8. MENI UTANDYRAN DUÝGY
Onuň adynda üýtgeşik many bar. Köne düşünjä görä, gyz gereklenmeýär, gereklense-de ony duýduryp ýörlenok. Oňa welin, Gerek diýip at goýupdyrlar, Ogulgerek diýmändirler, Gerek diýipdirler, şu gyzyň gerekdigini aýdypdyrlar.
Men Gerek bilen ýedi ýyl bir klasda okadym. Birinji klasa baranym ýadyma düşenok, ilkinji gezek haçan Gerege gözüm düşüpdir, bilemok. Biz 1952-nji ýylda obadaky ýediýyllyk mekdebi tamamladyk. Men-ä orta mekdepde okuwy dowam etdirmek üçin Mary şäherine gitdim, Gerek obada galdy. Belki, onuň hem okasy gelendir, ýöne bu isleg oba gyzlary üçin dowam edip gelýän kada tersdi. Men geljegim üçin näme etmelidigimi bilýärdim. Orta mekdebi gowy bahalar bilen gutarmalydym, soňra Aşgabada gidip, giriş ekzamen¬lerinden geçip, ýokary okuw jaýyna girmelidim. Meseläniň esasy çözgüdi saňa bagly diýerdiler, ylalaşýardym. Emma Geregiň gelejeginiň oňa bagly ýeri ýokdy. Ilki kolhozyň ekin meýdanynda yssy-sowuk diýmän, dynç güni diýmän başydepan işlemeli bolar. Bäş-alty ýyl geçer, durmuşa çykarlar, il arasynda aýdylyşyna görä, satarlar. Daşmy-ýakynmy, tanyşmy-nätanyşmy, gyzdan soramazlar, ene-atanyň diýeni bolar. Baran ýerinde onuň adyny Ogulgerek diýip tutarlar. Bu at maňa dahylsyzdy. Men Gerek atly gyzy bilýärdim, Gerek atly gyzy ýüregime ýakyn tutupdym. Mekdepde bile okan ýyllarym welin, bu hakykaty içimden boýun almaga-da utanypdym. Ine, onuň degerli delili! Men ýarysy gyrkylan fotosurata garap otyryn. Dördünji ýa-da bäşinji klasdakak alnan surat bolmaly. Ony mekdebe gelip alypdylar. Gazet üçin al¬nany belli. Gazetde çykdymy, çykmadymy, ýadymda ýok, surat mende galypdyr. Men stoluň başynda kitap okap otyryn, elimde galam bar. Gapdalymda klasdaşym, atdaşym Tirkiş Jaýtyýew kitaba garap, meni diňleýär. Biz iki bolmaly däl, dört bolmaly. Bize gabadrak garşyda oturdylan iki gyzam meniň kladaşlarymdy: Akga bilen Gerek. Men suratyň ortasyndan gaýçy ýöredip, iki gyzy zyňypdym. Şol mahalky etmişim utanjyň etdiren zady. Meniň pynhan duýgymy äşgär edäýjek tutarygyň bolmazlygyny isläpdim. Öýmüzde çaý içilip otyrka biriniň degişmä salyp ejeme: ˝Oraly agaň gyzyna gudaçylyga baryber˝ diýeni ýadymda. Gülşüpdiler. Men elden-aýakdan çykyp, kim diýen bolsa, şoňa topulypdym. Meniň bolşum olaryň tomaşasyny artdyrypdy, uly bir masgaralygyň üsti açylan ýaly, ahyry öýden çykyp gitmekden gaýry alaç tap¬mandym. Ulularyň degişmeden keýp gözländikleri indi maňa aýdyň, men welin, oglan hem bolsam, muny çynlakaý zat ýaly görüp, maňa ýöňkelýän duýga är-aýallyk gatnaşygynyň pynhan manysy berlen dek utanypdym. Belki, şol pursatdan soň suratyň ortasyndan gaýçy ýöredendirin.
Arakesmede mekdebiň öňündäki takyr meýdanda oturyp, gyzlar müji oýnardylar. Müjini ýokary zyňanlarynda alyp gaçmaga peýlenip duran oglan ony asmandaka kakyp alardy. Gyzlaryň käbiri müjimi gaýtar diýip ýalbarardy, garagol oglana ˝jigim, doganjygym˝ diýip ýüzlenerdi. Gujuryna bäs gelmeýän gyz gargynyp, oglana topulardy. Bir gezek men Geregiň müjüsini alyp gaçdym. Onuň yzymdan kowalamag¬yny, meýdançadan gyra saýlanmagyny isleýärdim. Islegimi duýan ýaly Gerek ilki çalarak ylgady, soňam ýöräp gaýtdy.
– Aý, oglan, müjimi ber! – diýip jabjyndy. Jabjynsa-da ýüzünde gahar görmedim, gaýta ýakym bilen ýylgyrdy, ýyl¬gyranyna özi utandy, ýüzi gyzardy.
– Tirkiş, sen meň müjimi alyp gaçmaly däl-ä – diýdi.
– Oýun etdim-laý, me... al...
Şänigiň ululygyndaky müjini aýamyň üstünde saklap uzatdym, ol gyssanman, inçe, gelşikli barmaklary bilen müjini aldy, bada-bat elini çekmedi. Şol barmaklary aýama gysasym geldi, ýöne utandym. Gerek ýylgyryp garady. Soň bu ýylgy¬ryşdan özümçe many çykarypdym: gaty göremok, gorkma, utanma diýjek bolandyr. Onuň ýagty ýüzi şeýle bir göwnüme ýarady, dulugyndaky peşehordadan galan yzy ogşaýasym geldi.
Şundan başga Gerek bilen ikiçäk ýüzbe-ýüz duran ýerim hakydama gelenok.
Iki daýaw, ýetişen gyz bir partada oturýardy. Biriniň ady Owlak, beýlekisi Aýnabat. Ady owadan Aýnabat erkege meňzeýärdi. Haýwan ady goýlan Owlak ak ýüzli, dury gö¬zli owadan gyzdy. Akgyz diýlen bolsa ýerine düşäýjek ekeni. Soňlar Mollanepes şahyryň ˝Aklykda bäs eýlär beden//Kyrk çilläniň gary bilen˝ diýen goşgy setirlerini okanymda, biygtyýar Owlagyň ak teni göz öňüme gelýärdi. Onuňky ýaly şar gara saç gyzlaryň birinde-de ýokdy. Tokmak ýaly gür saçy buýralanyp, tolkun atardy, täsin öwüşginini synlaňda, aýaňy ýetirip sypalaýasyň gelýärdi. Syýa saçy ýüzüniň aklygyny artdyrýardy, ak ýüze şu syýa saç gerek diýdirýärdi. Gelşikli burny ulam däl, kiçem däl, owadan ýüzüne kybapdaş.
Bu iki gyzyň kiçiligi ýadyma düşenok. Olar ýa-ha mekdebe giç berlen bolmaly, ýa-da bir klasda iki ýyl oturandyrlar. Ol mahal sapaga ýetişmeýänleriň üç-dört ýyl bir klasda oturýanlary-da bardy. Owlagyň welin, ikilik alyp, kösenip ýörenini aýdyp biljek däl. Aýnabat çöňňedi, belki ol ýaltalyk edendir, belki-de okuwyň öz durmuşy üçin zerurlygynyň bolmajagyna düşünendir? Sary mugallym edebiýat sapagy boýunça Aýnabady maňa berkidipdi, ökdeler yzda galýanlary süýremelidiler.
Olaryň bir partada oturmagyndan, elbetde, Owlak utýardy. Pes boýly, göwresi dykalanan ýaly dolmuş, haýal-ýagal hereketi bilen bile alanyňda eşekýassyga meňzedäýmeli Aýnabadyň gapdalynda Owlagyň owadanlygy has-da gözilg¬inçdi. Owlak bu ýagdaýy duýup, ondan lezzet alyp, kölde asuda ýüzýän ak guwuň sypanyşyna çalymdaş buýsançly hereket bilen artykmaçlygyna buýsanmaga endik edinipdir diýäýmelidi.
Biz olaryň ýanynda maýda görünýärdik, şol sebäbe-de yzdaky partada oturýardylar. Oglanam bolsak, olardan çekinmän duramzokdyk. Bir oglan Owlagyň müjüsini alyp gaçdy. Kowalamag-a beýle-de dursun, Owlak oturan ýerindenem gozganmady, ara saklap, aşygy güjeňleýän oglana ýalbarmadam.
– Elime düşersiň, ýaşykesilen, ediljek ýöne bagryňy myn¬çgap taşlaryn – diýdi. Oglan mejbur bolup, müjini gaýtardy.
Owlak bilen Aýnabat iki örüm saçlaryny öňlerinden goý¬berip, uly gyz bolandyklaryny mazamladylar. Mekdebi gutardyklary ”satylaýmaklary-da” ähtimaldy. Elbetde, Owlagyň galyňy Aýnabadyňka garaňda has artyk bolar. Gaýyn tarapy: ak ýüzli, ak maýa ýaly gelin aldyk diýip öwnerler. Owlak diýen adyna derek durkuna gabat geläýjek Maýagözel diýen ýaly at taparlar.
Owlak bir ýola maňa-da sögüpdi, ýöne ýigrenç bilen sögmänini şol bada bilipdim, ýüzünde sögünje laýyk alamat görmändim, gaýta gizlin mähir duýupdym, il gözüne jigisiniň garagollugyna käýinen bolýan gyza meňzedi. Partadaşy Aýnabadyň tarapyny çalan kişi bolup sögündi. Bu wakany ýatlamak hemişe maňa ýakymly, eger ol Gerek bilen bagly bolmadyk bolsady, ýadymda-da galmazdy.
Biz edebiýat sapagynda ýazyjy Agahan Durdyýewiň ˝Gurban˝ hekaýasyny geçipdik. Hekaýanyň gysgalygynyň üstesine-de okamasy ýeňildi, başdan-aýak gepleşik bilen ýa-zylandy. Gurban baýyň gapysynda hyzmatkär, ýetim oglan. Oňa baý, baýyň aýaly, çagalary ýumuş baryny buýurýar¬lar, ýetişer ýaly däl. Neresse ylgap, halys ysgyn-mydardan düşýär, nahar diýibem agyzdan galan ýuwundyny iýmeli bolýar. Sary mugallym ýazyjynyň öz çagalygynyň hem juda agyr bolandygyny, Gurbanyň obrazy arkaly belli bir derejede öz durmuşyny beýan edendigini aýratyn nygtapdy. Eger garyp bolmadyk bolsady, beýle täsirli, ynandyryjy obrazy döretmek kyn düşerdi diýen many berdi. Bize okadylýan ýazyjy-şahyrlaryň ählisi ýer urup-ýerde galan garyp maşgaladan çykypdyrlar. Ýazyjy bolmak üçin öňi bilen garyp maşgalada dogulmaly ekeni diýen ynanç bardy.
Men özüme berkidilen Aýnabatdan talapkär mugallymyň äheňinde soradym:
– Hekaýany näçe gezek okadyň?
Aýnabat:
– Gözümiň köküni gyryp, okap nädeýin – diýdi, gyjytly güldi. – Saňa berkidilip goýlandyryn, oglanjyk, özüň okap berersiň. Mollumyň buýran ýumşuny bitirmän bir gör! Gurban ýaly gapymyzda hyzmatkär duran bolsadyň, wah, buýurjak ýumşumy bilýän-le.
Owlak beleň berdi:
– O nähili ýumuş buýurjak, gyz?
– Gurruk guýa sallan-da, düýbünde ýatan gara ýylany çykar diýjek.
Aýnabat tapanyna hoş bolup güldi, solak ýüzi, trahomaly gözüniň gyzyl gabaklary has-da gyzardy. Golaýda Gerek diňläp duran ekeni, ol gülmedi.
Men Aýnabada jogap berdim:
– Sen barkaň, gara ýylany çykaryp nädeýin.
Jogabym Gerege ýarady, kanagat bilen ýylgyrdy. Dogrusy, Owlaga-da ýarady, ýüzüne ýylgyrma meňzeş alamat çaýyldy, ýöne ony gaşlaryny çytan bolup gizledi, maňa-da:
– Gopbamja nejis – diýdi.
– Men nejis bolsam, joraňa özüň kömek et, Sary mugally¬ma-da aýdaryn.
– Jikjermesene!
Aýnabat:
– Ol-a Sary mollumyň özi ekeni, bar-da atasyna aýt – diýdi.
Owlak oňa herreldi:
– Goýsana, gyz, seňki näme! – Soňra maňa mylaýym ga¬rady. – Aý, oglan, biz pakyryň seň bilen bileje gidip, şäherde okamajagymyz belli. Salam hat ýazybilýäs, şolam bolýa bize. Sen-ä okuw diýip gidersiň, menem saňa hat ýazaryn: aşyk oglanjygym, gözüm ýoluňda galdy, didaryňa zar bolaýdym-da diýip ýazaryn.
Gerek:
– Seň hatyňy okar öýtme – diýdi, hem gaharly, hem utançly äheňde aýtdy, onuň elleriniň sandyraýanyny, dodaklarynyň agaranyny gördüm. Owlak oňa gülümjiräp, biperwaý garady.
– Bu gyz halys ýöne ýanyp-bişip ýören eken-ä. Diňe öz haty okalar öýdüpdir-dä...
Olar boş klasdan haýdap çykan Geregi gülki bilen ugrat¬dylar. Geregiň maňa ýakynlygyndan kalbyma dolan ýakym olaryň gülküsinde hiç hili many goýmady, gahary, ýigrenji unutdym, olara nebsim agyrdy diýsem-de boljak. Gerek bilen deňeşdireňde olar bagtsyzdylar.
* * *
Haýsy ýyldygyny takyk aýdyp biljek däl, ygalsyz ýazyň asma¬ny meniň ýüregimi guratdy diýsem ynanaýyň. Umydym, howsalam, gynanjym mellegimizdäki bir düýp bägüle baglanypdy. Gunçalary sanaýaryn, ýigrimiden geçýär. Ýigrimi sany parlap açylan bägüli göz öňüme getirýärin. Olaryň bir günde açylmagyny islämok. Her gün ikiden-üçden açylsyn, mekdebe alyp giderin. Hyýalym, arzuwym gülleri Gerege bermek, ýöne nädip bermeli? Aç-açan bermäge men utanjak, Gerek menden beter – almaga utanar. Almaz, ýürejigi al diýip dursa-da almaz, soňra boýdaşlarynyň gybat-gürrüňiniň öňünde nähili dursun! Beýle bolsa, mende başga-da bir hasap bar. Iň bolmanda gyzlaryň bäş-altysyna bir gülden paýlasam, iň gowy bägüli Gerege bersem!.. Onça bägül barmy?..
Her gün gije bulut geler, ýagyş ýagar diýen umyt bilen ýatýaryn, Hudaýy, Burkut diwanany çagyrýaryn: ýagyş ýagdyr, ýagmyr ýagdyr!.. Irden oýanyşyma daşaryk seredýän, töweregiň gurap ýatyşy!.. Açyk asman gaharymy getirýär. Gyrak-çetde örklenen ýaly gymyldysyz duran çal bulutlaryň ýagmajagyny bilýän, ýagjak bulut biraz pese düşerdi. Bahar paslynyň oýny köp, kämahal bölejik buludam töweregi suw-sil edip gidiberýär. Göwnüm şony küýseýär, diňe meniň gülümiň üstüne sepeläp gidende-de boljag-a!
Mellekler gurap ýatyr, suw berilýänçä, gül sowuljak. Ýene umyt bilen gül düýbüniň ýanyna seretmäge barýan. Ol ýerden yzgar alýandyr-a. Gunçalar üýtgemändir. Belki, men juda howlugýandyryn. Gijäniň ýakymsyz çigregem guraklygyň üstüne urna. Ýyly bolmasa, howada ýakym bolanok. Ýaz otlara seret, bagyrlaryny gury toprakdan galdyryp bilenoklar, ýogsa bu mahala kertikliniň ýapragy garyş boýy ýaýrap, ýakymly ysy burnuňa urup durmaly ahyry! Diňe güýzlük bugdaý ekilen atyzlar gök salýar, olaryň bägül düýbüne dahyly ýok. Ertir geçýär, birigün geçýär, asmanyň açyklygy, çigrek aýrylanok. Gunçalar biraz çişipdir, ýöne bu gün-erte açyljaga meňzänok, ysgynsyz hassanyň gabaklary ýaly ýu¬muk. Haçan ýylgyrarkalar?..
Erikler gülledi, bal arylaryň owazyny eşidemok. Joýanyň düýbüne düşen jykjyk haýdap barýar, sähelçe päsgel berseň, syrtyny galdyryp, gargamaga durar. Pyşdanyň eňňidinde kiçijik garynjalaryň hinini görýän. Gözüme ilýän zatlaryň bary gurakçylygyň gutarmajagynyň alamaty.
Her gün tibitje geýnip, mekdebe ugraýan. Aýagym¬da ýumşak teletinden tikilen garaja köwüş. Onuň hokga meňzeşligine seredip, oba ussalary tikendir diýäýmeli. Kim tikipdir, kim üçin tikilipdir? Ol mahal pikir etmändirin. Agam üçin tikdirilen bolmagy-da ähtimal. Egnimdäki gelşiklije gyr¬myzdonumam agamyňky ekeni, men muny ýetmiş ýaşyň içindekäm bilip galdym. Golaýda kakamy ýatlap otyrkak, agamdan eşidäýdim. Uruş ýyllary ol täze tikilen gyrmyz¬dony geýip, mekdebe barypdyr. Daşky gapynyň öňünde kakama gabat gelýär. Kakam Atany saklapdyr-da: ˝Oglum, bar, donuňy çalşyryp gel˝ diýipdir, näme üçindigini aýtman¬dyr. Aýtmadygam bolsa, indi düşnükli. Oglunyň egnindäki dony beýleki çagalaryňkydan parhly görendir, göze ilmesin diýendir.
Meniň gomparyp, mekdebe geýip gidýän donum şol don bolmaly. Indi urşam ýokdy, kakamam ýokdy. Elimde bägül bolmasa-da, özümi bägülden kem göremokdym. Başymda gyz doganymyň keşdelän tahýasy, elimde gülli matadan ejemuň tiken kitap bukjasy... Kem zadym, elimde gül ýok. Gerege seredýän, gynanjyma düşüner öýdýän. Samsyk, gynanjyňa düşüner ýaly, käşgä bägül hakynda onuň ýanynda dil ýaran bolsaň!.. Geregiň birden maňa ýylgyryp garaýşy göwnüme teselli berýär: gynanma, oglan, ýüregiňde besleýän bolsaň, garaş, bägül açylar diýýän ýaly.
Käbir zat henizlerem maňa düşnüksiz. Klasymyzdaky oglan-gyzlar özara gürleşmäge utanyp duranokdylar, gülşerdiler, degşerdiler, sögüşerdiler, geň görýän ýokdy. Gep atmag-a beýlede dursun, men Gerege golaý durmaga-da utanýardym.
Meniň üçin klasyň içine-de, obanyň içine-de çäk çekildi. Olaryň öýi uly obamyzyň gündogar çetinde, biziňki günbatar çetde. Mekdepden başga wagt gabat gelişmek asla mümkin däldi. Klasda üç hatar parta goýlan. Gapy tarapdaky hataryň ortasynda Gerek oturýar, penjire tarapdaky hatarda men oturýan. Ýörite bir bahana tapaýmasam, onuň ýanyna nädip baraýyn? Seretjek bolsaňam, gaňrylyp, ortaky hatardakylaryň üstaşyry seretmeli. Gerege seredýänimi bada-bat aňjaklar. Gerek arakesmede, biri bilen gürleşip ýa-da gürleşýänleriň gapdalynda duran bolsa, maý tapyp, maňa serederdi, bada-badam ýüzüni öwrerdi, öwrenden soň ýylgyryp goýbererdi. Bu ýylgyryşyň maňa niýetlenendigini duýýardym, meniň duýanymy bilip, ol utanardy, utananyny bägül ýaly ýakym¬ly ýüzüne çaýylan gyzyl reňkden bilýärdim. Belki, ol meniň ýygralygyma gülendir? Ähtimal. Häzir men şol ýygraly¬gym üçin ökünýän diýsem ýalan sözledigim bolar. Soňky toplanan tejribäniň belentliginden garap, öňki goýberilen ýalňyş üçin ökünse bolar. Meniň ýygralygym ýalňyşlyk däl¬di. Meniň duýgym, ony söz bilen däl-de, garaýşym, utanjym bilen duýduryşym şol döwrüň häsiýetine, galyberse-de, çaga kalbymyzda entek bekemäge ýetişmejek, ýaz otunyň ömrüne mahsus çäklilige gabat gelýärdi. Çaga mahalyň bu ýagdaýa düşünip bolanok, pikire derek duýgy has ýakyn bolýar. Ar¬assa duýgy söz bilen beýan edilende, çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldy.
* * *
Meniň üçin tomus kanikulynyň üç aýy ýüregedüşgünç haýallyk bilen geçýärdi. Depäňi deşip barýan Günüň aşagynda ertird¬en agşama çenli kätmän urup, gowaça bejermelisiň. Birje gün obada galmaga rugsat sorap, brigadire üç gün ýalbarmalysyň, eneň-ataň rugsady hasaba alynmazdy. Wagtal-wagtal çolar¬an, ümsüm mekdebe aýlanardym, boş, haňkaryşyp ýatan klaslar meniň kalbymy gussa gaplardy. Partalary orta üýşürip goýupdyrlar, diwarlara hek çalypdyrlar. Bu ýeriň ümsümliginde, hatda hekiň ysynda-da ýakym, salkynlyk bar. Mekdebiň öňündäki hatar garagaçlaryň kölegesinde oturyp, arakesmäniň jaňy urlanda gapylardan çogup çykýan oku¬wçylary göz öňüne getirýärin, men olaryň arasyndan Ger¬egi gözlärdim. Şol hezil günleriň dolanmagyna näçe günüň galandygyny hasaplap oturyşyma, mekdebi özümiz remont etmeli bolsadyk, Geregi görerdim, bile işlemeli bolanda golaý durmaga-da, gürleşmäge-de maý bolardy. Wah, bir brigadada işleýän bolsadyk, gowaça meýdany dowzah ýaly görünmezdi, her guşluk, günortan çaý-nahara çykylanda golaý oturardyk, ýanaşyk keşde kätmen urardyk, bile suw tutardyk...
Ýeri, okuw başlanýança men Geregi nirede göreýin? Kino-da gelenok, ýa-ha ejesi goýberýän däldir, ýa-da kino gelmez ýaly özüni eýýäm uly gyz saýýandyr. Göresim gelýär, gürleşmäge utansa, utanyp geçsin, maňa tarap seredip ýylgyrsa bolýar, maňa başga zat gerek däl. Aşyklary agladan aýralygyň ejirine ir düşünen adam boldum. Sered-ä, Gerek bilen bir obada ýaşap ýörüs, aralykda ýedi köçe ýatyr, haýal ýöräp gideňde-de çaý içim salymda ýetse bolýar. Indi iki aý ony görmegi arzuwlap ýörin. Aýagyň ýöränokmy, bar, git, köçes¬inden geç, saňa geçme diýjek ýog-a! Geregiň doganoglanam biz bilen bir klasda okaýar, juda bolmasa, bahana tap-da, şoň ýanyna bar, olaryň öýleri ýanaşyk, daşarda otursaňyz Geregi görersiň. Göz öňüne getiremde beýle batyrlyga het edip bilmejegimi bilip otyryn. Ol meniň Geregi halaýanymy aňýandyr, duýýandyr, özüni görmäge barmadygymy biler. ˝Geregi küýsäp geldiňmi?˝ diýip dili bilen aýtmasa-da, gözleri bilen sorar.
Gerek bilen kolhozymyz bir, obamyz bir, başlygymyz bir, mekdebimiz bir, ýöne aralyga göze görünmeýän serhet çekilen ýaly. Obada kimiň haýsy tiredendigini, haýsy köçede haýsy tiräniň ýerleşendigini ökdelik bilen aýdyp berýän Ho¬jaberdi aganyň sözleri gulagymda galypdy: ˝Biz teke iliniň utamyş böleginden bolýandyrys. Obamyza gelsek, iki tire bo¬lup oturylandyr, ýokarky bölek mülkamandyr, aşaky bölek bagajadyr, ikisi-de hajysupa girýändir˝ diýerdi. Gerekler mül¬kaman, men bagaja bolýan. Gojanyň sözlerindäki many maňa kem-kemden ýetipdi. Tirämiziň bir däldigi göze görünmeýän serhediň bolmagyna täsir edip bilermi? Bu sowalyň çözgüdi ululara degişli. Men häzir Geregi görmeli! Tire-taýpa, gul-ig aladasy entek maňa ýetenok, men Geregi görmeli, maňa garap ýylgyrjagyny bilýän...
Ägirt töwekgellige ýüz urdum, Geregiň gözlegine çykdym. Gün ikindi ýerine ýetende, obanyň ýeňsesinden geçýän suwly ýabyň boýuna bardym. Meniň bolşumy duşman tylyna düşen aňtawçynyň ätiýaçly hereketine-de meňzetse bolar. Öňi bilen obamyza belet däldigime gözüm ýetdi. Ýap bilen mellekleriň aýagujundaky zolakda nebir oňly ýol, nebir ýoda bar. Ýandak¬dan, akbaşdan, düýedabandan ýaňa ýodanyň ýiten ýerini gö¬zläp tapmaly.
Köneden galan alaňa çykyp, töwerege garadym. Gerekleriň köçesi bilen aralyk sesýetimden daş. Pessaýlan günüň şöhlesi çyra tutulýan aýly penjireleriň aýnasyny ýaldyradýar. Kese köçeden gopan ak tozan mellekleriň, jaýlaryň üstüni örtüp gelýär. Sygyr sürüsiniň gelýän mahaly kirşenli köçede göz açyp bolýan däldir. Tozanam bolsa, köçäni amatly görüp durun. Kese köçeden çepe öwrülip, biraz ýöresem Gerekleriň öýüne ýeterdim. Ynha, ýetdimem-dä, soň näme etjek? Ýüze çykjak oňaýsyzlyk göz öňüme gelýär. Gerekleriň öýüniň deňesine ýetdim, indi seredip durjakmy? Del oglandygyňy bada-bat bilerler, ulularyň seni tanamaýany belli. ˝Aý, og¬lan, saňa kim gerek?˝ diýerler. Geregiň adyny tutjakmy? Bu ebeteýsizlikden gaýta şu ýerde duranyň gowy, ýeňseden gelip, dogry edipdirin. Öňe seredýän, hol-ha, uly ýabyň boýundaky belent tallaryň hatary ileri-gaýra uzap gidýär. Gün şöhlesi tallaryň depesine altyn reňk öwüşgin bolup düşýär. Bu ýap obanyň aňry çägi. Ýapdan aňyrda gowaçaly karta başlanýar, Gerekleriň brigadasynyň ýeri. Meniň çakyma görä, Gerek dagy işden çykyp, aýlawly ýol bilen köprüden geçip ýörmän, ýeňseden gönüläp gaýdarlar. Ýabyň üstüne paýapyl geçel¬ge atandyrlar. Öz göwnüme osup, ýaramaz ýol bilen ýaba tarap ýöredim. Gitdikçe biraz giňelip, kirşeni köpelen ýolda göwün ýüwürdip başladym. Maňa ýakym berjek duşuşygy göz öňüne getirenimde, süňňümde galpyldy duýdum. Men Geregiň ýeke özüniň gelmegini küýsedim. Hyýal islegime boýun boldy. Hol-ha, öňden bir gyz maňa tarap gelýär. Ol ilki eşegiň üstünde oturan ýalydy, ýok, men onuň pyýada gelmegini küýsedim. Indi ol pyýada gelýär, arkasynda-da ot¬dan doly halta bar. Görgüli haltanyň agramyna ýegşerilýär. Bu gyz Gerek ahyry! Men haýdap onuň arkasyndaky haltany almaly! Halta ýapyşýaryn.
˝Sen ýadansyň, haltany maňa ber, Gerek, men göterjek!˝
Gerek maňa geň galyp seredýär.
˝Tirkiş, sen bu ýerde näm işläp ýörsüň?˝ – Ol süýji, mähirli ýylgyrýar. Utananok, menem utanamok.
˝Saňa garaşdym˝...
Meniň jogabymy eşidenden soň utanmalydygy ýadyna düşýär, utanýar, utanç maňa garaýan gözlerindäki mähiri artdyrýar, onuň çogy meniň ýüzümi gyzdyrýar, menem utanýan, süňňümdäki galpyldyny saklap bilemok.
˝Seniň garaşýanyňy duýandyryn, ýogsa bu ýoldan gaýtmaly däl-ä men, bu ýoldan gelýän ýog-a, seret˝.
Men ýola garaýan, bir eşekliniň gelýändigini görýän. Ol tozan turzup gelýär. Iki aýagyny hallanladyp, eşegiň böwrüne depýär. Hiňlenip, aýdym aýdyp gelýär. Onuň howlugýandygy çyn, gyra sowulmasam, üstümi basyp geçjek. Men gara eşegi-de, gaňňada loňkuldap oturan adamy-da tanadym. Ol biz tara¬pda, bir köçe bärimizde ýaşaýan Geldi mes. Şu golaýda birine eşek ýüki odun satandyr, puluna Amangeldi agadan tirýek almaga howlugyp barýandyr. Ol neşeden keýpini köklände, hemem tirýek almaga barýarka hiňlenýärdi.
– Belent-belent daglar, how, how... Daglar aşyp, daglar aşyp, he-eý... he-eý...
Meni tozana gardy gitdi, maňa tarap seretjegem bolmady, seretmäni gowy, tanamany gowy...
Tozan sowlanda, öňki boş ýoly gördüm. Salgym sowlandan soňky boşlugyň gussasy ýetişdi. Salgym bilen bile Geregem ýitdi gitdi... Töwerege garaňkynyň öň ýanyndaky kölege indi. Tallaryň depesindäki şöhle ýitipdir. Janym ýanyp, ugur tapyp bilmän, kirşeniň ysyny alyp durun. Geldi mesiň islendik öýüň, Gerekleriň öýüniň hem gapysyndan barmaga bahanasy bar: ertir tamdyrodun getirip bereýinmi diýse, geň görjek ýok, ýa getir, ýa-da gerek däl diýerler. Gerekleriň gapysyndan baryp, meniň diýip biljek zadym ýok. Men olaryň köçesiniň aýagu¬juna ýetipdirin, köçä düşde gidiber indi! Meniň ýaýdanyp durşumy ýoluň üstünde ýylan gören eşegiň bolşuna deňäp bolar. Bahana ýok diýýän, köçeden geçip gitmek üçin ba-hana näme gerek? Senden nirä barýaň, sen kim diýip so¬ramazlar-a! Sen giýewçilige geleňog-a, tanalsa, giýewçilige gelen ýigidi urýarlar, dogry! Sen kim? Oba oglany! Geçiber, köçeden her kimiň geçmäge haky bar. Aýagym ädilenok. Özüme gorkak, züwwük diýip görýän, bolanok. Umydym gutardy, tally ýabyň boýuna bardym, soňam obadan çykýan ýoluň köprüsine ýetdim. Garaňky düşdi, daýhanlara-da ýetiş¬medim. Gün ýaşmanka şu köpriň ýanynda duran bolsadyň, Geregi görerdiň diýýän...
* * *
Mekdebi gutaranymyzdan soňky dört ýylyň dowamynda Geregi birje gezek gördüm, şol hem soňky görşüm boldy. Tomusdy. Günortan welosipedli şäherden gelýärdim. Uly ýoluň ugrunda hereket ýokdy, oba günortanyň garaňkysyn¬dady. Ýoldan biraz sowaşyk, tal agajynyň kölegesindäki daş guýynyň başynda bir aýalyň durandygy gözüme ildi, ünsem berjek bolmadym. Aýalyň ýüzi maňa tarap däldi. Deňesine ýetemde, dyzyma urlan ýaly süňňüm tisgindi, tas ruly syp¬dyrypdym. Şol aljyraňňylykda aýal maňa seredýän bolmasyn diýen ätiýaç bilen gözümi aýladym. Ol menden bihabar, guýu¬dan çykaran bedresiniň suwuny boş bedrä guýmaga durdy, ýarpy ýüzüne gözüm düşdi, şol bada-da tanadym. Gerek! Başynda pessejik topby bar, bürenjek ýok, gaýtarmalar büren¬jeksiz gezip bilýärler. Topbynyň maňlaýynda ildirgijem ýok. Bu-da gaýtarmanyň degerli nyşany. Ol bu obanyň gelni däl, ol bu obanyň gaýtarmasy. Egninde gülgüne köýnek bar. Gaýyn öýünde bir aý mahmal astynda oturyp, teni agaran gelinler atasy öýüne dolanyp, ýüzlerini açanlarynda bägül ýaly näzik görünýärdiler. Men Geregiň durmuşa çykarylanyny eşitmän¬dim, hakykatda, äre berlenini eşitmändirin diýmeli. Nähili diýeňde näme?! Indi Gerek atly gyz ýok! Häzir gapdalda, daş guýynyň başynda Gerek atly gaýtarma durdy.
Ol meni görmedi, görse-de görmezlige saldy. Serederine garaşman, saňňyldaýan dyzyma bat berip, welosipediň peda¬lyna basdym. Ne ýolda, ne guýyň golaýynda Gerek ikimizden başga gara ýok. Ykbal edil synag üçin eden ýaly! ˝Oglan, sen indi näderkäň, awunanyňy duýarmykaň!˝ diýip, Gerek yzymdan gyjytly garap duranam bolsa, inkär edip biljek däl. Men-dä! Indikiň näme diýsene! Säginip, salam beremde bol¬maýarmy?! Sähelçe ara açdym, şeýle etmänime eýýäm ökünip barýaryn. Häzirem dolansam bir pille. Dolan! Salamlaşyp geç! Gerek bilen ýedi ýyl bir mekdepde, bir klasda okadyň, iň bolmanda klasdaş hökmünde hormatyň bolsun diýýän. Dola¬nma nire! Gaýta uly iş bitiren ýaly, gaňrylyp, guýa tarap garadym. Suwly bedrelerini elinde sallap, öýlerine ugran Geregi gördüm. Ol maňa tarap seretmedi. Hakykatdanam, ol maňa tarap sereden däldir? Haýsy bir ýoldan geçene seretjek! Meniň süňňüm sarsdy, duýdurdy, Gerek hiç zat duýmadymyka? Ýaňy golaý baryp: Gerek! diýen bolsam, Gerek näme diýerdikä? ˝Tirkiş, geçen dört ýylda sen nirede bolduň?˝ diýerdi. Onuň dilinden adymy eşitmek maňa hemişe ýakymlydy, ýeke söze ýüreginiň ýakynlygyny, ýylysyny, mähirini siňdirýärdi. Indi ýakynlygyň oňa-da, maňa-da derkary ýok diýdim, şeýdip, guýyň başynda säginmänligimi öz ýanymdan akladym.
Şol duşuşyk oglanlyk döwrümiň tamamlanandygyny duýdurypdy.
Uly köçe meniň oglanlyk döwrümi ýatladýar. Dik hem kese köçäniň çatrygyna ýetip sägindim. Geregiň suw alan guýysynyň sudury galypdyr. Onuň agzyna geýdirilen daş tokurtga biraz gyşaryp dur. Bu gün ondan suw alynýandygyny bildiräýjek alamat görmedim. Adamlar ýerastynyň arassa suwuny içenden ýaplardan gelýän hapa suw bilen mydar edenlerini amatly görýändirler diýen pikir kelläme geldi.
Guýydan gaýra tarapda Gerekleriň öýi bolmaly. Maksadym oglankam geçmäge ýaýdanan köçämden ýöräp, aýaguja çykmakdy. Etmedim. Oglanlyk döwrümiň ýakymly ýatlamasyna zeper ýetirerin öýtdüm. Goý, Gerekleriň öýi meniň ýetip bilmedik galam ýaly, öňki syryny saklasyn dursun...
Ýatlamalar