10:59 Zag-zaglar / satiriki hekaýa | |
ZAG-ZAGLAR
Satiriki hekaýalar
Dini öwreniji professor Seýit Öweznepesowiç bilen iň bir çet-gyrakdaky Baýböwür diýen oba komandirowka gitmekçi bolduk. Pikirlenip görsek, üstümizdäki aý musulmanlaryň remezan, ýagny oraza aýy ekeni. «Baýböwür obasynyň ýaşulularynyň galabasy gaty arymsydyr, namazhondyr. Bu günler olaryň agyz bekleýänleri bardyr. Çaý başynda gündiz gürleşer ýaly bize gerek adam tapylmaz. Agşamam agzaçar olara iş bolýandyr» diýip, Seýit aga ýene birki hepdeden soň gitmegi maslahat berdi. Gepiň gysgasy, oraza gutarandan soň gidäýeli-le diýen netijä geldik. Ine, bir günem ýola düşdük. Ilki oblast merkezine, soňam raýona bardyk. Şol günler remezan aýy ýaňy aýaklapdy. Seýit aga ikimiziň ýanymyza oblastdan hem, raýondan hem wekiller goşuldylar. Niýetlän obamyza baryp düşdük. Biz kolhozyň we oba Sowetiniň ýolbaşçylaryny maslahata çagyrdyk. — Ýaşululary düşekli jaýa ýygnaň. Dişine laýyk nahar beriň. Hyzmat ediň. Ýanbaşlap gök çaý içsinler. Ýumşak tort beriň. Men şeýle ýagdaýda olar bilen gürleşjek. Gaty kürsüde olary oturtmaň — diýip, Seýit aga kesgitli aýtdy. — Diýşiňiz ýaly ederis, Seýit aga. Olar ýygnanýançalar Seýit aga bloknotyny çykaryp, ýolbaşçylardan käbir zatlary soraşdyrmaga oturdy. Jogaplaryny bolşy ýaly bloknota ýazdy. — Obaňyzda namaz okaýan näçe? Gadagan diýdigim däl. Ýöne bilmek üçin soraýan. Sosiologik barlag diýibem düşünip bilersiňiz. — Aý, indi, neme, beýle adam ýok diýsegem boljak. Ýok diý-de arkaýyn belläýsene. Durdy aga diýen ýaşuly bardy. Olam segsen dört ýaşap, birki hepde mundan öň ýogaldy. Namaz hem şonuň bilen gitdi öýdýän — diýip, kolhozyň başlygy baýry kommunist Mämmet aga köne endigi boýunça bada jogap berdi. — Eh, Gullar aga namaz okaýandyr-ow?! — diýip, başlyk agzyndan sypdyrdy. — Weý, ol ysmaz bolup ýatandyr-ow bir ýyl bäri — diýip, Mämmet aga «ýalňyşyny» derrew düzetdi. Seýit aganyň bloknotyna barmagyny çommaldyp: — Arkaýyn ýok diý-de belläý — diýdi. — Diýmek, onda sizde namaz okaýan ýok-da?! — diýip, Seýit aga başlygyň ýüzüne seretdi. — Ýene biri bardy. Allaly aga. Olam göçdi. Täze açylan sowhoza — diýip, Mämmet aga ýaýdanman jogap berdi. — Oraza tutýanyň sany azalýamy? — diýip, Seýit aga ýene bir kyn sowaly orta atdy. — On-a düýbünden ýok diý-de ap-arkaýyn belläý. Ogultäç eje diýen gäbi azan bir garry, özem segsen bir ýaşly, ol nadan üçürdikläp tutjak bolup, şindem keselhanada sarylatma sezewar bolup, jezasyny çekip iňläp ýatyr — diýip, oba Sowetiniň başlygy Gülbahar Kulyýewa jogaby nagt etdi. — Onuň agyz beklemegi biziň üçin görkezme agitasiýasy bolup hyzmat etdi. «Siz bir agyz beklemäň» diýip, yzyndan görmäge baranlara şol sargyt edip uwlap ýatyr biçäre — diýdi. — Ýok diýiň-de belläýiň. Sebäbi Ogultäç eje indi bäri bakarly däl. Ýüzi aňryk. Ogullary onuň matasynam alyp goýdular — diýip Gülbahar Kulyýewa aýtdy. Oturanlar gülüşdiler. — Merhuma jynaza? — diýip, Seýit aga oturanlara soragly nazar aýlamaga ýetişmänkä: — Ol bizde düýbünden galdy. Merhumy retual meýdançasyna eltdirýäs. Şol ýerde-de ýas mitingini geçirýäs. «Ýatan ýeriň ýagty bolsun. Dirileriň bagty bolsun!» diýýäs-de, gömüp gaýdyberýäs. Ýok diý-de onam belläý — diýip, partkomyň sekretary Akmämmet Nobatow arkaýyn jogap berdi. — Ölibilseň alajyny tapýas — diýip sözüne nokat goýdy. — Indi ýene bir sorag, ýaşlara dini nika gyýmak sizde nähili ýagdaýda? — diýip, Seýit aga galamyny oýnatdy. Hemmäniň nazary komsomolyň sekretaryna, komsorg Geldi Meredowa gönükdi: — Ýaşlar dini nika diýlen zada düýbünden ynananoklar. Garrylaram ony gerek däl hasap edýärler. ZAGS bilen oňýalar. Ol mesele biziň obada gutarnykly çözüldi. Oňa ynha oba Sowet başlygam şaýatdyr. Ýok diý-de belläýiň — diýip, Geldi Myradow buýtar-suýtarsyz jogap berdi. Ynanmabilseň ynanma-da göreýin. Oba ýolbaşçylarynyň bu jogaplarynyň ählisine oblastdan we raýondan gelen wekiller geň-taň galdylar. Birhili boldular. — Önümçilikde on-on iki ýyl bäri oblastda iň yzda bolsaňyzam ideologiýa ugrundan ýelegiňiz ýeten ekeni — diýip, Seýit aga ýylgyrdy. — Ähli oba guramalary siziň ýaly işlese meniň işleýän edaramy ýapaýmaly boljak. Menem egri taýakly Garaguma gidip çopan bolaýmaly-da. — Seýit aga, şu obanyň ideologiýa baradaky iş tejribesini näme üçin siz respublikamyza nusga hökmünde ýaýratmaly däl?! — diýip, oblastdan gelen wekilleriň biri, Duşem Kömekowiç öz içki duýgusyny daşyna çykardy. — Biziň gözläp, tapman ýören zadymyz-a şu obada bar ekeni-le — diýip, raýon wekili geňirgendi. Bu zatlaryň barynyň gamyş köprüdigine, ynanyp üstünden bassaň gümlemä gitjekdigiňe Seýit aga ikimiz düşünip otyrdyk. — Iş edilýändir — diýip, partkom seslendi. — Komissiýalar aýak üstündedir — diýip, oba Sowet başlygy zybana geldi. — Plan dolup ýa dolmazlyk howa bagly. Adama bagly zady oňarýandyrys — diýip, başlyk güpledi. Indi ähliňize bir sorag: Sünnet nähili? — Baý-bow, o zatlar indi ýokdur. Çagany awundyrmak nadanlyk ekeni. Onýança daşardan biri gelip: — Oba ýaşululary ýygnandylar — diýdi. Oturan wekiller, Seýit aga, kolhozyň ýolbaşçylary tirkeşip, şol ýere bardyk. Seýit aga ýaşulularyň birnäçesi bilen iki elläp görşüp çykdy. Hal-ahwal soraşdy. Iniş-çykyşy gowy bilýän Seýit aga soňra ýaşululara ýüzlenip: — Ýaşulular, namazdyr orazaňyz kabul bolsun! — diýdi. Bu söze ýolbaşçylar aňk-taňk bolşup, bir-birine seretdiler. — Barça mömin musulmanlaryňky bile kabul bolsun, oglum! — diýşip, ýaşulular guwanç bilen jogap berdiler. Şol wagt Seýit aga ýolbaşçylaryň büzüne birlaý seretdi. Oba Sowetiniň başlygy Gülbahar Kulyýewanyň hem ýüzüne seretmekçi boldy. Emma oňa gözi düşmedi. Onuň bu ýerde gaýyn atasy bar ekeni. Ol ýaşynýarmyş. Gülbahar bu ýere gelmändir. — Orazany tutsagam-a tutduk weli, olam-a bizi ýagşyja tutdy, horladaýt, öz-ä! Ajygamzok weli, suwsadýar. Çilim, nas horlaýar. Şu ýyl Allaň gudraty, gaty yssy boldy — diýip, ýaşululardan biri, gürzelek sakgally Nobat aga gürrüňe goşuldy. — Ogluma jaý sowadýan kondisioner gurup ber diýdim. Kaka, raýkomyň işine ýetişemok diýip, etmedi. Ynha, özem otyr. Näletkerde ogul. Raýkoma-da hezil berýän däl bolmaly bu namartaý — diýip, Nobat aga partkomyň sekretary Akmämmedi görkezdi. — Obaňyzda oraza tutýan şu ýyl näçeräk boldy? — diýp, Seýit aga orta sowal oklady. — Obamyz uly däl. Altmyş çemesi adam şu ýyl agyz bekledi. Öten ýyl kyrk adam bolup tutupdyk. Şu ýyl suwçylardanam ýigrimisi dagy bize goşuldy. Olar agzaçarda çaýyň ýüzüne seretmän, diňe çörege topulýarlar. Müňkürlik imandan aýrar diýýärler weli, biz günä galýanam bolsak bilemok — diýip, ak sakgally biri jogap berdi. Seýit aga kolhoz ýolbaşçylarynyň ýüzüne seretdi. Olar sözleriniň ýalan çykanyna hatda müýnürgeşip, göwnümiz üçinem aşak bakmadylar. Artdyryp ýazmaga öwrenenler-dä. — Namaz okaýanlar-a ep-esli bardyr obaňyzda?! — Soň öwrenip okaýanlary hasap etseň-ä, ýüzem bardyr-la! Ýöne ýürekden däl-dä olaňky. Aý, köne ugur barýaka inçelip ýitjeg-ow diýdirýä-dä. Garaz, soňky döwürde güýmenje, tomaşa tapman, gümür-ýamyra ýanymyza gelýän-ä köpeldi. Indi aragam gymmadrak. Peýdakeşleň bahasyndan alyp içmeli. Başga-da tomaşa ýok. Klubsyz oba özüňe belli. Indi biz idelip başladyk. Tebärek çykybilseň pensiýaňa şonça goşulýar-da — diýip, ýaşululardan ýene biri gürrüňe goşuldy. — Oba gurama ýolbaşçylarymyz hem azar berip duranoklar. Indi maşgala potratçylygy, kärendeçilik namaza, oraza salym berenogam. — Jynaza düzgüniňiz nähilidir? — diýip, Seýit aga sorady. — Hudaýa şükür, öz elimiz, öz ýakamyzdyr. Ölüm düşen ýere ýolbaşçylardan gara berýäni biz-ä göremzok. Köneçe düzgüni özümiz berk berjaý edib-ä gelýäs. Jynaza okaýas. Gizläp bilmeris. Ýolbaşçylarymyz süňksüz gowy adamlar. Plan dolamzok diýmesek, başga kem zadymyz ýok. Hasylam Alla bermese, näme, gaňryp aljakmyň diýsene — diýip, ýaşululardan biri ortadaky torta elini uzatdy. — Degme o zada, ol doňzuň ýagyndanmyş — diýip ýaşululardan ýene biri sakgaldaşynyň eline kakdy. — Kim aýtdy ony saňa doňzuň ýagy diýip? — Ymam molamyz zynharlap tabşyrdy. — Ýaşulular, ýas mitingini geçirmek işi nähili alnyp barylýar? — diýip, Seýit Öweznepesowiç sowal berdi. — Küpür gepläp, Alladan daş düşüp bilmeris, ol-a geçirilenok. — Namaz okap, oraza tutýan köpmi, ýa jynaza durýan köpmi? — Jynaza durýan köpräk. Indi ýaşrak adamlaram gelip jynaza duruberýärler. Sokulyp gelensoňlar biz zadam diýip bilemzok. Kowsaňam ýek ýigrendikleri sen bolýaň onsoň. Ter gara sakgally, alaja göz, mele çäkmenli, gaba telpekli köpelipdir. Tebäregi depdere ors hatynda ýazyp alyp, ýat bekleýärler. Bir ýerden molla gelýär. Ol metjitdir medreseden hatly-petekli adama däl. Agzam paýyş. Neşedenem gaýdanok. Mollaň pul görse gözi açylýar. Jynazadan pul hantama. Kiçi dilden alham diýýä, ýüreginden alsam diýýär. Garrylaryna dirikä üntüşik etmän, ölensoň aglan bolup, pul seçýän käbir galp gazanýan millioner bizi köseýär. — Ýaşulular, sünnet nähili? — Binika, bisünnetden wenezzin a dogýandyr, myhman! — Nika nähili? — diýip, Seýit aga köpçülige ýüzlendi. — Ýolbaşçylar pyýada kazy-zat diýip, dabara öwürmäň-de, gizliginräk nika gyýaýyň diýip, birneme gorkjak bolýarlar — diýip, ýaşululardan biri — Meret aga gowsundy. — Bizem başgarak ýol tapaýdyk. Öň-ä oglan bilen gyzyň özlerini görüp nika gyýýardyk. Soň-soňlar zäkis hatyny görüp, nika gyýdyk. Indi şol oglan bilen gyzyň suratlaryny eltseler mollamyz gaýybana gyýýar. Derew şarpa nika gyýyp goýberýär. Hawa-da, döwrebap syýasata laýyk bolubermeli-dä. «Eşegi ýüke çek, eşek etmese, ýüki eşege çek» diýlen dana söz bar. — Meret aga, komsomolyňyz Geldi «bizde dini nika ýok» diýýär-ä?! — diýip, Seýit aga güldi. — Haý, dogman geçen, käpir diýsänim. Ol meň oglum. Şu günüň özünde ol bidöwleti öýden çykaryp kowaryn. Nirede ýaşasa şonda ýaşasyn. Şu ýyl özüni öýeremde-de nika gyýdyrypdym. Molla bir haly beripdim — diýip, Meter aga ogluna düw-düw topuldy. — Päheý-de welinim, heý binika-da bir ýaşap bolarmy?! Olardan dünýä inen çaga äjit-mäjit bolmazmy?! Kap dagyny deşip harteçjaly üstüňe getirmezmi? Meret aga gyzma ekeni. Ogluna ite diýmezini diýdi. — Molla üç ýüz manatlyk tirýek alyp berdim. Ýygnanja pensiýam gitdi. Öz aýlygyndan almansoň bilenok-da. Bu züwwetdinleriň, ýalançylaryň, gözboýagçylaryň derdinden, berekella, hökümet ýykylaýanok. Lenin baba munuň düýbüni gaty berkden-berk, mäkäm tutan ekeni. Şu aýanlyk döwründe-de bular küpür gepleýärler — diýip, Meter aga gyzdy. Sebäbi ýaňky adyny tutan Baýböwür obamyzdaky ady agzalan ýolbaşçylaryň ýüregi bir zat diýýärdi, agzy başga bir zady gepleýärdi. Aňy üçünji bir zadyň aladasyndady. Gurbangylyç HYDYROW. Surat: Azerbaýjanyñ "Molla Nasreddin" satiriki žurnalynyñ sahaby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |