11:41 Ynsan lebzinden baglanar... | |
YNSAN LEBZINDEN BAGLANAR...
Edebi makalalar
Taryhda ata-babalarymyzyň gaýratlylygy, mertligi, batyrlygy, lebzine wepalylygy hakyndaky aýdylan gürrüňleri, rowaýatlary, olaryň Watany goramakda geljekki nesillere nusgalyk mekdep bolup, biziň günlerimize çenli gelip ýeten gahrymançylyklary baradaky galdyrylan ýazgylarydyr maglumatlary okanyňda, şeýle pederleriň neslidigiňe bolan buýsanç duýgusy kalbyňa dolup, başyňy Göge ýetirýär. Taryhyň dürli döwürlerinde hem ata-babalarymyzyň döreden döwletleri goşunynyň kämilligi, berk düzgün-nyzamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Goşunda düzgün-tertip näçe berk bolsa, esgerleriň söweşjeň taýýarlygy hem şonça ýokary bolupdyr. Bu bolsa şol goşuna şowlulyk getirip, kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edipdir. Şonuň üçinem Watan goragyna alynýan ýigitler saýlanyp-seçilipdir. Şeýle mukaddes işi özüne parz edinen her bir esger ýigit hem borjuny ak ýürek bilen berjaý etjekdigine kasam edip, şirin janyndan kepil geçipdir. Eden mukaddes kasamyňa ikilik etmek dönüklik hasap edilip, dönüklik bolsa hemişe-de hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan gabahatlyk, geçirimlilik edilmeýän namartlyk saýylypdyr. Watan goragyna alynýan türkmen ýigitleri elmydama özleriniň batyrlygy, kasamyna ygrarlylygy bilen tapawutlanyp, serkerdeleriň hormatyna mynasyp bolupdyrlar. Şol sebäpdenem şeýle gaýduwsyz ýigitleri öz goşunyna gulluga almak diňe bir golaý-goltumdaky ýurtlaryň däl, eýsem, alys ülkeleriň patyşalarydyr soltanlarynyň hem elýetmez arzuwy eken. Seljuk soltanlary Alp Arslanyň hem-de Mälik şanyň weziri bolup Beýik Seljuk döwletiniň gülläp ösmegine ägirt uly goşandyny goşan, görnükli döwlet işgäri Nyzamylmülk elmydama oguz ýigitleriniň ähtine wepalylygyna uly hormat goýupdyr. Ol patyşalara türkmen ýigitlerini öz goşunlaryna gulluga almagy maslahat berip: «Olar patyşalara şöhrat getirýär» diýer eken. XVI asyrda Hindistanda ýaşan görnükli türkmen serkerdesi Baýram hanyň goşunynda hem türkmen esgerleri köp bolupdyr. Onuň janpenalary hem türkmenlerden eken. Gaýry ýurtdan baryp Hindistan ýaly uly ýurdy dolandyran Baýram han Türkmeniň duşmanlary hem ýeterlik bolupdyr. Bir gün özüniň az sanly goşuny bilen awa çykan wagty at-owazasy äleme dolan bu batyr serkerdeden dynmagyň kül-külüne düşüp ýören garakçylaryň topary dil düwşüp, oňaýly wagt peýläp, bulary yzarlap, amatly pursatda nökerleri bilen bilelikde ýesir alypdyrlar. Şonda galtamanbaşy olara ýüzlenip: «Baýram han kim bolsa öňe çyksyn!» diýeninde hanyň wepadar nökerleriniň biri Baýram handan öňürti seslenip, özüniň Baýram handygyny aýdypdyr. Wepaly nökeriniň özi üçin başynyň alynmagyna garşy çykan edermen serkerde galtamanbaşa ýüzlenip, bu ýigidiň öz ýakyn dostudygyny, özüniň bolsa hakyky Baýram handygyny aýtsa-da, galtamanlar onuň sözüne ynanmandyrlar. Görşümiz ýaly, şu ýerde-de türkmen esgeri öz eden kasamyna wepaly bolup, batyrlygyň beýik nusgasyny görkezip, serkerdesini halas etmek üçin şirin janyny orta goýupdyr. XX asyryň başlarynda bolup geçen Birinji jahan urşunda hem türkmenlerden düzülen atly polkuň söweşijileriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy taryhyň sahypalarynda öçmejek yz goýupdyr. Olar bu uruşda şol wagtky patyşa goşunynyň generaly L.G.Kornilowyň garamagynda bolupdyrlar. Özleriniň ýelden ýüwrük bedewleri bilen gaýduwsyzlyk görkezip, has uzak ülkelere — Awstriýanyň, Wengriýanyň serhetlerine çenli barypdyrlar. Olaryň bu söweşlerde görkezen gahrymançylyklary bir türkmen ýigidiniň öýüne söweş meýdanyndan ugradan hatynda şeýleräk mazmunda beýan edilýär: «Türkmenler bu ýerde mertlerçe söweşip, özleriniň kimdigini görkezip, şeýle batyrgaý halkyň bardygyny subut etdiler». Bu ýigitleriň batyrlygy, eden kasamyna wepalylygy barada gaýry ýurtlaryň syýahatçylary, serkerdeleri hem öz döwründe mynasyp ýatlamalary ýazyp galdyrypdyrlar. Şol döwürde serhet goragyny amala aşyrýan Zakaspiý brigadasynyň aýratyn korpusynyň serkerdesi bolan A.Lomakin: «Türkmenler öz kabul eden kasamyna hormat goýýan we oňa soňky demine çenli wepaly bolup galýan ýigitlerdir» diýip, jaýdar belläp geçýär. Merkezi Aziýany öwreniji rus taryhçysy D.N.Logofet: «Türkmenler häsiýeti boýunça örän batyrgaý halk bolup, olar islendik ýagdaýda-da öz beren sözünde tapylýarlar. Eger kasam kabul etseler, ony mertlerçe berjaý edýärler. Sebäbi olaryň aňynda kabul eden kasamyňdan dönseň diňe özüň däl, eýsem, şol dabara gatnaşyp, seniň içen kasamyňa şaýat bolanlaryňam Ýaradanyň gazabyna duçar boljakdygy barada ynanç bar» diýip belläpdir. Kasama ygrarlylyk, mertlik baradaky nesihatlardyr wesýetler türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde hem uly orun tutýar. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň: Namart dälem, Hakdan kasam içer men, Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler! ýa-da: Menem şu gün Murtezadan çaglanyp, Kasam kyldym ondan dänmenem, begler! – diýen setirlerinde hem eden kasamyňa soňky demiňe çenli wepaly bolmalydygy barada şahyrana jümleleriň üsti bilen anyk beýan edilýär. Şeýle häsiýetli öwüt-ündewler beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, şonuň ýaly-da, harby-watançylyk temasyna ýugrulan «Görogly», «Kitaby dädem Gorkut» ýaly iri göwrümli şadessanlarymyzdyr halkymyzyň kalbynyň aýnasy bolan halk döredijiliginiň beýleki eserlerinde hem aýratyn orny eýeleýär. Halkymyzyň däp-dessurlaryndan gözbaş alýan «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem «Ygrary bolmadygyň imany bolmaz», «Ynsan lebzinden baglanar, haýwan şahyndan», «Är lebizden, koý bogazdan», «Jan hem agyzdan çykar, lebiz hem» ýaly lebzi halallyk, eden kasamyňa, beren wadaňa ygrarly bolmak ýaly häsiýetleri ündeýän çuň manyly birnäçe nakyllar ýerleşdirilipdir. Şeýle merdana pederleriň nesli bolan bu günki ýaş ýigitlerimiziň her biri Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin ýurdumyza, halkymyza bolan wepalylyk kasamyny dabaraly ýagdaýda kabul edip, dost-doganlygyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mizemezligini, asudalygyny gorap, ak ýürek bilen gulluk edýärler. Olar kasam kabul eden pursatlary her bir ynsan üçin iň ýokary mukaddeslik saýylýan ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, oňa tagzym edip, öňünde baş egýärler. Bu hereketiň aňyrsynda çuň many bardyr. Çünki türkmen diňe mukaddes zatlaryň öňünde baş egýär. Ol baş egip, äht edensoň bolsa, hiç wagt lebzinden dänmeýär. Goý, merdana pederlerimizden miras galan bu dessur geljekde-de dowamat dowam bolsun! Halmuhammet HAJYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |