22:35 Diñe ýagşylyk hakynda | |
DIÑE ÝAGŞYLYK HAKYNDA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ Atamyň gürrüňlerinden Atam pahyr bütin ömrüni malyň yzynda geçiripdi. Ol gürrüňçil adamdy, şahandazdy. Onuň berýän gürrüňleriniň köpüsi Watan, terbiýe, ylym öwrenmek hakyndady. Kä wagt agtyklaryny daşyna üýşürip, gyzykly ertekileri, gürrüňleri aýdyp bererdi. Men ol wagt 4-5 ýaşlyja oglanjykdym. Şol wagtlar biz atamyň berýän gürrüňleriniň düýp-manysyna içgin aň ýetirip bilmeýän bolarly. Indi düşünip otursak, atamyň ähli gürrüňleri durşy bilen hazyna ekeni. Şol gyzykly gürrüňler häli-häzirem ýadymda. Ol gürrüňler halkymyzy, Watanymyzy söýmek, ula-kiçä hormat goýmak, ylymly-bilimli bolmak ýaly çuňňur manylara ýugrulan gymmatly nesihatlardyr. ■ Gymmatly hazyna Ir döwürlerde bir ýurduň parasatly patyşasy bolupdyr. Ol altyn-kümüşe, baýlyga imrinmändir. Ýurdunyň gaznasyna girmeli hazynalardan galan girdejini il-gününe paýlap berer eken. Ylym-bilimli adamlara bolsa çäksiz hormat goýupdyr, olara halat-serpaý ýapypdyr. Gaýry ýurtlardan onuň ýurduna köp dana kişiler, alymlar göçüp gelipdirler. Onuň köşgünde akyldarlaryň ýazan gyzykly kitaplary örän köp eken. Olaryň köpüsi oňa kakasyndan miras galypdyr. Köpüsini bolsa özi toplapdyr. Ol bir gün şäherden uly kitaphana gurdurmak kararyna gelipdir. Köşkdäki bar bolan ähli kitaplaryny bolsa ilat okar ýaly täze gurduran kitaphanasyna tabşyrypdyr. Halkyna-da öýlerinde kitap bar bolsa hemmeler okap biler ýaly kitaphana tabşyrmagy aýdypdyr. Onuň bu parasatly işi halk tarapyndan goldanypdyr. Adamlar kitaplary hezil edip okapdyrlar we bu işi üçin öz patyşasyna köp alkyşlary aýdypdyrlar. Ilat öz boş wagtynyň köp bölegini şol kitaphanada geçirip başlapdyr. Şondan soň onuň ýurdunda bidüzgünçilikler asla bolmandyr. Raýatlaryň ählisi diýen ýaly ylym-bilim bilen meşgullanyp, täze açyşlary edipdirler, öz ýurduny gülledipdirler. Bir gün gaýry ýurduň patyşasy onuň ýurduna gizlinlikde duýdansyz goşun sürüpdir. Ol ýurda çozuş etmezden öň öz jansyzlaryny iberip, adamlaryň näme bilen meşgullanýandygyny, ýurduň ýagdaýyny anyklamagy tabşyrypdyr. Onuň jansyzy yzyna dolanyp geleninde bu ýurduň şäheriniň içinde uly kitaphananyň bardygyny, adamlaryň wagtynyň köp bölegini şol ýerde geçirýändigini, ýurduň goranyş desgalarynyň, patyşa goşunynyň ýaraglarynyňam adatylardan üýtgeşikdigini, güýçlüdigini aýdypdyr. Jansyzyň gürrüňlerini üns berip diňlän patyşa: «Beýle ylymly halkyň üstüne çozsak, ýeňlip, masgara bolarys» diýip, pikirinden dänip, yzyna dolanypdyr. Halmuhammet HAJYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |