17:00 Ýiten ýurt -5: Agzy hapa adamlar | |
5. AGZY HAPA ADAMLAR
Ýatlamalar
Meniň oglanlyk döwrümdäki obanyň neşekeşlerini üç topara bölse bolar. Birinji topara süpük tirýekiler girýär. Olara ululardan başlap, aýak biten çaga çenli beletdi. Olara ˝pes käre ýüz uranlar˝ ýa-da ˝agzy hapa adamlar˝ diýlerdi. Olar kolhoz işine gatnap, üç aýdan, ýarym ýyldan berilýän haka kaýyl bolup, mydar etmegi bireýýäm unudypdylar. Her günki neşäni her günki gazanç bilen tapaýmasalar, öläýmelidiler. Kim näme buýursa edýärdiler, meýdandan odun-çöp ýygyp satýardylar. Olar maşgalanyň eklenjinden bizar adamlardy. Biziň uly oba¬myzda olaryň sany bäş-altydan geçmezdi. Şolaryň biri aýaldy. Oba arasynda Garaýyndam ady bilen tanalýan neşebent aýala men oglanlykdan beletdim. Onuň Aýjemal diýen ady bar ekeni, ýöne bu allanäme at onuň daş sypatyna düýbünden çapraz gelýärdi. Agzy arassa bolanlygynda garaýagyz, uzyn boýly, görnükli aýal bolardy, adyny Aýjemal eje diýip tutardylar. Tirýegiň reňki ýüzüne çykypdyr, çaý içip derlän mahaly hamy ýumşap, ýag çalnan ýaly ýakymsyz görünýärdi. Biziň üçin onuň ýaşlyk döwri bolmadyk ýaly. Äri bir mahal ölüpdir, öýüni ýykyp, aýalyny neşäniň gyrnagyna öwrüp ölüpdir namart. Aýalyny neşä imrindirmek pes käre ýüz uran erkekleriň ädehedi bolar ekeni. Gapdalymyzdaky köçede ýaşaýan ˝Geldi mes˝ adyny alan neşekeşiňem aýaly tirýekidi. Garaýyndam ýerkümede ýatyp turýardy. Günlükçilik edip, garzynyp alanja hakyny tirýege bermäge howlugyp barýan aýalyň ökjesiniň ýeňleýşine haýran galaýmaly. Şu pursaty synlabam, oňa Garaýyndam ady berlen bolmaly. Neşekeşler köplenç mes wagtlary göze ilýärler. Süpükleriň orny hemişe kül üstündedir. ˝Keçäň üstüne geçäý˝ diýip, ejem Garaýyndama mürähet edýär. Geçenok. Gara öýdäki iki ojagyň aralygyna dört garyş köne düşek atyp, hemişe şol ýerde oturardy. Bu ornuň özüne degişlidigi, bel¬ki, oňa ynjalyk berýändir. Neşäniň humary serine uranda, iki hum çäýnek çaýy arasyny kesmän içer, ýüzünden akýan burçak-burçak der meniň gözüme sagat, süňňi arassa adamyň derinden parhlydy, bu der hapa garyşyp çykýardy. Ol öýmüziň işini etmedik mahalam gelmäge çekinmez¬di, oňa ynam berýän zat ejemiň ýüzüniň açyklygydy. Her mahal gelende-de, hum çäýnek çaý bilen iýmäge nan beriljegini bilýärdi. Ojagyň başynda boş ýer bardygyny görse-de, geçmezdi. Aýakgap çykarylýan böwürden köne keçäniň bölegini alyp, öz ornuna ýazardy. Dişim agyrdy, gijäni uwlap geçirdim. Gurçuk köwýär diýdiler. Deşige çöp sokup, gorjap gurçuklary öldüresim gelýärdi. Çöp sokma nire, azarly diş agzymy açdyranok, açjak bolsam, äňim ýazyp barýar. Pagtany ýyladyp goýýarlar, agyry peselenok. Goňşulardan biri köpbilmişlik edip, dişimdäki deşige nas dykdy, dilimiň üstüne-de döküldi. Öňki agyryň üstesine başym aýlanyp, ýüregim bulanyp, gusup, tas ölüpdim. Soň käsäniň düýbündäki bir owurt bulanyk suwy iç diýdiler, içdim, ajy ekeni. Näme diýip soramadym, aňdym, suwa erän tirýek bolmaly. Uklapdyryn. Agşama golaý agyry gaýtadan başlandy. Bu gije-de ýer sermäp geçmeli bolaryn. Garaýyndam geldi. Meni synlap içini çekdi. – Hi-i-ý, Ogulbeg, bu çaga awunyp ýatan eken-ä. Meni habardar edeň-de bolanokmy? Indäp ber diýen bolsaň, haram ölmüş gurçuklaň tepbedini okabilýän-ä men. ˝Indeme˝ diýilýän emi şonda gördüm. Garaýyndam çakganlyk bilen işe başlady. Öňi bilen agaç tabagyň düýbüne temen dürtdi, göz tarapyna garyş boýy hyşa geýdirdi. Goýnuň guýruk ýagyny eredip pagta siňdirdi, pagtany hyşanyň ujuna büredi. – Gaty agyrdarmy? – diýdim. – Başga näme sorajak? – Ol sesini aýnadyp gepledi, güldi. Keýpi kökdi, neşesi ýeten bolmaly. – Agyrtjak bolsa, emi başyma ýapaýynmy! Sary gaçan ýüň guşagynyň biline gysdyrylan kiçijik düwünçegi çykardy, düwünçekde syçanyň tezegine meňzeş garaja däneler bardy. – Jüýjerip sereden bolma, bylar seň gören zadyň däldir – diýip, Garaýyndam meniň bilen ekjeşýän äheňde aýtdy. Ol özüniň juda gereklidigini duýanda, çaga ýaly aýnap başlardy. Ejem bize käýinäýse, ony goldaýan kişi bolup, sög¬mekdenem gaýtmazdy: ˝hä-äý, murtar!˝ diýip hüňürdärdi. – Seret, şular sogan tohum, öň gördüm diýip ýalan sö¬zläýme. Bir çümmük sogan tohumy ýag siňen pagtanyň üstüne sepdi, düwünçegi yhlas bilen düwüp, ýene guşagyna gys¬dyrdy. Sogan tohumy aýap saklaýanyna düşündim, ony biziň obamyzdan tapjak gümanyň ýokdy. Aňyrdan gelýän yryma görä, biziň obamyza ajy zat ekmek düşenokdy, gulak asman ekäýdigiň başyňdan bela inýär diýerdiler. Soňra tabaga suw guýdy. – Dişiňde gurçuk galmaz, bary suwa gaçar – diýip, gurçuklaryň öljegine öňünden tomaşa edip güldi. Ýagly pagta ot degirdi, tutaşýança garaşyp oturman, haýdap iki ýassygy tabaga golaýjak goýdy, dyzlarymy ýassyga galdyrdy. – Oduň üstüne eglip otur, agzyňy aç, ýumaýma. Gyllygyň akybersin, ýogsa gurçugy ýuwdarsyň – diýdi, başymy don bilen basyrdy, kellämi aşak basdy. – Agzyňy ýumaýsaň götüňe şarpyk de¬ger... Ýalnyň howruna ýüzüm gyzdy, kellämi galdyrjak bol¬dum. Garaýyndam böwrüme hürsekledi, kellämden basdy, azgyryldy: – Dişleňňi oda tut! Ejemiň sesini eşitdim. – Ýüzüne ýalyn çabyraýmaz-da. – Ogulbeg, seňki näme, bar, ýeriňde otur-la heleý, Aýje¬mal pylanyň ýüzüni ýakypdyr diýip eşidipmidiň? Ala-böle seň çagaň ýüzüni ýakar ýaly, senden ýamanlyk gördümmi men. Hudaýa şükür, senden görýänim diňe ýagşylyk. Kellämi aýalarymyň arasynda tutup, biraz galdyrdy, soňam yralap, hereketiň ritmine görä aýdyma başlady: – Akja okara içine Akja palaw ýaraşar, Akja palaw iýmäge Akja dişler ýaraşar – diýip, sanawajyna gyzyk berip güldi, onuň tomaşasyna ejemem güldi. Ol sesini has batlandyrdy. – Akja dişi köwmäge Akja gurçuk ýaraşar. Akja gurçuk iýmäge Akja towuk ýaraşar. Bu sapar olaryň gülküsi deň gopdy. Men howra gaplanan donuň aşagynda gyllygymy sarkdyryp oturyşyma, depämde heşelle kakýan aýalyň Garaýyndam lakamly neşebent aýaldygyna şübhe etdim. Meniň dişimi köwen gurçuklar dökülse, onuňam ýüzüniň reňki täzelener, Aýjemal atly görnükli aýaly görerin, ol mundan beýläk külüň üstünde oturmaz, neşe-de etmez, günlükçiligem etmez, kolhozyň işine gatnap başlar... Dişimiň azaryny duýmadym. Maňlaýymdan akýan der ýalnyň howruny peseltdi öýdýän. Nähili bolanda-da gurçuklaryň bary suwa gaçýança çydam etjekdim, olaryň görkezen azaryna derek ar almaga höwes duýdum. Derim, gyllygym, sümügim birleşip, tabaga damýardy, olaryň arasynda gurçuk barmy-ýokmy, saýgaryp bilmedim. Garaýyndam başymdan dony serpdi, ot öçüp barýardy. Ol suwly tabagy göterip, içini çekdi. – Wah-wah, çagajyk, nädip çydadyň sen! Ogulbeg, seret-le bi ady ýitmişleň bolup ýatyşyna! Ejem tabaga garady. – Şol akja zatlar gurçukmydyr? – diýdi. – Gurçuk bolman, başga näme bolsun, heleý! – Garaýyn¬dam aýnylyk bilen ejeme azgyryldy. – Äkit muny, towuk ketege serpip goýber, akja gurçuklary akja towuklar iýsin. Biziň towuk saklamaýanymyzy bilse-de, onuň diýýänine geň galmadyk. Bitiren işiniň lezzeti oňa neşeçe keýp berdi. Meniň ýüzüm, eňegim ýumşady, agyra derek peýda bolan ýakymly ynjalyga maýyl boldum. Melul halda Garaýyndamy synladym. Keýpi kök hem bolsa, sypatynda üýtgän zat ýokdy. Bir üýtgän zat, häzir küle golaý orny boşdy, ol keçäniň üstünde oturyp, gurnan zatlaryny saýhallaýardy. Soňra ejemiň beren aklygyny alyp, eglenmän gitdi. Neşe almaga gidendir, ertire goýaýyn diýmez, tapanyny tapan güni ýok eder. Süpük neşekeşleriň ädehedi şeýle ekeni. * * * Baga bakyp oturan goýnumyzy gije ýatakdan alyp gidipdirler. 1944-nji ýylda bolan waka, men şol wagt alty ýaşly oglan ekenim. Ejemiň jibrinip oturany ýadymda. ˝Nesibämizde ýok ekeni, geçen jumada öldürelem diýdik, o günem gaýrakylaryň patasynda oturmaly boldy˝ diýýärdi. Kakamyň näme diýenini bilemok, asyl şol pursat onuň barlygy göz öňüme gelenok. Maýly atly yzçynyň getirilenini bilýän, agyla girip barýany-da göz öňümde, gapdalda goňşular hümer bolup durdular. Olar yzçydan gudrata garaşypdyrlar, şol ýerde ogrynyň adyny aýdar öýdüpdirler. Aýtmandyr. Ýatagyň daş ýüzünde iki ýere legen düňderip goýdular, aşagynda ogrynyň aýagyzy bar, ýitmesin diýdiler. Ilerimizden geçýän kese köçäniň aňry tarapyndaky uly kartanyň gowaça çöpi çapylyp, şüdügär edip goýlupdy. Ogry şüdügäre ýetip, goýny eşege ýükläpdir, eşek bilen bir adamyň yzy galypdyr, goýnuň yzy ýokdy. Obadan günbatar tarapdaky Garadüwrün diýilýän belent çäge depesiniň etegindäki ýere „Annabegenjiň oýy“ diýerdiler. Gowaça keşleriniň yzy hatar-hatar bildirip dur, çapylan çöpler üýşmek-üýşmek. Yzçynyň görkezen üýşmegini galdyranlaryny bilýän, aşagynda goýnuň garny, içegeleri ýatan ekeni. Keşiň arasyna goýnuň gany akypdyr, şu ýerde janawaryň damagy çalnypdyr. Yzçy ogryny tapdymy, tapmadymy, ony bilemok. Elbetde, gürrüň köp bolandyr. Kolhoz başlygynyň ýatagyndan goýun alnyp gidiler-de, onuň gürrüňi edilmezmi! Beýle töwekgellige het edip bilen adam ýeser bolmaly. Şol mahal aýallaryň gepinden gulagymda galany Enegarry enäniň bir sözi: ˝Belet adamyň eden işi, maňa hä diýersiňiz. Tapylar, oba ogrusy uzaga gidýän däldir, tapylar, maňa hä diýäýiň, keseden gelip-de Jumageldiniň ýatagyndaky goýny alyp gitjek ýok, belediň işi˝. Güýzüň aýagynda bag goýun soýlup, eti gowrulýar, gowurdagy golça salynýar, ýa-da etini dograp, duzlap garna dykyp goýulýar. Tomusdan bäri bakyp, semreden goýnumyz bize nesip etmedi-dä! Hawa, ýene bir aýdylan zat hakydamda galypdyr. Yzçy şol gidip oturşyna goňşy obanyň gapdalyndan geçýän demirýoluň ötügine ýetýär. Ötükden akýan suwuň gyrasyndan goýnuň kelle-aýagyny tapýarlar. Bu wakadan elli ýyl soň oglanlyk ýyllarymyzy ýatlaşyp otyrkak agam Ata şol ogurlyk hakynda meniň bilmeýän faktlarymy aýtdy. Goýnumyzy kimiň ogurlandygyny ol öňräkden bäri bilýän ekeni. Enegarry enäniň diýeni dogry çykypdyr, ogry oba arasyndan ekeni, bir köçe beýle ýanymyzdaky Ýa¬mat aga bolsa nätjek. Ýamat agany biraz tanaýandygym üçin agamyň aýdanyna ilki ynamsyzlyk etdim. Agam inkär edip bolmajak delil getirdi. Şol mahal adamlaryň böwrüni diňleden bir ýagdaý bolýar. Biziň goýnumyzyň alnyp gidilen gijesi Ýamat aganyň inisi Artygyň ýatagyndan eşegi alnypdyr. Eşek üç günden ýatagyna dolanýar, Ýamat aga köwlenmeýär, diýmek, eşegi golaý getirip kowup goýberen bolmaly. Agamyň esasy delili başgady, ony aýtmazyndan öňürti, eý, munça ýyllardan soň gürrüňinem etmeli däl welin, onda-da bilip goýsaň ýagşy diýen äheňde gürledi. Bu hakda onuň obadaşlara aýtmandyg¬yny, aýtmajakdygyny aňdym. ˝Ogry syrty gowşak˝ diýleni, Ýamat aganyň özi dilinden sypdyrypdyr. Ol ýetmişinji ýyllarda kolhozyň tokly sürüsiniň çopany ekeni. Agamyň sürýän ýük maşynyny dowarçylyk fermasyna berkidipdirler. Kolhozyň esasy örüsi Saragtyň çölündäki Ahmet işan diýilýän guýynyň töweregindedi, obadan iki ýüz kilometr daşlykda. Toklular daş örä sürülýär, agam maşyny bilen süregiň ýanynda bolmaly. Assa-ýuwaş gidip barýarlar, bir gün geçýär, iki gün geçýär, üçünji gün çoluk Ýamat aganyň agamdan ätiýaçlydygyny ýaňzydýar, agam sebäbini soraýar, çoluk aýdýar: ˝Uruş wagty men olaryň baggoýnuny alyp gitdim, şol işi edeniň mendigimi Ata bilýän bolmaly. Içinde kitüw saklap ýörendir. Häzir amaty geldi, gözümize gül salyp, on-on bäş toklyny ýoklap bilýär, aýagynyň aşagynda maşyn bar diýdi˝. Çolugyň aýdanyna agam gülüpdir: ˝Ýamat aga aýt, menden ýaňa ýasy ýany ýerde bolsun. Eger özi diýmedik bolsady, men biljegem däl ekenim˝ diýipdir. Indi oýlanyp otursak, kakam goýny kimiň alyp gidenini şol mahal bilen bolmaly, muny Ýamat aganyň ˝Ata bilýän bolmaly˝ diýen sözi-de tassyk edýär. Kakam hiç kime aýtmazlygy yzça-da sargandyr. Islese Ýamat agany bada-bat tapdy¬rardy, jeza-da berdirerdi, etmändir, oba arasynda gelişmejek zat diýendir. Diňe Ýamat aganyň ogurlandygy bilnende-de oňa obada ýaşamak kyn düşerdi, göçüp gitmekden gaýry çykalga galmazdy. Belki, çemini tapyp, Ýamat aganyň özi kakamyň ýanyna gelendir, men ýazykly, günämi öt diýendir. Bu hakda kakamyň ejeme-de aýtmadygy belli, aýdan bolsa, munça ýyllaryň dowamynda ejem dilinden sypdyrardy. Ýamat aga kyrk dördünji ýylda elliniň onuna giren adam bolmaly, bende togsan ýaşap dünýäden ötdi. Şol mahallaram neşebent ekeni. Ol uzyn boýly, daýaw adamdy, bitirýän işine, ýüz-gözüne garap, juda ýakyndan tanaýan bolaýmasaň, neşekeş diýer ýaly däldi. Köpçülikden çetde durardy, ýöne oňa garasöýmez diýen adama duş gelmedim. Ýamat aga tirýekileriň ikinji toparyna girýärdi, bu topara süpük diýmäge diliň baranok. Elli birinji ýylda bolsa gerek, Ýamat aga biraz wagt brigadada işledi. Onuň işleýşi üýtgeşikdi. Gün depä galýança ony meýdanda görmersiň. Pyýadalap, howlukman geler. Eşekli gelse, eşegi yzyndadyr, münmezdi. Gaňňada otursa, satanlary ýere deger-degmez tagaşyksyz sal¬lanyp durany üçin utanýan bolmagy-da ähtimal. Brigadiriň tabşyrygyny diňlär, näme diýilse baş atar, bir gözem hemişe ýumukdyr. Balagynyň injigini ýapyp duran mahalyny görmersiň. Çalmara baryp, gara taňkanyň düýbüne ot ýakar, howlukman çaý içer, neşe çeker. Soňra pilini alyp işe başlar. Bir gezek çil galdyryşyny synladym. Ýanaşyk iki kartanyň ortasyndan çil çekmelidi, kartalaryň biri beýik, beýlekisi pesdi. Çil çekmän, beýik kartanyň gowaçasyny suwaryp bolanokdy. Uzynlygy ýüz metrden az däldir. Ýamat aga ertir guşlukdan başlady, öýle guşluga çenli dynman işledi, çili gutaryp, piliniň ýüzüni arassalady, horjunyny eşege atdy-da oba gaýtdy. Ýolugra eşek ýüki otam ýygar. Ol üç adamlyk iş etdi, oňa 3-3,5 zähmet ýazmalydy. Onça zähmeti bir adamyň adyna ýazmaga kolhozyň baş buhgalteri rugsat berenok diýip, brigadirimiz Nedir aga zeýrenýärdi. Bäş günlük işiň tabelini ýazmaga kömekleşýänim üçin men muňa şaýat. Ýamat aga edýän işiniň ýaryndan gowragy ýazylýardy. Näçe ýazdyňyz diýip sorajagam bolmazdy. Ol brigadanyň işine öwrenişip bilmedi öýdýän, çöle goýun bakmaga gitdi. Munuň esasy sebäbini aýtmadan öň neşekeşleriň ikinji toparyna girýän ýene bir obadaşymyň adyny tutaýyn. Oňa Agallaş diýýärdiler. Tegelek ýüzli, gür sakgally, seleň telpekli, haýbatly adamdy. Soň sowet filmler¬inde rehimsiz baýlaryň, basmaçylaryň gabarasyny göremde, Agallaş agany ýatlaýardym. Ol ekin meýdanynyň adamy däldi, näme sebäbe çöli taşlap gelenini bilmeýärdik. Ony su¬wçy bellediler. Meni, ýene bir gyzy kömekçi berdiler. Irden salmanyň öňüni böwetläp, iki atyz gowaça suw düzdük. Ol bize suwa esewan bolmagy buýrup, özi çalmarda çaý gaýnat¬dy, soňra tirýek çekmäge oturdy. Biz onuň ýanyna barmaly däldik, tirýek çekmegi görer gözden gizlin etjek bolýardylar. Suw artygrak geldimi, nämemi, salmanyň böwedini böwüsdi. Men çalmara tarap ylgadym. – Agallaş aga, böwet ýykyldy! Meniň sesim kellesine ýaglyk orap, tirýek çekip ýa¬tan adama nähili degendir öýdýärsiňiz? Tüpeňlendi diýip düşüniň. Serpilip galan adamyň elhenç ýitelen gözlerindäki gahary, howsalany gören dessime zut yzyma gaçdym. Gaçyp barýakamam ýagyrnyma bir zat deger öýtdüm. Degmedi, gulagyma paýyş sözler ildi. Neşekeşiň keýpini gaçyrmagyň nähili howpludygyna şonda mazaly düşünipdim. Agallaş aga-da, obada uzak eglenmän, çöle dolandy. Ikinji topara girýän neşebentleriň mekany kolhozyň çöldäki öri meýdanydy. ˝Çopana meýlis haram˝ diýleni. Juda maljanly adam bolaýmasa, kim maşgalasyndan bizar, tomsuň jöwzasyna ýanyp, gyşyň aňzagyna doňup, süriň yzynda entejek ýörjek? Kolhozyň maly seniň hususy emlägiň däl, maljanly bolaňda-da, ol seniň erk-islegiňe bagly däl, baýyň elinde çopan bolup işlän ýaly-da. Neşebent adam geläýmese, bu çöle höwes edip geljek ýok. Agam Ata on ýyl ýük maşyn bilen çöle gatnady. Ol çopanlaryň ýagdaýyna, aýratynam neşekeşleriň gylygyna şeýle bir belet welin, onuň gürrüňini näçe diňleseňem ýadaňok. Men ondan eşidenlerime salgylanyp, ýazgymy dowam edýärin. Kolhozyň dowarçylyk fermasynyň müdiriniň esasy aladasynyň biri çopan tapmak. Ýaşlar çöle gelenok, iberilýänlerem kyn ýagdaýa çydanoklar. Kimiň aýalyndan, çagasyndan aýra ýatasy gelýär! Adamlary çöle bent etmegiň bir ýoly – neşe. Neşä ygtyýaryny aldyran adamyň gözüne aýaly-da, çagalary-da hiç kim. Onuň meýlisem, keýpem tirýekde. Agam ferma müdirleriniň ýüz urýan hilesi hakynda aýtdy. Gyrky¬ma obadan daýaw, agzy arassa adamlar iberilýär, arasynda ýaş ýigitlerem bar. Olar bir aý töweregi çölde bolýarlar. Käbir çemeliräkdir öýdüleniň çaýyna bildirmän tirýek atýarlar. Bir gün däl, bäş gün, on gün. Neşäniň keýpine imrinip, oňa bendi bolup galýanlary tapylýar. Bir bada oba gaýtsalaram, çeňňege ilenlerini çöle gaýtaryp getirmek kyn düşenok. Neşä bendilikden aýylganç zat ýokdur. Tirýegi gutaran çopan depä çykyp, obadan geljek maşynyň ýoluna garap oturandyr. Azarlap başlanda gözüne süri ilmez, möjek dara¬syn, ýer hopsun, ünsem bermez. Şol mahal keseki bir ötegçi sataşaýsa-da, onuň diýjek sözi bellidir: ˝Jan ogul, meniň agzymy ajadybilseň, sürüden saýlan goýnuň özüňki˝ diýer. Ferma müdiri iki çopana bir çybyk, ýagny ýigrimi gram tirýek eltip bermegi tabşyrýar. Hersine on gram, dört-bäş gün oňňut. Bir çybyk tirýegi nädip deň bölüp bolar? Tirýek ýumşapdyr, eliňe ýelmeşjek, ýoky galjak. Çekip böleýin diýseň, oňa bolarlyk terezi ýok. Bu aladany neşekeşleriň özlerine ynanandan amatlysy bolmaz. Bölüşenlerinde biri beýlekisinden gözüni aýyrman oturar. Häzir olar altyndanam gymmatly zady bölüşýärler! Böljek adam ilki yhlas bilen eline goýnuň ak ýagyny çalar. Ýag çalnan tene tirýegiň ýokmaýandygyna olar belet. Soňra aýasyny ýazyp, üstünde tirýegi ikä böler, her bölegi togalap, düwür görnüşine getirer. ˝Seret hany, boljakmy?˝ diýer. Paýdar boýnuny o ýana, bu ýana towlap, iki düwri göz çakyna alar. ˝Häý, şü sag tarapkysy biraz gabarak ýalymy?˝ diýer. Bölýän adam iki düwri synlar, deňeşdirer, bir gezek däl, iki gezek, bäş gezek! ˝Gaba görýän bolsaň, şony sen alaý˝ diýmez, iňňäň gözi ýalyjak bölegi alyp, kem tarapa goşar, düwürlere gaýtadan timar berer. Şundan soň ikisem ˝boldy-da-boldy˝ bolşup, uly aladadan dynan ýaly arkaýyn dem alarlar. Iki-üç bolup çekilende olar üçin neşäniň lezzeti has artykmaç bolýar. Ilki biri tirýeginden bir bölejigi temene dürtüp, oda tutar. Tütemänkä oňa tarap gezelen üç gamyş tüýdügiň deminden sypyp tüssäniň bir bölegi-de howa gitmez. Biriniň paýyny soransoňlar, beýlekä: ˝Hany, indi seňkinem çekip göreli˝ diýmezler, juda sypaýyçylyk bilen: ˝Seňkidenem dadyp göreli-dä˝ diýerler. Neşäniň keýpi olaryň dilini bala batyrýar, garyp göwün¬lerini asmana göterýär, gorkagam bolsalar, batyr edýär. Aýalyndan halys basylyp çöle çykan Guldurdy gep nokatlamaga başlaýar: – Men oň bagryny ýakýan-da weli! Bir kada bardyr, şony bek belläp goýuň! Tabyňy özüňem bilme, heleýiňem bilmes¬in, gözüni-başyny aýla: çaý getir diý, çaý getirip goýar welin, çaýyňy owarra et, men çal içjek, çal getir diý. Çal getirer, içme, äkit çalyňy, nahar getir diý, nahar getirerem welin, datma, men entek ýatyp, dem aljak diý. – Batalýonda bolamda kamandir maňa jeňňele git-de, bäşdir-üçdür doňuz awlap gel diýdi – diýip, Meret kel şol bir heňine başlaýar. Keýpi kök hem bolsa, Öwezmyrat aga çydanok. – Şo doňzuňy bes et, haw, kel han – diýip, ony gepletmejek bolýar. – Senem il ýaly nemis awladym diý-ä, ˝däliň belläni enesiniň nemesi˝ diýlenni etme, doňuz, doňuz!.. Ýigrenji haýwanam bolsa, seň gepiňi diňläp bara, doňzy ýigrenesim gelenok. Meret kel arkan ýatyp, el çarpyp gülýär. – Öwwe jan, seň sözüňi diňlämde, orsuň terelkesinden çorba iýen ýaly bolýan, çemçäm çümenok. Olaryň keýpiniň dowamlylygyny çölüň bahar paslyna deňese bolar. Jöwzaly tomus, aňzak gyş neşäniň aladasy bilen utgaşyp, olara buýrulan höwessiz, tukat ýaşaýşyň manysyny düzýär. Oba dolanmak olaryň hyýalynda ýok, çöl olaryň gara maňlaýyndan çykan ýowuz gaçybatalga, olary süpük tirýeki bolmak derdinden dyndarýar. Olar diňe ölmek üçin oba dolanarlar. Jaýlamaga ýygnanan obadaşlar pylan neşekeşi jaýladyk diýmezler, pylan çopany jaýladyk diýerler. * * * Neşebentleriň üçünji toparyny düzýänleri san taýdan takyklamak aňsat başardanok, olary daş sypatyndan hem saýgarmak kyn. Neşe bilen aralarynyň bolandygyny galapyn ölenlerinden soň eşidip galýarsyň. Olar hor-homsy adamlar däl, barly, at-abraýly adamlar. Olar bol-elin iýýärler, neşäni bir kadada edýärler, çekmekden saklanýarlar, çekilen ýagdaýda töweregiň gözüne ilmegiň ähtimal. Olara mele tirýegi gök çaýda eredip içmek amatlydy. Olar süpük tirýekiler ýaly garyndyly, hapa tirýegi almaýar¬dylar, olara arassasy gerek, şire bolsa has-da gowy. Olaryň neşebentligi köplenç kesel zerarly. Bu ýagdaýy delillendirýänler: tirýek özünden başga derdi golaýyňa getirmez diýerdiler. Biziň brigadirimiziň demgysmasy bardy, bu derde ir ýolu¬gypdyr. Ol daýhanlar bilen oturyp, çaý-nahar edinmezdi. Galapyn çaý bilen gury nan iýýän adamlaryň ýanynda dürli-dümen iýip oturmagy uslyp bilýän däldir öýderdik. Çaýy hoz, kişmiş, halwa bilen içýändigini bilýärdik. Soň eşidip otursak onuň derdi başga ekeni. Ol tirýek atýan ekeni. Ol köp ýyl brigadirlik etdi, atly brigadirdi, juda ýöwsel, biynjalyk adamdy. Wagtal-wagtal bezzatlyk, ýaltalyk edeni¬mizde bizi tutup urmak üçin kowalardy, biz oňa ýetdirjek¬mi näme! Bendäň demi daljygyp, haşlap, üsgürip, boglup başlardy, nebsimiz agyrardy, sesýetimden gygyryp, ötünç sorardyk. Ol segsen ýaşdan geçip aradan çykdy, neşe etmedik bolsa, ellisinde ölüp giderdi diýdiler. Onuň agasy obada esasy tirýek satýan adamdy. Brigadirimiziň hemişe arassa tirýek edenine şübhelenmese bolar. Men oglanlyk ýyllarymdaky obany ýatlap otyryn. Uly obada iki öýde tirýek satylardy. Gizlin zat ýokdy, aç-açan baryp alardylar. Käbir adamlar üçin olar dermanhananyň roluny oýnapdy diýse-de boljak. Tirýek kemisli adamlara-da, çagalara-da berlerdi. Çaganyň içi durmasa, azajyk tirýek içiräý diýerdiler. Çyrçykly çaga dowamly içirilýän mahaly-da bolýardy. ˝Pylany iki-üç ýaşynda tirýegini goýandyr˝ diýip, degişmä salnyp aýdylýan sözüň jany bardy. Uruşdan soňky ýyllar sowet hökümetiniň has-da berkän ýyllarydy, depede Stalin demir penjesini gezäp oturan ekeni. Şeýle zamanda obalarda gypynç edilmän tirýek satylmagy juda geň görläýjek ýaly. Ýok, satypdyrlar! Özüm gözli şaýat. Diýdimzor emeldarlaryň hemaýaty bolmadyk bolsady, asyl satylmanjyk geçerdi! ˝Berim gökden ýol ýasar˝ diýlen pähimi bilýäris. Söwdagärler ýaragyň başarmajak ýerinden ýol salýarlar. Bu gün bu hakykaty neşe söwdagärlerine ýöňkeseň, hakykata has dogry geler. Olar ýapyk serhetleri-de böwsüp geçýärler. Olaryň hüjümi XXI asyryň başynda juda-da güýjedi. Indi teniňe ýokup duran tirýegi satýan ýok, indi tirýekden ýasalýan ak reňk geroin satylýar. Oňa dünýäde ˝ak ölüm˝ diýip at berilýär. Geroin adamyň beýnisini guradýar, uzaga çekmän ömür tanapyny kesýär. Meniň oglanlyk ýyllarymda kyrk ýaşdan bärde neşekeş ýokdy. Häzir geroin çekip, dünýe bilen hoşlaşmaga mejbur bolýanlaryň köpüsi kyrk ýaşdan bärdäki adamlar, aglaba ýaşlar. Halkyň köküne zäher bolup ýaýran neşe belasy barha gerim alýar. Ondan halas bolmagyň nähili ýoly bar? Bu mesele bütin adamzada degişli örän möhüm, örän kyn problema öwrüldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |