19:11 Serhet goragçylarynyñ edermenligi | |
SERHET GORAGÇYLARYNYÑ EDERMENLIGI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir döwürlerde gadymy oguz ilinde bir parasatly patyşa ýaşap geçipdir. Ol öz raýatlaryna elmydama agzybir ýaşamagy ündäp, «Agzybirlik ähli üstünligiň gözbaşydyr» diýen pelsepäni öz ýurdunda şygar edinipdir. Onuň wesýetini berjaý edýän halky bolçulykda, asuda durmuşda ýaşapdyr. Ýylyň-ýylyna halal zähmet bilen bol hasyl ýetişdirip, gün-güzeranyny gowy dolandyran agzybir halkyň öz ýaşaýşyndan göwni hoş eken. Bu ýurduň asudalygyna, ösüşine, halkynyň agzybirligine, bolelin durmuşyna daşyndan görebilmezçilik edýänlerem tapylypdyr. Parahat ýurduň genji-hazynasyna göz dikip ýören gaýry ýurtlaryň biriniň patyşasy bir gün olaryň üstüne duýdansyz goşun sürüpdir. Islendik döwürde-de ýurda ýagy çozanda, oňa ilkinji gaýtawul berýän araçägiň goragynda durýan esgerler bolupdyr. Bu ýurduňam halkyna wepaly, gaýduwsyz esgerleri öz ýurdunyň serhet çäklerinde sak durup, onuň asudalygyny hüşgärlik bilen goraýar ekenler. Çozup gelýän san-sajaksyz duşman goşunlaryny gören serhet goraýjylar aljyraňňylyga düşmän, dessine herekede girişýärler we gala gyssagly çapar ýollaýarlar. Serhedi goraýan merdana ýigitler galadan uly goşun kömege gelip ýetýänçä ýagyny ýurda goýbermän saklamak üçin duşmana aýgytly gaýtawul berip başlaýarlar. San taýdan köp esse agdyklygyna, söweş ýaraglarydyr esbaplary bilen birkemsiz ýaraglanandygyna buýsanýan gaýry ýurduň patyşasy bu esgerleri äsgermezlik edip, golaýdaky bir beýik depäniň üstüne çykýar-da, ýanyna sazandalaryny çagyryp, olara dowul sazyny çalmagy buýurýar. Goşunbaşysyna bolsa hyzmatkärleri şu ýerde öz dynç aljak çadyryny gurýança garşydaş esgerleri doly boýun egdirip, diri galanlaryny ýesir almagy buýurýar. Emma gursagy öz Watanyna, mukaddes topragyna bolan söýgüden doly oguz ýigitleri ýan bererli däl eken. Bir däl-de birnäçe çadyr gurulandan soňam gaşyna ýekeje-de ýesir getirilmedik patyşanyň keýpi gaçypdyr. Ol dergazap bolup, goşunbaşysyny çagyryp, haýbat bilen öz beren buýrugynyň ýerine ýetirilmändiginiň sebäbini sorapdyr. Onda goşunbaşysy: – Tagsyr, men ençeme söweşleri gördüm. Ýöne bular ýaly garadan-gaýtmaz, gaýduwsyz esgerleri görmedim. Olaryň gözünde hiç hili gorky-ürki ýok. Her biri biziň dört-bäş söweşijimize döz gelýär. Özlerem biri-birini penalap söweşýärler weli, olary ýesir almak asla mümkin däl. Bularyň kiçi goşuny şeýle ýowuz gaýtawul berip bilýärkä, esasy goşunlary nähilikä, tagsyr?! – diýip ikirjiňlenipdir. Goşunbaşynyň «Ýörişi bes edip, yza çekiläýsek näder?» diýen teklibini gep urşundan aňyp duran patyşanyň bu ahwala gahary gelip, sesine bat berip, ätiýaçda goýan leşgerlerini hem öňe sürmegi buýrupdyr. Watanyna bolan söýgüsi damarynda gan bolup aýlanýan edermen esgerler soňky demine çenli söweşip şehit bolupdyrlar. Emma olar galadan esasy goşun gelýänçä san taýdan juda azdygyna garamazdan, ýagyny ýurduň serhedinden bir ädimem goýbermän saklamagy başarypdyrlar. Öz ähdine ygrarly, topragynyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup söweşip, mertlerçe şehit bolan gaýduwsyz esgerleriň görkezen mertligi, gahrymançylygy duşman goşunynyň serkerdeleridir esgerleriniň öňdäki boljak söweşde gazanyljak ýeňşe bolan ynamyny azaldypdyr. Ýagynyň gelýändigi barada wagtynda habarly edilen galadaky uly goşun bolsa dessine şaýlanyp, söweş meýdanyna sary at goýupdyr. Bu uly söweşde ýurt goragyny özüne iň beýik mukaddeslik saýýan parasatly patyşanyň agzybir esgerleri ýeňiş gazanypdyrlar. Sebäbi olar üçin eziz Watany, pederleriň ruhy hem gany siňen mukaddes topragy gözüniň göreji deýin goramak parzdy. Şonda ýurduň patyşasy deň bolmadyk çaknyşykda edermenlik görkezip, Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekleri hatyralap, şol ýerde uly gala gurduryp, araçäge gözegçilik edýän goşunlaryny şol gala ýerleşdiripdir. Soň-soňlar şeýle galalaryň sany köpelip, onuň ýurdunyň araçäginiň goragy has-da berkäp, serhetleri öňküsindenem giňäpdir, asuda bolupdyr. Halk bolsa şol galalary «serhet galalary» diýip atlandyrypdyr. Halmuhammet HAJYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |