14:03 Ýiten ýurt -9: Güzer | |
9. GÜZER
Ýatlamalar
Kiçeňräk ýaplaryň ýalpak ýerinden güzer salyp, eşekli, arabaly geçilýär. Meniň gürrüňini etjek güzerim başga. Obanyň üç tarapyny ýakalap geçýän uly ýabyň güzerini aýdýan. Olar bäş sany. Olardan ulagly geçjek gümanyň ýok. Ulagly geçmek üçin telim ýerden köpri salnan, geçiber. Güzer diýilse, çagalaryň tomus aýlary suwa düşýän ýeri göz öňüne gelýär. Obanyň her böleginiň özüne ýakyn güzeri bolýar. Sargalan ýaly, uly-kiçi her kim, özlerine golaý güzere barmaga endik edipdiler, daşdaky güzere baraýsalar, olara keseki ýaly garaýardylar. Biziň güzerimiz ýaly amatly, şagalaňly güzer bolan däldir. Beýleki güzerleriň ady ýokdy, biziňkiň Çogannyk diýen ady bardy. Bu köneden galan at bolmaly. Dogry aýtjak bolsaň, Çoganly diýmeli, Çogannyk diýmäge ram edipdik. Bu sözüň näme aňladýanynam bilmändiris, sebäbi biziň oglan maha¬lymyzda beýle at berer ýaly çoganyň bitip oturan ýeri ýokdy, daş-töweregiň gowaça meýdanydy. Güzer giňdi, çuň ýeri uly adamlary boýlaýardy. Beýleki güzerleriň ählisi oba juda ýakyndy, gapdaldan ýol geçýärdi, su¬wdan çykyp guranjak bolsaň, ýoluň kirşenine agynaýmasaň, başga amatly ýer ýokdy. Ýalaňaç oglanlar aýal-gyz gelýäýnini gördükleri böwrüne dürtülen gurbaga ýaly suwa urýardylar. Gije-girim düşäýmeseler, gündiz ugry ululara has-da amatsyzdy. Biziň Çogannygymyz welin, duranja bir eşretdi. Obadan sowaşykdy, güzere ýörite gaýtmalydy. Çogannyga ýetilýänçä ýap bilen obanyň arasyna kolhozyň ekin meýdany düşýärdi. Şol aralyga ýene uly çäge aňňady süsňäp girýärdi. Aňňat barha beýgelip, soňra obany görkezenokdy. Güzeriň bir kenary çägäni ýuwup geçýärdi. Ýyly suw, gyzgyn çäge, heý, suwa düşmek üçin mundan beter eşret boljakmy diý. Töwerekden adam görer diýip ätiýaç etmeli däl, uly-kiçi erkek, ýalaňaçlanyp, arkaýyn suwa düşüp bilýär. Bu ýagdaýy bilip durkalar, aýal-gyzyň güzere golaý gelmejegi belli. Çäge aňňadynyň üsti giňdi, tomusda kolhozyň işçi düýeleri, öküzleri daňylýardy. Gyşda düýeler obadaky malýatagynyň bir gyrasyna basylan äpet ýandak küdeleriniň gapdalyna geçirilýär. Öküzler bassyrmanyň aşagynda daňylýar. Mallar üçin tomus gijeleri çägäniň üsti sergin, diňe şol mallar güzerden suw içýär, oba tarapdan mal ýakmak üçin güzere gelmeýärler. Güzeriň taýagatym gapdalyndan pagta harmanynyň bassyrma jaýlarynyň hatary başlanýar. Onuň öňi galyň suwalan giň meýdan. Bu meýdana güýzde gündelik ýygylan pagta serilýär, şäherdäki baza ugradylmazdan öň ol mazaly guradylýar. Öl pagta çigidiniň ýekejesi tapylaýsa-da, ýük yzyna gaýtarylýar, getirip, gaýtadan serip, gaýtadan ugratmaly. Bu entek güýzüň aladalary, häzir tomus, harman ýeriň töweregine suwa düşýän oglanlardan başga gelýän ýok. Üç aý tomusda Çogannygyň oglansyz mahalyna gabat gelmersiň, entek kolhoz işine gitmekden ejizkäk, biziň ýes¬er güýmenjämiz Çogannyga gatnamakdy diýseň-de boljak. Ertir guşluk mahaly suw ýylap başlanda serçe sürüsi ýaly, goh turzup güzere inerdik, ylgap barşymyza köýnek-balagymyzy sypyryp, elimiziň tersi bilen gabat gelen ýere zyňardyk, suwa bat bilen başaşak urardyk, soňra şu bolşumyzy ýatlamda, hemişe ýakymsyz bir pursat göz öňüme gelýär, inim tikenekläp gidýär. ˝Hudaý sowdy˝ diýen sözüň manysy bize garaşan howpa doly gabat gelýär. Şol gezek bizi güzere başaşak urmakdan sary ataýry saklapdy. Oglanlaryň biri: – E-eý, serediň-eý muňa! – diýip gygyrdy. – Möý bar!.. Aýrylyň how, kowalar... Güzeriň gyrasy bilen çapdyrylyp barýan ataýryny gördük, gyrgy gören serçe sürüsi ýaly goh turuzdyk. Her kim eline ilen zady ataýra tarap zyňdy, sähel salymda ony guma gardyk. Ataýry pytrap ýatyr. – Ho gün düýe ýatagyň aňyrsynda meni möý kowalady, tüýli gara möý! – Gatlaň ýanda gara ýylan gördüm, bir uzyn-bir uzyn!.. Iki, üç... bäş gulaç bar. – Öweziň kakasy kerep syryp ýörkä, on bäş gulaç ýylanam görüpdir, Garaköşegiň köprüsiniň aşagyndan çykdy diýýä. – Ýalandyr-laý, oň ýaly uzyn ýylan by taýlarda bolanok-how, Amerikada bolýamyş, ynanmasaň Hömmek mugallym¬dan soraý. Gürrüňe güýmenip, suwa nähili girenimizi bilmedik. Akmyrat: – Eý, aýagyma gaty zat degdi – diýip gygyrdy. – ine, ine... ýene degdi. Suwa çümdük, bulançak akar suwda oňly görüp bolýarmy! elimizi, aýagymyzy işledip, güzeriň düýbündäki zadyň purgundygyny anykladyk, sähel salymdan gyra çykardyk. Ölüm howpundan sypandygymyza düşünip galdyk. Ýeri, öňki endigimiz bilen aňyrdan ylgap gelşimize güzere başaşak uran bolsadyk, purguna degip, maňlaýymyz ýaryljak ekeni. Ataýry bizi ölümden saklapdyr! Henize-bu güne kinoda, telewizor¬da suwuň ýüzüne gan ýaýraýşyny görsem, güzerdäki howp ýadyma düşýär. Halys ysgyn-mydardan gaçýançak, suwdan çykmaz¬dyk. Entirekläp, göwrämizi gyzgyn çägäniň üstüne taşlar¬dyk. Gözümiziň öňi ümezläp, töweregi çal dumanyň içinde görerdik. Biziň suwa düşmekde görkezýän erjelligimize haýran galaýmalydy. Ýüzümizi gemrew tutardy, tenimiz ýanyp, eginlerimiz awuşasa-da bu kösençler suwdaky hezil¬ligiň ýanynda hiç zatdy. Bizi öýe gýatmaga diňe açlyk mejbur edýärdi. Gorsawa dönen çägeden geçmek!.. Muny sen ýöne goýaý! Aýagymyz ýalaňaçdyr, asyl tomus düşdügi köwüş geýmelidir öýdülenok! – Waý, eje, waý, eje! – Böküp-böküp barşyňa, on-on bäş ädim geçäýseň boldugyň, gabat gelen gök çöpüň üstüne dabanyňy basarsyň. Düýedaban bolsa janyň ujy. Dabanyňdaky gyzgyn ýokary ýaýrap, biraz ynjalýançaň garaşarsyň. düýedaban gabat gelmese, gyssanjyňa gök ýandaga basmaly bolýar. Tikeniň awusam gorsawdan ganymat-da! Awunjagyňy bilip dursuň, ýabyň boýundan düýedabanyň uly düýbüni goparyp, eliňe alyp gaýdyber-dä! şol endik ýokdy. It ýaly ajygyp, surnugyp gara öýüň gapysyndan girersiň. Gözüň öňündäki duman henizem oňly aýrylan däldir, içerdäki goşlar aýyl-saýyl görünmese-de, nan dolangy dokuma saçagyň hemişe gap dulda ýatandygyna beletsiň. Nahar ýokdur, adatça, nahar agşam, maşgala üýşende iýilýär. Çörek gatymy, ýumşakmy, parhy ýok, bir kesemen alarsyň, düýn ýa-da öňňun satygçydan alnan gök sogana ýanap iýip başlarsyň welin, lezzeti diýip-aýdardan artykdyr. Çeýnemekden äňiň ýadar gider, soňam gözenegiň öňünde gyşaryp, siňekleriň çokjalamasyna garamazdan, uklap galarsyň. Turanyňdan soň ejeň bada-bat ýumuş buýurmaga ýetişäýmese, ýene Çoganny¬ga tarap haýdap barýansyň. Kolhozyň düýekeşi Hümmet ahally erkeklerini güzere inderdi. Düýeler, arasyny kesip-kesip, suw içýärler, howluganoklar. Käbiri öň aýaklaryny epip, suwuň akýan ýerine boýnuny ýetirip içýär. Düýeler suw içýänçä oglanlaryň gal¬magaly ýatdy, ýöne suwdan çykmadylar. Hümmet aga bize gözügidijilik bilen garap, dymyp oturdy. Belki, oglanlyk ýyl¬laryny ýatlaýandyr. Soňra purguna goşulýan goşa öküzi ýak¬maga gelen Parahady gürrüňe çagyrýan äheňde: – Men bir zat aýtsam, Parahat, sen hä diýersiň – diýdi. – Iki zat aýt, Hümmet aga, göwnüň galmasyn, – Aýtsam, Parahat jan, adam-garaň biçak üýşen ýerini görjek bolsaň, Maryň bazaryna baraýmalydyr, heleýleriň üýşmegini ýas ýerinde görersiň. Oglanlyk çagynyň hezilligini synlaryn diýseň, şu güzeriň başyna geläýmeli, – Dogry aýtdyň, Hümmet aga. – Ýöne näme, ahal iliniň oglanlary bi hezillikden binesip-dä. Adam akar suwa öwrenişmese bolanok. – Binesip görýän bolsaň, çalşaýmaly bolar, Hümmet aga. Marynyň akar suwuny Ahal alsyn, ýöne gapdaly bilen ady ýitmiş gowaçanam, ähli azabynam bile almaly bolar, Hümmet ahally, razy boljakmy şoňa? Hümmet aga loh-loh güldi. – Tüweleme, Parahat, sen zor-how – diýdi. – Hally baýyň agtygy diýilse ynanaýmaly, söwdany uludan tutýaň. – Paýtagtam bize bersinler. – Gör-le muny! – Hümmet aga ýene loh-loh güldi. Şol ýylyň güýzünde Aşgabatda ýer titräpdi, köp adam ölüpdir diýlen habary eşidemde, näme üçindir güzeriň başynda bolan gürrüň ýadyma düşüpdi. Parahadyň kakasynyň dogany Gyşyk şol wagt Aşgabatdady, kolhoz ony bir ýyllyk okuwa iberipdi. Hernä, synasagat dolanyp gel¬di. Paýtagt Mary bolan bolsa, ýer titremezdi, bu taýda dag ýok, Aşgabat dagyň eteginde otyr, dagly ýerde ýer titireýär diýerdiler. Paýtagt Mary şäherine geçjekmiş diýip, Atajan başlyk bir emeldardan eşidenini aýdypdyr diýdiler. Soňam kolhozyň ýangyn söndürijisi Jumaguly Gummuk beýle gürrüňiň düýbünden ýalandygyny aýtdy, ol ýoldaş Staliniň aýdan sözüniň çyn hakykatdygyny nygtady: ˝Golaýda beýik serdarymyz ýoldaş Stalin Şaja Batyrowy Moskwa çagyryp, ˝Aşgabat Türkmenistanyň paýtagty bolupdy, Aşgabat mundan bu ýana-da Türkmenistanyň paýtagty bolar˝ diýip, üzül-kesil aýdypdyr˝ diýdi. Çogannyk güzeriň hezilligini näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Güzeriň boýunda ýalaňaç bedenimize mele reňkli şykgynyň laýyny çalardyk. Şykgy guradyk saýy hamymyzy çekerdi, gysga tüýler dartylyşyp, tiken çümýän ýaly agyry döredýär¬di. Bedeniň gymyldysyna şykgynyň guran gatlagy owranyp başlaýardy, biri-birimiziň bedenimize tomaşa bilen syn edip gülşerdik, başga bir many ýokdy. Şykgydan haýwanlaryň şekilini ýasajak bolardyk, her haýwana mahsus sypaty aýyl-saýyl etmek kyn düşýärdi. Güjük diýip ýasan şekilimiziň bir ýerinde hökman pişige meňzeşlik bolardy. Daş obalaryň birinden Atadurdulara gezmäge gelen oglan eşek ýasady, oňa gülmän seredip bil¬medik. Eşegiň gulagy meňzeýär, aýaklary welin, düýäňki ýaly uzyn. Has gülkünç ýeri başga. Eşegiň ujydy sallanyp dur, uzynlygy aýagyça bar, ujydy uly görkezjek bolup, eşegiň aýaklaryny uzyn ýasandyr diýip çakladym. Ujyda seredip, hakyky bolmalysyny göz öňüne getirdigiňçe eşek eşege meňzäp barýardy. Görsene, her jandara mahsus aýratyn bir syna bolýar, şony meňzedip bilseň, galan ýerini beýle bir meňzetmeseňem boljak ekeni. Bu pikir meniň şekillendiriş sungatyna dahylly ilkinji açyşym bolupdy. Oglanlaryň biri gyzyk berdi: – Geliň-eý, adamyňam nemesini ýasalyň!.. Näçe jan etsegem, adamyňkyny ýasamak başartmady. Kelte etseň, göwreden aýyl-saýyl bolanok, uzyn etseňem eşegiňkä meňzäp dur. Başarmajak zadyňy etjek bolup azara galyp oturandan suwa düşeniň gowy. Budumyza gyzabut çalardyk. Men häzir ruçkamy goýup, ˝Türkmen diliniň sözlügini˝ açdym. Sözlükde ˝gyzabut˝ däl-de ˝gyzbut˝ diýlip ýazylypdyr, transkripsiýasy ˝gyzbu:t˝ ˝Meýdan kömeleginiň bir görnüşi˝ diýen düşündiriş berlipdir. Sözlük¬de ýazylan bolsa dogrudyr, ˝gyzbut˝ diýeliň. Guran gyzbuduň daşyny ýaryp, içinden mele reňk külkäni (poroşogy) alyp, yhlas bilen budumyza çalýarys. Çalnan ýerini gyzdyrýarmy-ýokmy, ýadyma düşenok, ýogsa ˝gyzbut˝ – buduňy gyzdyrýar diýen mana ýakyn. Bizde, buduňa gyzbut çalsaň, ýyndam bolýarsyň diýen ynanç bardy. Harman ýeriň takyr meýdany¬na baryp, çapyşyp görýärdik. Has ýyndam bolarys öýtsegem, öňki netije üýtgäp baranokdy. Ýyndamlar gyzbutsyzam ýyndamdylar, çamanlar gyzbut çalsalaram, olardan ozup bilenokdylar. Çogannykdan sesýetim daşlykda kiçiräk güzer bardy, mal ýakmaga gelýänler şol ýere barardylar, aýallar kir ýuwardylar. Ir ikindin suwa düşmäge gelen oglanlaryň biri ägirt wa¬jyp syry habar berýän ýaly, assa basyp, ýuwaş gepläp: – Aýallar suwa düşýä! – diýdi. Bu habaryň oglanlara eden täsirni tüpeňli oturan awçylara guş gondy diýen habaryň etjek täsirine deňese bolar. Aýallaryň ýalaňaç bedenini synlamak kiçilerde bilesgelijilik döretse, ulurak oglanlarda döreýän duýgynyň başgadygyny bilýänsiňiz. ˝Atym meýdanyna˝ ýetmek üçin ýeke-täk ýol – suwuň içi bilen gitmekdi. Kiçileri galdyrmaly, aýakbagy bolmasynlar. Biz bäş oglan bolup, akymyň tersine ugradyk. Ýüzüp gitseň pažžyldyň eşidiljek, ýabyň gyrasyndaky agaçlardan, ot-çöpden daýanç gözläp gidenden amatlysy ýok. Kiçi güzere golaýlaşdygymyz saýy tolgunýandygymyzy asuda dem almagyň kynlaşýandygyndan duýsa bolýardy. Oglanlaryň biri: – Çümüp gidäýeliň-laý – diýdi, onuň sesi sowukdan saňňyldaýan sese meňzedi. – Geplemäň, how. – Öňden barýan Kakajan yzyna gaharly garady. Kiçi güzeriň bir gapdaly göründi, aýallaryň hümürdisi eşidildi, bu ses suwdan boýnuny çykaryp gepleýänleriň sesidi. Özlerini entek göremzokdyk. Bizem gymyldaman garaşdyk, Pažžylda meňzeş ses çykdy, şol bada-da aňyrdan gaýdan tolkunlar güzeriň aýtymyna ýaýrady. Olaryň suwa düşýän ýeri güzerden sowa, ýabyň gizlençek ýerinde bolmaly, ol ýere golaýlaşmak mümkin däl, güzeriň üstünden geçmelidi. Bize diňe umyt bilen garaşmak galýar, belki, ýüzüp hezil etmek üçin güzere çykarlar... Garaşyp otyrys, birimizden ses çykanok. Ýalaňaç aýallara seredip, aljak lezzetimiz häzir¬ki ezýetli pursatyň öwezini dolarmyka? Entek aýallaryň güzere ýalaňaç çykjagyny bilýärmiň?! Onda-da, biz garaşjak! Dogrusy, garaşmak ýakymlydy. Oslagsyz ýagdaý ýüz berdi. Kiçi güzeriň başyndan bir gyzyň haýykdyryjy sesini eşitdik: – Gelneje!.. gelneje, oglanlar seredýär! Barymyz birden suwa çümdük, hamala, gürleşilip goýlan ýaly, her kim çümen ýerinde durman, suwuň asty bilen yza dolanypdyr. Dem almak üçin kellämi çykaramda, galmagal turmagyna biziň sebäp bolmandygymyzy bildim. Ýaňky gy¬gyran gyz indi gargaýardy: – Häý, meýdi ýananlar!.. Geçip barýan oglanlar şowhun turuzdylar. Güzerde galdyrylan oglanlar ýabyň daşy bilen gaýdypdyrlar. Bizi hezil¬likden binesip goýdular, garagollar etmişlerine düşünendirler, güzere gaýdyp gelenimizde, olaryň birinem görmedik. * * * Biziň güzeriň başyndaky ýene bir güýmenjämiz pagta serilýän meýdany gapdallap, uzap gidýän bassyrmanyň üstünden aşak böküşmekdi. Bäsdeşlik diýäýmeseň bu oýnuň keýp bereni ýadyma düşenok. Suwa böken ýaly däl, göwräň ýere düşmelidi. Düşýän ýeriň çäge-de bolsa, agramyň badyny mazalyja duýmaly bolýarsyň. Depeden böküp, kim uzaga towsup bilýär, ýeňiş şuňa bagly. Bassyrmanyň üstünden bat alyp gaýtmaly, kimiň bady zor bolsa, şolam uzaga düşýär. Öňe saýlanan gezegim ýadyma düşenok. Bir ýola bijaýlyk bolany ýadymda. Göwräm ýere hylçyldap düşdi, öz badyma düşmän, göwräm depeden zyňlan ýaly boldy. Kükregime, bogazyma düşen basyşa başym aýlandy gitdi, gözümiň öňi garaňkyrady. Gapdalymdakylara bildirmän, gyra çekildim, keýp gözleýän kişi bolup, ürgün çägä bagrymy berip ýatdym. Suwa düşübem gyzygym bolmady, öýe gaýtdym. Ýüregim bu¬lanyp, agzymdan gara suw gelip başlady, işdäm kesildi. Ýer¬imden çalt dikelsem, ýa-da aýak üstüne galsam, gözümiň öňi garaňkyrap, başym aýlanýardy. Towy gaçan ýüpe dönenimi ejem derrew duýdy. – Näm bolýar saňa? – diýdi. Bolan ýagdaýy aýtdym. – Ýaňy tas gusupdym – diýdim. – Ýüregiň düşendir – diýdi, käýinmedi, agamy Miwe ejäni getir diýip ugratdy. – Miwe eje gelmände-de, oňat bolaryn-laý, eje. Miwe ejäniň emine belet bolanym üçin diýdim. Miwe eje golça meňzäp duran kempirdi. Ýüzüniň, maňlaýynyň giňligi üçin onça meýdany ýapmaga hamy juda dartylmaly bolýandyr, ýalpyldaýan ýumry duluklarynda, çekgesiniň töwereginde ýygyrt görnenokdy. Ýaşyny bilýän ýok, özem aýdanok diýýärdiler. Ogly altmyşdan geçip giden adamdy. Miwe ejäniň körlügini soraman biläýmeli, güni gözleýän ýaly hemişe asmana bakýardy, bäbenekleriniň içi çaldy, agyp-dönüp durdy. Men onuň owurdynyň gymyldysyz mahalyna duşmadym, hemişe bir owurdyndan beýlekisine geçirip, bir zat sorýardy. Gurt sorýar diýerdiler. Miwe eje gelmänkä ejem gerek zatlary taýýarlap goýdy. Bal bilen ýaglyk gerekdi. Ejem menden eşidenlerini Miwe ejä aýtdy. Soňra düşek ýazyp, meni onuň elýeterinde ýatyrdylar. Garnymy ýalaňaçladym. Miwe ejäniň tompuja barmaklary içimi mynçgap başlady, gözi welin, tüýnükden düşýän ýagta tarapdy, dodagyny dyngysyz şapbyldadyp, owurdyndakyny sorýardy. Eliniň güýjüne haýran galdym, barmaklary garny¬ma batyp, oňurgama ýetýärdi, gasygyma çenli agyrtdy. ˝Körüň eline büre düşen ýaly˝ diýen sözi ýatladym. – Gelin, ýüregi düşüpdir, inelikgän, garnynyň gapdalyn¬da ýatyr – diýdi, diýenini ejeme görkezmek üçin aşak düşen ýüregimi eline aljak bolýan ýaly, garnymy gyzyl dörjük etdi. Agyra çydaman, iňledim. – Tamdan bökeňde bilmediňmi agyrjagyny, bezzat. Ýüregiňi galdyryp, garnyňy daňaryn, emiň-ýomuň şol bolar. – Garnyma şapbat urup, sözüne nokat goýdy. Ýüregimi galdyrmazdan öň garnyma bal çaldy. Öňürti eline berlen bally mejimä iki barmagyny çümdürdi, barmaklaryny ýalap, gapdakynyň baldygyna şübhesi bolan ýaly, ýene iki öwre barmagyny sokup ýalady, lezzet bilen dodaklaryny şapbyldatdy. Balyň başga maksat üçin ber¬lendigi birden hakydasyna gelen ýaly gorpa dönen agzyny hoňkardyp, gülkä meňzeş ses çykardy. – Gelin, balyň-a tagamly ekeni – diýdi, garnyma çaldy, çalnan bal tä tenime siňýänçä owkalap, sypalap oturdy. Ara¬lygynda bal ýokly barmagyny ýalap goýberýärdi. Çaý içim salym geçendir, onuň esasy aladasy mädesine degýänçä bal ýalamakdyr öýtdüm. Ahyry garnyma kakyp: – Satanyňy galdyr – diýdi. – Gelin, iki aýagyndan tut. Hä-ä, çek ýokaryk, çekiber... – Ejem satanymyň arasyna girip, başaşak asyl-asyl bolýançam ýokary göterdi. Miwe eje bolsa ýaşyna gelişmeýän gujur bilen ýaglygy garnymyň daşyndan dolap aldy. – Gelin, silk bakaly... hä-ä, silk, silk, ýene bir öwre silk... Ejem güýç bilen silkip durka, Miwe eje ýaglygyň uçlaryny daňdy, çekip daňdy, ýene onuň güýjüne haýran galdym. – Boldy, berekella, gelin, boldy. – Meni ýene arkan ýatyr¬yp, garnymy usul bilen sypady, soňra iki aýasyny gaýta-gaý¬ta ýere urdy. – Emiň şu bolar, bezzat. Siýmäge çykaýmasaň, ýeriňden galjak bolmagyn, ýat. Soňra ol barmaklaryny maňlaýymdan, ýüzümden ýöret¬di, duluklarymy sypady, – Gelin, bi bezzadyň ýüzi kekene iýen ternä dönüpdir – diýdi. – Birki çalarlyk süzme äber, gotur açmanka emini be¬reýin. Gemrew zyýansyz zatdyr öýtmäň, ýüzüni pis açanyň ýüzi ýaly murtar alabeder eder goýaýar. Ejem jamda süzme äberdi, Miwe eje süzmäni-de baldan kem görmedi, dodaklaryny işdämen şapbyldadyp, em et¬mänkä köpüsini iýdi, galan süzmäni aýalaryna çaldy, ýüzümi sypamaga oturdy. Barmagy bilen jamy ýalap gutaranda emini goýbolsun etdi, ýene eli bilen ýere şapbat urdy. – Gelin, süzme çalyp, hamyny ýumşadyp duruň – diýdi. Soňra ejemiň bişiren etli şülesinden gägirýänçä iýdi, nan bilen iýdi. Hümmet aganyň bir sözi ýadymda galypdy: ˝Gul garrasa garyp bor, heleý garrasa tebip bor˝. – Miwe eje ýaş mahalam tebipmidi? – diýip, ejemden so¬radym. – Oň ýaş mahalyny görenler galdymy, bir pille ölüp git¬diler. Ýüregimiň bulanmasy, başymyň aýlanmasy galdy. Miwe ejäniň eminiň näderejede peýda berendigini aýdyp biljek däl, asyl ˝ýüregiň düşüpdir˝ diýen diagnoza henizem düşünip bilemok, şu wagta çenli doktorlardan soramanyma geň galýaryn. Belki, aşgazan aşak düşýändir? Ýürek bulan¬masy, işdäň kesilmesi aşgazana bagly dälmi? Bu gün bu so¬waly berip oturmak oglanlyk döwrümize häsiýetli sadalygy aňlatmazmy? Belki, onuň änigine-şänigine ýetjek hem bolup ýörmeli däldir, ol çagalyk döwrümiziň özboluşly syry bolup galmalydyr? * * * Gün ýaşanda oglanlar güzerden gaýdýarlar, garaňkyda suwa düşmäge gorkýardyk, biziň üçin suwuň hezili Gün bilen tamam bolýardy. Agşam suwa düşmek gezegi ulularyňkydy. Bir gezek ýigit çykanlaryň suwa düşüşlerini mazaly synla¬dyk. Basdyrmanyň depesine münüp, bildirmän, güzere golaý ýerine bardyk, göze iläýsek, kowuljagymyzy bilýärdik. Ýok-ardan güzeriň aýtymy eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Gün eňek beripdi, gyzgylt şöhlesi ýüzümize düşýärdi, güzeriň üstüne kölege abanypdy. Çöp başy gymyldanok, ýabyň iler-sinden başlanýan gowaçaly kartanyň asudalygy diňe howa göterilen tozany däl, gündizden galan howry-da kem-kem demine sorup barýan ýalydy. Suwa düşýänler öküz purgun sürýän ýigitlerdi, uzak gün ýük daşardylar, gowaça keşleriniň arasyna külte, akuşnik basardylar, garaz, ýeňil iş ýokdy. Olaryň kem¬siz ýigit çykandyklaryny sesleriniň beter ýognanlygyndan biläýmeli. Häzirki boluşlarynda welin, çagadan tapawut ýok. Kirli, tozan siňen geýimden, ajy derden boşan beden¬ler suwuň hezilini şowhun bilen aýan etdiler. Eller, aýaklar suwy pažžyldatdy, asmana damja zyňyldy, munuň bilen hem oňman, bokurdaklaryna bat berip, bögürdiler. Olaryň sesi agşam çagynyň ümsümliginde, güzeriň pes aýtymynda has-da mojuk eşidilýärdi. Birdenem yzly-yzyna suwdan çykyp, çägä togalandylar. Olaryň bolşuny süýt emip hezil edinen göläniň çarbaýlygyna deňese bolar. Kükreklerini ýyly çägä berip ýatmaga-da takatlary ýetmän, biri beýlekisini kow¬alap, soň ikisem suwa başaşak urup, güzeriň boýuna haý¬dap ýüzýärdiler. Olaryň bu oýunlary maňa tanyşdy. Meniň tomaşa bilen garaýan zadym başgady. Ylganlarynda gasygyň aşak ýanyndaky gara tüýleriň arasyndaky uly ujytlary hallan atyp, iki buda degýärdi. Ine, hezillik! Heniz meniň görmedik tomaşam! Olar muňa ünsem berenoklar. Göwnüme bolmasa, herekete ujytlary barha süýnüp, ulalyp barýan ýaly göründi. Olar şowhun turzup, çaga boljak bolýarlar, çagalygyň bigam¬lygyny yzyna dolap getirjek bolýarlar diýäýmelidi. Bu güzeriň lezzetini ýatlamda, hemişe kalbyma surat bo¬lup ýelmeşen täsin bir görnüş göz öňüme gelýär. Şonda keýp bilen asmana suw serpipdim, belende göterlen damjalar gün nurundan yşyklanyp, ýaldyrap aşak gaýtdylar. Olar meniň ýüzüme, göreçlerime nur çaýdy. Şol pursat güzerden taýa¬gatym aralykdaky güjüm agajyna seredenim ýadymda. Suw damjalaryndaky täsin ýagtylygy güjümiň ýapraklarynda-da görüpdim. Olar göm-gök asmanyň astynda ýalpyldapdylar, güneşe ýuwlup, tot-tozandan arassalanypdylar. Tomus aýy bolsa-da, töwerege baharyň tämizligi dolanypdy... Çagalyk döwrüm barha daşlaşsa-da, şol görnüşiň nury, ýagtysy keme¬lenok... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |