03:43 Ýiten ýurt -7: Gaýratly aýal | |
7. GAÝRATLY AÝAL
Ýatlamalar
Men 50 ýaşamda, 1988-nji ýylda, bu gaýratly aýal segsenden geçip, aramyzdan gitdi. Orruk tomsuň demikdiriji yssysynda huşuny ýitiren göwre ajal bilen çekeleşip ýatdy. Gözüniň açyklygynda daşyny egeläp oturan ogullaryna, gyzyna, agtyklaryna arkaýyn seredip, ýagty ýalançydan kanagat bilen gitmäge haklydy. Elbetde, bu isleg adam ömrüniň mazmunyny ahlak kadalary bilen gabat getirmäge endik edinen adamlaryň serine geler. Bu ýerde adamyň häsiýetini hasaba alman bolmaz. Onuň Aşgabatda ýaşaýan bir ogly uzak Nalçik şäherine dynç almaga gidipdi. Ýakymsyz habary alan dessine ol Aşgabada uçýan samolýota mündi, bu ýerde-de eglenmän, Mara baryp ýetişdi. Ogluna garaşyp ýatandyr diýen pikirdäki adamlar indi syrkaw ýa aňry ýa bäri bolar öýdüpdiler. Ogly enäniň üstüne abanyp, üç öwre ˝eje!˝ diýip ýüzlenenden soň onuň sesi garrynyň huşuna ýeten ýaly boldy, ýukalan gabaklaryny haýallyk bilen açdy, oglunyň ýüzi görejine ildi¬mi-ilmedimi, aňdyrmady, dili-de geplemedi, gabaklar ýene ýumuldy. Indi jan beräýmegi ähtimal. Garaşmadan dörän ümsümlik dowam etdi. Oglunyň ünsi ejesiniň ellerinde eglendi. Bogunlary tomparyp, gysgalan barmaklar düşegiň gyrasyndan tutupdyr. Çylgym-çylgym damarlar bilen torlanan penjä ogly beletdi, tutan ýerini goparýan penjedi. Garry bu hereketi bilen gaýratyny ogluna ýatladyp, ajala aňsatlyk bilen per bermejegini duýdurýardy. Häzir bu eller uzak ömrüň zähmetde, jepada geçendigini görer göze aýan edýän ýeke-täk nyşana öwrüldi... Bu aýal her işiň başyna baranda, şol işe häsiýetli bolan ýagdaýa lükgeligi bilen berlerdi. Ýarym-ýaltalygy ýigrenýändigini gapdalyndakylara söz bilen aýtmazdy, başarnygy, çak-ganlygy, ökdeligi bilen duýdurardy. Bitiren işiniň haýsy birini aýtjak! Çykalan gamşy ýere ýazyp, üstünde keçe güllände dürli reňkdäki pamyk ýaly ýüňüň ýumşaklygy bu ellere geçýärdi. Keçäniň ýüňüni özi elin saýardy, kişä ynanman, mis kersende özi boýardy. Boýanyň nähili düşendigini anyklaýan ýeke-täk gural onuň ýiti gözleridi. Keçe güllenip bolnandan soň üstüni belli bir galyňlykda ýüň bilen basyrardylar, soň gamşa dolap, suw seperdiler, iki-üç ýerinden tanap geçirip, togalap başlardylar. Gaýta-gaýta üstüne suw sepelenýän gamyş düýrümi barha agralýardy. Bu aýal ýüpi ýaş-ýeleňlere berip, indi siz togalaň diýip, gapdalda syn edip oturmazdy. Bilini mäkäm guşap, ýüpi deň çekişerdi. Keçe basylanda, bişirlende gyzgyn ýüňe sürtülmeden ýaňa bilekleriniň näzik hamy gyzyl-jizjik ýansa-da, başdan-aýak özi durmasa oňmazdy. Keçäniň hakyky kaddyna ýetendigini teni bilen duýmalydy. Ol anyk bir zat diýýänçä, iş dowam ederdi. Bu elleriň gyzan tamdyra ýapyp-goparýan mele myssyk çöreginiň ysy bir menzile ýaýraýardy diýilse ynanaýmalydyr. Gün nuruna ýüzi ýalpyldaýan çöregi gyzgynlygyna agaç tabaga dograp, ýanlyk ýaýyp alan täzeje mesgesi bilen garyp, owmaç edip berende, onuň datly tagamyny söz bilen düşündirmek kyn. Ýa-da gara öýüň ortasyndaky tekiz ojakda gorsawly köze gömüp bişirýän etli işleklisiniň tagamyny nämä deňejek! Gorsawdan uly gapaga çykaran işleklisiniň külüni ýeňlik bilen kakyp, arassalap, soňam bölek-bölek kesip, çanakda basyryp goýar, demini alyp, ýumşandan soň iýiň diýer. Gulagyňy kesip gitselerem duýmarsyň diýilýäni çyn bolar. Onuň edýän palawynyň, unaşynyň datly tagamy ömürahyr agzyňdan gitmez. Kalby süýji aýalyň bişirýän tagamy-da süýji diýýärler. Bu hakykat aldawa per bermeýär. Ogly muny ejesiniň mysalynda tekrarlap biljek. Gara işe gezek gelende-de bu elleriň ezberligine haýran galardy. Ýorunja orup otyrka elleriniň hereketini synlaňda, bu iş onuň üçin zähmet däl, bu iş onuň üçin keýp diýersiň. Bir penjesi ýorunja düýplerini ökdelik bilen çugdamlap tutar, beýleki penjesindäki orak şol bada olaryň düýbüni ýylmap geçer, ˝hrrt-hrrt˝ – bu ses belli bir ritmde gaýtalanar durar, haly çitende erişden geçirilen ýüpi kesýän egri keseri işledişi ýadyňa düşer. Oran ýorunjasyny hatar serip, guramazyndan öňünçä ýüp bükdürýän ýaly towlap, birini beýlekisiniň içinden çilşirip bede ýasandaky ökdeligi seredip durmaly tomaşady. Ýer agdaryp, çaýyr köwlände bu penjeler öl gumy dyrmap, çuň kökleriň birini-de galdyrman alardy, her düýbi sogranda, ˝ady ýitmiş˝ diýip käýinerdi. Her ýyl tomus aýynda gara öýleri sökerdiler. Tärimler ýalaňaçlanardy, tüýnük, uklar düşürilerdi. Üzügi, durlugy sererdiler, ýa tutuş, ýa-da bölekleýin täzelärdiler, uk batlary çalşardylar. Bular aýallaryň işidi, dört-bäş goňşy jemlenişip ederdi. Tüýnük galdyrylanda erkekleri çagyrardylar. Belende göterilen tüýnügiň bäş-alty deşigine uk sokulandan soň, erkeklere aýrylyň diýerdiler. Öýüň maňlaýyny dogrulam¬akda seljeriji ökde göz gerekdi, muny aýallaryň hemmesi başaranokdy. Bu işi töweregiň aýallary diňe şu gaýratly aýala ynanardylar. Ol on-ýigrimi ädim ýeňsä çekilip, synlap, uklary tärime daňýan aýallara serenjam bererdi. Sähelçe säwlik goýberdigiň durluk atylanda öýüň ezenegi agar, ýaňadan sökmeli bolar. Bu aýalyň bolan ýerinde säwligiň ýüze çykjak gümany ýokdur. Ol her işiň inçe tilsimine haly dokap alan endigi bilen ýeten bolsa gerek. Halynyň gyrasyny dogry tutmak üçin göz çakyň juda takyk bolmaly. Ogly onuň haly dokap oturyşyny göz öňüne getirýär. Çitim salanda erişleriň arasyna ökdelik bilen girýän barmaklary uz görnerdi, hereketine gözüň ilmezdi. Agyr darak uranda, ykjam göwresiniň ähli güýji goluna geçerdi. Töweregi unudyp, bu täsin senediň pynhanlygynyň ýakymyna maýyl bolardy. Bu görnüşi içgin synlamagy başarýan adam üçin ol gündelik durmuşyň aladasyndan birdem ara açyp, dynç almagyň üýtgeşik bir tärini tapana meňzeýärdi. * * * Bir gün gara öýüň töründe ejesiniň hiňlenip, tikine güýmenip oturany ýadyna düşýär. Içerde ikisinden başga adam ýok. Tüýnükden düşýän Gün şöhlesi tärime berkidilen haly torbanyň ýüzündedi. Ýatakdaky mallara entek agşam otundan hantama bolmak ir. Ümsümlik. Ejesi on-on iki ýaşly oglunyň gözenege golaý gyşaryp ýatanyny unutdy öýdýän. Bar ünsi işinde. Oýmak geýdirilen barmagy bir hörpde ýeserlik bilen işläp, iňňäni matanyň ýüzünde ýöredýärdi. Ejesi häzir tikin işini hiňlenmek üçin güýmenje bolsun diýip saýlandyr diýäýmeli. Onuň labyzly sesiniň bardygyny şonda bilipdi. Bu heňi özi üçin aýdýandygy belli. Gapdalynda adam bardygyny şu heňiň sebäbine unudandyr. Ejesiniň nähili sö¬zler aýdyp hiňlenendigi ýadyna düşmese-de, heňiň zaryn owazyny unudar ýaly bolmandy. Soň ulalanda ogly ejesiniň zaryn heňiniň tötänlik bolmandygyna düşünipdi, Bu gaýratly aýal dokuz çaga bilen ärden galanda bary-ýo¬gy otuz sekiz ýaşynda ekeni. Kiçisini dogranyna ýaňy kyrk gün dolupdyr. Haýran galmaly ýeri, tä çaga dogýança göwrelidigini hiç kime aňdyrmandyr. Bilini berk guşap, syrkaw äriniň, uly maşgalanyň, gapydan häli-şindi gelýän adamlaryň hyzmatynda bolupdyr. Burgusy tutup ugranda eltisiniň öýüne baryp, ýagdaýyny aýdypdyr. Eltisi haýran galypdyr, käýinipdir: ˝Iň bolmanda maňa aýdaýmal-a sen!˝ diýipdir. Buşlukçylar syrkawyň ýatan jaýyna kürsäp giripdirler: ˝Buşluk, ogluň boldy!˝ Syrkaw bu habaryň hakykatdygyna göz ýetirende, soňky aýlar aýaly hakynda nädogry pikirde bolandygyny boýun alypdyr: ˝Ýagdaýymyň peselýänini görüp dur, gynanar, gy-nançdan horlanar diýýän, Ogulbeg bolsa tegelenip, semräp barýar-la diýýän. – Soňra syrkaw kanagat bilen ýylgyrypdyr. – Bäş ogully bolduk˝ diýipdir. Ogullaryndan öň olaryň yzly-yzyna dört gyzy bolupdy. Gyzlar pil-kätmen tutmaga ýaran günlerinden başlap, tä durmuşa çykarylýançalar başydepan kolhozyň işine gatnadylar, gowaça ekdiler, bejerdiler, gazy gazdylar, suw tutdular, ýer agdardylar, pagta ýygdylar, ýüpek gurçugynyň piles¬ini aldylar, ejesinden el hünärini kemsiz öwrendiler. Daşky obalardan gyzlaryna gudaçylyga gelnende, olaryň düşjek ýerinden ygtybarly habar almak gaýratly aýalyň uly aladasy¬na öwrülerdi. Bu irnik meselede ol hem enäň, hem ataň or¬nuny tutmalydy. Gapysyndan bihal adamlaryň gelmejegine ynamy bardy. Bu ynamy döredýän sebäpleriň biri-de äriniň il arasynda galdyryp giden at-abraýy, hormatydy. Şeýle-de bolsa, gudaçylyga gelýänlerem onuň gyzlary hakynda bilmek, göwünlerine jaýlamak üçin tanyş-bilşe sorag-ideg salýandyrlar. Ene arkaýyndy, gyzlary babatda olar ýaman söz eşitmezler, edep-görelde gören maşgalalar, görk-görmekleri hiç kimiňkiden pes däl. Gaýratly aýaly biynjalyk edýän başga bir mesele bardy. Olary yzly-yzyna çykaryp goýberse, olaryň edýän gazançlarynyň öwezini näme bilen dolduryp bolar. Oglanlar entek uşak. Uly ogly işe ýarasa-da, ony şäherdäki orta mekdebe okuwa iberipdi. Obadaky mekdepler kileň ýediýyllykdy. Aşgabada uly okuwa girmezden öň ony öýlendirmeli bolar, ýaşy ýetmese-de, tanyş-bilşi görüp, gürrüň çykmaz ýaly bir çäresini tapmaly bolar. Kolhozyň, oba şuranyň başlyklary äriniň elinde işlän adamlar, äriniň ölüm ýassygynda aýdan sözüne görä-de, häzirki kolhoz başlygyny onuň ýerine belläp¬diler. Öýe gelin gerekdi, öýüň aladasyndan, kolhozyň işinden ýaýdanmajak gelin gerekdi. El hünärinde, görmeginde, jepakeşliginde gyzlaryndan pes diýdirmejek gelin gerekdi. Goňşy obadan abraýly maşgalanyň gyzyny salgy berdiler. Gaýratly aýal ogluny habardar etdi. Ogly tarapdan haýsy¬dyr bir garşylygyň, närazylygyň boljakdygyny göwnüne-de getirenokdy. Oslamadygy boldy! Ogly özüne ýaraýan gyzyň adyny tutdy. Oba arasynyň gyzy, gapdalky köçede ýaşaýan, gatnaşylyp ýörlen ýeriň gyzy! Owadan diýlip, obanyň ýigitleriniň gözüne düşen gyz, hemmäniň islegli gyzy! Öňem pylança ýigit şol gyzyň adyny tutupdyr diýýärler. O tula halys gyzylly halka döndi. Gel-gel, indi öz ogly-da onuň adyny tutdy oturyberdi, eý, Huda-aý!.. Gyz ýeriniň gapysyndan barsa, sözüniň alynjagyny bilip dur, ýöne barmaz, asyl barmaz! Öňi bilen-ä, ol gyz oglundan has uly, galyberse-de, eýýäm ýigitleriň göz diken gyzy derkar däl, ýogsa ol gyzyň alçak¬lygyna, akyl-huşuna ýa-da bolmasa, önüp-ösen ýerine gep atmaga çaky ýok. Hudaýlygyny aýtmaly bolsa, asyl bara, oba arasynyň gyzy derkar däl, bir aýagy atasy öýünde bolar... Ogly: – Maňa şondan başga gyz gerek däl – diýdi. – Bilýän men! Saňa belaň sapy gerekdir! – Gaýratly aýal dyňzap gelen gaharyna bäs gelip bilmän, eline ilen zady ogluna tarap zyňarly göründi. Gap dulda ýatan gara saply pyçak eline ildi, heniz oglanlykdan oňly saplanmadyk ýigit öýüň açyk gapysyndan atylyp çykmaga ýetişdi, yzyndan zyňlan pyçagy daşarda görüp galdy. Taýagatym ýerden ejesiniň käýinjine gulak asdy. – Ähli abyry başyma atyp gitdiň, arkaýyn ýatansyň. Saňa derek men ölsem bolmaýarmydy! Seň aýdanyňy ederdiler, ýüzüňe ýok diýmezdiler. Eý, toba, düýnki götboky bu gün maňa näm etmelidigini öwretjek bolýar! Çül-çaga bilen ärden galan heleý ýaly maňlaýy gara barmyka?! Äriň öldümi, senem, öl, bir gün ýaşama!.. Ogly ejesiniň kakasyna käýinenini birinji gezek eşidýärdi, oňa nebsi agyrdy, aýdanyna eýýäm ökünip durdy. Uýalalary¬na mahsus kaýyllyga eýerip, gaýdyp söz diýmändi. Jany ýansa-da, özüni arkaýynlaşdyrjak pikire gol ýapdy: ejesiniň erbet gyz saýlamajagy belli. * * * Kakalary ölenden iki ýyl soň, gyş gijesi tamyň daşky gapysyny itdiler. Bada-bat oýanan aýal ýassykdan başyny göterip, diňşirgendi. Mal-hal, adam-gara golaýlaşsa, yhlas bilen üýrüp, galmagal turuzýan gürjiniň sesi çykmady. Biraz mahaldan gapy ýene itildi. Aýal ýatylýan otagyň gapysyny ýuwaş açyp, duýdansyz çykjak bolsa-da, agyr kiltiň şakyrdysy içerdäkileri oýardy. Ol koridora çykyp, daş gapa ýetmän sägindi. – Kimsiň?.. Kim sen-u? – diýdi, jogap bolmady. Gyzlaryň biri pelteli çyrany ýakdy. Ýorgandan çykanlaryň ýüzüne düşen solak ýagtylyk olaryň ýaldyraýan gözlerindäki gorkyny biri-birine aýan etdi. Gapyny ýene itdiler. Goşa gab-saly belent, galyň gapynyň iç ýüzündäki mäkäm, agyr ilgençek şakyrdady. – Kim sen? Kim gerek saňa?! – Bu sapar aýalyň jabjynan sesi koridory ýaňlandyrdy. Bimahal çak zerurlyk ýüze çykan¬da gapydan gelinmegi geň däldi, ýöne geleniň ses bermän, özüni tanatman durmasy, elbetde, içerdäkileriň howsalasyny artdyrypdy. Aýal yzyna dönüp, galaýy pejiň gapdalynda ýa¬tan atyşgiri eline aldy: käýindi, – Oňlulyga gelen adam ses bermez oguşýa, päliýaman... Bu tamyň gapysy gara öýüň gapysy däldir, iteniň, depeniň bilen açylaýar-ow! Munuň ýaly poly-potology, gapysy-penjiresi mäkäm, belent jaý şäherde-de köplük edenok diýýärdiler. Hökümetiň ýörite, sünnäläp gurup beren jaýy, abraýly, hormatly başlygyň sarpasynyň belent bolandygyndan bir nyşan. Galanyň içinde oturanam bolsaň, keseden gelen seni ynjalyk¬dan düşürýär, ätiýajy elden bermäniň gowy. Oglanlaram ejeleriniň bolşuna düşündiler, peçde ýakmak üçin içeri salnan tirsek boýy ojar böleklerini alyp, garaşylmadyk hüjüme gaýtawul bermäge taýýar durdular. Şemalyň şuwwuldysy eşidildi. Daşardaky sowugyň içerini hem sowadandygyny häzir duýdular. Ejeleri daşky gapynyň iç bosagasyna has golaý durdy. Gapy gaýta-gaýta itildi, kilt şakyrdady. – Kim bolarsyň, ady ýitmiş ýaşykesilen! Diliň lal açmadyk bolsa, geple, sesiň syrtyňa gitdimi?! Ýeňseden gyzlaryň biri gep atdy: – Eje, gapyny şemal şakyrdadýan bolmasyn... – Şemal şakyrdatjak gapy däl-ä bu! Aýal bu sapar gapynyň ýaldyrawuk tutawajyna el ýetirdi, çekip gördi, azgyryldy: – Namart nejis, Jumageldide aryň köýen bolsa, dirikä gelmeli ekeniň-dä. Ýöne Jumageldiň kast edeni ýokdur, ogry-jümri, akdaban bolsaň bilemok. Aýryl gapyň öňünden! – Aýal içinden ildirlen gapyny zor bilen özüne çekdi, bu sapar şakyrdy golaý-goltuma eşidilen bolsa gerek. Daş bosagadan güjügiň çalarak çyňsan sesi geldi. Ol gapa arkasyny diräp durana meňzeýär. – Waý-eý, gapyny iteläp duranam şol haramgatan gürji bolsa nätjek! Aýal gülüp başlady, gülüp durşuna-da gapyny açdy, aýagyna çolaşyp ýatan güjükden başga gara görmedi. Ol sowukdan üşäp eden däldir, üşeýän bolsa, ýyly ketegi bar, şoňa girer ýatardy, entäp ýören uly iti görendir, gorkusyna gapa syrtyny diräp durşy bolmaly. Aý, garaz, kimiň kimden gorkany belli boldy. Aýal öňküsinden beter güldi, onuň gülküsi içerdäkilere-de geçdi. Olar gülenleri bilen oňman, ellerindäki ojar taýagy biri-birine görkezdiler, ejeleriniň ýok adama haýbat atyp, gargynyp aýdan sözlerini gaýtaladylar. Öz sözüni çagalarynyň dilinden eşiden aýal ýene hezil edip güldi, gaýta-gaýta: ˝Eý, toba, toba!˝ diýýärdi, ýene gülýärdi. Şol pursat ejemiz gorkdy diýen pikir olaryň biriniň-de kellesine gelmändi, gaýta ata ornuny tutmaly bolan enäniň sähelçe howpy duýan pursatynda gaýrata galyp bilýändigine monça bolupdylar. ˝Atasyz – ýetim, enesiz – ýesir˝ diýen söz bar. Gaýratly aýal çagalaryna ýetimligi duýdurmandy. Hemişe gapdallarynda ejeleriniň boljakdygyna olaryň ynanjyny Günüň ertir ýene dogjakdygyna bolan ynanç bilen deňese boljak. * * * Ejesiniň ellerini synlap oturan ogly ýene iki wakany göz öňüne getirdi, ikisine-de gözli şaýatdy. Gara öýde ejesini möý sokanda, tekiz ojagyň başynda otyrdy. Ejesi agşam iki düýp pürli çerkezi alyp, öýe giripdi, uly ot ýakyp, sowan içerini ýylatjakdy. Gap duldaky ornuna geçenem şoldy, erbet tisgin¬ip, aýagyny çekdi. – Bir zad-a çakdy meni – diýip gygyrdy. – Möý!.. ana... Tärime tarap okdurylyp giden möýi görüpdir, odunyň arasy bilen gelendir. Tüýli gara möýler käwagt göze ilse-de, pylanyny möý sokupdyr diýen habar juda seýrek eşidilerdi. Möýüň zäherinden adamyň ölmegi-de ähtimal diýerdiler, ýöne ejesiniň öljegine ynanmandy, onuň gaýratynyň, güýjüniň ýanynda möý juda maýda görünýärdi. Onuň çydamyny diý! Orruk tomsa gabat gelen oraza aýynda ag¬zyny bekläp, günortanyň garaňkysynda gözenegiň öňünde ýüregedüşgünç siňeklerden ýaňa ýüzüni ýapyp gyşarsa-da, öýle guşluga çenli takat edip bilmän, mallaryň otuna-suwuna seretmäge, nahar etmäge, üstesine-de uzyn günki surnukdyryjy suwsuzlyga döz gelip bilýän adam indi gel-gel möýüň zäherinden ölermi?! Töwerekden ýygnanan aýallar ejesini düşege geçirdiler. Möý aýagynyň barmagyndan çakypdyr, güp ýaly çişdi diýdiler. Çagalary öýden çykardylar. Öýüň daşyndan ejesiniň iňleýän sesini eşitdi. Agyrysy ýamandyr, sähel-mähel derde onuň iňlemejegine ynanýar. Iki-üç gün düşekden galmady. Tebibiň salgy beren ýapgylaryny yhlas bilen ýapdylar. Ilki gün Sakarçäge bilen aralykdaky obadan güýçli molla getirip okatdylar, şondan soň ynjalyp ýatdy diýdiler. Dört-bäş ýylyň dowamynda möýüň çakan ýeri wagtal-wagtal dömýärdi, zäher ejesiniň kuwwatly bedeni bilen darkaşyny bes edenokdy. Ikinji waka ýadyna düşende endamy tikenekläp gidýär. Ejesiniň diri galanyna gudrat diýseňem gelşip dur. Şu günki ýaly ýadynda, ýazyň arassa günüdi. Ertir guşluk mahaly ejesi tutuş üsti aýrylyp, kerpiji sökülýän tamyň günbatar diwarynyň binýadyna goýlan bişen kerpiçleri oturan ýerin¬den sogrup-sogrup alýardy. Hökümetiň salyp beren tamyny ýykmasalar bolmady. Aşakdan göterilen zeý binýady owradyp barýar. Gapydan galdyryljak öňi eýwanly, üç otagly täze jaýyň kerpijini guýdurdylar, diwarlar çig kerpiçden örülmeli. Düýbüni bişen kerpiçden galdyryp, her hataryň arasyna şol wagt zeýiň garşysyna tapylan iň ygtybarly material hasaplanýan tol ýazylýardy. Üstünden çig kerpiç örübermelidi, ony obada guýup berýärdiler. Köne tamyň agajy, gabsa-penjiresi ýeterlikdi. Zeýiň ýetmedik ýerindäki, bişen kerpiji-de derde ýaratsa boljak. Ejesi şolary sogrup alýardy. Ondan üç ädim ýeňsede gyz agtyjagy oýnap otyrdy. Ejesi işe gyzygyp, howp abanýandyr öýtmändir, kerpiç sogrup oturanyny görenleriňem duýdurmak kellelerine gelmändir, soň her kim ýakasyny tutup, başyny ýaýkaýar. Ýykyljagyny diwaryň özi duýdurypdyr diýäýmeli. – Şyt-şyt ses eşidilýär, depäme garasam, diwaryň ýüzüne düşen jaýryk giňelip barýar – diýip, ejesi biraz aýňalandan soň aýtdy. Ene agtygyna topulýar, çagany göterip, üç-dört ädim ätmäge ýetişýär, tutuşlygyna güpürdäp gaýdan diwar ýeri sarsdyrýar, ýykylan diwardan göterilen tozan olaryň yzyndan ýetýär. Çaganyň ýürekýargynç sesini eşidenler tozanyň içine kürsäp girýärler. Ejelerini hem çagany howpdan gyra çekip, suw berýärler… Ogly şonda ejesiniň gany gaçan ýüzüne, agaran dodaklaryna garap, onuň diri galandygyna şatlygyny nähili daşyna çykarjagyny bilmän, ahyry ony gujaklapdy, onuň ykjam bedenindäki saňňyldyny duýupdy, ýöne şonda-da ejesi gorkandyr öýtmändi. Ýok, ol gorkdy diýilse-de, özi üçin gorkanok, agtygy üçin gorkdy diýjekdi. * * * Ogly ölüm ýassygynda ýatan ejesi bilen bagly göz öňüne getirmeleri külterläp otyrka, oglanka oňly düşünmedik ahwalatlarynyňam üstünden bardy. Kakasy ölenden soňky bäş-on ýylyň dowamynda obanyň aýallary ejesiniň ýanyna oturmaga gelip, ýarym günläp gitmezdiler, dertlerini aýdyp, dyngysyz geplärdiler, gözýaş edýänlerem bardy. Olaryň bolşuna geň galardy, bular ejeme näme beýle zerur¬lyk aýdýarkalar diýerdi, ýöne ejesinden soramazdy, sorasa-da: heleýleriň öz gürrüňi bardyr, oňa gulak gabardyp ýörme diýer. Ejesiniň sabryna haýran galaýmaly! Olaryň aýdýanlaryny baş atyp diňlärdi, wagtal-wagtal: ˝Wah-eý, şeýle-dä˝, ˝bolmandyr˝ diýen ýaly sözleri aýdardy. Ot-suw isleýän mallaryň ýatakdan sesleri eşidilerdi, ejesiniň ynjalygynyň gaçýanyny bilýär, aýallar welin, onuň aladasyny piňlerine-de almazdylar, gaýta ony güýmeýänlerine keýp edýän ýalydylar. Dogrudanam, olar näme üçin dertlerini aýtmaga, ýüreklerini dökmäge onuň ejesiniň ýanyna gelýärdilerkä? Onuň elinden gelýän zat ýokdy, ol indi başlygyň aýaly däldi. Ýa derdinişmek juda derwaýys boldumyka? Derdinişer ýaly ejesi olaryň gürrüňine goşulyşmaga ýetişmese näme! Olar üçin ejesiniň aýtjak sözi derwaýys däl ýalydy, derwaýys bolsa, oňa-da geplemäge gezek bererdiler-ä! Aýratynam iki aýalyň bolşy ýadynda galypdy. Olar has köp oturardylar. Birine Bibi totam diýerdiler, Hojaguly işanyň aýaly. Ärini görmändi, ol Çebişgen diýen ýerde türmede otur-anmyş. Bibi totam şol mahal elli ýaşa ýetip ýören bolmaly. Ol ýuwaş ses bilen, gepiniň arasyna dyngy bermän geplärdi, beräýende-de ýuka dodaklaryny berk ýumup säginerdi-de, bat alyp täzeden başlardy. Hamy çekilşip duran ýüzünde gyzyl menekler köpdi. Gyzyl gabakly kiçijik gözleri çalt gyrpy¬ldardy, birdenem gepiň äheňine görämi, ýa-da gepiň lezzetine maýyl bolupmy, süzülerdi, ýumulardy, sesinden zaryn äheň aýrylmazdy. Onuň gürrüňiniň bir ýeri ýadynda, ol äriniň yzyndan türmä gidişini aýdyp beripdi. – He-eý, Jumageldiň ýanyna barmasam, başga alaç galmady mende. Başga hemaýat isläp barara gapy ýok, hemmesi ýapyldy, petik! Jumageldi, Hojam agaňyz-a ady ýitmişiň zyndanynda aç öljek diýdim. Hojamy öldürmeris diýdi. Atajana aýdaryn, sklady bar, un, ýag berer diýdi. Bizi syla¬ny hudaý sylar diýdim. Skladdan berlen zatlary aldym-da, niredesiň Çebişgen diýip, eglenmän ýola düşdüm. Çebişgene ýetmänkäň, giden bir jeňňelligiň içinden geçmeli, Hudaýy çagyryp barýan. Şagaldan, ýekegapandan gorkamok, gaçgakdan gorkýan! Iýere zat bardygyny bilseler, damagyňy çaljaklar, aljaklar, Hudaý bu howpy bendesiniň başyna salmasyn. Jeňňelden çykyp barýadym-la, bir seretsem, ýolumda bir albassy dikilgazyk dur, gaçgakdygyny murtar sakgalyndan bilýän. Geň etmejegi belli-dä! Men bir ejiz heleý, zarym bar, zorum ýok. Allajan belany sowjak bolsa, kalbyňa bir emel salar ekeni. Yzyma garap gygyryberdim: ˝Öwezmuhammet, gel, heý, şunça-da bir eglenmek bolar oguşýa!˝ diýip, gy¬gyrýan. Öwezmuhammet bolanda näme diýsene, ýumruk ýaly oglan-a. Onam öýde goýup gitdim. Gaçgak durup bil¬medi, gorkdy, gamyşlyga urup gitdi. Jaýy jennetden bolmuş. Jumageldi soňam kömek etdi durdy. Şol gürrüňden kän soň ejesi bir gezek gep arasynda: ˝Olar kakaň eden ýagşylygyny bilmediler˝ diýdi, muny zeýrenip, ýa-da öýke äheňde aýtmady, ˝adamlar hemişe ýagşylygy bilip durýan däldirler˝ diýen hakykaty ýatladýan äheňde aýtdy. Beýleki aýal ýatdy, ärini urşa ýollap, gaýdyp gelerine garaşýan gelinlerdendi. Daýanyklydy, owadandy. Onuň adaty bolmadyk, şahyrlaryň bir meňzeş wasp edýän owadanlygyna gaty bir gabat gelmeýän görki bardy. Bir gören adam ony beýleki owadanlar bilen garyşdyrmaz. Ujy biz ýaly ýiti burnunyň kiçiligi, eňeginiň biraz çürüligi onuň görküni gaçyranokdy. Ýüzüniň ýylmanaklygy, dodaklarynyň ýukadan näzikligi, durudan owadan gözlerinde gujuryň seçelenip durşy, uzyn boýnunyň ak alkymyna gelşikli sepleşip gidişi seredenleri bent edip biljekdi. Gujuryna bäs gelmegiň kyndygyny gep urşundan biläýmeli. Her sözi çeýnäp aýdýardy, sözüň wajyplygyny göwresiniň hereketi bilen tekrarlaýardy. Oňa meňzeş gujurly zenanlary soň italýan kinosynda neorealizm ugruny döreden meşhur režissýorlaryň filmlerinde görüpdi. Sofi Loreniň bolşy maňa Bibisoltany ýatladardy. Hawa, ol gelniň ady Bibisoltandy. Her ýyl ýazda, ýüpek gurçugy möwsüminde kolhozda gelin-gyzlardan uly brigada düzülerdi, oňa hemişe Bibisoltan ýolbaşçy bellenerdi. 30-40 günüň dowamynda gurçuk saklanýan ýerde ýatyp-turulýardy. Uly maljaýlar, ambarlar bir aý öňünden boşadylyp, dermanlanyp arassalanýardy. Pile tabşyrylyp, möwsüm gutaran dessine Bibisoltan ejemiň ýanyna gelerdi, toýa çykan ýaly bezenip gelerdi, ýa¬rym salkyn ýüreginiň posuny açardy. – Ýygnak edip otyrmy, ýeke özi otyrmy, sorap nädeýin, kürsäp girdim gitdim, ýanynda bugaltyr oturan ekeni. Ýüzüni çytjak boldy, ýüzüňi çytma, başlyk, diýdim. Şol gyzlaň edýänine erkekler çydamaz. Şolaň nahar-çaýyna meň diýşim ýaly seredilmejek bolsa, uly söze toba, seni kanturda-ha däl, öýüňde-de arkaýyn oturtman diýdim. Her gün bir goýun öldürmeli diýdiňmi, diýdiň! Hol-ha, baryp görüň, skladçyň iberenini, on kilo-da ýok. Ol kolhozyň etini berýär-ä, hojalygynyň emläginden berenog-a! diýdim. Ony diňläp otursaň, köp wagtyny emeldarlar bilen tutluşyp geçirýär diýäýmeli. Gaýratyna buýsanýany görnüp dur, şol buýsanç onuň tolgunyp aýdýan sözleriniň esaslydygyna ynam döredýärdi. Onuň arkasynda gelin-gyzlar dur diýýärdiler, bize Bibisoltandan başga brigadir derkar däl diýýärmişler. Ýeri, ejeme bu dawalaryň hasabatyny bermek nämä gerek? Aýallaryň hersi öz derdini aýdyp, ýüregini ýeňledip gidýär. Olar ejemiň derdini soraýarmydykalar? Ol öz ejesiniň şol gelýän aýallaryň ýanynda zeýrenip ýa gözýaş döküp oturanyna gabat gelmändi. * * * Ol üç gyzynyň ölümine ýandy. Dört uýanyň üçünjisi el¬linji ýylda abraýly ýere durmuşa çykarylyp, gül kimin açylyp, atasy öýüne gaýtarma bolup gelende, keseden seredenler onuň bagtlydygyna şübhe etmändiler. Soňra allanäme çaga dogrupdy. Sähel mahaldan bäbegi penjesine gysan ajal ýaş enäni awundyrany bilen oňmandy, onuň üstüni-de gara kölegesi bilen örtdi. Birden ýolugan inçekesel gül ýaly näzik meňzini soldurdy, guratdy, demine ýapyşdy. On sekiz ýyldan soň juda bimahal gelen ajal ýene ejesiniň bagryny paralapdy. Körpe gyzy otuz dört ýaşda üç çagany ýetim goýup gitdi, ony saraltmanyň agyr derdinden halas edip bilmändiler. 1985-nji ýylyň baharynda uly gyzy altmyş ýaşyň içinde tarpa-taýyn aradan çykdy. Bu ýitgi segsene golaýlan enäniň haýyny aldy. Henize çenli başym agyrýar diýmedik, kyrk ýyl maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykmagy başaran gyzy gije ukyda ýatyrka jan beripdir. Uýasynyň ajy habary ýeten dessine sähel salymdan Aşgabatdan gelip ýetişen ogly garry ejesiniň iki dyzyna urup, dady-perýat edişini ilkinji gezek golaýdan synlapdy. Ol hoşlaşmak üçin doganynyň ýüzüni açyp seredende, onuň owadanlygyna haýran galypdy, ölüm uýasynyň näzik meňzini soldurmaga ýetişmändir. Ezraýyl goýberen säwligine utanýan bolsa gerek diýäýmelidi, alan janyny gaýtaryp beräýjek ýalydy. Oglunyň pikirini aňan dek, enäniň barmaklary gyzynyň ýüzüni sypady, şeýdip söwer perzendini ukudan oýadaýaryn öýdýärdi. Oňa Mamur diýip, türkmenlerde seýrek dakylýan ady tapypdyr. Ol sözüň manysy ˝gözellik, gül-gülzarlyk˝ diýmek. Onuň häsiýeti-de, görk-görmegi-de dakylan ada mynasypdy. Ölümiň owadan keşbine zeper ýetirip bilmejegini göz edip ýatyr diýäýmeli. Bu gyzy ejesine has-da ýakyndy. Gyzyndan perzent bolmady, ýüwürjisiniň çagasyny ogullyga alyp, öýlendirip, onuň maşgalasyna ýürek mährini berip ýördi. Neneňsi bolanda-da, gyzynyň armanly ýüregi ykbalyň kemsitmesine çydamadyk bolarly. Ol iňňän pajygaly pursatlara döz gelmeli bolupdyr, ýagdaýy ejesi bilse-de, ogullaryna öňde-soňda duýdurmandy. Ilki ýyllar çaga bolmaýanyndan juda biynjalyk gaýyn öýi ony gaýtarmagy-da hyýal eden ekeni. Mamuryň mährinden, hyzmatyndan aýrylyşmak olara aňsat düşmändir. Ahyry-da ökde wraçlara ýüz tutulyp, çynlakaý barlag geçirilende, çaga önmeýänliginiň sebäbiniň aýalda däldigini ýüze çykarypdyrlar. Muňa Mamuryň begenmändigi açyk, ol şondan soň äriniň derdine ýanandyr. Indi gaýyn öýüni taşlap-taşlamazlyk onuň çözgüdine bagly diýersiňiz. Heý-de Mamur beýle töwekgellige ýüz urarmy?! Gaýta, gaýyn öýüne örki has-da beter baglandy. Bu hakykaty ejesi bilendir, gyzyna degişli pynhan syr hökmünde özi bilen ol dünýä äkiderin öýdendir... Ogly ýazda oba baranda ejesiniň halynyň peselendigini görýär. Kölegede düşek ýazyp, gapdalynda oturýar. Ses ýazmaga taýýarlan kiçijik diktafonyny ejesiniň ünsünden ýaşyryp, dyzynyň aşagynda goýýar. Ejesi bilen gürrüň et¬mekçi, onuň sesini ýazmakçy. Haýp! Ejesi gürrüň bilen däl. Oglunyň goňşular, ogullar, agtyklar bilen bagly sowallaryna berýän jogaby ˝hä-hüm˝, ˝hawa˝, ˝bilemokdan˝ aňry gidenok, ýagty ýalançynyň aladasy ondan daşlaşan ýaly. Görýän zat¬lary garrynyň ýadaw gözlerine ilmeýäne çalymdaş, ol geçmişe seredip oturana meňzeýär. Ogly söhbetiň başa barmajagyna göz ýetirip, özüni kötekleýär: öň ýadyňa düşmedimi, ejeň gül-gül açylyp gürrüň berýän mahaly ýazaňda bolmadymy?! Özüni aklara delil tapanok. Biagyrylyk, geleňsizlik etdiň gerek! Ýaşaýşyň hezilliginden, ýakymly aladasyndan arasyny üzen ejesiniň gamgyn görnüşi oňa şonda söz bilen beýan edip boljak gyjytdan beter täsir edipdi... Ajal bilen dalaş gurup ýatan ejesi huşuna oňly gelmese-de, ýagdaýy biraz ganymatlaşan ýaly göründi, bedene rahatlyk aralaşdy, ölüm howpy azaldy diýip çakladylar. Aşgabatdan gelen ogly iki günden dolanaryn, eger ondan bärde ýagdaýy sähelçe peselse, gyssagly habar ediň diýip, tabşyryp gitdi. Iki gün geçip-geçmänkä-de habar geldi, ol hem bada-bat uçara münüp, Mara ýetdi, aeroportdan oba çenli ýarym sagat wagt aldy. Ejesiniň ýatan jaýyna kürsäp girdi. Hassany töwerekläp oturanlar, çaltrak bäri geç diýip, yşarat etdiler. Ogly ejesiniň elinden tutdy: – Eje... eje!.. – diýdi. Göwnüne bolmasa, ejesiniň rahat ýüzüne kölge inen ýaly boldy, şol pursat jan berdi. Ol oglunyň gelerine garaşyp ýatan ekeni. Ogly gözýaşa boglup otyrka, ony goýup gidenine puşman etdi. Ejesiniň ýumşan elini kükregine basyp: ˝Eje, günämi öt!˝ diýdi, eňredi. ˝Eger men ýokkam jan beren bolsaň, men galan ömrümi ajy ökünçde geçirmeli bolardym, eje!˝ diýdi. Gör-ä, ahyrky pursatda-da ogluna hemaýaty ýetdi. Ogly gelip ýetişýänçä, gaýratly aýal ajala per bermedi. Bu gaýratly aýal meniň ejem Ogulbeg Gulluk gyzydy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |