17:07 Ýiten ýurt -6: "KGB-de işiñ ýok" | |
6. ˝KGB-de IŞIŇ ÝOK˝
Ýatlamalar
Bu patefony kakam Moskwadan getiripdir. Uruşdan birki ýyl ozal onuň sergä iberilendigini ejem aýdardy. "Kakaň ýeriň aşagyndan ýöreýän otla-da münüpdir" diýerdi. Muňa aňymyz ýetmezdi. Obamyzyň dört-bäş kilometr gapdalyndan geçýän demirýoly ýeriň aşagyna sokjak bolardyk, bolmazdy, asyl onuň bolup biljekdigi göz öňümize gelmese nätjek. Bu geňlik bilen deňeşdireniňde, obamyzyň üstünden uçup geçýän samolýot köçeden barýan eşegaraba ýaly adaty zada öwrülýär duruberýärdi. Sergi diýilýän zadyň nämedigini-de ejem düşündirip bilmezdi, ýöne şol ýerde kakama berlen ak medalyň kümüşden ýasalandygyny aýdardy. Kakama sylag-hormatyň uly bolandygyna düşünerdik, onuň ýokdugyna gynanyp, dymardyk. Soňra kitaplardan okap, 1939-njy ýylda Moskwada Bütin¬soýuz oba hojalyk sergisiniň açylandygyny bildim, sergi oba hojalyk ugrundan gazanylan üstünlikleri görkezmeli ekeni. Kakam ol ýerde gören täsinliklerini gürrüň beren bolmaly, ol gürrüňçil adam diýerdiler. Kiçi bolanym üçin gulagymda galan däldir, soňam urşuň galagoply ýyllarynyň agyr aladasy zerarly onuň aýdanlaryny ulularam unudandyrlar. Adamlar görmedik, aňlamadyk zatlary hakyndaky sözleri çalt unudýarlar. Kakam ölenden has soň kerpiç tamymyzyň uly otagynda patefon diňlänimiz ýadymda. Men öýmüzde bu zeýilli owadan, ilde ýok zadyň bardygyna buýsanardym. Oňa ˝aýdym maşyn˝ diýerdik, başga käbir ýerde ˝maşyn bagşy˝ diýilýändigini-de eşitdim. Ol sapar patefondan bagşynyň aýdymyny diňlemändik. Staliniň sesini eşitmekçidik. Patefonyň ýany bilen daşy gaty uly albom berlipdir, onda Staliniň sesi ýazylan birgiden kart (plastinka) bardy. Albomyň daş ýüzüne oýulup ýazylan hatyň ýokarsyna Staliniň şekili möhür ýaly basylypdyr. Rusça sözleriň manysyny soň bildim. Kartlara Sowetleriň sekizinji gurultaýynda SSSR-iň täze Konstitusiýasy hakynda 1936-njy ýylyň dekabrynda Staliniň eden doklady ýazylypdyr. Ony ˝Stalin Konstitusiýasy˝ diýip atlandyrypdylar, her ýyl onuň güni dabara bilen bellenýärdi. Men beletlik bilen patefona tow berdim, albomyň birinji gatyndan kart çykardym. Üýtgeşik zady diňlemäge häzirlenip, ses-üýnsüz oturanlaryň arasynda iki adamdan başga orusça düşünjegi ýokdy. Biri Sary kakam, urşa başdan-aýak gatnaşan, obada atly mugallym, okuwçylaryň ondan çekinişleri diýer-aýdar ýaly däl, ýogsa onuň okuwça gygyranyny, şarpyk çalanyny gören ýok. Ol howply dymmak hem ýowuz garaýyş bilen gorkuzýardy. Beýlekisi Gökhan daýym. Ol brigadanyň gögüni ekip, köplenç meýdanda ýatyp-turýardy. Onuň ýygan ýandagyndan ýasaýan petdesiniň dykyzlygyna, agyrlygyna haýran galardylar. Düýesi bilen kişiň meýdandaky ýandagyny daşap hak alýan gazak: Gökhanyň petdesine üç esse artyk tölemeseňiz, daşajak däl diýipdir, şundan çen tutsaň, beýlekileriň üç petdesine barabar bolýar. Bu iki garyndaşymyzyň uruşda alan orden-medallarynyň köplügine buýsanardyk. Keçje ýeri, olar orden-medallaryny döşlerine dakynyp çykmazdylar, asyl orden aldyk diýip aýdanlaryny öňde-soňda eşitmedik. Gökhan daýymyňky has-da köpdi, ˝Şöhrat˝ ordeniniň ikisini alyp¬dyr, Sary kakamda biri bardy. Uruş ýyllary kakam olaryň ikisiniňem maşgalasyny oba göçürip getiripdi, açlyk belasyn¬dan dyndarypdy. Staliniň sesiniň olara has üýtgeşik täsir etjekdigine garaşýardym. Kinoda Staliniň adyny gygyryp hüjüme galýan soldatlary görkezýärdiler, bularam gygyrandyrlar. Men aýlanyp başlan kartyň gyrasynda tolgunma bilen patefonyň kellesini goýdum... Stalin diýlende, mekdebiň, kolhozyň kanturynyň diwar¬laryndan asylgy portretdäki görmegeý, daýaw adam göz öňüme gelerdi. Ol adamyň sesi-de labyzly, ýakymly bolma¬lydy. Obadaşlarymdan mysal alyp, özümiň mamladygymy düşündirip biljekdim. Asyl, ynha, Sary kakam otyr-a: görmegeý, syratly, sesi-de ýakymly. Patefondan çykýan ses meni geň galdyrdy. Bu nähili bolaý-daý!? Biý-ä mellek goňşumyz Güýç aganyň neşesiz azarlan mahaly çagalaryna jabjynyşyna meňzeş, bu sesiň Staliniňki bolmaga haky ýok! Kartdan çykýan ses üýtgemedi, ony jabjynyp üýrýän gürjiniň sesine-de meňzetse boljakdy. Gulaga ýakymsyz inçe ses gabyr-gubur gyssanmaç bir zatlar diýip, soňam dymýardy. Dymyşlygyň arasynda gübürdäp el çarpyldy. Düşnüksiz ses öňki hörpünde dowam etdi. Onuň haýsy dilde gepleýänini maňa aňşyrmak kyndy. Stalindigi çyn bolsa, orus dilinde geplemeli. Mülkaman bilen Ýazgeldi mugallym tamkepbede na¬har iýenlerinde wino içerdiler, keýpleri göterilende orusça ge¬pläp başlardylar. Manysyna düşünmesemem, orusçadygyny bilýärdim, ýöne bu sesiň orusçadygyny aňşyryp bilmedim. Gökhan daýym mys-mys güldi. – Düşünmedik-le – diýdi, – Stalin halka düşnükli gürlemeli dälmi? Başga biri bolmasyn bi, hä-ä, Sary, hatyny okap göräýsene, kim gepleýändigi ýazylandyr-a! Sary kakam aýbogdaşyny gurup, doňňaradaş otyrdy, gy¬myldamady, diňe: – Tirkim, başgasyny goý – diýdi. Karty çalşyrdym. Ýene öňki ses, öňki äheň. Bu ýakymsyz sesiň Staliniň sesidigini boýun almagyň hupbaty bilen başymyzy asyp oturdyk. Soň ejemden soradym: – Kakam diňläpmidi? – Kart diňläp oturmaga kakaň eli degdimi, kolhozyň ga¬ramaty bir ýandan, dert bir ýandan... – Eje, kakam orusça gepläbilýämidi? – Öýe gelýän uly emeldarlaň ýanynda-ha oturýardy. Bir görnüş ylla surata düşürilen ýaly göz öňümde galyp¬dyr. Uly otagymyzda şäherden gelen adamlar otyr, hersiniň öňünde çäýnek-käse. Daşarda münüp gelen gara lökge maşynlary dur, kakam uzyn turbaly pejiň ýeňse tarapynda namaz okaýar, başga ýadyma düşýän zat ýok. ■ Hümmet ahallynyň hekaýaty Bir gezek kakamyň yzyna düşüp, ambara bugdaý daşaýanlaryň ýanyna baranymy bilýän. Alaň ýaly üýşüp ýa¬tan bugdaýyň depesine egni halta ýükli adamlaryň galyp-düşýänleri ýadymda, hakydamda başga galan zat ýok. Soňra Hümmet ahallydan eşiden hekaýatymyň şol gezek gören zat¬larym bilen utgaşan bolmagy-da ähtimal. Hümmet aga kolhozyň atly düýekeşidi, Ol XXI asyryň başynda togsana golaý ýaşap dünýäden ötdi. Onuň gerdeninde daşan agyr ýüküni göz öňüne getireniňde, uzak ýaşanyna geň galaýmalydy. Belki, göwnaçyklygy, degişgenligi, sazy gowy görenligi üçin uzak ýaşandyr? Ýüzi ýagty, görmegeý adamdy. Önüp-ösen ýeri Mary bolsa-da, atasy Ahal ilinden göçüp gelipdir, oňa Hümmet ahally diýilmegi-de şol sebäplidi. Hümmet agany görenimde, çagalyk döwrümdäki obany synlaýan ýaly bolýardym, ol hem şol duýgymy aňýan ýaly şol döwrüň wakalary, ötüp giden adamlar hakynda gür bererdi. Söz owadanlajak bolmazdy, üzlem-saplam geplese-de adam¬lary anyk häsiýetlendirýän degerli delilleri aýdardy welin, ýüregiňe jüňk bolaýardy. Özüniň gös-göni gatnaşygy bolan wakalary gürrüň bererdi. Meni her sapar görende ambarda bolan kiçijik waka uly ähmiýet berip, gapdalynda duranlara aýdyp bererdi. – Sen şo mahal dört-bäş ýaşdan uly bolmal-a däl, kakaň sklada bardy, senem gapdalyndadyň. Depe bolup ýatan bugdaýyň üstüne çykjak bolduň. Bizem egnimiz agyr hal-taly üýşmegiň üstüne galyp, bugdaý döküp gaýdýas. Şonda aýagyma çolaşyp, ýykylanyňy bilýän. Bir ýeriň agyrdymy, ýa jögülik etdiňmi, agladyň. Bä-ä, oňat görýän ogluny aglat¬dym, Jumageldä ýaramaz, gaharlanaýmasa-da biridir diýdim. Gaharlanma nire, ol-a gaýta: ˝Hä-ä, oglum, Hümmet ahally¬dan ýeňiläýdiňmi!˝ diýip, güldi. ˝Biz seň kakaňy ummasyz sylaýadygam, çekinýädigem˝ diýip, Hümmet aga gülüp goýberdi. – Şo zaman Jumageldiden atly, Jumageldiden abraý¬ly başlyk barmyka diýerdik. Başlyklygy üçinem çekinendiris welin, esasy mesele Jumageldiniň adalatly adam bolanlygy. Ol eli taýakly çopany, egni pilli daýhany raýkomdan ileri tu¬tardy˝. Bir gezek oba baramda inim Kakageldi: ˝Tirkiş kaka, Hüm¬met aga düşege ýanyny berende, gürrüňini ýazyp aldym, diňlejekmi˝ diýdi. Magnitofon ýazgyny ýeke özüm diňledim. SSSR dargandan soňky ýüz beren ýagdaýa Hümmet aganyň öz garaýşy bar ekeni. ˝Juda gaýgyçyl bir adam bolan. Biri aýdýa: şu gün diýýä, pylany bazardan eşek alypdyr welin, guýrugam, gulagam ýokmuş diýýä. Gaýgyçyl adam muny eşidip, gidýä bir iňkise. Beh diýýä, ol eşek birdenkä batga bataýsa, niresinden tutup batgadan çykaryp borka diýýä... Biziňem häzirki ýagdaýymyz guýruksyz, gulaksyz eşegiň batga batyşyny ýatladýar diýäýmeli boldy˝. Ýazgyda Hümmet aganyň kakam bilen bagly ýene bir gürrüňi bar ekeni. Muny öň eşidipdim, ýazgydaka garaňda ozal has şireli, degişmä, ýumora garyp aýdypdy. Şony başardygymdan kagyza geçirjek bolaýyn. ”Haýsy ýyldy şol, indi anyk aýdybiljek däl, öz-ä urşuň orta gürpleridi, orta gürpi bolanda, kyrk üçünji ýyl bolýar dälmi? Entek pagta ýygymy gutarmandy. Çölden ojar daşaýardyk. Oba ýetip, ýükleri ýazdyryp, indi bir dem-dynç alaly diýip durkak, oba şuraň jigidi elime pöwüsge tutduryp gitdi, ertir irden goşuňy alyp, woýennikamata barmaly diýdi. Men, haw, gorkak adamam-a däldirin welin, gözüm-başym aýlandy git¬di. Eňdim Jumageldiň ýanyna, hernä, meň bagtyma, kanturda oturan ekeni. Pöwüsgäni görkezdim-de: ertir meni pronta ugradýalar diýdim. ˝Seni iberip, ýeriňe aýallary düýekeş goýaýynmy˝ diýdi. Gaharynyň gelenini bilýän-dä, dişlerini gysyp, böwrüne diň salyp oturdy, soňam pöwüsgäni aldy-da: ˝Bar, sen işiňi ediber, jogabyny özüm bererin˝ diýdi. Jumageldi diýse, hökman bolaýmaly diýip pikir ederdik. Woýennikama¬ta barmaly adam, irden düýeleri tirkäp çöle barýa, soňky bol¬jak zatlardan bihabar. Iki gün çölde ýatyp, ojardan ýüklenip, dolanyp gelýäs. Saragt ýoluň gyrasynda, ynha, bi ˝Täze oba˝ golaý ýerde Welmyrat milisýa ýoly saklap dur, edil biri habar beren ýaly, haw! Ýüzi mama dişän daýaw milisýady, ölüp sypaýmasaň, Welmyratdan sypjakmy sen! Gaçgaklaň ýagysy¬dy. Jumageldiden çekinýämiş diýerdiler. Ýabyly gezerdi, sa-pançasam hemişe bilindedir, haýbaty zordy. Şo gün ýabysyny köne paýtuna goşup çykypdyr. Meni oba ýetirmän alyp gider-ow diýdim. Obaň erkek adamlaryny tanaýardy, ýekän-ýekän adymyzy tutýardy. ˝Hä-ä, Hümmet ahally, iki gün çöle gaçanyň bilen sypaýaryn öýtdüňmi – diýip, hahahaýlap gülýär. – Sen işçi batalýona gitmelidiň, indi pronta gidersiň˝ diýip gygyrdy. Birdenem sapançany ýazzy maňlaýyma çen¬edi-de: ˝Mün paýtuna!˝ diýdi. Emeline düşündim: ˝Jumagel¬diden bidin ugradaýmasak, ol bi adamy bermez˝ diýendir. Özüme diýýän: her zat et, ýalbar-ýakar, oba ýetjek bol diýýän, Jumageldi maňa arkaýyn geziber diýdi, bar, Jumageldi bilen düşüniş diýsem, olam boljak däl, namartlyk diýip düşündim. Oba sähelçe galdy, oba ýetip, Jumageldini görübilsem, bir alajy bolar diýýän. Ýalbarmaga durdum: ˝Welmyrat, sadagaň bolaýyn, ogul, çagalam bilen didarlaşmaga puryja ber-ä maňa. Hol-ha, oba görnüp dur. Kiçigyz armanly bolmasyn, jereniň owlagy ýaly owadan gözlerini ýola dikip oturandyr. Aýralyk pursatyny süýjülikde ýatlar ýaly bolsun, erkek adam-a sen, düşünmel-ä sen˝ diýýän. ˝Gepiňi tüket, mün paýtuna!˝ diýdi, şähere alyp gaýtdy, getiribem woýennikamatda bir orsuň öňünde dikeltdi. Pägunly orus üstüme gygyrýandyr, heý, goýaý! Bir sözüne-de düşemok. Ahyry Welmyradyň özi: ˝Näm üçin wagtynda gelmediň diýip soraýar˝ diýdi, düýeleri taşlap gaýdyp bolýarmy, haw, düşündir-de aýt, tanapyna towsup durşuny gör-ä… ýarjak-la bu meni diýýän. Welmy¬rat: ˝Ol seni ýarjak bolanok, düýeden tapawudyň ýok diýýä, heleýiňi görmän gaýdypsyň-a, düýe heleýiňden eziz boldumy saňa diýýär˝ diýdi. Öz ýanymdan: bir ýanyny heleýe tut, heleý diýseň, orus düşüner diýdim. Ýalbarmaga durdum: ˝Welmyrat jan, meň haýyşymy düşündirip aýt şuňa diýdim. Heleýimiň ýüzüni görmän gitsem, karam boljak, düýede dil ýok, gynanýanyny aýdybilenok janawar, Kiçigyzyň dili baldan süýji, kekreden ajy. Hoşlaşyp gitsem, bal ýaly süýji sö¬zlerini eşiderin, hoşlaşman gitsem, kekre ýaly ajy gargyş eder. Woýennikamat hoşlaşyp gel diýdi diýjek. Baryp gaýtmaga puryja beriň, agşama dolanmasam bara, it ogly men, ataýyň˝. Welmyrat meň sözümi jaýdar ýetirdi hasap edýän, pägunly orus gülüp goýberdi. Welmyratdan zor çykdy, oba baryp gaýt¬maga rugsat berdi. Oba ýetip, öýe barman Jumageldiň ýany¬na haýdadym. Öýünde diýdiler, nähoşlady, kantura gelmez diýdiler. Ýalňyşmaýan bolsam, şo mahal Meskew Jumageldä uly ordin beripdir, sylagyny almaga gitmeli, ýöne uzak ýola gitmäge göwnänokmyş diýen gürrüň bardy. Ýagydan gaçýan ýaly haýdap bardym, ýanynda oba emeldarlarynyň biri, ýene bir nätanyş adam oturan ekeni. ˝Hä Hümmet, näme alada çykdy?˝ diýdi. ˝Alad-a, Jumageldi, meni şu gije pronta göter¬jekler˝ diýdim. Başga zat soramady, kagyz aldy-da bir zatlar ýazyşdyryp, emeldaryň eline tutdurdy. ˝Şähere ýet, kagyzy bermeli adama gowşur, agşama Hümmediň döküwmentler¬ini alyp gel, başarmasaň, ýerine özüň ˝wagona münersiň˝ diýdi. Maňa-da işiň bilen bol diýdi. Şondan soň meni idän bolmady. Ýogsa, men Jumageldiň doganam däl, garyndaşam däl, kolhozyň düýekeşi-laý, oňa menden ileri adam ýok ýaly. Hudaýa şükür, urşuň açlyk ýyllaram biziň şü uly obamyzdan açlykdan heläk bolan ýokdur, Jumageldi başardygyndan goňşy obalara-da kömek edendir. Hümmet aganyň orden hakynda aýdanyny men altmyşynjy ýyllarda uruş döwrüniň gazetlerini agtaryp, takykladym. 1943-nji ýylyň awgust aýynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany bilen Mary raýonynyň ˝Synpy göreş˝ kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Jumageldi Bakyýew Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglanypdyr. Mynasybeti boýunça SSSR-de ikinji orden hasaplanylýardy. Saglyk ýagdaýy zerarly Moskwa gidip bilmäni üçin orden gowşurylman galypdyr. ■ Gurbangeldi aganyň hekaýaty Bu ýaşuly 1915-nji ýylda doglan, Jumageldi Bakydan 15 ýaş kiçi, goňşy obadan. Ömrüniň köp bölegini Mary şäherinde ýaşady. 2008-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda 93 ýaşynyň içinde aradan çykdy. – Kakaňy ilkinji görenim ýadyma düşýär. Ol mahallar Daşkent şäherinde IMPROS-da okaýardym. Uly okuw hasap edilýärdi, orta bilim berýärdi. 1933-nji ýylda oba, kanikula geldim. Kakaň o mahal kolhozyň pagta brigadiridi. Ilki gören¬imden bu adamy sulhum aldy. Öňde barýan brigadir, daýhan¬çylyga ökde adam diýdiler. Meni yzyma okuwa goýbermedil¬er, okajak bolsaň, her haçanam wagt tapylar, sen oba şurada işlemeli diýip, galdyrdylar. Ýigrimi ýaşa-da ýetmedik ýigit, bilimim bar, ýazuw-pozuwa ökde. Ol mahal obada sowatly adam azdy. 1935-nji ýylda kolhoza täze başlyk saýlamaly boldy. Kimi goýmaly? Jumageldi Bakyny goýmaly diýdiler, öňde barýan brigadirdi-dä. Ekinli kartaň gyrasynda durup, bugdaý bolsun, pagta bolsun, şu ýerden pylança hasyl çykmaly diýibilýärdi, diýenem galapyn dogry çykýardy. Soň Jumageldi bilen hasam ýakyn gatnaşykda boldum. Näme ýumuş buýursa, bitirip ýörün. Olam meni gowy gördi. Kakaň magazine gelerdi, ýük gelipdir, kostýum gelipdir. Kostýum satyn alardy-da, pen¬jegini özi geýerdi, jalbarynam maňa bererdi. Özi türkmen biçüwindäki balak geýerdi. – Kakamyň sowady barmydy? – Okap, ýazyp bilýärdi, sowady bolmasa, brigadir, başlyk bolup bilmez-ä. Bir gezek: Gurbangeldi, Garadüwriniň töw¬eregindäki ýerler tapdan çykyp barýar, şony gaty gaýgy edýän diýdi. Menem birden: sen şony gaýgy etme diýäýip¬dirin. Şäheriň çetinde aerodrom bardy, şonda-da bir dostum bardy, Lutoý diýýärdiler, maýor. Ähli hojalyk işini çözýän şol, eýesem şol. Goçak traktorlary bardy, şolar göz öňüme gelensoň-da Jumageldä şeý diýenim. Eňdim şähere, gelsem Lutoý öýünde diýdiler. Derwezä golaý bardygyň ýaragly sol¬dat ˝Stoý! Dur!˝ diýip gygyrýar. Lutoý gerek diýdim. Çagyryp geldiler. ˝Goýberiň˝ diýdi. Äý, deşli, daýaw adamdy! Hal-ýag¬daý soraşdyk, iýip-içip oturan ekeni, biraz ”urdugam”. Men şuň ýaly-şuň ýaly diýdim, traktor gerek, ýer tapdan çykyp barýar, derrew ekiş geçirmesek, yzgar gitjek diýip düşüner ýaly aýtdym-da. Lutoý Jumageldini tanaýardy, wagtal-wag¬tal kolhozdan diläp, ýumurtga alyp giderdi. Kömek ederis diýdi, ertir irden uly traktor ibererin diýdi. Birki bedre ýu¬murtga gerekdiginem aýtdy, daş ýany bilen bolar, şofýoryňy iber, alyp gaýtsyn diýdim. Ýok, özüm bararyn diýdi. Aýdyşy ýaly, traktor irden geldi, Hudaýgulyň brigadyna iberdik. O güýçli traktoryň öňünde müşgil iş barmy! Sähel wagtda ýeri talhan edip taşlady. Ana, onsoň ýumurtga nämemiş, kakaň oňa goýun diýse-de berjek. Şonda Jumageldi hoşal bolup, eg¬nime kakdy-da: ˝Indi boldy, kemi galmady! Özüň garşyla-da, Lutoýyň göwnüni tap, bir diýenini iki edip ber˝ diýdi. Meň bu zady aýdýanym, şeýle zerurlyk çykanda hemaýatym ýetýär¬di, Jumageldi sähelçe ýagşylygam unudýan adam däldi. Meni obadan goýberesi gelenokdy. Oba sowetde sekretar bolup işlesemem, orunbasaryň aýlygyny alar ýaly etdi. – Ýaşuly, sizi döwlet howpsuzlygy komitetiniň okuwyna-da, gysgaça aýtsaň, KGB-niň okuwyna-da iberjek bolan eke¬niler. – Bir gün KGB-äň adamlary oba bardylar, Moskwadan gelen adamam bardy. Oba şuraň jaýynda otyrlar, menem sekretar. Moskwadan gelen maňa çiňerlip-çiňerlip seredýär. Asyl, ol meni okuwa peýläp oturan ekeni. Ibermeli diýip¬dir. Şundan soň ekzamensiz-zatsyz kabul etmeli diýip, meň dokumentlerimi dolduryp başladylar. Harakteristika ýazdylar. Ýöne men Jumageldiden maslahatsyz gidip biljek däl-dä, ýaşulym-da. Aýtdym, meni okuwa belläpdirler, men gitmeli boljak diýdim. ˝Nämäň okuwy ol?˝ diýdi, ˝KGB-äň okuwy˝ diýdim. ˝Bo-ow, işiňi gutarypsyň sen diýdi, işläber şu işiňde˝ diýdi. ˝Hatlarymy düzetdiler˝ diýdim, Marynyň KGB-siniň naçalnigine Faborskiý diýýärdiler, ony Jumageldi gowy tanaýardy. ˝Seň bu okuwyň bolanok, KGB-de işiň ýok, asla milisiýaň okuwy gerek däl, bardajyk dokumentleriňi al-da gaýdyber˝ diýdi. Mundan soň geplemäge ýagdaýym ýok-da, şeýdip, meni ol okuwdan galdyrdy oturyberdi. ˝Şu mahal diýme, soň nähili okuwa gitjek diýseň ibereýin, özüm Aşgabada äkidip, ýerleşdirip gaýdaýyn˝ diýdi. Jumageldiň aýdanyny etjegine şübhäm ýokdy. Jumageldi Baky, Agaýusup Aly, Mykgy Lorsy – bulary Aşgabatda-da gowy tanaýardylar. Arman, Jumageldiň ömri gysga boldy, 45 ýaşynda aramyzdan gitdi. Derdi agyrdy, üstesine-de saglygyna hiç seretdirmedi. Keselhanada ýat diýilse-de etmedi, sanatoriýa git diýilse-de gitmedi. Telim öwre meni ýanyna goşup, kurortlara iberjek boldular, kes-kelläm edenok, ýalbarýadyk, gulak asanokdy... Gurbangeldi aganyň şu aýdanynyň dogrudygyny XX asyryň altmyşynjy ýyllaryndaky bir fakt bilen tassyklap biljek. Bir gezek Aşgabatdan obamyza baranymda, kolhozyň şol wagtky başlygy Orazgeldi Mommadow maňa garaşylmadyk sowal berdi: – Balyş Öwezow seni ýanyna çagyrdymy? – Ýok. Balyş Öwezow meni ýanyna çagyrmalymydy? Balyş Öwezow şol mahal Türkmenistanyň kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarydy. – Arada kolhoza geldi. Kolhozyň öňki adynyň ˝Synpy göreşdigini˝ bilýän ekeni. Jumageldi Bakynyň başlyk mahaly gelipdim diýdi, ýörite tabşyryk bilen iberdiler diýdi. Kolhoza bar, Jumageldi Bakyň özi bilen gürleş, raýkoma bar, obkoma bar, ony çaltrak sanatoriýa gider ýaly etmeli, saglyk ýagda¬ýy ýaramaz diýipdirler. Kakaň gitmändir. Maşgalasyndan kim bar diýip sorady. Seň adyňy aýtdym, ýazyjy, Aşgabatda ýaşaýar diýdim. Tanaýan-a diýmedi, bardygym ýanyma çagyraryn diýdi, gaty çyny bilen diýdi. Respublikanyň ýolbaşçysynyň kabinetine çagyrylmagym üçin onuň isleginden başga-da men hakda maglumat bermeli adamlaryň maňa garaýyşlaryny-da hasaba almalydy. Şu ýagdaýyň aýgytly rol oýnap biljekdigine şübhäm ýokdy. ■ Agamyň hekaýaty Agam Ata Jumageldi menden üç ýaş uly. 1952-nji ýylda Mary şäherindäki 6-njy erkekler orta mekdebini gutardy. Bir gözünde şikes barlygy üçin wraçlaryň barlag komissiýasyn¬dan geçip bilmän, obada galmaly boldy. Çagaka bir gözüne gupbanyň ujy çümüp, görejine zyýan ýetirendigini soň bilip galdym. Ýigrimi ýyllap kolhozyň ýük maşynyny sürdi, soňra traktorçylaryň brigadiri bolup işledi. – Altmyşynjy ýyllar kolhozyň goýny Saragt çölünde bakylýardy, permede işlemeli diýdiler. Saragtyň obalaryna belet bolup gitdik. Çopanlara ony-muny alaly diýip, oba magazi¬nine sowuldyk. Ýanymdaky adam magazinçini gowy tanaýan ekeni, Juma aga diýdi, birmahal ˝Gyzyl sowet˝ diýen kolhoza başlyk bolupdyr. Menem tanyşdyrdy: ˝Juma aga, bi şopur ýigit Marydan, ˝Synpy göreş˝ kolhozy diýip eşidensiň-ä?˝ ˝Wah-eý, ˝Synpy göreşi˝ eşitmedik barmy! Men kolhozyň başlygy Jumageldi agany tanaýardym!˝ ˝Tanaýan bolsaň, şu ýigit şol Jum¬ageldi Bakyň ogly˝. Juma aga: ˝Äý, nätdiň-aý!˝ diýip gygyrdy, haýdap ýanyma geldi, ýüzüme çiňerlip seretdi, birdenem garsa gujaklady, egnimden silkip gygyrdy. ”Heý, muňa sered-ä! sen Jumageldi Bakyň oglumy? Bizi açlykdan çykarandyr seň kakaň! Sen bilýänem dälsiň, uruş ýyllary ýumruk ýaly oglan bolmaly sen. Hemmesini gürrüň bererin. Saçagyň başynda gürrüň bererin – diýdi. – Jumageldi agaň ogluna hezzet-hor¬mat etmek miýesser boljak özi! Hany, gideliň öýe, eglenmän gideliň” diýip, gözüne dolan ýaşy süpürdi. Öýüne geldik, iýip-içip oturdyk, göwnaçyk, gowy adam ekeni. Kakamyň ýanyna bugdaý diläp gelşini gürrüň berdi. Ambardaky bugdaý erte-birigün gutarjak, oba aç öläýmeli, bişikçilige 40-45 gün bar. Uruş gidip dur, döwlete dänäni sen bermeli, döwletiň saňa däne bermäge borjy ýok. Kellämi tu¬tup otyryn diýdi, it bolup uwlasym gelýä, uwlanyňdan peýda boljakmy?! Bir adam: eger alyp bilseň, bugdaýyň bar ýerini aýdaýyn diýipdir. Biziň kolhozymyzy, kakamy salgy beripdir. Saragt nire, Mary nire! Artyk bugdaýyny öz raýonynyň ad¬amlaryna berende bolanokmy diýip, ýaýdanyp oturýar, ahy¬ram: ajyň aňy bolmaz, bagtyňy synap gör! diýýä-de gaýdýar. Jumageldiň öňünde ýaýdanyp, gara dere batyp otyryn, dil¬im kentlewügime ýelmeşip gymyldanok diýdi, çaý bilen ölläp, ahyry aýdypdyr: bişikçilige ýeter ýaly baryňdan bir zat emläýmeseň, açlykdan ölýäs diýipdir, iki tonna berseň, galamasyny oňşuk ederis, ota ýanap iýeris, bir alajyny taparys diýipdir. Kakam: munça ýol söküp gelipsiň, saňa iki tonna bu¬gaýy bermeli bor, äkidiň diýipdir. Begenjimden tas çaga ýaly möňňüripdim diýdi, şeý diýende-de gözüne ýaş indi. Agam obada ýaşansoň, kakam hakynda il arasyndaky gürrüňleri köpräk eşidipdir. Olaryň käbirini unudypdyr, ýazyp goýaýmaly ekenim-dä diýip ökünýär. Onuň ökünji kakamyň daýhançylygy bilen bagly. Bir mysal: Hümmet ahallynyň iki-üç öwre beren gürrüňine görä, kakam ýylyň bir güni ekine suw tutdurmaz ekeni, şol gün suwy boşluga, köplenç obanyň gaýrasyndaky Gatyköw diýilýän şorluga sowupdyrlar. ˝Wah, Hümmet aga şol günüň takyk adynam aýtdy, indi hi-iç ýatlap bilomok-da!˝ diýip, agam jibrinýär. Golaýda agam bilen gürrüň edip otyrkak, şol syrly günüň adyny bilendigini aýtdy. Oňa „syýamerk“ diýilýän ekeni. Türkmençe „gara ölüm“ diýmek. Şol gün ekine berlen suwy ölüme barabar hasap edipdirler. „Ol fewral aýyna düşýär diýselerem, takyk gününi aýdyp bilmediler“ diýdi. Mende onuň fewral aýynda bolup biljekdigine şübhe döredi. Fewral aýynda ekine suw tutulyp ýörlenok. Ýaz aýlarynda diýseň, başga gep. Kakam hemişe ýaby münüp, ekin meýdanlaryna aýla¬nar ekeni. Gyradaky ýollar bilen gitmän, kartalaryň orta¬syndan atyzma-atyz geçipdir. Ýeriň beýigini, pesini ökdelik bilen takyk saýgarmagy başarypdyr. Ýap, salma çekilmeli ýeriň ugrundan ýabyly geçer ekeni, meniň geçen yzymdan gyşarman gazyberiň diýer ekeni. Soň şol ýapdan suw akanda raýyşy berkidip, azara galyp ýörmeli bolmandyr. Kakamyň gyşarnyksyz berjaý eden daýhançylyk usullaryndan ýene biri unudylypdyr. Bu hakda men ilkinji gezek kolhozyň başlygy, alym agronom Orazgeldi Mommadowdan eşidipdim: ˝Jumageldi aga bugdaý ekdirende, wagtyň ölçegine gaty irnik garar ekeni. Güýzlük bugdaýyň ekişini pylan gün günortana çenli gutaraýmalydyr, öýlän ekjek bolmaň, gögerende-de onuň hasyly bolmaz diýip, sargar ekeni. Bir gezek synag üçin bir atyz ýere öýlän tohum sepip görüpdirler. Dogrudanam, öýlän ekilen bugdaý pytrap ýaty¬beripdir. Men häzir şol güni takyklajak bolýan, başardanok, bilýänler bireýýäm ölüp gitdiler. Soň pagta diýlip, bugdaý unudyldy. Munuň üstesine-de, türkmen daýhanlarynyň tejribesi ýörite öwrenilmedi, äsgerilmedi, ony ylymdyram öýdülmedi˝ diýipdi. Agamyň aýtmagyna görä, takyk güni anyklamak Orazgeldä-de başartmandyr. Soňky söhbetimizde agam bu hakda-da bilen faktyny aýt¬dy. Güýzlük bugdaý ekilende, ony oktýabryň 20-sine ýa-da 21-ine günortana çenli ekmeli, öýleden soň ekmeli däl diýip¬dirler. Gynançly ýeri, iki günüň takyk haýsydygyny aýdyp bilmediler diýdi. Muňa „çeltek hasaby“ diýipdirler. Çeltek atly daýhan bolupdyr. Öýländen soň ekilen bugdaýyň dänesi üç-dört esse az bolýar diýip delil getirýärler. * * * Kakam ölende men ýedi ýaşly, ýaňy mekdebe gatnap ugran oglandym, 1945-nji ýylyň oktýabr aýy bolmaly, iň kiçi jigim Orazmyrat kyrk günlük bäbekdi. Kakamyň janly keşbi çagalykda görlen kinolardaky ýaly bölekleýin göz öňüme gelýär, olaryň düýşdäki ýaly uzaklygy, maşgala durmuşy bilen bagly ýüze çykýan duýgulardan üzňeligi meni gynandyrýar. Bu ýagdaýy maşgalasynyň arasynda oturyp, çagalaryna gümra bolmaga wagtynyň örän çäkliligi bilen düşündirse bolar. Soňky eşidilen gürrüňlerden çen tutsaň, dynç alaýyn diýip az mahal öýe gelende-de, ony arkaýyn oturtmandyrlar. Ol mahallar başlygyň kabinetine, anyk bellenen sagatda barmaly diýen düzgün, düşünje bolmandyr. Möhümi çykan adam gabatlaşan ýerinde oňa ýüz tutupdyr, ertir diýmän, gije diýmän, onuň öýüne barmaga-da çekinmändirler. Kakamyň häsiýeti ýumşak diýilse-de, meseläniň çözgüdi ýowuz bol¬magy talap eden halatynda ikirjiňlenmändir. Bir şerraý, bet aýal hakynda ejemiň beren gürrüňi ýadymda. Ol aýal maşgalasy bilen oňuşman, adamlary pisläp, obany bulap, häli-şindi kükräp, halys kakamyňam degnasyna degipdir. Pylan-pylan zat etmeseňiz, özümi otlaryn diýip heňkiripdir. Kakam tüňňür doly nepýagy, otlyçöpi eltip beriň diýipdir, ol aýala-da: ˝Öý-garadan, odun-çöpden saýlan-da, otla özüňi˝ diýipdir. Şerraý heleý özüni otlajakmy? Emi-ýomy şol boldy, gaýdyp sesi çykmady diýip ejem aýdardy. Özüni otlajak aýal aýtman, duýdurman edýär. Kakam kimiň nähili söze mynas¬ypdygyny gowy bilipdir. Agamyň ýadynda galan waka. Ol Orazdurdy kese bilen bagly. ˝Kese˝ lakamy kellesiniň gawun ýaly süýrüligi üçin goýlupdyr. Bu adam uruş ýyllaram, soňam kolhozyň brigadiri bolup işläpdi. Zabun adamdy. Urşuň agyr ýyly goňşy obadan gelip, gedaý gezip ýören eslije çaga öýe girip, saçakdaky çöregi ogurlajak bolýar, neresse Orazdurdy kesäň girisine düşýär. Çagany ýolboýy ýenjip, çyrladyp, biziň öýümize getirýär. Kakam daş çykýar, näme boldy diýibem soramaýar: ˝Degme o çaga, boşat – diýýär, soňra ejeme: – Garnyny doýrup, hal-tasyna-da nan salyp goýber˝ diýýär. Neressejigiň howlugyp, owurdyndaky nany gözýaşa garyp iýip oturşy agamyň göz öňünde hemişelik galypdyr. Kakamyň tabydyny göterip, haýdaşyp barýan adamlaryň uly topbagy göz öňümde, men tamkepbämiziň üstüne çyk¬yp seredipdim. Aglap duranam bolsam, bu ýitginiň biz üçin nähili agyr boljakdygyny göz öňüne getirmekden entek ejiz ekenim. Ýyllar geçdi, soň Aşgabatda ýaşap ýörkäm, 1945-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan gazetleriň sahypalaryny agdaryp gördüm. Mary raýonynyň öňdebaryjy ˝Synpy göreş˝ kolhozynyň tanymal başlygy Jumageldi Bakyýewiň biwagt ölümi bilen bagly berlen gynançlary okadym, onuň suratdaky hor, ýadaw ýüzüne garap oturşyma, ony urşuň ýangynly söweşleriniň içinden geçip, agyr ýarasynyň berýän jebrine çydam edip, ýeňiş dabarasyna çenli ajala per bermedik esgere deňäpdim. Indi mensizem öz günüňizi özüňiz görersiňiz diýip, ýagty ýalançydan arkaýyn gidendir diýipdim. Şonda könelen gazet sahypasyndaky surata garap, gözüme ýaş aýlap aýdan sözlerim ýadymda: ˝Kaka, men eýýäm senden bäş ýyl artyk ýaşadym, şu san ona, ýigrimä ýetse-de, senden uludy¬gyma ynanyp biljek däl˝ diýipdim. Häzir men 70 ýaşyň içinde, şonda-da 45 ýaşda giden kakamdan kiçi, has kiçi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |