýaýrardy, soň gazetden okardylar. Şäheriň, goňşy obalaryň täzeligini köplenç bazara gidýänler getirerdi. Bu endik aňyrdan gelýärdi. Söwda, söwdanyň dürli ugurlary, söwdagärleriň häsiýetli aýratynlyklary özboluşly, ygtybarly çeşme bolupdyr. Bilermenlerden soňky ýyllar eşiden gürrüňlerime görä, türkmeniň her iline häsiýetli bolan aýratynlyk mahabatlandyrylýan ekeni. Meselem, „Atym ozar diýip, Ahala barma“, „Göreşde ýykaryn diýip, ärsara barma“, „Söwdada utaryn diýip, Mara barma“ diýilýär. Söwdanyň marlylara ýöňkelmeginiň ýöne ýere däldig¬ini men oglanlyk döwrüme salgylanyp hem aýdyp biljek. Marynyň bir mahal ˝Han geçen˝ adyny alan bazaryna her hepde bazar güni ýakyn hem daş ýerlerden onlarça müň adamyň ýygnanandygyna men gözlüje şaýat. Oglankak ol ýere bizem kämahal ululara daklyşyp giderdik. Biz tarap¬dan bazara barýanlar Murgap derýasynyň üstündäki agaç köprüden geçýärdiler. Onuň dyknyşygyny diý! Bazaryň ortasyndaky dik köçäniň ugury depelenip doldurylan ýaly. Daşyna haýat aýlanan meýdandaky ˝dik bazara˝ giren özüň bolma! Satýan haýsy, alýan haýsy – belet bolaýmasaň, depäňe garap durmaly. Ädim urara boş ýer ýok, süýkenişip geçmeli. "Dik bazar" jübi ogrularynyň mesgeni diýýärdiler. Ýerli haryt öndürýänleriň haýsy hem bolsa bir ugry saýlap tutmaklaryna bazaryň islegi sebäp bolýar. Şol islegden ugur alyp, kem-kemden her oba bir haryda monopolist bolup galýar, alyjylar ony ykrar edýärler. Muny biziň obamyzdan bazara gidýänler-de bilýärdiler. Goýun aljakmy, ýagdaýyň bolsa, Çaşgyndan gelýän janla ýapyş, bitin, daýanykly, sag¬dyn diýerdiler. Akýabyň, Şordepäniň üzümini öwerdiler. Gök ekmäge muhatlylar ökde diýilse-de, şähere goşulyşyp oturan bu obanyň käbir hojalygy şäheriň ubornylaryndan maşyn bilen daşalýan pohy dökün diýip, mellege dökdürýär diýen gürrüňem eşidilýärdi. Naskeşler agyzlaryny pak-gyldadyp, goňur obasynda ýasalýan nasyň tarypyny ýetirerdiler. Sübse sargalanda Çöňüriň sübsesinden boglanyny algyn diýlerdi. Onsoň, şol obalary heniz görmedigem bolsak, eýýäm olar hakynda belli bir düşünjämiz bardy. Tomus aýlaram mellekleriň suwy kesilenok diýip, geň galyp aýdardylar. Biziň melleklerimiz gatap ýatyr, biz gowaçadan başga ekin bardyr öýdemzok diýip zeýrenerdik, iki adamyň başy çatylsa, edilýän gürrüň pil-kätmen, plug, barana-külte, otag, ýekeleme, çürtüm, ders, azot, pagta ýygym hakyndadyr. Kim näçe pagta, goza ýygdy, haýsy brigada öňde barýar... Biziň obamyz söwda-satykdan rysgal gözleýän däldir diýen berk ynanç dowam edýärdi. Geçen bazarda şäheriň ogrulary malýatakda işleýän Mommynyň horjunyny kesip, iki jübüt galoşy bilen bir kilo halwasyny alypdyrlar diýen habar ýaýrady. Traktorçy bol¬magy arzuw edip ýören baý galagy Parahat dişini gyjap, bu¬duna urdy: – Wah, Ata galtamanyň gerek ýeri! – diýdi. ■ Galtaman Biz Ata galtaman barada Ogulbäbek ejeden eşidipdik. Bu gar¬ry aýala mama diýip ýüzlenerdik. Ol Durdynäzik gelnejemiň ejesidi, ogly bolmany üçin garrylyk ýyllaryny gyzlarynyň öýünde geçirdi. Öňki ýaşan ýeri Sakarçäge raýonynyň Akýap obasy, üzümiň bol ýeri. Ol uly gyzynyň gaýynagasy Jojugyň başyna düşen wakany aýdyp beripdi. Öňi bilen bizi ol adamyň ady geň galdyrypdy. Doňzuň çagasyna jojuk diýilýär, beýle bir adyň adam çagasyna dakylmagy geňdi. Ezraýylyň ýolu¬ny sowmak üçin tapylan emelmikä? Biziň üçin-ä bu çaganyň doňuz çagasyndan tapawudy ýok diýseler, size gerekmejek çaga maňa-da derkar däl diýip, Ezraýyl sowlup geçer öý¬dendirler? Bilemok, ýöne çaga ölmändir, asyl onuň Juma-durdy diýen ýaly allanäme ady bar eken-ä! Onuň tiresine ˝Gullar˝ diýilýär. Erkekleriň hakyky adyny ýoýup, gülkünç, gulaga ýakymsyz atlary tapmak olaryň edähedi bolsa nätjek! Geldimyrada Gemmat, Muhammetmyrada Motdy, Orazberdä Oratdy... Garaz, Taýçan, Myhy, Otdan, Çeti diýen ýaly atlar gidip otyr. Men segseninji ýyllarda Akýap obasyna baramda, oglankam maňa geň görnen bu ahwalatyň sebäbini Mylly atly dilewar adamdan soradym. – Eý, diri galjagyna ynam bolmany üçin tapylan atlar-da – diýdi. Gynançly ýeri, aman-esen diri galyp, sakgally-sarmykly bolanlarynda-da, ol adamlar soň gelşiksiz atlaryndan dynyp bilmändirler. Tiresine ˝gullar˝ diýilse-de, ˝gula gul diýseň, ölesi ge¬ler˝ diýlişi ýaly, kemsidiji manyny ýeňletmek hyýalyna düşülýärdi. Hyýalynyň başa barmanyny şol tireden çykan dostumyz hezil edip aýdyp bererdi. Ol Mary töwereklerinde ady belli Gulman aganyň öýüne barýar. Ýaşuly, endige görä, onuň haýsy obadandygyny, haýsy tiredendigini soraýar, – Men bal gullardan – diýýär, Ýaşuly: – He-eý, inim, gul bolarsyň-da, bal bolarmyň – diýipdir. – Sen beli gullardansyň, – ˝Beli˝ sözüniň ˝lepbeý˝ diýen many berýändigini düşündiripdir. Ogulbäbek ejäniň gürrüňine dolanalyň. – Şuraň adamlary oňa Ata galtaman diýerdiler, biziň obada ýörgünli ady Ata Mänelidi. Ilerki Mäne obasyndan, Tejendenem ilerdedir, atly giden bir günde-de ýetip bilmez, daş ýurt, Eýran bilen araçäkde oturan oba. Mäne-Çäçe-de diýilýär. Mäne babaň gümmezem obaň iki ädim gapdalynda diýerdiler. Mäneliler Gowşut han zamanynda biziň körsagyr tirämizden bölünip gidenler, Täç gök serdaryň garyndaşlary. Ynha, bi siziň ilerki obaňyz tutuş körsagyr, biziň Akýap obamyzda-da bar, ýer-suw bijesinde şu taýdan gidenler. Jojuk Ata Mäneliniň atan okundan maýyp boldy. Kel maýrygy öldürenem Ata Mäneli. Il içinde Ata Mänelä ganhor diýip gargaýanlaram bolardy, ýöne ol kömek, hemaýat diläp barana ýok diýmez ekeni. Obalaň birine alaman çozanmyş, mallaryny sürüp, neresse çagalary agaçdan asyp gidipdirler. Bendeler başa düşen horlugy, zorlugy Ata Mänelä ýetirýäler. Ata Mänelem pylan ederin diýmändir-de, çagalaryň asylan agaçlaryna serediberiň diýipdir. Ertesi görseler, ol agaçdan ýüpe düzülen birgiden gulak sallanyşyp duranmyş. Kel maýryk diýilýän adamam Ata Mäneliniň ýanyna hemaýat gö¬zläp baranyň biri. Iki süri goýnumy äkitdiler, gaýtarybilseň, bir ýylky girdejisi seniňki diýýär. Iki süriň ikisini-de tapyp getirýär. Kel maýryk husyt adamdy, wadasynda durmady, Ata Mäneli baýyň öýüne gelýär-de, sözüňde durmadyň, men ýa özüňi, ýa-da ogluňy öldürjek diýýär. Adamlar töwella et¬diler, Ata Mäneli töwellany almady, ýa özüň, ýa-da ogluň diýdi durdy. Kel maýrygy alaňdan aşyryp, atyp gitdi. Bu habar şura ýetýär, birgiden atly çapdyrylyp geldi, Ata Mäneliň yzyndan kowgy gitdi, Jojugam şolara goşuldy. Gumuň içinde bir ýerde yzyndan ýetýäler. Ata Mäneli Jojugy görýär, ýatan ýerinden gygyrýar: ˝Jojuk, sen gaýt, seň duzuňy iýdim, seni öldürmäýin˝ diýýär. Jojuk gulak asanok. Atyşyk başlanýar. Ata Mäneli ýene Jojuga gygyryp aýdanmyş: ˝Diýenime gulak asmadyň, gaýtmadyň, onda-da men seni öldürib-ä biljek däl, ýöne ömür ökünip gezeriň ýaly maýyp etjek˝ diýipdir. Atan oky Jojugyň aýagyndan degýär. Diýeni boldy, henizem ýarasy akyp, wagtal-wagtal dömüp heläk edýär. Maýyplyk bilen öwrenişen, demine degmese kaýyl. Ata galtaman hakynda ýene bir hekaýat. Bu hekaýaty agam Ata eşidipdir. Ilerki obadan Çary Gurban diýen biri ýoldaşy bilen çölden ýükli gelýän ekeni. Burunguma ýetip, düýelere dynç ber¬mekçi bolýarlar, ýükleri ýazdyryp, ot ýakyp, çaý-nan iýip oturanlar. Günbatar tarapdan bir topbak atly görünýär. Ata galtaman ekeni. Çaý içip bolmazmy diýýäler. Çaý berýäler. Çary Gurban oturanlaryň at-ýaragyny synlaýar, gözi gidýär, batyr adamlar, islänlerini edip, erkana gezip ýörler!.. Bulara goşulasy gelýär, menem ýanyňyza alyň diýýär. Şonda Ata galtaman şeý diýipdir: ˝Almak kyn däl, bir at bilen bir tüpeň tapyp bileris, ýöne biziň ýanymyzda-da guwanara zat ýok¬dur. Çary Gurban höwes edýändigini aýdýar. Pylan wagt pylan ýere gelersiň diýip gidýärler. Şeýdip, Çary Gurban Ata galtamanyň atlylaryna goşulýar, köp wagt geçmänkä-de oba dolanyp gelýär. ˝Näme beýle tiz geldiň?˝ diýýäler. ˝Äý, her gün ajal bilen ýüzbe-ýüz bolmaly, çydar ýaly däl, gaýtdym˝ diýýär. ■ Gahryman Eýse, urşuň yz ýanynda Ata galtamany gereklär ýaly Mary şäherinde nähili ahwalat ýüze çykyp biler? Şol ýyllar şähere barýan bazarçylaryň duş gelýän ahwalatlary gep-gürrüň üçin gyzykly temady. Çar tarapdan sürlenişip gelýän eşekliler şäheriň bet oglanlary, ogrulary üçin ýeser güýmenje bolupdyr. Aýratynam ermeni oglanlaryndan zeýrenerdiler. Ýaşulularyň eşegini ürküzmek, syrtyna böküp, olaryň seleň telpegini alyp gaçmak, sähel gaýtawul bereni urmak, zorluk bilen zadyny almak, garaz, şunuň ýaly ýakymsyzlyklar her bazar güni bolýar diýerdiler. Olary milisiýa tutdy diýmezdiler, asyl "milisiýa" sözüni agzamazdylar. Muňa derek huliganlara temmi berip, ýüreklerini sowatmagyň başga ýoluny tapardylar... Şäheriň çetinde huliganlar emel edip, adamlary eşekden ýykypdyrlar. Olaryň geçjek ýolunda birgiden çukur gazyp¬dyrlar-da üstüni basyryp goýupdyrlar, Özlerem beýlede garaşyp duranmyşlar, eşekler çukura büdreýär, öň aýaklary epilip, burunlary ýer garbaýar, gaňňada oturanlar kelemenläp gaýdýarlar, biri aýak üstüne galsa, beýlekisi aňsat galyp bilenok, horjunlary gapdalda ýatyr. Huliganlar böküşip, el çarpyşyp, şowhun turuzýarlar. Eşekleriň ürküp, gaçyp barýany bar, köçedäki gürjüler jöwleşip, olaryň yzyna düşýär, bolýar bir tutda-baslyk. Huliganlara geregi içi zatdan doly hor¬junlar. Olar köplük bolansoň, gaty bir çekinjegem bolanoklar. Horjunlary eginlerine atyp, şagal ýaly gywlaşyp, bazarçy biçäreleri kemsitmäge başlaýarlar. Üsti boşan eşege artlaşyp münýärler, beýleki biri eşegiň syrtyna depip çapdyrjak bolýar. Bazarçylaryň arasyndan olara topulanlary tapylýar, hemmesi birden topylaýsa bolaýjak welin, edenoklar. Topulanyň ikisini urup ýykýarlar. Huliganlaryň biri pyçak görkezýär, şondan soň-a dyzmaçlyk etjegi-de bazarçylaryň özleri saklaýarlar: şulaň gylygy geň däl, how, ölmän öýe ýetsek bolýar, horjun jähennem-laý! diýýärler. Ine, şol wagt duýdansyz ýerden gyrmyzdonly, gara ädikli türkmen peýda bolýar. Eý bir, daýanykly adam diýýä! Orusçalap bir zatlar diýip gygyrýar, şol barma¬na-da bir huliganyň tumşugyna kakýar, bäş ädime to¬galanýar. Huliganlaryň barynda diýen ýaly pyçak bar ekeni. Pyçaklaryny gezeşip, türkmeni hä diýmän para-para etjekler. Ýaşuly bazarçy ýalbarýar: – Inim, gara başyňy gutar, bular seni heläk ederler. Türkmeniň göwni bir ýaly, ol: – Ýaşuly, tomaşany indi görersiň – diýip gygyrýar. Şeý diýägeden donunyň ýakasyny serpip goýberýär. Huliganlar, ýüzlerine ýalyn çabran dek, ýeňsä serpilýärler. Türkmeniň kükreginde orden-medaldan ýaňa boş ýer ýok! Sowet Soýuzynyň Gahrymanynyň Altyn Ýyldyzyna günüň şöhlesi düşýär, lowurdap, çyra ýanan ýaly bolýar, huliganlaryň gözi gamaşýar. Ökje göterip, başlaryny sypyrsalar kaýyl. Türk¬men: – Duruň! Butnamaň! – diýip, hemle atýar, ýalaňaç sa¬pançany gezäp dur. Indi pyçakdan ne peýda! Huliganlar onuň buýrugyna boýun, pyçaklaryny ýere taşlaýarlar. – Kim diýenimi etmese, maňlaýyndan bir ok! – Türkmen bu sözleri ilki orusça, soňra türkmençe aýdýar, bazarçylar düşünsinler diýip aýdýar. Huliganlar ilki bazarçylaryň eşeklerini gaýtarýarlar, öz elleri bilen horjunlary ýükleýärler. Soňra bazarçylaryň ýany¬na ýekän-ýekän baryp, ötünç soraýarlar. Orus orusça soraýar, ermeni oglanlar ýaranjaňlyk bilen türkmençe gepleýärler: – Ýaşuly jan, men ýaman, men pis, sen ýagşy, sen çoh ýagşy!.. Türkmen: – Urmaga-da hakyňyz bar – diýýär. – Ýumruk iýeniňiz, ýumruk gaýtaryň, awunanyňyz awundyryň. Ýaşulularyň biri töwella äheňde: – Ogul, bolubildi, kemi galmady, aňrujy namysy bolana düşünerçe etdiň – diýýär. Başga bir bazarçy ýöwsel gülüp, gep goşýar: – Biz soňam şähere gelmel-ä! Gahryman türkmen: – Nämeden çekinýäňiz! – diýip gygyrýar. – Öz ýurduňyzda arkaýyn geziň-ä! Gaýdyp adam ogly el galdyrjak bolaýsa, mas¬gara bolup durmaň-da, maňa habar ýetiriň. Meni tapmak kyn düşmez. Sowet Soýuzynyň Gahrymany Mülki Baýramowy nireden tapyp bolar diýiň, salgy bererler. Soňra ol köçä üýşen adamlara göz edip, huliganlary ha¬tara duruzýar, hersiniň syrtyna depip çykýar. – Güm boluň! – Sapançany asmana atýar. Haýdaşyp barýan huliganlaryň yzyndan garap gygyrýar. – Faşistler keseden gelen duşmandy, bular ýurduň içindäki adamlar-a! Bulara-da ok gaýgyrman, menden jogap sorajak ýok! Bu edermenlik hakynda oba ilki gürrüň ýaýradan poçtalýon Meret agsak diýdiler, oňa-da wakany gözi bilen gören şäherli tanşy aýdypdyr. Biraz soň obanyň požarnygy (ýangyn söndürijisi) Jumaguly Gummuk Sowet Soýuzynyň Gahrymany Mülki Baýramow bilen frontda bile boldum, ol öň nemisleriň merkini beren bolsa, indi banditleriň ýagysyna öwrüldi diýip, mysal hökmünde bazarçylar bilen bagly şol wakany aýdyp, öýüne baran heleýleri aňk edipdir. Onuň gürrüňiniň Meret agsagyňkydan bir üýtgeşik ýeri bardy. Ban¬ditleri dyza çökeren gahrymanyň ýanyna olaryň hossarlary gelipdir, aýagyna ýykylyp, ondan aman sorapdyrlar. Mülki Baýramow: – Olaryň günäsini geçmeli men däl, ana, hol adamlar – diýip, bazarçylary görkezipdir. Olar bazarçylara ýalbarypdyrlar, biri şol ýerde oglu¬ny it ýaly ýenjipdir. Jumaguly frontdaş hökmünde Mülki Baýramow bilen gatnaşykdadygyny, onuň Sakarçägä gidýän ýoluň boýundaky obadandygyny, häzir şäherde gül ýaly jaýda ýaşaýandygyny, öýüne myhmançylyga gelse, gahrymany sizem gözüňiz bilen görüň diýip, goňşularyny çagyrjakdygyny aýdypdyr. Mundan soň gahrymanyň görkezen edermenligine çigit ýaly şübhe boljakmy! Şeýle-de bolsa, Marydan Saragt tarapyna gidýän uly ýoluň gyrasyndaky kiçijik obada bu hekaýat az-kem üýtgedilip aýdylýar diýdiler. Olar Mülki Baýramowyň ornuna öz obalaryndan çykan Sowet Soýuzynyň Gahrymany Berdimyrat Döwletjanowyň adyny goýýarmyşlar. Sakarçägedäki burkaz obasynyň ad¬amlary obadaşlary Gurban Durdynyň adyny tutýarlar. Beýle edermenligi öňi bilen Gurban Durdynyň edip biljekdigine tut¬aryk hökmünde onuň Orta Aziýa, Kawkaz respublikalarynyň arasynda Sowet Soýuzynyn Gahrymany adyny birinji bolup alandygyny buýsanç bilen aýdýarmyşlar. Elbetde, Gurban Durdynyň edermenligine şübhe edip biljek ýokdy, ýöne ol uruşdan gaýdyp geleli bäri Aşgabatda ýaşaýardy, göreşjek bolsa, Aşgabatda-da bandit tapylar diýýärdiler. Her kime öz ýaşaýan ýeriniň banditini mugyra getirmeli, ýogsa karam bolýar! Gahrymanlaryň ady çalşylsa-da, hekaýatyň aýdylmasy galanokdy. Soň Mülki Baýramowyň sapançasyny alypdyrlar diýen gep ýaýrady. Şondan beýläk huliganlaryň täze etmişi hakynda nähilidir bir habar eşidiläýse, Mülki Baýramyň ýaragyny alsaň, bolaýjagydyr diýerdiler. Her döwrüň wakasyny çynaberimsiz etjek bolsaň, ony şol döwrüň gahrymanyna ýöňkemeli ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |