10:26

Giderin-de ýöne bir gün dolanyp...

***

Giderin-de ýöne bir gün dolanyp,
Gaýdyp gelerin-de ýagty jahana,
Ilkinji ömrümiň manysyn bilip,
Ikinjimde goýmaryn men bahana.

Ikinji-de ýalňyşmaryn hiç-haçan,
Aýlawlarny duýaryn her pursatyň,
Ýaramly bolaryn ähli kişä-de,
Eline düşmerin gaýgy-hasratyň.

Ýaşamagyň gaýgy-hasrat içinde,
Puç zatdygny aýdaryn men illere,
Hem-de ýaşaýyşyň goýnunda wagtym,
Böwet bolup bilmänimi sillere.

Görenimden aňlap näme boljagyn,
Ýagşydyr, ýamana gujak açaryn,
Ýüzüm sowup ýörmän ýamanlyklary,
Ýagşylyga öwrüp bilip geçerin.

Gyssanmaryn gözüm düşende çaga,
Gerek bolsa, aýlap bile bolaryn,
Ähli bilýänimi howlukman aýdyp,
Çaga dili bilen kalba salaryn.

Öwrederin gökden ýol açyp barýan,
Arzuwlaryň nädip ýere çekmegi,
Bilip düýnki güni, bilip şu güni,
Ertäň ynam agajyny ekmegi.

Iki gezek ýaşamsoň bu durmuşda,
Iki esse söýüp gezip ýörerin,
Elim bilen edip bermän gardaşa,
Edep berip-edep berip gezerin.

Soramasalar-da aýdyp bererin,
Nädip ýene dünýä gaýdyp gelenim,
Hem-de gaýdyp bilmän galandygyny,
Diri wagty ara bozup gezeniň.

Категория: Goşgular | Просмотров: 432 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Письмо к*** / Goşgular - 04.01.2023
Северная берёза / Goşgular - 15.01.2023
Geçdigiçe geň göremok / Goşgular - 24.01.2023
Ýaşlygymyzyň şaýady / Goşgular - 06.01.2023
Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023
Ak goşgy / Goşgular - 04.02.2023
"Gara syýa bilen ýazyldy..." / Goşgular - 03.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023
Февраль / Goşgular - 31.01.2023
Talyplyk / Goşgular - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]