22:32 Yşk heseri / hekaýa | |
YŞK HESERI
Hekaýalar
Fizuly iki älemde muhabbet aşnasy bol, Muhabbetsiz köňüler gyşdyr, hergiz ýaz olmaz. M.Fizuly. Bir tarapy aýnabent eýwanda oýa çümüp oturan Aýnuryň ejesiniň bu gün ünsüni has artdypdy. Soňky wagtda gyzynyň işinden hemişekisinden gijigip gelýänini aňyp ýörenem bolsa sebäbini soranokdy. «Belki onuň bilen ýene-de duşuşyp, synlap ýörendir» diýip çak edýärdi. «Razylygyňy bereninden soň indikiň näme diýsene» diýen pikir bilen ýerinden turup, gyzynyň ýoluna seretmek üçin gapa ýöneleninde Aýnuryň özi gelip girdi. Onuň ýaňaklary säher şapagy ýaly elwan öwsüp, gözleri birenaýy uçganaklap durdy. Gyzynyň ýüzüne nazary düşen ejesiniň ýüregi onuň duýgular dünýäsinde bir üýtgeşikligiň bardygyny şol bada syzdy. Ol bagtyýarlyk duýgusyna dolanan adamlaryňky ýaly nurlanyp duran gyzynyň görmegeý keşbine seredip durşuna: -Geldiňmi, gyzym-diýdi. -Geldim, eje-diýip, ejesini gujaklap göterdi-de, pyrlanyp bir aýlandy. -Eý waý, gyz, edýäniň näme, dälirediňmi? Aýnur ejesini gujagyndan goýbermän agzyny onuň gulagyna ýetirip, syrly äheňde pyşyrdady: -Däliredim, eje, däliredim. Men söýýän, meniňem kalbymda bu ajaýyp duýgy oýandy-diýdi. Ejesi Aýnuryň gujagyndan boşanyp ýüzüne ýylgyryp garady: -Aýtdym-a saňa, gyzym. Ol söýmezçe ýigit däl. Durmuş guranyňyzdan soň söýgiňiz hasam... -Eje! Düşünmediň. Seniň onyňy söýüp bolýamy... -Näme, näme?!.. *** Aýnur ýokary lukmançylyk mekdebini tamamlap, işe başlanyna bir ýyl geçip geçmänkä ejesiniň uzagrak garyndaşlaryndan sawçylar gelip başlady. Aýnur «Men söýmedik adamyňa durmuşa çykjak däl» diýip garşylyk görkezse-de ejesi guda boljak tarap garyndaşy bolany üçinmi gyzynyň razylygyny almaga çalyşýardy: -Ýokary bilimli, bir uly kärhananyň hasapçysy. Şonuň ýaly ýigide barman, kime barjak? Surnaýça barjakmy?!-diýip gaharlanýardy. Gahar bilen iş bitmejegine gözi ýetende hoşamaý äheňe geçerdi. -Gyzym Aýnur jan gyz oglanyň wagtynda durmuş gurup, öýli-işikli bolany ýagşy. Wagtyň geçiberse uly gyz bolup, oturyp galýaň. Men seniň bagtly bolmagyňy isleýän. -Söýmedik adamyň bilen bagtly bolup bolýarmy, eje?! -Söýgi diýeniň durmuş guranyňdan soňam döräberýä. Olam söýmezçe ýigit däl. Görk-görmegi-de hiç kimden kem däl. Goýun ýaly ýuwaş, gepi-sözi ýerinde. -Goýun ýaly diýsene-diýip, Aýnur ajy ýylgyrdy. -Ýadymda ýaşlygymda olara gezelenje baranymyzda köçede oglanlardan taýak iýip gelip, sümügini çekip aglap oturýardy. -O döwürden oba göçdi. Häzir ony görseň, tanamarsyňam. Onsoňam, jigileriň ulalsa olarda-da gyzlar bar, iki taraplaýyn guda bolarys. Kakaňam şony makul görüp otyr. -Kakam makul görýän bolsa maňa näme hiç zat aýdanok? -Kakaň işi bilen başagaý. Ol maňa gyzyň bilen özüň gepleş. Men ony mejbur etjek däl, diýdi. -Onda sen meni mejbur etjek bolýaňmy? -Ýok, gyzym, menem mejbur etjek däl. Gyzyň razylygyny alman basyp, ýenjip berilýän döwürler geçdi. Özüň gör, duşuş, gürleş. Onsoň razylygyňy berseňem bolýa, gyzym. *** Aýnur belleşilen ýere-seýil bagynyň öňüne baranynda ol garaşyp duran ekeni. Ol orta boýly, bugdaýreňk, saçlary bir gapdala daralan ýigitdi. -Salam. -Salam. Şundan soň olar ümsüm bagyň içine tarap ýörediler. Bir oturgyjyň deňine baranlarynda ol: -Şu ýerde oturaýaly-diýip, garyljak ses bilen dillendi. Ilki Aýnur oturdy. Ol oňa ýakyn, egin egne deger degmez edip oturdy. Aýnur biraz süýşüp arany açdy. Gyz özüniň bu hereketiniň oňa nähili täsir edenini bilmekçi bolup, ýüzüne seredeninde hiç hili üýtgeşiklik görmedi. -Seniň maňa aýtjak-goýjak gepiň barmy?-diýip, Aýnur ondan ses-selem çykmansoň ilki bolup söz gatdy. -Aý, ýok, näme gepim bolsun. -Onda näme diýip geldiň? -Ejem dagy Aýnur seniň bilen gürleşjek bolýa diýdiler... Geldim şonuň üçin ... Aýnur kinaýaly ýylgyrdy. -Seniň özüň halaşýan gyzyň ýokmudy? -Ýok. -Şu ýigrim bäş ýaşyňa çenli hiç bir gyz bilen duşuşyp, synaşyp, söýüşip görmediňmi? -Meniň onuň ýaly suwjuk gylygym ýok. Aýnur ýene kinaýaly ýylgyranyny duýman galdy. -Suwjuklyk başga hili bolýa. Meniň aýdanym suwjuklyk bolmaýa. -Eýse näme bolýa? -Oňa sen düşünmeseň gerek. Bolýa, bu gepi goýaly. Indi sen maňa dogryňy aýt. Meni halaýaňmy? -Hawa... -Sen öň meniň bilen duşuşyp ýörmedik bolsaň, gylyk, häsiýetimi bilmeseň, nädip meni halaýaň? -Ejem seni gowy gyz diýdi. Gowy gyzy kim halamaýa... Aýnur gürrüňi mundan artyk dowam etdirmegiň zerurlygy ýokdugyny duýdy-da: -Bolýar onda, gaýdaýaly-diýip, ýerinden turdy. Ol gyzy ugradaýyn hem diýmedi. Şol ýerde-de aýrylyşdylar. Her kim öz ýoluna gitdi. *** -Goýun ýaly diýeniň çyn ekeni, eje-diýip, duşuşykdan gelen Aýnur ejesine garap ajy ýylgyrdy. -Näme?! Goýun ýaly ýuwaş bolsa ýamanmy? Saňa ýolbars ýaly üstüňe topulyp durany gerekmi?! Aýalynyň sesine işden gelip eşiklerini çalşyryp duran Aýnuryň kakasy içerki otagdan çykdy. Ol: -Näme gep, sesiň gaharly çykýala, ejesi-diýdi. -Al, gyzyň bilen özüňem gepleş. Onymyz goýun ýalymyşyn. Muňa ýolbars ýalysy gerek bolmaga çemeli! -Eje! -Bolýa, bar, işiň bilen bol. Özüm gepleşerin. Ejesi çykyp gitdi. -Gel otur, gyzym, ikimizem bir gürleşeli-diýip, diwana geçip oturan kakasy Aýnura ýanyndan ýer görkezdi. -Maňa ýüregiňdäkini aýdaý, gyzym. Başga halaşýanyň barmy? -Ýok, kaka, halaşýanym ýok. Ýöne men ony-da halamok. -Düşünýän. Söýüp, söýülip durmuş gursaň oňa ýetesi zat barmy. Ýöne onuň ýaly bagt hemme adama nesip edenok. Nätjek. Ýaşyň geçip barýa, wagtynda durmuş gurman oturyp galsaň, gowy däl gyzym. Menem ony soraşdyryp gördüm. Gowy hünärmen, işine jür, guş agzyndan çöp almaýan, hiç kime azarsyz, ýuwaş ýigit diýýärler. Meniň işimde seniň ýaşyňdaky bir gelin işleýär. Ol biçäre hepdede bir ýa iki gezek ärinden taýak iýip, gözüniň üstüni gögerdip gelýär. Şonuň ýalydan hudaý saklasyn... Kakasynyň nesihatlary täsir etdimi, nämemi, Aýnur başga geplemedi. Dymmaklyk razylygyň alamaty diýip, gudalara rugsat berildi. Indi toý sähedini belläýmek galypdy, emma şol arada gudalaryň 90 ýaşly garry mamasy aradan çykyp, toý merhumyň kyrky geçýänçä togtadyldy. Munuň Aýnur üçin parhy ýokdy. Ol özünden ötenini özi bilýärdi. Käte aýnanyň öňüne baryp, içki dünýäsiniň ýalkymy lowurdap duran gara gözlerine, gözelligine, bir kemsiz jemalyna seredip: «Alla, maňa şeýle görk-görmek beripdir. Şuňa laýyk bagt hem bermezmi» diýip hamsygýardy. Ykbal işidir-dä, şol arada oslanmadyk ýerden ýüze çykan bir tötänlik takdyryna tabyn bolup ýören Aýnuryň duýgular dünýäsine başgaça bir öwşün alyp girdi. Dynç günüdi. Aýnur iki boýdaşy bilen toýunda gerek boljak zatlary almak üçin dükanlara aýlanmaga çykypdy. Olar uly köçäniň ýan ýodasyndan özara gürleşip barýardylar. Olaryň garşysyndanam iki ýigit ellerini galgadyp bir zatlar barada jedelleşip gelýärdi. Gyzlaryň deňinden geçiberäýenlerinde ýol darlyk etdimi nämemi, olaryň biriniň egni Aýnuryň egnine gabat gelip kakyp goýberdi. Aýnuryň elindäki gapjygy zyňylyp gidip, ol ýigidiň aýagynyň aşagyna gaçdy. -Haý, ýerçeken! Gözüň ýokmy?! -Aýnuryň gazaply nazaryna gözi kaklyşan ol ýigidiň ýüzi biraz gyzardy.. Ol aşak egilip, gapjygy aldy-da Aýnura uzatdy. -Bagyşlaň, men bilip etmedim. Tötänden bolaýdy öýdýän... Onuň mylaýym garaýşy, gepiniň ýakymly äheňi Aýnury birneme gahardan düşürdi. Ol gödeklik edenini bilse-de ýigidiň elinden gapjygyny kakyp aldy-da, tiz-tiz ýöräp gitdi. Emma bäş-alty ädimden soň yzyna gaňrylyp seredenini özi-de duýman galdy. Görse ol ýigit hem onuň yzyndan seredip durdy. Bu ýagdaýy gören Aýnuryň ýoldaşlary kikirdäp gülüşdiler. Ýöne tä öýlerine barýança Aýnuryň göz öňüne şar gara saçlary arka daralan, ak ýüzli, mawy gözlerinde gujur, joşgunlyk uçganaklap duran syratly ýigit geldi durdy. Durmuşda tötänden bolýan zat azmy. Olaryň köpüsi basym ýatdan çykyp gidýär. Aýnur hem bu wakany üç gün geçip geçmän unudypdy. Emma ykbal olary ýene-de duşurmagyň ugruna çykan ekenmi ýa-da ýigidiň erjelligindenmi olar indi ikiçäk duşuşdylar. Aýnur şol gün hem hemişekisi ýaly irden işine geleninde ondanam ir gelen bölüm müdiri geçen gije awtoulag çaknyşygyna uçran bir adamy getirendiklerini, ony bir adamlyk tölegli palata ýatyrandyklaryny aýtdy we oňa seretmegi tabşyrdy. Eşiklerini çalşyryp lukman sypatyna giren Aýnur bölüm müdiriniň aýdan palatasyna bardy. Bir aýagy gipslenip, ýokary asylyp goýlan ýigit ony görenden salam berip birhili ýylgyrdy. Aýnur bu näme ýylgyrýarka diýip, oňa ünsli seredeninde ýüzi tanyş göründi. -Siz «ýerçeken»-diýip garganyňyzdan soň meni tas ýer çekipdi. Ýagşysy ony çyn ýüregiňizden aýtman ekeniňiz. Ýogsam men bu wagt bu ýerde däl, ýeriň aşagynda bolardym-diýip, ol ýene-de ýylgyrdy. Bu sözlerden soň Aýnur ony tanady. -Meniň garganym üçin däl-de, özüňiziň seresapsyzlygyňyz zerarly bolandyr bu ýagdaý. -Hawa-da seresapsyzlyk edipdirin, boljak işdir-dä. -Aýagyňyz häzir agyranokmy? -Begenjime agyry ýadymdan çykyp gitdi. -Nämä begenýäňiz, aýagyňyzyň döwüleninemi? -Size şu ýerde duşanyma... Aýnuryň gaşy çytyldy. Oňa gatyrak bir söz aýtmakçydy, emma ýigidiň mähirden doly mylaýym garaýşyna gözi düşende dilini dişledi. -Agyry biynjalyk etse aýdarsyňyz, agyryny galdyrýan sanjym ederis-diýip, çykyp gitdi. Iş otagyna baryp, onuň «kesellik taryhyny» gözden geçirdi. 30 ýaşynda, gurluşykçy, inžener, ady Batyr... Aýnur oýa çümdi. «Bu nähili adam, näme maňa beýle sözler aýdýa, beýle seredýä? Otuz ýaşynda bolsa öýli-işikli, maşgalaly adam bolmaly. Ýöne gelin-gyzlara keýpine lak atýanlaryň garaýyşlary bir hili bihaýa bolýa. Onuňky eýle däl. Aýnur onuň ilki köçede kaklyşanlarynda-da aýdan sözleri bilen mylaýym, mähirli garaýşyny ýatlady. Ýöne ol ýene şeýle sözler aýtsa mertebesini saklamak üçin gaýtawul bermegi ýüregine düwüp goýdy. Aýnur süňk döwüginiň tiziräk bitmegine kömek edýän, nerw asudalygyny saklaýan dermanlardan sanjymlary onuň «kesellik taryhyna» ýazyp, şepagat uýasyna olaryň edilmeli wagtyny belläp berdi. Şundan soň ol beýleki näsaglara seretmek üçin palatalara aýlanmaga gitdi. Öýläne golaý Aýnur onuň ýagdaýyny bilmek üçin otagyna barýarka ýüreginiň urşunyň birneme çaltlanandygyny syzdy. «Toba, bu näme beýle? Men nä ondan gorkýanmy ýa-da utanýanmy?» diýip, içini gepledip palatanyň gapysynyň öňünde birsalym aýak çekdi. Özüni dürsäp otaga gireninde näsagyň ýüzi ýagtylyp gözlerinde üýtgeşik bir şöhle peýda boldy. -Ýagdaýyňyz nähili, gowumy? Ol Aýnuryň sowalyna derrew jogap bermedi. Bir dem oňa seredip durdy-da soňra: -Gowy däldi, häzir gowy boldy-diýdi. -Näme üçin gowy däldi? -Haçan sizi gelerkä diýip, gapa seredip ýatmak meň üçin .... Aýnur onuň sözüni böldi: -Sanjym aldyňyzmy? -Aldym, ýöne ... -Näme ýöne? -Sanjymy özüňiz edäýseňiz gowy bolardy. -Ol meniň wezipäme girmeýär. -Men ony bilýän. -Bilýän bolsaňyz näme üçin aýdýaňyz. Ol uludan bir demini aldy. Aýnura şol mähirli, mylaýym garaýşy bilen bakyp: -Gadymda meniňki ýaly bir derde uçran şahyr: «Eger sen bolsaň tebibim meniň, Maňa saglykdan hassalyk ýagşy» diýipdir diýdi. Aýnuryň dodaklary gaharly gysylan ýaly boldy. Emma gözleri gaharynyň çyn ýürekden däldigi üçin başgaça seredýärdi. Şonda-da ol öň gaýtawul bermegi ýüregine düwüp goýany üçinmi, nämemi gatyrak sözledi. -Näme diýsene, Batyr. Onuň adynyň dilinden sypanyny özi-de duýman galdy. Ýigit bolsa adyny onuň agzyndan eşidip, ýüzi has açylyp, gözleri lowurdap ýandy. Ýene bir şunuň ýaly söz aýtsaňyz, göwnüňize degäýmegim mümkin. Öýli-işikli, maşgalaly adam gören gelin-gyzyna lak atyp otursa bolmazmy? -Öýli-işikli diýeniňiz dogry. Öýüň bolsa onuň işigi-de bolaýmaly. Ýogsa nireden, nädip girip çykjak. Ýöne meni maşgalaly diýip kim aýtdy size? -Hiç kim aýdanok. Otuz ýaşa çenli maşgala gurmadyk bolsaňyz günä özüňizde. Onsoňam bir gep: Siz näsag, men lukman. Ikimiziň aramyzda siziň şikeslenen aýagyňyzy bejermek baradaky gürrüňden başga gep bolmaly däl bu ýerde. Düşnüklimi?! Ol Aýnuryň bu aýdan sözlerini gözleriniň tassyklamaýanyny aňdy. Şonuň üçinem çalarak ýylgyryp: -Düşnükli, lukman-diýdi. Aýnur: -Düşünen bolsaňyz gaty gowy-diýdi-de oňa birhili kinaýaly nazar bilen garap, otagdan çykdy. Şol gün Aýnur öýlerine hemişekisinden üýtgeşik bir ýagdaýda geldi. Ol bir hili biynjalykdy. Özüniň ruhy dünýäsine nämedir bir zadyň aralaşanyny duýýardy. Otagyna girip, eşiklerini çalşyrýarka-da, aşhana geçip, ejesine çaý, nahar taýýarlamaga kömekleşýärkä-de ol hyýalyndan çykanokdy. Ene ýüregi duýgur bolýar. Gyzynyň şu gün hemişekisi ýaly däldigini aňan ejesi: -Aýnur, gyzym, şu gün saňa bir zat bolupdyr, näme boldy, maňa aýtjak dälmi-diýdi. -Ýok, bolan zat ýok, eje. Şu gün işim köp boldy, ýadapdyryn. Aýnur nahar iýilip, saçak ýygnanandan soň bir salym telewizora seredip oturdy-da «ýadapdyryn» diýen bahanasy bilen hemişekisinden has ir özüniň ýatýan otagyna girdi. Ol özi bilen özi ikiçäk galyp, şu günki bolan wakany we özüniň ýagdaýy barada oýlanyp görmekçidi. Ol özüniň birine adaglanandygy, ýakynda toýunyň boljakdygy üçin täze dörän duýgularyna erk berip biljek däldi. Emma ol düşege uzalyp gözlerini ýumandan Batyr bilen aralarynda bolan gürrüň, onuň mylaýym, mähirli garaýşy hyýalynda gaýtadan janlandy. Ol pikirini başga ýana sowmakçy bolup synanyşdy, bolmady. Gaýtam onuň aýdan goşgusynyň: Eger sen boslaň tebibim meniň, Maňa saglykdan hassalyk ýagşy-diýen iki setiri gulagynyň düýbünde ýaňlanan ýaly boldy. Ol bu setirleriň ýadynda galanyna haýran galyp, ony içinden ýene bir gezek gaýtalady. Birdenem özüniň öz erkli däldigi ýadyna düşüp, «nätmeli?» diýen soraga jogap gözläp başlady. «Menem duýgularyma erk edip bilmesem munuň soňy nähili bolar?... Ýok, şonuň üçin ertiriň özünde zähmet rugsadyma çykmaly. Bir aýlyk rugsadym gutarýança olam gutulyp hassahanadan çykyp gider» diýen pikir bilen biraz köşeşen ýaly boldy. Emma gije uzak, daňam ýakyn däldi... Aýnur hassahana adatdakysyndan irräk geldi. Ol işlemek üçin däl-de, gijeki gelen kararyna görä zähmet rugsadyna çykmakçy bolup gelipdi. Ol bölümiň gapysyndan gireninde öňünden çykan, gije nobatçylyk eden şepagat uýasynyň öwzaýyny görüp, bir üýtgeşik waka bolanyny aňşyrdy. -Näme boldy, parahatçylykmy?-diýip, sorady. -Ol... ýeke adamlyk palatadaky adam ýok, gidipdir. -O nähili gidip bilýä? Aýagy gipslenip, asylyp goýlan dälmidi näme? Şol wagt bölümiň müdiri hem geldi. Oňa bu wakany aýdanlarynda ol kinaýaly ýylgyrdy-da: -Kinolardaky ýaly ony ogurlap giden bolaýmasynlar-diýip, özüniň iş otagyna girip gitdi. Aýnur bölüm müdiriň bu waka biparhlygyna geň galyp, ýeke adamlyk palata bardy. Hakykatdanam onuň ýeri boşdy. Şonda ony iki hili duýgy gurşap aldy. Birinjisi: bir gymmat bahaly zadyny ýitiren ýaly boldy. Bu ýürekde dörän duýgydy. Ikinjisi: gerdeninden agyr ýük aýrylyp, ýeňlän ýaly boldy. Bu aňyndan gaýdan duýgudy. Indi oňa zähmet rugsadyna çykmak hem gerek bolmady. Ol adatdaky iş gününe başlady. Emma ol hakda näçe oýlanmaýyn diýse-de hyýalyndan gitmedi: «Nädip gitdikä? Özi ýöräp gidip bilmez, dostlaryna haýyş eden bolsa göterip alyp gitdilermikä? Nobatçylar niçik görmän galdylarka? Bolsa-da, näme üçin gitdikä? Belki, meniň soňky aýdan sözlerim gaty täsir edendir». Ol içinde dörän şeýle sowallar we dürli oýlar bilen gümra bolup, iş gününiň ahyryna ýetenini hem duýmady. Aýnur hassahanadan çykyp, uly ýoluň gapdalyndaky ýan ýodadan awtobus duralgasyna tarap barýarka bir ak reňkli ulag onuň deňinden on ädim çemesi geçip saklandy-da onuň içinden sag goltugy pişekli, elinde bir desse gül bilen bir adam çykdy. Oňa nazary düşen Aýnuryň ýüregi gobsunyp gitdi. Ol tolgunmasynyň güýji bilen ädimini çaltlandyrdy. -Bir biçäre maýybyň habaryny alman göni geçiberjekmisiňiz, lukman. Aýnur hassahanadan çykyp, uly ýoluň gapdalyndaky ýanýodadan awtobus duralgasyna tarap barýarka bir ak «Taýota» onuň deňinden on ädim çemesi geçip, sakga togtady. Onuň içinden sag goltugy pişekli, elinde bir desse gül bilen bir adam çykdy. Oňa nazary kaklyşan Aýnuryň ýüregine bükgüldi gitdi. Ol tolgunmasynyň güýji bilen ädimini çaltlandyrdy. -Bir biçäre maýybyň habaryny alman göni geçiberjekmisiziň, doktor? Aýnur biygtyýar saklandy. Ol tolgunmasyny biraz basyp, oňa kinaýaly seretdi-de: -Bu ýer maýyplaryň habary alynýan ýer däl. Hassahanadan näme gaçyp gitdiňiz? -Gaçmadym, gaýtam ýuwaş ýöräp gitdim. Gidenimiň sebäbi bolsa siz maňa «ikimiziň aramyzda aýagyňyzy bejermek baradaky gürrüňden başga gürrüň bolmaly däl bu ýerde» diýdiňiz. Menem bu ýerde bolmaýan bolsa başga ýerde bolar onda-diýip, hassahanaňyzdan çykyp gaýtdym... -Nädogry edipsiňiz, gaýdyp baryň, ýogsa aýagyňyz maýyp bolup galar-diýdi-de Aýnur tiz-tiz ýöräp gitdi. -Duruň, Aýnur! Men size gül ...-diýip, Batyr dowamyny aýdyp ýetişmän yzyndan delminip galyberdi. Aýnur ertir şu wagta çenli dürli oýlaryň, dürli hyýallaryň girdabynda ýüzüp, haýsy kenara çykjagyny bilmän ýaýdandy. Ol edil düýnki wagtda oňa ýene duşdy. Işinden çykyp duralga barýan Aýnuryň deňinden dazlap geçen düýnki ak maşyn gyra çykyp saklandy-da içinden pişeksiz, taýaksyz, sap-sag Batyr çykdy. Ony gören Aýnuryň haýran galmakdan gözleri tegelenip gitdi. Salam berip öňünden çykan ýigide Aýnur boýdan-başa garap, gaharly äheň bilen: -Aý, sen simulýant, ýalançy, hilegär-diýdi. Ýöne onuň gözleri gaharynyň ýasamadygyny bildirip durdy. -Hawa, simulýant, ýalançy, däli. Näme diýseňiz şol men. Ýöne meniň hakyky ýagdaýymy bilseňizdi, başga at dakardyňyz maňa. -Näme at dakardym? -Ony maşynda aýdýan, maşyna münüň ... haýyş edýän, Aýnur!... Ýüregiň jümmüşinden syzyp çykan soňky üç söz Aýnuryň erkini gowşadyp, ygtyýaryny elinden alan ýaly boldy. Maşynyň yzky gapysyny açyp, delminip duran ýigidiň gözlerine nazary düşen Aýnur biygtyýar maşyna mündi. Gapy ýapyldy. Batyr öz ýerine geçdi. Emma maşyn ýerinden gozganmady. -Düýnki güllerimi berip bilmedim. Solup galdy. Bu gün size täze güller aldym-diýip, Batyr ýanyndaky otyrgyçda goýan güllerini alyp, Aýnura uzatdy. Aýnur geplemän gülleri alyp, burnuna tutdy. Soňra: -Sürüň, bu ýerde durmaly-diýdi. Maşyny sürüp barýan Batyryň gözleri ýolda bolsa-da hyýaly Aýnurdady. Ol tiz-tiz yzy görkezýän aýnadan Aýnura garap-garap goýýardy. Onuň özüne seredip gelýänini duýan Aýnur: -Ýoluňyza gowuja serediň, ýene-de aýagyňyz çyndanam döwläýmesin-diýdi. -Nädeýin ... didaryňyzdan doýup bilemok... Onuň sözlerine ynanmaz ýaly däldi. Aýnur bu sözleriň çyn ýürekden çykandygyny duýup, öz ýüregine-de diň saldy. «Ol meni hakykatdan hem söýýär. Ýogsa meniň üçin aýagyny döwen kişi bolup, hassahana düşermidi, beýdip yzymda ser-sepil bolup ýörermidi. Bu hakyky söýgi. Ýa Alla, bu duýgy indi meniň ýüregimde-de oýandy öýdýän. Men indi nädeýin? Ýüregimdäki söýgimi ýüze çykaryp, onuň söýgüsine söýgi bilen jogap berip bilerinmi ýa-da ol ýüregimiň töründe gömülip galarmy?...» Maşynyň saklanmagy Aýnury oýlaryndan açdy. Ol aýnadan daşary seretse çolarak bir köçede, ýoluň gyrasyndaky goýy kölegeli agaçlaryň aşgynda durdular. -Näme sakladyňyz? Men öýe barmaly? -Öýüňize elterin, ilki meni bir diňläň, size aýtmaly gürrüňim bar-diýip, Aýnura tarap öwrülip oturdy. -Aýtmasaňyzam bilýän, näme aýtjagyňyzy. Ýöne maňa bir zady aýdyň., meniň nirede işleýänimi size kim aýtdy. -Şol gün köçede kaklyşanymyzda ýanyňyzdaky gyzlaryň birini tanaýadym. Şondan sorap bildim. Bilseňiz, şol kakylyşanymyzda nähili ahwalatyň bolanyny. Şonda siz maňa gaharly garap käýindiňiz. Emma men käýnjiňize-de, garaýşyňyzda-da çynlakaý gaharyň ýokdugyny duýdum. Ine, şonda siziň seredýän gözleriňizdäki jöwhermi, jadymy maňa şeýle bir täsir etdi welin şol gün güni bilen siziň keşbiňizi göz öňümden gitmedi. Eger ylahyýetden bir zat bolmasa bir görende adama şeýle bendiwan bolmak mümkin däldigine ynandym. Meniň size bolan söýgim ylahy yşarat bilen dörän söýgi bolmaly, Aýnur-diýip, ol Aýnuryň dyzynyň üstündäki bir elinden tutdy, Aýnur tisginip gitdi, emma şol bir wagtyň özünde tutuş bedenine üýtgeşik bir jümşüldi ýaýrady. Ol ýuwaşlyk bilen elini çekip aldy-da: -Men size ynanýan, Batyr. Emma ... damagy dolup, soňuny aýdyp bilmedi, gözlerine guýulyp gelen ýaşy ýaşyryp, ýüzüni kesä sowdy. -Aýnur, ezizim, näme üçin aglaýaň, näme boldy?-diýip, Batyr birden «Sizden» «Sene» geçdi. -Men siziň söýgiňize jogap berip bilmeýän, şonuň üçin... -Näme beýle diýýäň, Aýnur? -Men birine adaglanan... -Men ony bilýän. -Bilýän?! Bilýän bolsaňyz, näme diýip yzyma düşüp ýörsüňiz? -Boýdaşyň maňa diňe iş ýeriňi salgy bermedi. Ol sen hakda hemme zady gürrüň berdi. «Boýdaşyma ýüregim awaýa. Şeýle görmegeý, joşgun kalply gyzyň duýgulardan mahrum, bir töňňe adama sezewar boljagyna näme diýersiň» diýdi. Eger meni seni söýmedik bolsam-da bir ynsanperwer adam hökmünde seni şol bagtsyz durmuşdan halas etmäge kömekleşerdim. -Ah, Batyr, nämeler diýýäňiz. Men size duşmazymdan öň ejemiň, kakamyň raýyny ýykmajak bolup, razylyk beripdim. Toýuň sähedi hem bellenipdi. Şol arada olaryň bir garrysy gaýdyş edip, toý togtadyldy, merhumyň kyrky geçýänçä. Ondan bärem bir aýa golaýlap barýar. -«Adamyň geljegi ykbalyň elinde» diýip ýöne ýere aýdylmandyr, Aýnur. Görýäňmi ykbal bizi duşurmak üçin toýy yza sürüpdir. Ejeň, kakaň bilen gürleş. Biz adam hukuklary goralýan, azat, demokratik ýurtda ýaşarys. Hiç kim seni islemedik zadyňa mejbur edip bilmez. Aýnur bir salym dymdy-da: -Meni öýe eltiň, Batyr-diýdi. Batyr munuň ýaly ýagdaýda wagt gerekdigini syzdy. Şonuň üçinem hiç zat diýmän maşyny otlady. Ol Aýnury aýdan ýerinde düşürip, ýüreginde uly umytlar bilen hoşlaşyp gitdi. Maşyndan düşüp galan Aýnuryň ýüzi içki dünýäsindäki duýgularyň täsirindenmi lowlap gyzýardy. Bu duýgular onuň diňe ýüzüni gyzdyrman, kalbyna hyjuw we aýgytlylyk guýan ýalydy. Şu günki duşuşyk, Batyryň hoşamaý keşbi, mährem garaýyşlary, mylakatly sözleri Aýnury düýpgöter özgerdipdi. «Söýülmek, söýmek nähili ajaýyp hal. Kakamyň özi hem «söýüp, söýlüp durmuş gursaň oňa ýetesi zat barmy. Ýöne munuň ýaly bagt hemmä-de nesip edenok» diýdi ahyryn. Ine, şeýle bagt maňa nesip etjek bolup duranda men sähel gowşaklyk etsem ... Ýok! Berk durmaly. Häziriň özünde ejem bilen gürleşjek. Ejemi yrsam, kakamly iş haýyr-la» diýen iç gepletmeler bilen Aýnur öýlerine baryp ýetenini hem duýman galdy. *** Aýnuryň ejesi bilen gepleşiginiň başyny biz hekaýanyň öňünde beripdik. Ine, onuň dowamy. -Näme, näme?! Ony söýüp bolýamy diýdiňmi?! Eýsem kimi söýüp ýörsüň sen? -Söýüp bolýan adamy, eje. -Maňlaýym gara, häli sen ýoldan çykyp, azyp ýörmüň? -Ýok, eje! Azamogam, ýoldanam çykamok, tersine, dogry ýola düşjek bolýan. -Ýok! Ýok! Men seniň o ýoluňa ýol bermen! -Eje, eje jan, düşünsene!... *** Eneli-gyzyň jedeli şu äheňde uzak dowam etdi. Biz onuň nähili gutarjagyny bilmeýäris. Çünki şunuň ýaly ýagdaýlarda gelip çykýan jedeller gör, näçe ýerdebolup durandyr. Olar her ýerde her hili-de çözülýär. Şonuň üçin «Hernä soňy gowulyk bolsun-da, ýaşlar bagtly bolsun» diýäýmek galýar. Reýimbaý SABYROW. | |
|
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |