10:28 Ýüz derdiň dermany | |
LUKMANYÑ MASLAHATY
Medisina
Ýüz derdiň dermany Türkmen halkynyň adatyna mäkäm ornaşan, toýlarda, täze jaýa girilende, bäbek doglanda, her bir döwletli işiň başynda üzärlik tütetmek däbi, diňe “gözden-dilden” goranmak üçin däl-de, eýsem, bu ýagşy niýetli dessuryň arka ýüzünde şol ojaga döwletlilik, rysgallylyk, asudalyk, berkararlyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk dilegi ýazylandyr. Ösümlikler dünýäsinde bir topar täsin we peýdaly häsiýetleri bilen meşhurlyk gazanan üzälik (Peganum harmala) biziň ülkämizde giňden ýaýrandyr. Bu melhem otuny dürli keselleri bejemek we mikroblary zyýansyzlandyrmak dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ulanylýar. Pederlermiziň halk tebipçiliginde ulanyp gelen üzäligiň häzirki döwürde resmi lukmançylyk ylmynda möhüm orny bardyr. Üzärligiň kesel bejemekde uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetiren ata-babalarmyz onuň baldagyny, gülüni, tohumyny asyrlarboýy ulanyp gelýärler. Üzärligiň bejeriş we zyýansyzlandyryjy häsiýetlerini Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilendir. Ol barada Zaratuştranyň “Awesta” kitabynda, Abu Aly ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) we Muhammet Hüseýniň eserlerinde hem duş gelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki eserinden jümleler: [i]“Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamakda, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär. Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş äňi agyranda agzy çaýkamak bilen arkaly peýdalanýarlar. Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanylýar. Ösümligiň tohumyndan taýýarlanan melhem demgysmada, böwrek kesellerinde peýdaly. Demgysmada üzärligiň 5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp suwuny içmeli. Oňat guradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15g) çaklaňrak gaba salyp otlamaly. Tüssesine demiňi tutmaly jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşyna gitmez ýaly üstüne bir zat ýapmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamakdan dynmaga kömek eder. Üzärligiň owradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15g) 2 bulgur (400 ml) gaýnag suw salnan syrçaly gabyň içine atyp 10-15 minutlap pessaý ýanýan otda gaýnatmaly hasada süzmeli. Emele gelen peri endamyňa çalsaň düwürtük ýaralary, demrewi aýyrýar. Zäherli mör-möjekler çakanda ösümligiň otunyň bir çaý çemçesini (5 g) ýenjip, ýapmaly. Üzärligiň 200 g owradylan otuny 10 litr gaýnag suwda 10-15 minutlap saklamaly. Soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwhere suwa düşünseň bogunlardaky guragyry köşeşeýär. Bu jöwher demrewi we beýleki deri keselleri bejermekde hem peýdaly”. Onuň baldaklarynda, gülünde we ýapraklarynda diňe peýdaly alkaloidleriň (garmin, garmalin, pegamin, hinolin we başgalar) däl-de, eýsem sinkiň, demiriň, kaliýniň, magniýniň, stronsiniň, alýuminiýniň,misiň, nikeliň, hromyň, gurşunyň barlygy anyklanyldy. Garmaliniň çetki gan damarlary giňeltmek häsiýeti bardyr, bu bolsa ýokary gan basyş keselinden ejir çekýän näsaglara peýdalydyr, ol skelet myşsalaryny gowşadyp, ýatgy myşsalaryny herekete getirýändir, şol sebäpli onuň myşsa dartylgyly paraliçlerde ähmiýeti bar bolsa, göwreli gelinlere düýbünden gadagandyr. “Paýhas durlaýjy” garmin alkaloidiniň nerw ulgamyna bolan täsirini Mikelanjelo, Leonardo da Winçi döredijilik ylhamyny kuwwatlandyrmak niýeti bilen ulanypdyrlar. Üzärligiň wiruslary, mikroblary, adam üçin zyýanly mör-möjekleri bolsa ýaşalýan otagdan gaçyp gitmäge nejbur edýänligini mälimdir. Onuň tüssesiniň bakterisid (wirus-mikroblary zyýansyzlandyrmak) we insektisid (mör-möjeklere täsiri) häsiýetleri häzirki zaman lukmançylyk ylmy tarapyndan subut edildi. Dümewli we beýleki ýokanç keselli näsagyň otagyny zyýansyzlandyrmak maksady bilen üzärligiň tüssesini mazalay tüsseledip äpişge-gapylary jebis ýapyp 30-45 minut ýaly otaga hiç kimiň girmezligi maslahat berilýär. Şu döwürde tüsse bir yş bolsa siňip wiruslary, mikroblary öldürýär. Lukmançylykda üzärligiň dermanlyk hökmünde ulanylýan çygry beýleki dermanlyk ösümliklerden has giňdir. Onuň tüssesini demgysmaly näsaglara ysgadýarlar, onuň baldagyndan ýasalan jöwher suwy guragyryly, miopatiýaly, miasteniýaly (myşsa gowşaklygy) demrewli we beýleki deri keselli näsaglara şypalydyr. Onuň merezýele, garaguşagyra, sandyrawykly paraliçe bejeriş täsiri haýrangaldyryjydyr. Her bir dermanyň ulanmaga gadagan edilýän halatlary bardyr we her bir dermany kadadan artyk möçberde ulanylanda zäherleýji täsiriniň ýüze çykyşy ýaly, üzärligiň hem şol jähtden kem taraplary bardyr, ýagny üzärligi göwreli gelinler we emdirýän eneler ulanmak gadagandyr hem-de onuň tohumy dermanlyk niýeti bilen ulanylanda örän seresap bolmaly: üzärligiň dänesiniň mukdary gije-gündiziň dowamynda 5-10-dan geçmeli däldir. Üzärlik nerw keselleriniň bir görnüşi bolan, giperkinezlerde hem ulanmak gadagandyr. Dermnayň möçberi kadadan artyk düşen ýagdaýynda titreme, sandyrama, tutgaý we el-aýagyň paraliçleri ýaly, saglyga zyýanly we jana howp salýan gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagy mümkin. Üzärlik oty ýylda iki gezek ýygnalýar, ilkinji gezek ir bahar, aprelde, ikinji gezek güýzde—ösümlik tohumlanyndan soň. Onuň baldagyny ýerden düç-dört barmak ýokardan kesmeli. Ýygnalan oty kölegede guradyp, kagyz ýa mata haltada saklamaly. Guradylan dermanlyk otuň ulanmak möhleti 2 ýyl. Hasyl ýygnalan meýdana ikilenç ýygmaga 2 ýyl geçensoň (ösümlik ese-boýa galansoň) barmaly. Ene-mamalarmyz üzärligi diňe melhem hökkmünde ulanman, ýüň boýamak üçin üzärligiň dänesini gaýnadyp daky sary reňkden açyk gök reňke çenli boýag alypdyrlar (onuň dänesiniň 14,2 % ýagly reňkli maddadan durýandyr). Üzärlige hormat goýulyp, häzirki döwrüň lukmançylygynyň nyşany sekizburçlugyň fonundaky, keýigokaraň käsesine başyny egip duran kepjebaşyň suraty ýigrimi ýedi däneli üzärlik baldagy bilen şekillendirilipdir. Kakajan BALKANOW, Mary welaýat Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň lukmany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |