12:47 Ýiten ýurt / roman ýatlama -1: Geñ adamlar | |
ÝITEN ÝURT
Ýatlamalar
• Awtordan Men ýetmiş ýyl ömrümiň ahyrynda tutuş bir ýurdy ýitirdim. "Ýurt" sözüniň aňladýan manysy kän, şolaryň bary-da meniň ýitgime gabat gelýär. Oglankam goňşymyzyň çal eşeginiň ýiteni ýadymda. Begenipdim: Hudaý jan, tapylmasyn! diýipdim, tapylsa, eýesi haýwany urup öldürer. Ol adam eşege gelen ýagy, üç eşek onuň şaldyrynyň awusyna çydaman öldi, bular diňe meniň bilýänim. Men ýedi ýaşly oglankam, ol ellä ser uran bolmaly. Ýiten eşegi bir hepdeden tapyp getirdi. Endam-jany şaldyryň urgusyndan zol-zol bolan eşegiň butlaryndan, garnynyň ýüzünden gan akýardy. Eýesiniň sesini eşidende, dört aýak birden sandyrap başlaýar. Çöle gatnan agam çopan goşundaky eşekleriň möjekden gorkularyna sandyraýyşlaryny gürrüň berende, çal eşegiň bolşy göz öňüme gelipdi. Ýiten günleri haýwan biraz özüni tutupdyr, semräp başlapdyr. Soň kolhozyň düýekeşi Hümmet agadan ˝heleý ýasda, eşek boşanda semrär˝ diýen sözi eşidemde, ýasda oturyp semrän heleýi bilmesem-de, eşek babatda bu sözüň dogrudygyny çal eşegiň mysalynda düşündirip biljekdim. Eşek özüni tutan hem bolsa, indi ýowuz goňşymyzyň gaza¬byna çydamajagy bellidi. Ýiten günleri möjek iýen bolsa gowy bolardy, bimöçber jezadan dynardy diýdim. Günleriň birinde gapymyzdaky ala köpek ýitirim boldy, ýala gelýän ganjygyň yzyna düşüp gidendir öýtdük, gözle¬jegem bolmadyk. Dört gün geçirip dolandy. Sypaty ˝it ýaly hor-lanypdyr˝ diýen sözüň janly mysalydy. Garny boşan gapjyk ýaly, asyl ýöne oňurgasyna ýelmeşip dur, kellede, aýakda abat ýeri ýok, parçalapdyrlar. Ýarasyna siňek gonduryp, kölegede süýnüp ýatyşyny göremde, onuň ähli derdini ˝yşgyň ody ýa¬man eken janlarym˝ diýen ahwalatyň üstüne ýükledim. Meniň ýitgimiň welin, dolanjak gümanasy ýok, men giden bir ýurdy ýitirdim. Onuň ýerinde başga, maňa nätanyş adamlar ýaşaýar. Men ýiten ýurduň gözlegine çykdym diýip biljek däl, ýitgini gaýtaryp boljagyna umyt bolanda, onuň gözlegine çyksa bolar. Men indi ony diňe kalbymda galan ýat¬ lamalardan tapyp bilerin. Ol meniň täk özüme degişli bolar. Başga biriniň şärikli bolup biljegi-de meni biynjalyk etmeýär. Her kim öz ýitgisini gözlär... 1. GEŇ ADAMLAR Çagalykda gözüň görýäni, gulagyň eşidýäni üýtgeşik bolýan ekeni, muny ulalaňda bilýärsiň. Meniň önüp-ösen ýerim Mary topragy, ol ýerde düz bar, dag ýok. Diňe köneden galan gum depeleri, çäge alaňlary bar. Biziň belentlige düşünişimiz-de dag ýerindäkileriňkiden üýtgeşik. Magtymgulyda: ˝Depe özün dag saýar˝ diýen setiriň manysy biziň garaýşymyza gönümel alanyňda, gabat gelýädi diýse-de boljak. Biz de¬pelerimizi dagdan pes görmezdik. Obanyň ýakasyndaky ˝Baýrakçäge”, ”Garadüwrün” atlandyrylan çäge alaňlaryna çykmak, soňam şowhun turzup, aşaklygyna inmek Gata¬kar ýapda ýüzýän ýaly ýakymlydy. Sähel gowşaklyk etseň, depeden suw kimin akyp gelýän ürgün çäge üstüňi basyp geçer. Arassa çäge bilen suwda oýnamagyň lezzeti meňzeş, arassalyk babatda-da olaryň arasynda parh goýmazdyk. Owurdymyza alyp suw pürküşimiz ýaly, agzymyzy çägeden dolduryp pöwhüldedip oýnardyk. Çagalykda agaçlaram hakyky bolşundan belent, ýaplaram giň görnüpdir. Pylany Akýaby, Garaýaby ýüzüp geçäýipdir diýip mahabat edilýärdi, soň görüp otursak ol ýaplaryň giňligi dört-bäş metrden artyk däl ekeni. Uly ýaplaryň boýundaky agaçlar hellewleşip, uzakdan gara dag kimin belent görnerdi. Ulaldyk welin, olaryň boýy iki esse peselen ýaly bolaýdy, belki, bu ýagdaý meniň boýumyň ulalandygy üçindir? Çaga dünýäsi bilen ertekileriň arasynda meňzeşligiň bardygyny aýdyp biljek. Belki, ertekiler adamzadyň çagalyk döwrüniň önümidir? Bu üýtgeşmäni tutuş obanyň, onda ýaşaýan adamlaryň mysalynda-da beýan etse bolar. Ol adamlar köplük, häzir¬likçe olaryň ikisi hakynda aýdaýyn. Olar bize goňşy, golaý ýaşaýardylar. Men on ýaşly oglankam olar ýigrimi bäşden geçen adamlar bolmaly. Biri pagtaçylyk brigadiri, beýlekisi gowaça bejerýän ˝Uniwersal˝ traktory sürýärdi. Oba ýerinde, onda-da goňşuçylykda ertir-agşam duşuşyp, oturşyp-turluşyp durulýar, goňşokara alşylýar. Bu düzgün bu iki adama degişli däl ýalydy. Belki, başgalara başga hili görünýän bolmagy-da ähtimaldyr, men öz oglanlyk garaýşymy aýdýan, kalbymda galan duýga, hakydama salgylandym. Men ulularyň hersi bilen bolan gürrüňleri, duşuşyklary ýatlap biljek, ýöne şol ýatlamalarda bu iki adama orun ýok, olar bilen ýüzbe-ýüz oturanym hem hakydama gelenok, olary obanyň toýunda-ýasynda görendirin hem öýdemok. Olaryň töwereginde dowam eden gizlinlik, syrly alamatlar meniň bilesigelijiligimi artdyrýardy. Olaryň ýatyp-turýan jaýlaryna golaýlaşmak ertekilerdäki döwleriň mekanyna aralaşmak ýaly töwekgel-likdi. Traktorçynyň adyny Durduk diýip tutýardylar, hakykat¬da Durdymuhammet bolmaly. Olaryň öýi bizden sesýetim daşlykda. Brigadiriň ady Mülkaman, olar bize ýakyn goňşy. Durdugyň ýaşan ýeriniň çaga fantaziýamda galan täsinligini Erem bagyna deňese bolar. Uly obada diňe bäş-alty hojalykda bag bardy. Bag diýemde miweli agaçlar hasaba girýär, igdäniň miwesi bolsa-da, ol bag¬dyr öýdülmezdi, köpdi, ýaplaryň boýy-da kileň igdedir, ekil-medik ýerde-de bitip oturandyr. Igdeligiň çal reňki obanyň gurak görnüşine tozgunlyk alamatyny berýär diýerdik. Onuň gök agaçlaryňky ýaly goýy saýasy-da ýok, sary gülüni gül-dürem öýdülmezdi, balyň ýiti tagamyny ýatladýan ysy töw¬eregi tutardy. Igde gülläpdir diýilmezdi, igde porsapdyr diýlerdi. Pylany ýeldirgän ýaly düşnüksiz bir derde ýolugyp¬dyr diýilse, üns berip hem durulmazdy, igdäň aşagynda ýa¬tandyr diýip, oýna ýazdyrardylar. Aýratynam murty taban ýigitleri igdäň güli gyjyndyrýar diýen ynanç bardy. Gurakçylyk diýilse, bugdaýy orlup, soň gatap ýatan boş mellekler, tomsuň bulançak asmanynyň reňkine kybapdaş çal igde agaçlary göz öňüme gelýär. Adam boýy ýandak düýpler¬ine örklenen eşeklerem tukatlygy döredýän görnüşiň üstüne urna. Dört aýagy gaty ýere çüýlenen ýaly gymyldysyz duran eşegiň gözleri ýumukdyr. Bu tukatlygy gözi bilen görmese, açlyga, suwsuzlyga çydamy artaýjak ýalydyr. Ýakymsyz görnüşi döredýän boşluga Mülkamanlaryň mellegi-de girýärdi. Durduklaryň mellegi welin, düýbünden başga, edil asmandan inen gudrat ýaly täsinlik. Ýogsa, mellekleriň ählisine bir ýapdan suw gelýärdi. Maý aýaklan¬da ýabyň sakasyny petiklärdiler, kolhozyň gowaça meýdan¬laryna suw tutulyp başlandygy melleklere ýeke damdyk suw goýberilmezdi. Bu düzgüne hemme kişi boýundy. Her kim mellegine güýzlük bugdaý eker, tomsuň başynda eşek bilen harmanyny döwer, bäş-alty halta däne alar, wessalam, iş tamam! Ýeri, şu ýagdaýdan soň Durduklaryň melleginiň miweli agaçlara, üzüme basyrylyp, bulut çöken ýaly bolup oturyşyny näme bilen düşündirersiň? Gyrak-çetde ikidir-üçdür bolaýma¬sa, başga igde düýbüni görmersiň. Mellegiň ýerleşýän ýerem täsin, üç tarapyny belent alaň tutýar. Ilerki alaňyň düýbünden ýap geçýär. Ýabyň boýy erik, alma, aňyrsy giden üzümlik, ýöne bu hezilligi synlajak bolsaň depäniň üstüne çykmaly¬dy, çykaýjak ýeriňde-de malýatak bardy, kişiň mal ýatagyna girmek üçinem bahana gerekdi. Bahana garaşyp hem oturma, oýlap tapaňda-da goýbermezler. Ýatagyň daşyndan aýlan¬yp, olaryň öýüne ýörite ýoda bilen barylýardy. Maşgalanyň ýaşulusy Baba aga eşek arabasyny alaňyň üstünde ýazdyrýar, alaňdan aşak inýän ýoda ýabyň üstüne atylan agaç paýapy¬la alyp barýar, paýapyldan geçen ýeriň gara öýüň öňündäki meýdança, gapdalynda köplenç gapysy gulply tamkepbe. Durduk tamkepbede ýatyp-turýar diýerdiler. Onuň işden haçan gelip, haçan gidýändigini görýän azdy, sebäbi olaryň öýüniň köçeden sowaşyklygy-da ony görer gözden gizleýärdi. Beýleki hojalyklaryň öýi kileň mellegiň köçe tarapynda, bular mellegiň aýagujunda, amatyna garandyklary görnüp dur. Olarda it barlygy ýadyma düşenok, umuman, biziň oba¬myzda it saklaýan azdy, saklaýanlar-da iti daňjak bolmazdy, daňylmaýan itden gorkýanam ýokdy. Oguljemal gelne¬jeden welin, gorkýardyk. Onuň ýaly ygtybarly goragçyny tapmarsyň, onuň saklygyny item başarmaz. Ol, Erem bagyna goýberilen ruh ýaly her agajyň düýbünde oturmaga ýetişýär diýilse-de, ynanaý. Ol Baba aganyň aýalydy, ýöne Durdugyň ejesi däl diýen gürrüň gulagymyza ilýärdi. Durduk gyz dog¬any Dünýä bilen olaryň elinde ösüpdir diýerdiler. Bu ýag¬daý bizi düýpden gyzyklandyrmandy. Baba aga kolhozyň bagbany, üzümçilikde çatmasy bardy, şol ýerde-de ýatyp-turýardy. Ýygnan otuny eşegaraba ýükläp, her gün getirip giderdi. Haçan baraý, öýde Oguljemal gelnejäniň ýeke özüdir. Garaýagyz hor aýalyň çiňerlip ýüzüňe seretmesinde gar¬asöýmezlikden başga-da müňkürlik bar ýaly ýakymsyzlyk duýýarsyň. Biz ýaramezan gezip, hoşa çöpläp ýygnan dänämizi üzüme çalyşmaga barýardyk. Paýapyldan geçmänkäk: – Näme gerek, kim iberdi sizi? – diýip soraýar. – Üzüm aljak. Ol haltamyzdaky bugdaýdan bir goşawuç alyp, syn eder. – Hapa ekeni. – Soňra bugdaýy köne bedrä gapgarar. – Butnamanjyk duruň şu duran ýeriňizde! Sargany bilen oňmazdy, gara öýüň gapysyna ýetýänçä iki öwre bize gaňrylyp garardy. Ýanymdaky oglanlaryň näme pikir edýänlerini bilemok, men welin, sapaly bagyň gözüm ýetýän çetini höwes bilen synlardym. Göwnüme bolmasa, bu ýeriň howasam has salkyn ýaly. Gapysyna gulp urlan tamkepbäniň üstüne üzüm dalbary abanyp dur. Dalbary akly-garaly hoşalar bezeýär, özlerini güjeňleýär. Golaýdaky zatlaryň tertipli, tygşytly goýluşyna, takyr ýeriň arassalygyna keýpiň göterilýär. Şu ýerde oturyp üzümden doýsamdym! Bagyň içine birazajyk aýlan diýsediler, saralan eriklerden dadyp görsedim!.. Tutuş bagy garasarlardan gorap ber diýsediler!.. Oguljemal gelneje öýden eli okaraly çykdy, aňyrdan gelýärkä: – Etegiňizi tutuň – diýdi, biz häzirlenip durduk, herimiziň etegimize bir hoşa ir bişýän gyzyl üzüm oklady, ulurak hoşa-da bermedi, bereni murthoşadan sähelçe uly, biz bedre doly üzüm hantamadyk. – Indikile hapa bugdaý getiräýmäň, al¬man, kowup goýbererin. Hoşany özümden gysganyp, her üzümi sanap iýemde, og¬lan göwnüme osup, bir zadyň pikirini etdim. Näme üçin bular üzümi bugdaýa çalyşýarkalar? Adamlaryň gürrüňine görä, MTS-iň traktorçylarynyň arasynda Durdukdan köp girdeji alýany ýokmuş. Berlen bugdaý uly maşyna-da sygmanmyş. Ura gömäýmeseň, onça köp bugdaýy saklamaga nädip ýer tapjak! Bagdan alynýan üzümiň, miweleriň ýüzden birini-de bu öýde iýjek ýok, bary dört-bäş adam. Baba aganyň mellekdä¬ki üzümden iýmeýäni belli, ol kolhozyň üzüminden iýýändir, Oguljemal gelneje-de üzüm iýip gägirýäne meňzänok, göwre¬si gatan gurbagaňka dönüpdir. Sowal köpeldigiçe bu Erem bagyna ertekilere mahsus syrly alamatlar çaýylyp gidip otyr. Bu ýerde hazyna göm¬lüpdir diýilse-de ynanjak. Hazynanyň goragçysy bolmaly. Ertekilerdäki hazynany üç kelleli aždarha ýa-da ýeke göz döw goraýar. Şundan soň göz öňümde Oguljemal gelnejäniň tüýsi üýtgäp başlaýar. Çal saçy hüžžerýär, gözleri ýitelip gidip otyr. Sary mugallymyň tutan hüwüsiniň tes-tegelek gözlerindenem ýiti. Elleriniň-aýaklarynyň dyrnagy ösüp, gyrgynyň penjesine öwrülýär. Geplejek bolanda adam dilinde geplänok, Gatyköwdäki köne metjidiň harabasyndaky baýguşuň jakyrdysyna meňzeş haýykdyryjy ses çykarýar. Ýörişi-de üýtgeýär, indi syçany aňtaýan pişigiň assa basyşyny edip, seresaply boljak bolanok, indi bir aýagy agaçdan ýasalan Meret poçtalýonyň göwresini bökdürip ýörişine meňzeş hereket bilen ýöreýär... Meniň gülkim tutýar, göz öňümdäki murtar keşbi ejeme aýtjak bolýan. Ejem güler öýdýän. Ejem düşünenok: – Samsyklamasana – diýýär. Ejem Baba aga-da, Oguljemal gelnejä-de uly hormat goýýardy. Meniň üçin bu bagyň sapasy kemelenokdy. Sähelçe wagt¬dan men ikinji syryň üstüni açdym. Ejem kokun kesilen nandan Baba agalara eltip gaýt diýdi, höwes bilen gitdim. Gelinbarmak üzümiň aýny bişen mahalydy. Oguljemal gel¬neje boş goýbermez, bir hoşa üzüm berer diýen umyt bilen gitdim. Tagam dadyrylan tabagyň boş gaýtarylmaýandygyny bilýän, el ýaly iki bölek nana-da bir zat berler öýdýän. Barýan¬çam üstüni biraz çaň örten hoşa göz öňümden aýrylmady. Barmagyň ululygyndaky ter üzüm bürküldäp dişlerimiň ar¬asynda ýarylýar, bal ýaly süýji suw owurdymy doldurýar... Hyýalymda üzüm iýip, boş ýuwdunyp barýaryn. Gara öýüň, aýratynam tamkepbäniň gapysynyň açyklygy meni geň galdyrdy. Çekinmän barmaga bahanam bar. Öýüň gapysyndan seredýän, hiç kim ýok. Tamkepbäniň gapysyna ýöneldim. Düýpdäki pessejik äpişgäniň öňünde kükregini ýassyga berip ýatan Durduga gözüm düşdi. Egninde ak maý¬ka bar, syrylan kellesi ýalaňaç, gapdalda tahýasy ýatyr. Salam bermäge howlukmadym; salam bersem, ony synlamaga wagt boljak däl. Açyk äpişge bilen gapynyň arasyndaky ýakymly öwüsgin maňa-da ýetdi. Durduk öňünde ýatan galyň kitabyň sahypalaryny agdaryp başlady. Kitabyň kagyzy biziň okuw kitaplarymyzyň kagyzy ýaly ak däldi, saralandy, könedi, Dur¬duk arap hatyny suw ýaly okap bilýär diýýärdiler. Men onuň sesli okaryna garaşdym, edil gapyň öňünde durman, gyra çekildim. Duranymy bilmesin. Garaşyp durkam giň otagyň arassalygy, düýpdäki öý goşlarynyň rejeli goýluşy maňa ýakym berdi. Içeriniň salkynlygy arassalyga-da baglydyr öýtdüm. Ýeňseden hysyrdy eşidilen ýaly boldy, bada-bat gap¬dala çekildim, dalbaryň gutarýan ýerine ýöneldim, Ogulje¬mal gelneje meni görende, özüni gözleýänime ynansyn-da. Ses eşidilmedi, ümsümlik. Goýun ýatagynda-da adam ýok. Haýwanlar hüşerilip maňa garadylar, nätanyşa ýüzleriniň düşenine haýran galýan ýalydylar. Men çuň gazylan üzüm joýalaryna syn etdim. Olara joýa diýer ýalam däl, ýap diýseň dogry boljak, meniň boýum bilen deň. Pyşdalara ýaýran üzüm düýpleri telär ýaly ýokarda görünýär, aşagyndan howa geçip dur, üzüm hoşalaryny ýekän-ýekän sanap oturmaly. Haşal ot, hapa çöp göräýseň nädersiň, edil ýylan ýalan ýaly. Düýpleriň üzümi ýyglyp, boşany bar, erikde, almada zat ýok, gutarypdyr. Olara derek garaly düzüm-düzüm, meniň elimiň ýetjek ýerinde-de kän. Birjigini ýolaýsam näderkä? Ilki töw¬erege ätiýaçly garadym, goýunlaryň bolşuny halamadym, olar meniň hyýalymy aňan ýaly has-da hüşerlip seretdiler. Garala elim degdigi bary birden mäläberse?.. Şol pursat içerden Durdugyň sesi eşidildi, ol kitap okap başlandyr, men gapa dolandym. Onuň şol ýüzin ýatyşy. Birden madyrdap, birdenem hiňlenýän ýaly ses çykarýar. Näme diýýänine düşünmedim. Sesiniň biraz gyryklygynyň üstesine-de ol tiz-tizden ýuwudynýar. Arapça hat şeýdip okalýarmyka? Egnimden penje ildi. Oguljemal gelnejäniň ýakymsyz garaýan gözlerini gördüm. Elinde orak bar, oragy depämden inderer öýtdüm, ýegşerildim. Ol meni idirdedip, ýeňsä çekdi, elimden tutdy. – Bu näme, nan ýaly-la? – Ejem iberdi, kokun kesdik. – Sen kimiň ogly? – Ogulbegiň. Men nany uzatdym. Ol almazyndan öňinçä oragy ýerde goýdy, eliniň aýasyny ýasy dokama guşagyna oýkady. – Bissimilla. – Nandan usul bilen ujypsyz döwdi, agzyna saldy. – Kabul bolsun. Indi umydym artdy, üzüm ýa-da garaly berer, boş goýber¬mez, birini berse-de oňjak. Onuň säginip durşundan giderime garaşýandygyny aňdym. Üm bilen agajy görkezdim: – Bu garalymy? – diýdim. – Entek bişenok, bişmänkä iýseň içiňi bozar. – Oguljemal gelneje, Durduk kaka arapça okaýarmy? – Durduk kakaň ýaranok, dümewläpdir. Ol ýene garasöýmez aýala öwrüldi, git diýen manyda eg¬nimden itdi. – Üzüm satýaňyzmy? – Soragyň gutarmady, oglan, seň-ä. Häzir satamzok, Durduk kakaň ýatmaly, ukusyny almaly, soň geliň, soň, soň gelersiň. – Ol bu sözleri pyşyrdap aýtdy, haýdap meni paýapy¬la çenli ugratdy. Gury ýapdan geçen dessime gatap ýatan boş mellekleriň üstünden öwüsýän gyzgyn şemal ýüzüme urdy. Erem bag¬yndan kowlan adamyň umytsyzlygy bilen yzyma garadym, ejemiň birine çalaja käýinende aýdýan sözüni gaýtaladym. – Albassy!... * * * Öňi bilen Mülkamanyň uruşdan gelen pursatyny ýatlamaly. Meniň 1982-nji ýylda kitap bolup çykan ˝Daşrabat˝ romanymdan bir parça: ˝Mülki brigadir gospitaldan çykyp, öýlerine geldi. Salgym ýaly bolup, hasasyna söýenip duran adamy görenlerinde, aýallar burunlaryny çekip, şumjardylar. Iň ýamany Mülki geplänokdy. Töwerekdäki tanyş ýüzleri hakydasyna getirjek bolýan ýaly, birgeňsi çiňerlip durşuna, näme diýilse, diňe baş atýardy. Kimdir biri: ˝Lal açypdyr˝ diýdi. Bu betbagtlyga aýallar ýaňadandan agladylar. Birden Mülki düşnüksiz bir söz aýdyp goýberdi. Wah, ol rusça geplän bolsa nätjek! Dili bir zat diýse bolýar! Aýal¬lar indi begençlerine agladylar. ˝Mülki türkmençäni ýatdan çykarypdyr, haýdan-haý rus dilinde gepläp bilýän adam tap¬maly˝ diýdiler. Bada-bat obanyň göz dogtoryny tapyp get¬irdiler. Ýaş tatar gyzyny Mülki bilen bir jaýa salyp, gapyny ýapdylar. Daşarda galan märeke dem alman garaşdy. Şol ma¬halam Köşegiň häzirki batnyksyzlygy bardy. «Indi dargalaý¬sa-da boljak, özleri dil taparlar-da» diýip, süwümsiz gülüpdi. Hernä, oňa hiç kim üns bermedi. Içerden wajyrdy eşidilip başlady, aýratynam göz dogtory gaty gürleýärdi. Onuň bolşy, 17 Mülki neressä günä ýükläp, ony çaltrak boýun aldyrmak üçin gyssaýan ýalydy. Geplemäge güýji ýetmeýän ýaly, Mülkiniň sesi haýal, ysgynsyz eşidildi. Birdenem ýagdaý büs-bütin üýt-gedi. Iki nätanyş biri-birini tanan ýaly, olaryň gürrüňi kem-kemden janlandy, şowhunly äheňe geçdi. Märeke Mülkiniň gülküsini eşidende hasam ýeňil dem aldy, ýerli-ýerden onuň ene-atasyna «gözüňiz aýdyň» diýildi. Köşek hahahaýlap: «Öňi-soňy dilmaç gerek bor, dogtor gyzy bu öýden gitmez ýaly ediläýse nähili bor?» diýdi. Adamlar degişmäge hakyň bar diýen manyda bu sapar onuň sözüne gülüşdiler. Gapynyň açylaryna sabyrsyz garaşyp duran ýaşulularyň biri, traktorçy Hajynyň kakasy bolaýmagam ähtimal, yza tesip: ˝A-how, olar türkmençe gepleşýän ýaly-la˝ diýip gygyrdy. Galmagal tapba ýatdy. Dogrudanam, tatar gyzy çalgyrt dilde, Mülki bolsa türkmençe bilen rusçany garyşdyryp gepleýärdi. Mülkiniň agzyndan türkmen sözlerini eşiden adamlar hakykatdanam öz obadaşlarynyň gaýdyp gelenine indi gowy göz ýetiren ýaly ýaňadandan şowhun turuzdylar. Aýallar hezil edip agladylar, käbiri gözi pökgi ýaly çişýänçä aglady». Romandaky Mülki hakykatda Mülkaman bolmaly. Bu ýerde toslanan zat ýok diýen ýaly. Beýan edilen waka meniň çaga kalbymda surat bolup galypdyr. Şol mahal men alty ýaşly oglan ekenim, bu 1944-nji ýyla gabat gelýär. Iki ýyllykda şäherde ýaşaýan togsan ýaşly obadaşymyz Gurbangeldi aga Daşkende ýörite gidip, gospitalda ýatan Mülkamany alyp gelendigini aýdyp berdi: ˝Hat-petegimizi düzedip, ýol harjymyzy çeken seň kakaň Jumageldi Bakydyr – diýdi. – Kolhozyň başlygydy, hökümetiň ýanynda sözi geçýän abraýly adamdy. Daşkentdäki uly gospitalyň baş wraçy ýe-wreý milletinden, Maryda-da gowy tanşy bardy, şony ýanym bilen alyp gitdim. Hat-petegiň gapdalyndanam ony-muny emledigem. Uruş diýeniň aýaklap barýar, aýagy ýaraly maýy¬by gaýtadan fronta ýollajak bolup ýörenden, golaý gelipdir, öýüne goýbereniň amatlydy. Biz baramyzda işigaýdanyň köriçegesinem kesen ekenler, ýarasy bitişýänçä bäş-üç gün garaşmaly boldy. ˝Bu hakykat meniň göz öňümde galan, hor¬lanyp, salgyma öwrülen, eli hasaly Mülkamanyň şol mahalky keşbi bilen sepleşdi duruberdi. Men Mülkamanyň brigadir bolup adygan, goňşy-golama goşulyşmadyk ýyllarynyň gürrüňini edýärin. Orden-medal alýanyny-da gazetlerden okaýardyk. Rowaç boldugyça bi¬zden daşlaşypdy, syrly gizlinlik artyp barýardy, şonda-da käbir bolşy göz öňümde galypdyr. Bir gezek onuň nahar iýşini synladym, geň galdym. Içerden gowrulan etiň ýakymly ysyny alyp, gara öýüň açyk gözeneginden garadym. Düýbe ýazylan saçagyň başynda Mülkamanyň ýeke özi günortanlyk edinýärdi. Ol maşgala goşulyp iýenok, aýry wagtda, aýratyn bişirilen nahary iýýär diýen gürrüň bardy. Meniň görenim: dokama ýüň saçagyň üstünde kiçijik syrçaly jam, içinde gow¬rulan et, ýene bir jamda gyzyl pomidor, gökje hyýar, ýaşyl sogan. Mülkamanyň kellesi ýalaňaç, egninde ak maýka. Ol etli gapyrgany galdyryp, agyz salmazyndan öň säginip, oňa açgözlük bilen seredýärdi. Seredende boýnuny biraz tow¬lap, ýüzüni gapyrga tarap dogrulaýardy. Bir gözüniň agy köpelende, gapyrganyň niresinden agyz salmakçydygyny bilse bolýardy. Şu pursat hyňranaýsa-da bolman durmaz, ýa¬lyny gabanýan it göz öňüme geläýdi. Ol gapyrgany agzyna ýetirmän, agzyny gapyrga ýetirdi, kakyp alýan ýaly çakgan¬lyk görkezdi. Her gezek agyz salanda, gözleri agyp-dönüp gidýärdi. Men onuň indiki oýnuna garaşdym. Dogramçany ýokary zyňyp, agzy bilen kakyp alar öýtdüm. Onýança gap duldan Ogulnabat gelnejäniň haýbatly sesi çykdy. – Gy-yýt, gaç, aňyrda oýna! – Özüme diýilýändigini bilip, Mülkaman görmänkä gözenekden aýryldym. Mülkamany öýlendirenlerinde olaryň öýi biziň bilen bir hatardady, tamkepbe, gara öý bilen oňňut edýärdiler. ˝Kepbe˝ diýilmän, ˝tamkepbe˝ diýilýärdi, tamyň bäri ýany diýen many berlen bolsa gerek. Onuň süňňi agaçdan dikilse-de, agaçlaryň arasyna kerpiç örülmän, hyşany galyň goýup ýa¬pardylar, daşyna, içine iki öwre suwag urýardylar. Üstüniň basyrylyşam diwarlaryňky ýalydy. Tamkepbe köplenç bir otagly ýa-da otagyň öňi insizje dälizlidi, ˝däliz˝ sözüni aýdýan ýokdy, oňa derek rus dilindäki ˝koridor˝ sözüni ýoýup, ˝gari-dor˝ diýýärdiler. Mülkamanlaryň tamkepbesi ”garidorsyzdy”. Ol bir gezek şol tamkepbede gelnini urdy. Biz daşarda oýnap ýördük. Birden tamkepbäniň açyk gapysy bat bilen gür¬püldäp ýapyldy. Içerden Mülkamanyň gygyryp aýdýan paýyş sözleri eşidildi, soňy gürpüldä-tarpylda ýazdy. Gelin gygyr¬yp-wägirip başlady. Indi Mülkamanyň sögünji eşidilmän, diňe gelniniň çirkin sesi çykýardy: ˝Waý-eý, öldürdi-leý... waý, eje jan-eý, waý, eje jan-eý...˝ Gapdaldaky gara öýden haýdap çykan Ogulnabat gelneje tamkepbä ýönelmedi, bize haýbat atdy: – Owarra boluň! – Daşarky ojagyň ýanynda ýatan kesewini göterdi. Men öýmüze kürsäp girdim. – Eje, Mülkaman gelnini urýa! – diýip gygyrdym. Ejemiň ýanynda Enegarry ene otyrdy. Meniň habarymy eşidip, olar öýden atylyp çykarlar öýtdüm. Göwünleri bir ýaly, kemteres-inden gymyldamadylaram. Ejem: – Ogulnabada-da beträk gelin sataşaýdy çaky – diýdi. Yz¬yny eňegine jaň dakylan ýaly geplemsek Enegarry ene ýetir¬di. Ol biz dünýä inmänkäk ölüp giden Hally baýyň aýalydy. – Bet heleýiň paýy ýumruk bolar, ärinden ýumruk iýer – diýdi. – ˝Heleýi – başdan, oglany – ýaşdan˝ diýilmänmi, äriniň ýumrugyny datmadyk heleýden heleý bolmaz, ýugrumy ýetmedik hamyr diý-de goýaý. Ýumruga öwrenişse-de ýaman bor, heleý ýumruga öwrenişmesin, betinden hudaý saklasyn, heleýiň betinden ýuwdarha-da gaçarmyş. Allaň özi abraý beräýsin, abraý bersin, Alla jan... Meniň habarym bütinleý ünsden düşdi, daşarda-da imis¬alalyk, asyl hiç zat bolmadyk ýaly. Ogulnabat gelneje-de ýa¬bak alyp, malýataga girip barýar. Mülkaman brigadasynda-da ýaltany, iş bitirmeýän geleň¬sizi wagtal-wagtal urýar diýlen gepe ynandym. Segseninji ýyllaryň başynda bolsa gerek, agam ogluny öýerip, toý tutdy. Men Aşgabatdan bardym, ýigrimi bäş ýyl gowrak wagt bäri aşgabatlydym, obanyň soňky ösdürimleri maňa ýatdy. Goňşy-golam, dost-ýar bilen saçagyň başynda otyrkak, aşaklyk bilen Durdugy, Mülkamany synladym. Oglankam gözüme üýtgeşik görnen, syrly, ýeketabak adamlar indi bütinleý başga sypata giripdirler. Ikisi-de köpe goşulyp, degşip-gülşüp otyr. Durduk has ýognapdyr. Başynda uly gara telpek, egninde nah matadan don. Kolhozda hojalyklaryň gaz bilen üpjünçiligine seredýän diýdi. Ýöremesi biraz kynlaşypdyr, dyzlaryndaky agyry heläk edýär ekeni. Onuň tersine, Mülkaman horlanypdyr, demgysma ýolugandygyny haşlap dem alyşyndan biläýmeli. Telim ýyl bäri kolhozyň skladçysydy. Biraz göriplik äheňde gürleýänleriň sözüni diňleseň, ol düşewüntli işden tä ýykylyp galýança el çekjek adam däldi. Ýene üç ogul öýlendirmeli diýýärdiler. Mülkaman maňa ýüzlenip: – Oglanlyk mahalyň ýadyňdan çykýan däldir – diýdi. – Çykar ýalam bolmandy-da. Nan atlydyr, her kim ony pyýa¬da kowalap, gyzyny si..., gün görüldimi. Indi, Hudaýa şükür, gowy, gara bokurdagyň gaýgysyny edýän ýok. Şonda-da näme, hemme edilýän zat maňzyňa batanok-da. Biri beýleki¬sinden gowy jaý saljak, biri beýlekisinden gowy maşyn mün¬jek, ýa-da, gyzyny si..., ähli gazananyny, oruslaň: itiň götüne diýşi ýaly, ˝sobake pod hwost˝ diýilýä dämi, Sary akga? – Ol gözleriniň agyny-garasyny agdaryp, janagyryly güldi. – Galyň diýip, gyzyny si..., itiň götüne urýas goýberýäs. Janymyz ýananda: hany, bu hökümet galyňy ýatyrmazmy diýýäs. Hökümet ýatyrar ýaly, gyzyny si..., hökümet saňa gyz satanog-a, magazynyň harydy däl-ä, özümiz satýas-a!.. – Ol ýene gözlerini agdaryp, güldi. Çary akganyň agtygy ýakymsyz boguk ses bilen: – Mülkaman kaka, sen zeýrenýän bolsaň, onda biz nät¬meli? – diýdi. Bu sowalyň äheňine bada-bat düşündiler. Durduk: – Wah-eý! – diýip, aşaky äňindäki ýykym-ýumrum dişlerini aýasy bilen ýapyp güldi, özem tomaşa isläp, Mülkamanyň berjek jogabyna garaşdy. – Otur-a, kim saňa geple diýýär! Geplemeli bolsa, gyz¬yny si..., senden başga-da adam bar, Sary akga dagam otyr-a! – Mülkamandan garaşan tomaşasyny alan Durduk dolmuş göwresini silkip-silkip gülýärdi. – Dogry-da, walla! – diýip, Mülkamanyň özem gülüp goýberdi, kellesini silkip, boýnuny bir ýana burdy, gözleriniň agy-garasy çaýkandy. Men şu pursat gara öýde, açyk gözenegiň öňünde nahar iýip oturan Mülkamany synlan ýaly boldum. Elbetde, bu göz öňüne getirme diňe meniň çagalyk dünýäme degişlidi. Häzirki oba oglanlarynyň hakydasynda bu iki adam baradaky ýatlama meniňkiden üýtgeşik bolar diýdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |